19:17 Kyn mesele / satiriki hekaýa | |
KYN MESELE
Satiriki hekaýalar
Gully aga edaralaryň birine sprawka almaga geldi. ― Ýaşuly, bizden sprawka almalydygyňyz barada sprawkaňyz barmy?! ― diýip, şol edarada işleýän biri ýüzüni gamaşdyrdy. ― Weý-weý, otüki, sprawkasyz gelmen ahyry, oglum. Minara dikelden minara boýly çukur gazar diýen sözem bardyr. ynha, sprawka gerekdigi barada üç sany sprawkam bar ― diýip, Gully aga horjunyň gözeglerini ýazdyrmaga durdy. ― Ýaşuly, bize üç ekzemplýary gerek däl, birem bolsa bes. ― Alyber, oglum, geregiňden artygyny kagyz alynýan ýere tabşyraýarsyň. ― Ýaşuly, ýadyma salanyň gowy bolaýdy. Siz näçe kilogram makulatura, ýagny köne kagyz tabşyrdyňyz? Şony tassyklaýan sprawkaňyzy göreýin ― diýip, edara işgäri elini uzatdy. ― Päheý-de welin, şonuňam gürrüňini edýäň-ow. Ine, bulara, gözüňe söweýin, sprawka diýerler. Ynha, köne kagyz tabşyranlygym hakdaky sprawka. Bu demir bölekleri üçin berildi. Misiň aýratyn sprawkasy bardyr. bu-da garagurumyňky. Süňk, şah, toýnak tabşyranlygym hakda-da sprawka alypdym. ― Ýaşuly, maňa beýle köp sprawka gerek däl. ― Gerek däliňi goý, oglum. Diliň mydyrt etse, edil şu pille nagt ederin. ― Ýaşuly, görýän weli, siz gaharjaňrak ýaly-la. Psihiatordan sprawka getiräýseňiz?! ― Ony getirmeris, han ogul. ― Getirmeseňiz menlik işiňiz-ä bitmez. ― Getirmeris-de, şu ýerde nagt ederis. Ine, dälihanadan alan sprawkam. Muny ýokanç keseller keselhanasyndan aldym. Bu-da analizleriň netijesi. Içimde soguljanyň ýoklugyna pitiwa edýän hat hem aldym. ― Ýaşuly, sizde baý-feodal düşünje ýokdur-da hernä?! ― Nireden bolsun. Ine, aýalymyň külüni çykaryp barýan suratym. Elim taňňyrly kül atmaga barýakam surata düşürdiler. Ynha, bu surata bir seret, sakgalymy daňyp, tamdyra çörek ýapyp durun. Bu-da agtyklarymyň arlygyny ýuwup durkam alnan surat. Şeýle diýip, ýaşuly bir topar sprawkadyr suratlary býurokratyň stolunyň üstüne dökdi. ― Bize onça kän sprawka-da gerek däldir, biz ol öňki görýän býurokratlaryňdan däldiris ― diýip, çini ownuk adam ýüzüni hasam gamaşdyrdy. ― Ýaşuly, maşynyňyz barmy? ― Ýok, oglum. Pyýadadyryn. ― Beýle bolsa, pyýadalygyňyz hakda sprawkajygyňyz gerek boljak öýdýän?! ― Olam bar. Me, ine, üç ekzemplýar. ― Biri bes. Eger siz pyýada bolsaňyz, köçe düzgünlerini bozmaýanlygyňyz hakda sp... ― Bar, bar, ine, üç ekz. ― Ýolagçy awtobuslardan peýdalanýanlygyňyz barada... ― Ine, me, al-da çataý. ― Awtobusda çilim... ― Bar. Bu çilim, ine, nas, bu-da çigit... Üç sprawka. ― Ýaşuly, awtobusda siz aýallara ýer berýäňizmi? ― Hawa, ýer berýän. ― Hany sprawkaň? ― Ine, üç ekzemplýar. Bu-da suratymyz. Ynha, men dik durun. Aýallar otyrlar. ― Bolýa. Ýaşuly, indi men senden iň soňky sprawkany sorajakdyryn. Şolam bolsa, onsoň işiň bitdigi hasap edäý. ― Soraň.örän taýynlykly gelendirin. Sprawka aljagym gaty çynymdyr. Aýyň üstüniň topragyndan bir gysym getir diýseňem taparyn. Şolam horjunymda bardyr, ätiýaçdan alyp gaýtdym ― diýip, Gully aga ýeňillik bilen dem aldy. ― Ýaşuly, bize şeýle bir sprawka gerek boljak. ― Nähili sprawka? Aýtsaň armanym ýokdur. ― Awtobusda ýaşlaryň saňa hormat goýup, orun berýändikleri hakda sprawka ýa fotosurat bolaýsa?! ―Päheý-de weli, bolmady-ow. Otüki, oglum, bu kyn mesele. Beýle sprawkany hatda weteran, inwalid garrylaram getirip bilmeseler gerek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||