17:20 Kyrk ýylda ýazylan kitap -21: Boş galdy, boş galdy | |
• BOŞ GALDY, BOŞ GALDY (Öwelek işan Durdymyradow Murgapdan Mara işe geçende ýazylan degişme) Murgapny terk etdi aşna, Ykbal kaş geldi, kaş geldi. Merwden bir aňry aşma, Ýollar daş boldy, daş boldy. Durdymyrat ogly täkdir, Hiç bir ogul ança ýokdur. Ýazym ötdi, güýzüm zäkdir, Öňde gyş galdy, gyş galdy. Mydam hoşdy barganymda, Taňry salam bergenimde. Sähermiş diýp turganymda, Günüm çäş galdy, çäş galdy. Kylar erdik her gün sapar, (Köňül niçik rahat tapar!?). Il gelerdi topar-topar, Bary düýş boldy, düýş boldy. Hem tekepbir, hem-de sada, Ynsanlyk oň üçin kada. Gowşutbentli asylzada, Köpe baş boldy, baş boldy. Kiçä—kiçi, ula—uly. Bolsa, meger şoldur weli. Öweleksiz, Magtymguly, Murgap boş galdy, boş galdy. Murgap, 1998. Türkmenistanyň Prezidentine üçünji gezek Gahryman adynyň dakylmagy mynasybetli, öten agşam bir töpar şahyr telewideniýede çykyş etdi. Şonda Gurbanýaz Daşgynow özüniň: “Pygamber” diýp dogry aýdýar Durdy Kar” diýen setirini haýbat bilen gaýtalap okady. Ol sözlerini şeýlebir ynam bilen nygtady welin, indi pygamberlik ady Durdy Karyň görkezmesi bilen berilýän ýaly bolup duýuldy. 21.07.98. “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň düýnki sanynda Prezidentimize nobatdaky berlen Gahryman ady bilen gutlanlaryň çap edilen sanawunda meniňem adym bar eken. Şonda “Türkmenistanyň Halk ýazyjysy A.Tagan” diýlip ýazylypdyr. Birinjiden-ä, A.Tagan halk ýazyjysy däl, ikinjidenem, men Prezidenti gutlap telegramma bermändim. Bu ýagdaýa nähili düşünmelikä? 24.07.98. Şu gün şahyr Durdy Haldurdynyň maşgalasy onuň ruhuna sadaka berdi. Gaty kän adam, şol sanda TKP MK-nyň ozalky birinji sekretary M. G. Gapurow hem geldi. Myhmanlaryň köpüsi onuň bilen ör turup görüşdi. Urşa gatnaşanlar bir-birege mydama sarpa goýýarlar. 21.07.98. * Garry goňşym bar. Togsan ýaşa ýetiberen. Ilki tanşanymda, ol daşarda çilim çekip oturan eken. Egninde-de gaty köne esger gimnastýorkasy bardy. Onuň çekýäni hem sigaret ýa-da papirosam däldi-de, gazýet bölegine dolap çekilýän gara temmäkidi. Şol hem onuň gaty köne adamdygyndan habar berýärdi. —Wasiliý Iwanowiç!—diýip, ol tanyşlyk berdi. Men hem öz adymy aýdanymdan soň, gojalaryň magtalsa, gowy görýändiklerini ýatlap: —Wasiliý Iwanowiç diýdiňizmi? Onda sizem, edil Sowet Soýuzynyň Gahrymany, marşal Çuýkow ýaly bolýarsyňyz-da?-diýdim. Goňşym kemsinen ýaly bolup, ýüzüni turşartdy. —Ýok, gadyrdanym, Çuýkow ýaly däl-de, Çapaýew ýaly! Men şol pursat Çapaýewiňem Wasiliý Iwanowiçdigini ýadyma saldym. Goja goňşy juda düýpden tutýardy. 1994 Il arasynda “Halk diýilýän zat goýun sürüsi ýalydyr, çopan hanja sürse, şol tarapa-da gider barar” diýen gep bar. Ýöne türkmen halky-ha, käte goýun sürüsiçe-de ýok ýaly. Biz öz ýolbaşçylarymyz çagalarymyzyň rysgalyny aldap elimizden alsalaram, özleri gowy ýaşap, köpçüligi gedaýa öwürselerem, olaryň garşysyna hiç hili hereket etmeýäris. Çagalarymyza derman satyn almaga pulumyz bolmasa-da, takdyra ten berýän kişi bolýarys. Ýöne goýun sürüsi welin, gaty suwsan çagy çopanyň taýagyndanam, onuň itiniň ýiti dişindenem gorkman, guýa tarap güsürdäp gidýär. 1995. Öten agşam ýazyjy Oraz Ýagmyr bilen konserwatoriýanyň uly zalyna konsert diňlemäge gitdim. Meni konsertdenem beter begendiren zat, zala girip tötänden ornaşan ýerimizde hudožnik Yzzat Gylylow bilen kompozitor Weli Muhadow oturan eken. Olar biz bilen edil deň-duş ýaly bolup, mähirli görüşdiler. Yzzat Gylyjow! Weli Muhadow! Bular ýigriminji asyr türkmen medeniýetini arşa göteren adamlar. Olar bilen gürleşip oturmagam biz üçin bagt. Konsertiň ahyrragynda bagşy Ödenýaz Nobatow bir aýdym aýtdy. Sen her niçik beýik hem bolsaň, her niçik talantam bolsaň, wagt diýilýän gaýduwsyz närse ahyr öz gudratyny görkezýär, —beýik bagşynyň çep eliniň barmaklary dutar perdelerini tapmaýan ýaly. Ödenýazyň goşaryndan aşagynyň titreýändigi hem bildrýär. Bagşy aýdymy tamamlap turansoň, Oraz Ýagmyr ikimizem zaldan çykmaly etdik. Ýanyndaky goldawçylary Oraz Ýagmyryň gelendigini (olar meni tanamaýardylar) habar berenlerinde, eýýäm oturgyçda ornaşan bagşy daş çykdy. ”Oraz jan!” diýip, ýazyjy bilen görüşdi. Töwerek alagaraňkydy. Üstesine-de görmesi peselen bagşy “çylşyrymly” gara äýnek dakynýardy. Emma salam berenimden soň ol meni sesimden tanady. —Boho-ow, Atam! Senem bärdemidiň? —Seni göräýeli diýip geldik, Ödenýaz akga… Bagşy ýene bir gezek elimi gysdy. Ikimiz Moskwa duşuşyklarymyzy ýatlaşdyk. Oraz Ýagmyr ikimiz döwrümiziň beýik bagşysyny, gop berip, maşyna atardyk. Yzzat Gylyjow! Weli Muhadow! Ödenýaz Nobatow! Ýigiminji asyrdan galan şol üçüsinden beýik şahslarymyz barmy! Oraz Ýagmyr ikimiz şol agşam özümizi bagtly hasapladyk. Ol, dogrudanam, şeýledi. 24.10.98. W.Kaweriniň “Literator” diýen kitabynda ýazmagyna görä, Žan Žak Russo sungatyň adam ahlagyna bähbitli täsir edýändigine ynanmandyr. Menem şol pikire goşulýaryn. Ol barada ozal şu ýazgymda hem belläpdim. * Belli bir şahs, eger ol barypýatan talant, akyldar bolanda-da, halkyň ýaşaýyş derejesini örän kynçylyk bilen ösdürýär. Emma onuň tersine, başga bir adam halkyň ýaşaýyş derejesini gaty aňsatlyk bilen hem derrew pese düşürip bilýär. * Belli ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew 60 ýaşapdyr. Emma ol barada türkmen gazetlerinde, hatda onuň iki ýyllap baş redaktorlyk eden “Edebiýat we sungat” hepdeliginde-de habar berilmedi. 7 oktýabr, 1998 Gündogaryň köne poeziýasy köplenç owadan sözlerden, Günbataryňky pikir materialyndan düzülýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |