11:24 Kyrk ýylda ýazylan kitap -15: Kaddafiniň myhmanlary | |
KADDAFINIŇ MYHMANLARY
Ýatlamalar
1991-nji ýylyň aýagynda Moskwanyň “Progress” neşirýaty maňa Liwiýa Sosialistik Arap Halk Respublikasynyň ýolbaşçysy, Liwiýanyň Ähliumumy Halk Kongresiniň Baş sekretary polkownik Muammar Kaddafiniň dünýäniň kän dillerinde çap bolan “Ýaşyl kitabyny” türkmen diline terjime etmek haýyşy bilen ýüz tutdy. Terjime üçin çekiljek zähmetiň tölegi ýokary derejededi. Üstesine, Demirgazyk Afrikada ýerleşýän özboluşly ýurt bolan Liwiýa bir hepdelik gezelenje gitmek mümkinçiligi hem döredilýärdi. Saparyň ähli çykdajysyny-da Liwiýa tarapy öz üstüne alýardy. Ýöne terjimäniň welin bir agyr şerti bardy. Ony bir hepdäniň dowamynda neşirýata tabşyrmalydy. Göwrümi hem uly kitap formatynyň maýda harplar bilen 60 sahypasydy. Terjime etmeli, maşynkadan geçirmeli, redaktirlemeli, ýene maşynkadan geçirmeli. Ony bir hepdede amala aşyrmak mümkin däldi. Dogry, terjimäniň birinji golýazmasynyň garalamasyny maşynka urup boldum etseň, ýetişse-de bolardy. Ýöne düňýä şowhun salan “Ýaşyl kitaby” beýdip harsal terjime etseň, soňunyň “çöpüniň” bolmagam ahmaldy. Şonuň üçinem neşirýatyň ýolbaşçylarynyň razyçylygy bilen SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň dürli dillerde kitap-žurnallar çykarýan bölüminde türkmençä terjimeçi bolup işleýän Orazgylyç Orazmämmedowdan “Ýaşyl kitabyň” ýaryny terjime etmegini haýyş etdim. Iki bolubam terjimäni zordan öz wagtynda tabşyrdyk. Terçimäni haýsydyr bir bize näbelli komissiýa okap, gowy baha beripdir. Bir gün terjimeçilik eden 8 adamyny neşirýata çagyrdylar. Orazgylyja bolsa işleýän edarasy Liwiýa gitmäge rugsat bermändi. Liwiýa çagyrylan terjimeçilere ýolbaşçylyk etmeli adam hemmämiz bilen “düşündiriş” geçirdi. Ol biz Tripolä baranymyzda döwletiň baştutany Muammar Kaddafiniň hut özüniň kabul etjekdigini, iň gowy hem iň gymmatbaha myhmanhanada ýaşajakdygymyzy aýtdy. Şeýle hem ol ýoldaş kitap haýsy halkyň diline terjime edilen bolsa, şol halkyň milli eşigini geýnen gyzyňam terjimeçiniň ýany bilen gitmelididgini habar berdi. “Gök kitaby” gazak diline terjime eden ýigit (Liwiýa baranymyzdan soň ol ýigidiň arap dilini araplaryň özleriçeräk bilýändigi aýan boldy): —Biz size gyzy nireden tapaly? Milli eşigi nireden tapaly?—diýen sowal berdi. Toparyň ýolbaşçysy ýylgyrdy-da: —Bize kyn düşen mesele ökde terjimeçi tapmak meselesi boldy. Gyz tapmak itiň aňsady!—diýdi. —Gyz tapmak, milli eşik tapmak biziň aladamyz. Siz iýip-içip ýurt görseňiz bolýar. —Iýmek-içmege arak-şerap hem girýänmidir? —Ýok, gadyrdan, tä gaýdýançaňyz, arak-şerabyň ysynam almarsyňyz. Ýanyňyz bilen arak almagam maslahat bermeýäris. Sowgat eder ýaly näme alsaňyz alyberiň. Kadadan artyk ýüküňem tölegi biziň boýnumyza. Sowgatlyk zatlara onçakly üns bermeýänim hem alyp gidenlerimi-de baran badyma paýlaşdyrýanym üçin ozal men başga ýurtlarda köp gezek gelşiksiz ýagdaýa uçrap görüpdim. Birden biri saňa sowgat berer, sende bolsa “gaýtargy” ýokdur. Bu gezek oýlanyşykly hereket etmäge çalyşdym. Agşamlyk Mary şäherinde ýaşaýan dostuma jaň etdim-de: “Ertir Hangeçen bazaryna çyk-da, iň saýlamasyndan bir gyrmyzy don, ak telpek, guşak alyp, birigünüň özünde maňa gowşar ýaly et!”- diýdim. Haýyşym aýdylyşy ýaly berjaý edildi. Liwiýä uçmazymyzdan bir güň öň terjimeçileri ýene neşirýata çagyrdylar. Giň jaýa girenimizde agzymyzy açyp galdyk. Hüýr-melekleriň, suw perileriniň, perizatlaryň arasyna düşen ýaly bolduk. Sekiz sany ýaş gyz, geýen eşiklerine görä baha kesseň, SSSR-iň sekiz milletiniň wekilidi. Gyzlaryň hemmesi-de şeýlebir owadandylar welin, olaryň görküni doly beýan eder ýaly söz hem tapyljak däldi. Başy lowurdap duran gupbaly, egni türkmen ketenili, keteniniň üstündenem gözüňi deşip gelýän gyrmyzy çabyt geýnen, örülen gara saçy döşünden goýberilen, uzyndan inçebil türkmen gyzy-ha beýlekilerdenem has owadandy. —Her kim öz milletiniň gyzynyň geýnişini berk synlasyn. Geim-gejimde kemi bar bolsa, “redaktirlesin!”. Toparyň ýolbaşçysynyň sözleri gülkunç bolup ýaňlandy. Gyzlaryň görk-görmegine, eşiklerine dil ýetirseň, diliň kesiläýmelidi. Men “öz gyzymyzy” synlap: —-Sen Aşgabatdan geldiňmi?—diýip, sowal berenimem duýman galdym. “Türkmen gyzy” türkmençä düşünmeýär eken. Ol ýöne ýylgyraýdy. Beýle gözel ýylgyryş hiç bir zenanda ýokdur. Edil ertekilerdäki waspy edilýän perizadyň bar-da. Gündogar klassyklarynyň biri (Hafyz bolsa gerek) görmegeý gözeliň ýaňagyndaky halyna Samarkandy bermäge taýyndygyny ýazypdy. Ýöne Liwiýä gidýän “türkmen gyzynyň” ýaňagynda haly-ha ýokdy welin, onuň bir ýylgyryşyna Samarkandyň üstüne Buharany goşup berseňem azdy. Asyl ol owadan gyzlary respublikalardan çagyrman, Moskwanyň Modalar öýünden saýlap alan ekenler. Ýöne gülkünç ýeri “milli” gyzlar şeýle owadandy welin, olar bilen Liwiýä gitmeli milli ýigitleriň hemmesi bigörkdi. Şol görmegeý gyzlaryň fonunda biz hakyky bolşumyzdanam bigörk bolup görünýärdik. Moskwanyň “Şeremetýewo” aeroportunda, üç ýüz töweregi adam ýerleşýän samolýotyň üstünde ýolagçylaryň hemmesiniň nazary biziň toparymyza gönükdirilendi. Ýaş zenanlar biziň gyzlarymyzyň owadanlygyna aýal gözügidijiligi bilen garasalar, erkekler olary gözleri bilen gujaklaýardylar. Olaryň bize: “Beýle gözel gyzlaryň ýanyndaky sülsatlar nämekä? Gyzlaryň janpenalarymyka?” diýýän bolmaklary-da ahmaldy. Dogrudanam, terjimeçileriň köpüsi (meniň özüm-ä öňi bilen) barmagyňy gymyldatsaň, goluňy goparyp taşlajak goragçy janpenalara meňzemänem durmaýardy. Şu ýerde men terjimeçi “janpenalaryň” ählisiniň sada, ümsüm, ýygra adamlar bolup çykandygyny nygtasym gelýär. Köpüsi-de taýýarlykly, sowatlydy. Hatda gadymy gladiatorlaryň arenasyna syýahata baranymyzda, gazak ýoldaşymyz ekskursiýa gelen araplaryň özlerine arap dilinde düşündiriş bermäge başlady. Ol arapça aýdanlaryny biz üçin hem rus dilnde gaýtalady. Şonda araplar ony biziň toparymyzyň terjimeçisi hasap eden bolmaklary-da mümkin. Liwiýäniň paýtagtynda bize ýokary derejede hyzmat edildi. Ýöne welin, birki gün geçip, ýagdaý bilen öwrenişýänçäk nahara gitmäge ýaýdandyk. Sebäbi mänhet restoranyň bir dulundaky 25-30 adam (ýanymyz bilen baranlary-da hasaplasaň, biz şonçarak hem bardyk) ýerleşýän tegelek stol bize garaşsa-da, ýagdaýymyz ýeňil däldi. Dürli-dümen nahar näçe isleseň, şonça-da getirilýärdri. Emma ilkibada tagamly naharyň tagamyny duýmadyk. Töwerekdäki stollarda oturan araplar (restorana diňe erkekler barýan ýaly aýal görüňmeýärdi) öz öňündäki nahary iýmän, gözleri bilen biziň gyzlarymyzy iýjek bolýardylar. Şol ýakymsyz ýagdaý günde üç gezek gaýtalanýardy. Has beterem agşam nahary mahaly owadan gyzlary görmek üçin ýörite gelendikleri bildirýän, gözleri oýnaklap duran murtluja araplaryň sany köpelýärdi. Üç günläp ýurda syýahat edenimizden soň, agşamlyk Muammar Kaddafi bilen duşuşmalydyk. Ol bizi myhmanhanadaky owadan jaýda kabul etmelidi. Myhmanhananyň içi, daşy, syrdam ýigitlerden doldy. Goragçylar berk taýýarlyk görýärdiler. Ýerli “köpbilmişleriň” aýtmaklaryna görä, polkownik Kaddafiniň ýaşaýan öýüni amerikan awiasiýasy bombalanyndan soň (Bize weýran edilen ol jaýy görkezdiler. Bombalanyşda Kaddafiniň 6-7 ýaşlaryndaky öweý gyzjagazy wepat bolan eken), ýurduň ýolbaşçysy has-da eserdeň goralýardy. Kaddafi peýda boldy. Ol biziň düýe ýüň çäkmenimize çalymdaş bol tikilen, ýasgynjaň alnan milli ýapynjasyny süýräp öňe geçdi, garaşýanlar bilen baş atyp salamlaşdy. Ol uzyn boýly, sportsmenpisint, berdaşlydy. Polkownik Kaddafi bilen onuň myhmanlarynyň arasynda 15 metr çemesi uzaklyk bardy. Ol sesinu çykarman, bize tarap seredip otyrdy. Biziň beýleki araplary haýran eden owadan gyzlarymyzyň gözelligi-de oňa täsir etmeýän ýalydy, ýylgyrmaýardam, sarsmaýardam. Dabara başlandy. Biziň toparymyzyň ýolbaşçysy polkownige ýüzlenip, üç minut ýaly arapça gepledi, soňam aýdanlaryny biz üçin rusça geçirdi. Ol “Ýaşyl kitabyň” dünýä ähmiýetli eserdigi sebäpli SSSR halklarynyň dillerine geçirilýändigini aýdyp, onuň uly höwes bilen okaljakdygyna kepil geçdi. Şondan soň Kaddafä içine terjimäniň teksti salnan owadan bukjalar gowşuryldy. Terjimeçilerem, owadan gyzlaram ozal aýdylan instruksiýa görä hereket etmelidi. ”Ýaşyl kitabyň” terjime edilen dili aýdylanda, terjimeçi ýerinden turmalydy (ýeriňden turan mahalyň, polkownigiň janpenalarynyň “ünsüni çekmez” ýaly jübüňe eliňi sokmaly däldigi bolsa aýratyn nygtalyp tabşyrylypdy), şol mahal hem milli geýimli gyz papkany Kaddafä eltip gowşurmalydy. Ahli dabara diňe şondan ybaratdy. Kaddafi ýerinden turup, papkany alýar-da, ýene aşak oturýar. Hiç kimiň elini hem gysmaýar. Ol hem haýsydyr bir nätanşyň elinden onuň eline kesel ýa-da kast etmäge niýetlenen zäher ýokaşmazlygy üçin edilýär eken. Terjime gowşurylyş dabarasyndan soň polkownik söz sözledi, biziň hemmämize minnetdarlyk bildirdi. Ol öz ýurdunyň içerki ýagdaýy, dünýädäki uly hem çylşyrymly syýasy “oýunlar” hakda gysga, emma örän saldamly gürrüň etdi. Indi sowgat barada. Terjimeçileriň hemmesi sowgat getiren eken. Emma sowgadymyzy gowşurmasyz etdik. Onuňam sebäbi bardy. Mysal üçin, men Kaddafä türkmen dony bilen ak telpek gowşurjak bolsam, sowgadym paýtagtdan gaty alysda ýerleşýn haýsydyr bir labaratoriýa äkidip, himiki derňewden geçirilmeli eken. Men sowgady zor bilen gowşuryp, deregine zat hantama ýaly görnäýmäýin diýip, getiren zatlarymy çemodanymdanam çykarmadym. Polkownik Muammar Kaddafä sowgat eltilen ak telpek bilen don hem guşak Liwiýä gidip-gelen simwol ýaly bolup özümde saklanýar. (Ýazgylarymyň başga bir ýerinde hem bellän bolmagym mümkin welin, gök bilen ýaşyl reňki bulaşdyrýandygyma üns bermänim üçin “ýaşyl” bolmaly kitaby “gök” diýip nädogry terjime edipdirin. Kitap türkmençe çykanda, redaktor hem meniň ýalňyşyma üns bermändir.) 1992. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |