10:15 Kyrk ýylda ýazylan kitap -14: Töhmet belasy | |
TÖHMET BELASY
Ýatlamalar
Moskwa şäherinde Türkmenistandaky şu günki syýasaty goldamaýan oppozisionerleriň “Daýanç” ady bilen türkmen dilinde žurnaly çykýardy. Ony, esasanam, Aşgabatda ýaşaýan oppozisionerler çapa taýýarlaýar ekenler. Žurnalda Türkmenistanyň ykdysadyýetine, syýasatyna, medeniýetine degişli, aglaba tankydy materiallar ýerleşdirilýärdi. Onuň iki nomeri meniňem elime düşdi. Sebäbi şol žurnaly çykarýanlaryň biri ozal “Türkmenfilm” kinostudiýasynda hasapçy bolup işlän, soňam Moskwa göçüp gaýdan Jumamyrat Kyýasowy men öňden tanaýardym. Umuman, žurnalyň meniň elime düşen sanlarynda-ha, emosiýa güýçlüräk diýäýmeseň, oppozisiýanyň organy diýip, agyz doldurup aýdar ýaly ýa-da syýasy taýdan howatyrlanar ýaly düýpli material ýokdy. Onda hemmämiziň görüp, bilip ýören kemçilklerimiz, respublikanyň baş ýolbaşçysynyň özüniňem gizläp ýörmeýän nogsanlyklary tankyt edilýärdi. Onuň daşynda şowhun döremeginiň sebäbi bolsa, žurnalyň “oppozision” diýlip çişirilmegindendi. Bolsa-da, kime gabat gelseň: “Daýanjy” okadyňmy?” ýa-da “Daýanjy” ele salyp bolmazmyka?” diýen sowala sataşýardyň. Žurnala dahylly adamlaryň arasynda M.Salamatow diýen, çap eden materiallaryndan çen tutsaň, žurnalistikadan hem ykdysadyýetden gowy baş çykarýan awtory hasap etmeseň, talantly ýazyjynyň, ukyply žurnalistiň ýokdugy mese-mälim bildirip durdy. Kä materiallaryň sözleri, sözlemleri-de ýerbe-ýer däldi. Şonuň üçin bolsa gerek, bir gezek Jumamyrat Kyýasow maňa žurnala redaktor bolmagy hem teklip etdi. Men ol teklibe razy bolmadym. Öz jogabymy bolsa ýazýan zatlarymy, eger olar derekli bolsa, juda az sanly bolup çykýan gizlin žurnalda däl-de, Türkmenistanyň ýa-da Moskwanyň müňläp, millionlap tiraž bilen çykýan gazýet-žurnallarynda hem çap edip bilýändigim bilen delillendirdim. (Dogrudanam, meniň şol döwürlerde “Türkmenistan” gazýetinde çap edilen “Indi biz özbaşdak döwlet” diýen makalam “Daýanç” žurmalynda çap bolýan iň “oppozision” mareriallardan has “dişlidi”) Şonuň bilenem “Daýanjy” çykarýanlar menden özlerine daýanç bolmajakdygyna ymykly göz ýetirdiler. Şeýdibem ol gep gutardy. Emma… Bir gezek komandirowka gelenumde, Aşgabatdaky işlerimi tamamlap, Mara gaýtdym. Obadakam, garaňky düşüberende, iki sany nätanyş adam meni sorap geldi. Olar Marydan Murgaba “ýaşulynyň” (?) tabşyrygy bilen ýörite gaýdandyklaryny aýtdylar. Men olaryň kimdigini, meniň ýanyma näme mesele bilen gelendiklerini soradym. Olar DHK —nyň (KGB) işgärleri bolup çykdylar. Men ertir sagat 19-da Türkmenistan Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniň Mary oblast bölümine çagyrylýardym. Şonuň üçinem olaryň “ýaşyly” diýýänlerini şol edaranyň Mary bölümüniň başlygydyr diýip çakladym. Ýöne KGB-niň meniň bilen näme mesele boýunça gyzyklanýandygyndan welin, oýlana-oýlana, baş çykaryp bilmedim. Meniň ol edara çagyrylmagyma näme sebäp bolup biler? Düzgüni bozamok, milisiýa düşemok, awariýa ýa-da jenaýat edemok, hiç kime bergim ýok, hatda tirýegem çekemok. Şoňa görä-de, öz ýanymdan başga bir netijä geldim: Ol döwürlerde, köp edaralarda ýoň bolşy ýaly, hukuk goraýjy edaralarda-da şahyrlar, ýazyjylar bilen duşuşyklar geçirýärdiler. Bu gezek hem şeýle mesele bardyr öýtdüm. Belkem, ol edara öz işgärleriniň öňünde Ý.Ýewtuşenko, A.Wöznesenskiý, Bulat Okydžawa ýaly şol mahal ürç edilip eserleri okalýan rus şahyrlarynyň çykyş etmeklerini isleýändirler. Şeýle bolsa, ol duşuşygy Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň Moskwadaky wekili bolup işleýän Atajan Taganyň üsti bilen amala aşyrmak aňsat düşjekdi. Ýöne ol mesele bilen obada gezip ýören adamy beýle gyssagly gözlemek nämä derkarka? Belleşilen wagty salgy berlen edara bardym. KGB diýilýän edara men ömrümde ilkinji gezek barýardym. Ol ýerde meniň tanyş-bilşimem, dost-ýarymam işlemeýärdi. Oňa garamazdan, agras jaýyň gapysynda duran iki sany kaşaň geýnen ýigit ozaldan maňa belet tanyşlar ýaly bolup garşyladylar. Aňyrrakdan meni görüp bärik gaýdan başga bir adam bolsa: —Geldiňizmi?—diýip, içgin salamlaşdy. Belkem, toý-tomguda duşuşandyrys-da, ol adamynyň ýüzi maňa tanyşdy. Ýöne adyny, nirede işleýändigini bilmeýärdim. (Soň ol KGB-niň Mary oblast bölüminiň başlygy bolup çykdy.) Ol maňa ýörite garaşyp durana meňzeýärdi. —Ýörüň, ýokaryk çykalyň! Ýaşuly garaşyp oturandyr. “Ýaşuly” diýilýän kimkä?” Ikinji gatdaky “Kabulhananyň” öňünde duran adam hem meniň bilen köne tanyş ýaly ýylgyryp salamlaşdy. ”Bu edaranyň adamlary beýle mylaýym kişilermikä? Bu edaranyň adamlary hakda edilýän howply gürrüňler, okalan kitaplaryň beren maglumatlary myjabatmyka?” Olaryň hemmesiniň alçak hem mylaýym salamlaşyşlaryndan many alsaň-a, meniň bilen hiç hili howply waka bolmaly däl ýalydy. Ýöne şol jaýyň gapysyndan barlanda, her niçigem bolsa, adam birmeme ynjalyksyzlanýar eken. Sebäbi ol jaý barada, ol jaýda işleýän “ümsüm edaranyň” (Şahyr Çary Gurbangylyjowyň dakan lakamy) adamlary barada her hili howply gürrüňler edilýärdi. Asyl KGB-niň jaýynyň gapdalyndan geçip barýarkaňam, näme üçindir, 1937-nji ýyl hökman ýadyňa düşýärdi. Bir gapdaldaky uly gapyny açyp berdiler. —Giriberiň, ýaşuly bardyr! Meniň yzym bilen hiç kim içerik ätlemedi. Goşa gapy daşyndan ýapyldy. Giň kabinetiň töründäki stoluň aňyrsyndan turup gaýdan orta boýly, garaýagyz general –maýor myhmany bilen alçak salamlaşdy, stol başyna çagyrdy. Stoluň üstünde maňa adatdakylardan has uly bolup görnen hum çäýnek, iki sany käse, köke-süýji, kişmiş, maňyz bardy. General iki käsä-de çaý guýansoň, saglyk-amanlyk soraşdy, iş ýagdaýym, döredijiligim bilen gyzyklandy. “Edil meni tanaýan ýaly-aýt!” —Birigün agşamky reýs bilen Aşgabatdan Moskwa uçýandygyňyzam bilýärdik-de, yzyňyzdan gidip ýörmän, şu ýerdekäňiz duşuşaýaly diýdik… Meniň kisämdäki bileti barlap gören ýaly, haçan Moskwa uçýanyma çenli generalyň bilip ýörşüne haýran galdym. Birdenem haýsy edarada oturandygym ýadyma düşende, hemme zat maňa düşnükli bolup galdy. “Meniň haçan nirä gelip, haçan gidýänime çenli şeýle derejede yzarlanýan bolsa, bu ýerde eden çakymdan düýplüräk bir mesele bar bolsa gerek. Diňe moskwaly şahyrlar bilen duşuşyk geçirmek islenýän bolsa, meni beýdip inçeden yzarlap gözlemezdiler. General gaty agrasdy, bolsa-da gürrüňdeşi bilen gaty mylaýymdy, ynandyryjy hem özüne çekiji gürrüň edýärdi. Birdenem ol, ikimiziň ýaşytdygymyzy ýatlap (Älhepus, ýaşytdaşdygymyza çenli bilip ýörşüni!), “siz” diýşip oturman, “saňa” geçmegi teklip etdi. Men ol teklibi goldadym. —Men seň bilen ýaşulynyň tabşyrygy bilen duşuşýan, Atajan… Zol-zol “ýaşuly” sözüniň gaýtalanyp durmagy meni has-da geňirgendirdi. Eger-de, meniň garşymda oturan general Mary oblast KGB-siniň iň ketdesi bolýan bolsa, onuň “ýaşuly” diýýäni hem Mary obkomynyň birinji sekretary G.M.Orazow bolmalydy. Öz ýanymdan bolsa: “Orazow näme sebäbe meniň bilen öz generalynyň kömegi bilen gepleşmelikä? Ýanyna çagyryp bilmedimikä?” diýen sowala jogap agtarýardym. Men onuň bilen hälimi-şindu duşuşýardym ahyryn. Görüp otursam, general-maýor-a Türkmenistanyň Howpsuzlyk Komitetiniň başlygy Saparmyrat Seýidow, “ýaşuly” diýilýän-de Prezdent Saparmyrat Nyýazow eken. Şol günüň ertesi Mary bilen Çärjewiň serhedinde goňşokara dabarasy geçirilýärdi. Prezident hem şol dabara gatnaşmak üçin Mara gelipdi. Bir käse çaý içilensoň, general Seýidowyň meni näme üçin çagyrandygynyň syry açylyp başlady. —Atajan, sen “Daýanç” žurnalynyň çykýandygyndan habarlymyň? —Habarly. Iki nomerini okapdymam. —Žurnal bilen nähili gatnaşygyň bar? —Tanyşlygym bolsa-da, döredijilik gatnaşygym ýok. Ol barada ýakynda Prezident Nyýazow bilen duşuşamda, onuň özüne-de aýdypdym. Saňa-da žurnal baradaky pikirimi aýdyp biljek… Oýlanyp görseň, ”Daýanjy” bir ýa-da iki adam çapa taýynlap hem çykaryp bilmeli däldi. Ol çeperçilik taýdan gowy bezelýän, gymmat kagyza çap edilýän galyň žurnaldy. Belki-de, awtorlara gonorar hem berlendir. Onuň çykdajysy birki sany adaty gazançly adamyň kisesiniň götererinden agyr bolmalydy. Şonuň üçinem ol žurnalyň “arkasynda” bir topar pulmesi adam ýa-da gurply edara durmalydy. Meniň çakyma görä, žurnalyň köki Aşgabadyň “çeşmelerinden” suw içmelidi, Moskwa bolsa onuň diňe “gara işini” amala aşyrmalydy. Meniň “Daýanç” baradaky pikirimi diňlän general: —Sen Jumamyrat Kyýasowy tanaýaňmy?—diýip sorady. Bu ýerde ýalan sözlemegiň ýa-da mekirlik eden bolmagyň zerurlygam, hajatam ýokdy. Şonuň üçinem men Jumamyrat Kyýasowy gowy tanaýandygymy aýtdym. —Ol nähili adam? —Gödegräk, gönümel, mert. Ykdysadyýetden oňat baş çykarýan, sowatly adam. —Saňa bolan garaýşy nähili? —Erbetdir öýdemok. Saçakly gatnaşygymyz bolmasa-da, birek-biregi sylaýas. Esli oýlanyp oturan general şeýle diýdi: —Biziň Moskwadaky ilçimiz Nyýazgylyç Nurgylyjow Jumamyrady huzuryna çagyryp, onuň öňünde “Daýanç” jurnalynyň çykmagyny togtatmak meselesini goýupdyr. Şonda ol: “Eger ýazyjy Atajan Tagan žurnaly ýatyrmaly diýse ýatyrarys, bolmasa-da žurnal çykar” diýipdir. Asla garaşylmadyk habar meni aňk etdi. —Beýle gep bolan däldir, Saparmyrat Seýidowiç… —Näme üçin? —Birinjiden-ä, meniň ol žurnala hiç hili dahylym ýok. Ikinjidenem, Jumamyrat Kyýasow beýle bigaýrat adam bolmaly däl. Ol men ýaly sylaşýanyna-ha däl, duşmanyna-da töhmet atmaz. Bu ýerde başga bir düşnüksizlik bolmaly. General aýdanlaryma ynandymy-ynanmadymy (çaky ynanmadyk ýaly), meni bu ýere çagyrmakdan esasy maksadyny açyk beýan etdi. —Ol ikinji mesele. Jumamyrat, belkem, gowy adamdyr. Ýöne biziň senden ullakan haýyşymyz bar. —Aýt. —Aýtsam, sen şol žurnalyň ýatyrylmagyna ýardam etmeli. —!? —Ýaşulymyzyň haýyşy şeýle. Ol haýyş edensoň, senem eliňden, diliňden gelýänini gaýgyrma. Men žurnala degişli hiç hili “gowşak damarymyň” ýoklugy sebäpli arkaýyn gepledim. —Şeýle derejede haýyş edilýän bolsa, gepime-de gulak asyljak bolsa, men synanyşyp göreýin. —Synanyşmaly däl, Atajan, gaty çynyň bilen ýapyşmaly. Ýaşuly ony zerur mesele hasaplaýar… Biz Moskwadaky ilçimiz bilen maslahatlaşdyk. Moskwa baran badyňa ol senem, Jumamyradam tapar. Gürleşiň. Şol žurnal çykmasa, gowy boljak… General meniň bilen gadyrly hoşlaşdy, haýyşynyň zerurdygyny ýene bir gezek tekrarlap, elimi berk gysdy. Daşaryk çykanymda garaňky düşüp giden eken. Men maşynyň ruluna ýapyşsamam, hanja sürjegimi bilmedim. “Jumamyrat Kyýasow şeýle namart adam bolup çykdymyka? Ol näme üçin meni žurnally meselesine goşýarka? Ýa-da ony satyn aldylarmyka? Ýa ol hem “ümsüm edaranyň” hyzmatçysymyka? Maňa töhmet atmak bilen onuň özi ýa-da töhmet atdyrýanlar näme utuş gazanjakkalar? Ýa bu ýerde biziň kellämize-de gelmejek başga bir syr barmyka? Men näme üçin general Seýidowa “Göni şu ýerden Moskwa, Jumamyradyň öýüne jaň edip, meseläni çöp döwlen ýaly edeli” diýmedim?” Şulara meňzeş sowallar beýnimde at saldy. Bu garaşylmadyk hem geň täzelik barada kimdir biri bilen pikir alyşmagy ýüregime düwdüm. Şonuň üçinem tanyş edaralaryň biriniň garawulhanasyna bardym-da Mary obkomynyň birinji sekretary G.M.Orazowyň öýüne jaň etdim. G.M.Orazow meni kän mahal (Aşgabadyň etegindäki sowhozlaryň birinde agronom bolup işlän döwürlerinden) bäri tanaýardy. Moskwa komandirowka baranda-da, her gezek çaý başynda duşuşýardyk. Ikiçäk duşuşyklarda syýasat, medeniýet, ykdysadyýet hakda kän gürrüň edilýärdi. Ol soňky mahallarda dile dolan “Daýanç” žurnaly hakda-da, meniň oňa hiç hili dahylymyň ýokdugyny-da aýdyň bilýärdi. Şonuň üçinem meniň “habarymy” diňlän G.M.Orazow gysga jogap gaýtardy. —Sen olara “Arabaňyzy başga ýerden sürüň!” diý. Elbetde, “ümsüm edaranyň” ýolbaşçysyna beýle jogap gaýtaryp bolmajakdygyna G.Orazow menden gowy düşünýärdi. Onuň jogabynyň beýle “joşgunly” bolmagy maňa ýöňkelýän günäniň töhmetdigine gaty ynanýandygy bilen baglydy. Men Moskwa dolanyp bardym. Ýagdaý edil general Seýidowyň aýdyşy ýaly hem boldy, öýdäkiler ilçiniň telim gezek jaň edendigini aýtdylar. Kän nahal geçmänkä-de Nurgylyjow jaň etdi. Ol esasy gürrüňi aýtmanka-da, men ýagdaýdan habarlydygymy duýduryp hoşlaşdym, ertir belleşilen mahaly ilçihana barmaga wada berdim. Ilçi maňa gaty garaşýandygyny ýene bir gezek aýdyp, ähli işleri soňa goýmalydygyny haýyş etdi. Men özümiň beýle gerekli adam bolandygyma geň galdym. Žurnala düýpden dahylsyzkam, ony başga-başga adamlar çykarýarka, özüm bilen beýle ýokary derejde, hatda Prezidentiň adyndan gepleşilip ýörülmeginiň sebäbine düşünip bilmeýärdim. Telefonda Jumamyrat Kyýasowy tapyp, onuň adyndan maňa ýetirilen habary aýtdym. Ol ör-gökden geldi-de: —Şeýle derejede namart adamlaram barmyka?!—diýdi. —Eger seň aýdýanyň hakykat bolsa, ilçi namartlaýa (Onuň “namartlaýar” söze derek gaty gödek söz aýdanyny hem ýatladaýyn. —A.T.) Bu ýerde başga-başga “oýun” bar bolaýmasa. Umuman, Nurgylyjow diýilýän pes adam öz maýdaja bähidi üçin bigünä adamy türmä salmaga-da taýyndyr diýýädiler welin… Onuň aferist adamdygy çyn bolup çykdy… Jumamyradyň aýtmagyna görä, ilçi ony žurnaly ýatyrmak meselesi bilen ýanyna çagyranda: “Daýanç” žurnaly Türkmenistana hyýanatçylykly hiç zat çap edenok. Eger sen-ä ilçi hökmünde, şu ýerde ýaşaýan, SSSR Ýazyjylar soýuzynda konsultant bolup işleýän Atajan Tagan hem professional ýazyjy hökmünde žurnalyň hemme sanyny okap, biziň respublika hyýanatçylykly material çap edýändigimizi boýnumyza goýup bilseňiz, žurnal ýatyrylar, bolmasa-da çykar” diýipdir. Men Jumamyradyň galp sözlemejegine ynanýardym. Ilçi Nurgylyjow Jumamyradyň jogabyny Aşgabada ýetirende jogapdan öz adyny (“Garaja öýden daşrak!”) aýryp, žurnalyň çykyp-çykmazlyk meselesini diňe Atajan Taganyň ady bilen baglapdyr. Şeýle hem ol meni SSSP Ýazyjylar soýuzynyň däl-de, “Daýanç” žurnalynyň konsultanty hökmünde görkezipdir. Indi meniň KGB-niň başlygy derejesine çenli çagyrylyp ýörmegimiň manysy düşnükli boldy. ”Daýanjy” çykarýanlaryň arasynda diňe bir “bozgak oppozisionerjikler” däl-de, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň Prawleniýesiniň jogapkär işgäri hem bar eken. Bu bolsa meniň agramymyň nähilidigine garamazdan, işleýän abraýly edaramyň agramy bilen baglanyşýardy. Şeýlelikde, onuň uly syýasy aheňe ýazyp ötägitmegi-de ahmaldy. Aşgabady, ýagny KGB-ni biynjalyk edýän zat meseläniň şol tarapy bolmalydy. Men ilçihana baranymda, Jumamyrat entek gelmän eken. Ilçi meni ýylgyryp kabul etse-de, men onuň keýpini bozmaly boldum. Jumamyradyň diýmedik, asla diýip-de bilmejek gepi barada aýtdym. —Beýle gepi saňa kim aýtdy?—diýende, asly söwda işgäri Nurgylyjowyň diplomatyňky däl-de, gülkünç komediýada ýoldaşyny aldaýan komigiň gözüne meňzeş gözleri mekir oýnaklady. —General Seýidow aýtdy. Nurgylyjow meni general Seýidowyň çagyrmagyna, açyk gürrüň etjegine, öz adynyňam tutuljagyna asla garaşman eken. Ol biraz aljyrajak ýaly etdi-de: —Aý, general diýýäniňem Sapbydyr-da!—diýip, elini silkip goýberdi. —Men-ä KGB bilen gepleşemogam. Jumamyradam maňa beýle zady diýenok. Aýdylany Aşgabatda ýoýandyrlar-da… Gepiň ýoýluş nokady indi Moskwadan Aşgabada göçüm etdi. Şonluk bilenem ol “gep” häzirlikçe “ýapyldy” hasaplandy. Bu hem meniň her hili maýda, syrty görnüp duran mekirlik edýän, dili töhmet palçygyndan eýlenen adamlara-da sadalyk bilen ynanýandygymdan gelip çykýar. Ýogsam men, iň bolmanda, N.Hurgylyjowa: “Beýle bolsa, sen general Seýidowa jaň et-de, edil şeýle gepi aýtmandygyňy habar ber” diýmelidim. Şony şeýtmese-de, Jumamyrat Kyýasowy “yrmak” meselesine özümiň goşulmajakdygymy tekrarlamalydym. Goşulmaly hem däldim. Iň beterem, men “ilçi” adyny göterýän, uly derejäni eýeleýän adamlar gep “çakyşdyrýandyr” öýdüp, asla pikirem etmeýärdim. Onsoňam, hut Prezidentiň adyndan meniň kömegim soralýan işde gyra çekilmegi gelşiksiz hasaplaýardym. Üstesine-de, şol wakanyň öň ýanynda prezudent S.A.Nyýazow meni öz kabinetinde kabul etdi, ýürekden gürleşdi. Ol meniň Türkmenistana dolanyp gelmek islegimi kanagatlandyrdy. Prezidentiň adama hyýanatsyz, zelelsiz haýyşyna ýardam etmezligim ony äsgermezlik boljakdy. Şol pikirimde-de durdum. Ýogsam men “Arabaňyzy daşda sürüň” diýip bilmesemem, başga bir ýol tapyp, ol “oýunda” oýnamazdym. Ilçi N.Nurgylyjow ikimiz birleşip, tutuş bir sagadyň dowamynda J.Kyýasow bilen “çekeleşme” geçirdik, ýalbarma ýalbardyk. Ilçi oňa kommersiýa işinde näme kömek gerek bolsa, döwlet derejesinde ýardam etjekdigini ynandyrdy. Men hem Jumamyrat nähili eser ýazsa, redaktirläp, timarlap, Türkmenistanyň gazýet-žurnallarynda çap edilmeginiň ýollaryny arçamaklyga wada berdim. Netijede hemme zat gülala-güllük boldy. Jumamyrat Kyýasow “Daýanç” žurnalynyň çykmagynyň togtadyljakdyny aýtdy. Şeýlelikde, Prezident derejesinde edilen haýyş bitirildi. Jumamyrat kabinetden çykandan soň, ilçi meniň ýüzüme garap: —Uly iş bitirdik, gardaş!—diýip, göwni hoş ýylgyrdy. —Men hut şy günüň özünde Prezidente-de jaň edip, ikimiziň hereketimiziň netijesini aýdaryn. Birki hepdeden Aşgabada komandirowka gelenimde, Türkmenobahyzmat korporasiýasynyň başlygy Gulnazar Agaýewiň edarasyna salama bardym. Ol meni gördi-de, keýpden gaçdy. Hemişe gara gadyr görüşýän adam bu gezek elini-de göwünli-göwünsiz uzatdy. —Biz-ä indi seň bilen salamlaşmaga-da gorkýas… Men entek hiç zatdan habarsyz bolamsoň, degişmegi halaýan Gulnazar oýun edýändir öýtdüm. Ýok, onuň gara çyny eken. Ol bolan wakany aýdanda, men Gulnazardanam, özümdenem, gaýybana bolsa-da, Prezidentdenem utandym. Asyl ilçi Nurgylyjow Preziždente jaň edende, “Daýanç” jurnalyny çykarýan Atajan Tagan bilen onuň kömekçisi Kyýasowy kabinetimde ýüzleşdirip, žurnaly çykmaz ýaly etdim” diýip, maglumat beripdir. Gulnazar Agaýew iş bilen huzuryna baranda, gahar-gazaba dolan Prezident oňa: “Sen Atajan Tagan ýaly ýazyjy bilen tirkeşýäň. Ol bolsa meniň syýasatymyň garşysyna, Türkmenistanyň garşysyna Moskwada çykýan žurnala konsultantlyk edýär” diýipdir. Žurnaldanam habarly, meni hem gowy tanaýan G.Agaýew “A.Taganyň ol žurnala hiç hili dahylynyň ýokdugyny” subut etjek bolanda, Prezident ony geplemäge-de goýmandyr. “Sen onuň tarapyny çaljak bolma. Atajan bilen Kyýasow Moskwada ilçihanada ýüzleşdirildi. Kyýasow ony geplemez ýaly edipdir—diýip, Prezident gaharly gepläpdir. —Menem ozal ynanmaýardym…” Şondan soň G.Agaýew dili tutulan ýaly bolup, huzurdan çykyp gaýdypdyr. Moskwa baranymdan soň, men bu bolan geň wakany aýdyňlaşdyrmak üçin ilçi Nurgylyjow bilen görüşdim. Ol maňa “Nä Prezidente menden başga gep eltýän ýokdur öýtdüňmi?” diýen jogap gaýtarmak bilen çäklendi. Ebetde, Prezidente kimdir biriniň (diňe biriniňem däl) gep eltýändigini bilýäris. Şol bir mahalyň özünde-de “gep eltýän” adamlaryň bigaýratdan ejizine-de gabat gelýäris. Şeýle hem Prezident “A.Tagan bilen J.Kyýasow Moskwada ýüzleşdirildi” diýýän bolsa, bizi Moskwada “ýüzleşdiren” (!?) H.Nurgylyjowdy. Bu meselede general Seýidowda-da, Prezident Nyýazowda-da, Jumamyrat Kyýasowda-da hiç hili günä bar hasap etmeýärin. Bu ýerde diňe zandy, maksady-niýeti ýaramaz Nurgylyjow günäkär. Nyýazgylyç Nurgylyjowyň eden şol galp hem namart hereketi Türkmenistanda meniň kitaplarymyň çykmagynyň, gazýet-jurnallarda zadymyň, adymyň çap edilmeginiň gadagan bolmagyna, Prezidentiň men baradaky oňat pikiriniň üýtgemegine getirdi. Elbetde, beýle-beýle namartlyklar durmuşda kän bolandyr. Ýöne N.Nurgylyjow diýilýän adama eden etmişi üçin Hudaý diňe o dünýäde däl, şu dünýäde hem hökman göz görkezer. Men Hudaýa-da, Onuň şeýtjegine-de halys ýürekden ynanýaryn, şol pursata garaşýaryn. Sebäbi nähak, ýersiz, onda-da bilkastlaýyn, namartlyk bilen urlan taýak üçin, ozal-ahyr garaw bolaýmaly. Ol tebigatyň, ýaşaýşyň kanuny, adalatyň talaby. 1994. Medeniýet ministrligi tarapyndan kabul edilip, Marynyň Kemine adyndaky teatrynda repetisiýasy başlanan “Millioneriň aýaly” diýen komediýam “ýokardan” gelen görkezme esasynda togtadyldy. 10. 05. 96. 13-nji maýda Saragt-Maşat demirýoly açyldy. Bu, elbetde, ägirt uly taryhy hem syýasy waka. Men şol senä bagyşlap, “Alamançylyk ýolundan adamçylyk ýoluna” diýen makala ýazyp, ”Türkmenistan” gazetine hödürledim. Gazetiň baş redaktory K.Ylýasow makalany okansoň, meni ýanyna çagyryp: “Makala tüýs bize gerek material welin, O.Aýdogdyýewiň (Ministrler Kabinetiniň başlygynyñ orunbasary. –A.T.) rugsady bolmasa, seniň zadyňy çap edip bilemzok, sen bizden gaty görme hem meni sataýma!” diýdi. 14.05.96. * 2-nji maýda Prezident Nyýazow döredijilik işgärleri bilen duşuşyk geçirdi. Ýazýan adamlaryň köpüsi ol ýygnaga çagyrylmady. Sebäbi Prezident diňe “Halk ýazyjylary” bilen duşuşmaly edipdir. Okyjylaram diňe “halk ýazyjysy” diýen ady bar awtorlaryň eserlerini okamalymyka? 1996. * Döwlet ýolbaşçylary-da hil-hil bolýarlar. Ýöne olaryň iň zalymlary-da kitap okaýar ekenler. Iosif Stalini çagalygyndan tanan adamlaryň, hatda ony örän ýigrenýän döwürdeşleriniňem ýatlamalarynda “Sosanyň kitaphondygy” bellenýär. Hatda ol satyn almaga puly bolmany üçin, kitap dükanlarynda oturup hem kitap okaýar eken. Men “Bagration” romanynyň awtory A.Sidorowyň ýatlamalarynda şeýle bir epizoda gabat geldim. Ýazyjy bir alada bilen “Prawda” gazetiniň redaksiýasyna baranda, ol ýerde işleýän tanyşlarynyň biri: “Üç-dört günlükde bir adam seni sorap redaksiýa jaň etdi hem telefonynyň nomerini aýtdy. Jaň edersiň-dä” diýýär. Sidorow kagyzy jübüsine salsa-da, jaň etmegi unudyp, redaksiýadan çykyp gidýär. Bir hepde-on günden soň ýazyjy ýene redaksiýa gelýär. Köne tanşy bir bölejik kagyzy uzadyp: “Şol adam ýene seň jaň etmegiňi sorady” diýýär. Kagyzy jübüsine salyp giden Sidorow, birnäçe gün geçensoň, köçeden barýarka, şol kagyzy ýatlap, telegon-awtomatyň kabinasyna girýär-de, görkezilen nomere jaň edýär. Ol özüniň ýazyjy Sidorowdygyny aýdyp, kimdir biriniň şu telefona jaň etmegi sorandygyny ýatladýar welin, trubkany göteren adam: —Ýekeje minut garaşyň! Ol häzir siz bilen gepleşer—diýýär. —Siz ýazyjy Sidorowmy?—diýen rusça çalgyrdrak gepläniň tanyş sesini eşiden ýazyjy doňup galýar. Sidorow sandyraýan sesi bilen: —Men sizi diňleýän, ýoldaş Stalin!—diýmäge ýetişýär. I.W.Stalin howlukman, geplemäge başlaýar: —Men siziň “Bagration” diýen romanyňyzy okadym, ýoldaş Sidorow. Örän ajaýyp kitap. Ýöne meniň ol kitap boýunça 16 sany belligim bar. Hany, galam-kagyzyňyzy alyň! Köçede telefona nobata duran adamlar bolsa budkanyň aýnasyny kakyp, ýazyjyny gyssamaga başlaýarlar. —Aýnany kakýarlar, ýoldaş Stalin. Meň wagtym gutardy. Men köçeden jaň edýän, ýoldaş Stalin. —O näme üçin siz köçeden jaň edýäňiz? —Öýümde telefonym ýok, ýoldaş Stalin… Şol mahalam telefona nobata duranlardan gyzmarak biri kabinanyň gapysyny açyp, hapa sögünýär hem ryçagy basyp, gepleşigiň arasyny bölýär. “Indi Stalin meni atdyrar ýa-da sürgün eder” diýen howply aladany başyndan çykaryp bilmedik ýazyjy zordan öýüne gelýär, maşgalasy bilen hoşlaşmaga taýynlanýar. Şol mahalam gapy kakylýar. Bosagada goltuklary simli hem telefon apparatly iki sany adam peýda bolýar. —Şu ýazyjy Sidorowyň öýümi? —Hawa. Näme hyzmat? —Başlyklar siziň öýüňizde derrew telefon goýmaly diýip buýruk berdiler. Tiz wagtyň içinde öýi telefonly bolan ýazyjy Staline jaň edip, ötünç soraýar-da, galam-kagyzynyň taýyndygyny aýdýar. Stalin bolsa onuň romanyna eden 16 sany belligini okuwça diktant ýazdyrýan ýaly howlukman aýdyp berýär. Ýazyjy Sidorowyň ýatlamagyna görä, edilen bellikleriň hemmesi-de ýerlikli hem örän peýdaly bolup çykýar. Men M.G.Gapurowyň ýa-da S.A.Nyýazowyň haýsydyr bir näbelliräk (bellisiniňem) türkmen ýazyjysyny, kitabyny okap, ol barada öz pikirini aýtmak üçin telim gezek jaň edip gözlejekdigini göz öňüne getirip bilemok. Birinjiden-ä, bizde döwlet derejesindäki aňly ýolbaşçynyň ünsüni çekäýjek eser ýok. Ikinjidenem, agramly esere döwlet ýolbaşçysy derejesinde baha berjek ýolbaşçy ýok. Iki tarapy-da biri-birine gaty mynasyp. 15.06.90. Moskwanyň etegindäki Borodino meýdanynda rus-fransuz goşunlarynyň 1812-nji ýyldaky söweşde esasy çaknyşan ýerinde ruslaryňam, fransuzlaryňam wepat bolanlaryna ýadygärlik dikeldilipdir. Her ýadygärligiň üstünde-de ganatlaryny gerip oturan bürgüt bar. Fransuz esgerlerine goýlan ýadygärligiň ýüzüne rusça hem fransuzça: “Beýik goşunyň merhumlaryna” diýlip ýazylypdyr. Şeýle ýazgyly ýadygärligiň ýeňiş eýesi bolan rus topragynda bolmagy tasin hem adamçylyk nyşany. Duşmana hormat goýmagy başarmagam mertligiň alamaty. Maý, 1966. Men bir türkmen ýazyjysyny tanaýaryn. Onuň öýüniň diwarlary-da diňe kitap bilen bezelen. Ol “Kän okaýar” diýdirmek üçin ýygnaklara-da, hatda teatra-da eli kitaply barýar. Emma ol ýeke kitaby-da doly okan adam däl. Kitap barada öz pikiri-de ýok. Ýöne onda B.Hudaýnazarowyňky ýaly mertligem ýok. * Deňsizlik hiç mahal ýitip gitjek zat däl bolsa gerek. Aşgabadyň, Marynyň koçelerinden haýdaşyp barýan arkalary haltaly pukara adamlary göreniňde ýüregiň gyýylýar, hor-homsy çagalar oýlandyrýar. Olaryň gapdalyndan gymmatbaha çet ýurt awtomobillerinde gaýşarylyşyp geçip gidýänler bolsa: “Siziňem-ä akyl-huşuňyz, Watan öňündäki hyzmatyňyz garyplaryňkydan zyýat däl bolsa gerek” diýen pikir oýarýar. * Şu gün, 16-njy maýda döredijilik hem medeniýet işgärleriniň 80 adamdan ybarat delegasiýasy H.Diwangulyýewiň ýolbaşçylygynda Eýrana, Magtymgulynyň mazaryna zyýarata gitdi. Olaryň arasynda Magtymgulynyň ýeke setirini bilmeýän, asyl kitabyny açyp görmedikler-de bar diýýärler. Üçünji-dördünji gezek gidýänlerem barmyşyn. Olaryň käbirleri, aýtmaklaryna görä, Eýrandan maýda-çüýde haryt getirip, bu ýerde gymmadrak satýarmyşlar. Magtymgulynyň döredijiliginiň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýören, tapylgysyz arhiwçi alym Tejen Nepesow 50 ýyl bäri Magtymgulynyň mazaryna sežde etmegiň arzuwy bilen ýaşap ýör. Emma Eýrana gidişlik bolanda Tejen Nepesowy diridirem öýdenoklar. Ýogsam gidýän toparyň kethudasy Tejen Nepesiň bardygyny, kimdigini, Magtymguly üçin abyrsyz zähmet çekendigini gaty oňat bilýän Hudaýberdi Diwangulyýew ol biçäräni ýatlaýmaly ýaly welin… 1996. * Özi dirikä eserleri gaty kynlyk bilen çap edilen “Ussat we Margarita”, “It ýüregi” diýen dünýä belli romanlaryň awtory Mihail Bulgakow ýanalmakdan ýaňa halys ýadapdyr-da, I.W.Stalin hakynda pýesa ýazypdyr. Eser, golýazmany okan Staliniň özüne-de ýarapdyr. Emma onuň sahnada goýulmagyny goldamandyr. Şeýlelikde, uly ýazyjynyň ýanalmakdan dynmak arzuwy hasyl bolmandyr. * Aşyr Mämiliýew bilen duşuşdym. Ol meniň “Annagül” diýen hekaýamyň golýazmasyny okady. Onuň dogry bellemegine görä, hekaýada ýasama epizodlar bar. Hekaýany täzeden işlemeli, gysgaltmaly. Şol duşuşykda kino ministri A.Mämilýew meniň Türkmenistanda çapdan saklanan “Keseki” romanym esasynda ýazan senarimi moskwaly kinoçylaryň halaýandygyny aýtdy. Olarda senarini fransuzlar bilen bilelikde ekranlaşdyrmak meýli hem bar ýalymyş. Bu gowy täzelik. Ýöne Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ol maksady amala aşyrtmajak bolup ellerinden gelenini etjekdikleri welin görnüp duran könelik. Awgust, 1996. * Magtymgulynyň Aşgabatdaky ýadygärliginiň öňünde ýaşu-garry şahyrlar goşgy okadylar. Üns berip diňledim. Göwnüme bolmasa, türkmen şahyrlary “pagtabent” goşgy ýazmak ýoluna düşen ýaly. 19.05.96. Hiç zada höwes ýok. Ýary ýazylan powestimem “ýöränok”. Hiç kimiň hiç kim bilen işi ýok, hiç kim hiç kimiň aladasyny etmeýär. Döredijilik adamlarynyň arasynda-da gatnaşyk togtady. Telewideniýäni görer, diňlär ýaly däl. Asla gerek däl ýerinde-de “Hawa” diýlip başlanýan boş sözlemler gaharyňy getirýär. 20.08.96. Ýazyjy haýsydyr bir partiýa ýa-da topara gulluk etmeli däl. Ol haýsydyr bir “Partiýanyň ýa-da toparyň bähbidini aramak üçin şoňa goşulýaryn” diýse ynanmaň. Topara, partiýa goşulýan ýazyjy toparyň ýa-da partiýanyň bähbidini araman, diňe öz şahsy bähbidini araýandyr. Hakyky ýazyjy diňe hakyky durmuşyň tarapynda bolmaly. ”Partiýalaýyn edebiýat” diýilýän edebiýat ikiýüzlüligiň nusgasydyr. * Artistler, aýdymçylar ile medeniýet öwretmeli. Emma türkmen aýdymçylarynyň käbiri tomaşaçylara ýeňillik, medeniýetsiz bolmaklygy öwredýär. Mysal üçin Leýla Şadurdyýewa diýilýän aýdymçynyň sahnada edýän hereketleri gaty ýerliksiz. Ol aýdýan aýdymynyň tekstindäki manyny eli bilen öz bedeninde-de görkezmäge çalyşýar. Tekstde “göz” diýilse, ol öz gözüni, “bil” diýilse, öz bilini, “ýürek” diýilse, öz döşüni, “gaş” diýilse, öz gaşyny görkezýär. Aýdym aýdylyp durka artiste gül gowşurmak ýa-da el çarpmak gelşiksiz bolsa-da, bizde aýdymça gül gowşurýan tomaşaçylaryň päsgel bermeginden ýaňa aýdymy nähili diňläniňi-de bilip bolanok. Umyman, aýdymça gül gowşurmak dünýäniň iki sany uly ýurdunda—Russiýa bilen Ýaponiýada ýörgünli. Hatda aýdym-sazyň Watany hasaplanýan Italiýada-da beýle däp ösen däl. Biz bolsak, aýdym aýdylyp duran mahaly-da elimiz gülli sahna çykyp, ilata ters görelde görkezip, aýdymça hormat goýmaýandygymyzy, aýdym diňlemegi başarmaýandygymyzy äşgär edýäris. 1995. Tejen Nepesow bilen duşuşdym. Ol maňa: “Sen akmak. Seňki ýaly mümkinçiligim bolsa, men Türkmenistanda ýeke gün hem ýaşamazdym—diýdi. —Seni hemme tarapdan gysýarlar. Özüňçe ýoklara sylag-serpaý ýapylýar, seni bolsa ýanaýarlar. Başga ýurtlarda näçe, nähili dost-ýarlaryň barka…” Ýok. Tejen Nepes ýalňyşýar hasaplaýaryn. Dogry, meniň Russiýadaky ýagdaýym bilen Türkmenistandaky ýagdaýymyň parhy ýer bilen gögüň arasy ýaly tapawutly. Men öz Watanymda Watansyz ýaly, hiç kim. Maňa radioda, telewideniýede, köpçülik öňünde çykyş etmek gadagan. Hudaýa şükür, dost-ýarlaryň toýlarynda birki agyz gutlag sözüni aýtmagy-ha entek gadagan edenoklar. Dogry, eger men islesem, Russiýada, Täjigistanda, Özbegistanda, Azerbaýjanda-da özüme orun tapardym. Ýöne men şu ýowuz topragy çyn ýürekden halaýaryn. Şonuň üçinem “Türkmenistana gelmek bilen uly ýalňyş goýberdiň” diýýän tanyşlarymyň pikirini uly ýalňyşlyk hasaplaýaryn. 21.05.96. Şu gün meni Medeniýet ministrligine çagyryp, ýatyrylanam bolsa, “Millioneriň aýaly” komediýamyň gonoraryny berdiler. 130 müň manat! Bazarda bolsa etiň bir kilogramy 5 müň manat. 3.06.96. Birki gün bäri gazetler, radio, telewideniýe Murgapda 15 kilogram bugdaý ogurlan adam barada goh baryny turuzýar. Belkem, ol adam çagajyklary aç oturansoň ogurlyk etmäge mejbur bolandyr. Elbetde, men onuň hereketini aklamak islämok. Ýöne millionlarça dollar ogurlap, bir şäherde dört-bäş sany kaşaň jaý salyp, döwleti ütüp ýören ýolbaşçylarymyz barka, mätäç bolup 15 kilogram bugdaý ogurlan adamyň töwereginde döwlet syýasaty derejesinde goh turuzmak gelşikli zatmyka? 8.06.96. Türkmenistanyň gimniniň tekstini ýazmaga bäsleşik yglan edilenden soň ömür goşgy ýazmadyk adamlaram galama ýapyşdylar. Meniň prozaçy dostum Hojanepes Meläýew hem bir goşgy ýazyp, ony Hudaýberdi Diwangulyýewe okamaga beripdir. Onuň stolunyň üstünde ýatan goşgyny ozal okan biri: —Hojanepesiň goşgusyny okadyňmy?—diýipdir. —Nähili gördüň? —Hiç hili. —Iň bolmanda, gaharyňam getirmedimi? —Dogrymy aýtsam, şu goşgy-ha meniň hiç zadymy-da getirmedi. 10.06.96. Biz köp zada öz degerli bahamyzy bermeýäris. Halk döredijiligi diýilýän žanr hem şoňa girýär. Halkyň adyna ýöňkäp, okyja hödürlenýän, eserler, köplenç manysyz, logikasyz, boş setirler. Onlarça mysaldan birini getireýin: Galanyň düýbünde bir gawun iýdim, Etini iýdim-de, paçagny goýdum. Eýesi gelende gözüni oýdum, Elinde ýaglygy ýelpeselendi — Üns beriň! Näbelli awtor aýtmanda-da, gawunyň paçagynyň iýilmeýäni belli zat. Ony-ha hiç diýeliň welin, bir biçäräniň azap çekip ýetişdiren gawununy özünden birugsat (ogurlyk bolýar) iýip, özi gelende-de, ötünç sorap minnetdarlyk aýtmaga derek gözüni oýmak nämekä? Şu ters pikirde okyja, diňleýjä hödürlär ýaly näme bar? Ol diňe galtamançylygy, zalymlygy ündeýär ahyryn. “Halk” döredijiliginiň şular ýaly nusgasyny kitaba salyp, ýene halka hödürleýän redaktorlar, özleri hem halkyň wekili hökmünde, iň bolmanda, “Eýesi gelende gözüni oýduma” derek “Eýesi gelende “Sag bolsun!” diýdim” ýaly setir goşaýsalar bolmaýarmyka? * Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary O.Aýdogdyýew huzuryna çagyranda, şol bölümiň işgäri Akmyrat Muhadow (belkem başlygynyň tabşyrygy bilen) meni daşarda garşylap, ýokaryk alyp gitdi. Ol meniň döredijilik, durmuş meseläm, näme üçin bu edara çagyrylanymdan habarly bolarly, gidip barýarkak: —Atajan aga, sizem öz bähbidiňiz üçin “Doňuza daýy” diýäýmeli ahyryn—diýdi. —Doňuza daýy diýmek üçin özüňem doňzuň ýegeni bolmaly ahyryn. Seniň özüň “Doňuz ýegen” bolmaga razymyň? A.Muhadow jogap gaýtarman ýüzüme seretdi. * Düýn Mopassanyň “Pyşka” diýen hekaýalar ýygyndysyny gaýtadan elime aldym. Biz dagy çeper eser ýazýandyrys öýdüp pikirem etmeli däl welin… 17.06.96. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |