11:50 Kyrk ýylda ýazylan kitap -12: Tanalýan hem sylanýan adam | |
TANALÝAN HEM SYLANÝAN ADAM
Ýatlamalar
Berdi Kerbabaýew köp ýerlerde tanalýan adamdy. Bir gören, gürleşen adam ony unutmaýardy. Onuň özüni tanamaýanlaryň köpüsi kitaplary bilen tanyşdy. Ýazyjynyň käbir eserleri bolsa dünýäniň onlarça diline terjime edilipdi. Meniň “Berdi Kerbabaýew” diýen ýazgylar depderimde şeýle bir bellik bar eken: “Şu gün “Astoriýa” myhmanhanasynyň birinji gatyndaky dynç alynýan ýerde “Literaturnaýa gazýetany” okap otyrkam, golaýymdaky kürsüde ornaşan hindi aýaly maňa tarap seredip, ýanyndaky ýaş gyza öz dilinde bir zatlar diýdi. Men bir sözüne düşünmesem-de, gürrüňiň özüm barada gidendigini çakladym. Asyl ýaş gyz ol gartaşan aýalyň dilmajy eken. Dilmaç päsgel berilýäni üçin menden ötünç sorady-da: —Siz rus dilindäki gazýeti okaýarsyňyz welin, daş sypatyňyzdan-a orsa meňzäňizok—diýdi. —Hanym siziň nä milletdigiňiz bilen gyzyklanýar. Ermeni bolsa gerek diýip çak edýär. Men özümiň türkmendigimi, Leningrada bolsa Moskwadan üç günlük komandirowka gelendigimi, başga myhmanhanalardan ýer tapylmansoň, daşary ýurtlularyň ýaşaýan “Astoriýasyna” tötänden düşendigim hakda aýtdym terjime edilenden soň, hindi aýaly, tanşyna sataşan ýaly bolup, mylaýym ýylgyrdy-da, bir zatlar diýişdirdi. Dilmaç öz borjuny berjaý edende, men ol aýalyň “türkmenleriň “Aýgytly ädim” romanyny” Ýaşpalyň terjimesinde öz ene dilinde okandygyny bilip galdym. 8 apr. 1968, Leningrad, “Astoriýa”. Bir gezek men şahyr Resul Gamzatowy Moskwanyň “Şeremetýewo” aeroportundan daşary ýurda ugratmaly boldum. Ýolda barýarkak oňa: —Resul aga, siz düňýäň gaty kän ýurdunda bolduňyz. Türkmenistana-da gezmäge baryň ahyryn!—diýdim. —Barardym welin, Berdi Kerbabaýew bolmasa, kim maňa bir käse çaý berer? Men ony ýeňjek bolup: —Uç million türkmeniň üçden biriniň ady Berdidir—diýdim. Resul aga maňa agras nazar bilen garady. —Üç million türkmeniň üçden biriniň adynyň Berdidigini sen maňa ynandyrarsyň. Ýöne Berdi Kerbabaýewiň iki boljagyny maňa Hudaýam ynandyryp bilmez. . . Ol sözler türkmeniň myhmanparazlygyny peseltmek üçin däl-de, Berdi Kerbabaýewiň myhmanparazlygyny tekrarlamak üçin aýdylýardy. Gepiň gerdişine görä, Berdi Kerbabaýewiň myhmanparazlygyny aýratyn belläp geçmeseň, onuň doly keşbi görünmez. Onuň “duzunyň zordugyny” ýaşulyny ýakyndan tanaýan, ýöne ony sulhy almaýan adamlaryňam köpüsi mertlerçe boýun alýarlar. 1974-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda edebiýatçylaryň uly ýygnagy geçirildi. Oňa SSSR-iň hemme sebitlerinden diýen ýaly 80- denem gowrak adam gatnaşdy. Şol mahallar Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komiteti serişde tygşytlamak bahanasy bilen Ýazyjylar soýuzynyň öz gazanan puluny-da gelen-giden myhmana çaý-suw bermek üçin sowmagy gadagan etdi. Şeýlelikde, Aşgabat ýygnanyşygyna gatnaşýanlara hezzet-hormat etmek meselesi biziň iş programmamyzdan öçürildi. Gelenler myhmanhanada ýerleşenlerinden soň, men adaty endigim boýunça B. Kerbabaýewiň öýüne salama bardym. Berdi aga şol mahallar Ýazyjylar soýuzynyň başlygy däldi. Şeýle-de bolsa, ýaşuly myhmanlaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy. —Gonaklaryň çaý-suwuna seredýän barmy? —Ýok. —O näme üçin beýle? —Aý… —Eýsem-de bolsa, çaý-suwuna seretmejek bolsaňyz, öýüňüze gonak çagyryp näme etjekdiňiz? —Merkezde ol barada ýapyk karar barmyşyn. —“Ýapyk karar barmyşyn!”—diýip, B.Kerbabaýew ýaňsyly ýylgyrdy. —Eýsem-de bolsa, ol kararda “Myhman çagyryň-da, çaý-suw bermän, yzyna ataryň!” diýen ýörite görkezme barmyşynmy? —Onçasyny-ha men biljek däl, ýaşuly. Ýazyjy esli salym dymyp oturdy-da: —Soýuzyň başlygy näme hereket edýär?—diýdi. —Görkezme bar bolsa, olam şol görkezmä görä hereket eder-dä. Berdi aga “h-m” edip ardynjyrady. —Myhmanlaryň jemi näçe adam?—Jogap alansoňam ol:—Arabaçysy, beýlekisi bilen ýüz gowrak boljak-da—diýdi. —Men olaryň hemmesini-hä bir gezekde çagyryp bilmen. Gap-gajymyz ýetmäýmese… —Aý, ýolbaşçylaryň özlerine abraý gerek bolmasa, sen näme üçin azara galmalymyşyň?—diýip, men öz pikirimi gizlejegem bolmadym. Goja çynlakaý görnüşe girdi. —Eýsem-de bolsa, Türkmenistana gelen del myhmanlar hezzet-hormatsyz atarylsa, gelşiksiz bolar. Olaryň arasynda bu topraga ilkinji gezek gadam basanam bardyr. —Onyň-a dogry. —Dogry bolsa, gowusy, sen kinaýaly gepiňi goý-da, myhmanlaňňy ikä böl. Ellisini erte agşam sagat alta, ellisinem birigün agşam sagat alta alyp gel. Bizem başarşymyzdan saçak ýazaly. Baryny beren uýalmaz! Şol gün agşamlyk SSSR Ýazyjylar soýuzynda işleýän, bile gelen ýoldaşlarymyz bilen guramaçylyk ştabynda elimiz spisokly oturup, myhmanlary iki bölege böldük. Gapy-gapy aýlanybam, kimiň ertir, kimiň birigün Hywaly Babaýew köçesiniň 3-nji ýaýyna B.Kerbabaýewiň öýüne myhmançylyga barmalydygyny öňünden aýdyp çykdyk. Myhmançylygyň birinji agşamy diýseň gowy geçdi. Çagyrylanlardan zyýat adamam gelmedi diýen ýaly. Uzyn stoluň üstünde türkmeniň köp-köp nazy-nygmaty bardy. Myhmanlar örän hoşal boldular. “Gurt arkasyndan guş doýmuş” diýen ýaly, Ýazyjylar soýuzynyň jogapkär işgärleri bolan biz hem B.Kerbabaýewiň hasabyna “körabraý” gazandyk. Myhmanlaryň köpüsiniň B.Kerbabaýew ol çakylygy Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň maýasynyň hasabyna gurandyr öýden bolmaklary-da ahmaldyr. Sebäbi özüniň bir pisselik bähbidiniň ýok halatynda B. Kerbabaýewden başga hiç bir türkmen ýazyjysynyň, material mümkinçiligi aňry ýany bilen bolaýanda-da, onça adamy öýüne çagyrmajagy bellidi. Ertesi agşam welin… Ertesi agşam men B.Kerbabaýewiň öňünde gaty bir gelşiksiz ýagdaýa galdym. Sagat alty bolmanka, myhmanhanadan çykyp, Hywaly Babaýew köçesine tarap (Myhmanhana bilen B.Kerbabaýewiň öýüniň arasy 3-4 ýüz metrden uzak däldi.) gidip barýanlaryň sany elliden-altmyşdan has kändi. Olaryň arasynda düýn çagyrylanlaram, asla çagyrylmadyk ýerli adamlar hem bardy. Hiç kime “Sen gitmeli däl” ýa-da “Sen düýn bardyň ahyryn” diýäýmek aňsat däldi. Men myhmanlaryň öň hataryndan ara açyp, B.Kerbabaýewiň öýüne ilden öňürti bardym-da ýagdaýy aýtdym. Ýaşuly temezligini ýapyp duran murtjagazyny dyrmady-da: —Gelen—döwlet!—diýdi. —Eýsem-de bolsa, gapydan gelen myhman öz rysgy bilen bile gelýändir. Oň üçin darykmaly däl. —Ol ýanynda duran körpe ogluna tabşyryk berdi. —Baýram, sen maşynyňy otla-da, Gözel ejeň hemme gap-gajyny alyp gel… Ýaşulynyň uly gyzy Gözel Berdiýewna hem Hywaly Babaýew köçesinde ýakyn aralykda ýaşaýandygy sebäpli gerekli gap-çanak derrew häzir edildi. Kerbabaýewiň uly ogly Baky Berdiýewiç bolsa bazara adam ugradyp, gök-sök ugruny bol edip taşlady. Başga ýerden kömek hem çagyrman, B.Kerbabaýewiň öz ogul-gyz, agtyk- çowluklary ýagdaýyň sepini bildirmän, ýüze golaý adamyň hyzmatynda berk durdular. Hezzet-hormatam öten agşamkydan zyýat bolmasa, pes bolmady. Gepiň gerdişine görä bellesem, B.Kerbabaýewiň öýüne bu agşam ikinji gezek dolananlaram iýmek-içmek üçin gelmändiler. Olar owkada mätäç ýa-da çakylyksyz gelip, öz mertebesini peseltjek adamlar däldiler. Olar Berdi Kerbabaýew diýen belent şahsyň keşbini ýene bir gezek görmäge, sözüni eşitmäge suwsan adamlardy. Şol agşam B.Kerbabaýewiň keýpi diýseň kök boldy. Başga respublikalardan gelen şahyrlar goşgy okadylar, degişdiler, gülüşdiler. Agyr märekäniň göwnüni götermek isläp, bulguryny elinden goýmadyk goja, tutuş agşamy aýak üstünde geçirdi. Ol kimi gujaklaýardy, kimse bilen ogşaşýardy, kim bilen jak-jak urup gülüşýärdi, degişýärdi. Garly dagyň bölegi ýaly belentden ak başly goja kişi uzak ülkelerden gelen tanyş-nätanyşlaryna hoşlaşyk duzuny berýäne meňzeýärdi. Çünki şol agşam Berdi Kerbabaýewiň howlusynda iýlen duz onuň dost-ýara, myhmana beren iň soňky tagamy boldy, bir aý töweregi geçensoň, ol aradan çykdy. Ýöne şol oturluşyga gatnaşan dürli milletleriň wekilleri maňa telim ýyldan soňam, nirede gabat gelselerem, Aşgabadyň Hywaly Babaýew köçesiniň 3-nji jaýyny, türkmeniň myhmanparazlygyny baş ýaýkaşyp ýatladylar. Ol ýatlamalaram Berdi Kerbabaýewiň belent ruhuna goýulýan sarpa bolup duýulýardy. «H.G.T. – B.M.K. – 02.04.1969 – «D.D» Ýazuw depderçämiň içinden bir bölejik kagyz çykdy. Kagyzda gyssanmaç bellenendigi bildirip duran “N.G.T—B.M.K—02. 04. 1969 —D.D” diýen harplar hem sanlar bardy. Göräýmäge jansyzyň syrly belligine meňzeýän ol ýazgydan many çykarmak kyn ýaly. 1969-njy ýylda edilen belligiň üctünden otuz ýyla golaý wagt geçipdir. Emma onuň taryhy edil şu gün bolan waka ýaly jikme-jikligi bilen meniň hakydamda saklanypdyr. Ýazgydaky “H.G.T”—Berdi Kerbabaýewiň döredijiligini ýörite öwrenen, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmen Döwlet uniwersitetiniň dosenti merhum Hanguly Taňryberdiew, “B.M.K”—Berdi Myradowiç Kerbabaýew, “D.D”—Moskwanyň etegindäki “Domodedowo” aeroporty. 1969-njy ýylyň 2-nji aprelinde 702-nji reýs bilen “B.M.K”—Berdi Myradowiç Kerbabaýew Aşgabatdan Moskwa gelýärdi. Hanguly Taňryberdiýew ikimiz hem ony garşylamalydyk. BMK-nyň bu gezekki sapary adaty iş komandirowkasy däldi. Onuň gelmegi ýaňy-ýakynda Sosialistik Zähmetiň Gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli Edebiýatçylaryň Merkezi öýüniň uly zalynda geçiriljek dabara bilen baglanyşyklydy. Kremlde bolsa 8-nji aprelde sagat 16-da oňa Ýyldyz gowşurylmalydy. (Ol barada öňki sahypalarda belläpdim). Şonuň üçinem biz gojany hökman garşylaýmalydyk. Onuň keýpi kök bolmalydy. Biz hem şol keýpiçaglygy bozman, ýaşulyny samolýotyň trapynyň alkymynda, deňli-derejeli garşylamagy maksat edinýärdik. —“Ataňy” gül dessesi bilen garşylajakmy?—diýip, men Hangula sowal berdim. Hanguly ol pikir bilen başda ylalaşdy-da, birdenem: —Aý, Atam, gül meselesini goýaly-la!—diýdi. —“Atam” nä ýaş gelinmişmi? Şeýlelikde, biz ýaşulyny gülsüz-gunçasyz, “agras” garşylamaly etdik. Okyjylaryň köpüsiniň bilşi ýaly, hemme ýolagçyny trapyň öňünde garşylamaga rugsat hem berilmeýär. Emma B. Kerbabaýewi welin her gezek Moskwa gelende trapyň öňünde garşylaýardykЮ (Ony köplenç men garşylaýardym. Eger-de men daşary ýurda dagy komandirowka gidip, Moskwada bolmadyk halatlarymda hem meniň özbek ýa-da täjik ýoldaşlarym ony hor etmeýärdiler, garşylaýardylaram, myhmanhana hem ýerleşdirýärdiler. Iş “Çalşykly çemçe”—men hem kärdeşlerim näsag ýa-da komandirowkada mahaly täjik, özbek delegasiýalaryny aeroporta gidip garşy alýardym). Sebäbi ol, birinjiden-ä, Türkmenistan Ýokary Sowetiniň deputatydy(Berdi Kerbabaýew hiç mahal SSSR Ýokary Sowetiniň deputaty bolmandy. Il arasynda bolsa “Ol Eziz hanyň mürzesi bolup işländigi üçin SSSR Ýokary Sowetine saýlanmaýarmyşyn” diýen gep bardy). Ikinjidenem, ol SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň hemişelik diýen ýaly sekretarydy. Üçünjidenem, ol tanymal adamdy. Tanymallyk barada iki agyz söz. Berdi Kerbabaýewe, esasanam, Orta Aziýa respublikalarynda uly sarpa goýulýardy. Ýaşulynyň öz aýtmagyna görä, ol Zähmet Gahrymany bolanda, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryndan öňürti Özbegistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň Birinji sekretary, SSKP MK-nyň Syýasy Býurosynyň agzalygyna kandidat Şaraf Reşidow jaň edipdir. Berdi Kerbabaýewiň tanymallygyndan başga-da, özbekleriň uly ýazyjysy bolan Ş. Reşidow ony özüniň halypalarynyň biri hasaplaýardy. B.Kerbabaýew haýsy respublikada bolsa-da, ony şol ýeriň iň ýokary ýolbaşçysy kabul edýärdi. Frunze şäherinde bile komandirowkada bolan gezegimiz Gyrgyzystan Kompartiýasynyň MK-nyň Birinji sekretary Turdakun Usubalyýewiň huzuryna baryp gelen Kerbabaýewiň maňa beren gürrüňi ýadymda. Biziň gojamyz ýokary derejede bolan duşuşykda “tirýek meselesini” orta atypdyr. (B. Kerbabýew tirýek çekýän adamlary uçursyz ýigrenýärdi. ”Haýsy ýurdy bigaýrada öwrüp, püçege çykarmak isleseň, ilatyny neşe bilen üpjün ediber” diýýärdi. Ol tirýekden çalarak habarly adamlar bilenem salamlaşmagy-da özüne uslyp bilmeýärdi.) Onuň pikiriçe, soňky ýyllarda Türkmenistanda neşe çekýänleriň sany köpelipdi. Şol döwürde Gyrgyzystan tirýek öndürýän respublikady. Ol ýerde tipýek derman ýasamakda ulanmak üçin döwlet tarapyndan ekdirilýärdi. Berdi aganyň çaklaýşyna görä, Türkmenistana ýaýraýan neşäniň esasy bölegi Gyrgyzystandan gelýän bolmalydy. Şönuň üçinem ol T. Usubalyýewden şol çykalgany ýapmagy haýyş edipdir. Ilki başlan gürrüňime dolanaýyn. Hawa. H. Taňryberdiýew ikimiz B. Kerbabaýewi aeroportda garşylamalydyk. Garşylamagyň ähli taýýarlygyny gördük. Edaranyň maşynyny taýynladyk, aeroporta jaň edip, barmaly ulagyň döwlet nomerini ýazdyrdyk. Şondan soň “Deputatlar otagynyň” nobatçysy öz gezeginde aeroportyň derwezebanyna pylan nomerli maşyny pylan reýsi garşylamaga goýbermegi tabşyrýardy. Bu gezegem şeýle bolmalydy. Hatda edaranyň maşynynyň şofýory bilen tötänden ýatyp galaýsak, jaň edip birek-biregi oýarmaga çenli wadalaşdyk. Emma şol gezek, megerem, howa şertine görä şeýle bolandyr, Aşgabadyň samolýoty raspisaniýä görä gelmeli wagtyndan ýarym sagat ir gelipdir. Hernäçe tertiplidirin öýtseňem, adamda säwlik bolýar-da. Irden jaň edäge-de, samolýotyň haçan gelýändigini anyklaman, Aşgabat uçarynyň adaty gelýän wagty 8-30-a ýetişmeli diýen pikir bilen wagty gyrba-gyrat edip ýola düşdük. Netijede, B. Kerbabaýewi garşylaman yzymyza dolandyk. Ol hiç kim garşylamansoň, taksi tutupdyr-da, şähere gaýdypdyr. Ýolda gelýärkäk Hanguly: —Atam, gojamyzyň toý keýpine-hä ikimiz döwek goşaýdyk öýdýän?—diýdi. —Özem ilden soň Gahryman boldy-laýt! Bizem bir sagat irräk çykaýmaly ekenik welin… Dogrudanam, Berdi Kerbabaýewe öz deň-duşlaryndan has giç, 75 ýaşy dolansoň Gahrymanlyk berildi. Hut şol dabara mynasybetli gelen gezegi-de biz ony hormatly myhman hökmünde garşylap bilmedik. Has täsin ýeri-de mundan ozal, näçe ýylyň dowamynda, her aýda iki gezek Moskwa gelse-de, gojanyň aeroportda garşylanmadyk sapary bolmandy. Men SSSR Ýazyjylar soýuzyna ýetmän, SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň “Sylaglar bölüminiň” deňinde maşyndan düşüp galdym. Men ol ýerde bölümiň işgäri Zinaida Žukowa bilen uçraşyp, aýyň sekizindäki Ýyldyz gowşurlyşynyň nähili ýagdaýda geçirilýändiginiň maglumatyny almalydym. Şol “bahanany” men kemem görmedim. Sebäbi, şeýle dabaraly pursatda, aýagymyzyň astynda gurat ýeňil maşyn barka, iki ýaş ýigit bolup bir gojany garşylap bilmezligimiz bize uly hata iş edenimiz ýaly duýulýardy. Müýnli halyňa myhmanhana baryp ýaşulynyň ýüzüne seretmegem aňsat däldi. “ Men soňrak aýlanaryn. Sen gojaň ýanyna baryber!” diýip maşyndan düşenimde Hanguly: —Ýeke özümi garry ýolbarsyň agzyna itekläp, özüňem ol garnyny doýrup köşeşensoň barmakçy-da!—diýip güldi. Zinaida Žukowanyň ýanyndan çykyp edara barsam, stolumyň üstünde: “Atam, men diri. Goja ýolbars ikimiz saňa “Moskwa” myhmanhanasynda garaşýarys. H.G.T” diýen ýazgy bar eken. Meniň aladam ýetikdi. Hanguly ýaly toý komandirowkasyna gelen adam däldim. Myhmanhana baryp, keýp çekip oturmaga wagtym ýokdy. Bolsa-da, myhmanhana jaň edip, gojanyň haýsy otagdadygyny anykladym. Trubkany B. Kerbabaýewiň özi aldy. Salam berdim. —Ýeri, ýatak drug, sag-amanmyň? —Sag-aman-a welin… —diýip, men özümiň müýnlüdigimi biraz dymmak bilen boýun aldym. —Aýby ýok. —Gojanyň ýylgyryp gepleýändigi bildirdi. —“Bir ýazyksyz är bolmaz”. Hany, gel!—Men işimiň kändigini aýdamsoň, goja dowam etdi. —Işe gutarma ýok. Damak edinemizsoň, uzak eglemen. —Han aga-da ýanyňdamy? —“Han aga” diýýäniňem özüň ýaly ýatak Hanguly boljak bolsa, ýanymda. Men myhmanhana barmaly boldum. Berdi Kerbabaýew gapyny ýylgyryp açdy-da: —Ýatak drug, hoş gördük!—diýdi. Ol özüniň garşylanmaýşy barada ýeke gezegem dil ýarmady. Ýöne uly “lýuks” otagyň bir duluny tutup ýatan iki sany ullakan çemodany, üç-dört sany çaklaňja ýaşşigi görüp, öz-özümden utandym. Elbetde, ol ýükleri aeroportuň hyzmatçylary maşyna ýükländirler, myhmanhananyň hyzmatçylary hem maşyndan düşürip nomere getirendirler. Bolsa-da… Berdi Kerbabaýew diýilýän adam juda degnasyna degläýmese, derrew gaharlanýan adam däldi. Ýalňyşandygyňy boýun alsaň, ol mydama-da hataňy bagyşlaýardy. Onuň ýekinde ýigrenýäni ýalançylykdy. Özi bolsa, çagajyga bir zady wada etse-de, wadasynda tapylýardy, şony başarmasa-da ötünç soraýardy. * * * Berdi Kerbabaýewiň nesil daragty şeýle: özi Berdimyrat, Berdimyradyň kakasy Kerbaba, Kerbabanyň kakasy Öwezgylyç, onuň kakasy Halmyrat ker, onuň kakasy Hally gapan, onuň kakasy Döwletmyrat, Döwletmyradyň kakasy Aman döş. Ýazyjynyň başdaş aýaly Ogulgözel 1921-nji ýylda ýogalypdyr. Ikinji aýaly Durdygözel ýeňňe otuzynjy ýyllarda dünýäden ötüpdir. Ogulgözelden Sapa bilen Baky, Durdygözelden Gözel bilen Ejegyz galypdyr. Gyzlarynyň birini—Gözel Berdiýewnany men gowy tanaýardym, elinden birnäçe gezek duz iýipdim. Ol doktordy. Ogullarynyň biri—Baky Berdiýewiç alym-biolog, birnäçe ylmy kitaplaryň, sprawoçnikleriň awtory, Beýik Watançylyk urşunyň weterany. Ýazyjynyň uly ogly Sapany Krymda ýogalandyr diýip çaklaýardym. “Çaklaýardym” diýýänimiň sebäbi men ol barada ýaşula sowal bermändim. Ýöne men bir gezek ýazyjylaryň Krymdaky döredijilik öýüne putýowka alandygymy aýdanymda, Berdi aga birhili tukatlandy-da: ”Kryma hiç aýagym çekenok. Men ol ýerde gerçek oglumy ýitirdim” diýdi. Men gojanyň derdini täzelemejek bolup, ogly barada soramandym. Emma 1999-njy ýylyň 21-nji martynda Baky Berdiýewiç meni öýüne myhmançylyga çagyranda agasy Sapanyň 1937-nji ýylyň iýunynda Aşgabatda inçekeselden ýogalandygyny aýtdy. Ýazyjy ogluny Kryma bejertmäge äkiden eken. Şol ýerde hem onuň keseli beterläpdir. Baky Berdiýewiç Sapanyň kyrky hem geçmänkä, kakasynyň tussag edilendigini-de ýatlady. Berdi Kerbabaýew şol gezek tussag edilende Baky 15-16 ýaşly ýetginjek eken. Ol altmyş ýyl mundan ozal bolan wakany ýatlap, ajy ýylgyrdy. ”Öýe dört sany HKWD-çi kürsäp girdi. Olaryň üçüsi sapançaly, biri bolsa ullakan tüpeňlidi. Sapançalylar derrew kakamyň kitaplaryny dörmäge başladylar. Dördünji esger hem tüpeňini diwara söýedi-de, ýoldaşlaryna kömekleşmäge durdy. Söýelgi duran tüňeň meniň ünsümi çekdi. Oglanlyk edilendir-dä, oýnasym gelip, duran tüpeňi elime alanymam şoldy welin, kitap dörüp duran üç esger maňa tarap üç ýerden sapança gönükdirdi-de: “Ruki wwerh!” diýip, çirkin gygyryşdylar. Men aljyradym. Kakam olara tarap gazaply seretdi-de: “Sizde ynsap barmy?—diýdi. —Nä, oglan şol ýaragy atyp biler öýdýäňizmi? Onuň ýüregini bir ýaraýmaň ahyryn!” Esgerler meniň elimdäki tüpeňi alansoňlar, ýene kitap dörmäge başladylar. Olar içerden del zat tapmasalaram, kän mahal geçmänkä, kakamy öňlerine salyp ugradylar. Gapa ýeten kakam yzyna gaňryldy-da: “Mert bol, Baky! Sen erkek adamsyň” diýdi. ” B. Kerbabaýewiň soňky aýaly Merýem Ezizownady. “Ol türk generalynyň gyzy bolmaly” diýip hem gürrüň edýärdiler. Merýem Ezizowna örän sowatly hem peşeneli aýaldy. Onuň öňki adamsyndan Emin atly ogly bar. Ol Kerbabaýewiň familiýasyny göterýär. Ol ylymlaryň doktory, Moskwada ýaşaýar. Berdi aganyň Merýem Ezizownadan bir ogly bar—Baýram. Ol hem ylymlaryň kandidaty. Baýram Berdiýewiç Aşgabadyň medisina institutynda gistologiýadan sapak berýär. Berdi Kerbabaýewiň gol doly ogul-gyz, agtyk-çowluklarynyň hemmesi-de ylymly- bilimli, edepli adamlar. Merýem Ezizowna “Türk gyzynyň ykbaly” diýen roman ýazdy. Ol roman köp adamy, şol sanda meni-de alada goýdy. Roman rus dilinde ýazylandy. Şonuň üçinem awtor ony Moskwa neşirýatlarynyň birinde çykartmakdan tamakindi. Türkmenistanda ýaşaýan ýazyjynyň kitaby Moskwada çykmaly bolsa, onuň amala aşyrylmagyna men hem haýsydyr bir möçberde dahyllydym. Özi-de men ol meselä gizlin gatnaşmalydym. “Gizlinluk” hakda Merýem ejäniň özi menden haýyş edipdi. Sebäbi şol romanyň ady agzalsa, Berdi Kerbabaýewiň keýpi bozulup, jyny atlanyberýärdi. Romanyň golýazmasyny Moskwa neşirýatlarynyň birine hödürläninden soň, Merýem Ezizowna maňa ýygy-ýygydan jaň etmäge başlady. Onuň gojanyň öýde ýok mahalyny peýläp jaň edýändigini men aňýardym. Çünki käte gürrüň gyzyşan mahaly gepleşigiň arasy tapba kesilýärdi. Diýmek, Berdi aga öýe dolanan bolmalydy. Merýem eje meniň ol romanyň çykmagyna ýardam edip bilmesemem, zelel etmejegime-de ynanýardy. Her gezegem ol telefon gürrüňini: “Meniň saňa jaň edenimi agaň bilmesin” diýen tabşyryk bilen tamamlaýardy. Men ýeňňemiziň jaň edýändigini, romanyň golýazmasynyň Moskwadadygyny B.Kerbabaýewe aýtmaýardym. Barybir golýazmany Moskwa neşirýatlary oňlamady. Roman Aşgabatda çap edildi. Ýöne ol kitap okyjy köpçüliginiň seslenmesini gazanmady. Beýle çaklamanyň nähili dörändiginiň sebäbini aýdyp biljek däl, ýöne ol romanyň adygyp ötägitmändiginde B.Kerbabaýewiň eli barmyş diýen ýaly gürrüň hem bardy. Ol çaklamany men düýpden esassyz hasaplaýaryn. Sebäbi roman çykandan soň adygmagyna päsgel berip biljek Berdi Kerbabaýew kitabyň, umuman, Aşgabatda çap edilmezligini-de gazanyp bilerdi ahyryn. Men muňa birjigem şübhelenmeýärin. Berdi Kerbabaýewiň aýalynyň roman ýazmagy “peşeden pil ýasaýan” gybatçylara esli salym güýmenje boldy. “Ykbal” romany çap bolanyndan soň: “Aýgytly ädimi” hem Berdi Kerbabaýew ýazman, Hydyr Derýaýew ýazypdyr” diýen samsyk gep ýaýradylyşy ýaly, indi täze bir geň gürrüň ýaýradyldy. “Berdi Kerbabaýew asla ýazyjy hem dälmiş. Onuň öňki eserlerini-de aýaly ýazanmyş”. Şeýle gülkünç gürrüň gol çekilip ýa-da çekilmän ýazylan hatlaryň üsti bilen SSSR Ýazyjylar soýuzyna-da baryp ýetdi. Elbetde, ol habarlar üçin ýolbaşçylar menden ýazmaça düşündiriş talap etmediler. Ýöne şeýle gürrüňiň döremegi, üstesine-de, onuň Moskwa çenli-de ýetirilmegi hiç kim üçinem abraý däldi. Merýem Ezizowna, roman heniz çap bolmanka, onuň golýazmasynyň nusgalaryny käbir ýazyjylaryň aýallaryna okamaga berýär eken. Bir gezek men tanyş ýazyjynyň öýüne salamlaşmaga baranymda, onuň aýaly galyň golýazma okap oturan eken. Çalasowat aýal özüni Belinskiniň bäri ýany hasaplap, aýratyn depdere roman baradaky “düýpli” belliklerini-de toplapdyr. Özi öýünde ýok ýazyjynyň aýalynyň uzadan bir käse çaýyny içýänçäm, onuň bilen gep-söz alyşmaly boldy. Men oňa “Daýza, näme okaýaň?” diýip sowal berenime-de derrew ökünmeli boldum. Daýza şeýlebir ynamly gepledi welin, asyl onuň okaýan romany edebiýatda heniz görülmedik belentlik eken. Ol belentligi okamak tutuş Aşgabatda sanaýmaly adama miýesser bolupdyr. Meniň ol romanyň golýazmasyny okanymdan bihabar daýza iň soňunda-da: “Bu roman Kerbabaýewiň şu mahala çenli ýazan ähli eserlerindenem zyýat” diýip goýberdi. Belkem, “Kerbabaýewiň eserlerini aýaly ýazýarmyş” diýen gürrüň hem şolar ýaly daýzalar tarapyndan köpçülige ýaýradylandyr? Hawa, Berdi Kerbabaýew bilen Merýem Ezizownanyň arasynda, ujypsyzam bolsa, “är-aýallyk towy” bardy. Ýaňky ýaly daýzalaryň ýaýradýan ýalan-ýaşryk gürrüňleri bolsa ol towy has-da berkidýärdi. Berdi Kerbabaýewiň öýüne hälimi-şindi barýan beýleki dost-ýarlary ýaly menem käte iki oduň arasynda galýanlaryň biri bolýardym. Sebäbi salamlaşmaga baranymda, ýaşuly bilen içgin gürleşsem, Merýem ýeňňemize, Merýem ýeňňemiz bilen ýylgyryp salamlaşsam-da ýaşula ýaramaýan ýalydy. Kä halatlarda bolsa ýagdaý gülkünç derejä çenli baryp ýetýärdi. Bir gezek Aşgabada komandirowka gelenimde, Berdi Kerbabaýew ir bilen myhmanhana jaň etdi-de, günorta nahara çagyrdy. “Biziňkiler bu gün jüýjeli palaw bişirmekçi. Naharhana gidip ýörme-de, öýden damaklanyp gidäý!” Belleşilen mahal Hywaly Babaýew 3-e bardym. Daşarda, belent çynaryň saýasynda uzyn stol goýlupdyr. Stoluň bir çetinde Berdi aga, beýleki çetinde Merýem eje oturan eken. Men hem ol ikisiniň arasynda oturmaly boldum. Saçagyň üstünde kompot, gök önümler, tämiz gap-gaçlar bardy. Palaw entek getirilmändi. Ýetmiş ýaşy arka atan är-aýal öz aralarynda tutuk gürleşseler birhili-de bolýar. Bir seretseň, olaryň bolşy teatr sahnasyndaky artistlere meňzeýärdi, tutuklygam oýun ýalydy. Olar birdenem hüňürdeşip gepleşiberýärdiler, birdenem, biriniň edýän dürs hereketi beýlekisine ters bolup görünýärdi. Orta palaw geldi. Onuň üstündäki bölek-bölek etleri synlan B.Kerbabaýew maňa tarap seretdi. —Jüýjeli palaw diýgäniňizem göştli oş boldumy, jora? Maňa seredilip geplense-de, kinaýa öý bikesine degişlidi. Merýem eje-de maňa garap jogap gaýtarmaly etdi. —Palaw ataryljak mahaly öýde towugyň damagyny çalmaga erkek adam ýokdy. Jüýjeli palawy indiki gezek iýäýersiňiz. Şony diýen Merýem Ezizowna tarelkalaryň birini alyp meniň öňümde goýdy. Berdi aga bolsa ýüzüni kürşertdi-de, ol tarelkany gapdala süýşürip, ýerine başga birini goýdy. Men kyn güne galdym. Ýaşulynyň goýan tarelkasyny peýdalansam, ýeňňem gaty görjek, ýeňňemiň tarelkasyny ulansam, agam halajak däl. Men olaryň hiç biriniňem göwnüne degmezlik üçin palawy tarelka goýman, çemçämi “umumy tabaga” uzatmaly etdim. —Bir piýala şerap meýliň barmy? —diýip, B. Kerbabaýew maňa ýüzlendi. Sesiniň äheňinden many alsaň, gojanyň özi-de bu mahal şerap içmäge höwesek däl ýalydy. Ýöne men geplemänkäm, Merýem Ezizowna men bolup diýen ýaly jogap gaýtardy. —Bu yssyda şerap nämä derkarmyş? Şeýle dälmi, Atajan? Atajan ýene çykgynsyz ýagdaýda galdy. ”Meýlim bar” diýsem, Merýem eje bar, ”Meýlim ýok” diýsem—Berdi aga. Maňa dymaýmakdan başga ýol galmady. Dogrudanam, howa gaty yssydy. Aňryň gyzgyn şerap däl, sowuk suw küýseýärdi. Emma aýalynyň islegine garşy gitmek isledimi-nämemi, Berdi aga daşarda duran sowutgyçdan bir çüýşe ermeni konýagyny alyp geldi. Ol bulgurlara iki owurt ýaly içgi guýdy-da: —Başarýan adam yssyda-da şerap içýändir—diýdi. Bu hem Merýem ejä berilýän jogapdy. Goja ikimiz iki gezejik bulgur götersegem, teklibiniň goldanmany üçin ýeňňemiziň ýüzi kürşerdi. Garaz, ýagdaý birhiliräkdi. ”Iki at depişer, arasynda eşek öler”. Goja aýalyna, aýaly goja berjek sowalyny meniň “dilmaçlyk” etmegim bilen amala aşyrýardy. Men şeýle pursata sataşan mahalym özümi gaýnatasy bilen ýaşmakly gelni “gepleşdirýän” ýüwürji ýaly duýýardym. Meniň köp-köp maşgalada bolaýýan beýle maýdaja wakalary ýatlamagymyň öz sebäbi bar. Berdi Kerbabaýew diýilýän adam özüniň tutuş ömrüni maýdu —iri, esaslu-esassyz çaknyşyklaryň, sebäplu-sebäpsiz gapma-garşylyklaryň içinde geçiren adam. Elbetde, “Är-aýalyň urşy—ýaz gününiň ýagyşy”—Berdi aga bilen Merýem eje mahal-mahal hüňürdeşselerem, bir-biregi ýürekden ýigrenmeýärdiler. Maşgalanyň ýeňil dartgynlygy Berdi aganyň döwrüniň syýasy dartgynlygy bilen deňeşdirilende, hiç zatdy. Syýasy urgulardan halys lejigen Berdi Kerbabaýew 54 ýaşyndaka çyn ýürekden sarpa goýmaýanam bolsa, kompartiýanyň hataryna girip, oňa “bukulmak” islese-de, döwrüň ejiz syýasaty hiç mahalam onuň ýüzünden sypamandyr. Munuň hakykatdanam şeýledigini Berdi Kerbabaýewi ýakyndan tanaýan, onuň uzak ömür ýoluna göz aýlan adamlar gowy bilýändirler. Ýadymda, bir gezek “Moskwa” myhmanhanasynda ikiçäk bolup gök çaý içip otyrkak men Berdi Kerbabaýewe gödegräk hem göwnünden turmajagyny öňünden bilen sowalymy berdim. Sowal onuň SSSR-iň ýolbaşçysy Nikita Hruşýowy magtap ýazan poemasy bilen baglanyşyklydy. Ol poemadan öňbaşça ýaranjaňlygyň ysy gelýärdi. Berdi Kerbabaýewi bolsa ýolbaşça ýaranjaňlyk edip eser ýazýan namart awtorlardan däl hasap edýärdik. Berdi aga meniň ýüzüme dikanlap seretdi-de, gönüsinden geldi. —Aňýan. Sen o poemaň äheňini halamanyň üçin ýaňky sowaly berýäň. Gönümel dost-ýarlarymyň köpüsi seňki ýaly pikirde. Arseniý Tarkowskiý bilen Nikolaý Atarowam (N.Atarow. “Gaýgysyz Atabaýyň” terjimeçisi. —A.T.) poemany oňlamadylar… Ýöne 1916-njy ýyldan soň, tä Hruşýow döwlet başyna gelýänçä, men ýeke gije-de rahat uklan däldirin. Bimahal telefon jyrlasa-da, dost-ýar-aşnalam gapymy kaksa-da, goşumy ýygnamalymykam öýdüp ýaýdanýardym. Eýsem-de bolsa, men ömrüme kän gezek “goş ýygnap” görüpdim… | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |