17:41 Kyrk ýylda ýazylan kitap -5: dowamy | |
• ÝALŇYŞLYK Bu dünýäde hemme zat dogry, hemme zat galat. Kalderon. Ýalana ynanman ýalňyşdym, Çyna ynanyp ýalňyşdym. Bir maksat tutup ýalňyşdym. Maksada ýetip ýalňyşdym. Dosta ynanyp ýalňyşdym, Duşmana ynanman ýalňyşdym. Ýaranjaňy, ýalançyny Adamam saýman ýalňyşdym. Aglana ynandym—ýalan eken. Gülene ynandym—ýalan eken. Gapymdan güler ýüz bilen Gelene ynandym, —ýalan eken. Bähbidim bolsa-da, iki sözlemän, Dogry gepi dogry aýdyp ýalňyşdym, Karam ýoldan haram rysgal gözlemän, Adalat hem bardyr öýdüp ýalňyşdym. “Şu ýoldan gitme!” diýdiler, Şol ýoldan gitmän ýalňyşdym. “Ýagşylyk etme!” diýdiler, Ýamanlyk etmän ýalňyşdym. Watany söýdüm gygyrman, Ýürekden söýdüm —tersmişin. “Watan, seni söýýän!” diýip, Köçede heňkirip ýören Şerraýlaňky dürsmüşin. Ýaşan ömrümiň ortasy, Başy hem yzy ýalňyşlyk. Sebäpler ýöne bahana, Belki-de, meň bu jahana Gelmegmiň özi ýalňyşlyk. 1996. Mary. Soňky mahallarda türkmen edebiýatynyň ýaş weklilleriniň eserlerini köp okadym. Poeziýa 8-10 ýyl mundan ozalky poeziýa bilen deňeşdireniňde öňe gidipdir. Owadan söz az, pikir çuň, obrazly surat çekmek güýçli. Şu günüň goşgulary (Men, elbetde, iň gowularyny göz öňünde tutýaryn.) Halyl Kulyýewiň, Italmaz Nuryýewiň, G.Ezizowyň goşgularynyň derejesinden belent bolmasa, pes däl. Esasanam, käbir gelin-gyzlaryň (Bibi Orazdurdyýewa, Şähribossan) goşgy ýazmaga ukyby ýokary. Men muny ýaşlarymyzyň rus hem dünýä edebiýatyny köp okap ugrandyklary bilen düşündirmek isleýärin. Täze proza welin Nurmyrat Saryhanowyň, Agahan Durdyýewiň, Kömek Kulyýewiň derejesinden pes. Ýaşlaryň prozasynda prozany bezeýän suratkeşlik, manyly detallar az-da, owadan hem boş sözler köp. 11.1991. Geçmişiň erbetligi onuň özi gitse-de, ähli erbet zatlaryny bize goýup gidýändiginden, geljegiň howplulygy bolsa ähli erbetligini hem özi bilen alyp gelýändiginden ybarat. * Hakyky ogul, hakyky gyz öz enesini hiç mahal öwmeýär, ýöne mydama söýýär. Sebäbi ene öwülmän söýlýän gudrat. Watan hem şeýle gudrat. Watana “seni söýýän” diýip gygyrýanlar Watany söýýän däldirler. * Kitap ýazýan ýazyjy kän, kitaby kän okaýan ýazyjy az. * Adamlary ýaşatmak üçin ölüm döredilipdir. * Iliň saňa goýýan hormatynyň derejesi seniň ile goýýan hormatyň derejesi bilen barabardyr. * Şu gün Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Nyýazgylyç Nurgylyjow öýe jaň edip, Prezident Nyýazow hakynda hem respublukamyzyň şu günki öňe gidişligi barada “Turkmenskaýa iskra” gazýeti üçin uly makala ýazmagymy haýyş etdi, makala barada redaksiýa bilen “ýokardan” gepleşilendigini duýdurdy. Men ony ýazyp bilmejekdigimi aýdanymda ol: “Gör-dä, men-ä saňa ýagşylyk etjek bolýaryn” diýdi. 16.02.1993. Moskwa. Döredijilik adamlary gowy eser ýazmaga haýsy ýaşdaka ukyply bolýarkalar? Dünýä belli şahslaryň döredijilik ýoluna ser salsaň-a “ýaşlykda” ýa-da “gojalykda” diýip, belli bir wagty aýtmak kyn. Mysal üçin:, Şolohow “Ýuwaş Dony” 24 ýaşyndaka, Gýote “Fausty” 82 ýaşyndaka, Tolstoý “Anna Karenina”, “Uruş hem parahatçylyk” romanlaryny 40 bilen 70 ýaş aralygynda ýazypdyr. Leonardo de Winçi tanymal “Jokondasyny” döredende 67 ýaşynda eken. Lermontow 18 ýaşaýança 17 poema bilen 300-denem gowrak goşgynyň awtory bolupdyr. (Ondan-mundan okanlarymdan.) * Meniň eserlerimiň birneme gowulanmagyna iň oňat kömek berýänler diňe dostlarym däl-de, maňa ýagşylyk islemeýän adamlar. Olar ýamanlyk edýändiris öýdüp, eserlerimden dost-ýarlarymyňam, özümüňem görmedik kemçiliklerimi tapyp, tankyt edýärler. Men hem ol “ýamanlyklardan” derrew peýdalanýaryn. Eserlerimi ikinli, üçünji, hatda bäşinji gezek gaýtadan işlemeklikden bolsa täze eser ýazanymdakydanam oňat lezzet alýaryn. * Saýasynda özüňem “pygamber” bolup ýaşamak maksady bilen hudaýlyk derejesine mynasyp däl adamlardan “hudaý” döretjek bolup alada galmaly däl. Belkem, seniň döreden “hudaýyň” “pygambersiz” ýaşamak islär. Iň ýamany hem “Hudaýy hiç kim dogran däldir. Ol hiç kimi dogurmaz” (Kuranyň “Yhlas” süresinden) diýen teoriýadan sapak alan seniň täze “hudaýyň” özüni döredenlerden derrew dynmak bilen bolsa-ha işiň gaýtdygy. * "Şu mahala çenli 40 sany kitap ýazdy, eserleri düňýä dilleriniň köpüsine terjime edildi” dýilýän komsomol baýragynyň, Magtymguly baýragynyň laureaty bolan Türkmenistanyň halk ýazyjylarynyň dünýäden ötenlerinden 30-40 ýyldan soň täzeden dirilip gelmeklerini arzuw edýärin. * “Ýazyjylaryň esasy tragediýasy derde ýarar ýaly eser ýazmagy başarandyklaryny görmän ölüp gitmegidir”. Bu sözler Žorž Simenona degişli. Ýöne ondanam aýylganç tragediýa gaty köp sanly ýazyjynyň öz ýazan kitaplarynyň awtory ölenden soňam ýaşajakdygyna uly ynam bilen dünýäden ötmekleridir. Çünki men şu ömrümde Ýer togalagynyň dürli künjünden, dürli milletiň wekili bolan ýüzlerçe ýazyjy bilen duşuşyp, olaryň hemmesiniň diýen ýaly öz eserlerinden juda hoşaldyklaryny duýdum. Taryhy hakykat bolsa başga hili maglumat hem berýär. Ýaşap ýörkä, geniý hasaplanmadyk, hiç hili dabaraly at berilmedik, hatda özi dirikä ýekeje kitaby-da çykmadyk ýazyjy hem soň beýik bolýar-da galaýýar. Şonuň üçinem esere baýrak bermek meselesini awtoryň düňýäden ötmeginden soňa goýmaly. Ýogsam, aýtmaklaryna görä, “Näme üçin pylana baýrak berlip, maňa berilmedi?” diýen masgaraçylykly hat blen Prezidente ýüz tutýanlaram barmyşyn. * Şu gün täzeden işlenýän ”Gowşut hana” goşmak niýet bilen “Pereňli ýesiriň ýatlamasy” diýen powestime” gaýtadan göz gezdirdim. Okanyma-da utandym. Biziň okyjylarymyzyň hem edebi tankydyň giňgursaklygyna men haýran. Ýa-da olaryň şol mahalky derejesi hem powestiň derejesinden belent bolmadymyka? 6.03.1993. Döwlet ýolbaşçysyny biýabraý edýän esasy zat onuň ähli aýdanynyň ýerine ýetirilýänligi hem ähli aýdanlarynyň dogrudygyna özüniň ynanýanlygydyr. * Gowy adamlar uçdantutma diýen ýaly sada hem ynanjaň bolýarlar. Ýaramaz adamlar bolsa şol sadalykdan hem ynanjaňlykdan öz bähbitleri üçin peýdalanýarlar. * Rus ýazyjysy Leonid Sobelýew (“Düýpli remont” romanynyň awtory) ýakyndan tanaýan galamdaşlarynyňam atlaryny bulaşdyragandy. Ony ol üörite şeýdýärmiş diýenem çaklama bardy. Bir gezek SSSR Ýazyjylar soýuzynyň howlusynda Ata Atajanow, Maksim Tank, Mustaý Kerim, Kerim Gurbannepesow, Beki Seýtäkow, Kaýsyn Kulyýew, Ýuriý Surowsew dagymyz durkak, aňyrdan eli kaşaň hasaly, agyr gymmatbaha possunly, başy norka telpejkli haýdap gelýän iki metr boýly, mähnet göwreli Sobelýewe gözi düşen Kaýsyn Kulyýew: —Şu goja graf ýene meniň adymy ýalňyş tutaýsa, gaty görse-de, jogabyny bererin- diýdi. Sobelýew öňürti penjesini uzadan Kaýsyn Kulyýewe elini berdi-de: —Salam, ýoldaş Dawid Kugultinow!—diýip goýberdi. Kaýsyn aga hem salymyny bermän: —Salam, ýoldaş Semýon Babaýewskiý!—diýdi. Sobelýewiň ýüzi üýtgäp gitdi. Çünki, Stalin baýragynyň laureaty bolsa-da, gazetlerde öwülse-de, Semýon Babaýewskiý ýazyjy hökmünde sylanmaýardy. Sobelýew bolsa ony asla-da halamaýardy. • MAŇZYMA BATAN PIKIRLER Orsýetiň işini gaýtarýan iki sany belasy bar. Olaryň birinjisi weýran ýollar, ikinjisi hem samsyk adamlar. N.W.Gogol. Pişigiň haýsy reňkdedigi bilen işiň bolmasyn. Syçan tutsa bolýa-da. Den Sýaopin. Sen dek gözel bolan bolsa Zöhre-de, Derýada biderek akmandyr Tahyr. Mämmet Seýidow. Jenaýat işlerini derňeýän edarada kän ýyl işlänler özleri bilen salamlaşan gabat gelen kişiniň jenaýat edip biläýmekleri barada oýlanýarlar. Öwelek Durdymyradow. Sosializmi haýsydyr bir ýurtda gurup bolar. Ýöne onuň üçin nebsiň-janyň agyrmajak bir ýurt tapmaly. Bismark. Juwanlygňa gözüm gitdi, Ötdi menden ýaşlyk ötdi. Oglum on iki ýaşa ýetdi Açylanda alça güli. Ata Atajanow. * * * Ömrümde ilkinji gezek çagalar üçin ýazan goşgym “Pioner” žurnalynyň 1960-njy ýyldaky 1-nji sanynda çap boldy. Ýöne ol hem okuw kitaplarynda köp ýyllap, näme üçindir, Akjemal Omarowanyň adyna berildi. 2005-nli ýylda hem “Aglama gurjak” okuw kitaplarynyň birinde çagalar şahyry Kaýum Taňrygulyýewiň adyna beriljek bolup durka, Atamyrat Atabaýew tötänden gabat gelip, neşirýatyň ýalňyşyny düzetdiripdir. Ine, şol goşgy: Aglama, gurjak, Seni eý görjek. Tikip, täzeje Köýnek geýdirjek. Onsoň bileje, Ýöräp çalaja, Gideris baga Biz gezelenje. * 1975-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Moskwanyň 18-nji bäbekhanasynda ilkinji çagam Kemal dünýä indi. * Öz döwründe ýüze çykyp bilmän galan hakykaty ýüze çykarmak üçin taryhy eser ýazylýar. * Tutuş bir ýyl bäri ýekeje setir hem eser ýazamok. Öňki ýazanlarymy-da ýigrenýärin. Bu nämäniň nyşanyka? Durmuşa, öz ukybyňa dogry baha berip, akylyňa aýlanmakmyka? 1996. Hakyky ýazyjy, hudožnik, kompozitor asla ulumsy bolmaýar. Ulumsylyk döredijilik işi bilen bir dünýä sygmaýar. Iň bolmanda, meniň ýakyndan tanan (Kaýsyn Kulyýew, Resul Gamzatow, Nikolaý Tihonow, Fazliddin Muhamadiýew, Maksim Tank, Wasiliý Below, S.Zalygin, Aleks Laguma, Mustaý Karim, Atamyrat Atabaýew, Kömek Kulyýew, Nury Halmämmedow, Baba Annanow, Durdy Baýramow, A.Almämmedow …) dagy-ha şeýle. * Öz derejäňden pes okyja niýetläp eser ýazsaň, okyjynyň sanynyň köp bolmagy mümkin-de, eseriň derejesi pese gaçýar. Öz derejäň bilen deň derejeli okyja niýetläp eser ýazsaňam, onuň ykbalynyň nähili boljagy belli däl. Öz derejäňden belent derejeli okyjy üçin hem eser ýazmak başartmaýar. • TOKAÝDA TÄZE ÝYL AGŞAMY Ol hemişe meniň adymy “Pereňli ýesir” diýip tutýardy. Ýolda-yzda ikiçäk duşuşsagam, köpçülikde-de, hatda resmi ýerlerde-de men onuň üçin “Pereňli ýesirdim”. Ýoldaşlarymyň käbiri beýle ýagdaýy oňlamaýardy. Özüm welin, tersine, oňa buýsanýardym. Sebäi “Pereňli ýesir” meniň powestimiň adydy, ony maňa lakam edip dakan hem eseri okan adaty bir okyjy hem däldi-de, ХХ asyr türkmen poeziýasynda öçmejek yz goýan “Altyň biri”, “Gumly gelin”, “Pyragyny gören daglar” ýaly onladça belli aýdym tekstleriniň awtory, öz döwründe “Aýgytly ägim”, “Doganlar”,”Ykbal”,”Gara kerwen” kimin meşhur eserler ýaly müňlerçe okyjyny özüne bendi eden “Taýmaz baba” poemanyň awtory Kerim Gurbannepesowdy. (Gepiň gerdişine görä aýtsam, “Taýmaz baba” moskwaly şahyr Anisim Krongauzyň gowy terjimesinde rus dilli okyjylara-da ýetirildi.) Kerim şahyr “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň baş redaktory bolup işleýärkä, meniň Marynyň Goňur obasynda 14 aýlap ýesirlikde bolan pereňliniň ykbaly hakynda gürrüň berýän powestimi çap edipdi. Onuň maňa dakan lakamy hem şol sebäpli döredi. Şu ýerde men Kerim şahyryň redaktorlyk usuly hakynda bir özboluşlylygyny okyjylara, aýratynam çeper eser bilen iş salyşýan dedaktorlaryň dykgatyna ýetirmek isleýärin. Onuňam sebäbi, redaktorlaryň köpüsi eline süşen çap etjek kişi golýazmasyna hökman ‘redaktorlyk galamyny” degräýmelidir öýdýär. Olar özleriniň golýazma goşan “goşundysy” eseri zaýalaýanam bolsa özleriniňkini mamla hasaplaýarlar.Emma Kerim şahayr redaktor hökmünde ol meselä düýpden başgaça garaýardy. Ol “Redaktor kişi eseriniň süňňüniň gowulygyna, edebi, syýasy taýdan dürsdigine göz ýetirmekden başga zady bilen işi bolmaly däl.” - diýýärdi. Redaktoryň ýetmez hasap edýänini redaktor düzetmeli däldi-de, awtopryň özi düzetmelidi.”Okyjy žurnalyň redaktorynyň ýüzüni däl-de, awtoryň öz ýüzüni görmeli” diýýärdi. Onuň şol talapyny men hem powestim çap bolanda berjaý etmeli boldum. Il ogullary bolan tanymal şahslar bilen bolýan duşuşyklar hiç wagt ýatdan çykmaýar. Meniň hem Kerim şahyr blen toýda-tomaşada, döredijilik meselelerine garalan ýerlerde, resmi ýygnaklarda onlarça gezek duşuşdym. Olaryň hiç biri-de ýadymdan çykmaýar.Ýöne şu makalama sözbaşy bolan tokaýda täze ýyl aşgamy meniň aňymda aýratyn ýer aldy. 1987-nji ýylyň dekabr aýynda Kerim Gurbannepesow ýürek keselinden ejir çekýändigi üçin Türkmenistanyň saglyýgy saklaýyş ministrliginiň aladasy bilen ýörgünli ady “Akademik Çazowyň klinikasy” diýlýän Moskwanyň belli näsaghanasyna ýerleşdi. Men ol habary eşidenimden soň şahyryň yzyndan 2-3 gezek bardym. “Çazowyň klinikasy” şäheriň çäginde-de däldi, iň çetki metrodan çylkanyňdan soňam sümme tokaýyň içinden awtobus bilenem kän gitmeldi. 31-nji dekabrda ulynyň-kiçiniň Täze ýyl agşamyny garşylamak höwesi bilen keýpli howadan dem alýan güni men Kerim Gurbannepesowy ýatladym. Ol soňky gezek baryp gaýdanymda-da: “Gyşyň içnde gelip- gitmegem-ä aňsat däldir welin,seň Moskwada işleýäniňem biz üçin gowy zat, Pereňli ýesir, ýogsam tä gidýänçäm türkemçe gepleýän adama-da sataşjak däl ekenim” diýipdi. Ol sözler onuň ýat ýertde, tanyş-bilişsiz ýerde içiniň gysýandygyndan habar berýärdi. Hem-ä şol sözleri ýatlap, hemem öňümizdäki agşamyň Täze ýyl agşamydygy sebäpli şahyryň yzyndan gitmeçidim. Men öýden çykjak bolup durkam, telefon jyrlady. Trubkany göterip “Alo” diýen badyma “Pereňli ýesir özüňmi?” diýen tanyş ses eşidildi. Salam-helikden soň: - Men-ä ertirem Täze ýyl bolansoň, seň ýanyňa baryp-gaýdaýyn diýnip durdym—diýdim. - Aý, keselhanadaky adam üçin köne ýyl bile Täze ýylyň parhy nä!—diýip, gülmäge zat ýokka ýasama gülmegi onuň keýpiniň ýokdugyny aňladýardy. - Howa bijaý sowuk, ýol uzak. Saňa-da aňsat däldir... Senem Täze ýyl agşamyny çagalaň arasynda arkaýyn geçiräý. - Bir salym gümür-ýamyr edişerdik-dä. Aýak depip, garşy bolup durmasaň-a, häzir ýanyňa ugraýan... - Wah, garşy bolarynmy? Ýaltanmasaň gelsene, Dogrymy aýtsam, Pereñli ýesir, şu mahalam içim gysansoň saňa jaň edip duryn... Men derrew öýden çykdym. Daşary, dogrudanam örän sowykdy. Awtobus sümme tokaýa girip ugransoň howa öňküsindenem sowan ýaly boldy. Şäher galmagaly ýok, şäheriň asmana çenli ýagtyldýan güýçli çyralary ýok parahat tokaýdaky näsaghananyň içi hem gaty içgysgyndy. Şonuň üçinem,oşgunyny kän daş çykarmasa-da şahyr meniň baranyma begendi. Esli salym gürleşip oturanyzdan soň, Kerim şahyr özünde bar del-dül zatlaryny stoluň üstünde goýdy. - Barymyzdan Täze ýyl agşamynyň saçagyny taýynlaly, Pereňli ýesir. Men hem getiren zatlarymy çykardym welin, şahyr ýylgyrdy-da: - Be, biý-ä, Öde Abdylla aýtmaşlaýyn, “bir täsin” saçak bolaýdy!—diýdi. Şeýdip, iki ildeş bolup, ýetip gelýän 1988-nji ýyl bilen birek-biregi gutladyk ýagşy dilegler, döredijilik üstünliklerini arzuw etdik. Birdenem Kerimiň damaryndaky şahyr gany gyzyp başlady.Şol mynasybetli ol meni hem öwüp goýberdi. Ahyrynda-da ‘Köp ýyllar bäri Orsýetde ýaşasa-da, ene dilini arassa saklaýan Perepli ýesire” goşgy okap bermek isleýändigini aýtdy. Gep bu ýerde Pereňli ýesirde däldi-de, üç hepde bäri näsaghananyň ýeke orunlyk jaýynyň derman ysy gelip duran howandan dem alyp ýadan şahyr “katlykdan” saýlanyp joşmak isleýärdi, ol hakyky şahyr üçin kanuny ýagdaýdy. Işleýän işimiň diňe ýazyjy-şahyrlar bilen baglydygy sebäpli men döredijilik adamlarynyň dünýäsine beletdim. Şonuň üçinem Kerim şahyry goşgy okamaga has-da ugrukdydym. (Şu ýerde men özümiň uzak ýyllyk iş tejribäm boýunça bir anyklan zadymy aýdaýyn: goşgy okamakda şahyrlar iki topara bölünýär. Birinjisi topar elli ýyllap goşgy ýazýanam bolsa, özüniň ýeke setir goşgusyny-da ýatdan bilmeýär. Ikinji topar ( bu aýratynam rus şahyrlaryna mahsus) öz goşgularyny iki sagatlap hem yatdan aýtmagy başarýar. Kerim Gurbannepesow şol ikinji topar şahyrlaryň hataryndandy, tutuş döredijiligini bolmasa-da gaty kän goşgusyny ýatdan bilýärdi. Klinikanyň darajyk otagynda türkmen poeziýasynyň ajaýyp setirleri ýaňlanyp ugray: Ömrümde bir gezek ýalan sözledim. Bagyşla köşegim, bagyşla meni... Ýatlananda geljek günler, Ýada düşýär geçen hünler. “Hanhajykka! Hanhajykka!”— Salgy berer tejenliler.... On üçmi ýa on dört ýaşap, Çepek geýip, ile çykdyň. Ataň öldi, agaň gitddi, Eneň bilen ýola çykdyň... ...Çykyp kümäň küpesine, Haýbat berip depesine, Horazlar saz çalaýýança, “Taýmaz, bärik eset!”—diýip, “Bir çen boldy, bes et!” diýip, Altyn dişin lowurdadyp, Ak gyňajyn şowurdadyp, Asman eje geläýýänçä, “Häsin” berseň gürlär otyr, Burçak-burçak derlär otyr... Şahyr şeýlebir joşup goşgy okady welin, ýeke diňleýjiniň ýanynda däl-de, müň adamly zalda çykyş edýän ýalydy, tolgunýardy, mahal-mahal gobsunýardy..Poeziýanyň ak guşy Jeýhunyň, Murgabyň boýlaryna, tutuş türkem sährasyna aýlanyp, ‘Pyragyny gören daglaryň” depesine çykdy, orsýetiň aňzakly gyş agşamyna bahar ysyny berdi.Şahyhr bir sagat çeemesi maňa-da hezil berdi, özi-de birneme ynjaldy, dolup duran ýüregi gowzady. - Nätdi, Pereňli ýesir?—diýende, şahyryň sesi şadyýan çykdy. - Heziň berdiň, halypa! Men, dogrudanam hezp edindim. Sebäbi köp mahal bäri türkmen şahyrynyň türkmen didlinde okan goşgusyny diňlemändim. Şonuň üýinem Kerim şahyryň goşgulary maňa haky bolmalaýsyndanam has düýpli täsir edýärdi. - Ine, iki türkmen bolup, Orsýetiň sümme tokaýynda Tžze ýylam belledik. Seň şu gün geleniň maňa gowyu täsir etdi, Pereňli ýesire. Sen gelmesdik bolsaň, goşgam okamazdym-da, basyrnyp ýatardym—diýip Kerim şahyr, penjiräniň öňüne bardy-da, orsýetiň ak aýysynyň ak possunyny bürwenip ýatan tokaýa nazar aýlady.—Şeýdip Tžze ýyl bellän türklmen boldumyka? - Täze ýyl-a bellense bellenendir welin, şeýdip Çazowyň klinikasynda Täze ýylda türkmen goşgysy ýaňlanan däl boilaýmasa. - Ol-a dogrudyr, Pereňli ýesir!-diýip, şahyr baş atdy. Täze ýyl duşuşygy tamam boldy. Kerim şahyr ýuwaşja ädimläp, meni klinikanyň daşky gapysyna çenli ugratdy. - Ynha, ogluňy öýerersiň, Pereňli ýesir. Hesip etse, şol toýda men goşgy okaryn. Soň ikimiz tokaýda Täze ýyl belleýşimizi ýatlarys. Toýda duşyşmak nesip etsin! - diýip, ýylgyran şahyr elimi berkl gysdy. 1988-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda işleýän edarama meinň adyma Aşgabatdan hat geldi. Gysgajyk ýazylan hatyň mazmuny şeýledi: “Gadyrly Pereňli ýesir! Men Watana aman-esen gowuşdym. Gazet dili bilen aýtsam, öz adymdan hem maşgala agzalarymyň adyndan saňa çäksiz minnetdarlyk bildirýärin. Kerim. 13.01-88” Men oglumy öýerdim. Toý nesip etdi.. Ýöne törde oturyp, arzyly myhman bolmaly uly şahyr bilen toýda duşuşmak welin nesip etmedi . Soňky gezek men Kerim Gurbannepesow bilen 1988-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabadyň “Mekan” köşgünde tabyt başynda duşuşmaly boldum. Şahyr bilen hoşlaşmak üçin külli Söýünhan nesli süýşüp gelen ýalydy. Kerim halypanyň tabydynyň gapdalyndan geçip barýanlaryň şol mahal näme piklr edendiklerini aýdyp biljek däl, ýöne özüm welin şol pursat “Çazowyň kliniukasyny”, Täze ýyl agşamyny, gar bürenen rus tokaýyny ýatladym, gulagymda bolsa şahyryň 1987-nji ýylyň 31-nji dekabrynda soňky gezek: Berdi Kerbabalar, Ata Gowşutlar, Gara Seýitliler, Rehmet Seýitler... Sogurlyp, sogurlyp gujaklarmyzdan, Gara ýeriň gujagyna gitdiler - - diýen setirlerini okanyndaky garyljyk hem gamgyn sesi täzeden ýaňlanýan ýaly boldy. Moskwa—Peredelkino, 1989. • BERDI KERBABAÝEWIŇ GÜRRÜŇI (Awgust, 1973. Peredelkino.) “Atany (Ata Gowşudow. —A.T.) Türkmenistan Edebi fonduna başlyk belledik. Eýsem-de bolsa, bir topar dileg-tirkeg etdirmek üçin ony Moskwa ugratdyk. Ol mahallar otly hem Moskwa ýetýänçä, annadan-anna dyýen ýaly ýörärdi. Ata Moskwa gelýär-de, Ýazyjylar soýuzynyň jaýyny tapyp, Aleksandr Fadeýewiň huzuryna düşmek üçin, kabulhananyň öňünde garaşýan kän sanly adamyň biri bolýar-da oturuberýär. Eýsem-de bolsa (Berdi Kerbabaýewiň köp ulanýan sözleri—A.T.), SSSR Ýazyjylar soýuzy Türkmenistan Ýazyjylar soýuzy däl, Fadeýewem Kerbabaýew däl—garaşman, kürsäp giribermek diýen zat ýok. O ýerde huzura düşmek üçin öňünden wadalaşmaly, asyl ýazylmalam. Ata bolsa, bize öwrenişen, beýle-beýle düzgün bardyram öýdenok. Ol uzynly gün kabulhanada oturýar. Adamlar bolsa Fadeeýewiň ýanyna girýärler, çykýalar, asyl yzy gutaranok. Ata bolsa: “ Sen kim? Näme üçin otyrsyň?” diýýänem ýok. Şonlukda, mesele çözmek beýlede dursun, Fadeýewiň ýüzünem görüp bilmedik Ata agşama çenli oturup, myhmanhana dolanýar. Irdenem otla münüp, yzyna gaýdýar. Eýsem-de bolsa, Ata Gowşut Aşgabada dolanansoň, gerek-ýaragyny beýan edip, Fadeýewe hat ýollamaly boldy.” * Belent derejede oturan ýolbaşçynyň şahsy agramy näçe pes bolsa, ol şol boşlugy öz ündewçileriniň öwgüsi bilen doldurmaga çalyşýar. Ümur Esen telewizorda gepläp otyrka, tomaşaçylara ýüzlenip: “Siz halk döredijiligini bileňzok. Siz halk döredijiligini äsgereňzok” diýip, nägilelik bildiripdir-de, bir topar nakyl getiripdir, rowaýat aýdypdyr. Onuň çykyşyny diňläp oturan Jumadurdy Nepesow çagalaryna garap: “Muňa serediň-le! Özüniň halkdan alan zatlaryny halka gaýtadan aýdyp berýär-de, ýene üstümize çöwjeýär-aýt” diýipdir. * Bir gezek ýaş şahyr B. gije sagat üç töwerekleri Atamyrat Atabaýewiň derwezesini kakýar. Gapy mahaly bilen açylmansoň, ol beýik haýatdan aşyp howla girýär. Kakany bilen jaýyň gapysy hem uzak wagtlap açylmaýar. Garaz ol işigi üumruklap, ahyr içerde ýatanlary oýarýar. Aýak ýalaň, baş açyk, haýdap çykan Atamyrat ýaş şahyry görüp: —Eýgilikmi beri, gaty giçläpsiň-le?—diýýär. —Eýgilik—diýip, ýaş şahyr hiç zat bolmadyk ýaly arkaýyn ýylgyrýar. —Toýdan gaýtdym-da, bir meseläniň maslahatyny edeýin diýip sowlaýdym. Hany, öýüňe bir gireli! Beýdip daşarda durmak gelşikli däl. —Ýekeje otagym bar. Oň niresine girjek? Çagalaram uklap ýatyr. —diýip, öý eýesi bimahal gelen myhmandan başyny gutarjak bolýar. —Bilýän-le. Koridoryňam bar-a. Gorkma, bir çüýşe aragam goltugymda. —Toýdan gelýän bolsaň, seň goltugyňda arak bardygyny çaklaýan welin, öýde naharam ýok-da. —Men-ä toýdan doýup gelýän adam. Senem, galan-gaçan bilenem burki käsäni göterersiň-le. Hany, içerik gireli! —Arkaýyn ýatyberiň! Ogry-jümri däl ekeni, —diýip çagalaryny köşeşdiren Atamyrat myhmany öýüne salmaga mejbur bolýar. Gaty bimahalam bolsa, herhal, öýüne myhman gelensoň, Bibi biçäre süýji ukusyny bozup, saçak taýynlaýar. Iýlip-içilensoň, ýaş şahyr: —Men-ä senden bir döwletli maslahat almaga geldim—diýýär. —Men ýany goşgy ýazyp başladym. Sen bolsaň, eýýäm tanalýan şahyr. Hakyky şahyr bolmak üçinem hökmany suratda “nahal” bolmaly diýýärler. Sen maňa nädip “nahal” bolmalydygyny öwret. —“Nahal” diýen sözüň manysy näme? Rus dilini edil ene dili ýaly bilýän, örän sowatly ýaş şahyr derrew jogap gaýtarýar. —-Onuň göni terjimesi “bihaýa” diýmek. “Edepsiz, uýatsyz” hem diýseň bolýar. Atamyrat esli oýlanypdyr-da: —Öňi bilen-a sen gije sagat üçe çenli, öýüňe, öz çagajyklaň arasyna barmansyň. Soňam, gije sagat üçde biriniň ýapyk gapysyny kakypsyň. Derweze açylmansoň, haýatdan aşypsyň. Biriniň gapysyny depip, ukuda ýatan adamlary bimaza edipsiň. Öý eýesiniň çagajyklarynyň ertir okuwa gitmänkä iýmeli naharyny hem galk-gulk bokurdagyňdan geçiripsiň. Ol zatlaryň üstesine-de “Men gara çaý içýändirin” diýip, demlenen gök çaýy yzyna gaýtardyň. Ýaňadandan gara çaý demletdiň. Onam “Ýuwan atypsyň” diýip, öý bikesine iňirdediň. . . —Çaý suw ýaly edilip berilse, aýtmaly bolar-da… Dogry dälmi? —“Dogry” bolsa, hut erenlerden ak pata alan “nahal”-ha seň özüň bolýarsyň. Bihaýalyk, nahallyk adamy şahyr edýän bolsa, sen şu gije Magtymguludanam beýik şahyra öwrülendigiňi tassykladyň… Ýaş şahyr hezil edinip gülüpdir. * Türkmenistanda ýaşap, eserlerini rus dilinde ýazýan Wasiliý Iwanowiç Şatalow Moskwanyň “Sowetskiý pisatel” neşirýatynyň golýazmasyna beren jogabyndan närazy bolup, SSSR-iň Neşirýat hem kitap söwdasy komitetiniň baş redaktorynyň huzuryna şikaýat bilen barýar (Şu ýerde W. Şatalowyň Watançylyk urşuna gatnaşandygyny, ok degen bir eliniň goşarynyň oňat epilmeýändigini aýratyn belläýin). Wasiliý Şatalowy kabul eden adam hem onuň deň-duşragy bolup çykýar, özi-de Aşgabatdan baran ýazyjy bilen salamlaşanda, stoluň bärsine-de geçäýmeýär, hatda ýerindenem turman görüşýär. Üstesine-de, geleniň arzyny diňlänsoň: —Neşirýat golýazma pes baha berensoň, edaradan-edara şikaýat bilen baryp ýörmek ýazyjy üçin gelşikli hereket däl—diýip, gödegräk hem gepleýär. Kitabynyň çykarylmajakdygy aýdylansoň, ozalam ýeňsesi gyzyp duran Şatalow: —Siz ýaly stol başynda oturyp aýlyk alýan çinowniklerden şolar ýaly jogapdan başga zada-da garaşmandym—diýip gaharlanyp başlaýar. —Sebäbi siz ýalylar uruş ýyllary ýyljajyk kabinetde bukulyp otyrkalar, men Wolokolamsk şossesinde (Moskwadan başlanyp, şäherden çykyp gidýän uly şaýol—A.T.) gar gujaklaýardym. Özi-de, hut sen ýalynyň janyny halas etmek üçin, ine, seret!—Şatalow sözüniň boş däldigini tekrarlamak üçin goşary epilmeýän elini öňe somaldýar. —Ine, şu el sen ýalyny faşistlerden goramak üçin şeýle boldy… Gahara dolan adam “Bolduň meniň başyma gahryman kişi!” diýip, ruslaryň ýörgünli paýyş zözleriniňem birki sanysyny suňşuransoň, stoluna elini diräp, zöwwe ýerinden turanda, Şatalow aňk bolup galýar. Asyl baş redaktoryň bir aýagynyň uýlugyndan aşagy ýok eken. Onuň stolunyň gapdalynda duran pişekleri bolsa Wasiliý Iwanowiç soň görüpdir. Ol ýerden çykyp meniň ýanyma gelen Şatalow ýeke aýakly baş redaktoryň özüne näme jogap berenini aýtmasa-da, ýokarky täsin wakany welin bolşy ýaly gürrüň berdi (Men ol täsin epizody birnäçe ýyldan soň ýazan “Nowruzda satylan gyzyl alma” diýen hekaýamda ulandym). * Zelili: “Mollalar öwerler ol kyýamaty, Goýsalar bu ýagty jahan ýagşydyr”—diýip ýazýar. Atamyrat Atabaýew: “ Mollalar öwerler ol kyýamaty, Guýsalar bu ýagty jahan ýagşydyr”—diýip degişýär. * Akyllylygam edil akmaklyk ýaly adama tebigat tarapyndan berlen paý. Ýöne akyllylygyň akyllylyk derejesini saklamak üçin alada etmeli, taplap durmaly. Akmaklyk welin aladasyny etmeseňem, öz derejesini ýitirmeýär. * Akmaklyk bolmadyk bolsa, akyllylygyň derejesini ölçär ýaly dereje-de bolmazdy. * Men özümiň uly Sowet edebiýatynda-ha däl, türkmen edebiýatynda-da ullakan agramymyň ýokdugyna akyl ýetirýärin. Şol hem maňa öz eserlerime-de, beýleki türkmen ýazyjylarynyň eserlerine-de obýektiw baha bermegime kömek edýär. * Aşyr Nazarow ömrüniň köp bölegini goşun gullugynda geçiren harby ýazyjy, podpolkownik derejesi hem bar. Onuň edepliligini, sypaýylygyny, hakyna jürlügini söz bilen aýdyp beýan eder ýaly däl. Ol edýän işinde çiglik goýmaýar, şu günki aladasyny ertire galdyrmaýar. Onuň çakdanaşa tertipliligi, biçak hakyna jürlügi käte gülkünjräk ýagdaýa çenli baryp ýetýärdi. Berdi Kerbabaýew Türkmenistan Ýazyjylar soýuzyna başlyk saýlananda, Aşyr Nazarowdan başga hiç kimi jogapkär sekretar edip işe almady. Çünki ol podpolkownigiň işleýän edarasynyň ody bilen girip, küli bilen çykjakdygyny bilýärdi. Aşyr aganyň işe ýekeje minut gijä galjak, işden ýekeje minut öň gitjek gümany ýokdy. Ol hakyky ofiser endikli adamdy. Tertip-düzgün diýilýän zat onuň üçin ähli zatdan ileri mukaddeslikdi. Men öz ömrümde tertip-düzgüni biçak ýokary derejede saklaýan adamlara kän sataşdym. SSSR Ýazyjylar soýuzunyň prawleniýesinde-de örän tertipli Izidor Grigorýewiç diýen bir ýaşuly işleýärdi. Biziň işimiz sagat 12-den 18-çenli bolsa-da, ol tä ömri otýänçä 9-dan 20-ä çenli işledi. artyk işläni üçin hak hem talap etmeýärdi. Izidor Grigorýewiç edil uly ýurduň Prezidenti ýaly edilmeli işleri bir aý öňünden ýörite depdere ýazyp, eden işlerini hem ýerine ýetirenden soň çyzýardy. Ol plenum, gurultaý geçýän mahallary dagy kabinetinde ýatyp-turýar diýen ýalydy. Beýle adam düňýäde ýeke-täkdir diýip çak edýärdiler. Ýöne biziň podpolkownigimiz hem ondan pes däldi. Men “Edebiýat we sungat” gazýetinde ýarym ýyl praktika geçen wagtym Aşyr Nazarow redaksiýanyň jogapkär sekretarydy. Ol haýsydyr bir okyjynyň hatyna berilmeli jogaby ertire goýaýsaň, agşam şonuň üçin seniň ýaşaýan ýeriňe paý-pyýada barmaga-da ýaltanmaýardy. Ertir hatyň jogabynyň sagat 10-a taýyn edilmegini tabşyryp gaýdardy. Ol Ýazyjylar soýuzyna işe alnandan soň bolan ilkinji ýygnakda Berdi Kerbabaýew degişmek üçin: —Ýoldaşlar, şu ýygnakda öňi bien bir düýpli meseläni çözeliň!—diýipdir. —Men Ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolsamam, harby derejäm “rýadowoý”. Meniň jogapkär sekretarymam “podpolkownik”. Kim kime garaşly bolmaly bolar? Şonda Aşyr Nazarow harbylarça söm durýar-da: —Men size tabyn bolmalydyryn, ýoldaş rýadowoý!—diýip çest berýär. Aşyr aga örän işjeň bolany sebäpli, oňa jaň edýäniňem, onuň jaň edýäniniňem sany-sajagy ýokdy. Şonuň üçinem onuň iş telefony özi kabinetde bar mahaly mydama bentdi ýa ol jaň edýärdi, ýa-da oňa jaň edilýärdi. Aşyr aganyň köçeden geçip barýan birmahalky gullukdaşy, güýmenje tapman ýören otstawkadaky ofiserlerem podpolkownigiň ýanyna sowlaýardy. Aşyr aganyň kabineti her gün ertirden agşama çenli ýygnak geçirilýän jaý ýaly mydama köp adamlydy. Ol hiç kimiň ýüzüne gaty-gaýrym söz aýdyp bilmeýärdi, hemme kişä-de ol “pylany jan” diýip ýüzlenýär. Maňa bolsa, adymyň yzyna “jan” goşup, bir sözi iki gezek gaýtalamazlyk üçin “Atajanym” diýip ýüzlenýärdi. Men bir gezek edaranyň ikinji gatyna çykyp, başlygyň kabinetine girdim-de, B.Kerbabaýewe salam berdim. Kabineti jaýyň birinji gatynda ýerleşýän jogapkär sekretara jaň edip bilmän, telefon trubkasyny elinde tutup oturan başlyk maňa “waleýkim” gaýtarmakdan öňürti: —Aşak düş-de, Aşyra: “Kerbabaýew trubkany ýekeje minut ýerinde goý” diýýär” diýsene!—diýdi. —Şo-ol trubkadan ýapyşyp otyr. Telefon oýlanyp tapylmadyk bolsa, şu adam nädip ýaşardyka? Men birinji gata düşüp, ýaşulynyň haýyşyny Aşyr aga aýdyp geldim. —Jaň ediberiň! Trubkany goýdy. —Men eýýäm gepleşip boldum-la—diýip, goja stoluň bärsine aýlandy. —Hany, indi salamlaşaýaly!—Goja başyny ýaýkady. —Telefon meselesinde Aşyryň taýy suwa gaçandyr. Men gün içinde oňa iki-üç gezekden kän jaň edemok. Eýsem-de bolsa, dört-bäş gezek aýlanyň bilen düşjek gümanyň ýok. Şo-ol gepleşip otyr. Nireden onça gep tapýaka?... Ýa telefonyny kesdiräýsemmikäm?—diýip, Berdi aga ýylgyrdy. …Men Moskwada işleýärkäm köp meseläni Türkmenistan Ýazyjylar soýuzy bilem maslahatlaşyp çözmeli bolýardym. Esasy iş salyşýanym hem Aşyr Nazarowdy. Soýuzyň konsultantlaryna degişli meseläm bolsa-da, men diňe Aşyr aga jaň edýärdim ýa-da hat ýazýardym. Sebäbi konsultantlar ýaltady, geleňsizdi. Olar şu gün çözmeli meseläni ertire- birigüne geçirip bitirseler-ä ne ýagşy welin, ony düýpden ýatlaryndanam çykaryp goýberýärdiler. Aşyr aga bilen iş salyşsaň bolsa “plany 200 %”, onda-da desbi-dähil berjaý edýärdi. Bir gezek iki sany meseläniň jogabyny bermeklerini sorap Aşyr Nazarowa hat ýazdym. Bir hepde geçip-geçmän, bir wagtyň özünde iki sany bukja geldi. Olaryň ikisi-de Aşyr agadandy. (Dili süýji Aşyr agamyzyň maňa ýazýan hatlarynyň hemmesi “Gadyrly Atajanym!” diýen sözden başlanýardy. Her hatyň yzynda-da her gezek şol bir sargyt—onuň 6-7 sany moskwaly tanyşlarynyň familiýasy, ady, atasynyň ady doly ýazylgydyr. Men olaryň hemmesine jaň edip, Aşyr agadan “örän gyzgyn salam” gowşurmalydym. Elbetde, men Aşyr aga ýaly galjaň bolmamsoň, soňky haýyşy salam aýdylmalylar ýolda-yzda duşaýmasalar ýa-da bir alada bilen ýanyma geläýmeseler, berjaý edip bilmeýärdim). Hawa, bir mahalda gelen iki bukjanyň birini açdym: “ …bize ýollan iki sany meseläň biriniň jogaby şeýle… Ikinji meseläniň jogabyny biraz soňa goýmaly bolýaryn. Sebäbi Berdi Myradowiç Kerbabaýew MK-a (Merkezi Komitet. —A. T.) gitdi. Basym gelmeli. Ol gelen badyna jogap ýazaryn…” Ikinji bukjany açdym: “… ikinji meseläňe berilmeli jogaby Berdi Myradowiç gelen badyna maslahatlaşdym. Ol şeýle…” diýen ýazgy bar. Diýmek, ikinji hat Berdi aga MK-dan gelen badyna ýazylan bolmaly. Çaky ol Berdi aga MK-dan gelýänçä 15-20 minut garaşyp, iki meseläniňem jogabyny bir bukja salyp iberäýmändir-de, taýýar jogaply birinji bukjany eýýäm poçta eltip gaýdypdyr. Şonuň üçinem ikinji haty onuň yz ýanyndan hem ýazmaly bolupdyr. Biziň Aşyr agamyz şeýle adamdy. Ýadamany-ýaltanmany bilmeýän, şu günki işini hiç mahal ertä goýmaýan Aşyr aga örän täsin, ýüregi ýuka, edepli adamdy. Mende onuň ýazan 20-30 sany haty saklanýar. Men mahal-mahal ol bukjalaryň käbirini açyp okaýaryn, seýrek gabat gelýän mylaýym hem tertipli, aşa medeniýetli hem çaga göwünli ýaşulyny ýatlaýaryn. * Şu gün Pariže geldim. Başga dünýä düşen ýaly. Elbetde, meni Fransiýanyň paýtagtynyň şu güni hem gyzyklandyrýardy welin, esasy maksadym “goňurly ýesir” Blokwiliň yzyny yzarlamak. 8.12.1989. Dil kimdir biriniň ýörite ýa-da tötänden aýdan täze sözüne öwrenişilmegi, şol sözüň haýsydyr bir şertli manyda kabul edilmegi bilen baýlaşýar. Ata Atajanow “Döwürdeşim-höwürdeşim” sözüni ulanany üçin, tankytçy N. Hojageldiýew ony ýanaýar. Dile her gezek täze söz goşulanda, “Men ony bilemok. Men ony halamok” diýen prinsip bilen hereket etsek, dil hiç mahalam baýamaz. Gara Seýitliýew “har” sözüne daýanyp “harly” diýen söz ýasady. (“Emma seniň gözüň ýaly harly gözi görmedim”.) Ýöne heniz bizde bolmany üçin ony ulanmazlyk nädogry bolardy. Emma täze söz “ýasalanda” oýlanyp, gelşikli edip ýasamaly. Annaberdi Agabaýewiň “Aýdymlarmyz nuranadan nurana” diýen setirindäki “nurana” bu ýerde jüpüne düşmeýär. Sebäbi aýdym şirun bolýar, lezzetli bolýar, ýakymly bolýar. Emma nurana bolmaýar. “Nurana” eşidilýän zada däl, diňe göze görünýän zada degişli. A.Agabaýewiň bu ýerdäki “nuranasy” rus dilindäki “swetlaýa pesnýa” diýen manydan çeper däl-de, gönümel terjime edilipdir. • BEKI SEÝTÄKOWYŇ IŇ SOŇKY HATLARY Beki Seýtäkow degişmegi, gülüşmegi gowy görýän hem başarýan adamdy. Ol degişmekde utulaýsa-da, keýpini bozup durman: “Aldyň, inim!”, diýip elini uzadýardy hem keýp edip gülýärdi. Şol bir mahalyň özünde-de ol ynjygrakdy, käte ynanmasyz, maýda gepe-de ynanaýýardy. Ýöne ol özüniň uly ýazyjy hasap edilýändigine garamazdan, ulumsy däldi. Onuň bilen oturup-turuşmak, ýolda ýoldaş bolmak uly lezzetdi. * Bir gezek Beki Seýtäkow oturdy-oturdy-da: —Adamlar, şü Aman Kekilow 200 dagy ýaşan bolsa gerek —diýdi. —200 ýaşaýan adam barmy, Beki aga!? —Aman Kekilow ýaşandyr. Ah-ow, men ýaňy harp öwrenen oglanjykkamam ol “Pioner” žurnalynyň baş redaktorydy ahyryn. * Edebiýat institutynyň birinji kursunda heniz iki aý hem okamadyk, entek ýekeje hekaýasy-da çap bolmadyk on sekiz ýaşyndaky ýaş ýazyjy edara jaň edip, meniň bilen diýseň edepli salamlaşdy. —Atajan aga, sizi biynjalyk edýänimiň bir sebäbi bar… —Aýdyber! Men diňleýän. —Şu günde-düýnde Moskwa Beki-hä gelen däldir? Bileňzokmy? Men ýaş oglanyň maňa, ýagny 26 ýaşly A. Tagana “aga” diýip, ”siz” diýip, Beki Seýtäkowyň adynyň ýanyna “aga” ýa-da “halypa” sözüni goşman gepläp bilşine geň galdym-da: —Inim, Beki aga-ha gelenok welin, Berdi-ä Moskwada bolmaly—diýdim. —Kim ol Berdi?—diýen sowal ýaňlandy. —Berdi bolsa, Berdi aga Kerbabaýewdir-dä. Meniň kinaýaly jogabymyň manysyna ýaş ýigidiň düşünenini-düşünmänini aýdyp bijek däl. Ýöne ol “loh-loh” gülüp goýberdi. * Ýakyn dosty Balyş Öwezow Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-nyň Birinji sekretarlygyndan aýrylandan soň, käbir namart ýoldaşlary Beki Seýtäkowdan daşlaşmak bilen boldular. Ony her tarapdan gysyp başladylar. Soňra Türkmenistan Ýazyjylar soýuzyna täze başlyk saýlanan Rahym Esenow hem käbir “ýoldaşlaryň” göwnünden turjak bolup, ony ýekirip ugrady. Uly ýazyjyny soýuzyň sada konsultantlygyna geçirdiler. Meniň: “Beki aga, siz öndümli işleýän ýazyjy. Ýaşamak üçin material mümkinçiligiňiz bar bolsa, başga zada wagt ýitirmän, diňe kitap ýazyp oturmak höwesiňiz ýökmy?” diýen sowalyma ýaşuly açyk jogap gaýtardy. Ol material nümkinçiliginiň artykmajy bilen bardygyny, hatda bankyň öz eline altyn sagat dakandygyny (Men açyk bilemok welin, amanat kassada goýan puluň mukdary haýsydyr bir uly möçbere ýetende, bank pul eýesiniň goşaryna altyn sagat dakýar diýen gürrüň bar) hem aýtdy. Ol edarada işlemän, öýde oturmaýandygynyň sebäbini bolsa şeýle düşündirdi. —Inim, her gün adamlar bilen duşuşyp, gürrüňleşip ýörmek maňa ýaşlykdan endik bolupdyr. Hiç ýere çykman, uzynly gün öýde oturmaga kanagatymam çatmaýa. Öýden çykmasam, ýeke setirem ýazyp bilemok. Bir gezek Beki Seýtäkow Ýazyjylar soýuzynyň howlusynda täk özi çilim kükedip oturan eken. Ol örän keýpsiz görünýärdi: —Beki aga, men-ä siziň ýanyňyza habarly geldim. . . —Niçik habarmyş ol?—diýip, ýaşuly mendenem öýkeli ýaly, ýüzüme garaman sowal berdi. —Men ertir öýlenýän. Sizi toýa çagyrmaga geldim. Bu gezek ýazyjy meniň ýüzüme seredip gepledi. —Gaty görme welin, men baryp bilmen. —O näme üçin? —Sebäbi men ADAM oglunyň toýuna baramok—diýip, ol “adam” sözüni aýratyn basym bilen aýtdy. Menem şol söze aýratyn basym berip: —Adam oglunyň toýuna barmaýan bolsaňyz, men onda hökman garaşýaryn—diýdim. “Haha-haýlap” ýerinden turan Beki aga iki elinem maňa tarap uzatdy. —Ýeňdiň, inim. Men ol toýa, diri bolsam, bararyn! …Beki aga toýa bardy. Özi -de Gylyçdurdy Sähetmyradow bilen bile oturyp, toýy bezedi. Birki gün geçensoň, köçeden barýarkam B. Seýtäkowa gabat geldim. Salam-helikden soň ol menden göwni galan ýaly örän agras görnüşe geçdi-de: —Gowy toý etdiň, inim. Kän mahal bäri şeýdip, gülşüp-degşibem oturmandym—diýdi. —Ýöne sen meni şol toýy gutlamaga ýa-da iýip-içip oturmaga barandyr öýtmegin… —Onda näme üçin bardyňyz? —Men ol toýa sen ýaly adama ýürek edip aýal bolmaga razylaşan ýüregi atyň kellesi ýaly zenanyň ýüzüni bir görüp gaýdaýyn diýip bardym. —Beki aga, hasap bir-bir boldy!—diýip, menem oňa iki elimi hem uzatdym. * Beki Seýtäkow Moskwanyň Gelmgols adyndaky göz keselleri institutynda gözüni bejerdýärdi. Men onuň yzyndan ýygy-ýygydan barýardym. Ozalam görýän gözi ýeke bolansoň, ýaşuly operasiýadan ýaýdanýardy. Şonda-da ol gülüşmegi- degişmegi ýadyndan çykarmaýardy. Bir gezek ol Şäher Borjakowdan gepde basylanynyň iki pursadyny aýdyp berdi. Şahyr Şäher Borjakow çakdanaşa arryk hem inçeden uzyndy, diňe ham bilen süňkdi. Şonuň üçin bolsa gerek, ol ýörände-de, çalt hem ýeňil hereket edýärdi. Bir gezek köçede sataşanda, Şäheriň ýeňil gopup gelşine haýran galan Beki Seýtäkow: —Inim, Şäher, seň ejeň dirimi ýa-da pahyr boldumy?—diýip soraýar. —Hudaýa şükür, diridir, Beki aga? Näme? —Diri bolsa, sorap görsene, ol seni jyndan aldymyka ýa çekirtgeden… Şäher Borjakow salymyny bermän: —Jyndan alanam bolsa, çekirtgeden alanam bolsa parhy ýok. Beki Seýtekden almandygyny-ha açyk bilýän. Şoňa men müň şükür edýän. Ýene bir gezek Beki Seýtäkow Şäher Borjakowa: —Şäher, inim, doktorlar maňa birneme horlanmaly diýýärler welin, hiç başaramok. Sen nädip beýle derejä ýetýänçäň horlanyp bilýäň? Heý, oň ýoluny salgy bermezmiň?—diýýär. Şäher Borjakow: —Men-ä Beki Seýtäkowyň kitaplaryny okap horlandym—diýip jogap gaýtarýar. * Gelmgols institutynda B.Seýtäkowyň ozal gören, ýöne näsaglansoň görmesi galan ýeke gözüni şowly operasiýa etdiler. Operasiýadan soň ýanyna baranymda: “Ýeke gözdenem galaýsam näderkäm diýip örän gorkýardym, inim” diýip, ýene dünýäni görýänine begenýändigini aýtdy. Oňa garamazdan: “Beki Seýtäkowyň ozalky ýeke gözi-de operasiýadan soň kör bolupdyr” diýen habar tutuş Aşgabada ýaýrapdyr. Hassahanadan keýpi çag halda çykan ýaşuly derrewem Türkmenistana gaýtdy. Aşgabat aeroportunda oňa bir tanşy gabat gelip: —Wiý, Beki, hany saňa kör bolupdyr diýýädiler welin, asyl sen görýär ekeniň-ä! Gutlaýan. Men-ä gaty begendim walla-diýýär. —Sen begenseňem, özüm-ä gözümiň görýändigine gatybir begenibem baramok. —O näme üçin? Heý körlük ýaly-da ýaman dert bolarmy? —Dogrymy aýtsam, gözüm açylansoň ilki görjek tanşymyň sen boljakdygyny öňünden bilen bolsam, doktorlara “Gözümi açmaň!” diýerdim. * Ilki-ilkiler mende okan kitaplarymyň yzyna eser hakdaky pikirimi ýazmak endigi bardy. Onda-da nähili bellikler! Ýaşlyk joşguny, göçgünlik. “Mundan eser bolmaz”, “Bu eser edebiýatyň taryhynda galar” we ş. m. Men Edebiýat institutynyň 2-nji kursunda okaýarkam Beki Seýtäkowyň hekaýalaryny hem powestlerini özünde jemleýän ullakan kitaby çykypdy. Men ol tomluga girýän eserleriň her haýsynyň yzyna öz gödek-gödek “bahalarymy” ýazyşdyrypdym. “Derýada”—oňat hekaýa, “Şahyr” powesti—birneme gysgaltsaň hem täzeden işleseň, eser bolar. “Bekmyrat Durdyýew”—Myndanam powest bolarmy?”. Iň bärkije bahalar şular. Kitaba giren powestleriň biriniň yzyna bolsa hiç zat ýazmandyryn. Moskwa komandirowka gelen Beki Seýtäkow uly myhmanhanalara barman, biziň ýatakhanamyzda, ýazyjylara düşelge bolsun diýlip niýetlenen iki sany otagyň birinde ýerleşdi. Ol hem meniň otagym bilen duldegşir goňşudy. Bir gezek kitaba dümtünip otyrkam, Beki aga gapymdan geldi. Ol elindäki tütäp duran çilimini nebsewürlik bilen sordy-da, meniň stolumyň üstündäki kitaplara nazaryny dikdi. —Inim, ol tomluklaryň arasynda Beki agaň kitabam barmydyr? Ýa-da biziň kitaplarymyz stol üstünde saklanýan eserlerden dälmidir? —Bir kitabyňyz-a bolmalydyr, Beki aga. Ýaşuly özüne mahsus bolan degişme äheňinde gepledi. —Tolstoýyň, Stendalyň, Çehowyň, Kerbabaýewiň eserleriniň ýanynda ýekeje kitabym saklanýan bolsa-da bagtlylyk. Hany, al bäri, men oňa awtograf ýazaýyn! Men ýazyjynyň awtografyny almak isleýänem bolsam, içine gödek bellikler edilen kitaby awtora görkezmek islemeýärdim. Beki Seýtäkow eýýäm ruçkasyny häzirläpdi. Men kitaby uzatmaga mejbur boldum. Ol stol başyna geçdi-de, awtograf ýazdy. Ýöne kitaby welin, sahypalaryny açyşdyrman yzyna gaýtardy. Ol çykyp gidenden soň, eden ýazgysyny okadym: “Moskwadaky ýeke-täk howandarym Atajan Tagana belent hormat bilen. Beki Seýtäkow”. Agşamara ildeşler bolup, Beki aganyň otagyna ýygnandyk. Nahar iýdik. Çaý başynyň peýrewe gürrüňi mahaly Beki aga, edähedine görä akja ýaglyk bilen görmeýän gözüni süpürdi-de, Arap Gurbanowa ýüzlendi. —Arap jan, inim, siziň araňyzda iň parasatlyňyz Atajan Tagan bolsa gerek—diýdi. Degişmegi halaýan Arap Gurbanow bir täzeligiň bardygyny aňyp, garagol çaga ýaly ýeser ýylgyrdy. —Bäş-alty ýigidiň içinde näme üçin onuň täk özi parasatly bolmalymyşyn? Beki aga, emeli bolsa-da, tekepbir görnüşe geçdi. —Siziň hiç biriňiziň stoluňyzyň üstünde Beki agaňyzyň tomlugy ýok. Emma bu ýigitde bar. Beki Seýtäkowyň kitabyny stol üstünde saklamak parasatlylykdan nyşan dälmidir eýsem? Seýtäkowy okaýan adam bihal bolmaly däldir, Arap jan. Sen şu hakykaty ýadyňdan çykarma. Bary-ýogy bir hepde şondan ozal B. Seýtäkowyň kitabyny menden alyp okansoň, edilen bellikleri hem entek ýadyndan çykarmadyk Arap Gurbanow: —Hany onda, sizuň parasatly ýigidiňiz, gaýraty bolsa, şol kitaby getirsin-dä—diýdi. Hernäçe sapalak atsamam, men ol kitaby getirmeli boldum. Awtografy okan Arap Gurbanow kitaby awtora uzatdy. —Hany, ýaşuly, eserleriňize berlen bahalara-da bir seredip görüň. “Moskwadaky eke-täk howandaryňyz” näme ýazdyka? Kitaby açyp, eserleriniň yzyna: “Boş”, ”Biderek”, “Ýaman däl”, “Mundan eser bolmaz” diýen ýaly bellikleri okan Beki Seýtäkow yzyna hiç hili bellik edilmedik bir eseri tapyp: —Arap jan, muňa näme sebäbe bellik edilmändir?—diýdi. —Edilmedik belligiň manysyna düşüneňzokmy, Beki aga? —Düşünmedim, Arap jan. —Ol, Beki aga, “Bu sahypalar hiç zat ýazylmadyk ak kagyz” diýildigi bolýar. —Bu, onda öňki ýazgylardanam aýylganç-da? —Dogry aýtdyňyz, Beki aga. Beki aga kitaby maňa uzatdy-da: —Inim, diňe Moskwada däl, ýerde-gökde-de bir duşmanym bar, olam sen—diýdi. Elbetde, studentiň badyhowalygyna düşünýän ýaşuly ol sözleri töwerekdäkileri gülüşdirmek üçin aýdýardy. Ýöna barybir, şol gezek men biraz gelşiksizräk ýagdaýa düşdüm. * Beki Seýtäkow hem ýazyjylaryň köpüsi ýaly sadadan ynanjaňdy, sähel bir maýda zat üçinem ynjaýardy. 1977-nji ýylyň maý aýynda men Ýazyjylar soýuzynda işläp ýören döwrümde, ondan şeýle mazmunly hat aldym. “Hormatly Atajan Tagan! Men oglum Muhammet bilen iýulyň 8-inden iki sany putýowka zakaz etdim. Ol iki putýowkany Litfond beripdir. Emma, näme üçindir, ikimize bir otag berlipdir. Muny näme üçin beýle edendiklerine asla akyl ýetirip bilemok. Sebäbi iki putýowka iki otag bolmaly. Men ol ýere keýpine däl, işlemäge barýan. Muhammediň-de özüne ýeterlik aladasy bar. Asla kanun boýunça her kime bir otag berilmeli. Ylaýta-da, Peredelkino şeýle bolmaly. Meniň bu işlere gaty gaharym geldi. Munuň özi adamy äsgermezlik ýaly bir zat bolýar. Bu işi kanun boýunça düzetmäge senden başga adama ýüzlenmedim. Seň özüňe kyn düşse, Ý.N.Werçenkäniň üsti bilen şu işi düzet. Düzetjegiňe-de ynanýaryn. Men iki adamyň bir otagda nähili işlejegine akyl ýetirip bilmeýärin. Salam bilen B. Seýtäkow. 10.05.77. Aşg. ” Putýowka meselesinde Beki aga ýalňyşýardy. Elbetde, her adam aýratyn bir otagda ýaşasa gowy. Ýöne aýratyn otag berilmeli diýen kanunam, düzgünem ýokdy. Putýowka gyt mahaly ataly-ogula, eneli-gyza bir otag hem berýäýýärdiler. Ýaşuly meseläniň anygyna ýetmän gatyrganýardy. Oňa garamazdan, men ýazyjylara putýowka berýän edaramyz bolan Edebi fonduň başlygyna çenli ýetip, Beki Seýtäkowyň haýyşyny kanagatlandyrjak boldum. Hiç hili netije çykmady. Gaýtam, men “jogapkär işgär bolsamam, umumy ýagdaýa düşünmek islemeýän” adama öwrüldim. Şonuň üçinem men Beki Seýtäkowa şeýle jogap ýazmaga mejbur boldum. “Hormatly Beki aga! 1. Öňi bilen-ä, size saglyk, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin. 2. Peredelkino barada. Ol meselede, Beki aga, Siz ýalňyşýarsyňyz. Muhammet ikiňize bir otagyň (ýöne ol örän uly otag bolmalydyr) berilmegi kanuny bozmak däl. Sebäbi dynç alynýan wagtyň “iň jöwza” mahaly—tomus aýlary, ýazyjylaryň özlerine jaý ýetmeýän mahaly olaryň ogul-gyzlaryny hem aýratyn otag bilen üpjün etmek asla mümkin däl. Şonuň üçinem Siziň haýyşyňyzy özüm-ä berjaý edip biljek däl welin, beýle ýumuş bilen Ý.N.Werçenkäniň huzuryna barsamam örän gödek jogap aljakdygymy öňünden bilýärin. Bu ýerde gaty görüşmäge hiç hili esas ýok, Beki aga. Atajan Tagan. 19.05.77. Moskwa” Beki Seýtäkow, soňy ölüme sapan syrkawlyk bilen ýatyrka-da, degişmesini goýmandy. Onuň iň soňky ýatan ýeri SSSR Ylymlar akademiýasynyň (Ol TSSR Ylymlar Akademiýasynyň habarçy agzasydy) kliniki keselhanasy boldy. Ýaşuly ol keselhana TSSR YA-synyň Prezidenti, akademik A.G.Babaýewiň aladasy bilen ýerleşipdi. Şol keselhadanam ol maňa bir bölejik kagyza ýazan hatyny ýollapdyr. Ýöne ol öz hatynda ýanyna barylmagyny, odur-budur zat eltilmegini haýyş etmändir. Bolsa-da men hat gelen gününiň ertesi portfelime alma, pyrtykal ýaly zatlary salyp, ýaşulunyň yzyndan gitdim. Emma ony görüp bilmedim. Şäherde gripp epidemiýasy bar bolany sebäpli, keseden gelen adamlary keselhana goýbermeýär ekenler. Men bölejik kagyza gelip-gidendigimi ýazyp, getiren zatlarymyň arasy bien iberip gaýtmaly boldum. Iki-üç gün geçenden soň Ýazyjylar soýuzyna Beki Seýtäkowyň tanyş harplary bilen ýazylan hat geldi. “Hormatly inim, Atajan! Şu gün uzynly gün biziň ýanymyzda howa garaldy durdy. Ahyram, iki-üç minutlap Gün çykdy-da, palatamyz ýagtyldy gitdi. Bu nämäniň alamatyka diýip geňirgenip otyrkam seniň hatyňy hem zatlaryňy getiräýdiler. Asyl biziň garaňky howamyzy ýagtyldan seniň nurly ýüzüň eken-ow! Köp minnetdar, inim. Maňa iýmäge-içmäge zat getirme. Kitap getir, kitap! Karantin gutarsa, habar ederin. Hoş. Beki. 12 ýanw. 79.” Birnäçe günden soň men 5-6 sany kitap alyp, ýene keselhana gitdim. Olaryň arasyna “Hormatly halypamyz Beki Seýtäkowa saglyk arzuw edýän awtordan” diýen ýazgy bilen özümiň “Uruş haçan gutarýar” atly hekaýalar ýygyndymy hem goşdum. Keselhanada karantin gutarman eken. Men ýene öňki gezekki ýaly, getiren zatlarymy nobatçy aýala tabşyryp gaýtmaly boldum. Ýanwaryň 26-synda Beki agadan üçünji hat geldi. (Hatlaryň ýeke sözüni-de üýtgetmän göçürýändigimi hem ýatladaýyn.) “Hormatly Atajan! Kitaplaryň hem sowgatlaryň üçin sag bol! Emma seniň nurly ýüzüňi (Beýle sözleriň ýaňsylama ýa-da degişmedigini siz, elbetde, aňýansyňyz—A. T.) görmek miýesser etmäni üçin, dogrudanam, gynandym. Bilemok, bizdemi ýa-da şäherdemi—karantin diýýärler. Şonuň üçinem goýberenoklar. Meniň sag aýagymy operasiýa etjekler. Örän agyr operasiýa. Gorkýaryn. Ýöne alaç ýok, etdirmeli. Aşgabatdan näme täzelik bar? Aşgabat obkomynyň konferensiýasy nähili geçdi? Edebi täzelikler? Şular hakda bir hat ýazyp iber. Adres: Moskwa. 117333. Leninskiý prospekt, 50-A. Palata 615. Seýtakow B. Spasibo, drug! 24.01.79”. Dördünji hat: “Atajan, inim, ajaýyp kitap ýazypsyň. Meniň “Uruş haçan gutarýar” diýen kitabyň barada bir zat ýazasym gelýär. Ýöne gijä galdymmykam öýdüp gorkýaryn. Öňde gorkuly operasiýa. Şeýle-de bolsa, Kakaly Berdiýew (K.Berdiýew—“Edebiýat we sungat” gazýetiniň” baş redaktory—A.T.) bilen gepleşseň, oňa duýdur. Men makala ýazjak. Belki, operasiýadan soň ýazaryn. Dagdan eje, Heşdek, Ogulsapdy, Wepaly aga we başgalar oňat obrazlar. Men kitaby heniz okap gutaramok. Emma indiki sataşjak adamlarym olardanam gowumyka öýdýärin. Inim, oňat ýazyjy bolupsyň. Ýazyjylykda sen durmuşdaky Atajan däl ekeniň. Gaýrat et. Dowam et! Käwagt öz nurly ýüzüň şöhlesi düşen kagyza bir hat ýazyp dur. Görmek-hä miýesser edenok. Salam bilen Beki. 25. 01. 79” Bäşinji hat. “Hormatly Atajan! Inim, kitabyňy doly suratda okap çykdym. Şeýle ajaýyp hekaýalaryň bilen seni ak ýürekden gutlaýaryn. Hekaýalar biri-birinden gowy, hemmesem ýatda galyjy. Men bu kitap barada “E-S” gazýetine bir zat ýazmakçy. Ýöne keselhananyň aladasy başdanaşa kän. Operasiýany anna gününe bellediler. Häzir meni oňa taýýarlaýarlar we bir minut boş wagtym ýok. Analiz-prosedura, prosedura-analiz. Aşyra (A.Mämiliýew—A.T.) we gelen-giden oglanlara salam aýt. Beki. 30.01.79. ” Beki aganyň operasiýasy şowly geçdi. Operasiýadan soň karantin hem gutardy. Men onuň yzyndan kän gezek bardym. Ýöne şu ýazgylara goşulan bäş hat Beki Seýtäkowyň ölmezinden ozal ýazan iň soňky hatlary bolsa gerek diýip çak edýärin. Ara uzak bolansoň, Moskwada ýaşaýan gyzy Maýtapdan başga garyndaşlaryndan, ildeşlerinden onuň yzyndan barýan hem ýok diýen ýalydy (Bir gezek Ata Atajanow bilen Hojanepes Meläýewiň barandyklaryny bilýärin), Şonuň üçinem B. Seýtäkow meniň bilen has-da ysnyşyp gitdi. Hatda köplerden gizlän syrlarynyňam birnäçesini maňa gürrüň berdi. Ol bir şahyra ol entek gaty ýaşka öz dosty Balyş Öwezowyň kömegi bilen Döwlet baýragyny alyp berendigini, onuň beýle hormaty deňli-derejeli göterip bilmändigi üçin, eden işine indi ökünýändigini hem aýtdy. *** Bir gezek yzyndan baranymda, Beki aga näsaghana düşeli bäri iýmändigi üçin türkmen palawuny isleýändigini aýtdy. Meniň özümem, aýalym Sona-da palaw bişirmäge ökde däldik. Özüm bişirsem-ä, palaw kaşa bolaýýardy. Neniň häzir Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýan Kamrom Hakimow atly özbek dostum bardy. Ol ikimiz bäş ýyl bile okadyk. Ol terjimeçildi. Takdyr şeýle bolup, institutdan soň hen Kamrom ikimiž 15 ýyllap SSSR Ýazyjylar guramasynda bir otagda, ýanaşk stol başynda bile oturdyk. Ol palaw bişitmäge ussatdy.Dabara, üýşmeleň bolsa-da, palawy şoňa bişirdýärdik. Beki aganyň haýyşyndan soň, özbek dostuma ýüzlendim-de: - Kamron jan, özüň bilýäň, men palaw bişirsem kaşa bolaýýar—diýdim. - Biläman, - diýip, Kamron ýylgyrdy.—Kaşa-da imes, sabzili (käşirli) kaşa bolade. - Şoň üçinem bir gowy aş bişirip berse-ne. - Nimä gäp? Çet ilden memon kelädimi? - Ýok. Çet ilden myhman-a gelenok welin, Beki agamyzyň yzyndan alyp gitjek. Kamron Beki agany tanaýardy, sylaýardy, onuň häzir näsaghanadadygyndanam habarlydy. Şonuň üçinem ol haýyşymy goldady: --Ustot Beki ogalar oş iýämen desalar, hotinimäýam inonmasdan, uzim, mana şu kollaraim bilen oş kylaberaman.( Halypa Beki aga aş iýjek diýýän bolsa, aýalyma-da ynanman, özüm, ine, şu ellerim bilen bişirerin.—A.T.) Dostumyň ussatlyk görkezip bişiren palawyny, sowamazlygy üçin uly nahar termosyna salyp, näsaghana alyp gitdim. Iki bolup palaw iýdik. Beki aganyň palaw küýsänligi çyny eken. Ol näsagam bolsa, nahary iştämenlik bilen iýdi. Ol agzyny süpürdi-de: - Inim, hezil edindim. Uzak ýaşa—diýýdi.—Emm men saňa özbek palawyny däl, türkmnen palawuny getir diýipdim ahyryn—Ol ýylgyrdy.--Ýöne, bular ýaly palaw bişirip bilýän bolsaň... - Ýok, Beki aga, bu palawy men bişiremok. Gowudan-gowusyny isläp, Kamrona bişirtdim. - Ussat eken-ow ýigit!—diýip, özi-de palaw bişirmäge ökde Beki aga nahara baş ýaýkmak bilen uly baha berdi.—Kamrona menden dogaý salan aýt! *** Dünýä durşuna täsinlik, durşuna syr. Meniň häzirki Beki aga bilen baglanyşykly gürrüňini etjek wakam hem şol syrlaryň biri ýaly bolup dur. Bir gezek näsaghana baranymda, palatada Beki aganyň ýeke özi tukat halda oturan eken. Saglyk-amalyk soraşygynda soň birden ol: - Inim, men saňa bir syryny açaýyn. Ony özüm bilen äkitmäýin—diýdi. - Eýglikmi, halypa?—diýip, sysry eşitmäge howlugdym. - Eýgilikmi-dälmi—özümem aňşyramok. Ýöne howsala düşdüm. Men şahyr Rehmet Seýidow bilen ýegre dostdum. Ol meniň Aşgabada gelmegim, şu derejelere ýetmegim üçin kän alada edipdi.Özümizem goňşy bolup ýaşadyk. Onuň maşynkasynyň “şyk-şyky” şindem gulagymdan gidenok. Rehmet uçursyz gowy adamdy, ýöne agyr kesel ony halys egbarlatdy. Ol uzak kösendi. Sen ýaly bolup, menem näsaghana onuň yzyndan gatnaýardym. Senden bir tapawudy, palawy özi bşirýärdi. Bir gezek yzyndan baranymda, ol maňa palaw iýesiniň gelýändigini ýaňzytdy. “Palaw muň iň soňky islegi bolsa gerek” diýip göwnüme güman gitdi. Şeýle hem boldy.Şondan kän mahal geçmänkä, Rehmet dünýäden gaýtdy.Ony hatyralap jaýladyk, aşyny-suwuny ýerbe-ýer edip berdik.Bir gezek Rehmet meniň düýşüme girdi. Düýşümde ol maňa: “Bki, sen meni gaýgy etme. Bu ýerde meniň ýagdaýym gowy. Sen ölmeziňden ýedi gün öň ýanyňa bararyn” diýdi. Hopugyp oýandym. Ýeke özüm ýatyrdym. Jahan ýaňy çalaryp başlan eken. Şondan soň men “Rehmet haçan düýşüme girerkä?” diýen gorkuda ýaşadym. Görüp otursam, ondan bäri göni 24 ýyl geçipdir. Ýigrimi dört ýyldan soň öten agşam ol ýene düýşüme girdi. Düýşde Rehmet maňa ýagşydan-ýamandan zat diýmedi. Ýene hopugyp oýandym Özüň bilýäň. Men yryma, pala-gurra ynanýan adamam däl. Ýöne öten agşamky düýş welin meni gaty biynjalyk edýär. Şol ýedi güni ýadyma saldy - Aý, Beki aga, sizem-ä...—diýip, men ony köşeşdirmäge synanyşdym..—Düýşde görülen tersine bolarmyş diýýäler ahyryn. Operasiýa şowly geçdi. Keýpiňiz oňat... - Şeýle ýaly welin, Rehmediň düýşüme girmegi... Ýigrimi dört ýilda ikinji gzek düýşüme girýär... Ol meniň ýüzüme naýynjar nazar biulen garady. *** Beki Seýtäkowyň operasiýasy şowly geçdi hasaplansa-da, ol telim etapdan ybaratdy. Onuň damarlarynda ganyň uýaýandygy (tromb) zerarly aýagyny ýene operasiýa etmelidi. Ikinji operasiýa hem şowly geçdi. Ýazyjynyň keýpi ýaman däldi. Emma düýşli wakanyň gürrüňinden, dogrudanam, ýedi gün töweregi geçensoň, bir gün gaty ir onuň gyzy Maýtap agyly ses bilen jaň etdi: “Atadžan, papa skonçalsýa”(“Atajan, kakam ýogaldy”). Men derrew Aşgabada MK-a jaň etdim. Şol günüň özünde-de uly ýazyjyny jaýlamak üçin hökümet komissiýasy döredildi. Ýazyjynyň jesedi keselhanadan çykarylanda, kimdir bir hossary resmi kagyza gol çekip, oňa eýelik etmelidi. Moskwada bolsa.Beki Seýtäkowyň gyzy Maýtapdan başga garyndaşy ýokdy. Türkmenistanyň hökümediniň Moskwadaky hemişelik wekili Gök Abaýew irden maňa jaň etdi-de: “Ýumruk ýaly gyzyny morga iberip heläk edip ýörmäliň. Etmeli zatlarynyň hemmesini özüň boýnuňa al, meniňen ýarawlygym ýok” diýdi. Şol gezek men ömrümde birinji sapar näsaghanalarda ýogalanlaryň jesedi wagtlaýyn saklanýan ýeri bolan “morg” diýilýän jaýa girip gördüm. (Dogrusyny aýtsam, kyrka ýetip barýan, aga-gara düşünýän adamdygyma garamazdan, merhumlaryň arasyna baramda, olardan eýmenýän ýaly boldum). Morgda ýalaňaç ýatan bäş-alty sany jesediň arasyndan Beki agany derrew tanadym. Jesetler adamam däl, hiç kime gereksiz, hiç hili agramy, manysy, gymmaty ýok bir zat ýaly bolup sowuk ýerde ýatyrdylar. Men şonda, dirikä kimem bolsa, jany çykandan soň adamyň derrew hiç zada öwrülýändigine, ýaşamak üçin berilen her sekundyň gadyryny bilmelidigimize göz ýetirdim. Iki gün geçenden soň, TSSR Ministrler Sowetiniň hemişelik wekilhanasynyň jogapgär işgäri Haldurdy Weliýew ikimiz degişgen ýazyjymyz Beki agamyzyň jesedi salnan gurşun tabydy Moskwanyň “Domodedowo” aeroportundan gijeki uçar bilen Aşgabada ugratdyk. Mart, 1979. Moskwa ş. Biziň aňrymyz—türkmeniň ataşparaz pedereleri gören düýşlerine esaslanyp, adamyň saglygyny, oňa nähili keseliň abanýandygygny anyklamagy başarypdyrlar. * Nemes ýazyjysy Erwin Ştritmatteriň: “Her bir çaganyň kalbynda şahyr otyr” diýen sözi bar. Dogry pikir. Ýöne “Her bir şahyryň kalbynda şahyr otyrmyka?” diýen sowal hem beresiň gelýär. * Tajik ýazyjysy Timur Zülpikarowyň eserleri dünýäniň köp diline terjime edildi. Onuň prozasynyň özboluşly şahyrana dili bar, şonuň üçinem ol şygyr ýaly okalýar. Ýöne onuň şeýle dil bilen Hoja Nareddin hakynda powest ýazmagy-da düşnüksizräk. Timur öz şahyrana dili bilen Nasreddiniň şorta sözlerini beýan edýär welin, gülki şahyrana diliň içinde eräp güle öwrülýär. Güle seredilip hem gülünmeýär. Şeýle ahwalat Amannazar Aşyrowyň Ata Köpekmeren” romanynda hem gabat gelýär. | |
|