20:48 Kyrk ýylda ýazylan kitap -23: "Haý-haý, Arseniý, köpeý ogly!.." | |
“HAÝ-HAÝ, ARSENIÝ, KÖPEÝ OGLY!..”
Ýatlamalar
“Aý-da, Puşkin, sukin syn!” А.S.Puşkin. Çala tanalýan sada tanşyň dünýäden ötse-de gynanýarsyň. Ýöne köp adamynyň elinden gelmejek işini täk özi başarýan ussat, onda-da kän ýyllap duz-emek bolanyň bakyýete gitse, gaty agyr degýär. Taňrynyň edil şol ýyl, şol gün ala-böle şony, onda-da entek bäş-on ýyl ýaşaýmaly döwri saýlap tutmagynyň sebäbi hakda oýlanýarsyň. Ömrüni ogurlyk-jümrülik bilen, ile-güne hyýanat etmek bilen geçirýän, erkin durmuşda orny bolmaly däl adamlaram uzak-uzak ýaşap ýörler. Emma il-ulusa juda gerekli adamlar welin, köplenç, garrylyga-da ýetmän gaýdyberýärler. Şol gerekli adamlaryň biri-de beýik terjimeçi, talantly şahyr, Watançylyk urşunyň maýyby Arseniý Aleksandrowiç Tarkowskidi. Ol çaga ýaly sada, kalby kir-kimirsiz, diýseň sowatly adamdy. Okumyşlyk babatda köplere göwni ýetmeýän türkmen şahyry Ata Atajanow A.Tarkowskiý hakda gep açylsa: “Arseniniň okan kitaplarynyň ýaryny okanam bolsam, men özümi Platon hasaplardym” diýýärdi. Arseniý Tarkowskiý örän görmegeý, ýöne pukara sypatly, pespäldi. Ol şöhratparazlygy—zerur däl halaty surata düşmegi, ýygnaklaryň prezidiumynda gaýşarylyp oturmagy, özüni agitirlemegi, köp geplemegi halamaýan özboluşly hem agras şahsdy. Ol özüne ýazyjy diýmäge-de utanýardy (Hakyky ýazyjylaryň şeýle häsiýetiniň bardygyna men köp gezek şaýat boldum), Şeýle-de bolsa, hatda Berdi Kerbabaýew hem oňa sataşanda, birhili, özüni ejiz saýýan ýaly ýagdaýa düşýärdi. Ol Arseniý Aleksandrowiçe örän uly sarpa göýýardy. Belkem, Arseniý Tarkowskiniň Magtymgulyny rus diline terjime etmekde çeken ummasyz zähmeti, ony propagandirlemekde bitiren ägirt işleri täsir edendir—B.Kerbabaýew ol adamy türkmen edebiýatynyň ahli terjimeçilerinden zyýat saýýardy, adyny dilinden düşürmeýärdi. Ol Moskwada Magtymgulyly mesele ýüze çyksa, maňa: “Arseniý bilem maslahatlaş” diýýärdi. Tarkowskini türkmen edebiýaty bilen ysnyşdyranam Berdi Kerbabaýewdi. Biz Tarkowskiniň adyny ýaş wagtymyz hem eşidýärdik. Ol 1947-48-nji ýyllarda köp aýlap Aşgabatda ýaşap, Magtymgulynyň döredijiligi bilen ýörite meşgullanypdyr. Bolsa-da: “Terjimeçi gytmy! Gerek bolsa, öňýeten şahyr hem terjimeçi bolup bilýär. Anha, beýik rus şahyry M.Lermontowyň käbir goşgularyny ömründe ýeke setir şygyr ýazmadyk prozaçylar Goşjan Seýitmedow bilen Naryman Jymaýew dagy hem biziň dilimize terjime etdiler ahyryn” diýen pikire-de “Hä” diýmän durmaýardyk. Biz ol mahallar rus dilini oňly bilmän, Puşkini, Lermontowy öz ene dilinde okap görmän, A.Tarkowskiniň terjimeleri bilen tanyşman, ýokarky pikire goşulýar ekenik. Hut meniň özüm-ä A.Tarkowskiniň terjime babatda tapylgysyz talantdygyna ýaşym kyrkdan geçensoň, onda-da Magtymgulynyň terlimelerini köp gezek gaýtalap okanymdan soň, Magtymgulynyň eserleriniň rus dilinde çykanda guramaçy hökmünde gatnaşmaly bolanym üçin düşünip ugradym. Hawa, “düşündim” diýmeýärin, “düşünip ugradym” diýýärin. Sebäbi rus diliniň baýlygynyň törüne kemziz aralaşmak, onda-da A.Tarkowskiý ýaly “dilçiniň” diliniň inçeligini derejesine mynasyp duýmak hiç mahalam bize başardar öýtmeýärin. Men Edebiýat institutyna okuwa girenimden soň, käbir talantly rus ýaşlarynyň Magtymgulynyň eserlerine birneme üns berip ugrandyklaryny aňdym. Meniň ilki tanşan hem soň dostlaşan kursdaşlarymyň birine Anatoliý Peredreýew diýýärdiler. Ol instituty tamamlanymyzdan soň, ýaşka ýogaldy. Institutda ussatlykdan sapak berýän halypalaryň ynam etmeklerine görä, Anatoliý Peredreýew rus poeziýasynyň ertirki parlak ýyldyzlarynyň biri bolup ýetişmelidi. Ol ýaşy boýunça bizden uludy. Uzyn boýly, inçesagtdan syratly Anatoliý 1-nji klasly harby uçujylygyny taşlap, Edebiýat instiutyna okuwa giripdi. Ol ilki tanşanymyzda meniň haýsy milletdendigim bilen gyzyklandy. “A-a, türkmen diýsene! Men Türkmenistan bilen gaýybana tanyş. Diňe ýekeje türkmeni ýakyndan tanaýaryn”. Meniň “Ýakyndan tanaýanyň Berdi Kerbabaýewmi?” diýen sowalyma Anatoliý: “Ýok-k—diýip, perte jogap gaýtardy. —Men Kerbabaýewiň adyny eşitsemem, heniz ýazan zadyny okap göremok. Hemme ýazylany okamaga wagt ýok… Men türkmenlerden diňe Magtymgulyny tanaýaryn. Onuňam kitabyny hut Arseniý Tarkowskiý terjime edeni üçin satyn aldym. Arseniý biderek şahyry terjime etmäge wagt ýitirmez. Men Magtymgulynyň goşgularyny gaýtalap-gaýtalap okadym…” Soň bir gezek Anatoliý Magtymgulynyň “Watanymda han idim” diýip başlanýan goşgusyny köpçülik bolup durkak ýatdan aýtdy-da: “Men bu goşgyny etmäge iş tapman däl-de, başga halkyňam ullakan Puşkini dogrup bilýändigine haýran galanym üçin ýat tutdum. Men Magtymgulynyň goşgularynyň originalynyň başga dilde ýazylandygyna-da ynanmak islemeýärin” diýdi. Bu talantly şahyryň talantly terjimeçiniň işine berýän uly bahasydy. Umuman, şahyr halky görip bolmasa-da, bir şahyr beýleki şahyryň eserine göwnüýetmezçilik bilen garagan bolýar. Emma Arseniý Tarkowskiniň terjimeleri barada gep açylanda, özüne juda göwni ýetgin rus şahyrlarynyňam seňrigini ýygranyna men gabat gelmedim. Elbetde, beýik şahyryň başga bir dilde-de beýikligini saklanmagy terjmeçä, diňe terjimeçä bagly. Magtymgulynyň rus dilinde hem beýikligini saklamagy üçin abyrsyz zähmet çeken — Arseniý Tarkowskiý. Şol ajaýyp adam bilen ýakyndan gatnaşmak, iş salyşmak meniňem paýyma düşdi. Bir gezek Edebiýat institutynyň çeper terjime kafedrasynda Arseniý Tarkowskiý bilen duşuşyk geçirildi. Şonda men ony ömrümde ilkinji gezek gördüm. Ol agaç aýagyny süýräp alýan, eli taýakly, orta boýly adamdy. Onuň pespälden ýygradygy bir göreniňden, bildirip durdy. Ol studentlerdenem utanýan ýalydy. Tarkowskiý sagatýarym çemesi öz goşgularyny hem terjimelerini okady, terjime sungaty hakda, terjime işiniň görkezýän güzaplary barada gürrüň berdi. Onuň terjime hakdaky gürrüňine esasy obýekt bolan Magtymgulynyň döredijiligidi. Oýlanyp gördüm welin, ol “kabinet terjimeçisi” hem däl eken. A.Tarkowskiý Türkmenistanda köp gezek bolupdyr, alymlar, okyjylar, çopan-çoluklar bilen duşuşypdyr, Magtymgulynyň ylhamyna joşgun beren Garrygala sebitlerine syýahat edipdir. Arseniý Tarkowskiý özüniň “Gündogar goşgulary” diýen şygryny okanynda, biz onuň “Gara saçynyň wagtyndan öň agarmagyna” terjime hupbatlarynyň sebäp bolandygyna düşündik. Elbetde, meniň gaty haýbatly ýaly bolup ýaňlanýan bu sözlerimiň poeziýadan, terjimeden bihabarrak adamlar üçin geň bolup duýulmagy hem ahmaldyr. Ýöne, men terjime bilen azda-kände iş salşyp gören adam hökmünde ol sözleri dile getirmekden çekinmeýärin. “Ýoly ýörän biler”—poeziýa terjimesiniň örän agyr işdigine, oňa derek öz goşgyňy ýazmaklygyň juda ýeňildigine terjime bilen iş salşanlar gaty gowy düşünäändirler. Arseniý Tarkowskiniň “saçyny agardanyň”, dogrudanam, Gündogar goşgularydygyna onuň döredijiligi blen içgin tanşan adam derrew göz ýetirer. Ýöne Tarkowskiniň Magtymgulynyň terjimesi babatda çeken zähmetiniň gaty abyrsyzdygyna men soň-soňlar, onuň özi bilen, terjimeçi aýaly Tatýana Alekseýewna Ozerskaýa bilen ýakyndan tanşanymdan soň göz öňüne getirip ugradym. Institutymyzda bolan şol duşuşygy guran, çeper terjime kafedrasynyň müdiri, Gündogar edebiýatyny öwreniji meşhur alym, professor Lýusian Ippolitowiç Klimowiç Arseniý Tarkowskiden Magtymgulynyň “Ýagmyr ýagdyr, soltanym!” (“Дай дождя, дождя, мой султан!”) diýen goşgusynyň terjimesini okamagyny haýyş etdi. Şol goşgy hem duşuşygyň ýatdan çykmajak nokady bolup galdy. Goşgy-da gowudy, terjime-de. Terjimeçi hem ony ussatlyk bilen okaýardy. Şol goşgyny okanynda Tarkowskiniň sesi hem sandyraýardy, özi-de kiçelip-kiçelip, belent soltana tagzym edýän dilegçä öwrülýän ýaly bolýärdy. Ol goşgynyň içine girýärdi, onuň esasy gahrymanyna öwrülýärdi, gözleri-de nemlenýärdi. Oňa garamazdan, Tarkowskiniň goşgy okaýşynda ýasamalyk, artistlikden nam-nyşan ýokdy. Elbetde, Magtymgulynyň ildeşi bolanym sebäpli auditoriýany gurşap alan joşgunly howa maňa has-da aýratyn täsir edýärdi. Emma şol mahal men şeýle joşgunly howa döredýän, diňleýjide aýratyn täsir galdyrýan talantyň eýesi Arseniý Tarkowskiý bilen aňyrsy üç-dört ýyldan ýakyn gatnaşykda bolaryn öýdüp eger – eger pikirem etmeýärdim. Arseniý Tarkowskiý bilen bolan şol täsirli duşuşykdan üç-dört gün geçenden soň, biziň iň ýaşuly kursdaşymyz, Beýik Watançylyk urşynyň tanymal gahrymlanlarynyň biri, partizan birleşiginiň ýolbaşçysy Kowpagyň egindeşi, Sowet Soýuzynyň hem Polşa respublikasynyň Gahrymany, “Ägä bolyň, Kowpak bardyr!” diýen belli kitabyň awtory Pýotr Ýewseýewiç Braýko instituta Magtymgulynyň bir kitabyny alyp geldi-de: “Şahyryň özüňden-ä awtorlyk ýazgysyny aljak gümanym ýok, sen bir gol çek!” diýdi. Men ol kitabyň ikinji sahypasyna “Gadyrly Pýotra Magtymgulynyňky ýaly joşgun arzuw etmek bilen. Şahyryň şu asyrdaky ildeşi Atajan. 1965. ” diýen sözleri ýazdym. ...Ýakyndan tanşyp, gatnaşyp başlanymyzdan soň, bir gezek Arseniý Tarkowskiý maňa şeýle diýdi: —Gadyrdanym, men saňa bir syrjagazymy açaýyn. Men öýde ýalňyz galyp, işe elim barman içim gyssa, kabinetimiň gapysyny mäkäm ýapýaryn-da, “Ýagmyr ýagdyry” pyşyrdap okaýaryn. . . Men onuň näme aýtjagyny öňünden bilen kişi bolup: —Onsoň potolokdan ýagmyr ýagyberýärmi, Arseniý Aleksandrowiç?—diýdim. Ol ýüzüni aşak salyp oturşyna, adaty bolşy ýaly, assaja gepledi. —Ýalňyşdyň, Tagançik. Potolokdan däl, meniň gözümden ýagmyr ýagýar. Garrygaladaky “Dam-dam” çeşmäniň syçryntgylary ýaly. Diňe şondan soň dykylan kalbym gowzap, dünýä täzeden inen ýaly bolýaryn. Poeziýa terjimesi, onda-da Magtymguly ýaly öz döwrüniň sowatly şahyryny terjime etmek örän kyn hem jogapkärli iş. Çyn poeziýa pikiriň, sazlaşygyň, owazyň jeminden ybarat. Şol hakyky poeziýanyň kagyza geçäýýän pursaty bolýar. Şonda şahyrda başga planeta göçen ýaly ýokary galyş ýagdaýy döreýär. Şeýle halda ýazylan goşgy başga dile geçirilende-de, terjimeçi hem awtoryň goşgyny döreden pursaty ýeten derejesine ýetmeli bolýar. Eger terjimeçi şony başarmasa, originaldaky pikir kagyza geçse-de gözelligi, owazy köýüp galýar. Magtymgulynyň goşgularyny terjime eden mahaly Arseniý Tarkowskiý şol belentlige köplenç halatda ýetipdir. Oňa garamazdan, A.Tarkowskiniň terlimelerini ýüzleý okan käbir edebiýatçylar (Mysal üçin, Tejen Nepesow) Magtymgulynyň rusça “gepleýşinden” onçakly razy bolmaýarlar. Elbetde, närazylyga tutaryk ýok diýip gutarnykly pikir ýöredip bolmaz. Ýöne Arseniý Tarkowskiniň (diňe onuň hem däl) rus diline terjimesini okanyňda, öňi bilen özüňi Magtymgulynyň originalyndaky okyjydygyňdan birneme daşlaşmaly, terjime edilen diliň okyjysyna öwrüljek bolmaly. Şeýdilse, şahyryň köne duýgulary täzelenip, eser has-da täsirli bolýar. Eser originalyň dilini bilmeýän okyjylara niýeytlenip terjime edilýär ahyryn. Şu ýerde ýene bir meselä degip geçmegimiz zerur. Dogrusyny dogry aýtmaly, Magtymgulynyň türkmen dilindäki tekstinde-de ritmiň, rifmanyň bozulýan, many logikasynyň bulaşyk ýerleri gaty kän. Biziň alymlarymyz, tekstologlarymyz (Bizde tekstolog barmyka?) şahyryň öz ene dilindäki tekstini-de okyja deňli-derejede ýetirip bilenoklar. Bir goşgudaky tutuş setir başga bir goşguda-da, bir bentdäki setir şol bir goşgynyň başga bir bendinde-de gabat gelip ýör. Tematika taýdan biri-birini köre-körlük bilen gaýtalaýan goşgularam gabat gelýär. Şeýle halatda ol goşgulary başga bir dile geçirän şahyryň işinden “monjuk” gözlemek öz ullakan günämizi ýaşyryp, öz goýberen hatamyz üçin bigünäni aýplamak ýaly bolýar. Ýöne üns bilen okasaň, Magtymgulynyň rus dilindäki eserleri türkmen dilindäkisinden has düşnükli. Çünki onuň türkmençe eserlerindäki ýokarda agzan nogsanlyklarymyz rus dilnde juda az gabat gelýär. Sebäbi rus ýazyjylary, terjimeçileri eseri redaktirlemäge biz ýaly başdansowma çemeleşmeýärler. Olar bir sözüň ýa-da rifmanyň zol-zol ýerliksiz gaýtalanmagyna-da ýol bermeýärler. Beýle ýagdaýy olar bisowatlyk hasaplaýarlar. Şonuň üçinem Magtymgulynyň originaldaky kemçilikleri terjimeçi tarapyndan düzedilmegi netijesinde ol rus dilinde öz dilindäkiden has düşnükli derejä ýetýär. Ýene-de: terjimede asyl tekstiň her bir sözüni köre-körlük bilen gözlemäge, yzarlamaga ýykgyn etmeli däl. Ýykgyn edäýeniňde-de, Tarkowskiniň terjimesindäki Magtymguly, köplenç halatda, Magtymguly, ýöne diňe rus dilinde gepläp bilýän Magtymguly bolup galýar. Ol dilini rusça öwürse-de, gaýyş ädigini keçe ädige, garma donuny galyň palto, buýra tüýli telpegini şlýapa bilen çalyşmaýar. Ol Russiýanyň şäherlerinde, obalarynda öz milli eşiginde gezýär. Ýöne geplände welin, ruslaryň özlerini-de haýran edýän arassa rusça gepleýär. Iň esasy-da rus dilinde gepleýän Magtymguly öz belentligini saklaýar. Onuň şeýledigini edebiýata bize görä has düýpli düşünýän, edebiýatyň taryhyna giren beýik şahslar hem tassyklapdyrlar. Bir hakykata salgylanaýyn. Muny maňa A.Tarkowskiniň özi gürrüň berdi: Arseniý Tarlowskiý Magtymgulydan eden terjimelerini jemläp, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň Baş sekretary, meşhur “Ýaş gwardiýanyň” awtory Aleksandr Fadeýewe okamaga berýär. Heniz bolmadyk, asla garaşylmadyk bir waka ýüze çykýar. Bary-ýogy bir hepde geçýär welin, terjimeçi Ýazyjylar Soýuzynyň prawleniýesuniň Sekretariatynyň nobatdan daşary geçirilen maslahatyna çagyrylýar. Maslahatda diňe bir meselä—türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligine garalýar. Nobatdan daşary maslahata Ýazyjylar Soýuzynyň iki neşirýatynyň ikisiniňem direktoty-da çagyrylypdyr. Maslahata başlyklyk ediji A.Fadeýew “sen-men ýok”, Arseniý Tarkowskä ýüzlenýär-de, täze terjimeleri okamagyny haýyş edýär. Tarkowskiý terjimelerini okaýar. Şondan soň A.Fadeýew maslahata gatnaşýanlara ýüzlenýär: “ Şu ajaýyp goşgulara, olaryň terjimesine dil ýetirjegiň, olary tankyt etjegiň barmy?” Hiç kim goşgulara-da, terjimä-de dil ýetirmeýär, gaýtam olaryň ýokary derejededigi nygtalýar. ”Beýle bolsa, Magtymgulynyň goşgularyny iki neşirýatyň ikisinde-de bir mahalyň özünde kitap edip çykarmaklygy teklip edýärin. Garşy adam elini galdyrsyn!” Hiç kim elini galdyrmaýar. Aleksandr Fadeýew ýaly beýik şahsdan, edebiýat läheňinden beýle baha almak şahyra, terjimeçä hälimi-şindi ýetdirjek bagt däldi. Şol hem Magtymgulynyň eserleriniň, olaryň terjimesiniň agramyna baha beren adalat terezisi boldy. Bir gezek şahyr Resul Gamzatow meniň iş kabinetime geldi-de, salam-helik alşyp-alyşmankak: —Siz Magtymgulyny gürjülere beriň!—diýdi. Men garaşylmadyk habara aňk-taňk boldum-da: —O nä gep, Resul aga?—diýdim. —Magtymguly türkmen şahyry ahyryn? —Menem onuň türkmen şahyrydygyny bilenim üçin diýýän-dä. —Sebäbi näme? —Sebäbi bir hepde mundan ozal Arseniý maňa Magtymgulynyň kitabyny sowgat etdi. Men öýden çykman, ähli goşgularyny okap çykaýypdyryn. Sen meniň iki sagat hem öýden çykman oturmaga takatymyň çatmaýanyny bilýäň ahyryn. Magtymguly beýik şahyr eken. Men ozal onuň adyny eşitsemem, goşgularyny okamandym... —Beýik bolsa, biz ony näme üçin gürjülere bermeli? Beýik şahyr türkmenlere-de gerek ahyryn. Resul Gamzatow gaty çynyny aýdýandygyny tekrarlajak bolup, gaşlaryny çytyp gepledi. —Sen geçen hepdede Soýuzlar öýüniň sütünli zalynda Barataşwiliniň uly şowhun bilen geçen ýubileý dabarasyna gatnaşdyň. Men prezidiumdakam seniň zalda oturanyňy gördüm. Sen Barataşwiliniň kimdigini bilýäňmi?—Men “haňk-huňka” uranymdan soň, Resul dowam etdi. —Barataşwili diýilýän adam tutuş ömründe 36 sany goşgy ýazan şahyrjyk. Olar ýaly şahyr Dagystanyň her obasynda üçden- dörtdenem bar. Barataşwiliniň 36 goşgusynyň arasynda-da meňki bolsun diýer ýalysy ýok. Emma şonda-da gürjüler ony arşa çykarjak bolup ýörler. Çykarýarlaram. Barataş- wili ýaly şahyrjygyň ýubileýi Soýuzlar öýüniň sütünli zalynda geçýär. Emma Magtymguly ýaly beýik şahyryň bolsa ady hem tutulanok. Siz ony gürjülere berseňiz, Magtymguly dünýä belli şahyra öwrüler... Resul Gamzatowyň kinaýasynyň jany hem ýok däldi. Şol mahala çenli biziň Magtymgulymyzyň Soýuz derejesindäki abraýly zalda ýubileýi hem bellenmändi. Oňa-da biziň özümiz, has takygy, oturan kürsüsini ýitirmekden gorkýan, medeni derejesi pes ýolbaşçylarymyz günäkärdi. “Aý, bolýa-da! Aý, nämä gerek?”. Mesele goýsaňam, alynýan jogap şoldy. Bolsa-da, biz Magtymguly babatda respublikanyň, iň bolmanda, kiçiräk çinownikleriniň welin gulaklaryny gazaýardyk. Magtymgulynyň 250 ýyllyk ýubileýini Soýuz derejesinde geçirmek üçin SSKP MK-a hat ýazylmagynyň, eýde- beýde razyçylygyny aldyk. Iş ugrukdy. Bütinsoýuz ýubileý komiteti döredildi. Meni hem ol komitetiň jogäpkär sekretarlygyna bellediler. Bir gezek men Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň bölüm müdirleriniň birine Magtymgulynyň ýubileýiniň jemleýji bölümini Moskwada Soýuzlar öýüniň sütünli zalynda geçirmäge rugsat sorap, uly MK-a hat ýazylmagyny haýyş edenimde ol maňa: “Gazaklar Jambylyň, gyrgyzlar Togtagulyň ýubileýini nirede geçirdiler?” diýen sowal berdi. Ol adama Magtymgulynyň Jambyl, Togtagyl ýaly (Men olary kiçeltmek islemeýärin.) şahyrlardan juda belentde durýandygyny gaty sypaýyçylyk bilen düşündirjek boldum. Hut şol gün agşamlyk Türkmenistan Ýazyýylar Soýuzyndan biri maňa jaň edip: “Ägä bolaweri! Ýokarkylara akylly maslahat beriji bolmagyn!” diýip, dostlarça duýduryş berdi. Her hiçik-de bolsa, Magtymgulynyň 250 ýyllygyny Soýuzlar öýüniň sütünli zalynda geçirmegi welin gazandyk. Ol dabara SSKP MK-nyň Syýasy Býurosynyň agzalaryndan, agzalyga kandidatlaryndanam birnäçe adam gatnaşdy. Bütinsoýuz Ýubileý Komitetiniň agzasy Resul Gamzatow ertirki boljak dabara çakylyk alansoň, giç agşam maňa jaň edip degişdi: —Hudaýa şükür! Meniň saňa golasty bolup ýaşamagymyň möwriti ertir agşam gutarýar eken. Dabara men hökman bararyn. Türkmenleriňem goňşy-golamdan sapak almaga ökdeländigine bir şat, Magtymgulynyň ýubileýiniň abraýly zalda geçýänine-de iki şat... Gamzatowyň “golasty bolup ýaşamak” sözüniň üýtgeşik manysy ýokdy. Ol Ýubileý Komitetiniň agzasy, men hem jogapkär sekretarydym. Şonuň üçinem men Komitet agzalaryna, şol sanda Resul Gamzatowa-da ýubileý mynasybetli ýumuş bilen ýüz tutmaly bolýardym. . . Biz “Magtymguly dünýä belli şahyr” diýip, esassyz geplemäge endik edipdiris. Hakykatda welin, biziň Magtymgulymyz entek Nowaýy, Jamy, Sagdy, Haýýam, Gýöte, Puşkin ýaly dünýä derejesinde tanalýan şahyrlaryň hataryna girenok. Sebäbi gowy propagandirlenýän gowşak şahyr, gowşak propagandirlenýän gowy şahyrdan belentde durýar. Magtymguly şol özi belent, ady pes şahyrlardan. Ol meselede-de günäkäriň özümizdigimizi boýun almalydyrys. Biziň Ýazyjylar Soýuzymyzyň ýolbaşçylary-da, gazýet-žurnallarymyzyň redaktorlary-da Magtymgulyny propagadirlänlerinden özlerini propagandirleseler, dünýä medeniýeti üçin has bähbitli bolýandyr hasap edýärler. Şu güne çenli-de beýik şahyryň akademiki neşiri çap edilenok. Nämemiş, ýagdaý kynmyş, kagyz ýokmuş. Gerekmejek boş agitasiýa üçin kagyz tapylýar, emma Magtymguly üçin tapylanok. Şol tygşytlylyk edýän adamlaryň günäsi bilen Magtymguly Ýewropa ýurtlaryna “syýahat etmekden” mahrum boldy. Dogry, Magtymgulyny Russiýada az-kem tanaýarlar. Ol Orta Aziýa ýurtlarynda hasam gowy tanalýar. Emma Ýewropada welin edebiýat ylmyndan çaga ekleýän alymlar-da Magtymgulyny bilmeýärler. Ol ýerde rus dilli spesialustler bolaýmasa, okyjy köpçüligi Magtymgulynyň adyny hem eşiden däldir diýsemem ýalňyş bolmasa gerek. Dogry, 250 ýyllyk ýubileýiniň öň ýanynda Magtymgulynyň döredijiligini propagandirlemekde Türkmenistanda-da, Soýuzda-da esli iş edildi. Ýöne göz öňünde tutan maksadymyza welin ýetip bilmedik. Sebäbi respublikalaryň köpüsinde şahyryň kitaby çap edilse-de, olaryň aglabasy ýubileý mynasybetli mežbury ýagdaýda amala aşyrylan başdansowmalykdy. Alada edilse-de, Magtymgulynyň göwrümli hem agramly kitaplary diňe Russiýada, Ukrainada, Özbegistanda hem Wengriýada çap boldy. Ukraina ýaly uly hem-de Türkmenistan bilen edebi gatnaşygy ýokary derejedäki ýurtda-da ýubileýine çenli Magtymgulynyň “agramly” kitaby çykmandy. Men öz institut ýoldaşym, belli terjimeçi hem gowy şahyr Pawlo Mowçana Ýubileý Komitetiniň, Arseniý Tarkowskiniň hem öz adymdan jaň edip, ukrain dilinde Magtymgulynyň uly kitabynyň çap edilmegini haýyş etdim. Ol haýyşy goldady. Ýöne kitaby köpçülik bolup terjime etmek ýoluny hödürledi. Men oňa garşy çykdym. Sebäbi bir şahyry köp şahyr terjime etse, “mollasy köp bolýar-da” kitap harsal çykýar. Onuň şeýle bolýandygyny biz iş ýüzünde görýärdik. Eger kitaby bir şahyr terjime etse, ol terjime edýän obýektiniň içine girýär, öwrenýär, awtoryna golaýlaýar hemem işe jogapkärçilik bilen çemeleşmäge mejbur bolýar. Pawlo Mowçany Moskwa çagyrdyk, gürleşdik, ýalbardyk, Tarkowskiniň abraýyndan peýdalandyk, garaz, yrdyk. Ony türkmen diliniň sözlükleri, Magtymgulynyň goşgularynyň rusça sözme-söz terjimesi bilen üpjün etdik. Şeýle hem ony Türkmenistana komandirowka iberdik. Ol Moskwa dolanyp baranda saparyndan gaty hoşal bolandygyny aýtdy. Şeýdibem, biz ony Magtumguly bilen ysnyşdyrdyk. Pawlo Mowçany ýubileý mynasybetli geçirilen çäreleriň hemmesine diýen ýaly çagyrdyk. Ol ýubileýiň Aşgabat dabarasynda çykyş etmeli bolanda, men ondan eger goşgy okamaly bolsa, “Ýagmyr ýagdyry” okamagyny haýyş etdim. Ol meniň ýüzüme çiňerilip garady-da: “Men şol goşgyny jüpüne düşen terjimelerimiň biri hasaplaýaryn. Ýöne Arseniý aksakalyň ýanynda ony okamak biedeplik bolaýmasa” diýdi. Bolsa-da, Pawlo “edepsizlik” etmäge mejbur boldy. Mollanepes adyndaky teatrda “Ýagmyr ýagdyr” ukrain dilinde ýaňlandy. Agyr märeke Pawlony uçursyz gowy garşylady. Dabaradan soň men Pawlonyň elini gysdym. Ol güldi-de: “Öňürti aksakal Arsenini gutla!—diýdi. —Şol goşgyny ukrain diline geçirenimde, Tarkowskiniň rusça terjimesi maňa halypalyk etdi". ...Bir gezek Arseniý Tarkowskiý iş telefonyma jaň etdi-de: “Magtymguly Pyragy ikimize azajyk sowalga iberipdir. Hany, aşak düş!” diýdi. ”Aşak” ýazyjylaryň dilinde Soýuzyň edarasynyň aşagyndaky uly restorandy. Ol ýazyjylaryň garbanýan, goşgy okaşýan, pikir alyşýan ýeridi. Ol restoranda naharyň hili ýokary bolsa-da, bahasy şäher restoranlarynyňkydan arzandy. Şonuň üçinem ýazyjylar başga ýere gitmän, köplenç, şol ýerde duşuşýardylar. Aşak düşsem, Tarkowskiniň ýeke özi dört orunlyk stol başynda otyrdy. Nirededir bir ýerde Magtymgulynyň gaýtadan çap edilen goşgulary üçin terjimeçi gonorar alan eken. Stol başyndaky gürrüň “gonorar iberen adamdan” başlandy. Arseniý Aleksandrowiç: “Tatýana hanym meniň Magtymguly üçin agaran saçymy garaltmagy başarmasa-da, Magtymgulynyň ýolunda ölmeli bolanymda welin, halas etdi”- diýip, entek maňa düşnüksiz hem geň habar aýtdy. Emma ol habaryň syry açylmanka, şahyryň haýsydyr bir tanşynyň stol başyna gelip oturmagy bilen başlanan gep uzak wagtlap düşnüksizligine hem galdy. Şondan iki hepde çemesi wagt geçensoň, men Peredelkinoda dynç alýan Hydyr Derýaýewiň ýanyndan gaýdanymda, salamlaşyp geçmek üçin Arseniý Aleksandrowiçiň ýaşaýan daçasyna sowuldym. Az salymlyk gep alyşmadan soň, men ondan aýalynyň nähili ýol bilen ölümden halas edendigini soradym. Ol şeýle bolupdyr: Arseniý Tarkowskiniň bir şahyr dosty: “Magtymgulynyň Watanyna gitseňiz, meni hem alyp gidiň!” diýip, haýyş edýär. Iki şahyr 1948-nji ýylyň oktýabrynyň başynda Aşgabada uçmagy wadalaşýarlar. Emma Tarkowskiniň aýaly Tatýana Alekseýewna samolýot bilen gidilmegine garşy durýar. Arseniý maýyp bolansoň, ol nirä gitse-de, ýany bilen gitmeli bolýan aýaly Aşgabada otluly gitmegi ündeýär. Ol otluly meselä adamsyny yrsa-da, Arseniniň dosty samolýota bilet alýar. Otly Aşgabada 6-njy oktýabrda gelýär eken. ”Biz ýer titremesiniň soňky sarsgynynyň edil öň ýany Aşgabada girdik. Bizden bir gün ozal samolýotly baran dostum bolsa myhmanhana jaýynyň keseginiň aşagynda galyp wepat boldy” diýip sözüni soňlan Tarkowskiý başyny ýaýkady. Arseniý Tarkowskiý Magtymgulyny söýşi ýaly başga hiç bir şahyry söýen däl bolsa gerek diýip çak edýärin. Ol Magtymgulyny söýýänleri-de, goşgularyny terjime edýänleri-de aýratyn hormatlaýardy. Arseniý Magtymgulynyň şygyrlaryny rus diline sözme-söz terjime eden türkmen alymy Zylyha Muhammedowa uly sarpa goýýardy. “Ol dana aýalda seýrek gabat gelýän ylmy hem poetiki düşbülik bar” diýýärdi. Bir gezek men Moskwadaky öýüne baranymda, A.Tarkowskiý Magtymgulynyň türkmençe kitabyny elime berdi-de, “Näme sen?” diýen goşgyny howlukman, pessaý ses bilen okamagymy haýyş etdi. Goşgyny okaýarkam, göz gytagymy terjimeçä tarap aýlaýardym. Tarkowskiý goşgyny gözüni ýumup, ýüzüni ýokaryk tutup diňleýärdi. “Köp minnetdar. Gonorara derek bolsa men seni brazil kofesi blen hezzetläýin!” Kofe içip otyrkak, Arseniý Aleksandrowiç bir hili, utanýan ýaly bolup ýylgyrdy. —Gadyrdanym, gelşiksizräk bolsa-da, men saňa Magtymguly bilen baglanyşykly bir epizody aýtmak isleýärin... Men Magtymgulyny terjime edenimde, her goşga, azyndan dört sahypa kagyz garaladym. Ýöne iň gowy goşgy bolan “Ýagmyr ýagdyry” terjime edenimde, 12-13 sahypa kagyz garalandyryn. Emma hiç biri-de göwnümden turmady. Ahyr ähli kagyzlarymy sebede, özümem diwana taşladym. Uklap bilmedim. Gije sagat üçlerde gop berlen ýaly bolup, ýene stol başyna geçdim. Sözme-söz terjimedäki, öz garalan kagyzlarymdaky hemme setirler ýadymdady. Şonuň üçin bolsa gerek, ”Ýagmyr ýagdyr” sanlyja salymdan rusça düňýä indi duruberdi. Goşgyny sessiz okadym, sesli okadym. Gaýtalap ýene okadym. Birdenem terjime göwnüme juda makul bolansoň, Puşkine öýkünip: “Haý-haý, Arseniý, köpeý ogly!” diýip, begenjimden ýaňa, uly ilim bilen gygyraýypdyryn... Arsenıý Aleksandrowiç ýene mylaýym ýylgyrdy. Şol ýylgyryşdan soň, tä ýogalýança, men onuň dişiniň yşranyna, gözleriniň gülenine gabat gelmedim. Sebäbi şol duşuşygyň yzysüre onuň Italiýada emigrasiýada ýaşaýan hasap edilýän ogly, ady dünýä meşhur kinorežissýor Andreý Tarkowskiniň Parižde ýogalandygynyň şum habary geldi. Ol agyr ýük çaga göwünli maýyp şahyryň bilini büküp taşlady. Magtymgulynyň poeziýasynyň perwanasy, ajaýyp adam, uly şahyr Arseniý Aleksandrowiç Tarkowskiý gaýdyp aýňalmady. 1985-91. Peredelkino—Moskwa. Halal hem ynanjaň adamlar haram adamlaryň baýamagy üçin gazanç çeşmesidir. * Aň, düşünje, ylym ösdügiçe, çözülmesi kyn mesele-de köpelýär. * Ýaş toý käbir bada göterýäniň özüne nepi deger öýdüp, ozaldan kalbynda besläp ýören, ýöne aýtmagyň ebeteýini tapman gezen sözlerini dile getirmegi üçin dörän amatly pursat. * Durmuşda ýaramaz nusga galdyrýan adamlaryňam ömri ile bähbitsiz geçdi diýip kesgitli aýtmaly däl. Sebäbi olar adamlara ýaramazlygy ýigrenmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär. * Tebigat hem Durmuş diýen dana mugallymlaryň sapaklaryny äsgermän alýan “ikiliklerimiz” ýaşaýşymyza agyr badak salýar. * Mende Nikolaý Tihonowyň, Resul Gamzatowyň, Çingiz Aýtrmatowyň, Wladimir Solouhiniň, Mustaý Kerimiň, Aleks la Gumanyň hem başga-da bir topar sowet we daşary ýurt ýazyjylarynyň awtorlyk ýazgy bilen sowgat eden kitaplary bar. Emma, kän ýyllap gatnaşsagam, Berdi Kerbabaýewiň goly bilen berlen kitap ýok. Ol maňa ömründe ýekeje kitap—“Nebitdagyň” rus dilindäkisini “Atajan Tagan ogluna dostluk üçin” diýen ýazgy bilen 1969-njy ýylda sowgat edipdi. Ol kitap hem häzir mende ýok. Onuňam öz sebäbi bar. Berdi Kerbabaýew dünýäden öteninden soň, ilki Aşgabatda soňra-da Moskwada onuň 90 ýyllygy bellenmelidi. Şol mynasybetli men Aşgabada delegasiýa alyp gaýtmalydym. Delegasiýany toplamak kyn däldi. Iki ýa-da üç ýazyjynyň başyny jemleseňem delegasiýa hasaplanýardy. Şolar ýaly ýagdaýda biz Türkmenistan Ýazyjylar Soýuzynyň ýolbaşçysy ýa-da TKP MK-nyň, iň bolmanda, bölüm müdiri bilen maslahatlaşýardyk. Men MK-nyň sekretary Maýa Mollaýewa jaň edenimde ol: “Delegasiýanyň başynda hökmany suratda SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň prawleniýesiniň sekretary ýa-da Gahryman ýazyjy bolsun” diýip, berk talap etdi. Meseläniň kyn ýeri-de şoňa syrykdy. Sekretarlaryň hemmesi işlidi ýa-da özlerine bähbitsiz komandirowka gitmeli bolsa “iş” tapaýýardylar. Şu ýerde bir zady açyk aýtmak isleýärin. Soýuza ady belli ýazyjylar ýa-da prawleniýeniň sekretarlary Türkmenistana gitmeli bolsalar, onçakly döwtalap däldiler. Olar Özbegistana ýa-da Täjigistana gitmeli bolsa welin, itilen ýalydylar. Sebäbi bizden başga ýerlerde ýazyjylary örän oňat garşylaýardylar. Dogry, bizde-de olar aç-suwsuz bolmaýardy, barymyzdan ony-muny görkezýärdik. Ýöne gelen ýazyjylara resmi taýdan üns berilmeýärdi, olardan, näme üçindir, çekinýärdiler. (Ýadymda, Türkmenistanda Sowet edebiýatynyň günleri geçirilende, Daşhowza bardyk. Şonda belli türkolog-alym, ýazyjy Radiý Fiş bir kolhozçynyň öýüne girip salamlaşyp çykany üçin, Aşgabada gelenimizden soň MK-nyň müdiri rus ýazyjysynyň şol “erkin hereketi” üçin maňa nägilelik bildirdi.) Başky gürrüňe dolanaýyn. Maýa Mollaýewa dabara abraýly geçeri ýaly Moskwadan gelmeli delegasiýa prawleniýäniň sekretary ýa-da Sosialistik Zähmetiň Gahrymany bolan ýazyjynyň ýolbaşçylyk etmegini isleýärdi. Beýle ýazyjy hem islän mahalyň tapylmaýardy. Agramly ýazyjylar-ha iş stollaryny taşlap, üç günlügem bolsa, Aşgabada gaýtmak islemeýärdiler, agramsyzraklaryny bolsa Maýa Mollaýewa islemeýärdi. Özüm şol “agramlylara” jaň edip, netije çykaryp bilmänim üçin, prawleniýäniň esasy sekretary Ýuriý Nikolaýewiç Werçenkonyň kabinetine girip, ýagdaýy beýan etdim. Keýpsiz oturan sekretar gaşyny çytyp gepledi. —Maýa Mollaýewnany men sylaýaryn (Werçenko bilen Mollaýewa ozal komsomol işinde bile işläpdirler. —A.T.) Şol mesele bilen ol maňa düýnem jaň etdi, şu günem. Maýeçka henizem komsomol gylyklaryndan daşlaşmandyr. Ýazyjy barsa bolýa-da. Döşüniň Ýyldyzy nä ýazyja kitap ýazyp berýärmi? Men saňa şu gyssagarada Sekretar ýa-da Gahryman ýazyjyny nireden tapaýyn? Edil şol mahal hem bizde daşary ýurtlar işleri boýunça prawleniýäniň sekretary bolup işleýän, Merkezi Telewideniýäniň hem ýörgünli syýasy kommentatory Genrih Auzerowiç Borowik kabinete girip, biz bilen salamlaşdy. —Gowy geläýdiň, Genrih!—diýip, Werçenko derrew oňa ýüzlendi. —Näme etjegimizi bilmän otyrdyk welin, rysgymyz öz aýagy bilen peýda boldy. —Näme hyzmat, başlyk? —Hyzmat däl, haýyş. Sen ertir irden Atajan bilen Aşgabada uçmaly. Borowik ilki maňa, soňra-da Ýuriý Nikolaýewiçe geň galyp seretdi. —Meniň ýene üç günden Londona uçýandygymdan sen habarly ahyryn, Ýuriý Nikolaýewiz. Komandirowka özüň gol çekdiň-ä. —London garaşar. Aşgabada sekretar ýazyjy barmasa , başgasy kabul edilmeýär. —Werçenko maňa tarap elini salgap goýberdi. —Şoň üçin Atajana-da gün berenoklar. Maňa-da Mollaýewa zol jaň edýär... Sen Aşgabada gitmeli bolarsyň, Genrih Auzerowiç! —A, London?.. —“London garaşar” diýdim-ä. —diýip, Werçenko gaty agras sypata geçdi. —Sen şu gezek biziň haýyşymyzy bitir. Londona gitmäge ýene bir komandirowka gol çekmek kyn iş däl. —Beýle näme zerurýetlik ýüze çykdy? —Berdi Kerbabaýewiň ýubileýi bar. Şonda-da, ýaňky aýdyşym ýaly, hökman sekretar çykyş etmelimişin. —Gadyrdanym Ýuriý Nikolaýewiç, men Berdi Myradowiçiň özüni gowy tanasamam, hiç zadyny okamok ahyryn?—diýip, Borowik sapalak atjak boldy. —Beýle bahana bilen biziň penjämizden sypmarsyň, Genrih Auzerowiç—diýip, çalarak ýylgyran başlyk ýene maňa tarap elini salgady. —Atajan gije ýatmaz welin, näçe sahypa gerek bolsa, material ýüküňi ýetirer. Men bulara şolar ýaly iş üçin aýlyk töleýärin ahyryn. . . “Aýlyk töleýärin” sözi diňe maňa däl, Genrih Borowige-de degişlidi. (Belkem, Werçenko maňa ýüzlenen bolup, gepi Borowige gyşardandyr?). Şeýle hem baş sekretaryň garşysyna gitse, özi üçin onçakly peýdaly bolmajakdygyna Borowik gowy düşünendir... Kabinetden tirkeşip çykanymyzdan soň, bolan waka üçin men günäkär ýaly, Borowik maňa nägile nazar aýlady. —Durmuşda asla garaşmadyk wakalaryň bolýar-ow!... Gadyrdan, sprawka-da taýynla welin, Berdi Kerbabaýewiň bir kitabyny-da samolýota alyp barawergin! Ýogsam, Aşgabada baryp, “pagtabent” atyp dursak gowy bolmaz... Aşgabada diňe G.A.Borowik ikimiz uçduk. Men gije ýatman diýen ýaly taýynlan sprawkalarym bilen birlikde Berdi Kerbabaýewiň “Nebitdag” romanyny hem alyp bardym. (Onuň meniň öýümdäki kitaplarynyň “Nebitdagdan” başga hemmesi türkmen dilinde eken). Ýolda Genrih Borowik meniň taýynlan sprawkalaryma-da, kitaba-da göz gezdirdi. Emma ol ýubileý dabarasynda çykyş edende, meniň sprawkalarymdanam, Kerbabaýewiň kitabyndanam ýeke söz hem peýdalanmady. Sebäbi tapylgysyz orator Genrih Borowik gepleýän temasyndan hiç zat okamandygynyň sepini-de bildirmän, näçe sagat çykyş etmeli bolsa-da, başarýan adamdy. Şeýlelikde, “Atajan Tagan ogluna dostluk üçin” diýen ýazgyly “Nebitdag” Genrih Borowigiň diplomatynda galdy. Çaky, ol-a kitaby yzyna gaýtarmagy unutdy, men hem ýatlatmagy uslyp bilmedim. 1991. Moskwa. Bäş-alty sahypalyk hekaýa ýazmak powestiň ýa-da romanyň 20-30 sahypasyny ýazmakdan ýeňil düşmeýär. Men onuň sebäbini düşündirip biljek däl. Belkem, ol göwrümi uly eseriň köpsözlüligi bilen bagly bolsa gerek. * Ýaş wagtymda her näçe uzyn (20-25 sah.) hekaýa başlasamam, gije sagat üçi—dördi görkezse-de, gutarman ýatmaýardym. Özüni-de hiç kim bilen okaşman çapa beräýýärdim. Indi bolsa şeýle göwrümli hekaýany (arasy üzülmese-de) üç-dört günüň dowamynda ýazýaryn. Maşynkadan geçen hekaýany ýoldaşlaryma okamaga berýärin, edilen bellikleri düzedip, ýene maşynkadan geçiirýärin, Şondan soňam çapa hödürlemäge ýaýdanýaryn. Beýle ýagdaýy “Akyl goýalyşansoň adamda jogapkärçilik artýandyr” diýip düşündirsemem, “Aýal garrasa, erkek bolar, erkek garrasa gorkak bolar” diýen nakyly hem ýatlaýaryn. * Kömek Kulyýewi biziň çägimizde proza žanrynyň sözüň gowy manysyndaky jadygöýi hasaplaýaryn. Ýazyjynyň başarnygy diňe ýekeje sözüň kömegi bilenem ýatdan çykmajak hekaýa döredip bilýär. Ussadyň “Gumda” diýen hekaýasyny ýa-da şoňa kybapdaş, şol derejedäki gaýry bir hekaýany Kömek Kulyýewden başga hiç kim ýazyp bilmez. * Özüne ýazyjy diýmäge ýaýdanmaýan, gorkmaýan ýazyjydan hakyky esere-de garaşma. * Betbagt, akmagam bolsa, öz betbagtlygyny bilýär.Sebäbi betbagtlyk kynçylyk bilen bagly. Bagtlylyk azap, kynçylyk bilen bagly bolmany üçin bagtly welin akylly bolsa-da, öz bagtlylygyna doly düşünmeýär. * Orazgylyç Çaryýewiň “Şygyr diwany” hem “Bakyýet” diýen kitaplaryny okadym. Türkmen poeziýasyna owadan, boş sözli däl-de, original pikirli, gözellige ýugrulan şahyr gelip goşuldy hasap edýärin. Onuň goşgulary tradision “Gündogar gözelliginden” parhlanýan özboluşly poeziýa: “Men dünýäni düzetjekdim. Eden arzuwym puç boldy. Ýaş wagtym ölüp gitjekdim Paşmady, indem giç boldy. ” * Düşünenler dymyp gezer, köpler düşünmez sözüme, Men şeýdip heläk bolýaryn, men şeýdip bolýaryn halas. * 1964-nii ýylda Berdi Kerbabaýewiň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli onuň öz öýünde guran dabara gatnaşan adam şeýle bir wakany gürrüň berdi: “80-90 adam çagyrylan oturlyşykda şahyr hem alym K. söz alyp, B. Kebabaýewi hem onuň döwürdeşlerini magtady, kän-kän ýazyjy-şahyryň adyny tutdy. Birden Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan ýazyjy Ata Nyýazowyň ogly, mergenlikde olimpiýä çempiony Marat Nyýazow söz sözleýän şahyryň ýanyna bardy-da, onuň elindäki mikrofony gaňryp aldy. ”Hormatly adamlar! Şular ýaly ejiz hem bigaýrat şahyrsumagyň ýeke sözüne-de ynanmaň. Bu adam, özi urşa gitmejek bolup, “Men meýletinlik bilen Watan goragyna gitmek isleýärin” diýip, bir topar ýazyjynyň adyndan arza ýazdy. Men derňäp gördüm welin, meniň kakamyň adyndan arza ýazan hem şu bolyp çykdy. Bu gün bolsa bu namart adam uruşda wepat bolan ýazyjylaryň adyny hormat bilen tutan kişi bolýar”. K. aýdylana garşy çykmaga synanyşdy. Emma Marat onuň ýakasyndan ýapyşdy, sögündi. Eger Berdi aga çakgan hereket edip, ara düşmedik bolsa, uruşda galan ýazyjynyň ogly K. -ny köpüň öňünde wejera edýärdi. ” * Geçmişiňem gowusy gaýtalanman, erbedi gaýtalanýan ýaly. * Mihail Lermontowyň: “Näme ýazjak? Ähli zat bireýýäm ýazylyp gidipdir ahyryn” diýeni bäri 170 ýyl töweregi wagt geçipdir. Şonda-da ýazylýar. Diňe Lermontowyň Watany bolan Russiýada her ýylda 80 müňdemem gowrak kitap çap edilýär. * Men Kanuny bozmakdan gorkuşym ýaly Hudaýdanam gorkmaýaryn. Çünki Hudaýyň, para-peşgeşsizem geçirimlilik, rehimdarlyk etmegine umyt baglamak bolýar. Kanun welin, diňe puluň güýji bilen rehimdarlyga öwrülýär. * Rahat ýaşamaga endik edenimiz sebäpli, gowy ýaşamaga-da ýaltanýarys. * Kelle sagat ýaly işleýän bolsa, oňa tow berip durmaly. * Şu gün Berdi Kerbabaýewiň körpe ogly Baýram kakasynyň 105 ýyllygy mynasybetli öz öýünde sadaka berdi. 14.03.99. Şu gün ozalky ministr, häzirki pensioner Gulnazar Agaýew Prezident Nyýazowyň Berlinde edilen ýürek operasiýasynyň tikininiň aýrylmagy mynasybetli, öz öýünde gaty kän sanly adam ýygnap, sadaka berenmiş. 14.03.99. Adamyny sandan çykarýanam, dünýäni bulaşdyrýanam pul bilen şöhrat. * Talantsyz talantlydan bagtyýar bolsa gerek. Çünki talantsyz adam Taňrynyň eçilen ömrüni adam şekilli, artykmaç ezýetsiz ýaşap bilýär. * Men özi hiç kimsäniň ýanynda kimse, özi kimsäniň ýanynda hiç kim. * Köpçüligiň nadanlyk derejesi näçe belent boldugyça, onuň üstünden agalyk etmek şonça ýeňil. * Şeýle zamana boldy—şu gün salamlaşmak üçin köne tanyşlarymyň birine jaň etdim welin, ol trubkany göteren badyna: —Ýalňyşan bolaýmasaňyz—diýdi. —Bu niçik jogap? Sen entek kimiň jaň edýänini bileňok ahyryn. Men seniň köne ýoldaşyň Atajan Tagan bolmaly. —Aý, bu zamanda tanyş-tanyşdan habaram tutmaýany sebäpli ýalňyşylyp jaň edilýändir öýdüpdim. * Bagtlylygyň nämedigi betbagtlyga uçralanyndan soň bilinýär. Betbagtlylyk bolsa başa inen pursatyndan aýdyň bolýar. * Türkmen halky şu günki döwlet derejesindäki öwünmekligiň ajy miwesiniň tagamyny birnäçe ýyldan soň datmaga mejbur bolar. * Ýagşylygyň bahasy ýagşylyk entek edilmänkä, ýamanlygyň bahasy ýamanlyk edilenden soň bilinýär. * Ölmek baý üçin kyn, garyp üçin aňsat bolsa gerek. * Döredijilik işi bilen ymykly meşgullanmak durmuşyň köp lezzetinden özüňi keýpihon mahrum etmekdir. * Türkmenlerde iň giňden ýaýran at Ata bolsa gerek. 1993-nji ýylda çykan Aşgabat şäher telefon sowallygynda (sprawoçnik) 300 töweregi Ataýew familiýa bar eken. * Adalaty goldamaýan döwlet ýolbaşçysy halal adamlary ýürek agyry keseline sataşdyrýan infeksiýa meňzeýär. * Akyllyny halamaýanyň sany samsygy halamaýanyň sanyndan köp bolsa gerek. Çünki akyllyny diňe akylly halaýar. * Mary welaýatynyň häkimi, mekdep ýoldaşym Amannazar Ilamanowyň öýüne salama bardym. Ol daşarda oturan eken. Gapdalynda-da meniň “Saragt galasy” diýen kitabym ýatyrdy. —Okadyňmy? —Ýoldaşlarymyň biri “Örän gowy kitap eken” diýensoň, oglanlara kitaphanadan getirdip, ýörite okadym. —Nähili gördüň? —Halamadym. —Sebäbi? —Sebäbi suwy köp. Gowşut hanyň oý-pikirem, köp ýerde edil on sekiz ýaşly oglanyňky ýaly. Juda ýöntem. Ýasama bolup çykan sahypalaram az däl. Şonluk bilenem kitap baradaky gep gutardy. Sebäbi Amannazaryň berýän bahasy awtoryňam şu günki garaýşyna görä, kitabyň hakyky bahasydy. Oýlanyp görseň, Gowşut han edil Ilamanowyň aýdyşy ýaly hem bolup çykmalydy. Sebäbi ol kitap ýazylanda, awtor 23-24 ýaşlaryndady. Ýöne, gep ýaşda hem däl, başarnykda, talantda.“Ýuwaş dony” ýazanda, Şolohowyň hem ýaşy şondan ýokary däldi. Ilamanowlarda günorta nahar edindik. Ol ýerdenem men “Maru-Şahu-Jahan” gazýetiniň redaksiýayna bardym. Redaksiýada köne dostym, žurnalist, şahyr Hojaberdi Çaryýewe sataşdym. Hojaberdi redaksiýa täze bir işgäriň gelendigini, onuň “Saragt galasyny” telim gezek okandygyny, käbir epizodlaryny ýatdan hem bilýändigini aýtdy. Özi-de ol žurnalist awtor bilen tanyşmak isleýärmişin. —Özem namaz dagam okaýan aýal maşgala. . . Men Hojaberdä “Saragt galasyna” ýap-ýaňy Amannazar Ilamanowyň beren bahasyny, özümiňem şol baha bilen ikelläp ylalaşýandygymy aýtdym. —Be-eý, men oňa tanyşdyraryn diýip sözem beräýipdim. ...Ol namaz okaýan halal maşgala... —Sen şol halal maşgala: “Awtor “Saragt galasyny” däl-de, namaz okamagy maslahat berýär” diýäý, Hojaberdi. Hojaberdi ýylgyrdy. Maý, 1998. Mary. Atamyrat Atabaýew bilen Aşgabatdan Mara maşynly gitdik. Ýol uzak bolansoň, 4-5 sagadyň dowamynda başy agyrdylmadyk gürrüň galmady. Öňi bilen-ä, Atamyradyň 50 ýaşynyň dolmagy myhasybetli çapdan çykan ullakan kitaby—“Saýlanan eserleri” barada gep açdyk. Ol kitabyň “Garaşsyzlyk ganatym” diýen adyndan başlap, oňa giren “nobatçy”, “bir günlük” goşgularyny men gaty tankyt etdim. Ol döwre, syýasata salgylansa-da, tankyt bilen, umuman ylalaşdy. —Heý, poetik kitaba, onda-da agramly şahyryň kitabyna “Garaşsyzlyk ganatym” diýen “çeper höwesjeň” at dakylarmy? Öňki SSSR-iň hemme respublikalaryna garaşsyzlyk berildi. Ol taryhy ýagdaý. Ýöne, bizden başga ýerde “Garaşsyzlyk aldyk” diýip, gije-gündiz gygyryp ýören ýok. Beýtmek sen ýaly şahyra-ha asla-da gelşenok. —Kitabyň adyny-ha Orazgeldi Aýdogdyýew goýdy... —Bisowat Aýdogdyýew kitaby näbilýämiş? Awtor sen ahyryn. —Aý, mejbur etdi-dä. Razylaşmasamam, kitap çykmaz öýdüp gorkdum. Atamyrat gürrüňdeşini ýeňmek üçin tutaryk tapmaga ökdedi. Şony bilýänem bolsam, men dilimi saklamadym. —Umuman, döredijilik adamlarynyň, senden başlap, köpüsi soňky on ýylda ýaranjaňlyk baryny görkezdi. Şeýdibem, edebiýatçylaryň hemmesini ile masgara etdiňiz. Diňe bir ýaranjaňlyk däl, üstesine, bigaýratlyga-da ýüz urýaňyz... —Mysal üçin? —Mysal kän. Iň soňkusyny aýdaýyn. Öň, günde-günaşa telewizorda çykyş edip, Prezidenti öwýärdiňiz. Prezident gonorar tölemegi ýatyrdy welin, sizem telewizorda çykyş etmegi bes etdiňiz. Sen, Gowşut Şamyýew, Sapar Öräýew, Daşgynow, Diwangulyýew... Ol mertlik däl. Diýmek, siz Prezidenti çyn ýürekden öwmeýär ekeniňiz, ony, diňe berýän puly üçin öwýär ekeniňiz. Bu bigaýratlyk dälmi? Birneme mert bolaga-da, gonorar tölemese-de, ony öwübermeli ahyryn. —Seniň beýle pikiriň nädogry, Atajan. —Näme üçin nädogry? —Hem-ä biz uly ile wejera bolup ýaranjaňlyk etmeli, hemem onuň üçin pul hem almaly däl! Beýtsek, biz iki gezek ýaranjaň bolýarys. Gonorary keseni üçin öwgini goýan bolsak, biz namart däl... Garaz, şol gezek men Atamyrady ýeňip bilmedim. Maý, 1999. Eseri müň sany akylsyz okyjyny sylaman ýazmaly däl-de, ýekeje-de bolsa, akylly okyjydan çekinip ýazmaly. * Ýaranjaňlar dogulmadyk bolsa, şöhratparazlar hem döremezdi ýa-da tersine. * Geň zat: Aleksandr Makedonsiniň döwründen ozal parslar öz eneleri bilen şerigat işini edýär ekenler. Häzirki Owganystanyň territoriasynda ýaşap geçen arahoslar hem biziň eramyzdan ozalky 1-nji müňýyllygyň ortalarynda Merkezi Aziýanyň, şu mahalky Gazagystanyň territoriýasynda ýaşan sogdiýler bolsa ene-atalary garrasa öldüripdirler. Ol barada Ilýa Şifman “Aleksandr Makedonskiý” (Leningrad, ”Nauka”, 1988) diýen kitabynda şeýle ýazýar: “Ýanbermez serkerde, parasatly döwlet işgäri, ähli halklaryň bir maşgala birikmegini arzuw eden Makedonskiý medeniýetli gahryman hökmünde-de çykyş edýär. Ol arahoslar bilen sogdiýlere ene-ata garranda öldürmän, eklemelidigini, parslara bolsa ene bilen zyna işini kylmagyň nädogrudygyny düşündirýär”. Şifman beýle maglumaty gadymy grek ýazyjysy hem taryhçysy Plutarhyň ýazgylaryna salgylanmak bilen getirýär. * “Çap edlmese-de, ýazmaly. Bir mahal, belkem, öleniňden soň çap bolar” diýýärler. Ýazylan eser her ýazyjynyň (geniler muňa girmeýär) öz döwründe çap edilmeli. Sebäbi her döwrüň özüne kybapdaş ýazyjysynyň bolşy ýaly, şol ýazyja kybapdaş hem okyjysy bolýar. Şu gün ýazylan kitap ertirki okyjyny şu günki okyjyny gyzyklandyryşy ýaly derejede gyzyklandyrmaz. Çünki ýazyjynyň ýazyşy, goýýan problemasy, dili, oýlanyşy öz döwürdeşine golaý. Men öz çaklamamyň dogrudygyna şu gün beýik Petrarkanyň 500 ýyl mundan ozal ýazyp giden “Nesillere hat” diýen eserini okanymda, ýene bir gezek göz ýetirdim. 01.01.99. Türkmen telewideniýesi bisowat hem ýaňra adamlaryň tribunasyna öwrüldi. Düýn gowy geýnüwli epeý adam, uniwersitetiň mugallymy tomaşaçylara akyl öwredýän kişi bolup, şeýle diýdi: “Muştumzor imperiýa bolan SSSR-iň hut ýykylan güni “kommunizm”, “sosializm” diýen boş düşünje türkmen halkynyň kalbyndan çykyp gitdi. Çünki türkmen halky ogul öýermek isleýärdi, gyz çykarmak isleýärdi” Bu gülkinç kesgitleme okyjy üçin düşündiriş hem talap etmeýär welin, şol akylly oratora: “SSSR döwründe ogul öýermek, gyz çykarmak türkmene gadagan edilen bolsa, seniň özüňi nireden aldylarka?” — diýesiň gelýär. Şu gün bolsa, daşarda gezim edip ýörkäk, goňşym şeýle epizody gürrüň berdi: “Ýaňy telewizory açsam, ekranda bir garry aýal samrap otyr. Töwereginde-da ululy—kiçili 5-6 sany kündük bar. “Be, bu kempir kündük ýasaýarmyka?” diýen sowal kelläme geldi-de, diň salyp durdum. Ol aňkasy aşan garry iň soňunda-da, agzyna salnyp berlen gepi aýtdy: “Bagtymyzy garaldan SSSR ýykylyp, serdarymyz garaşsyzlyk alyp berenden soň, maňlaýymyz açyldy. Ynha, türkmeniň öz eý gören kündügem gaýdyp geldi. ” diýen sözleri begene-begene gaýtalady. Ýeri, SSSR ýykylmanka, seniň kündügiňi eliňden alyp giden barmy!” diýip, goňşym başyny ýaýkady. 1997. Rus ýazyjylarynyň gündeliklerini okaýaryn. Haýran galaýmaly. Hatda Beýik Watançylyk urşunyň “haý-haýly” (1942-43) mahallarynda-da kitap yzyna-kitap çap edilýär eken. Ýazyjylar, hudožnikler örän köp işläpdirler. Döredijilik adamlarynyň ýaşaýyş ýagdaýyna-da döwlet derejesinde göz-gulak bolnupdyr. Şol döwürde-de ýazyjylaryň köpüsi diňe gonoraryň hasabyna ýaşap bilipdir. Bizde welin, häzir ýurtda goh-galmagal, ykdysady opurylşyk ýok mahaly hem döredijilik adamlarynyň ýaşaýyş derejesi uruş döwründäkidenem has pese düşdi. Gonorar ýatyryldy. Beýle ýagdaý hiç ýerde ýok. Hatda ykdysady taýdan mätäç diýlip dünýä derejesinde resmi yglan edilen Täjigistanda hem ýagdaý has gowy. Gonoraram bar, kitabam çykýar, ýazyjylara hut Prezidentiň özi gönümel hemaýat edýär. Azerbeýjandan gelen şahyr dostum ýazyjylaryň köpüsiniň Prezident stipendiýasyny alýandygyny aýtdy. Bizde döredijilik adamlaryna hemaýat etmäge doly mümkinçilik bolsa-da... Bu ýörite oýlanyp tapylan syýasat. Halkyň aň derejesi pese düşdügiçe, ylmy, çeper döredilik ýok edildigiçe, ýurdy dolandyrmak ýeňil düşýär. ...Talantly kinorežissýor tanşymyň “Jennet” bazarynda kolbasa satyp durandygyny gördüm. Örän talantly bir prozaçynyň “Jygyllykda” çigit satýandygyny görenler maňa gürrüň berdiler. Bizde şahslar şeýdip ýok edilýär. Bizde oýlanyp biläýjek adamlaryň aňyna palta urulýar. Elbetde, beýle ýagdaý kimdir biri üçin bähbitdir-dä. Şu gün şahyr Ahmet Gurbannepesow dogduk obasy Akdaşaýaga göçüp, ekin-dikin bilen meşgullanaýmasa, ýagdaýynyň kyndygyndan zeýrendi. 22.09.99. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||