17:46 Kyrk ýylda ýazylan kitap -22: Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan | |
DÖREDIJILIK ADAMLARYNYŇ DURMUŞYNDAN
Ýatlamalar
Altmyşynjy ýyllarda şeýle anekdot bardy: Mugallymyň “Halk ýazyjylary diýip kimlere aýdylýar?” diýen sowalyna okuwçy: “Kör şahyrlara” diýen jogap berýär. Beýle anekdot ýöne ýerdenem döremändir. Şol ýyllarda “Halk ýazyjysy” diýen resmi at berlen Ata Salyh, Durdy Gylyç, Nury Annagylyç dagynyň üçüsi-de kördi. Meniň sag gulagym birki ýyl bäri eşitmeýär. Üstesine bir gözümi-de operasiýa etmeli boldy. Men Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gowşut Şamyýewe: —Bir gözüm görmese-de, maňa Halk ýazyjysy diýen at bererlermi ýa-da ony almak üçin beýleki gözüňdenem dynmaly bolarmyka?—diýdim. Ol ýylgyrman, ýüzüme garady. —Saňa bir gözüň üçinem bererler. — Men nä Ata Salyh dagydan üýtgeşikmi? —Aý, seň bir gulagyňam eşidenok ahyryn. Sende kerlik tutarygam bar, körlük tutarygam. * Altmyşynjy ýyllarda edebi tankytçy Öde Abdyllaýew “Üç otagly jaýymy bir otagla başa-baş çalyşýaryn” diýen bildirişi köp nusga edip maşynkadan geçirýär-de, Aşgabadyň awtobus duralgalarynda agaçlara ýelmäp çykýar. Bildirişiň yzyna-da şahyr Allaberdi Haýydowyň öý adresini hem telefonyny ýazýar. “Üç otagly jaýy bir otagla başa-baş çalyşmakçy adam ýa-ha neşekeşdir, ýa-da arak puluny tapmaýandyr” diýip çak eden adamlar A.Haýydowyň öýüne gije-gündiz jaň etmäge başlaýarlar. Mydama bent bolýan telefona jaň edip bilmeýänlerem, elinde adres bolansoň, A.Haýydowyň gapysyny kakyp ugraýarlar. Ýeke otagly jaýyna derek üç otagly jaý almaga umydygär adamlar şahyry işlemäge, dynç almaga goýmaýarlar. Şahyr bu oýny Öde Abdyllaýewiň edendigini haýsydyr bir ýol bilen anyklaýar. Emma sesini çykarmaýar. Ol telefonynyň nomerini täzeläp, gapysynyň daşyna-da “Bu jaý çalşylanok” diýen ýazgy ýelmäp ýaşaberýär. Şol wakadan ýarym ýyl geçensoň, tankytçy Öde Abdyllaýew kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Ol döwürlerde är-aýal sudlaşyp nikasyny bozsa-da, dissertasiýa goralsa-da, wakanyň haçan, nirede boljakdygy barada gazetlerde öňünden bildiriş berilmelidi. Onsuzam, A.Haýydow dissertasiýanyň haçan goraljakdygyny, dissertasiýa goralandan soň 15-20 adamlyk banketiň sagat näçede beriljekdigini anyklaýar. Dissertasiýa goralan güni telefonyň başyna geçen A.Haýydow Ö.Abdyllaýewiň köp-köp tanşyna, alymlara, akademiklere, hatda Berdi Kerbabaýewe çenli jaň edip, “Alymlyk derejesini almagy mynasybetli Öde Abdyllaýew agşam sagat 19-da sizi çaýlaşmaga çagyrýar” diýip habar berip çykýar. “Aý, Öde neresse-de bir ýetim oglan. Siz barsaňyz, göwni biterdi” diýip, A.Haýydow çakylyga barmaga döwtalap däl ýaşululary hem yrýar. Dissertasiýa goralandan soň, ýoguny bar edip guran kiçijik banketini sowup, ýadaw halda öýüne gelen Öde Abdyllaýewiň gapysyndan gelen gutlagçylaryň sany köpelýär. Täze alymyň iki otagly jaýynda aýak epmäge ýer tapylmaýar. Garaşylmadyk beýle ýagdýyň sebäbini çaklan Öde Abdyllaýewe gelenleriň öňünde duraýmakdan gaýry ýol galmaýar. Ol goňşularyndan uly bir goýny nesýe hem pul baryny karz alyp, myhmanlaryny hezzetlemeli bolýar. * Ýazyjylaryň Bütinsoýuz gurultaýy tamamlanandan soň, SSSR-iň hökümeti Uly Kreml Köşgünde 1380 adamlyk kabuledişlik gurady. Oňa Türkmenistanyň 12 adamdan ybarat delegasiýasy hem gatnaşdy. Kabuledişlik döwlet tarapyndan geçirilýän hem bolsa, tükenmez zat ýokdy. Gymmatbaha iýmitler artygy bilen goýulsa-da, şeýle banketlerde içginiň artykmaçlyk etmeýändigini biz ozaldan bilýärdik. Banketiň ahyrragynda köň içýänçileriň stolunuň başyndakylar az içýänler stolunyň başyndakylara “salama” gelip başlaýardylar. Kabuledişlik “dikdurma” ýagdaýynda geçýärdi. Adamlar 8-10 bolup tegelek stoluň daşyna ýygnanýardylar. Türkmen delegasiýasy hem bir stoluň başyna aýlandy. Banket ýaňy başlanan badyna Hydyr Derýaýew bize golaý, emma entek daşy adamsyz stola tarap ümledi-de: —Soltan Hüpbi! (Bu ýerde ol men. —A.T.). Şol stoluň üstünde üýtgeşik ermeni konýagynyň bardygyny görýäňmi?—diýdi. Men onuň gepi nirä gyşardýandygyny aňdym-da: —Edil şolar ýaly konýakdan biziň stolumyzyň üstünde-de bar, Hydyr molla—diýdim. —Bolsa-da, şony bärik alyp gaýt! Biziň stolumyzyň üstünde goşa-goşadan dursa owadan bolar. —Aý, birhili… gelşiksiz-dä… —diýip, men ýaýdandym. -Atdaş, senem medeniýetli bolmasyz ýerinde medeniýet görkezjek bolma—diýip, mekir Ata Atajanow ynanjaň hem sada Hydyr agany “otlamak” bilen boldy. —Sen “Ykbalyň” awtorynyň diýenini etmän, kim bolupsyň? Bäş gün Moskwada ýaşadym diýip, türkmençiligi unutma. Sen biziň aramyzda iň ýaş kiçimiz. Hydyr agadan bolsa sen otuz alty ýaş kiçi. Kakaly Berdiýew maňa göz gypyp gepledi —Ýaşulymyzyň aýdanyny etmezlik biedeplik bolar, Burunowskiý (Ol lakam hem meniňki. —A.T.). —Toýda beýle zat gelşiksiz hasaplanmaýar—diýip, töwerekden gop berlen Hydyr Derýaýew göçgünli gepledi. —Ýogsam, ýewreými, çeçenmi geler-de, senden öňürder. Men ýaşulynyň “buýrugyny” berjaý etmeli boldum. —Hydyr aga Derýaşka ýöne ýere ýigrimi ýyllap Sibirde naw kesen däldir!—diýip “loh-loh” gülen Kakaly Berdiýew hem beýleki stoldan iki sany çüýşäni alyp, biziňkä geçirdi. —Bizem Hydyr aganyň okuwçylary-da! —Getiriberiň, günäsi meniň boýnuma!—diýip Hydyr aga joşdy. Dogrudanam, esli mahaldan soň, türkmenleriň “baý” stolunyň başyna “salama“ gelýänleriň sany köpelip ugrady. * Gara deňziniň kenarynda, Krymyň “Gökdepel” döredijilik öýünde, öz otagymda işläp otyrkam, Gylyç Mämmedowiç Kulyýew gapydan geldi. —Stol başyndakaň päsgel beräýdim öýdýän?. . . —Ýok, ýok. Gaýtam, geleniň gowy boldy. Deňze-de gitmeli ahyryn. —Menem suwa düşmäge barýardym-da, gapyň açyk bolansoň sowlaýdym. Men suwa düşülýän enjamlarymy alýamçam, gapyda duran Kulyýew garaşylmadyk sowal berdi. —Ertirden bäri näçe sahypa ýazansyň? —Bir kagyzyň iki ýüzi. —Muny nätdiň-aýt?!—diýip ol geňirgendi—Sen-ä mençe-de öndürmeýär ekeniň. Günde bäş sahypa çenli ýazmasaň zat önermi? —Iki sahypa golýazmam maşynkadan geçende sekiz sahypa dagy bolýar…. Ýaşuly ýaňsyly ýylgyrdy-da: —Sen mundan öň-ä öwneňde, gaty ýalan sözlemän öwünýädiň welin—diýdi. —Meniň üç sahypa golýazmam maşynkada bir sahypadan sähel geçýär. Nädip seniň iki sahypaň sekiz sahypa bolýarmyş? Ol ýalandyr. —Bir çüýşe konýakdan jedel edýäsmi?—diýip, men dawaçy çaga ýaly bolup, ýaşula tarap elimi uzatdym. —Utulsam, diňe konýak däl, ýanynyň şokolady bilen jedele girýän! … Men ertirden bäri eden işim—iki tarapyna-da, setir bardygy-da çala göze ilýän, maýda harplar bilen ýazylan sahypany oňa uzatdym. Sahypanyň iki tarapyny-da üns bilen synlan ýazyjy hyrçyny dişläp, baş ýaýkady. —Kagyzyňy gysganýaňmy? —Kagyz-a kän, Gylyç Mämmedowiç. —Gözüňe haýpyň gelenokmy? —Göz barada-ha oýlanýan welin, endik-dä. Hemem öz-özümi aldaýaryn… —O nähili aldamak? —Uzyn günüň dowamynda iki sahypajyk ýazdym hasap edýärin-de, öz-özümi aldaýaryn. “Ýene bir sahypa ýazmasaň bolmaz” diýýärin. Netijede, bir günki işlänim on bäş sahypa dagy ýetiberýär. —Bolsa-da, iki sahypalyk golýazmanyň maşynkada sekiz kagyz çykjagyna men asla ynanman. Sekiz sahypa az-küş zat däl ahyryn… Jedelimizi güýjünde galdy hasapladyk. …Meniň iki sahypalyk golýazmam maşynkada dokuz kagyza golaý boldy. Men ony alyp G.Kulyýewiň otagyna bardym. Gylyç Mämmedowiç ýazgylary seljereninden soň: —Men utuldym!—diýip başyny ýaýkady. —Beýle derejede ýygy ýazýan adam dünýäde başga ýok bolsa gerek! Muny Ginnesiň kitabyna goşsaňam bolar. Gözüňe haýpyň gelsin ahyryn, zaňňar. —Gylyç Mämmedowiç, meň gözüme haýpyň gelýärmi ýa-da utduran konýagyňa? Sowutgyçdan çykan ermeni konýagy stoluň üstüne gelip düşdi. —Jedelde utulana-da guýulmalymydyr, Gylyç Mämmedowiç? Bir bölek şokalady alyp, ýanyma gelen ýazyjy ýylgyrdy. —Güýçliniň gowusy ýog-ow! Bolmanda, bir çüýşe konýagy ýeke özüň içäýjekmidiň? Umuman, Gylyç Kulyýew diýilýän adamyň spirtli içgi içmekde öz düzgüni bardy. Uzaga çekýän oturlyşyklarda-da onuň hemme içýänini jemleseň, 40-50 gramdan kän däldi. Ol spirtli içgini sowuk suw bilen içýärdi. Bu gezegem şeýle boldy. Ol öz bulguryna guýan bir owurt ýaly konýagynyň üstüne kükürt gaby ýaly buz atdy. —Nebir konýagyň işini görýäň-dä, Gylyç Mämmedowiç… —Indi meň konýagym özüňki bolansoň, gysganmaga başladyňmy?—diýip, ol hezil edinip güldi… Meniň utan bir çüýşe komnýagym Gylyç Mämmedowç ikimize tä gaýdýançak—bir hepdeläp degişmäge, gülüşmäge tutaryk boldy. * Bu wakany Gara deňziniň Abhaz kenarynda, ýazyjylaryň “Pissunda” döredijilk öýünde bolanymyzda şahyr Ata Atajanow gürrüň berdi: “Baş redaktorlaryň SSKP MK-da geçen ýygnagyndan soň bizi MK-nyň birinji sekretary N.S.Hruşýow Kremlde kabul etdi. Ol ýöne kabul edişlik hem däldi-de, uly nahar berlişikdi. Gyşyň örküjidigine garamazdan, her ýer —her ýerde uly tabaklarda goýlan üzüm hoşalary ýaňy sapagyndan tändirilen ýaly bulduraşyp durdy. Iýmek-içmekden adyny tapan zatlaryň, heniz biziň görmediklerimizem bardy. Men haşamlanan taýagyna söýenip, hyžlap zordan dem alýan bir gojanyň gapdalynda oturmaly boldum hem assyrynlyk bilen ony synlap, içimden: “Ýeri, şu ýaşda, şu ýagdaýyňda bular ýaly ýere sokulup ýörmän, aýagyňa keçe ädik geýip, öýüňdejik oturyberseň bolmadymy!” diýýärin. Gojanyň çalajanlygy şeýle diýmäge mejbur edýärdi. Kabul edişligi giriş sözi bilen N.S.Hruşýowyň özi açdy. Ol ýaňy gepläp başlanda, ýanymdaky goja maňa tarap ýüzüni öwürdi-de: —Ýaş ýigit, hol görünýän üzümmi?—diýdi. Men baş atdym. —Onda şondan maňa bir hoşa alyp ber! Men eşitmediksirän boldum. Sebäbi üzümli tabaga el ýetirmek üçin ýerimden turup, iki-üç ädim ätmelidim. Beýle abraýly kabul edişlikde, onda-da hut Hruşýowyň özi gepläp durka, ýeriňden turmak, bir hoşa üzüm alyp, köpüň gözüne ilmek gaty edepsizlik hem utançdy. —Ýaş ýigit, men saňa bir hoşa üzüm alyp ber diýdim ahyryn. Näme aýdylany edeňok? Ýa gulagyň kermi? —Häzir orator sözüni tamamlansoň, alyp beräýerin. Biraz kanagat et, atam! —Ol oratora men gaty beletdirin. Nikita ýarym sagat ýaňrar. Meniň bolsa häzir, hut şu mahal üzüm iýesim gelýär. Ýerimden turmagam maňa aňsat däl. Ýogsam turaga-da, özüm alaýjak welin… Üzümli tabaga golaýrak oturanlara-da “Bir hoşa alyp beriň!” diýmäge ejap etdim. Ejap etmäniňde-de, bu mahal hiç kim beýle ýumşy bitirmek islejek däldi. Gepiň keltesi, men Hruşýow sözüni tamamlamanka, ýerimden turup, bir hoşa üzüm alyp bermäge mejbur boldum. Gojanyň haýyşyny berjaý etsemem-ä etdim welin, ýer ýarylmady—menem girmedim. Bir hoşa üzümi iýen goja ýene maňa ýüzlendi. —Gördüňmi, ýaş ýigit, men üzümi iýip boldum. Emma Nikita henizem gepläp dur. Kabul edişlikden çykyp barýarkak, biziň delegasiýamyza baştutan bolup gelen, TKP MK-nyň sekretary Çary Ataýew: —Ata Hajyýewiç, bu çaklarda üzüm iýip görmänsiň öýdýän?—diýdi. —Ýaňky üzüm türkmen üzüminden süýji ekenmi? Asyl ol meniň Hruşýow gepläp durka ýerimden turanymy, üzüm alanymy görüp oturan bolsa nädersiň! Onuň kinaýaly gepine men ikinji gezek gyzarmaly boldum. —Wah, Çary Ataýewiç, üzüm iýjek bolup ölüp baramokdym-da, ýanymda oturan, apgyrdy sypan, aňkasy aşan bir goja “Üzüm alyp ber!” diýip, günüme goýmady. Şoňuň üçin ýerimden turmaly boldum. Ol ýylgyrmaga mejbur boldy. —Sen ol “aňkasy aşan gojanyň” kimdigini bilýärmiň? Asyl ol goja Hruşýowyňam kabinetine islän wagty girip bilýän, ady dünýä belli atomçy fizikleriň biri eken.” 1980 1960-njy ýyllarda Aşgabadyň K.Marks köçesiniň 14-nji jaýynda, bir topar gazýet-žurnallaryň redaksiýasynyň ýerleşýän howlusynda, günorta arakesme mahaly woleýbol oýnalýardy. Şonda kimdir biri topy bat bilen uranda, ony gaýtarmaly oýunça ýüzlenip, terjimeçi Sapa Baýryýew: “Öňünden gaçaweri, birden şahyr bolaýma!” diýip gygyrýardy. Ol sözleriň “kelläňe top degse, sähne bolarsyň” diýen manysy bardy. Sebäbi terjimeçiler, žurnalistler prozaçyny agrasrak, şahyry bolsa kelewräk hasaplaýardylar. * Edebiýatçy alym Hanguly Amansähedow, deňinden geçip barýarka, şahyr Nobatguly Rejebowyň öýüne sowulýar. Öý eýesi öýde eken. —Nobat, doganjyk, çakyzam tutdumy-nämemi, kelläm ýarylyp barýar. Ilk-ä, bar bolsa, bir analgin ataýyn. Yzyndanam, bir çäýnek ajy gök çaý ber. Analginem tapylýar, ajy gök çaý hem içilýär. Netijede, Hanguly birneme aýňalýar. —Köp minnetdar, Nobat jan. Adam bolaýdym! Öý eýesi myhmanynyň ýüzüne agras garaýar. —“Birneme özüme geldim” diýseň, ynanaýyn. Ýöne sen “Adam boldum” diýseň welin, Hudaýam ynanmaz, bendesem… (H.Amansähedowyň özi gürrüň berdi.) * 1965-nji ýylda “Edebiýat we sungat” gazýetiniň redaksiýasynda praktika geçýärkäm, bir gezek tankytçy Abdylla Myradow işe gaty keýpsiz gelende, sebäbini soradym. —Aý, gardaş, öýümizde jahan urşy turdy. Harby borçly adam hökmünde şoňa gatnaşmaly boldum. Ullakan gandöküşlik-hä ýok welin, herhal, jahan urşy-da… Abdyllanyň aýalynyň ady Jahandy. 1965. * 2002-nji ýylda obadaky arhiwimi dörüşdirip otyrkam, öňümden bir spisok çykdy. Onda meniň 1971-nji ýylyň Täze ýyly bilen gutlan dost-ýarlarymyň, tanyşlarymyň 26 sanysynyň ady ýazylypdyr. Okadym, ýatladym. 2002-nji ýylda şol spisokdaky adamlaryň diňe 7 sanysy diri eken. Gidýär dost-ýar gubar goýup gözüňde, Ýaşmy-garry, ýazyklymy-ýazyksyz. Nätjek, gezip ýörüs ýeriň ýüzünde, Gylyçdurdy, Baýram, Saýlaw, Sazaksyz. Joşgun bardy Italmazyň sözünde, Oňýas “Daň atyrman”, “Bahry Hazarsyz.” Nätjek, gezip ýörus ýeriň ýüzünde, Berdi aga, Däde Hal, Gurbannazarsyz. Dutar alyp, Kesarkajyň düzünde, Täşli Gurban “Ak tugaýy” aýdanok. Nätjek, gezip ýörüs ýeriň ýüzünde, Nesip şeýle, giden yza gaýdanok. (1. “Ak tugaý” Täşli Gurbanowyň ürç edip aýdan gazak aýdymy) 20.02.2002. Haýwany öldürip, etini iýmegi, ary biçäräniň, zähmet baryny çeke-çeke, ýygnanja balyny elinden alyp, özümiz iýmegi ynsapdan, adamçylykdan çykmak diýip hasaplamaýarys. Ýogsam ol hereket tüýs ganhorlyga, basybalyjylyga meňzeýän ýaly. * Düýn Berzeňňidäki daçalykdan geçmek miýesser boldy. Diýseň kaşaň, bahasy azyndan ýüz müň dollardan geçmeli bir jaýyň köçe tarapynda Prezidentimiziň ullakan portreti asylgy dur. Portretiň Prezidente hormat üçin däl-de, edilen ogurlygy goramak maksady bilen asylandygy öz-özünden düşnükli ahyryn. 26.10.98. Geljege bolan çakdanaşa höwes, umuman, aşa arzuwçyllyk şu günki ýagdaýa obýektiw baha kesmekde päsgelçilik döredýär. * 1998-nji ýylyň 14-nji noýabrynda şahyr Atamyrat Atabaýew özüniň 50 ýaşyny belledi. Toý dabarasy Aşgabadyň politehniki institutynyň kafesinde boldy. Ýubilýary gutlamak nobaty ýetende, teatr režissýory Kakajan Aşyrow: “Bu dabara türkmen intelligensiýasynyň “gaýmaklary” ýygnandy” diýdi. Toýda otyrkam men şol “gaýmaklary” elin synladym hem türkmen intelligensiýasyny başga milletleriň intelligensiýasy bilen gaýybana deňeşdirdim. Men ömrümiň otuz ýyldan gowragyny dürli milletleriň wekilleriniň arasynda ýaşap, olaryň toý-ýas dabarasyna, kabul edişliklerine gaty kän gezek gatnaşmaly boldum. Şonuň üçinem öz intelligensiýamyza berýän baham obýektiwräk bolar diýip pikir edýärin. Köneden oturymly hem Ýewropa bilen bizden has öň gatnaşyk açan milletler bolany sebäpli ermeni, azerbeýjan, gruzin intelligensiýasynyň derejesini türkmen intelligensiýasynyň derejesi bilen deňeşdirmegiň-ä pikirini hem edemok. Olar örän belentde. Ýöne öz goňşularymyz—özbek, täjik, gyrgyz intelligensiýasy bilen deňeşdireniňde-de, biziň ýagdaýymyz juda pes. Ylym derejämizem, geýnişimizem, özümizi alyp barşymyzam, boş gepleýşimizem, öwünjeňligimizem… А.Atabaýewiň toýunda, howanyň gaty maýyldygyna garamazdan, galyň plaşlaryny, çümre geýlen şlýapalaryny çykarman oturan “intelligentleriňem” sany köp. Olar bellenen wagtyndan gaty gijä galyp gelen, üstlerine abanyşyp duran gelin- gyzlaryň bardygyna-da üns bermän, harsurup nahar iýýärler. Gelin-gyzlaryňam özlerini alyp-baryşlary düşnüksiz. Birinjiden-ä, toýa çagyrylan wagtyndan gijä galman gelmeli. Gijä galanam bolsaň, oturmaga, durmaga orun ýokdugyny gördüňmi, sepiňi bildirmän, yzyňa gaýdybermeli. Ol ýerde konsert däl, banket gidýär ahyryn. Aýal-gyz halyňa, alynmadyk myhman ýaly, iýip-içip oturanlaryň agzyna seredep durmak gaty gelşiksiz. Kakajan Aşyrowyň “gaýmak” hasaplaýanlarynyň bolsa ýekejesiniň-de ýerinden turup, aýal-gyza orun bereni bolmady. Deňli-derejeli nukdaý nazardan seretseň, bu ýere intelligensiýanyň näzik “gaýmaklary” däl-de, turşy “süzmesi” ýygnana meňzeýär. * Atamyrat Atabaýew täze rifma tapypdyr: “Begi Suhan—Begi suwsan”. Men ony: “Begi Suhan—gowy suwsan” diýip düzetdim. * Paradoks: Halal ogry. * Az sanly hemem ykdysady, medeni taýdan göýdük halklaryň garaşsyzlyk ýagdaýy hiç mahalam öwerlikli bolmandyr. Olar haýsydyr bir uly döwlete ýapja bolup ýaşapdyrlar. Magtymguly hem “Bir döwlete gulluk etsek…” diýende, şol ýagdaýy göz öňünde tutan bolsa gerek. Şeýle hem kiçi halklar “gulluk edýän” uly döwletiniň ýatymyna görä gyşarmaly bolupdyrlar. Biz hem ýüz ýigrimi ýyl töwewregi rus halky bilen il bolup, olaryň köp zadyny kabul etdik. Netijede, ne rus, ne türkmen diýen ýaly ortalyk bir gatlagy hem emele getirdik. Üstesine-de, şol uly halkyň dilini hem ýaňy öwreniberenimizde… Indi bolsa meniň tanyş-bilişlerimiň köpüsi (hatda altmyş ýaşdan aşanlary-da) biri-birine “bakan” diýşen bolup, türk dilini öwrenmegiň aladasy bilen ýaşaýarlar. 1998. Pawel- 1-den soň Aleksandr-1 tagta çykanda, belli rus şahyry Deržawin soňkyny magtap, öňki patyşany tankytlap, goşgy ýazýar. Emma senzura ol goşgynyň çap edilmegine garşy çykýar. Beýle ýagdaýa kemsinen şahyr Deržawin general—prokuror Bekeşowa şikaýat bilen ýüz tutýar. Bekeşow şahyryň goşgusynyň ýokarsyna “Bu eseri Deržawiniň Pawel-1 dirikä ony magtap ýazan goşgularynyň birnäçesini gaýtadan çap etmek şerti bilen metbugatda bermäge rugsat edýärin” diýen rezolýusiýa goýýar. Ýüzi gyzaran Deržawin täze goşgusyny çap etmek niýetinden el çekýär. (Bu maglumaty men bir ýerde okapdym.) Eger döwür, syýasat üýtgäýse, türkmeniň şu günki “deržawinleri” özlerini nähili alyp bararkalar? Ýa-da bizde general-prokuror Bekeşow ýaly parasatly şahs hem döremezmikä? 2003. Ýaramazlyk köpçülik tarapyndan goldanmasa-da, kanun tarapyndan garşysyna göreşilse-de, azalman, gaýtam, köpelýär. Gowulyk köpçülik tarapyndan halansa-da, kanun tarapyndan goldansa-da, ýardam edilse-de, köpelmän, gaýtam azalýar. * Çap edilmäniniň sebäbini-de düşündirmän, bir ýyl saklanyndan soň “Edebiýat we sungat” gazýetiniň redaktory A.Poladow “Süýji kekre” hekaýamy şu gün yzyna gaýtardy. 7.12.98. Şu gün Allaberdi Haýydowyň üçi bellendi. Kän adam gatnaşdy. Moskwadan hem başga ýerlerden telegrammalar gelipdir. Allaberdi Haýydow prinsipial şahyrdy. Ol käbir şahyrlar ýaly “Bir günüm—hoş günüme” uýmady, şahyr wyždanyna ikilik etmedi, ýaranjaňlyk goşgularyny ýazmady. Ol 20-nji asyr türkmen poeziýasy öwrenilse, ady tutulmaly 5-6 şahyryň biri bolup galar. 10.12.98. Türkmenistanda geň galyp, agzyňy açyp oturmaly wakalar kän bolýar. Su gün Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Oýunjak Musaýew diýilýän adama Türkmenistanda ýok Ylymlar Akademiýasynyň akademigi diýen at berildi. Ol ylym öňünde näme iş bitirdikä? 10.12.98 Gowy adama öýkünmek, onuň bolşuny gaýtalamak örän kyn. Erbet adama (eger isleseň) öýkünmek, onuň hereketlerini gaýtalamak aňsat. Çyn aşyklar meni bagyşlasynlar, ýöne ýigrenç söýgüden güýçli hem täsirli. Şonuň üçinem otrisatel gahrymanyň täsiri položiteliň täsirinden uly bolmaly. * Biz köplenç halatda diňleýän aýdymymyzyň sözleriniň nähilidigine üns hem bermeýäris. Radioda bir bagşy “Köňlüm seni” diýen halk aýdymyny aýdanda: Ýar ýolunda gözde ýaşym, Bagş edermen köňlum seni —diýen setiri gaýtalady. Bu iki setirde many baglanyşygyňyň logikasy bozulýar. “Ýar ýolunda (ýoluna) gözde ýaşyny” bagş etjekdigi düşnükli. Emma yzyndaky “köňlüm seni” sözlerini näme bilen baglanyşdyrmaly? “Ýar ýolunda gözde ýaşym, Bagş edermen köňlüm saňa”. Bu-da bolanok. ”Ýar ýolunda gözde ýaşa, Gark edermen köňlüm seni” diýip düzetseňem birhili. * Meniň okyja iň soňky ýeten “Ýalňyzlyk” kitabymyň golýazmasy 1988-nji ýylda neşirýata tabşyrylypdyr. Şondan bäri 5 sany kitabymyň golýazmasy dürli bahanalar bilen, köplenjem hiç hili bahanasyz, yzyna gaýtaryldy. Diýmek, kitabymyň çykmaýanyna, has takygy çykarylmaýanyna ýigrimi ýyl boluberipdir.. Meniň döredijiligimiň daşyna gurlan blokada şu ýylda-täze ýylda aýrylmasa, täze kitabymyň çykanyny görmezligimem mümkin. Elbetde, onuň üçin türkmen edebiýaty uly ýitgi çekmez. Ýöne Konstantin Simonow aýtmyşlaýyn “Meniň deň-duşlarym häzir iň soňky kitabyny ýazyp ýörler” . Şol kitabyň ýazylyp gutarjagy-da gümana. Adam ömri gysga, döredijiligiň ömri ondanam kelte. Üstesine, ýigrimi ýyllap dutar çalmadyk sazandanyň barmaklary perdäni dogry basarmy? Ýigrimi ýyllap operasiýa etmedik hirurga janyňy ynanyp bolarmy? Ýigrimi ýllap kitaby çykmadyk, ýigrimi ýyllap okyjy bilen gatnaşygy kesilen ýazyjyda özüniň ýazyjydygyna ynamy bolarmy? * Mekgä “mekgejöwen” diýip, iki at berýäris. Ol jöwen hem goşulan mekge däl ahyryn. * 91 ýaşly obadaşymyzyň ýanyna salama bardyk. Ol bize öwüt berdi: “Howa gaty sowuk mahaly başaçyk gezmäň, oglanlar! Sowuk howa gulaga zeper ýetirýär eken. Özümden bilýän. Togsanymam dolmanka, gulaklarym birneme agraldy. Kellegöçdilik edip, sowukda-da başaçyk gezildi-dä…” Goja özi bilen salamlaşmaga gelen elli ýaşlaryndaky “oglanlaryň” dördüsinden ikisiniň “dürtme” kere golaýdygyndan bihabardy. * Magtymgyly – Pyragy: “Akmak sürer döwrany, Akyl onuň haýrany". - diýýär. Bizem şol döwran sürmelileriň biri welin, elbetde, beýigem bolsa, Magtumguly ýalňyşandyr-da… * Moskwada üç sany türkmen prozaçysynyň—A.Abdyllaýewiň, Ş.Çaryýewiň, A.Taganyň her haýsyndan bir powest alyp, ýygyndy çykarypdyrlar. Kitaba meniň “Aglasy gelýän ak bulut” powestim giripdir. Ýygyndynyň ady hem şol. Kitabyň çykmagy geň waka däl. Ýöne, şu gün “Edebiýat we sungat” gazýetinde şeýle kitabyň çykandygy barada habar çap edilipdir. Habarda meniňem adym tutulýar. Meniň adymyň çyzylmazlygy welin örän geň hadysa. Belkem, redaktor ol habary okaman geçirendir. 25.12.98. Türkmen ýazyjylarynyň käbiri rus ýa-da rus dilinde ýazýan ýewreý awtorlaryna öýkünip, köplenjem, Ptezidentden närazy bolup, daşary ýurtlara gidýärler. Belkem, olar şeýtmek bilen ozal şeýle ýol bilen belli bolup giden ýazyjylaryňky ýaly uly şöhratdan hantamadyrlar? Biziňkiler şol meselede düýpden ýalňyşýarlar. Sebäbi daşary ýurtlara gidýän rus dilli ýazyjylaryň köpüsi (Mysal üçin, Solženisyn, Aksýonow, Ginzburg, Daniel) entek gitmänkäler million-million okyjyly äpet Russiýada belli adamlardy. Olar nirä barsalaram hossarly, nirä barsalaram hor-har bolmaýarlar. Çünki Amerika, Angliýa, Fransiýa, Germaniýa ýaly uly ýurtlarda rus ýazyjylarynyň rus dilinde kitaplaryny çykarýan uly neşirýatlar bar. Köplenjem ol neşirýatlar emigrasiýadaky ruslaryň özleriniňki. Şol neşirýatlar Russiýadaky syýasat bilen umumy dil tapman, öýkeläp gidýän rus ýazyjylarynyň eserleriniň diňe bir ene dilinde çap bolmagyna däl, eýsem, başga dillere geçirilmegine-de, dürli ýurtlarda propagandirlenmegine-de ýardam edýärler. Hut şonuň üsti bilen syýasy olja hem pul gazanýarlar. Şol sebäpli-de olar Russiýadan barýan “galmagalçy” ýazyjylary gujak açyp garşylaýarlar, jaý berýärler, hossar çykýarlar. Ondan hem başga, daşary ýurtda rus dilinde okaýan millionlarça okyjy bar. Ozleri-de olar köne rus edep-terbiýesini alan baý emigrantlaryň kitap okamagy medeniýetiň çür depesi hasaplaýan nesilleri. Şeýlelikde, Russiýany terk edip gidýän ýazyjylaryň käbiri daşary ýurtda arzyly awtora öwrülýär. Watany terk edýän türkmen ýazyjylaryna bolsa baran ýurdunda ýokarda agzalan amatly şertleriň ýekejesi-de garaşmaýar. Türkmen dilli ýazyjylar üçin daşary ýurtda, Azatlyk” radiostansiýasyndan gaýry ýardam etjek nokat ýok. * Ol özüniň garşydaşyny ýa-da çekinýänini ýaralandygyny bildirmän ýaralaýar. Salan ýarasyny-da özi ussatlyk bilen bejerýär. Bejerýändigini welin gizlemeýär, garşydaşynyň minnetdarlgyny gazanýar. Onuň asyl matlabyna aralaşyp bilmeýän adamlar hem oňa uly hormat goýup başlaýarlar. * “Ýekegöz oglan” hem “Halanmaýan adam” hekaýalarymyň golýazmasyny okan Aşyr Mämiliýew birinjisine düýpli bellikler etdi, ikinjisini bolsa, umuman “braklady”. Tejen Nepesow “Halanmaýan adamy” türkmen prozasynda täze açyş hem täze bir obraz hasaplady. “Ýekegöz oglana” ajaýyp diýdi. Indi ortaçarak bir netije çykarmak üçin, berlen “bahalary” gizläp, hekaýalary üçünji bir adama okatmaly. 2001. Uzak ýyllaryň dowamynda üns berdim welin, otrisatel adamlar, daşky görnüşlerine görä, köplenç položitel bolup görünýärler. Ýakyndan tanaýançaň, olar edepli, agras, medeniýetli. * Türkmen klassykasyndaky: “Degse bizge degsin, ýarga degmesin” diýen sözleri Atamyrat Atabaýew: “Degse ýarga degsin, bizge degmesin” diýip ýaňsylaýar. * Käbir arap-pars sözleri türkmen diliniň leksikonyna şeýlebir ornaşypdyr welin, biz olary asla başga dilden geçendirem öýtmeýäris. Türkmen durmuşynda hälimi-şindi ulanylýan şol sözlerden onlarçasyny mysal getireýin. (A—arapça, P— parsça). Watan—p mülk—a erk —a hasyl—a aşyk—a haýat—a tilsim—a jan –a aýak –a döwlet—a nahar —a welaýat –a teşne—p etrap—a bagt—p jenaýat—a töwekgel –a jepa –a bedew –p dil –p bahar—p gybat—a belent –p bela—a arza—a agza—a howuz—a berjaý—p ýaran—p bet—p mährem—p galaba—a märeke—a bibat—p mätäç—a akyl—a myhman—p bina—a müňkür—a alym—a bihabar—a jenaýat—a amal—a bihasap—p wasp—a jisim—a ar—a bilbil —a gaýrat—a jomart—p arak—a biçäre –p gaýgy—a jogap—a gaýybana—a bürünç—parsça asman—p zalym—a galp—p lezzet—a asuda—p gabyr—a galla—a mal—a gamgyn—a mahal—a göwher—p gaýry—a aýan —-a medet—a gunça—p melgun a hantama—a. p. mekir—a gussa—a nazar—a dawa—a melhem—a berbat—a. p. mertebe—a şapak—a nyrh—p şapak—a posa—p berkarar—p meşgul—a şahandaz—a pursat—a serdar—p mukam—a hokga—a ylham –a berjaý –p hakykat –a jedel—a nyşan— nagt –a pikir –p näz –a ýakut—a nagyş –a pida—a nala –a ýar –a peýda –a possun –p pena –a päkize –a nobat –a ejiz –a nyşan –a jomart –p pelek –a rowaç –p näzik — p eser –a pişe –p labyz—a näsaz –p talap—a bikemal –p kyýamat –a minnet –a şöhle –a mesele –a jepa –a arwah –a yhlas –a owaz –a hata –p ygtyýar –a şat –p parahat –a sähra —a bende –p talyp –a penje –p tertip –a beýan –p terjime –a perzent — häkim –a biweç –p sypat –a peizat –p gadyr —a garyp –a höküm –a hamala –p erk –a wagşy –a äga –p hantama –a äpet –a atlaz –a şer –a sada –p şikest –a salam –a kerep –a saýa –p ylym –a eşret –a duçar –p kyssa –a höwes –a şirin –p hurma –p jennet –a yşarat –a ylham –a şapak –a hasyl –a tarap –a äheň –p takdyr –a çendan –a Hudaý –p edep –a şahyr –p söwda –a tire –p teselli –a jellat –a çyra –a döwlet –a hile –a döwlet –a wepa –a gülle –a dost –p tebip –a (Getirilen mysallar arap, pars sözlüklerinden alyndy.) * Men hiç mahal ýolbaşçy işlerde işläp görmedim, hiç bir adamyň üstünden hojaýynçylyk etmedim. Özümi gönümel, ýaranjaňlyk häsiýetinden mahrum, kimdir birine boýun bolmagy halamaýan, erkinligi söýýän, özbaşdak kişi hasaplaýardym. Şonuň üçinem men dünýäniň iň belent derejesini eýeleýän adam bilen duşuşsamam, asla tolgunmaryn öýdýärdim. Emma özüme kesýän nyrhym onçakly dogry baha däl eken. Menem käbirleriniňki ýaly ýaranjaňlyk derejesinde bolmasa-da, “ketde” kişä sataşanymda, barybir, tolgunjak ekenim. Bir wakany ýatlaýyn. 1977-nji ýylda ajaýyp rus ýazyjysy, SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň Prawleniýesiniň başlygy, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, SSSR Ýokary Sowetiniň deputaty, SSSR Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, dünýäniň köp-köp baýraklarynyň, hormatly atlarynyň eýesi Konstantin Aleksandrowiç Fedin 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Biz. ýagny onuň işgärleri, Fedine hut öz garry hem dana atamyz hökmünde hormat goýýardyk. Ol tapylgysyz gowy adamdy, köne rus we Ýewropa (Germaniýada on ýyl töweregi ýaşapdyr) medeniýetiniň düýpli mekdebini geçendi. Onda öwrenmeli, sapak edinmeli gowy häsýetler kändi. Ol uly hem abraýly edaranyň başlygydygyna, döwlet adamydygyna, tanymal ýazyjydygyna garamazdan, özi üçin ýörite ulag, ýörite şofýor bellenendigine, howluda ýeňil maşynlaryň hatar-hatar durandygyna garamazdan, işe pyýada gatnaýardy. Ýene bir geň zat: şeýle derejedäki adam kommunistem däldi. Ol 30-njy ýyllarda öz arzasy bilen partiýanyň hataryndan çykan eken. K.Fedin sadadan mylaýymdy. Ol edara girip barýan mahaly beýleräkde duran şofýormy, maşinistkamy, tam süpürijimi, parhy ýok, özi sowlup salamlaşýardy, hal-ahwal soraşýardy. Ol adamlaryň hojalyk ýagdaýyna degişli kyn meselesini-de edara girmänkä, daşarda-da çözer goýberibererdi. Ol gaty gojadygyna garamazdan görmegeýdi, ýerlikli geýinmegi başarýardy. Ana, şeýle adam aradan çykanda, biz diňe bir edaramyzyň hormatly ýolbaşçysyny däl-de, ýakyn garyndaşymyzy, neberämiziň dana aksakalyny ýitiren ýaly bolup matam tutduk. Edaramyzda işleýän gelin-gyzlaryň, garry aýallaryň hemmesiniň möňňürip aglandyklary göz öňümden gidenok. Konstantin Fediniň jesedi salnan tabyt Sowet goşunynyň Merkezi teatrynda goýuldy. “Şäherler hem ýyllar”, “Alow”, “Täsin tomus”, “Doganlar” ýaly rus hem düňýä okyjylarynyň söýgüsini gazanan romanlaryň awtory bilen hoşlaşmaga gelen adamlaryň sany gaty kän müňe ýeten bolsa gerek. Moskwalylar, paýtagtyň myhmanlary, soldatlar, generallar, ministrler, diplomatik korpuslaryň wekilleri, artistler K.A.Fediniň tabydynyň gapdalyndan yzy üzülmän geçip durdy. Gül desselerinden ýaňa belentde goýlan tabyt çala görünýärdi. Ýazyjylar Soýuzynyň prawleniýesiniň sekretarlaryndan başlap hyzmatçylaryna çenli hoşlaşyk ýerindedi. Biziň her haýsymyz bir ýumşy ýerine ýetirýärdik. Kim wenoklary tertipleşdirse, kim gonamçylyga gitmeli ulaglara serenjam berýärdi, kim myhmanlary garşylasa, kim hormat garawula dyrýanlaryň çignine matam lentasyny daňýardy. Maňa bolsa tabydyň golaýyndaky ullakan gapynyň öňünde durmak tabşyryldy. Men ol gapydan ýaşuly ýazyjylary hem “aýratyn işikden” girmeli myhmanlary goýbermelidim, başgalary bolsa köpçüligiň girmeli ýerine göükdirmelidim. Men 40-50 minut nobatçylyk çekenimden soň, gözleri ýanyp duran, otuz ýaşlaryndaky dogumly adam ýanyma geldi-de: “Siz bu ýerde näme üçin dursuňyz? diýdi. Men sowala jogap berenimden soň, ol ýene “Tabşyryk beren kim?” diýip sorady. Men SSSR Ý. S-nyň SSSR halklary edebiýaty sowetiniň başlygynyň orunbasary M.W.Gorbaçýowyň duran ýerini salgy berdim. Ol adam M.W.Gorbaçýowyň ýanyna bardy. Olar maňa tarap seredişdiler, bir zatlar gepleşdiler. Baran adam baş atdy. Men olaryň arasynda näme gürrüň bolanyny eşitmesemem, manysyny aňdym. Nätanyş giden badyna M.W.Gorbaçýow ýuwaş ýöräp, meniň ýanyma geldi-de pyşyrdady: “Ýene bäş minutdan şu gapydan Syýasy Býuronyň agzalary gelmeli. Olar deňiňe gelende, jübüňe dagy eliňi sokaýmagyn!” Şondan soň men ýanyma gelip-giden nätanyşyň kimdigini, haýsy edaradandygyny soraman bildim. Ol ýolbaşçylaryň janpenalarynyň “ketderäkleriniň” biri bolmalydy. Geçen bolsa, bäş minut geçendir. Ýuwaş ýöräp peýda bolanlar biziň her gün diýen ýaly telewizoryň ekranynda ýa-da gazet-žurmallaryň sahypasynda şekillerini görüp ýören adamlarymyzdy. Şonuň üçinem olar maňa köne tanyşlarym ýaly bolup göründiler. Hakykatda bolsa, men olaryň hiç birini-de heniz beýle golaýdanam görmändim. Olar peýda bolan bada töwerekde, adamlara assyrynlyk bilen ser salyp ýören, birmeňzeşräk geýnüwli, sypatlaram bir-birine çalymdaş syrdam ýigitleriň sany köpeldi. Gaty üns beräýmeseň, olary janpenalardyr öýdüp çak eder ýaly hem däldi. Syýasy Býuronyň agzalary iki hatar bolup gelýärdiler, çiginleri hem matam daňylydy. Iň öňden gelýänler: SSSR Ministrler Sowetiniň başlygy A.N.Kosygin bilen SSSR-iň “Syýasy Hudaýy” M.A.Suslowdy. Elbetde, olaryňam adaty adamlardygyna men düşünýärdim. Oňa garamazdan, “ketdeler” golaýlaşdykçalar, men tolgunyp başladym. A.N.Kosygin meniň duran tarapymdady. Onuň çep ýaňagynda mese-mälim bildirip duran hal bar eken. Ýüzi gaty agyrdy. Ol edil deňime ýetende, bir ädim ýaly aralykdan maňa tarap ýiti nazar aýlady welin, ýalan sözlemäýin, meniň injiklerim sandyraberdi. 1987. Aşgabadyň Türkmenbaşy şaýolunda ýaňy gurlan awtobus duralgalarynyň birinde oňat geýnüwli ýaş ýigit ýolagçylara diňe oturmak üçin niýetlenen arassa hem täze skameýkanyň üstünde köwüşli aýagyny goýup, çommalyp oturan eken. “Owadandan arassa sekide hapa köwşüň bilen beýdip oturmaly däldigine ýaş ýigidiň özi düşünmeýärmikä?” Men hyýalymdaky sowaly daş çykarman durup bilmedim. —Inim, sen meni bagyşla welin, adamlaryň arassa geýimi bilen oturjak ýerinde hapa köwşüň bilen çommalyp oturmagyňy özüňem dürs hasaplaýan dälsiň-le. Şeýle dälmi? Ýaş ýigit öňki oturyşyny üýtgetmän, şol mahal duralga golaýlan awwatobusa tarap elini salgady. —Ana, awtobusyň geldi, agam. Sen maňa akyl öwretme-de ulagyňa münüber! Hernä ol sögünmedi, şoňa-da şükür etdim. 2004. Hakykat hakykat hem bolsa, ol diňe hakykaty goldaýan hakykatçyny heläk edýär. * Men Lew Tolstoýyň “Uruş hem parahatçylyk” diýen romanyny ýaş wagtym awtoryň ene dilinde iki gezek okadym. Men şol mahallar dünýäde şondan beýik eser bardyr öýtmeýärdim. Häzir hem şol pikirim gatybir üýtgänok. Tolstoýy ýatlamak bilen men bu ýerde başga bir zady nygtamak isleýärin. Bir gezek Edebiýat institutynyň ýatakhanasynda ýaşaýan Ýokary edebiýat kursunyň diňleýjisi —ildeşimiziň otagyna bardym. Ol ildeşimiziň bilim, edebiýata düşünmek derejesi biziň çägimizde-de ýabygorlurak hasaplanýardy. Ol uruş döwründe başlangyç mekdebi tamamlap, şondan soň gara zähmet bilen meşgullanypdyr. IşIň arasynda ol hekaýajyklar hem ýazýar eken. Ahyr ol Beki Seýtäkowyň goldamagy bilen Ýazyjylar soýuzynyň agzalygyna alynýar. Ýokary Edebiýat kursuna bolsa bilimini birneme artdyrmak üçin TSSR Ýazyjylar soýuzynyň haýyşy bilen kabul edilipdir. …Men gapysyny açan badyma, krowatynda arkan düşüp kitap okap ýatan adam birden dikeldi-de, elindäki tomlugy hapa sögünje dolap bat bilen zyňyp goýberdi. —Şuňa-da roman diýilýän bolsa, biz-ä bilmedik… Diwara degip pytran uly bir kitap dört-bäş sany kiçiräk kitaba öwrüldi. Men bölekleri jemläp seretsem, ol L. Tolstoýyň “Uruş hem parahatçylygynyň” türkmen diline edilen terjimesi bolup çykdy. Ildeşim rus dilinde okap bilmeýäni sebäpli, ekzamen üçin gerek bolansoň, romanyň türkmençesini Aşgabatdan getirden eken. Barybir ildeşim indi ol romany okajak däldi. Şonuü üçinem men haýyş edip, kitaby alyp gitdim. Agşamlyk, elim boş bolansoň, getiren kitabymy okamaga başladym. Zordan onunjy sahypa ýetdim. Ol kitabyň kitap däldigini seljermek, Ýokary edebiýat kursunyň diňleýjisi ildeşimiziň romana beren bahasynyň hakykatdan üzňe bolmandygyna göz ýetirmek üçin eseriň 10 däl, 2 sahypasyny okamagam ýeterlikdi. Terjime tüýs “terjimedi”. Sözler, sözlemler, nokatlar, oturlar türkmen dilinde-de rus dilinde edilişi ýalydy. Tekst şeýlebir köre-körlük bilen yzarlanýardy welin türkmen diline geçende sözlemler jansyz töňňä öwrülip gidýärdi. Netijede çeper eser matematikanyň hasabyna meňzeýärdi. Originalyň manysy dürs geçýärdi, emma çeper eser ýokdy. Tolstoýyň özüni uly höwes hem haýrangalyjylyk bilen okatdyrýan agyr, emma manyly sözlemleri, jadyly suratkeşligi, çuň paýhasy türkmençä gelişmeýän tagaşyksyzlyk bilen utgaşyp öz gözelligini, parasatlylygyny ýitirýärdi. ”Tekstden daşlaşmak” howpundan çekinýän terjimeçi Tolstoýyň 20-30 sözden ybarat sözleminiň-de arasyny bölmekden gorkýardy. Şonlukda owaz-da, sözlemiň tagaşygy-da ýitip, tekst büdräp barýan söz toplumyna öwrülýärdi. Terjimeçi ömründe bir gezek özbaşdak salam hat hem ýazan däldir, ömründe terjime eden şu kitabyndan başga kitap hem okan däldir diýen aýgyt edesiň gelip durdy. Men şonda eseri terjimeçi däl-de, ýazyjy terjime etmeli eken diýen netijä geldim (Anyk ýadyma düşenok welin, Tolstoýyň beýik eserini türkmençä geçiren Meret Sopyýewdi ýa-da Atda Badaýewdi). 1991. Ýolbaşçy gatlak mydama halky aldap gelýär. “Kommunizm gurýarys” diýibem bizi ýetmiş ýyllap oýnadylar. N.S.Hruşýow “Sowet adamlarynyň häzrki nesli kommunizmde ýaşar” diýip, has-da öte geçdi. Öňräk Aşgabadyň ortasynda “Türkmen halkynyň ertesi eşretli gündür” diýen şygar peýda boldy. “21-nji asyr türkmeniň altyn asyry bolar” (21-nji asyryň 99-njy ýyly hem 21-nji asyra girýär. Oňa çenli ýene 99 ýyl bar) diýen şygar hem döredildi. Ýa ertir, ýa öňdäki tutuş bir asyryň dowamynda, garaz, biz şu gün-ä gowy durmuşa garaşmaly däl-dä... 2001. Ýeter-ýetmez ýa-da artykmaç (iň erbedi hem ikinjisi) iýip-içmese, fiziologiýanyň düzgünlerini kän bozmasa, adam örän uzak ýaşardy. Emma ol enesinden doglan gününden başlap, nädogry iýip-içmek bilen öz ömrüni gysgaltmagyň aladasynda ýaşaýar. * GDR. Berlin. “Halklar hem dünýä medeniýeti” neşirýaty. L.Koşuta. Hormatly Leo! Siz SSSR-e gelen mahalyňyz men Moskwada bolmanym sebäpli, ikimize görüşmek miýesser etmedi. Şonuň üçinem men şu haty ýazmaly bolýaryn. 1983-nji ýylda, megerem güýzeňräk, SSSR-de (Belki-de ÝUNESKO derejesinde) beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň 250 ýyllyk ýubileýini beellemekçi bolýarys. Şol mynasybetli Türkenistanda eýýäm ýubileý komiteti döredildi. Şeýle komitet ýakyn wagtlarda SSSR boýunça-da dörediler. Uly sene sebäpli Magtymgulynyň poeziýasy bilen nemes okyjylaryny mümkingadar giňräk tanyşdyrmagyňyzy men sizden dostlarça haýyş edýärin. Eger Magtymgulynyň şygyrlarynyň rus diline geçirilen sözme-söz terjimesi gerek bolsa, men ony SSSR Ýazyjylar soýuzynyň Daşary ýurt komissiýasynyň üsti bilen siziň aýdan wagtyňyz, diýen ýeriňize ýetirmegi boýnuma alýaryn. Ýuriý Iwanowiç Surowsew Size hem aýalyňyza gyzgyn salam ýollaýar. Size rowaçlyk dilemek bilen Atajan Tagan. 25.01.1981. Moskwa | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |