16:44 Kyrk ýylda ýazylan kitap -19: dowamy | |
• GALMADY (Ýazyjy Orazguly Annaýewe ýazylan degişme) Sözüm olmasa-da, birdem sözläýin, Ýakyn tutunara ýadam galmady. Ýoda ýitdi, ýoly kaýdan gözläýin, Barçany gam basdy, şadam galmady. Aýak asta düşdi ile belliler, Merde döndi ýaranjaňlar, pullular. Sapar Öre, Jütdi, Jürdek, Gullalar... Olardan sypmaga “hodam” galmady. Ne sebäpge ykbal bizge keç olar, Haýa gitdi,desmalçydyr niçeler. Namartlady “Agrar”, “Myrryh”, “Gojalar”, Olaň gursagynda ödem galmady. Neýlerem, tersinden öwüsdi ýeller, Gapyldy göreçler, lal oldy tiller. Ýaýnady lolular, “Urkaçy piller”, Mertligiň nyşany “zadam” galmady. Ukbal bizni ne nesibä süýredi, Mert kişileň syrtyn ýapa diredi. Gawun gurçuklady, garpyz çüýredi, Mala berer ýaly kädem galmady. Magtymguly, söz manysyn çuň eýle, Içiň gyssa, saza ýapyş—heň eýle. Orazguly, mahal-mahal jaň eýle, Salamlaşar ýaly adam galmady. 1999. 1972-nji ýylyň kapas tomsunda Berdi Kerbabaýewiň Moskwa şäheriniň “Moskwa” myhmanhanasyndaky otagynda gök çaý içip otyrdyk. Birden ýaşulynyň özi gök çaý hem umuman çaý hakda gep açdy welin, men oňa: —Özünde bitmeýän haryda türkmenler nädip beýle derejede uýgunlaşyp gitdilerkä? —diýen sowal berdim. Elindäki käsesini esli salym oýnap oturan B. Kerbabaýew çalaja ýylgyryp gepledi. —Taryh jümmüşine aralaşsaň-a, türkmen çaýa aňyrdan belet däl ýaly. Çaý biz ile geçen asyryň başlarynda dagy düşen bolaýmasa… Soňra Berdi aga şeýle wakany gürrüň berdi. Geçen asyryň birinji ýarymynda türkmenler geçip barýan bir söwda kerwenini talapdyrlar. Şonda Berdi Kerbabaýewiň garry atasyna olja hökmünde bir sandyk ýetipdir. Oba getirlen sandygy açyp görseler, içinde haýsydyr bir ösümligiň tohumuna ýa-da gara ýandagyň pürüne meňzeş bir zat barmyşyn. Hiç kim onuň nämedigini bilmändir. Ahyr köpi gören ýaşulularyň biri oljany çaý diýilýän zat bolsa gerek diýip çaklapdyr. Çaklanylsa-da, çaýyň niçiksi taýýarlanýandygyny bilmändirler. Ahyr sandykdaky çaýyň hemmesini bir uly gazana gapgaryp, üstüne suw guýupdyrlar-da, esli wagt gaýnadypdyrlar. Soňam, toşaba meňzeş ajymtyk suwuklygy çemçe bilen dadyp görüpdirler. —Atam şuny-ha aýdardy—diýip, Berdi aga loh-loh gülüp goýberdi. Çaýyň türkmen topragyna näwagt aralaşandygy belli däl. Ýöne onuň Ýewropa ýurtlaryna ilkinji gezek 1610-njy ýyllarda Gollandiýanyň “Ost-Indiskoý” kompaniýasy tarapyndan getirilendigini welin taryhy materiallaryň birinde okandygym meniň ýadymda galypdyr. 1991. Fransuz, nemes, iňlis, rus okyjysy ýaly edebiýatyň beýik mekdebini geçen okyjy üçin eser ýazýan ýazyjynyň ýagdaýy mongol, owgan, türkmen okyjysy üçin eser ýazýan ýazyjynyň ýagdaýyndan juda agyrdyr öýdüp çaklaýaryn. Çünki medeniýeti ýokary uly mekdep geçen okyjynyň göwnünden turar ýaly eser ýazmak üçin özüňden öň geçen ýazyjylaryň derejesine aralaşmaly bolar. Ol hem aňsat iş däl. 1989. Şu gün köçede Mollanepes teatrynyň artistleriniň birine gabat geldim. Ol maňa teatryň ýolbaşçylarynyň biri bolup işleýän, gaty bigörk hem dawaçy artist aaýalyň stolunyň üstünde haýsy-da bolsa bir garagolyň şeýle rubagy ýazyp goýandygyny aýtdy: Aslyň aždarhamy, ýuha ýa aýy?Nejisligiň çykýar gün geçdik saýy. Bendäm diýip senem döreden bolsa, Ýürekli bilmeli beýik Hudaýy. 17. apr. 1993. Okasymam gelenok, ýazasymam. Telewizoryň türkmen programmalaryny açsaňam, gaharyň gelýär. Şol köne heň —öwünmek, paňkarmak, dünýäde iň talantly halk bolan beýik türkmeni taryplamak… Ýa-da meniň garry enemdenem garry aýallar ýaş gelinleriň geýýän eşiklerini geýip tans (ol tansam däl) edişip ýörler. Biz öz ilimizi geçen asyrlaryň haýsyna eltmek isleýärkäk? 23.05.97. Nirä barsaň, Magtymgulynyň goşgusyna “düzediş” girizilmeginiň telekdigi barada gürrüň edýärler. Şu gün Kaýuň Taňrygulyýewiň gelniniň hudaýýolusynda-da şol hakda gep açyldy. Atamyrat Atabaýew düýn Ministler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary O.Aýdogdyýewiň huzurynda alymlaryň, ýazyjylaryň üýşüp maslahat edendigini, özüniň bolsa şol “düzedişe” aýak depip garşy çykandygyny aýtdy. Nazar Gyllaýew hem şol maslahatda “özgertmäniň” ylmy taýdan gaty nädogrudygyny düşündirendigini ýatlady. Emma huzura çagyrylanlaryň hemmesii (şol sanda A.Atabaýew bilen N.Gullaýewem) üýtgetmä razy bolup gol çekipdirler. “Düzedişi” goldaýandygyňy tassyklap resmi dokumende golyňy çekip gaýdanyňdan soň, märekä gelip “agzyňda aş gatyklamak” nämä gerekkä? 23.05.97. • ÝAT OLUP BARÝAR (Aşyr Mämiliýewe iberilen degişme) Bradarlar, arzy-halym soraňlar, Şat olmas üflisler şat olup barýar. Matam tutup, gam donuga giriňler, Wagtyhoşluk ornun zuht alyp barýar. Başym çykmaz, näme beýle hal oldy, Namartlyg-a – mertlik, mertlik mal oldy. Zaglar tile gelmiş, bilbil lal oldy, Namys-ar ornuny zat alyp barýar. Kim şahyr hatyny, obasy bilen, Özüni bilgen ýok tobasy bilen. Kimseler Enesi—Käbesi bilen, Arzy Mätkerimler bat alyp barýar. Söz köşgün aparmyş Saparjan Öre, Taňrydan, çiltenden ýok oňa çäre. Dadymyz ýetişsin ol Durdy Kara, Joşgunlar ýürekde mat olup barýar. Bilmen hanja ýörir bu çarhy pelek, Tersaňky dürs oldy, dürsaňky telek. Kaýda Durdymyrat ogly Öwelek! Akyl ýitip, akmak at alyp barýar. Magtymguly aýdar golum hamaly, Kimse batdy, kimse ýüzdi gämili. Kyýamatlyk aşnam Aşyr Mämili, Ol-da asta-seýkin ýat olup barýar. 17.05.97. Ýazyjy H. öz kakasynyň gumda goýun bakyp ýören sada, sowatsyz çopandygyna garamazdan, 1937-nji ýylda “zalym bolşewikler” tarapyndan repressiýa düşürilendigi barada hälimi-şindi gep açýar. Hatda ol gazýet sahypalarynda-da şol barada birki gezek çykyş etdi. Ol özüni SSSR döwrüniň bikanunçylygynyň pidasy edip görkezmäge çalyşýar. (Ýöne onuň şeýle gepi SSSR dargandan soň tapandygyny hem nygtap geçmek gerek.). Bir gezek H-nyň kakasyny gowy tanan obadaşy şeýle diýdi. —Onuň kakasy çopançylyk edýärdi. Özi-de bisowadam bolsa, ogurlyk etmäge gezek gelende welin gaty sowatlydy. Ol 1937-nji ýylda saryja goýunlarynyň 200 kg. ýüňüni ogurlap, çägä gömüp goýýar. Onuňam üsti açyldy-da, Görelde sud edildi. Hakykat şondan ybarat. Hawa-da, ol ýyllar 200 däl, 2 kg. ýüň ogurlasaňam, gözenegiň aňyrsyna salýardylar. Ýöne epeý-epeý adamlaryň 1937-de öz ajalyna ölen atalaryny-da repressiýanyň pidasy edip görkezmekden özleri üçin bähbit aramaklary örän namartlyk bolýar. 1993. Ýene-de bir ýokarka neňzeş namartlyk: SSSR döwrüniň köp-köp orden-medalyny, ýokary baýraklaryny alyp, olaryň nyşanlaryny höwes bilen döşünde dakynan, Moskwanyň kömegi bilen öz kitaplaryny dürli dillerde çykardan, “Ýaşasyn beýik Watanymyz SSSR!” diýip gygyran ýazyjylaryň käbiri bu gün agzynyň ýetişdiginden: “SSSR biz üçin türmedi. Orslar 7O ýyllap biziň ganymyzy sordy” diýip, gözýaş dökýär. Dogry, SSSR döwründe-de hemme zat gülala-güllükdi diýsek ýalňyşarys. Dokuzy doly sistema ýok. Ýöne hakykaty dogry aýtman, agyp-dönüp durmaklygam “dokuzy dolulyk” däl. 1995. “Edebiýat hem sungat halk köpçüliginiň aňyna düýpli täsir edýär” diýen kesgitlemä ynanasym gelenok. Asyrlarboýy “haýry oňlap, şeri geňläp” (Italmaz Nury) gelen millionlarça edebiýat we sungat eserleri, adam aňyna täsir edýän bolsa, bu mahala çenli dünýä düzelerdi ahyryn. Näçe ýazylsa-da, näçe düşündirilse-de ogrulygam, ýalançylygam, ýaramazçylygam, gaýtam, barha güýjeýär. “Onda näme üçin edebiýat okalýar, sungat eseri tomaşaçysyz däl?” diýen kanuny sowal ýüze çykýar? Oňa jogap tapmak kyn däl. Okyjy gyzykly sýužete, täsin wakalara üns bermegi halaýar, wagt geçirmek, lezzet almak bilen terbiýeleýji rol bolsa başga-başga zatlar. 1996. Her bir adamyň dogulmagynyň tötänlige bagly bolşy ýaly, ykbalynyň çüwüp-çüwmezligi-de tötänlige bagly. Bir päk adam başga bir päk däl adamynyň eden müň günäsiniň birini tötänden gaýtalany sebäpli tutuş ömrüni türmede geçirmeli bolýar, iliň, maşgalasynyň gözünden düşýär. Emma şol müňläp günä eden, döwlete ummasyz hyýanat eden adam bolsa tutuş ömrüni eşretde ýaşap, iliň hormatyna mynasyp bolýar. Şeýle adam “aklar” gelse-de, “gyzyllar” gelse-de, belent derejede ýaşaýar. 1996. Ýurduň ideologiýasy haýsydyr bir ýa-da birnäçe meselä diňe öz isleýän nukdaý nazary bilen garalmagyny talap edýän bolsa, şol talapy goldamaýan eserleri hem çap edilmeýän bolsa, awtorlar yzarlanýan bolsa, köňpülikde şol awtorlara, olaryň eserlerine ýokarlandyrylan gyzyklanma döredýär. Ýurduň baş syýasatyny goldamaýan eser örän gowşagam bolsa, ürç edilip okalýar, ony ýok ýerden ele salmagyň aladasy edilýär. Netijede ol eser özüne asla mynasyp däl ýokary baha alýar. Munuň şeýledigini rus edebiýatyndaky “Dokror Žiwago”, “Arhipelag GULAG”, “Rakowyý korpus” ýaly onlarça romanyň, türkmen edebiýatynda hem şahyra Annasoltan Kekilowanyň, Çary Ýalkanyň döredijiliginiň mysalynda tassyklap bolar. Muny men hut öz mysalymda-da gördüm. “Gowşut han” ady bilen taryhy roman ýazan döwrümde (ilkinji warianty 1964-66-njy ýyllara degişli) . Sowet ideologiýasy han-begleriň, işan-mollalaryň, baýlaryň obrazyny položitel edip görkezmäge ýol bermeýärdi. Men şol gadaganlygyň garşysyna gidendigim sebäpli roman entek çap bolmanka özüne okyjy toplap başlady. Ol 30000 tiraž bilen iki gezek çap edilse-de (kitabyň onça tiraž bilen derrew iki gezek çap bolmagy bizde seýrek bolýan hadysa), her gezegem sanlyja günde satylyp gutardy. Ýogsam (beýle köne materialy nirelerden tapyp ýörenlerini Hudaý bilsin welin), kitabyň birinji neşiri bu döwürlerde gabat gelmeýän, samany çykyp ýatan sary kagyza çap edildi. Üstesine-de, çüýrän ýüplük bilen tikileni üçin gatyny iki gezek açsaň, sahypalar pytrap gidýärdi. Oňa garamazdan, ömür kitap okamaýan adamlaram ozal “gadagan edileni” üçin ony satyn alypdyrlar. Okyjyda çeper eser hökmünde beýle gyzyklanma döretmäge asla mynasyp däl meniň şol kitabym edil şu mahal, han-begleriň, işan-mollalaryň, baýlaryň döwlet syýasaty tarapyndan goldanylýan mahaly ýazylan bolsa näderdi? Meniň pikirimçe, ozal talap edilen 60000 ekzemplýar tiražyň üçden biri hem gerek bolmazdy. Gizlin saklanýan ýa-da gadagan edilen zada ýokarlandyrylan höwes, isleg döreýär. Özüne hiç hili bähbit bolmajagyny öňünden bilýänem bolsa, adam şol gizlinligiň syryny açmak isleýär. Näme üçin gizlin saklanýar? Näme üçin gadagan edilýär? Onuň emmasy mäme? Şu sowallar adama ynjalyk bermeýär. Men Russiýada soňky ýyllarda bolup geçýän syýasy hem ykdysady özgermeler bilen gyzyklanýaryn. Ol hem meniň ýokarda gelen netijämiň dogrudygyny tassyklaýar. Russiýada häzir demokratiýa pajarlaýar: söz azatlygy, çap azatlygy rowaçlanýar. Hatda ýurduň Prezidentini masgara edip tankytlaýan ýa-da onuň durmuşa çykan gyzynyň öz kanuny ärinden başga kim bilen “ham-şamdygyny” açyk beýan edýän materiallary-da islendik gazýetde çap edýärler. Onuň üçin hiç kim yzarlanmaýaram, sud jogapkärçiligine-de çekilmeýär, ýanalmaýaram. . Gepiň keltesi, Russiýada döwletiň harby syryny paş edýän çakdan çökder iş bolaýmasa, “gadagan” tema ýok diýen ýaly. Hut şonuň üçinem häzir ol ýurtda edebiýata, çap sözüne gyzyklanma kem-kemden peselýär. Netijede bozgaklyga, banditlige gatnaşmaga gyzyklanma güýjeýär. Üstesine, indi edebi döredijilik özüniň öňki “eklenç çeşmesidigini-de” ýitirip barýar. Şonuň üçinem mundan buýana ozalky ýazylýan orta hilli eserlere derek, aç bolsa-da, ýazman oturup bilmejek az sanly hakyky talantyň gowy hilli eseri hem düýpden talantsyz “pulmesiniň” şöhrat üçin ýazan pes hilli eseri dörese gerek. Beýle diýmek bilen, men söz azatlygyny, demokratiýany edebiýatyň, sungatyň duşmany hasaplajak bolmaýaryn-da, demokratiýa doly ýol berýän ýurtda çakdanaşa gowy eser döredäýmeseň, tema “täjirligi” bilen okyjyny yzyňa düşürmegiň kyndygyny nygtamakçy bolýaryn. Şeýlelikde demokratiýa, sözüň doly manysyndaky hakyky çeper eser döretmeklige-de ýardam edip biljek şerte öwrüler 26.05.97. Şu gün, häzirlikçe “ýaşamagyny” dowam edýän Türkmenistan Ýazyjylar prawleniýesiniň birinji sekretary Atamyrat Atabaýewe gabat geldim. Ol KGB-niň Ýazyjylar Birleşigine gözegçilik edýän işgäriniň “A.Taganyň “Ganly syýahat” romanyny çap etmegiň meselesini Prezident derejesinde goýup görmegi” maslahat berendigini aýtdy. Boş gürrüň. Atamyradyň nobatdaky tilki sapalagy. Atamyrat ol romanyň çap bolmagynyň tarapdary bolýan bolsa, ol barada maslahaty KGB-niň wekili däl-de, Ýazyjylar Birleşiginiň birinji sekretary hökmünde özi başlamaly ahyryn. Bu ýerde başga gep bolan bolmagy mümkin. KGB-niň wekili A.Taganyň öz romanyny daşary ýurtlara hödürlejek bolýandygyny ýa-da däldigini barlamak meýli bilen ol barada gep açandyr. 27.05.95. Ýazyjylar Birleşiginiň işgäri jaň edip, meniň Aýatolla Homeýniniň mazaryna zyýarata gitmek meýlimiň bardygyny ýa-da ýokdugyny sorady. Men oňa Eýran diýilýän ýurtda heniz bolup görmändigimi aýdyp, gitmäge razylyk berdim. Agşamlyk şol ýoldaş ýene jaň etdi. “Ýokary” A.Tagany Eýrana gitmeli delegasiýanyň düzümine goşmagy “maslahat bermändir”. Onuň “ýokary” diýýäni-de Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri Öwezdurdy Nepesow bolup çykdy. 20.05.97. Diwanda arkan ýatyp, adamyň dogluşyndan tä ölümine çenli aralykdaky ýoly yzarlaýaryn. Adam many bilmez çaga bolup dogulýar, mana düşýär, ulalýar, garraýar, köplerem aňly, ölýändigine düşünip ölýär. Tebigat näme üçin şeýdipdir? Näme üçin tersine edäýmändir? Adam segsenmi, togsanmy (tebigat näçe ömür kesgitlän bolsa) ýaşyndaka dünýä inýär. Gitdikçe, ýaşadygyça ýaşarýar, ýigitligine, çagalygyna gelýär. Ahyram ümbilmez bäbege öwrülýär. Ýaşaýşyň, ömrüň, ölümiň nämedigine-de düşünmän, akyl ýetirmän ümbilmezligine ölüp gidýär. Şeýle bolsa adam utardy. Şeýtmäge tebigatda güýç bardyr ahyryn. 16.02.92. Ýaşaýyş derejesiniň juda pesdigine düşünmeýän, nähili kynçylygam bolsa, “edenne şükür” kylyp ýören, halyny gowulandyrmagyň pikirini, aladasyny etmek hyýalynda ýok ilatly ýurda her öňýeten akmagam arkaýyn ýolbaşçylyk edip biler * Görnüp duran ýalany akyllylara-da ynandyryp bilýän kezzaba akyllylaram oýnamagy başarýandygy üçin artykmaç adam hökmünde hormat goýmalymy? * Häzirki döwürde ýolbaşçy wezipede işleýän adamlaryň ogurlyk etmegini barybir köki-damary bilen ýok edip bolmaýar. Şonuň üçinem gaty çökder iş edäýmese, köne ogry ýolbaşçylary wezipesinden boşatmaly däl. Sebäbi onuň ýerine, barybir, ogry adamyny gözläp tapýarlar. Ol hem köne ýolbaşçynyň eden hereketlerini hökman gaýtalaýar. Netijede, ogurlyk, çykdajy ikinji gezek başlanýar. * Biziň Prezidetimiziň edýän hereketleri käbir Prezidentleriň göwnünden turmaýan bolarly. ”Komsomolskaýa prawda” gazýetiniň 1997-nji ýylyň 20-nji maýyndaky sanynda Gazagystanyň Prezidenti N.A.Nazarbaýewiň interwýusy çap edilipdir. Žurnalistiň: “Siz öz şahsyýet kultuňyz barada näme aýdyp bilersiňiz?” diýen sowalyna N. Nazarbaýew şeýle jogap gaýtarýar: “Adymy köçä dakmagymy, suratymy pula geçirmegimi, Halk Gahrymany adyny almagymy maňa maslahat berýän adam kän. Özümem gündogarly bolamsoň, mende-de mekirlik bar. Men beýle zada ýol bermerin, özümi oýnatmaryn. Onsoňam, men ýap-ýaňy Türkmenistana gidip geldim ahyryn…” 1997. “Ýer şarynyň haýsybir künjegine, haýsydyr bir tanymal adamynyň öýüne barsaň, türkmen şahyry Anna Kowusowyň öý eýesine awtorlyk ýazgy bilen sowgat eden kitabyna hökman gabat gelersiň” diýip, Anna Kowusow bilen institutda bir kursda okan Resul Gamzatow degişýär. Gamzatowyň bu gepi gatybir degişme-de däl. Birinjiden-ä, Anna Kowusowyň şahyrlygy gowşagragam bolsa, adamçylygy gowy. Ol alçak, açyk, meýlishalar. Iň esasam, ol gep-gybat bilen däl. Seni başga birine, başga birini saňa ýamanlamaýar. Özi-de ol, biri bilen çala tanyşsa, dost-dogan bolýar ötägidýär. A.Kowusow türkmeniň “bir gören –tanyş, iki gören—garyndaş” diýen gepnini ýerde ýatyrmaýar. Onda çekinjeňlikden, ýygralykdan nam-nyşan ýok. Ol telim ýyllap iň bir gelim-gidimli edara —Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyk edýän jemgyýetine ýolbaşçylyk etdi. Şonda ol Türkmenistana dünýäniň çar künjünden gelýän belent mertebeli adamlar bilen tanyşdy hem olara özüniň goşgy kitaplaryny sowgat berdi. Şonlukda, “Daşary ýurtlarda Türkmenistany tanamaýarlar, Garagum bilen Anna Kowusowy tanaýarlar” diýen degişme-de döredi. Ýetmişinji ýyllarda Eýranyň şahyn-şasy Muhammet Reza Pehlewi şahyr Resul Gamzatowy Tährana çagyrýar. Myhmany şahyr bolansoň, şa Resuly öňi bilen özüniň şahsy kitaphanasyna aýlaýar. Dünýäniň köp ýurtlaryndan on müňlerçe eser ýygnanan kitaphana diýseň baý eken. Resul Gamzatow şanyň özi bilen bilelikde kitaply tekjeleriň arasynda haýran bolup aýlanyp ýörkä, müňlerçe tomlugyň arasyndan Moskwanyň “Ogonýok” žurnalynyň çaphanasynyň tanyş belgisi bolan çelpek ýaly ýukajyk bir kitaby çekip alýar welin, ol hem Anna Kowusowyň kitapçasy bolup çykýar. Kitabyň baş sahypasynda rus dilinde ýazylan “Dostum hem doganym Muhammet Pehlewä Anna Kowusowdan” diýen ýadygärlik ýazgysy bar eken. Resul “Annanyňam ýetmeýän ýeri ýog-ow!” diýip, ýylgyryp durka patyşa: —Siz ol kitabyň awtoryny tanaýadyňyzmy?—diýen sowal berýär. Gamzatowyň: —Diňe awtor hökmünde tanamak däl, men Anna bilen bäş ýyllap bir insitutda, bir auditoriýada okadym—diýen jogabyny eşiden şa: —Alla size Anna ýaly şahyr bilen bile okamak paýyny beren bolsa, siz, dogrudanam, bagty çüwen adam bolmaly!—diýýär. (Bu wakany 1987-nji ýylda Resul Gamzatowyň özi maňa gürrüň berdi.) * Köýnegiň ýakasy ýamalyka galstuk dakynmak hökman däl. * Käbir namysjaň halklar çar tarapdan gysyldygyça, ýanaldygyça dogumlanýar, güýçliniň garşysynda berk durmak prosesinde bişişýär, güýçlenýär. Kemsidiljek bolmak ol halky kemsidilip bolunmaýan derejä ýetmäge mejbur edýär. Men muny çeçenleriň, ýewreýleriň, tatarlaryň mysalynda görýärin. Ýüz nillion ilatly arap döwletleri bäş million ilatly ýewreý ýurduna ýok ediji wehim salmadyk bolsa, Ysraýyl döwleti, belkem, dünýäniň iň zor döwletleriniň birine öwrülmezdi. Buýsançly halk gysyldygyça güýçlenýär, buýsançsyz halk gysyldygyça gula öwrülýär. 1990. “Halk artisti”, “At gazanan artist” diýen atlar SSSR döwründe döredi. “Halk ýazyjysy” diýen at-ha SSSR-de hem ýokdy, Russiýada häzirem ýok. Amerika,Angliýa, Fransiýa, Germaniýa ýaly uly hem medeniýertli ýurtlarda geň beýle nat geň görýärler. * Akylly okyşy ýazyja onuň telewizordäki şekilini götmrk bilrn däl-de, ýazan kitaplaryny okamak bilen baha berýär. * Hakyky gowulyk öwülmeýärem, garalanmaýaram. Ol öwgä-hä mätäç däl, garalyk bolsa oňa ýokmaýar. * Eger saz sungatynyň wekilleri bilen kän tirkeşen, sazy kän diňläp, oňa uly sarpa goýýan adam sazdan baş çykarmaly bolsa, men şol ugurdan halypa bolup, şägirt ýetişdiräýmelidim. Soň tanymal sungat ussatlary bolup ýetişen kompozitorlar: Nury Halmämmedow, Rejep Allaýarow, Rejep Rejebow, aýdymçylar: Nury Meredow, Aýdogdy Gurbanow dagy Moskwa konserwatoriýasynda okaýan wagtlary men hem Edebiýat institutynyň studentidim. Biz ýygy-ýygydan duşuşýardyk. Meniň eşidýänim sazdy, diňleýänim aýdymdy. Atlaryny tutan kompozitorlarym meniň sözlerime “Oýar sen meni”, “Düýnden bäri”, “Aşgabadyň agşamy”, “Serhetçiniň aýdymy”, “Toýuňa çagyr meni” diýen ýaly birnäçe aýdym hem ýazypdylar. Meniň öz okan institutymda-da, nota sowadyna çenli öwredilmese-de, saz sungaty hakda ýörite kurs geçilýärdi. Ol kursuň sapaklarynyň köpüsi teatrlarda okadylýardy. Moskwanyň Uly hem beýleki teatrlarynda dünýä belli operalaryň onlarçasyny diňledim. Ol biziň okuw programmamyza girýärdi. Konsertleriň ýüzlerçesine tomaşa etdik. “Organ” diýilýän hemme uly şäherleriňem konsert zallarynda bolup hem durmaýan (Türkmenistanda onuň ýekejesi-de ýok) saz guralynyň heňine gulak asdyk. Öz esasy wezipämiň gapdalyndan Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutynda telim ýyl mugallym bolup işlänimde-de, eşidýänim aýdymdy, sazdy. Gepiň gysgasy (ýene gaýtalaýaryn), saz-söhbetiň içinde ýaýnan adam sazdan baş çykarmaly bolsa, men şoldum. Emma düňýä ineniňde saz duýgurlygy, ukyby bilen inmeseň, “dürtme gursakdan” netije bolmaýar eken. Öwünýändir öýtmäň, men gaty kän türkmen aýdymlarynyň tekstini ýatdan bilýärin. Maňa şol ukyp berlipdir. Emma ýekeje aýdymyň heňini dogry hiňlenmek ukyby welin maňa berilmändir. Hatda türkmen dutaryny çalmakda turuwbaşdan öwredilýän “Garybymyň” heňini-de dogry gaýtalap bilmeýärin. Men aýdyma hiňlensem, dostum Nury Halmämmedow: “Aýdym aýtmagyňy goýsaň, indiki stipendiýamda moroženoýe alyp bereýin. Sen heňiň işini görýäň ahyryn” diýýärdi. Sazy söýsemem, saz diňlemegi halasamam, heň yzarlamakda men “0” (nol). Ruslar beýle saz çöňňesine “Gulagyna aýy depipdir” diýýärler. Beýik nemes kompozitory, soň ”depme” ker açan Lýudwig wan Bethowen gulaklary düýpden gapylandan soňam “diňlän” sazynyň heňini nota geçirip bilýär eken. Ol gulagy düýpden eşitmese-de, roýalyň saz çalnandaky sarsgynyny duýup, mukam diňlemegi başarypdyr. Käbir adamlar welin, iki gulagy “jam” ýaly bolsa-da, saz diňlemegi başarmaýar. Hakyky saz muşdaklarynyň mukamy nähili diňleýändiklerini, nädip lezzet alýandyklaryny aýdyp biljek däl. Ýöne hemme sazdan lezzet alyp bilýänler meniň ýekeje sazdan lezzet alşym ýaly keýp çekip bilýän bolsalar, onda olar örän bagtly adamlar. Geň galmaly, diňlämde lezzet alýan ýeke-täk sazym türkmen eserem däl, rus eserem. Ol awstriýaly kompozitor Iogann Ştrausyň “Ajaýyp mawy Dunaýda” diýen walsy. Oňa ýöne “Mawy Dunaý” hem diýäýýärler. Studentkäm meniň bir köneje proigriwatelim bardy. Men onda özümde bar bolan türkmen halk aýdym-sazlarynyň plastinkalaryny diňleýärdim. Nireden, nähili ýol bilen düşendigini (belki-de, konserwatoriýada okaýan ýoldaşlarym getirendir.) bilemok welin, otagymda “Mawy Dunaý” walsynyň plastinkasy peýda boldy. Onda Ştrausyň “Wena tokaýy” diýen walsy hem bardy. “Mawy Dunaý” adyndan belli bolşy ýaly, Dunaý derýasynyň kenaryndan, suwundan ugur almalydy (Meniň çakym şeýledi.) Ol sazy diňlänimde, Dunaýy Murgap bilen çalşyryp gördüm. Şeýlebir täsin, şeýlebir ýüregiňi gobsundyryjy owazlara şaýat bolup başladym. Ulaldyp aýtdygym däl, men ol sazy telim ýylyň dowamynda ýüzlerçe, belki, ondanam kän gezek diňländirin. Şondan bäri kyrk ýyl geçse-de, ol walsy häzirem, mahal-mahal diňleýärin. Her gezek gaýtadan diňlänimde-de, ol sazda täze detal, täze owaz, täze özboluşlyklar ýüze çykýar. Ol meni şeýlebir tolgundyrýar welin, käte endamymda akar sywuň täsirini hem duýýan ýaly bolýaryn. Men ol sazy nähili diňleýärin? Saz ýaňlanyp ugraýar. Gözümi ýumýaryn. Murgabyň kenary. Ýaz pasly, Gün dogmazynyň öň ýany. Dünýäniň ajaýyp mahaly. Iki kenaryny-da belent toraňňylar hem zagpyran pürli ýaşajyk ýylgyn hatarlary bezeýän derýa parahat akyp ýatyr. Derýanyň çep kenaryndaky egrem-bugram ýodajyk bilen oglanjyk ylgap barýar. Onuň aýagy ýalaňaç. Egninde kelte etekli çit köýnegi bar. Ol — men. Oglanjyk öz hereketini sazyň depginine goşup bökjekleýär. Wals gaýtalananda oglan ýeke aýagynyň üstünde durup, üç gezek pyrlanýar. Derýanyň giň aýlawynda suw lummurdaýar, tolkunýar, köwlenýär. Şol mahalam walsyň gaýtalanýan özeni başlanýar. Wals gaýtalanýar, suw köwlenýär, oglanjyk bokjekleýär. Wals täzeden gaýtalanýar… Walsyň öwrümleri maňa iki hili many berýär. Birinji: çagalykdaky şatlykly, aladasyz pursatlar, toý, at çapyşygy, göreş… Bu pursat saz şadyýan owaz bilen ýaňlanýar. Ikinji—hasrat. Ogullary urşa giden eneler Murgabyň kenaryna baryp, walsyň tempindäki tolgunmany başdan geçirýärler, elewreýärler, başlaryny ýaýkaýarlar. Olaryň arasynda garry enem, doganlarym, deň-duşlarym hem bar. Bu pursat walsy gözýaşsyz diňlemek mümkin däl. Saz kiparlaýar. Parahat durmuş dowam edýär. Wals janlanýar. Durmuş janlanyp başlaýar. Kenardaky oglanjyk ganatlary telim dürli reňke bezelen, älemgoşara meňzeýän kebelegiň yzynda at salyp ýör. Kebelek gaçýar, oglanjyk kowalaýar. Oglanjyk gaçýar, kebelek kowalaýar. Oglan kebelegiň, kebelek oglanyň daşynda walsyň tempinde pyrlanýar. Sazda arakesme peýda bolýar. Birdenem sazyň başlanmagy bilen oglanjyk Günüň dogan ýerinden bärligine ylgap gaýdýar. Hoş habar. Sazyň aýtmagyna görä, çaga dünýä inipdir. Oglanjyk ol hoş habary adamlara buşlamaga howlugýar. Ol ýodajyk bilen göni ylgamaýar, sazyň talap edişine görä, aýlanyp, pyrlanyp, bokjekläp ylgaýar. Dünýä şadyýan, kenar şadyýan, suw şadyýan. Balyklar suw ýüzünde bökjekleýär. Suwuň şadyýan sesi eşidilýär. Ol sesi walsyň owazy bezeýär. Suw aýlanýar, kenar aýlanýar, oglanjyk aýlanýar. Olaryň ýany bilen diňleýji bolan senem aýlanýarsyň. Seni oglanlyk zamanyňa göterip giden saz tamam bolýar. Çagalygyň bagtly, ululygyň hasratly dünýäsine girip çykan adam esli mahallap tolgunmakdan saplanyp bilmeýär… Geň zat: men Dunaý derýasynyň Buda bilen Peşti birleşdirýän pyýada köprüsiniň üstünde durup, “Mawy Dunaýy” hyýalymda gaýtalap gördüm. Wagt agşamara. Elektrik yşyklary suwuň ýüzüni ýagtylandyrýar. Owadan Gellert dagy kenaryň görküne görk goşýar. Murgapdan 20-30 esse uly Dunaýyň ortasyndan ak gämi derýany doldurýan saz-söhbeti bilen lowurdap geçip barýar. Aşyk-magşuklar gaýyk kürekleýär. Gözel kenarda gol tutuşyp ýörenlerem, öpüşip duranlaram bar. Parahat akyp ýatan Dunaý birden tolgunýar, suw köwlenýär, owaz edýär. Hyýalyňda niçik joşgun döretseň döredibermeli pursat. “Mawy Dunaý” mawy Dunaýyň täsiri bilen ýazylanam bolsa, meniň aňyma Murgap bolup giripdir. Beýik Ştrausyň ruhy meni bagyşlasyn welin, maňa indi Murgapdan Dunaýa dolanmak ýok. Belkem, men ol walsy nädogry diňleýändirin, belkem, men ol walsa nädogry düşünýändirin. Emma men öz diňleýşimden tükeniksiz lezzet alýaryn. Sen, hormatly okyjym, sazy, belkem, başga bir ýol bilen diňleýänsiň. Ol oz işiň. Ýöne Ştrausyň “Mawy Dunaýy” eliňe düşäýse, ony ýokarda aýdylan tilsim bilenem bir gezek diňläp gör. Önüp-ösen, oglanlygyň geçen ýerinde derýa ýok bolsa, çasly akyp ýatan ene ýaby göz öňüne getiräý. Ýa-da hyýalyňda özüň üçin Şabatmy, Lebapmy, Tejenmi bir derýa ýasan. Belki, sen ol sazdan mendenem zyýat keýp çekersiň. Şeýle ýol bilen Ödenýaz Nobatyň aýdan “Ogulbeg” diýen aýdymyny diňleseňem, tükeniksiz lezzet bar. Çünki ol biziň aýdymlarymyzyň ählisinden gurluşy boýunça-da tapawutlanýar. Ol üç bölümden, ýasawdan ybarat. Oňa türkmeniň walsy diýseňem bolman durjak däl. “Ogulbegiň” “Kara-kara gözler bilen gözleşmeşek oýnagaly” diýip başlanýan bölümi parahat wals bolup ýaňlanýar… Ýaz aýy. Gün dogup gelýär. Ýap-ýaňy ýeňiljek ýagyş ýagypdyr, bulut syrylypdyr. Türkmen sährasy. Öleňleriň üsti ýaşyl öwüsýär. Taýagyna söýenip duran ýaş ýigit—çopan. Guzy kowalap barýan gözel gyz. Ak topuk, ak bilek, gök meýdan, mymyk şemal, ýaşlyk, arzuw, hyjuw… Sen bolsaň beýle pursady bireýýäm duşuňdan geçirip, altmyşyňmy ýa-da ýetmişiňmi depesinden seniň üçin indi gaýdyp gelmejek şol gözel görnüşe kesesinden ser salyp dursuň. Şol ajaýyp görnüşiň seniň üçinem, özi üçinem alysda galandygyna haýpy gelip, Nobat bagşynyň ýetmiş ýaşan beýik ogly zarynlaýar, aglaýar. Sen neneň Ödenýazyň sesine sesini goşup zarynlamajak… Saz nähili beýik sungat! Hiç bir roman, hiç bir sahna seni beýle derejede öz erkine, öz eline alyp bilmez. 16. 07. 86. Pissunda. Abhaziýa. Gara deňziň kenarynda otyrkak, Gylyç Mämmedowiç Kulyýew özüniň täze ýazan “Güljemal han” romanynyň bir bölümini diňlemegimi haýyş etdi. Ol, eger ýalňyşmaýan bolsam, romanyň iň soňky parçasydy. Bölekde Güljemal han per ýassyga bagryny berip, hyýal ýüwürdýär. Ol hyýalynda görmegeý, daýaw ýigit bilen duşuşyp, her hili täsin wakalary göz öňüne getirýär. Hyýal ýüwürtmäniň, göz öňüne getirmäniň “serhetden” gatyrak geçäýýän ýerleri-de bardy. Bölek okalyp bolnandan soň, Gylyç Mämmedowiç ol barada meniň pikirimi bilmek isledi. Men adaty gönümelligim bilen, ýuwmarlap durman, iki sany bellik etdim. —Birinjiden-ä, Gylyç Mämmedowiç, şu okalan bölek edil “Gara kerwen” romanyndaky ýaly çakdanaşa uzyn jümleler bilen agsaýar (Men “Gara kerwen” rus dilinde çap edilende, neşirýat üçin ýazan içki resenziýamda şeýle nogsanlygy belläpdim.). Siziň bir gahrymanyňyz doklad edýän ýaly, arasyny kesmän, tutuş bir sahypalabam gepläýýär. Bu durmuşdan daşlaşmak bolýar. Durmuşda gepleýän adam her näçe ýaňra bolsa-da, gürrüňdeşi, iň bolmanda, “Hä”, ”Hawa bilen” gepe goşulýar welin, gürrüňiň arasyny bölýär… Gylyç Kulyýew meniň belligimi dogry hasap etse-de, öwrenen endiginden daşlaşyp bilmeýändigini boýun aldy. —Ýene näme aýtjak? —Ikinjiden, Güljemal han Töre soky gyzy, aýalam bolsa, tutuş Merwiň, uly iliň hany, Nurberdi hanyň dul galan zenany. Il oňa hormatly ene hökmünde garaýar. . Elbetde, enelerimiz, ýaňky Güljemalyň hyýalyndaky ýaly arzuwlara (halal manyda) gulluk etmedik bolsalar, bizem dünýä inmezdik. Ol ýaşaýşyň, ömrüň kanuny. Ýöne şeýle-de bolsa, uly iliň öz enesi hökmünde garaýan aýalynyň ýaşyryn arzuwlaryny okyja beýle derejede açyp görkezmek çökderräk bolýar... Gylyç Mämmedowiç meniň ikinji belligim bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy. Men oňa Ýuriý Şaporiniň “Oktýabr” diýen operasyny ýatlatdym. Şol operanyň gahrymanlarynyň biri bolan W.I.Lenin eseriň ilkinji, köpçülige görkezilmedik nusgasynda öňe çykyp, uzyn ariýany zowladyp ýerine ýetirýär eken. Soňky nusgada bolsa Lenin aýdym aýtmaga derek, geplemek bilen oňdurylýar. Dogry, Leninem adaty adamlar ýaly, aýdymam aýdandyr, arak-şerabam içendir, gybatam edendir. Ýöne, ony öňe çykyp aýdyma zowladyp duran edip görkezmekden saklamaklary örän ýerine düşen çözgüt. Adaty adamdygyna garamazdan, Lenini sungat eserinde beýle derejede edip görkezmek ýerliksiz bolardy. Güljemal hanam, meniň pikirimçe, şeýle bolmaly. Olam öz derejesinde Merwiň Lenini ýaly adam… Gylyç Mämmedowiç meniň delillerimi kabul etmedi. Belkem, ol mamladyr. “Kim gaýkyny söýer, kim küýkini!” Krym, Koktebel, 1987. Şu gün ir sagat dokuzyň ýarynda Aşgabadyň Andalyp köçesinde Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary bolup işlän Myhammetnazar Gapurowa gabat geldim. Ol koçäniň beýleki tarapynda, agajyň saýasynda kimdir birine garaşyp durana meňzeýärdi. Daýaw, gelşikli, kaşaň geýnen, garramandyram. Men ony bäş-alty ýyl bäri görmändim. Men köçeden geçip, ýaşulynyň ýanyna bardym, Ol gadyrly salamlaşdy-da, özi işleýän döwrümde meniň sowgat beren kitabymy pensiýa çykandan soň okandygyny aýtdy. Ol eseri okandygyny tekrarlajak bolýan ýaly: “Kitapda türkmen tireleriniň konsolidasiýa meselesi örän oňat çözülipdir”- diýdi. M.G.Gapurow meniň Türkmenistana ymykly göçüp gelendigim baradaky habarymy baş atyp makullady. —Her kim öz Watanynda ýaşasa ýagşy! Men oňa: —Muhammetnazar Gapurowiç, siz köpi gören adam: urşa-da gatnaşdyňyz, komsomol, partiýa işlerinde-de işlediňiz, uzak mahallap respublikanyň ýolbaşçysy hem bolduňyz—diýdim. —Siz Türkmenistanyň şu günki ýagdaýyna nähili baha berýärsiňiz? Gapurow ýüzüme dikanlap seretdi-de: —Tagan, —diýip, adyma derek familiýamy tutdy. —Beýle sowala jogap gaýtarmak maňa ýeňil düşmeýär. Hakykaty aýtsamam, öwünýän ýaly görnerin. Sebäbi men 17 ýyl Türkmenistanyň ýolbaşyçy boldum. Sen ykdysady meseläni göz öňüne tutýaňmy? Halkyň ýaşaýyş derejesiniň nähilidigini hemmeler görýär. Ýöne hemmeleriň görse-de üns bermeýän bir meselesi bar… —Ideologiýamy? —Ideologiýa. Şol meselede biz goňşy döwletleriň öňünde-de gelşiksizräk ýagdaýda galýarys. —Ol ýalňyşy nädip düzedip bolarka, ýaşuly? M.G.Gapurow mekir ýylgyrdy. —Indi ony diňe wagt düzedip biler… 1-nji iýul, 1997. Iki aýa golaý Murgapda, obada boldum. Şu gün Aşgabada dolandym. Ýeke setirem eser ýazmadym, diňe publisistiki kitaplary hem Sergeý Woroniniň “Mandarinowyýe korki” diýen hekaýalar we powestler ýygyndysyny okadym. Toýa, ýasa gatnaşdym, mellek işledim. 21.08.1997. Obada bolan günlerimiň birinde Gojugyň toýunyň-ýasynyň bezegi Hudaýberdi işan Sapar oglunyň öýüne salama bardym. Ol örän täsin adam, SSSR döwründe namaz okamagy taşlap, SSSR ýykylandan soň, namaza başlanlardan däl. Işan aga klassyky edebiýatdan, esasanam, Magtymguly bilen Nowaýydan kän goşgulary ýatdan bilýär, edebiýata, durmuşa tankydy göz bilen garamagy başarýar, syýasat, dünýä ýagdaýy bilen gyzyklanýar. Ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan, ol örän ýatkeş. Bu gezegem ol ikimiziň aramyzda edebiýat hakda-da gürrüň boldy. Ol Magtymgulynyň goşgularynyň käbirini bagşylaryň ýoýup aýdýandyklaryndan mysallar getirip zeýrendi. Hudaýberdi işan uzak gürrüňleşikden soň maňa ýüzlendi-de: —Hälimi-şindi ýaňlanyp duran , “Ak saçly perişde” diýen aýdymy aýtmalaryny goýdular welin, aýdymyň manysy Saparmyrat patyşaň öz gulagyna ýetäýdi öýdýän?—diýdi. Men işan aganyň ýüzüne sowally nazar aýladym. Ol çalaja ýylgyrdy. —Düşünmediňmi? —Düşünmedim, işan aga. —Düşünmedik bolsaň, düşünip goý. Şol aýdymy aýtmak gaty hebes. —O näme üçin hebes? Aýdym aýdymdyr-da… Işan aga Allatagalallanyň edil ýanynda oturan ýaly bolup gepledi. —Allatagalalla öz perişdelerine tabşyryk paýlady. Her kime-de özüne ýetik borç berdi. Şonda ol Melekül-möwt hem diýilýän Ezraýyl perişdäni ýanyna çagyryp, oňa: “Sen adamynyň janyny alýançy bolarsyň” diýdi. Ol habary eşiden Ezraýlyň gara saçy ap-ak boldy galaýdy. Elbetde, Hudanyň buýrugy bolsa-da, adam janyny almak ýeňil iş däl-dä. Üstesine-de sen iň ýigrenji perişde bolup galýaň. Şunlukda, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda ýekejesi ak saçlydyr. Olam Ezraýyl perişdedir… Indi bizem öz patyşamyzy adamyň janyny alýan ak saçly perişdä meňzedip aýdym aýdyp ýörsek. Maňa-ha şol aýdym ýaranok. Hudaýy tanaýanyň hiç haýsy-da ol aýdymy halamaz. Gaty birhili bolýar-a… 06.07. 97. Murgap. Döwürdeşlerimiziň aňyna mäkäm ornaşyp giden “student” diýen latyn sözüni döwürdeşlerimiziň aňyndan çykyp giden, gönümel manysyna görä dini medresäniň okuwçysy diýen many berýän “talyp” diýen arap sözi bilen çalşyran bolmakdan näme utýarkak? Medeniýetimiz ýokarlanýarmyka? Öz dilimize geçdigimiz bolýarmyka? * Prezident Nyýazowyň ile çykanda 100-200 dollar paýlamagy prezident derejesindäki adam üçin örän gelşiksiz. 2004. Ýigriminji asyryň ikinji ýarymynda türkmen edebiýaty, has beterem türkmen sungaty geçen asyrlaryň hiç birinde bolmadyk derejede ösdi. Onuň sebäbi türkmen medeniýeti dünýäniň ösen medeniýeti bilen gatnaşykda boldy. Esasanam SSSR halklarynyň medeniýetinden kän zat öwrendik. Emma türkmen medeniýeti, SSSR halklarynyň islendiginiň medeniýeti bilen deňeşdirilende, esli yza galdy. Onuň sebäbi bolsa bizde medeniýete tebigat tarapyndan medeni duýgy berilmedik Çary Ataýew ýaly hünäri boýunça ykdysadyýetçi ýa-da Orazgeldi Aýdogdyýew ýaly bisowat hem komsomolyň “tur, otur, kersen getirleri” ýolbaşçylyk etdiler. Olar biziň medeniýetimizi ösdürmäge derek öz pes şahsy medeniýetiniň derejesine çenli aşak düşürdiler. 1995. Şu gün poçtadan gelýärkäm, Türkmenistan Ýazyjylar birleşigine sowuldym. Ol ýerde Atamyrat Atabaýew bilen çagalar ýazyjysy Kasym Nurbatow bar eken. Ylymlaryň kandidaty bolany sebäpli, okuw kitaplarynyň programmasyny düzmäge-de dahylly K. Nurbatow: “Atajan Taganyň eserleriniň hem biografiýasynyň geljek ýylyň okuw programmalaryndan aýrylandygyny” aýtdy. Men ol habara geň galmadym. Meni diňe okuw kitaplaryndan däl, tutuş edebiýatdan öçürmek üçin ähli çäreleriň görülýändigini bilýärin ahyryn. 25.09.97. Ýazmaga taýyn hasaplaýan “Ýekegöz oglan” atly hekaýama asla girişip bilemok. Şu gün sekizinji gezek ýazan birinji sahypamy ýene ýyrtyp taşlamaly boldum. Eseriň birinji jümlesi, ilkinji abzaslary maňzyňa batmasa, yzy hem ýöremeýär. Bir hekaýanyň bir sahypasy üçin näçe kagyz garalanýar, näçe wagt ýitirilýär! Bu görgüleriň näme üçin gerekdigine özümem düşünemok. 26.09.97. “Başyňa ala ýabylynyň gününi salaryn”, “Başyňa ala ýabylynyň güni gelsin” diýen gepiň manysyny çaklaýanam bolsam, anyklaşdyrmak üçin Kaka Salyha jaň etdim. Jogap göwnümden turmady. Tejen Nepes hem gümürtik jogap berdi. Ahyr ýazyjy Atda Durdyýew onuň manysyny düşündirdi. Asyl, ala (agzynyň töweregi pis açan) ýaby öň zamanlarda halanmaýar eken. Özüni sylaýan adam beýle ýabyny münmändir. Ala ýabyny münüp, bir obanyň çetinden baraýsaňam, seni oglanjyklara kesekledip, hatara goýbermän masgara edýär ekenler. Muny bagşy goňşym Hangeldi Annamyradow hem tassyklady. 27.09.97. Şu gün goňşymyz gelin edindi. Agşamlyk toýhana bardyk. Saçagy bereketli dabara başlandy. Ýöne ýigit bilen gyz welin mahaly bilen öz ýerlerine gelip oturmadylar. Olar märekäni kän garaşdyryp, ahyr toýy bezediler. Derrewem adamlaryň arasynda “hyşy-wyşy” peýda boldy. Asyl toý sebäpkärleriniň gijä galyp gelmekleriniň syry bar eken. Öýlenýän ýigidiň täze köwşüni ogurlapdyrlar. Ol başga aýakgap tapylýança, garaşmaly bolupdyr. * Seniň belent derejedäki adam bolup görünmegiňe, belkem, öz döwürdeşleriň pes derejesi sebäpkärdir. * Tejribesi artdygyça, köp okap, köp bildidgiçe, ýazyja kagyz garalamak işi aňsat düşäýmeli ýaly welin, tersine bolup çykýar. Belkem, oňa ýazyjynyň gowy bilen horda parh goýmak ukybynyň kämilleşýändigi sebäpkärdir. * Şu gün Ýuwaş okeana suwa düşdim. Ol ýuwaş däl, däli eken: Adyň Ýuwaş, özüň däli. Ýuwaş umman! Ýuwaş umman. Garly dag dek ak gomlaryň. Haýran edýär aklyn hemmäň. Özüň däli adyň Ýywaş... (Goşgy ýöremedi.) 02.12.1987, Hanoý. Ruslarda “toý generaly” (“Swadebnyý general”) diýen düşünje bar. Onuň esasy manysy bolsa, gowy daş sypat bilen çapraz gelýän içki mazmun. Generallaryň agramy, öňi bilen olaryň harby edermenligi bilen ölçelmeli. Olaryň daş sypaty nernäçe bigörk hem bolsa, söweş ukyby esasy häsiýetnama bolýar. Ýöne däri ysyny almadyk, söweş täliminiň nämedigini bilmeýän, toýy-saçagy bezeýän generallar hem bolýar. Olar diýseň syratly, üstesine-de ortaça derejedäki märekäniň göwnünden turýan söz tapmaga-da ökde bolýarlar. Ýolbaşçylaram olary gowy görýärler. Şolara toý generaly diýilýär. Men şeýle generallaryň birine Moskwa şäheriniň “Nowodewiçýe” gonamçylygynda ýazyjy N. S. Tihonow jaýlanan pursady gabat geldim. Boýy 2 metrden belent bolmasa pes däl, çakdanaşa görmegeý, syrdam general-maýor kopçüligiň gapdalyndan iki tarapa gezmeläp, gölegçilere serenjam berýärdi. Hemme kişi şol owadan generala seredýärdi. Men ýanymda duran terjimeçi şahyr Naum Isaýewuç Grebnewden: — Ol general Nikolaý Semýonowiçiň garyndaşymy?—diýip soradym. Ýok-la—diýip, Naum Isaýewiç elini silkip goýberdi. —Onuň Tihonowa hiç hili dahyly ýok. Oňa “Toý generaly” diýýäler. Häzir ol “Märeke generaly”. Olary uruş üçin däl-de, märeke bezemek üçin saklaýarlar. Häli görseň, ol generalyň derekli bir işi hem ýokdur-da, boş stol saklap, aýlyk alýandyr. Toýa, ýasa garaşyp, pişesiz oturandyr… Her işiň, şol sanda edebiýatyňam öz toý generallary bolýar. Ýöne biziň Sapar Öräýew ýaly awtorlarymyza daş sypatynyň owadanlygyna görä däl-de, ýaranjaňlyk ediş derejesine görä “generallyk” nyşanyny berýärler. Edebiýatyň “generallary” köpçülik işlerine gatnaşmaga, öňe çykyp söz sözlemäge mydam döwtalap. Şonuň üçinem olar hälimi-şindi telewizorda çykyş edýärler, uly-uly kabul edişiklere çagyrylýarlar, harajatyny döwletiň çekýän daşary ýurt saparlaryna äkidilýärler. Ilçilikde ol “generallaryň” uly ýazyjy hasap edilýän bolmagam ahmaldyr. 1979—96. Alekseý Panteleýewiň “Çala açyk gapy” diýen ýygyndysyny okadym. Göwrümli kitaba ýatlamalar, ýol ýazgylar hem Leningrad blokadasynyň wakalary baradaky gündelik girizilipdir. Gündelik has-da täsir galdyrýar. Geň zat: rus ýazyjylarynyň hemmesi diýen ýaly, intelligensiýasynyň bolsa agramly bölegi gündelik ýöredipdirler. Ol geçen asyrda hasam ýörgünli bolupdyr. Häzirem gündelik ýöredýän rus ýazyjylarynyň sany gaty kän. Türkmen ýazyjylarynyň welin çyny bilen gündelik ýöredýäni ýok bolsa gerek. Bar hem bolsa, okyjy-ha bilenok. Dogry, Ata Atajanow nirede bolsa-da, bloknotyny çykaryp (Men beýle häsýeti halamaýaryn. Ol ýasamalyga golaýlaýar. Belligi ile görkezip etmek hökman däl) köpüň öňünde bir zatlar ýazyşdyrýar. Ýone ol hem deslapky makala üçin edilýän žurnalist bellikleri bolaýmasa (Ata Atajanow ýazyjy gündeligini döretmän dünýäden ötdi). Kaka Salyhdan alyp, Mämmetdurdy Annagurdowyň (Oňa “Möjek aga” diýýär ekenler) “Döwür, adamlar, ýyllar…” diýen ýatlamalar kitabyny okadym. Ol, esasanam, awtoryň öňki kitabynyň gaýtalamasy bolup çykypdyr. Ony gündelik hasap edýänlerem bar. Ýöne ol gündelik däl. Ol uzyn ýazylan ýatlama. Ýewropa hem rus awrorlarynyň ýatlamalary başgarak ýazylýar. Oňa garamazdan, öz döwrüniň täsirli wakalaryny örän oňat bilýan awtoryň kitaby şüweleňli okalýar. Bize şol wakalary “Möjek agadan” başga hiç kim beýan etmedi, wakalaryň içinde bolan şol awtordan başga hiç kim ony ýazyp hem bilmezdi. Alym awtoryň eden işiniň gymmaty hem şondan ybarat. Özüm-ä käbir çeper eseri okanymdan akylly-başly ýazylan gündeligi, ýatlamany okanymy has gowy görýärin. Çünki gündelik – konkret, hakyky waka, durmuşyň onçakly ýoýulmadyk fakty. Gündelik —ýatlama, hut şonuň üçinem gymmatly hem höwes bilen okalýar. 2.10.97. Martynow Lermontowy, Dantes Puşkini öldürip, Kaplan Lenini atyp taryha girdi. * 14-15 ýaşly bir obadaşym okuw ýylynyň başlanmazynyň öň ýany Mary şäherine gidip bir topar okuw kitaplaryny, esbaplaryny, jigilerine-de birki kg süýji-köke alypdyr. Onuň alan zatlarynyň hemmesi bir tor haltajykda eken . Ýetginjek toryny köçäniň gyrasyndaky agajyň şahasyndan asyp, uniwermaga girýär. Iki minutdan daş çyksa, oglanyň tory asan ýerinde ýok. Ol oba gelensoň, gabat gelene şäherlileriň erbet adamdyklaryny geň galyp, gürrüň berýär. Wah, hemme kişiniň ýüregi şol gojukly ýetginjegiňki ýaly bolsa, düňýä bireýýäm düzeläýmejekmi! * Geniý ýalňyşybam akmaklyk etmese ýagşy. Çünki onuň eden ýekeje ýalňyuşyny müň sany akyllynyň ömürboýy eden akyllylygy-da düzedip bilmez. * Hudaý — adamlar üçin tapylgysyz gaçybatalga. Praktiki çözgüdi ýok meseläniň çözgüdiniň bardygyny ynandyrjak bolanlarynda “ýüki” Hudaýyň üstüne ataýýarlar. * 1985-2000-nji ýyllar aralygynda kitaplaryny “Şulardan-a bir zat öwrense bolar” diýip okan prozaçylarym: Kömek Kulyýew, Ahmet Halmyradow, Agageldi Allanazarow, Osman Ödäýew, Taňryberdi Hojakgaýew. * Telewizory açdym. Uzyn boýly, gara murtly, görmegeý ýigit: Öpüşmekden bir iş bitmez, Tur, gaýt, oglan, saba boldy! — - diýip aýdym aýdyp dur. Gowy aýdym. Ýöne gelşiksiz. Umuman, erkek adam aýalyň dilinden aýdym aýdanda, ony, näme üçindir, germafroditdir (hem erkeklik hem aýallyk jynsy bar adam) öýdýärsiň. * Watançylyk urşy döwründe, biziň obamyzda akyla sygmajak ýaly bolup görünýän bir topar düşnüksizlik bolupdyr. Olardan birini mysal getireýin. Iň kiçisinden iň ulusyna çenli ýaşy hem saglygyna görä urşa gatnaşaýmaly alty doganyň biri-de Watan goragyna çagyrylman, bir kempiriň üç-dört sany maýda çagaly ýeke ogly çagyrylypdyr (Uruşda wepat bolan meniň kakamam şol ýalňyz enäniň ýeke perzendi eken). * 1950-nji ýyla çenli biziň “Gyzyl meýdan” diýen ýasama at göterýän obamyz “Bolşewik”, “Gyzyl Oktýabr” hem Kalinin adyndaky üç sany çaklaňja kolhozdan ybaratdy. Soň “Bolşewik” bilen “Gyzyl Oktýabr” birleşip, häzirki Murgap etrabynyň “Ýalkym” geňeşligine öwrüldi. Kalinin adyndaky kolhoz bolsa (Häzir onuň ady “Täze ýol”) Mary etrabynyň düzümine girdi. Men şol bir oba—üç kolhozdan Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerine hem “Işçi batalýony” diýilýän gulluga gidip, gaýdyp gelen-u- gelmedikleriň sanawyuny düzmegi ýüregime düwdüm. Çünki ýene 15-20 ýyldan olaryň atlaryny doly biljek adam hem tapylmaz öýdýärin. Hatda şu mahalam diňe ozalky iki kolhozdan bolan sanawy-da gaty kynlyk bilen jemledik. Emma maglumat ýygnamak üçin “Täze ýol” geňeşliginden urşa gatnaşyp, “çep eliniň süýem barmagyny” aldyryp gelen bir ýaşula ýüz tutdum welin ol: “Aý, olar ýaly spisek nämä derkar?” diýen geň sowal berdi. Aşakdaky entek doly däl (“Täze ýol” geňeşliginden maglumat ýok) sanawy düzmäge gatnaşan obadaşlarym Ata Ataballyýewe, Meret Babaýewe, Durdy Jumageldiýewe, laman Taganowa, Oraz Öweznyýazowa, Ogulbeg Öweznyýazowa, Myrat Mämmedowa, Abdylla Bakyýewe, Oraznyýaz Çerräýewe, Meret Jumaýewe minnetdarlyk bildirýärin. Elbetde, sanawy gutarnykly toplamak bize başartmadyk bolmagy-da ahmal. Şonuň üçinem meniň ýazgyma obadaşlarymdan kimdir biriniň ady goşulman galan bolsa, men onuň ruhunyň hem garyndaşlarynyň öňünde ötünç soraýaryn. “Gyzyl meýdan” oba “Bolşewik” kolhozyndan: 1. Oraz Salyh 2. Kerim Sapar 3. Atabally Abdylla 4. Çary Ýemmet 5. Baga Ýemmet 6. Hommatjuma Derýa 7. Baýjan Aga 8. Ata Atagarry 9. Küle Atagarry 10. Çary Atagarry 11. Kerim Oraz 12. Rahym Oraz 13. Atajan Akmyrat 14. Nury Akmyrat 15. Sähet Çakan 16. Paş Amanberdi 17. Nepes Nuly 18. Anna Nuly 19. Hajy Nuly 20. Çary Nuly 21. Meret Baba 22. Ata Belmyrat 23. Nazar Döwlet 24. Sapar Nazar 25. Juma Öwezmyrat 26. Öwezgeldi Mergen 27. Baba Amanberdi 28. Durdymyrat Gulberdi 29. Bazar Durdynazar 30. Aga Durdynazar 31. Allaberdi Sapar 32. Çary Annamämmet 33. Meşşew Annamämmet 34. Durdymyrat Meşşew 35. Aman Ilmyrat 36. Ilmyrat Atajan 37. Meretdurdy Agamja 38. …………. . Agamja 39. Esen Kellemen 40. Muhy Kellemen 41. Şamyrat Gojuk 42. Oraz Şamyrat 43. Gurban Şamyrat 44. Çary Garry 45. Durdy Garry 46. Ballaý Çary 47. Jetdi Çary 48. Çary Mergen 49. Ýazy Mergen 50. Juma Atahan 51. Atda Atahan 52. Geldi Atahan 53. Çary Atahan 54. Sapar Geldimämmet 55. Muhammetmyrat Atajan 56. Oraz Kölli 57. Durdy Kölli 58. Durdy Jumageldi 59. Reşit Atajan 60. Omar Gurban 61. Paýzy Agar 62. Rahman Hojamguly 63. Gylyç Çör 64. Myrat Çör 65. Tagan Öwez 66. Bazar Berdi 67. Meret Berdi 68. Anna Hojamyrat 69. Han Arap 70. Akmyrat Atageldi 71. Gurban Ýagşy 72. Hydyrguly Honnaly 73. Jumma Alekber 74. Rejep Alekber 75. Hojamuhammet Täşli 76. Saparmuhammet Täşli 77. Şamuhammet Täşli 78. Akmuhammet Täşli 79. Tahyr Bazar 80. Ishak Bazar 81. Meret Luma 82. Orazberdi Juma 83. Gurbandurdy Gurt 84. Alladurdy Gurt 85. Orazdurdy Atda 86. Jora Aga 87. Meretguly Jora 88. Hojaguly Jora 89. Hommat Mürrän 90. Mämmetguly Juma 91. Motan Pälwan 92. Berdi Hudaýnazar 93. Akmämmet Hümmet 94. Gara Atageldi 95. Oraş Atageldi 96. Gylyçdurdy Atageldi 97. Şaja Gara 98. Teke Öwlüýguly 99. Oraz Öwlüýäguly 100. Berdi Aky 101. Ataly Batyr 102. Aga Ata 103. Käbe Atahan 104. Nury Kakajan 105. Öwez Kakajan 106. Ata Kakajan 107. Haşym Kakajan 108. Aga Arabaçy 109. Berdi Arabaçy 110. Hojaguly Ata 111. Geldi Agar 112. Gurtgeldi Welmämmet 113. Aga Burkaz 114. Şükür Seýitjan 115. Berdimyrat Meşşew 116. Ata Teke 117. Suhan Teke 118. Gara Çary 119. Orazbaý Orazguly 120. Şirli Palta 121. Garly Togtamyş. “Gyzyl meýdan” oba “Gyzyl Oktýabr” kolhozyndan: 124. Bazar Durdy 125. Mahmyt Durdy 126. Rejep Durdy 127. Mämmet Hutdy 128. Çary Rejep 129. Sähetmyrat Rejep 130. Gurban Orazmyrat 131. Berkeli Aly 132. Ata Orazmyrat 133. Ahmet Mollahan 134. Sary Süleýman 135. Artyk Çary 136. Nobat Muhammet 137. Atabal Söýün 138. Hojamma Söýün 139. Oraz Baba 140. Tejen Aly 141. Baýramgeldi Baýja 142. Sapar Bäşim 143. Gurbangeldi Sapargeldi 144. Muhammet Teke 145. Çary Teke 146. Oraz Öweznyýaz 147. Ata Abyl 148. Rejep Baba 149. Ata Mämmedi 150. Hommat Atda 151. Baba Annamuhammet 152. Illä Annamuhammet 153. Gylyç Annamuhammet 154. Annageldi Aşyr 155. Ata Rahmanguly 156. Hojamuhammet Rahmanguly 157. Berdi Rahman 158. Öwezdurdy Agajan 159. Täzebaý Çomma 160. Oraz Annaly 161. Allan Berdi. 162. Mämmetnur Serdar 163. Öwez Goçmämmet 164. Omar Goçmämmet 165. Gylyç……………? 166. Söýün Bäşim 167. Çary Bäşim 168. Akmämmet Bäşim 169. Oraz Hudaýberdi 170. Hommy Rahman 171. Salyh Rahman 172. Ata Ora 173. Seýit Gully 174. Japar Seýit 175. Nurmämmet Seýit 176. Allaly Anna 177. Myrat Mämmet 178. Meredaly Kartana 179. Ata Nurmyrat 180. Muhammedoraz Tagan 181. Gurban Tagan 182. Aýdogdy Çaryýar 183. Baba Amanberdi 184. Ata Guljar 185. Rüstem Seýit 186. Sapar Lolluk 187. Öwez Ablaly 188. Atajan Öwez 189. Nurgeldi Gowşut 190. Annadurdy………. . ? 191. Kakabaý Baky 192. Akmyrat Baky 193. Aga Baky 194. Juma Çyplak 195. Mäti Kelew 196. Ata Kelew 197. Zakyrýan Öwez 198. Annaoraz Annaçary 199. Pohly Annaçary 200. Muhammet Nepes 201. Ýalkap Tat 202. Ata Kese 203. Çary Kese 204. Seýit Gully 205. Muhammetberdi Aba 206. Gara …………? 207. Nurberdi Ummat 208. Ata Suhan 209. Gurt Mämmet 210. Ýaýlym Kör 211. Ýagmyr Atajyk 212. Bäşim Halsähet 213. Bally Hanbaý 214. Atabally Seýit 215. Rahmanguly Allaguly 216. Aşyr Nury 217. Muhammetmyrat Işan 218. Abyl Akmämmet 219. Ata Amanberdi 220. Söýün Paşşy 2004, Murgap. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |