12:26 Kyrk bir ýalan / satiriki hekaýa | |
KYRK BIR ÝALAN
Satiriki hekaýalar
Men bir salym gurluşyk ugrunda derňewçi bolup işledim. Dikeldilýän täze binalaryň hasap-hesibiniň ýöredilişine serenjam berýärdim. Işläp ýörşüme dürli häsiýetdäki adamlara gabat geldim. Bir gezek raýon ýerine barlaga gidemde şeýle täsin bir ýagdaýa gabat geldim. Henizem geň galyp aňyrsyna ýetip bilýän däldirin. Şony gysgaça beýan etmäge synanyşaýyn. Ýaş kadrlardan birini gurluşyk uçastogyna naçalnik belläpdirler. Meniň beýanym şol hakda bolar. — Öň partiýanyň raýon komitetinde instruktor bolup işledim — diýip, naçalnik Begli buýsanç duýgusy bilen aýtdy. — Ýokary partiýa mekdebini hem tamamladym — diýip sözüniň üstüne goşdy. Aýran-jöwren bolmadyk bu ýaş kadr diýseň arassa, iňňän päkize oglan ekeni. Hatda göläniň haky bar — diýip syrgyň süýdünem içmejek bolup dur-da, garaz. Beglini ýakyndan tanap «Bah!» — diýip dilimi dişläp, başymy ýaýkap pikir etdim. Respublikamyzda şunuň ýaly päk adamdan üç milliony bolan bolsady, birçak kommunizm gurup, sag elimiz sary ýagda, çep elimiz gowurdakly golçada bolardy, şokolad bilen it keseklär ýörerdik. Ýaranjaňlykdan Beglide eger-eger, çigidiň gabygy ýaly zat ýok. Para-peşgeş bermek diýlen zat ýedi uklanda-da ýadyna düşenok. Aldatjagam bolanok, gözüňe çöp atmakdan-a ir geçen, görmedik kemçilikleriňi hem özi aýdyp otyr. Bu gowy zat. Hany hemmämizem şunuň ýaly bolaýsak. Ýöne weli, gynansak-da durmuşda beýle däl, ylaýta-da gurluşykda ol bolanok-da, sebäbi gurluşykda gymyldaman az salym dursaň, seni sütündir öýdüp, pürs gerekli birine on esse bahasyna satyp goýberýän aznawurlar köp. Sen satylaňsoň, «men adam how» diýjeksiň weli, ynanmazlar. On esse bahasyna seni astyn alan adam asla sypdyrmaz. Pürs ýerine ulanyp, jaý basyrsa-ha bagtyň işledigi, eger piloramadan geçirip tagta ýasasa dat günüňe. Bu ýerde egilmek hem howply, sebäbi bir ýeriňi şarpa ýolup gidýärler. Gepiň gysgasy, ýaňky naçalnik oglan Begliniň gözüne mazalyja çöp atypdyrlar. Göni on müň manatlyk gurluşyk materialy ýetenok. Gurlan-a bir million sekiz ýüz müň manatlyk bina, emma töwereginde ogurlykdan tutuş bir posýolok emele gelipdir. Eňňerä dönderipdirler. Men hususy jaý gurýanlara ogurlyk ýapamok, olar satyn alypdyrlar. Gynansam-da akt ýazyp, işi prokuratura geçirmelidim. Biziň ýagdaýymyz şeýle. Başga hili bolşam bar. Derňewçiniňem ýüregi etden. Ýalbar-ýakara ymrygýas. Agzymyz bar, çaga eklemeli. Ýöne, geň zat, naçalnik Begli menden hiç zat haýyş edenok, maňa ýalbaranok. Ýogsam Begliniňem üç sany ýaş çagasy bar ekeni. Göni türmä gitmelidigem belli. Özem biriniň ýeke ogly. Raýkomyň kadrlary terbiýeleýşine men-ä geň galdym. Ol oglany ahlak taýdan maýyp, göýdük hasap etdim. Akt ýazjak — diýip üç-dört günläp oňa aýtdym. Ýok, eger-eger, kömek et diýenok. Maňa onuň parasy geregem däl. Sebäbi maňa parany zorlap berýänler köp. Iýjek däl diýsemem, atyryp agzyma dykýarlar. Gerek däl diýsemem jübüme pul salýarlar. Gizläp nädeýin, öýe-de getirýärler. — Bolýa-da, agam ýazyber, ýalňyşdym, günämi boýun alýan — diýip Begli aşak bakyp, garynja uruşdyrýan ýaly ýer dörüp otyr. Men ondan: — Arak içýäňmi? — diýip soradym. Ol: — Ýok agam, çüýşä guýlan suwam içemok — diýdi. Geň galdym. Heý gurluşykda işläbem onsuz bolýamyka? — Çilim çekýäňmi? — Agzyma alyp göremok, agam. Oglanyň halyna has-da gynandym, oňa şeýle bir nebsim agyrdy, heý ýöne goýaý. Raýkom beýle kadrlaryny kitaphanaçy edip ulanmal-a. — Sen onda, han ogul, bir zat et, maňa bir çüýşe arak tapyp getir, bir paçka çilimem bolsun, gaýdyşynyň bazar jaýyna bar-da, döwüm-dişlem bir zatlaram alyp gaýt. Çörejik bolýamy, süzme barmy, bir desse sogan bolsun. — Bor, agam. Ol şeýle diýmesine diýdi. Emma ýumlugyp gidiberenok. Maňa elini serýä. — Bar, eglenme. Men nepesi durlap akt ýazmaly. — Agam, pul ber-dä. Geň galdym. Şeýle päkize adamlar bilen döwürdeşligime utandym. Ýer ýarylmady, men girmedim. Men-ä Begliniň lebzini käbir enäň süýdündenem päkize gördüm. Sebäbi käbir ene-de her hili neşelere agyz urup, nebir süýdüni zaýalaýar. Megerem: «süýdi kesilen» — diýen söz şondan gelip çykandyr. Käşgä Begliniň kemçiligi bolmasady. Onda pul diýip elini uzatsa bolardy. Ýöne şonda-da derňewçiden pul almak erkeçden süýt sagyp alan ýal-a. Begliniň kemçiligi başyndan agdyk. Zakazçy obýekti kabul etmändir. Defektiň akty gulaç ýarym. 176 sany iri kemçilik, brak, nogsan bar. Begliniň eline bir 25-ligi berdim. Diýen zatlarymy tükel getirdi. Çotdan hasaplap gaýtargymam berjek bolup otyr görsem. Be, beýle çagany dogran enä men öwülýä diýjek. Gaýtargy diýer ýaly gaýtargam ýok-la. Bir azajyk gara şaýy-la. — Beýtmesene, han ogul. Begli jan — diýip, çoty elinden aldym. Gaýtargymam öňüne süýşürdim. Almady. Özüm aldym. Aragy ýeke özüm içdim. Keýpi gowy kökledim. Çilim otlandym. Birdenem meni horluk basyp başlady, agym tutdy, damagym doldy. Gepläbilmän lal-jim bolup oturyn. Sebäbi ýanymda adamzadyň iň naýbaşy wekili bar. Näme üçin muny gurluşykda oturdypdyrlar, sergide goýmaly ahyry. Görjeklere bilet satmaly. Gyzyldan heýkelini dirikä oturtmaly. Men öňler hemme adamyny özüm ýaly baryp ýatan deýýusdyr, iň pes sortly näkesdir, enesiniň emjegini kesen parahordyr hasap edip ýördüm. Gowy adamlar hernä bar eken-ow — diýip möňňürdim. Bir süri böriniň, aç gelewurtlaryň arasyna tazygyp düşen bigünä, biçäre janawar keýik gözümiň öňüne geldi. Ýogsam men şäherden ugramda bu ýigide barýan, garşyla — diýip telegramma-da beripdim. Aeroparta çykmandyr. Derňewçini garşy almak dagy biziň sistemamyzda kanuna öwrülen ýönekeý bir zad-a, şonuň bilen bir hatarda uly mertebe ahyry. Beýle naçalnikler meniň barjagymy daş gulakdan eşidibem aeroporta çykýarlar. Hut samolýotyň böwrüne maşyny diräp «Ýaşuly, ýa bissimilla, bir ädiň!» — diýip gujaklap alýarlar. «Samolýot sökendir garbak-gurbak ediň» — diýip, ýolda çöle sowýarlar. Ol ýerde çişlik bişip durandyr. Içginiň telim sorty bardyr. Barjak ýeriňe baransoň-a hezildir. Myhmanhana, towuk etinden börek. Aragyň humary kelläme urdy. — Han ogul, Begli, eger sen şu wezipämden el çekýän — diýip arza berseň, men seni türmä gitmez ýaly edeýin — diýdim. — Agam, özüňize zyýan bolmazmy? Ýene agladym. Beýle-de bir perişde bor oguşýa. Akty ýyrtdym. Gaýtadan ýazdym. «Gögermedik ýowşanyň düýbünde dogmadyk towşan ýatan ekeni. Kör agam gördi, golak agam atdy, agsak agam tutup getirdi. Düýbi ýok gazanda gaýnatdyk, eti altmyş batman, ýagy ýetmiş batman çykdy. Ýag bir taý ädigime ýetdi, beýlekisine ýetmedi». Şeýle äheňderäk akt ýazyp, Beglä: «87 manat 53 köpügi kassa töle» diýdim. Töledi. Kwitansiýasynyň nomerini ýazyp aldym, wessalam. Ýöne bujagaz operasiýa maňa kyn düşdi. Birküç günläp iş edinmeli boldum. Kyrk bir ýalan sözledim weli, az boldy, akty başgaça ýazdym. Jaýyň boýy ýetensoň ýel ýykypdyr diýib-ä akta ýelmedim. Howa býurosyndanam hat aldym-da, akta çatdym. Bir giden agaç, tagta, despe, reňk ýaly gurluşyk materiallary uly ýangyna sezewar boldy diýibem aktda görkezdim. Ýangyn komandasyna 10 manat jerime töledim. Ýöne jerimäni ýangyn bolmazynyň öň ýanyndaky günlerde tölän hökmünde resmileşdirdim. Raýon edaralary ýerli-ýerden kömege aýaga galdylar. Ýerem yrandy diýdik. Episentrem şol obýektimiziň aşagy — diýip belledik. Jaýyň fundamenti öň ýok ekeni. Ýöne bir metr diýlip galp narýadda görkezilipdir. Ependiniň: «Ýalan sözlemeli bolsa, bugdaý boldy näme, arpa boldy näme» diýşi ýaly, menem fundamenti iki metr — diýip aktda görkezdim-de ogurlanyp satylan gurluşyk materilallarynyň esli bölegini ýere sokdum. Bu işde fantaziýa gerek. Durdynazar aganyň öküzi gerşini gaşajak bolupmy ýa-da şahynyň düýbi gijäpmi, garaz, diwara oýkananda, ol ýykylyp ony basypdyr» — diýip, ýalan akt ýazmaly boldum. Men-ä goturlan hökmünde «wetleçebnisadan» sprawka alyp, akta çataýdym. Elbetde, öküz ýeke gezmez-ä. Onuň ýanynda sygram-a bolmaly. Şeýdip, fantaziýany doly güýjünde ulandym. Malyň eýesi Durdynazar aga (toslanan familiýa). Ondanam düşündiriş aldym. Düşündirişi ononim ýazylyşy ýaly çep elim bilen özüm ýazdym. «Mallaryma eýelik etmändirin» diýdirdim. Ýöne bir zada gynanýan. Naçalnigiň boýnuna basan 87 manat 53 köpügimi-de töletdirmän bilýädim. Emma Magtymgulynyň aýdyşy ýaly, gury gelip, boş gitmek bolanok-da. Ylaýta-da derňewçä. Bu işleri guramakda bize raýkom, ispolkom zor kömek etdi. Köplenç ýetim çagalar üçin marafon gurnap, olara haýyr-yhsan berýäris. Men bolsam ataly çagany ýetim goýmazlyk üçin şu işi etdim. Maňa näçe ýylyňyz bolsa beriberiň. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |