13:50 Kyrk ýylda ýazylan kitap -8: Moskwa ýatlamalaryndan | |
MOSKWA ÝATLAMALARYNDAN
Ýatlamalar
1967-nji ýylda biz Moskwanyň Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlap, elimize diplom aldyk. Elimiz diplomly bolsa-da, jübimiz boşdy. Rektorat tarapyndan berlenje puly hem instituty tamamlanymyz mynasybetli gurlan şady-horramlykda kellegöçdülik edip soňladyk. Indi Türkmenistana dolanmaga ýolharjy ýokdy. Şonuň üçinem iki ýoldaş bolup institutyň ýatakhanasynda galyberdik. Ýoldaşyma Rejepgeldi Gurdow diýýärdiler. Ol Tejen raýonynyň Çapaýew adyndaky kolhozyndandy. Bir gün ol Berdi Kerbabaýewiň Moskwada komandirowkada ýörendiginiň habaryny eşidip geldi. Rejep maňa: “Gideli. Iň bolmanda, ýol harjymyzy-ha diläris-dä-diýdi—Beýdip ýatsak, aý-gün geçer durar”. Institutda okaýan döwrümizde-de Berdi Kerbabaýew Moskwa gelende bizi myhmanhana çagyryp çaý-nahar berýärdi, her haýsymyz bilen aýratynlykda hal-ýagdaý soraşýardy. Şonuň üçinem möhümimiziň bitjegine uly ynam bilen onuň ýanyna gitdik. Biz Berdi agany mydama düşleýän ýeri bolan “Moskwa” myhmanhanasyndan tapdyk. Ýazyjy bizi açyk ýüz bilen garşylady, ýaşaýan otagyna restorandan nahar getirdip hezzetledi. Pul dilemek wezipesini Rejepgeldi öz boýnuna alypdy. Sebäbi, birinjiden-ä, ol menden birki ýaş uludy, ikinjidenem, B.Kerbabaýew bilen bizden has ozal tanyşdy. Kerbabaýewiňem onyň garyndaşlaryndan duz-emek bolanlary bardy. Ýazyjy käte Rejepgeldiden şol garyndaşlarynyň hal-ýagdaýyny hem soraşdyrýardy. Rejepgeldi oňa ikimiziňem yza gaýtmaga ýolharjymyzyň ýokdugy sebäpli insitutyň ýatakhanasynda pişesiz oturandygymyzy aýtdy. Berdi aga esli dymandan soň oňa: —Seň näçe çagaň bardyr-a?—diýdi. —He, iki bolsa, nesip etse, üçünjisem bolar. Sen-ä entek öýlenmedik. —diýip, soňra goja maňa ýüzlendi. —Maryda eneňe hemaýat etjek ýakyn hossaryň barmydyr? Men iki sany kolhozçy agamyň bardygyny, garyndaşlarymyň hal-ýagdaýynyň ýaman däldigini aýtdym. Ýaşuly esli salym oýlanyp oturansoň, garaşylmadyk bir habary orta atdy. —SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesinde häzir biziň wekilimiz ýok. Wil Ganiýew diýen bir tatar ýigidi bardy welin, olam başga işe geçdi. Ýagdaý neneň-niçik bolýança, sen üç-dört aý Moskwada galaýsaň näderkä? —Meni ol edara işe alarmykalar? —Almaly etsek alarlar. —Men ol ýerde işläp bilermikäm? —Näçe ýaşyňda sen? —Ýigrimi alty. —Ýigrimi alty! - diýip ýylgyran goja ýene dymdy. — Iş diýilýän zat işlenip öwrenilýändir. Ol ýerde işläp ýörenlerem aýratyn ataň balasy däldir. Oýlanyp gör! — Ol Rejepgeldä seretdi. — Seň diýen meseläň bilen ertir sagat on ikide ikiňem soýuza baryň. Men şol ýerde garaşaryn. Ýüzüne Kerbabaýew diýlip ýazylan gapy bardyr. “Özi çagyrypdy” diýäýiň… Şol günüň ertesi, ýagny 1967-nji ýylyň on birinji iýunynda Rejepgeldi ikimiz aýdylan ýere bardyk. Kerbabaýew Edebi fonduň üsti bilen her haýsymyza 100 manat alyp berdi. Ol biz üçin az pul däldi. Mysal üçin, Aşgabada çenli samolýotyň biletiniň bahasy 46 manatdy. Meni bolsa şol günüň özünde SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň türkmen edebiýaty boýunça Sowetiniň jogapkär sekretary wezipesine wagtlaýyn işe bellediler. Men üç-dört aýlyk diýlip alnan işimde 1967-nji ýyldan tä 1993- nji ýyla çenli galmaly boldum. * * * Ýazyjylar soýuzy diýilýän parahat, dawa-jenjelsiz, soňunyň erbetlige barjak jogapkärçiligi ýok edara hasaplansa-da, onuňam özüne ýetik hysyrdysy, aladasy bar eken. Ýazyjylaryň ol-bi haýyşy, respublikadaky edebi ýagdaý barada aýda bir gezek hasabat ýazmak, ýylda bäş-alty gezek Sowetiň maslahatyny geçirmek, Sowetiň agzalary, türkmen edebiýatynyň terjimeçileri bilen aragatnaşyk saklamak, Türkmenistandan gol çekilip ýa-da çekilmän iberilýän hatlara jogap gaýtarmak ýüküňi mazaly ýetirýärdi. Iň kyny hem şyltak hatlary seljermek meselesidi. Hat şyltagam bolsa, golsuzam bolsa, ol barada sekretariata düşündiriş bermelidi. Işlän 26 ýylymyň dowamynda meniň üçin iň kyn ýagdaý döreden türkmen ýazyjysy hem edebi tankytçysy Nargylyç Hojageldiýewiň ýazýan hatlary boldy. Hatlaryndan çen tutsaň, dünýäde edebiýata düşünýän, doly bahaly eser ýazyp bilýän bir adam bardy. Ol hem Nargylyç Hojageldiýewiň özüdi. Onuň hüjüm obýekti Gylyç Kylyýew, Kaýum Taňrygulyýew, Tirkiş Jumageldiýew, Gurbandurdy Gurbansähedow, Ata Atajanow, Allaberdi Haýydow, Atamyrat Atabaýewdi. Şol adamlar bir ýere komandirowka gitse-de, kitaplary çyksa-da, N.Hojageldiýew, iň bolmanda, “alalamak” gaçybatalgasyna ýapyşyp derrew hat ýazýardy. Ýöne goýýan meselesi namartlyk hem bolsa, onuň bir mertlik edýän tarapy bellenip geçilmäge mynasypdy. Ol hiç mahal golsuz hat ýazmaýardy. Men ol adamynyň her aýda azyndan iki gezek 10-15 sahypalyk hat ýazmak üçin kitaphanalardan material ýygnap ýitirýän wagtyna haýpynyň gelmeýşine haýran galýardym. Barybir, ol şyltak hatlar awtorynyň isleýän netijesini bermeýärdi. Bermese-de, ol hat ýazmak keselinden aýňalyp ötägitmeýärdi. Soýuzyň ýolbaşçylary-da, meniň işdeş ýoldaşlarym-da N.Hojageldiýewi heniz görmedigem bolsalar, “ýakyndan tanaýardylar”. Bir gezek Täjigistanyň wekili, professor Şöwket Hyýazy maňa “Atajan, sen edaranyň hiç işini etmeseňem, diňe Hojageldiýewiň hatlaryna jogap ýazýanyň üçinem alýan aýlygyň halaldyr” diýdi. Biziň “hemişelik awtorymyzyň” hatlarynyň birinde bolsa B. diýen şahyryň “süpük arakhordugy” bellenip, edebiýaty biabraý edýän şeýle awtora-da islän wagty Peredelkino döredijilik öýüne putýowka berilýändigi, ol ýerde hem onuň içip ýatýandygy habar berilýärdi. Şeýle ýazyjylara-da ýardam edýänligi üçin Türkmenistanyň edebi wekili Atajan Tagany desbi-dähil işinden boşatmak talap edilýärdi. Ýene bir topar hatda türkmen ýazyjylarynyň käbiriniň yslama berlip, ogullaryny sünnet etdirýändikleri “tankyt” edilýärdi. Gol çekilip ýazylan arza-şikaýatlara hökmany suratda resmi jogap ýazmalydy. Jogaplary bolsa iberilmezinden ozal uly ýolbaşçylaryň biri okap makullamalydy. Men entek iş bilen onçakly öwrenişmäge-de ýetişmänkäm, merhum şahyr Amandurdy Alamyşowyň aýaly Aleksandra Wasilýewna Alamyşowа-Adamowiçden sekretariata bir hat gelip gowuşdy. Hatda, esasanam, A.Alamyşowyň “Sona” poemasynyň rus diline terjime edilmeýändiginden, umyman onuň döredijiligini propagandirlemekde hut Berdi Kerbabaýewiň özüniň emeli päsgelçilik döredýändiginden zeýrenilýärdi. Men günde telim gezek Aşgabat bilen telefonda gepleşip dursamam, ýerli soýuza sala-da salman, ilki-hä A.Alamyşowyň eserlerini propagandirlemegi haýyş edip, Türkmenistanyň Metbugat komitetiniň başlygy Akmyrat Orazowa Sekretariatyň adyndan, soňam şahyryň aýalyna öz adymdan şeýle hat ýazdym: “Nomer-3083. 18. 11. 1967. SP SSSR, Moskwa. Uwažaýemaýa Aleksandra Wasilýewna! Poema Amandurdy Alamyşýewa “Sona” odno iz krupneýşih proizwedeniý turkmenskoý poezii 30-h godow. ”Sona” kak i drugiýe proizwedeniýa togo wremeni, nesomnenno, sygralo nemaluýu rol w dele wospitaniýa nowogo çeloweka w perwyýe gody sowetskoý wlasti. Odnako ne wse proizwedeniýa togo wremeni perewodilis na russkiý ýazyk. Perewodilis liş te proizwedeniýa, kotoryýe polnostýu otweçali trebowniýam russkogo çitatelýa. Krome togo, do sih por my ne w silah perewesti na russkiý ýazyk proizwedeniä daže takih klassikow, kak Seýdi i Zelili. My poprosili SP TSSR, çtoby kak možno skoree byl wypolnen podstroçnyý perewod poemy i peredali izdatelstwu “Turkmenistan”. Odnako my ne kompetentny reşat wopros ob izdanii poemy “Sona” otdelnoý knigoý na russkom ýazyke, Ýesli hudsowet izdatelstwa soçtýot selesoobraznym perewesti poemu to my postaraýemsýa naýti w Moskwe opytnogo perewodçika. Çto kasaýetsýa Waşego zaýawleniýa o tom, çto izdaniýu poemy “Sona” ýakoby prepýatstwuýet B.M.Kerbabaýew, my tut s Wami ne možem soglasitsýa. Izwestno, çto B.Kerbabaýew wysoko oseniwaýet tworçestwo A.Alamyşýewa (sm. statýa B.Kerbabaýewa “Poetiçeskiý ýazyk”, “O lirike” i dr.) Atadžan Tagan, Otwetst. sekretar Soweta po turkmenskoý literature prawleniýa SP SSSR”. Çaky, Moskwadan gelen jogapdan ruhlanan Aleksandra Wasilýewna meniň hatymy eline alyp Berdi Kerbabaýewiň üstüne baran bolmaly. Sebäbi kän mahal geçmänkä B.Kerbabaýewden şeýle hat geldi: “Gadyrly Atajan! Alamyşowa-Adamowiçiň arzasy barada. Arza başdan-aýak töhmet. 1. Baýram Alamyşow bilen Seýit Muhammedow diýen adamlary men hiç wagtda göremok. Alamyşowyň poemasy barada meniň gatnaşmagym bilen hiç hili maslahat bolanok. 2, Alamyşow hiç wagtda “Halk ýazyjysy” bolanok—süpük tirýekkeş. 3. Kerbabaýew patyşa boljak bolanok. 42-nji ýylda Ýazyjylar soýuzyna başlyk bolanymdan soň, ýekeje ýazyjam fronta gidenok. Alamyşow front garasyny görenok. Ol adamçylygyny, ýazyjylygyny ýitirenden soň, 1943-nji ýylda soýuzdan çykaryldy. Ýalňyşmaýan bolsam, 43-nji ýylda Trudrezerwde tirýek zerarly ölüp galdy. 4. Alamyşowyň poemalary ogurlandy diýmek akyla geljek zat däl. Ýok zat nähili ogurlansyn. Ol bir nenormalnyý—däli aýal. Meniň maslahatym: M.W.Gorbaçýowyň goly bilen Türkmenpotrebsoýuza hat ýazyp, şol aýal barada harakteristika soramaly. Hem-de maňa däl-de, sekretaryň – Aşyr Nazaryň adyna hat ýazyp, “Sona” barada soýuzyň pikirini soramaly. Ýogsam ol aýal ýene size gün bermez, MK-da ýazar. Atajan, sen nähak ýere “Sona” odno iz krupneýşih proizwedeniý turkmenskoý poezii” diýip, murdar aýalyň eline uly tutalga beripsiň. “Družba narodow” žurnalynyň 11 nomerinde Kerbabaýewiň gowy suraty bar eken. Belki, fotografdan ulurak suratyny alyp bolar. Bu ýerde hemme saglyk-amanlyk. Köp salam. B.Kerbabaýew. 04.01.1968” | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |