00:04 Kyrk ýylda ýazylan kitap -13: Iň soňky duşuşyk | |
IŇ SOŇKY DUŞUŞYK
Ýatlamalar
1974-nji ýylyň jokrama tomsunda men zähmet rugsadyna çykyp, Moskwadan Aşgabada gaýtdym. Öýünde bar bolsa, salamlaşmaga barmak pikiri bilen samolýotdan düşen badyma Berdi Kerbabaýewe jaň etdim. Telefonda onuň sesi garyljyk çykansoň, degşen bolup: —Gepleýän özüňmi ýa kömekçiňmi?—diýdim. —Özüm-ä özüm welin, “Bidöwleti düýe üstünde it ýarar”—şu yssyda az-kem sowuklapdyryn—diýen ýaşulynyň sesi ynjyk çykdy. —Hany, gel! Men çemodanymy myhmanhanada taşlap, Hywaly Babaýew 3-e bardym. Jaýa girdim-de, B.Kerbabaýewe hemişe gabat gelýän ýerim—onuň agras bezelen iş kabinetine geçdim. Kabinetde adam ýokdy. Ahyr men ony jaýa girilýän ýeriň gapdalyndaky kiçijik otagdan tapdym. Ol inçejik tahtanyň üstünde ýygrylyp ýatyrdy. Salamlaşdyk. Ol Moskwadaky dost-ýarlarynyň hal-ýagdaýyny soraşdyrdy, soňky günlerde haýsy tanyşlara gabat gelenim bilen gyzyklandy. Men onuň agyr-agyr dem alşyny, öýkeniniň hyžlap durşuny halamadym. Şonuň üçinem keýpini birneme götermek isledim. —Men-ä basym öýlenmekçi, halypa. —Oň bolsun hernä! Oňatja oýlandyňyzmy? —Oýlandyk öz-ä… Senem toýa çenli sowuklamadan açylaweri! —Seň toýuňy göräýjekdim welin… —diýip, ýaşuly göwnüçökgün dillendi. —Nesibedir-dä… —Hökman görersiň. Toýy sensiz geçirip bolmaz… Adaty sowuklamadyr-da. —“UAZ-69” dagy-ha talap edýän däldirler-dä hernä?—diýip, goja çalaja ýylgyrdy. —“UAZ-69” diýseler, menem iller ýaly saňa hat ýazaýaryn-da… Berdi aganyň “UAZ-69” diýmeginiň gülkünç manysy bardy. Bir gezek ol özüne gelen hatlardan birini çekip aldy-da, maňa uzatdy. “Me, şuny okap gör!” Ol Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan R. diýen ýigidiň haty eken. R. özüniň B.Kerbabaýewe ýazan hatynda bir asylly hem gözel gyz bilen telim ýyl bäri halaşýandygyny, emma iş jygba-jyga gelip, toý sähedi bellenmeli bolanda, garaşylmadyk bir ýagdaýa uçrandygyny beýan edýärdi. Söýülýän gyz ýigidiň öňünde: “Eger seniň meni söýýäniň, maňa öýlenjegiň çynyň bolsa, galyňyň ýany bilen kakam üçin bir “UAZ-69” kysymly maşyn getirmeli bolarsyň” diýen şert goýupdyr. Ýigit ol maşyny almaga gurbunyň çatmaýandygyny ýazyp, Berdi Kerbabaýewden pul kömegini, ýagny şol ulagy sowgat etmegini soraýardy. Gepiň gerdişine görä aýtsam, gelýän hatlarda B.Kerbabaýew diýilýän adam durmuşyň ähli kynçylyklaryny aňsatlyk bilen çözüp bilýän, näme diýse, aýdany derrew hasyl bolýan adamdyr diýen ynam bardy. Şonuň üçinem söýýän gyzynyň galňyna “UAZ-69” kysymly maşyn geçirmeli sada ýigitden başlap, eden etmişi sebäpli atuw jezasy berlen, tutuş ömründe ýazyjynyň ýeke setirini hem okaman, diňe adyny eşidýän jenaýatçylara çenli haraý isläp, Kerbabaýewe ýüzlenýärdiler. Gep-gürrüňimiz gutaransoň, meniň ýokaryk seredenime üns beren B.Kerbabaýew: —Ýiten karnizleri ýatlaýaňmy?—diýip, gepbaşy üçin sowal berdi. —Ol karnizler biriniň jaýyny bezeýändir—diýip men ýylgyrdym. —Durmuşda her hili adam bolýandyr, dorogoý drug!—diýip, goja çalaja baş ýaýkady. —Irimçigem bardyr, hyrdasam… (Berdi Kerbabaýew “kiçi”, ”maýda” sözlerine derek mydam “hyrda” diýen sözi ulanýardy.) Karnizli gepiňem öz “taryhy” bardy. Birki ýyl şondan ozal Berdi Kerbabaýew jaýyny remont edende, eýwanyny tutuş täzeletdi. Täze eýwana täze tuty, täze tuta-da täze karniz gerekdi. Bir gezek ol maňa jaň edende, iki sany karniz alyp ibermegimi haýyş etdi. Sebäbi onuň isleýän karnizi Aşgabadyň dükanlarynda ýok eken. Nen onuň diýýän karnizlerinden iki sanysyny aldym-da, Aşgabada gidýän tanyş hem gabat gelmänsoň, şäheriň merkezi aerowokzalyna çykdym. Ol ýerde hem Aşgabada gidýänleriň arasynda tanyş ýok eken. Ahyry, şundan amatlysy bolmasa gerek diýen çak bilen görmegeý gelin bilen duran sypaýy ýigidiň ýanyna bardym, haýyşymy aýtdym. —Ikimizem Aşgabadyň oba hojalyk institutynda okaýas. Ýaňyrak toý etdik—diýip, ýalan sözlejege asla meňzemeýän ýigit başdan ynama girdi hemem haýyşymy uly höwes bilen bitirjekdigini aýtdy. Men ýigidiň eline “Aşgabat. Hywaly Babaýew, 3. Telefon 3-28-46. Berdi Kerbabaýew” diýen ýazgyny berdim-de, samolýot barjak uçury ýaşulynyň öýünde garaşjakdygyny ýa-da jaň edilse, özüniň aeroporta geljekdigini duýdurdym. —Ýok, ýok—diýip, ýigit ör-gökden geldi. —Ýaşulyny azara goýup bolmaz. Biz onuň köçesinem bilýäs, derwezesiniň ýaşyl reňki bilenem tanyş. Şol köçeden günde-günaşa geçip durüs. Berdi Kerbabýewi tanamaýan türkmen barmy! Biz jaň hem etmeris-de, ýüzümiziň ugruna karnizleri goýup ötägideris. Hemem karniz arkasyndan, Kerbabaýew ýaly adam bilen salamlaşarys. Men ol ýigit bilen gelne minnetdarlyk bildirip, edara gelemsoň, B.Kerbabaýewe jaň etdim. Ol reýs barýan wagty öýünde, telefonyň başynda garaşjakdygyny aýtdy. Emma B. Kerbabaýew tä agşama çenli öýünden çykman otursa-da, gapysyny kakanam, jaň edenem bolmandyr. Bir hepdeden soň men ýene iki sany karniz alyp, ony Moskwa komandirowka baran ýazyjy Hojanepes Meläýewden iberdim. (Men şujagaz epizody bir mahalky ýaş ýigit bilen owadan gelin, aman-esen ýaşap ýören bolsalar, şol karnizli meseläni unutmasynlar diýen niýet bilen ýatlaýaryn. Olaryň ikisine-de saglyk, rowaçlyk arzuw edýärin). Näsag ýatan goja karnizli wakany ýatlap ýylgyrdy. Şol gezek men ertir irden dolanjakdygymy aýdyp, ýaşuly bilen hoşlaşdym. Ertesi welin men ony görüp bilmedim. B.Kerbabaýewi, ýagdaýy agyrlaşýandygy zerarly, keselhana ýerleşdiripdirler. Şol gün oňa azar bermeli däl diýdiler. Ýene bir güni geçirip, keselhana bardym. B.Kerbabaýewiň garyndaşlarynyň hem bir topary keselhananyň töwereginde gezmeleşip ýördüler. Onuň ýanyna keseden adam goýberilmeýär eken. Diýmek, gojanyň haly teň bolmalydy. Koridorda esli garaşanymdan soň, ýaşulynyň uly ogly Baky Berdiýewiç ýanyma geldi. Ol gaty kynlyk bilen: —Aý, giräýsene!—diýdi. —Ýöne kän eglenmejek bolgun. Ýaşuly gaty ýadawdyr… Giň palata ýeke ýerlikdi. Men girenimde, ýazyjynyň kiçi ogly Baýram kakasynyň ýüzüni ýelpäp duran eken. Berdi aga örän ynjyk hem ýadaw nazar bilen maňa tarap seretdi. Bizi ikiçäk goýmak islän Baýram aňryk çekildi-de, sowutgyjyň gapysyny açan boldy. Goja ikimiz üm bilen salamlaşdyk. Men oňa ýakyn bardym-da: —Nähili, halypa?—diýip pyşyrdadym. —Hal ýaman, aşna!—diýen B.Kerbabaýew, meniň bilen hoşlaşýan ýaly bolup, sag eliniň ysgynsyz barmaklaryny zordan goşaryma ýetirdi. —Hal ýaman, aşna. Şol üç söz meniň Berdi Kerbabaýewiň dilinden eşiden iň soňky sözüm boldy. Baky Berdiýewiç palata girdi. Onuň gelmegi maňa “Duşuşygyň wagty gutardy” diýen duýduryş boldy. Men palatadan çykdym. Baýram meniň yzymdan ýetdi. Ol özi hem medisina işgäri bolansoň, ýagdaýy ýuwmarlajagam bolup durmady-da: —Seň goja dostuň ýagdaýy-ha gowy däl, gardaş—diýip, açyk gepledi. —Ertir Kremliň keselhanasyndan professor Pomeransew ýörite gelmeli. Ýöne, ýadan organizme, ýokary ganjoşma, ötüşen öýken sowuklamasyna professor nätsin!. . —Süňňi-hä berk bolmalydyr—diýip, men ýagdaýy ýagşa ýorjak boldum. Baýram aýagynyň burnuna seredip gepledi. —Süňňi berkdir welin, “onluklardanam” habar almaly-da… Şondan soň men ýaşulynyň ýanyna baryp bilmedim. Sebäbi ertesi daň bilen Gylyçdurdy Sähetmyradow myhmanhana jaň edip, meniň tizden-tiz Mara uçmalydygymy, samolýota bilet aladasyny hem edendigini aýtdy. Obada bir pajygaly waka bolan eken. Agamyň üç ýaşlyja ogly kakasynyň traktorynyň aşagynda galyp heläk bolupdyr. Men hökman gidäýmelidim… Obadakam Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň sekretary Aşyr Nazarow partiýanyň Murgap raýkomyna jaň edip, Berdi Kerbabaýewiň ýogalandygyny aýdypdyr, maňa bolsa Aşgabada dolanmagyň habarynyň ýetirilmegini haýyş edipdir. 1974-nji ýylyň 24-nji iýulynda Berdi Kerbabaýewiň jesedini Aşgabadyň eteginde türkmeniň gyzgyn topragyna tabşyrdyk. Külli türkmen öz tanymal oglundan jyda düşdi, Kaýsyn Kulyýew aýtmyşlaýyn “Türkmen edebiýatynyň Elbrusy ýykyldy”. Şol edebiýatyň kiçijik wekiljigi bolan men hem talapgär halypamdan, özümden tas elli ýaş uly, emma käte deň-duş ýaly, käte ataly-ogul ýaly bolup geçen aşnamy ýitirdim. Resmi gazýet dilinde aýtsam, Berdi Kerbabaýewiň jaýlanyşy ýokary derejede geçmedi. Ony jaýlan günümiz Moskwada SSSR Ýokary Sowetiniň sessiýasy açylýardy. Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylarynyň hemmesi şoňa gidipdi. Berdi Kerbabaýewiň beýleki respublikalarda ýaşaýan, onuň patasyna geläýjek dostlarynyňam köpüsi Ýokary Sowetiň deputatydyklary üçin Moskwa giden bolmalydy. Oňa garamazdan, goňşy pespublikalaryň ählisinden Aşgabada delegasiýa geldi. SSSR Ýazyjylar soýuzynyň ýas delegasiýasyna bolsa prawleniýeniň sekretary kabardin ýazyjysy Alym Pşemahowiç Köşekow ýolbaşçylyk etdi. Berdi Kerbabaýew hakynda meniň ýazmaly zadym gaty kän. Men ony amala aşyrmagy türkmen edebiýatynyň, türkmeniň medeni taryhynyň öňündäki borjum hasaplaýaryn. Ýöne şu gezekki ýazgymy onuň döwürdeşi Ata Köpek Mergeniň goşgusy bilen tamamlamakçy. Sebäbi uly halypamyzyň aradan çykan güni onuň sakgaldaşy tarapyndan ýazylan hasrat şygry Berdi Kerbabaýewi tanan, onuň bilen duz-emek bolan dost-ýarlarynyň, müňlerçe okyjysynyň adyndan aýdylan ýaly bolup dur. Ýaňy dälmi segsen ýaşyň bellänmiz, Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Berdi aga. Şum habara güwläp gitdi kellämiz, Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Berdi aga. Bir meniň däl, uly iliň agasy, Ýüz ýaş bilen uzak däldi arasy. Tapylmaýar şum ajalyň çäresi, Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Berdi aga. Kalbymyzda seň tälimiň, sapagyň, Bu pursatda men niçik söz tapaýyn. Gözünden ýaş akýar Ata Köpegiň, Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Berdi aga. “Edebiýat we sungat”, iýul. 1974. 1994-nji ýylyň 15-nji martynda Berdi Kerbabaýewiň eneden doglanyna 100 ýyl dolýardy. Ol sene Magtymguly, Mollanepes, Seýdi, Zelili, Mätäji ýaly edebiýat klassyklarynyň ömür senesi kimin giňden bellenilmeli senedi. Emma ol barada hiç ýerde agzalmadam. Elbetde, men ony Tolstoý, Çehow, Gýugo, Şekspir ýaly edebiýat läheňleriniň derejesinde goýjak bolmaýaryn. Ýöne türkmen medeniýetiniň wekili hökmünde iki adam milli taryha girmeli bolsa, onuň biri Berdi Kerbabaýewdir. Oňa garamazdan, şeýle adamyň 100 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenmegi-hä beýle-de dursun, hatda ol barada gazýet-žurnallarda-da iki agyz söz bilenem ýatlanmady. Beýle ýagdaýyň bolmagynyň manysyna biz gowy düşünýäris, —şahs däl adam özüni şahs edip görkezmek üçin hakyky şahslary ýok etmeli. Ýöne taryh diýilýän zatdan kimdir birini çykaryp, çykarylanyň ýeri eýelenmeýär. Taryh beýle kişileri öz gujagynda-da uzak saklaman, derrew zibilhana zyňyp goýberýär. Elbetde, döwür, dereje, talap üýtgär. Ol kanuny zat. Berdi Kerbabaýewiňem eserleri köneler, belki-de “ulanyşdanam” galar. Ýöne beýle adam medeniýetiň taryhynda welin mydama ýatlanar. Men Berdi Kerbabaýewiň 100 ýyllygy mynasybetli ýazan ýatlamamy okyjy köpçüligine ýetirmek isledim. Emma B.Kerbabaýewiň hut özüniň döreden “Edebiýat we sungat” gazýetinde-de ol ýubileýi bellemezlik hakda “ýokardan” inen gizlin görkezme bar eken. Ýatlamany “Halk sesi” gazýeti çap edip başlady. Emma material iki nomerde gidensoň, Prezidentiň Metbugat gullugyndan Kakamyrat Ballyýew diýen biri redaksiýa jaň edip, beýle ýubileýiň bellenmeýändigini, gazýetiňem ýatlamany çap etmeli däldigini aýdypdyr. Şeýlelikde, ýatlama okyja doly ýetmedi. Ony diňe “Aşhabad” žurnaly biraz gyzgaldylan görnüşde rus dilli okyjylara hödürlemäge ýetişdi. Berdi Kerbabaýewiň 100 ýyllygyny bellemek şonuň bilenem tamamlandy. 1994-2004. Moskwa—Aşgabat—Mary. Gowy eser ýazmagyň kyndygynyň sebäpleriniň biri kelläňdäki pikiri, fantaziýany kelläňdäkisi ýaly derejede kagyza geçirmegiň başartmaýanlygyndan bolsa gerek. * Sylaşýanyňdan algyňy dilemek karz dilemekden müň paý kyn. * O dünýä, o dünýäde uçmanyň bardygyna ynanýan adam nähili bagtly! * Adamlaryň ählisi edil bir galypdan çykan ýaly meňzeş häsýetli edilip döredilen bolsa, ýaşamak ýeňil düşerdi, ýöne durmuş welin gyzyksyz bolardy. * Durmuşynda şatlanmaga-begenmäge sähelçe tutaryk gabat gelse, deňli-derejeli şatlanmagy başarýan adamlar bar. Meniň şolara gözüm gidýär. * Ukyp, talant nähili täsin zat! Mende-de, hudožnik dostumyňky ýaly (belki, onuňkydanam görgür) göz bar. Mende-de hudožnik dostumyňky ýaly (belki, onuňkydanam çalasyn) hereket edýän barmaklar bar. Emma men elime galam alyp, gödek pyşbaganyň şekilini çekjek bolsamam, ol pyşbaga meňzemän, bir tokga gara daşa meňzäýýär. * Adaty adamlardan düýpli tapawutlanýan ösen aňly kişileriň güni ýeňil däl bolsa gerek. Çünki olar özleriniň belent aňlarynyňam entek ýetmedik belentliklerine ýetjek bolup mydama azap çekýändirler. Biziňki hezillik —günümiz geçse bolýar. * Durmuşymda ýekeje-de ýaramaz adama gabat gelmedik bolsam, daşymy diňe päk adamlar gurşap alan bola, menem uçmadan hantama bolardym. * Özüniň gözi ýetýän kiçijik ýalňyşyny-da boýun almaýan, ýoldaşyndan ötünç sorap bilmeýän adamyň adamçylygy pesdir. * Ýaramazlar bilen iş salşyp görmeseň, hemme adam oňatdyr öýdüp ýörmeli. * Günäkär garşydaşyndan aryny almaga çekinýän adam o dünýä düşýänçä kanagat edip, ol ýerde-de öz aryny kimdir biriniň alyp bermegine garaşyp ýör. * “Wyždan” sözüni köp ulanýan, wyždansyzlygyň garşysyna köp çykyş edýän ýazyjynyň, žurnalistiň özüni hem wyždana baýdyr öýtmäň. * Gowy adam bilen gowy adamyň ysnyşmagyndan biziň ullakan utýan zadymyz ýok. Iki gowulyk — birleşen bir gowulyk. Ýöne gowy adam bilen erbet adam ysnyşsa peýda bolaýmagy mümkindir. Belkem (tersine bolmaz diýen umyt etsek), erbetlik gowulykdan görelde alar. * “Az geplemek, dymmak edeplilikden nyşan” diýýärler. Diňleýji üçin peýdaly gepiň-sözüň bar bolsa, näme üçin dymmalymyşyn? Adamlara peýda etmek islemeýärmiň? * “Ak düýäni gördüňmi? Ýok” diýen nakyly hakykatdan gorkýan adam tapan bolsa gerek. Ak düýäni görübem, “Göremok” diýip, diňe öz gulagyň dynçlygy üçin hakykatdan gaçmak, kezzaplyk etmek mertlikmidir? * Ýüregiň bardygy ol diňe agyryp başlandan soň duýulýär. * Aýdym-saz syýasata ýugrulsa, inçe sungatlygyny ýitirip, näziklikden gödek bir zada öwülýär. * Her hili ýol bilenem bolsa, durmuşdan gurply ýaşamak tärini gaňryp alyp bilýän tanyşlarymyň agramyna men belet. Olaryň gurýan hilesini, ondan has beterrägini-de söz bilen beýan etmeli bolsa, men olardanam ökde. Emma şol teoriýany durmuşa geçirmeli bolsa welin, men hiç bolýaryn-da galyberýärin. * “Komsomolskaýa prawda” gazýetinde çap bolan testiň degişli sowallaryna jogap bermek ýoly bilen men ýene näçe ýyl ýaşajagymy hasapladym. Hasabyň netijesine görä, eger-de, pajygaly ajala sataşmasam, men 2009-njy ýylda 69 ýaşymda ýogaljak ekenim. Onuň dogry bolmagam münkin. Sebäbi meniň ejemem 69 ýaşap dünýäden ötdi. Diýmek, meniň ýene 12 ýyl ömrüm galypdyr. Men bu barada dili duzly dostum Aşyr Mämiliýewe aýdanymda, ol gaşyny çytdy-da: “Nadýäňaýt myny?!—diýdi. — Sen 2009-njy ýyla çenli biziň gözümüze dürtülip ýaşajak ýörjekmi?” 1997. O.Donowan “Merw” diýen kitabynda Dykma serdaryň Maryda ýaşaýan doganoglanyna (adyny görkezmeýär) häsýetnama berende şeýle ýazýar: “On imel şirokuýu populýarnost kak haramzada” (“Ol haramzada hökmünde uly meşhurlyga eýe bolupdy”). Nähili täsin jümle! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |