01:50 Kyrk ýylda ýazylan kitap -17: Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan | |
DÖREDIJILIK ADAMLARYNYŇ DURMUŞYNDAN
Ýatlamalar
Şahyr Resul Gamzatowyň ogul perzendi ýok, üç sany gyzy bar: Salihat, Patimat, Zarema. Onuň peşeneli, belent adamçylykly aýalynyň ady hem Patimat. Gyzlaryň üçüsi hem şeýlebir kakalaryna meňzeş welin, haýran galaýmaly. Olar Resulyň özi ýaly örän burunlak, çypar sary hem onçakly görmegeý däl. Bir gezek Ýzyjylar soýuzynyň howlusyndan gyzlaryny maşyna mündürip ugradanymyzdan soň, Resul maňa tarap gamgyn nazar bilen seretdi-de: —Käte meniň öz gyzlaryma gaty nebsim agyrýar, Atajan—diýdi. — O biçärelere Taňry görk-görmek bermändir. Maňa meňzemän, ejelerine meňzäýmeli ekenler welin… Olary Resul Gamzatowyň gyzlary bolany üçin alaýmasalar… 1983. Hydyr Derýaýew 1981-nji ýylyň iýulynda Moskwada Ýazyjylar soýuzyna gelip, Ýaltadan ýollan telegrammasy gowuşmandygy sebäpli, myhmanhanada ýer bermändiklerini aýtdy. Men onuň bilen tirkeşip, ”Moskwa” myhmanhanasyna bardym-da, Hydyr aganyň Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň deputatydygyny tassyklaýan şahadatnamasyny uzatdym welin, nobatçy aýal gepsiz-gürrüňsiz aýratyn bir otag berdi. —Bäý, biý-ä ap-aňsat eken. Özem “Ite göwher daksaň, item aglar, göwherem” diýenleri boldy duruberdi. Men Hydyr aganyň otagyna-da girmän, oňa öý hem iş telefonlarymyň nomerini ýazyp beremsoň, öz iş-aladam bilen gitdim. Şol gün Aşgabatdan Edebi fonduň başlygy Mergen Hümmedow jaň edip, Hydyr Derýaýewden bir düşnüksiz telegramma gelendigini aýtdy. ”Ol Ýaltadan biziň soýumyza telegramma berip, “Moskwa” myhmanhanasyndan orun soraýar. Oňa Aşgabatda myhmanhana nämä gerek bolduka? Ýa-da gelnejemiz bilen oňuşmaýarmyka? Onsoňam, Aşgabatda “Moskwa” diýen myhmanhana ýok ahyryn”... Asyl Hydyr aga SSSR Ýazyjylar soýuzyna berdim diýýän telegrammasynda Moskwa şäherine derek Aşgabat diýip ýazaýan eken. Biziň edaramyzda döredijilik adamlary üçin iş sagat 12-den başlanýardy. Şonuň üçinem men 12-niň ýaryna çenli öýde bolýardym. Hydyr aga Moskwa ýygy-ýygydan gelip ýörensoň, biziň işimiziň gün tertibine beletdi. Bolsa-da, ol bir gün ir sagat onlarda öýe jaň etdi-de: —Soltan Hüpbi, men seni hiç tutup bilemok-la—diýdi. —Öten agşamam, şunça jaň etsemem hiç kim trubkany götermedi. Bu gün näme irläpsiň-le? —Men sagat ýedi bolmanka turýan-a, Hydyr molla. —Men bolsa, sen 12-de gelýänsiň öýdüp, irden jaňam edemokdym. Asyl Hydyr aga meniň öý telefonymdyr öýdüp, işime, iş telefonymdyr öýdübem öýüme jaň edip ýörüpdir. Şonuň üçinem ol meni “hiç tutup bilmändir”. Hydyr aga myhmanhanada uzak ýaşamady. Ol ýazyjylaryň Moskwanyň etegindäki “Peredelkino” döredijilik öýüne geçdi. Şol pursat men hem uly şäheriň kapas howasyndan gaçyp, çagalarym bilen daçada bolýardym. Biziň wagtlaýyn daçamyz hem “Peredelkinonyň” edil gapdalyndady. Şeýlelikde, men Hydyr Derýaýew bilen ýa Peredelkinoda ýa-da şäherde günde-günaşa duşuşýardym. Köplenjem, Moskwadan bile gaýdýardyk. Bir gezek ol edara bardy-da, meni aşaky restorana nahara çagyrdy. Men ýaňy naharlanyp gelendigimi aýtdym. —Aý, beýle bolsa, menem ýeke özüm gitjek dal. –Ol çäýnekdäki sowuk çaýdan bir käse içdi. —“Aç suwsak” diýipdirler, çaý içip oňaýaly. Şu ýerde men Hydyr Derýaýewiň häsýetinde bir zady bellemekçi. Belkem, 19, 5 ýyllap sowuk ülkelerde sürgünde bolany sebäplidir, Hydyr aga käbir türkmen ýazyjylary ýaly (Mysal üçin, Beki Seýtäkow bilen G.Gurbansähedow gök çaýsyz asla oňmaýardy), “Gök çaý içmesem maňlaýym şatlap dur” diýmeýärdi. Ol gara çaýam bolsa, çig suwam bolsa içäýýärdi. Onuň känbir nahar dannawam ýokdy, saçagyň üstüni dürli-dümenden dolduryp ýörmän, oňňut bolsa oňaýýardy. Kabinetde bir käse sowuk çaý içen ýaşuly: —Beýdişip oturman, gideli-le, Soltan Hüpbi!—diýdi. —Nirä? —Peredelkinä. Sen-ä öz daçaňa, menem öz ýerime. —Men düýnem bir bahana tapyp, işden gaçdym, Hydyr molla. Günde-günde gelşikli däl… —Hany, tur, Ýuradan özüm rugsat alyp bereýin… Onuň Ýura diýýäni SSSR Ýazyjylar soýuzynyň Prawleniýesiniň sekretary, meniň gönümel başlygym Ýuriý Iwanowiç Surowsewdi. Ýuriý Iwanowiç Hydyr Derýaýewi gaty oňat görýärdi. Hydyr aga başlygyň kabinetine giren badyna: —Ýura, men seň şu işgäriňi Peredelkinä alyp gitjek. Ýeke gidesim gelenok. Bolmanda-da, bular bu ýerde hiç iş etmän otyrlar—diýdi. Ýuriý Iwanowiçem myhmanyndan pes oturmady. —Sen biraz ýalňyşýaň, Hidir (Surowsew “Hydyr” diýip bilmän, oňa mydama “Hidir” diýýärdi. —A.T.), meniň işgärlerimiň özleriňiň hiç iş etmeýändikleri-hä jähennem welin, olar işe gelmek bilen bizi-de iş etmäge goýmaýarlar. Şonuň üçinem sen meni Atajandan halas etseň, örän minnetdar bolardym… Hydyr aga elimden tutup meni kabinetden alyp çykdy. —Nätdim, Soltan Hüpbi?! —Aldyň, Hydyr molla! “Peredelkino” stansiýasynda elektriçkeden düşülen ýerde men demir ýoldan çepe, Hydyr aga-da saga gitmelidi. Biz hoşlaşyp durkak, oi bir zat ýadyna düşen ýaly, elini silkip aldy-da: —Mundan oýun bolmaz, Soltan Hüpbi. Hoşlaşýanymyzy “belläli” —diýdi. Soňam demir ýoluň çep tarapyndaky kafä tarap elini salgap ýylgyrdy—“Dikdurma” edäýeli. Men oňa: —Beýdişip ýörmäli, halypa!—diýdim—Orsýetde agaja münüp arak içseňem hiç kim geň görmez welin, gowusy, ikimiz bir çüýşe alyp, meniň “wagtlaýyn öýüme” baraly. Belkem, gelniň gazan atarandyr… —Şol-a kemem däl —dýiip, ýaşuly ylalaşdy. —Seňem kelläň döwük sagat ýaly bolup, käte-käte işläberýär… Boş hem barmaly. Sen-ä arak al, menem bir towujak alaýyn. Towuk derrewem bişer. Kafeniň bufetine bardyk. Men 4 manat 12 köpüge bir çüýşe içgi aldym. Hydyr aga-da towuk aldy welin, onuň bahasy 4 manat 60 köpük boldy. —Sen, Soltan Hüpbi, kürtlügiňi edip, şu iki ortada-da 48 köpük utduň-da—diýip, Hydyr aga degişdi. “Meniň daçama” bardyk. Towuk bişýänçä, taýýar borş bilen adama iki rýumka arak içdik. Hydyr aganyň bolsa iň halaýan nahary borşdy. Ol boşan tabagyny uzatdy-da: —Borşuň bar bolsa, ýene guý, Sona gelin!—diýdi. —Maňa-ha towuk gerek däl. Diýse-de, Hydyr aga borşdan soň bir bölejik towuk hem iýdi. Onuň keýpi göterildi. Bir käse çaýdan soň ol: Idut troýe musulman, My sprosili: “Kim sizlär?”. Oni bizgä otwetili: “Kasimskiý žigitlär—diýip, rusça, tatarça garyşdyrylan setirlere hiňlendi. (Ol setirler, eger men ýalňyşmaýan bolsam, tatar edebiýatynyň klassygy Gabdilda Tokaýyň bir poemasyndan bolmaly). Hydyr aga hiňlenende meniň 4 ýaşly gyzym Eneş ylgap geldi-de, tansa çagyrýan ýaly, gojanyň elinden çekmäge başlady. Ýaşuly ýüzüni aşak saldy. —Wah, gyzym, meň tans etmeli döwürlem Sibirde galdy ahyryn… Ara dymyşlyk düşdi. Birden Hydyr aga: —Soltan Hüpbi, kiçijik kürti hem ýanyňa al-da, meni ýola sal!—diýdi. Hydyr aganyň “kiçijik kürt” diiýýäni meniň 5 ýaşap barýan oglum Kemaldy. Daşaryk çykdyk. Moskwa eteginiň tomus agşamy şeýlebir owadan, şeýlebir ajaýypdy welin, oňa bagyşlanyp ýazylan “Podmoskownyýe weçera” diýen aýdymyň düňýä ýaň salmagynyň sebäbi derrew düşnükli bolýardy. Dolan Aý gök tokaýyň asmana göterilýän depesini şeýlebir owadan edip görkezýärdi welin, her sosnanyň, her berýozanyň başyna altyn gupba geýdirilen ýaly bolyp durdy. Edepli gyz ýaly sülmüreşip duran owadan agaçlary synlan Hydyr Derýaýewi başga ýerde ikinji gezek gaýtalanmajak gözellik joşdurdy. —Anda sosna, Mynda sosna. Ýa prekrasen, Ty prekrasna… Hydyr aga tatar aýdymlaryndan soň köne taryha—Jelaleddine dolandy. Şol gürrüň bilenem biz towuk alan kafemiziň deňine ýetdik. Men ýaşula duýdurman: “Ataňa süýji alyp ber diý”—diýip, Kemalyň gulagyna çawuş çakdym. Kemal Hydyr aganyň elinden çekdi-de, meniň aýdanlarymy gaýtalady. —Kürtjagaz näme diýýä?—diýip, çaganyň sözlerine oňly düşünmedik ýaşuly maňa ýüzlendi. —Kürtjagaz-a: “Hydyr atam maňa süýji alyp bersin” diýýä, Hydyr molla. —Sen kiçijik kürte aýt, gijäniň içinde süýji bolmaz. “Dükanlar ýapyk” diý. —Çagany aldasaňam, meni aldap bimersiň, ýaşuly. Bufet entek açyk. —Aý, bu kürtler hezil berjek däller-ow! Ýörüň! Bufete girdik. Hydyr aga “Garagum” diýilýän gowy süýjüden iki sanysyny aldy-da, Kemala berdi. —Me, her eljagazyňa biri. Özüm alyp beräýmesem, kürt kakaňdan-a zat ýokdur. Men Kemala “Ony görkez” diýip, witrinä tarap ümledim. Meniň ümlänim aýnanyň aňyrsyndaky ýüzüne uçup barýan raketanyň suraty çekilen uly gutuly şokoladdy. Kemal ýaşulynyň alyp beren “Garagumlaryny” yzyna gaýtardy-da, witrinä tarap elini uzatdy. —Kiçijik kürt nämä ümleýar-aýt? —Kiçijik kürte uly gutudaky süýji gerekmiş, Hydyr molla… Guty mahaly bilen eline geçmänsoň, çaga galmagal etmäge başlady. Bufetdäki adamlar bize tarap geň galyp seredişdiler. —Hydyr aga, biý-ä şol ýüzi raketaly süýjüni alyp beräýmeseň, bizi tutuş Orsуýete masgara etjek… Ýüzüne raketanyň suraty çekilen uly gutudaky şokolad gaty gymmat bolmalydy. Oňa garamazdan, jübüsinden kynlyk bilen ellilik çykaran Hydyr aga korobkany alyp, Kemala uzatdy. Soňundanam ýarym oýun, ýarym çyna salyp: —Başda-ha özüň menden 48 köpük utduň. Indem seň ýumruk ýaly ogluň meni oýnaýar—diýdi. —“Ýylanyň ulusunyň-kiçisiniň zäheri bir” diýýädiler welin, şol çyn eken-ow! 17.07.81. 1979-njy ýylyň iýulynyň soňky günleriniň birinde Hydyr Derýaýew meniň ýanyma geldi. —Tamara bilen aşaky restoranda duşuşmagy wadalaşypdyk. Oňa Aşgabatdan bir sowgatjyk getiripdim. Hem-ä, şony gowşuraýyn, hemem gümür-ýamyr edişeýin diýdim. Ýör, senem biz bilen çaý iç! Men işlidigime salgylanyp, çaý içişlige gitmedim. Hydyr aganyň Tamara diýýäni belli terjimeçi hem türkolog Tamara Georgiýewna Kalýakinady. Ol Hydyr aganyň eserlerini terjime edýärdi. Meniňem rus dilinde ilkinji gezek çykan hekaýalar ýygyndymy şol terjime edipdi. Agşamlyk Tamara Kalýakina öýe jaň etdi. —Hydyr Derýaýewiç bilen aramyzda bir düşnüksiz ýagdaý boldy. Men-ä aýtmaga utanjak welin, gabat gelseň, ugruny tapybrak, özüň syzdyrarsyň-da. Gündiz Hydyr aga restoranda duşuşanda, Aşgabatdan getiren sowgadyny Tamara gowşurypdyr. Sowgady kabul eden aýal, kagyzynam açman, ony sumkasyna salypdyr. Agşamlyk öýüne baryp, daşyna dolangy kagyzy aýryp görse, ol sowgat ýary hem alnan bir bölek gök çaý bolup çykypdyr. T.G.Kalýakina bilen gepleşip bolan badyma men “Moskwa” myhmanhanasyna jaň etdim. —He, Soltan Hüpbi, bu senmisiň? Çaýlaşmaga-da barmadyň. Kürtlügiňi edip, ulalaýýaň öýdýän… —Hydyr molla, meniň saňa bir sowalym bar. Şu günki Tamara Georgiýewna gowşuran sowgadyň nämedi? —Erkek adamyň aýal maşgala eden sowgadyny biljek bolmak biedeplikdir. —Erkek adam aýal maşgala getiren sowgadyny bermän, yzyna äkitse, ol edeplilik bolmaýamyşmy? —Sen bir zat-ha diýjek bolýaň, Soltan Hüpbi. Nany, dur-la!—diýen Hydyr aga esli garaşdyransoň, gepläp başlady. —Be-eý walla, men bulaşdyrypdyryn-ow! Bilezige derek Tamara bir bölek çaý eltip beräýipdirin öýdýän… —Tutuş bir bölegem däl, ýary hem alnan. —Ikisem bir meňzeş kagyza dolangydy welin… Bolmandyr-ow! Aýdanyň gowy boldy, Soltan Hüpbi. Tamara bilen ertir gaýtadan duşuşmaly bolar… Ertesi agşamlyk Kalýakina ýene öýe jaň etdi-de, jak-jak güldi. —Goşarymda bilezik, elimde käse, käsede-de –gök çaý. Tüýs türkmen maşgalasy boldum… —Türkmen maşgalasyna öwrülen bolsaňyz, men size Hydyr Derýaýewiç üçin gudaçylyga baraýsam, nähili bolar? Tamara Kalýakina ýene gara çyny bilen güldi. —Ýok, gadyrdan. Gudaçylyga gelseňem, men seni boş goýbererin. Hydyr Derýaýewiç meni hem myhmanhanalaryň birinde ýadyndan çykaryp, maňa derek başga bir aýaly alyp gider… Tamara Kalýakina Moskwada uly dabara bolsa, Hydyr Derýaýewiň sowgat eden türkmen bilezigini mydama dakynyp barýardy. Şol bilezige gözüm düşse, menem Hydyr Derýaýewi, ýary alnan bir bölek gök çaýy ýatlamaly bolýardym. Tamara Georgiýewna bolsa, men bilezigine seretsem, mylaýym ýylgyraýýardy. Awgust, 1979. Peredelkino. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |