22:56 Kyrk ýylda ýazylan kitap -7: dowamy | |
MAGTYMGULY DUNAÝYŇ KENARYNDA 1978-nji ýylyň 28-nji aprelinde Wengriýanyň iň uly “Ýewropa” neşirýatynyň ýolbaşçylarynyň çagyrmagy bilen Budapeşte geldim. Men ol neşirýatda wenger dilinde çykmaly “Türkmen hekaýalary” diýen uly göwrümli ýygyndynyň toplaýjysydym. Aeroportda garşylan dilmaç aýal el goşumy myhmanhanada goýan badyma, meni göni neşirýatyň baş direktorynyň ýanyna alyp gitdi. Meniň beýle gyssagly halda neşirýata barmalydygymyň sebäbi bolsa, direktor hut şol gün öýlän daşary ýurda sapara ugraýar eken-de, gitmänkä Moskwadan ýörite çagyrylan toplaýjy bilen görüşmek isläpdir. Garai familiýaly baş direktor adaty ýolbaşçylara mahsus bolan hereket bilen, ýagny myhmanyny ozaldan tanaýan adama meňzäp, nätanşyny alçak garşylady, salam-helikden soň hem meniň edil garşyma geçip oturdy. —Men dünýäniň köp ýurduna syýahat etdim. Emma ömrümde ilkinji gezek, şu gün türkmen diýen milletiň wekilini görýärin. Görýänime-de gaty şat. —Menem siz bilen duşuşanyma, tanşanyma gaty şat. Ýöne “Ömrümde birinji gezek wenger görýärin” diýip magtanmaga welin hakym ýok. Samolýotda, şäheriňizde, myhmanhanada men eýýäm ýüzlerçe wengere gabat geldim. Emma men ömrümde ilkinji gezek neşirýat direktory wengeri, onda-da baş direktor wengeri görýärin. Şonuň ňçinem siziňkiden meniňki bähbitli bolaýmasa. Meniň sözlerim direktorda janly gyzyklanma döretdi. Ol derrew: —Näme üçin beýle?—diýip sowal berdi. —Menden size bähbit ýok. Sizden welin, eger özüňiz şeýtmek isleseňiz, maňa bähbit bolaýmagy mümkin. Siz diňe bir wengerem däl, direktor wenger ahyryn. —Siz ozal söwda işgäri bolup gulluk etdiňizmi? —Edemok. Ýöne neşirýat direktorynyň ýanyna söwda işgäri ýaly bolup barmaly-dygyny welin bilýärin. . Kabinetdäkiler gülüşdiler. —Siz örän göwni açyk adam bolsaňyz gerek—diýip, Garai ýylgyrdy. —Men degişmede-de açyklyk bilen degişýän adamlara uly sarpa goýýaryn. —Meniň aýdanlarymy siz gatybir degişmedir öýdübem kabul etmäň. Oturanlar ýene gülüşdiler. —Türkmenlerde “Göwni açygyň ýoly açyk” diýen nakyl bar, hormatly direktor. Siz maňa şeýle baha berýän bolsaňyz, şu gezekki saparym maňa peýda getirer. . Wenger neşirýatynyň baş direktorynyň türkmen milletiniň wekili hökmünde birinji gezek görýän myhmany bilen bolan duşuşygynyň ilkinji minutlary şular ýaly degişmeden başlandy. Myhman bilen öý eýesiniň gürrüňi diňe olaryň däl, meni direktoryň ýanyna alyp baran “Ýewropa” neşirýatynyň “Gündogar bölüminiň” müdiri Žigmond Gerençeriňem göwnünden turdy. Ol biziň gürrüňimizi ýylgyrmak bilen tassyklady. . Soňra edebi gatnaşyklar baradaky gürrüňe geçildi. Men direktoryň “Türkmenistanda wenger edebiýatyny oňat bilýärlermi?” diýen sowalyna galat jogap gaýtarmadym. , wenger edebiýatyny, medeniýetini bilişimiziň gaty ýüzleýdigini boýun aldym. Ýöne gürrüňimiň arasynda ol meselede gatybir “gazykdan ýöretme” hem däldigimizi aňlatmak üçin wenger edebiýatynyň klassygy Şandor Pötefini (wenger elipbiýinde “ö” harpy bar hem bolsa, Pötefini türkmen dilinde, näme üçindir, Petefi görnüşinde ýazýarlar. Rusçadan alnan bolsa gerek.) ýatladym. Onuň Kerim Gurbannepesow bilen Anna Muhadowyň terjime etmeginde bizde saldamly kitaby çykypdy. Men Pötefiniň türkmençe terjimesinden bir goşgyny ýatdan aýtdym. . Goşguda şeýle setirler bardy: “... Iki paltom bolsa, gowy bor has-da, Birin gyşda geýsem, birin tomusda. Ýigit diýseň, ýigit bolardym şonda, Bir gözele jübüt bolardym şohda. Içigar jalbar sülp-sülp edip barmasa, Ardyndan ýamasy görnüp durmasa. Ýigit diýseň, ýigit bolardym şonda, Bir gözele jübüt bolardym şonda”. Men bu goşgyny aýtmazymdan ozal onuň wenger şahyrynyňkydygyny ýatlatmandym. Türkmençe aýdylan goşgynyň manysy terjime edilende onuň öz ildeşiniň setirleridigini derrew aňan baş direktor çaga ýaly bolup tolgundy. —Ol biziň Pötefimiziň goşgusy ahyryn! Goşgynyň, dogrudanam Pötefiniňkidigini, aýdylan setirleriň bolsa onuň türkmen dilinde çap edilen kitabyndan ýat tutulandygyny bilen direktor has-da tolgundy. —Wenger neşirýatçysynyň kabinetinde wenger klassygynyň goşgusy türkmen dilinde ýaňlanýar! Geň hem ajap!—Ýerinden gobsunan direktor meniň elimi gysdy. —Žigmond Gerençeriň maňa habar bermegine görä, siziň özüňizem oňat hekaýalar ýazýarmyşyňyz. Näme üçin wenger dilinde çykýan uly kitaba, iň bolmanda, ýekeje eseriňizi-de goşmansyňyz?. Özüňiz düzüji bolaňyzsoň salyhatsyzlyk hasapladyňyzmy?—Men aýdylany tassyklamsoň, has-da agras görnüşe giren direktor sözüni dowam etdi. —Onda siz maňa aýratyn bir kitap ýazyp beräýiň. Biz hem ony derrew wenger diline terjime edeli. . . —Nähili kitap? —Gatnaşyk bar hasap etsegem, dogrusyny aýtsak, wenger okyjylary Türkmenistan bilen düýpden nätanyş diýen ýaly. —Türkmenleriň kimdigini okyja ýetiräýjek kitap-da!—diýip, Žigmond Gerençer hem söze goşuldy. —Türkmenleriň ýüzüni görkezýän kitap—diýip, direktor Gerençeri goldady. —Şu mahala çenli biz asyl Türkmenistan barada suwytly zat çap hem etmändiris. Men dilmajyma ýüzlendim. —Siz meniň indiki aýtjaklarymy gaty düşnükli edip hormatly direktora ýetiriň! Onuň türkmenler baradaky çap etmek isleýän kitaby iki ýüz ýyl mundan ozal ýazyldy. Siziň ildeşiňiz Wamberi onuň bäş-üç sany eserini wenger diline terjime hem edipdir. Ol kitabyň awtoryna Magtymguly Pyragy diýýärler. Ol türkmeni depesinden dabanyna çenli görkezýän ýeketäk aýna. Eger siz wenger okyjysynyň poeziýa, filosofiýa, gözellik, söýgi, dünýä, ömür, adamçylyk, mertlik babatda görüş örüsini has-da giňeltmek isleýän bolsaňyz, maňa täze kitap ýazdyrjak bolmaň-da, şol kitabyň awtoryndan başga hiç kimiň ýazyp bilmejek taýyn kitaby terjime ediň. . . Bizde Magtymguly wengerleriň Pötefini söýüşlerindenem has belent söýgi bilen söýülýär. Çaky direktor Magtymgulynyň adyny birinji gezek eşidýän bolarly —. ol depderine derrew bir zat belläninde men Pyragynyň ady ýazylandyr diýip çak etdim. —Siz Pötefiden mysal getirişiňiz ýaly Magtymgulydanam ýatdan goşgy aýdyp bilersiňizmi? Men Magtymgulynyň “Pukaraýam” goşgusyny ilki türkmeňçe, yzyndanam (diňe öz dilmajym üçin) Arseniý Tarkowskiniň terjimesinde rus dilinde aýtdym. Goşgynyň her bendi wengerçä terjime edllýärkä direktor depderine bir zatlar ýazyşdyrýardy. . Onuň netijesi hem terjime tamam bolanyndan soň ýüze çykdy. Direktor depderine seretdi-de Magtymgylynyň: “Gözsüzleriň gözi idim. Lallaryň men sözi idim. . . Indi weýran bir saraýam” diýen sözleriniň manysyny gaýtalady, yzyndanam: —Ajap! Ýene bir gezek ajap!—diýdi. ...Neşirýatyň direktory örän keserli adam ekeni Ol edilen gürrüňiň çözgüdini ýeneki ýyllara galdyryp ýörmek islemeýän ýaly derrew maňa ýüzlendi. —Siz Moskwanyň kömegi bilen ol kitabyň rusça sözme-zöz tertjimesiniň hem ene dilindäkisiniň bir nusgasynyň bize ýetmegine kömek edip bilermisiňiz? —Magtymgulynyň kitabyny çap etmek meýliňiz bar bolsa, biz siz bilen hyzmatdaşlyk etmäge gaty döwtalap bolarys. Mysal üçin, siziň neşirýatynyzyň redaktory bilen terjimeçisini çykdaýjysyny öz üstümize alyp. Moskwa, zerur bolsa, Türkmenistana-da çagyryp bileris. . —Şeýtseňiz-ä ol kitabyň çykmagy hem ýeňilleşerdi hemem tizleşerdi. Direktor ýene depderine bir zatlar ýazyşdyrdy, soňam sagadyna seretd-de, Gerençere ýüzlendi. —Žigmond, myhmany Budapeşte aýlanyňyzda, wagty bolsa, Gellert dagyndaky sitadeli hem görkeziň. Ol ýerde uruşda wepat bolan Orta Azyýaly esgerleriň atlary ýazylandyr. . . ...Wengerleriň “Gellert dagy” diýýänleri başy asmanda ýitip gidýän hakyky dag hem däl-de, ullakan baýyr eken. Ol Dunaýyň Buda bilen Peşdi birleşdirýän pyýada köprüsinden geçen ýeriňden başlanýar. Gellert dagynda ýerli milletiň sitadel diýip atlandyrýan Budapeşti faşistlerden boşatmakda wepat bolan sowet esgerleriniň atlary ýazylan ýadygärlik bar. Gymmatbaha daşdan ýonulyp ýasalan ýadygärligiň ýüzünde, dogrudanam, Orta Azyýa milletleriniň wekilleriniň atlary bar eken. Men Wengriýada wepat bolup, şol ýadygärlige atlary düşen türkmen ýigitleriniň familiýalaryny depderime belledim. Ine olar: Sapaýew W. Döwletmyradow K. Ybraýymow I. Amanow G. Saparow G. Bekmyradow I. Gapbarow G. Ahmedow N. Hojaýew M. (Men Gellert dagyndaky ýadygärlikdäki türkmen atlaryny görkezip, 1978-nji ýylda “Edebiýat we sungat” gazýetinde çykyş etdim. Şonda Tejenden, Daşoguzdan ýadygärlige atlary ýazylan garyndaşlaryny tanan adamlardan hat hem aldym.) —Magtymgulynyň ildeşleriniň atlaryny ýazdyňmy?—diýip, Žigmond Gerençer ýöne dymyp durmazlyk üçin sowal berdi. —Magtymgulynyň ildeşleriniň atlaryny-ha siz gymmatbaha daşa ýazypsyňyz welin, onuň goşgulary hem Dunaýyň kenarynda ýaňlanaýsa-ha. . . —Onuň gürrüňi bolmaz. Biziň direktorymyz boş gepleýän adamlardan däldr. . Üstesine-de ol ikiňiziň duşuşygyňyzam gaty oňat geçdi ahyryn. . . —Ýöne, Žigmond, neşirýatyň bölüm müdiri bolanyňyz üçin sizden aýratynam bir haýyş bar. Magtymgulynyň kitaby, käbir ýurtlarda edilişi ýaly “hasabat” däl-de, saldamly bolsun. . . Elbetde, kitabyň agramy onuň galyňlygy-ýukalygy bilen ölçelmeýär, ýöne Magtymgulynyň kitaplarynyň Russiýa, Ukraina, Özbeistandan başga ýerde çykanlarynyň hemmesi çelpekden galyň däl. Gerençer meniň haýyşyma “ýok” diýen manyda başyny ýaýkap jogap gaýtardy. . Men hem-ä haýyş bilen ýüzlenip, üstesine-de “galyň-ýuka” diýip ýat adamyň öňünde şert goýýanym üçin özümi birneme gatyrak gidendirin öýdüp dymdym. Üöne uly hem baý neşirýatyň gepi geçýän bölüm müdiriniň beren jogaby welin kellämden çykmady. Gijara dilmajym bilen agşam naharyny edinip otyrkak, Žigmond Gerençeriň jogabyny ýatlaman durup bilmedim. Direktor bilen bolan gepleşige-de başdan-aýak gatnaşan, duşuşykdanam göwni suw içen dilmaç Gerençeriň maňa beren jogabyny oňlamady. Gaýtam ol “Ýewropa” neşirýatynyň Magtymgylynyň bir däl, telim kitabyny çykarmaga-da mümkinçiliginiň bardygyny nygtady. Dilmaç Gerençeriň beýle jogabyny näme bilen esaslandyrandygyny, nähili sözler bilen düşündirendigini sorady. Men onuň hiç hili söz diýmän, diňe baş ýaýkandygyny aýtdym. Dilmaç gara çyny bilen güldi. Asyl wengerler, biziňkiniň tersine, bir zat goldansa baş ýaýkap, goldamasa-da baş atýar ekenler. Men Moskwa dolanamsoň, Ýazyjylar Birleşiginiň ýolbaşçynyň öňünde Magtymgulynyň kitabyny terjime etmek maksady bilen Wengriýadan iki adam çagyrmak meselesini goýdum. Emma iki adam diýen haýyşym geçmedi. “Daşary ýurda gidýäňiz-de, bäş manada derek on manat sowýaňyz, bir adama derek iki adam çagyryp gelýäňiz Çet ilden myhman kabul etmek bize gaty gymmat düşýär. . Üstesine sen olary Aşgabada-da biziň hasabymyza ugratmakçy. Edarada tükeniksiz pul ýokdugyny özüňem bilýäň ahyryn” diýip, sesinde-de, sözünde-de kinesini duýduran başlygym ýüzüni kesä sowdy. Netijede biz diňe Žigmond Gerençeri on gün möhlet bilen Moskwa çagyrdyk. Ol samolýotdan düşen badyna, haýyşyma baş ýaýkamak bilen beren jogabynyň meni gorkuzandygyny neşirýatyň direktoryna aýdanlarynda onuň hezil edip gülendigini ýatlady. Gerençeri Dünýä edebýaty institutynyň alymy, türkmenlere Baýramhan şahyry açyp beren Gazanfar Ýunus ogly Alyýew, Magtymgula gowy düşünýän terjimeçiler Arseniý Tarkowskiý, Wil Ganiýew, gündogarşynas professor Lýusian Klimowiç dagy bilen duşuranymyzdan soň, Moskwadanam Aşgabada ugratdyk. Ol Magtymguly babatda zerur bolan maglumatlar, edebýätlar, sözme-söz terjimeler, sözlükler bilen üpjün edildi. Umuman budapeştli myhman öz saparyndan, aýratynam syýahatçy ildeşi Wamberiniň gadamynyň düşen ýurdy Türkmenistana nesibesiniň çekmeginden örän razy bolup ýurduna gaýtdy. Ol samolýota münmeziniň öň ýany: “Beýik şahslaryň ruhy-da adamlara ýagşylyk edýär. Magtymguly bolmadyk bolsa men Türkmenistan diýen ajaýyp ýurdy görmän bu dünýäden ötmeli bolardym” diýip ýylgyrdy. Žigmond Gerençerem Magtymguly üçin köp iş etdi, “Ýewropa” neşirýatynyň baş direktory hem beren sözünde tapyldy. Netijede 250 ýyllyk ýubileýiniň öň ýany Magtymgulynyň kitaby wenger okyjylaryna gowuşdy. Elbetde, goşgularyň wenger diline terjimesiniň hil derejesine baha bermäge meniň hakym ýok. Emma terjime etmek üçin çekilen zähmetiň abyrsyzdygynyň şaýady hökmünde onuň hiliniň gowudygyna-da ynanasym gelýär. Ýöne ol ýygyndynyň Magtymgulynyň başga dillerde çykan kitaplarynyň arasynda (rus dilindäkiusinden soň) göwrümi boýunça iň saldamlysydygyny welin aýtmaga hakym bar. Tejen şäheri, Komsomol köçesi, 52. Ýazmuhammet Ataýewe. Hormatly Ýazmuhammet Ataýew! Siziň 24-nji maýda Aşgabada meniň adyma ýazan hatyňyzy Moskwa ýetirip (Men şol ýerde ýaşaýaryn.) gowşurdylar. Wengriýa eden syýahatym dogrusynda “Edebiýat we sungat” gazýetinde çap bolan hem siziňem okan makalamdaky habarlardan başga zat aýdyp biljek däl. Ýöne haýyşyňyzy jogapsyz goýmajak bolup, şu haty ýazýaryn. Gellert dagynyň eteginde wepat bolan Amanow familiýaly türkmen ýigidiniň siziň garyndaşyňyz bolmagy-da ahmaldyr. Eger Amanow 1943-nji ýylyň aýagynda Mihaýlowka şäherine düşen bolsa, onuň Budapeşt söweşine gatnaşan bolmagy gaty ahmal. Ýöne G. Amanowyň doly adynyň Gurbandygynam, Gurbanmuhammetdiginem men size aýdyp biljek däl. Çünki meniň gören ýadygärligimde diňe “Amanow G. ” diýen ýazgy bar. Eger-de, siz öz garyndaşyňyzyň nirede, haçan wepat bolandygyny anyklamak isleseňiz, edil maňa ýazyşyňyz ýaly edip, Amanowyň haýsy bölümlerde gulluk edendigini, nirede gospitalda ýatanyny görkezip (bular hökmanam däl welin, ýatlatsaňyz zeleli degmez), şu aşakdaky adreslere hat iberiň: 142100, Moskowskaýa obl, gorod Podolsk, Sentralnyý Arhiw Minoborony SSSR. Ikinjisi: 196180. Leningrad, Lazaretniý per. 2, Woýeno-medisinskiý muzeý MO SSSR. Şu iki adresiň birden-biri size hökman anyk jogap berer. Men hem öz kakamyň nirede, haçan wepat bolandygyny şol adresleriň üsti bilen anykladym. Gözlegden uç çyksa-çykmasa, siz maňa hat ýazyň. Sebäbi geljek ýylda meniň ýene-de Budapeşte komandirowka gitmegim mümkin. Eger başarsam, Amanowyň kimdigini şol ýerde anyklajak bolaryn. Özüňize hem maşgalaňyza rowaçlyk arzuw edýärin. Atajan Tagan. 14.06.78. Moskwa. Sözlüklerden “ýuha” sözüniň terjimesini tapmanymdan soň, Türkmenistanyň Moskwadaky wekilhanasynyň oba hojalyk işleri boýunça geňeşçisi bolup işleýän, ýaşy altmyşdanam geçen Durdy Döwletowa jaň etdim. —Durdy aga, ýuha sözüniň rusçasyny bilýän bolsaňyz aýtsaňyzlaň! Noýabryň ortalarynda pagta ýygymynyň gidişi bilen gyzyklanýanlaryň sowalyndan başga zada garaşman oturan ýaşuly geňirgendi. Birdenem keýpsiz ses bilen: —Inim, men ol sözüň orsçasyny-ha bilemok welin, ýuhanyň hut özüni görjek bolsaň-a, biziň öýümize baraý—diýdi. Men hem ol degişýändir öýdüp: —Näme, öýňüzde ýuha-da saklaýaňyzmy?-diýdim. —Tüweleme, baý adamlar bar-ow bizde. —Wah, inim, şeýle baýlyk saňa nesip etmesin. Oňa sataşan bir men bolaýyn. Indi kyrk ýyl bäri meň öýümde bir hem däl, iki sany ýuha ýaşaýar. Kowubam bilemok. Gaýtam, olar meni öýden çykarmagyň aladasyny edip ýörler. Günüm bir bolsa, urşum iki. Meň togsana ýetip barýan gaýnenem bilen nejis aýalym ýuhadanam beter. Ýuhanyň özüne-de şol ikisi sapak berýän bolaýmasalar. Düşündiňmi? —Düşündim, agam, düşündim!—diýdim-de, men ýaşuly bilen derrew hoşlaşdym. Çaky, bu gün ir bilen Durdy agamyzyň öýünde nobatdaky “maşgala urşy” turan bolmalydy. * Hakyky artist bolup doglan artistiň öz gepi, sözi akyly. Bolmaýar. Ol ömri boýy başga adamyň—dramaturgyň ýa-da gaýry awtoryň aýdanyny gaýtalamak, ýazanyny at tutrmak bilen ötürýär. Artisti artist bolmaga itekleýän ýeke sebäp bar.Ol hem başga kişiniň kömegi bilen-de bolsa şöhrat gazanmak. Şöhrat gazanmak hem agras adamlara degişli däl. 1981. Durmuşda nähili karam ýagdaýlar bolýar! Goja şahyrymyz Çary Gurbangylyjow bir gezek şeýle wakany gürrüň berdi. —Biz uruşda duşmana ýesir düşemizde, faşistleriň döreden “Türküstan legiony” diýen guramasy türki dilde gazýet çykarýardy. Bizden ozal ýesir düşüp, mejbur edilip ýa-da öz islegi bilen duşmana hyzmat edýän bir türkmen ofiseri legion gazetine Sowet Soýuzyna garşy goşgy ýazmakdan boýun gaçyranym üçin meni şeýlebir ýençdi welin, ysgyndan gaçyp ýere ýazylanymdan soňam, adikli aýagy bilen agzyma-burnuma depip, ýüzümi gyzyl ganyma boýady. Ahyram, uruş gutaryp, Watana dolananymyzdan soň, nemeslere hyzmat eden şol adam “Legiona giren ” diýip, Mary şäherinde bizden sorag etdi, sud mejlisinde “Dönükler!” diýip, üstümize heňkirdi. Şeýdibem, meni Werhoýanskä Staliniň konslagerine iberdi. Men ol ýerde tä 1956-njy ýyla çenli tussagda boldum. Men Çary aga: —Sizi Maryda sud eden adamyň özüniň kim bolandygyny degişli edaralara duýduryp bolmadymy? —diýen sowal berdim. Töhmet oduna köýe-köýe durmuşdan ädi ýanan ýaşuly maňa tarap naýynjar garady-da: —Wah, inim, görjegiň gowy bolsun welin… —diýip sakyndy. —Konslagerde görlen görgüler ýada düşende, adam pahyr bolaýmagy ahmal beterinden ýaýdanýar-da… 1970. Mary. Tebigat ähli adama talant berýär. Talantsyz adam bolmaýar. Ýöne talant iki hili ýagdaýda ýaşaýar. Biri-hä eýesinden erksiz çogup çykýan talant, beýlekisi eýesi tarapyndan ideglenýän talant. Özi çogup çykýan talantyňky düşnükli, ol ahyr bir ýerden urup çykmaly. Ýöne ideglenýän talantyň ýagdaýy welin öz güýjüne däl-de, eýesiniň ukybyna, erjelligine bagly. Ol talantdan dörän eser eýesiniň goşmaça güýji bilen akymyň ýüzünde çümmän saklanýar. Okyjylaryň hem köpüsi aladasy edilmedik hakyky talanty tanaýança, süýregçisi güýçli kör talanta ýüregindäki boşlygy eýeledýär. Ýeýlelikde, wagt bary geçip, iki talantam özüne mynasyp baha alýança, talant eýeleri-de, döwürdeş okyjylar-da düňýäden ötüp gidýärler. * 1983-nji ýylyň maý aýynyň bir güni niwh ýazyjysy, institut ýoldaşym Wladimir Sangi Täşli Gurbanow ikimizi Moskwa derýasynyň kenaryndaky öýüne myhmançylyga çagyrdy. Ol RSFSR-iň hökümet başlygynyň az sanly milletler boýunça geňeşçisi bolup işleýändigi sebäpli, hökümet adamlary üçin gurlan kaşaň jaýda ýaşaýardy… Uly-uly otaglaryň diwarlarynda sugun derilerinden, öwrüm-öwrüm şahlardan ýaňa boş ýer ýokdy. Düşege derek ak, gara aýylaryň mähnet-mähnet derileri ýazylandy. Krowatlaryň, diwanlaryň üsti hem gymmatbaha deriler bilen örtülendi. Bir diwarda-da biziň syryklarymyza meňzeş, sugun sürülýän ujy gamçyly uzyn taýak asylgydy. Taşli ikimizem haýsydyr bir haýwanyň ýumşak derisiniň üstünde oturdyk. Öý eýesi beýleki jaýa çykdy welin, Taşli Gurban ýylgyrdy-da: —Bütin Tundrany göçürip getiräýipdir-ow, zaňňar!—diýdi. —Diňe mamontyň süňki ýetenok. Onsoň ikimizem elimize kelle ýaly gara daş alaýsag-a, tüýs ýerine düşerdi. Sen-ä, sakgalam goýberdäýseň, mamont daşlaýan ilki durmuş adamlaryna meňzejegem… Ullakan götergijiň üstüni iýer-içer ýaly zatdan dolduryp otaga giren keýpi kök Sangi: —Iki sany yzagalak türk-ä ýumşak diwanyň üstünde gyşaryp ýatmaly, menem olara hyzmat etmeli!—diýip, başyny ýaýkady. —Yzagalaklyk meselesinde sen bir gepleme, gadyrdan Wolodýa!—diýip, mydama süýji dilli Täşli Gurbanow ýylgyryp gepledi. —Biz-ä türk hem bolsak, kapitalizmiň üstünden böküp, feodalizmden göni sosializme geçen türk welin, seň özüň ilkidurmuş obşina ýagdaýyndan henizem çykmadyk adam ahyryn… —O nähili beýle bolýar?—diýip, Sangi geňirgendi. —Içeriňe bir göz aýla, gadyrdan! Öýüňde bir ýetmeýän zat – sugun goşulan araba ahyryn! — Niwh türkden ýeňildi!—diýip, götergiji stol üstünde goýan Sangi Täşlini gujaklady. * 1981-nji ýylyň 8-nji awgustynda Hydyr Derýaýew ikimiz Moskwanyň etegindäki Peredelkino döredijilik öýünüň giň bagyna gezelenje çykdyk, belent dubuň saýasyndaky ýumşak otuň üstünde gyşaryp goşgy aýdyşdyk. Birden Hydyr aga ýazyjy Gylyç Kulyýewiň kakasy Gul burnuň gaty eňekçi, dawaçy adam bolandygyny ýatlady, Körmolla şahyryň ol adama bagyşlan göşgusyndan iki bendini aýtdy: Günaşadan çagyrdylar diwany, “Göle meňki!” diýip, saldy dawany. Gul burunyň heý, barmydyr imany? Göle dawasyny aç, Çotan arçyn. Dawagärler girdi ýeke-ýekeden, Wekil geldi kyrk müň öýli tekeden. Gul burun “Meňki!” diýp, tutdy ýakadan, Göle dawasyny aç, Çotan arçyn. — Hydyr aganyň aýtmagyna görä, Gul burun diýilýän adam kimdir biriniň Hangeçen bazaryndan satyn alan gölesine nähak ýerden eýelik edende, dawa Merwiň Diwanynyň maslahatyna çenli baryp ýetipdir. Gul burun, hatda Diwanyň aksakallaryny-da ýeňipdir. Soňra Hydyr aga türkmen taýpalarynyň adyna aýdylýan degişmäni gürrüň berdi. Olardan meniň ýatda saklap galanlarym şular: 1. “Teke bilen goňşy bolma”. Manysy: gyz-gelniňe gyýa göz bilen gararmyş ýa-da goňşusyny satarmyş. 2. “Ýomut bilen ýoldaş bolma”. Manysy: kisäňde teňňäň bar bolsa, göz gyzdyrarmyş. 3. “Ärsara syryň berme”. Manysy: syryňy başga kişä aýdarmyş. 4. “Sarygyň toýuna barma. ” Manysy: eger sen sarygyň toýuna ýeke özüň barsaňam, ol seniň toýuňa tutuş obasyny alyp geläýermiş. 5. “Salyr bilen söwda salma”. Manysy: salyra atyňy satsaň, bir hepde—on gün münenden soň, halaman, yzyna gaýtararmyş. Hydyr aga meniň nusgaýy poeziýadan käbir goşgulary ýatdan bilýänimden ozal habarly bolansoň, Mollanepesden şygyr aýtmagymy sorady. Men birnäçe goşgy aýtdym. Hydyr aga ol goşgularyň biriniň Mollanepesiňki däldigini nygtady. Men ýan bermedim. Bir çüýşe ermeni konýagyndan jedel etdik. (Aşgabada baransoň, dawaly goşgynyň Mollanepesiňkidigini anyklan goja ýarym ýyldan soň şol utduran konýagyny maňa gowşurdy.) Birdenem Hydyr aga: —Hany, “Goşa pudagyma” geçsene, Soltan Hüpbi!—diýdi. (Hydyr aganyň maňa ýaňsylap. “Soltan Hüpbi” diýýänini ozalam ýatlan bolsam gerek. Soltan Hüpbi ýigitleriň piri bolanmyşyn.) Men “Goşa pudagyma” geçdim: Pelek iki nyşan salmyş synama, Birisi düwnümdir, birisi—dagym. Iki dag ýykylmyş bu gün üstüme, Biri başym basmyş, biri—aýagym - diýen setirleri diňlän Hydyr Derýaýewiň bokurdagy doldy. Men ýagdaýa üns bermedik bolup dowam etdim: Hany meniň Mirhaýdarym, Miresen, Ýekelik tygydyr bagrymy kesen. Naçar emekdeşim Orazbibi, sen Eşitseň, ýas tutup, gara geý imdi… Ýene: Agyr derdiňiz alaýyn, Alyp, janymga salaýyn. Sizden ozal men öleýin, Geliň, gabra salyň, balam. Daglar dözmez, daşlar dözmez, Akar, gözde ýaşlar dözmez. Ot alar, agaçlar dözmez, Tap getirmez çölüň, balam. Seýdi diýer: “Tur, Haýdarym! Haldan habar ber, Haýdarym!” Sözleri şeker, Haýrdarym, Ýakdy meni tiliň, balam” — diýen setirler gulagyna ýeten Hydyr Derýaýew elimden çekdi-de: —Saklan, Soltan Hüpbi, saklan!—diýip hamsykdy. —Ýürek gaty ýukalypdyr.. —Hydyr molla, nämä hapa bolduň? —Ýaňky setirler meni geçmişe aldy ötägitdi… —Seýitnazar Seýdiniň döwrünemi? —Ýok. 1937-ä. 1937-nji ýylda, edil Seýdiniň goşa pudagy ýaly meniňem goşa pudagym, heniz bir ýaşyny hem doldurmadyk ekiz ogullarym bir günde ýogaldy. Özi-de hut maňa sud edilen günde. Nähak töhmetiň pidasy bolup gidenlere “troýka” diýilýän üç sany adam sud edýärdi. Menem göni bäş minutyň içinde “halk duşmany” boldum galyberdim. Sud başlanmanka “Ekizleriň ikisi-de ýogaldy” diýen habar gelipdi: — “Iň soňky haýyşyňy aýt!” diýip, başlyklyk ediji maňa ýüzlendi. “Edil bir sagat mundan ozal ekiz oguljyklam ýogaldy. Şo neresseleri öwlüýä eltip, jaýlap gaýtmaga rugsat ediň! — diýdim. —Başga haýyşym ýok”. Öz çagalary gözüniň öňüne gelendir-dä, suduň başlygy rugsat berdi. Men öz garyndaşlarymyň, duz-emek bolan tanyş-bilişlerimiň mert adamlar däldiklerine şonda göz ýetirdim. Hatda olar meniň ölen çagalarymy göterişip öwlüýä gitmäge-de gorkdular. Sebäbi men eýýäm halk duşmanydym. —Dost-ýarlardanam hiç kim öwlüýä gitmedimi? —Ýekejesi gitdi. —Ol kimdi? —Oňa Akmyrat Orazow dýýärler. Kaka raýonunyň “Ýüzbaşy” obasyndan. ”Meni öwlüýäde ataýsynlar. Getir oglany!” diýdi-de, palasa dolangy ýatan çagalaryň birini Akmyrat alyp ugrady. Özümem ikinji oglany göterdim… Hydyr aga elýaglygyny çykardy. Men gürrüňi başga ýere sowmak bilen boldum. (Akmyrat Orazow diýilýän orta boýly salyhatly adamy men telim gezek görüpdim. Ol Türkmenistanyň metbugat komitetiniň başlygy (ministr) bolup hem işläpdi.) * 1976-njy ýylyň 5-nji martynda günortanlar Aşgabadyň Gogol köçesiniň Magtymguly bilen çatrygynda Hydyr Derýaýewe gabat geldim. —Soltan Hüpbi, gowy sataşaýdyň!—diýip, ol ýylgyryp salamymy aldy. —Öňümden bir sulhum alýanym çykaýmazmyka diýip gelýärdim. Ýör, öýe baraly! —Näme sebäp bilen? —Sebäbini soň aýdaryn. Kürt adamsyna hezzetem ýaraşmaz ekeni!—Ýaşuly gülüp goýberdi. —Komandirowkadaky adam biri “Öýe baraly!” diýse, sebäbini soramaz-da, yzyna düşüberer. Bardyk. Ýazyjynyň ikinji gatdaky darajyk iş kabinetinde saçak ýazyldy. Nahar iýdik, konýak içdik, hoş bolduk. —Hydyr molla, bu dabara nämäniň hormatyna guralan?—diýip men gyzyklandym. —Bir uly sebäp bolmasa, Hydyr Derýadan konýak içjek gümanyň-a ýokdur, ýogsam. Ýeňňemiziň doglan güni dagy däldir? —Ýok, Soltan Hüpbi, sen has şatlykly güne gabat geldiň. Bu gün Sosa Staliniň ölen güni. Duşmanyňam ölümüne begenmeli-hä dälmişin welin, men şu güni, nirede bolsamam, baýram edýän. * Dana adam akmak bilen jedelleşende akmaklyk derejesine çenli aşak düşmeli bolar. Ýöne ol hem akmagyň danalyk derejesine çenli göteriljek bolşundan ýeňil düşmez. * Akyllynyň akyllydygyna akyl ýetirip bilmezlik aýyp däl. Onuň başartmazlygy hem mümkin. Ýöne akmagyň akmaklygyna akyl ýetirmän, gaty kän zat utdurýarys. * Türkmen ýazyjy-şahyrlary 50 ýaşanda, gazetlerde suraty çykmadygy, iň bolmanda şol gün hekaýasy ýa-da goşgulary çap edilmedigi ýok. Men 50 ýaşadym welin, ses-ýün çykmady. Meni diňe üç sany adam: rus ýazyjysy Lazar Karelin, Türkmenistanyň medeniýet ministri Aşyr Mämiliýew hem Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Ýewgeniý Sidorow telegramma ýollamak bilen gutlady. Olar hem diňe ýakyn dostluk gatnaşykly bolanymyz üçin ýatlan bolsalar gerek. 1991. Bir gezek men “Edebiýat we sungat” gazýetiniň baş redaktory Kakaly Berdiýewe jaň etdim. —Ýaşuly, mysal üçin, Kaýum Taňrygulyýewiň ýa-da Nury Baýramowyň nanaý ýa çukça dilinde ýeke küplet goşgusy çyksa-da, siziň gazýetiňiz ony edil şol gün türkmen okyjylaryna buşlaýar. Meniň welin, daşary ýurtlarda hekaýam-a däl, romanym çyksa-da, türkmen okyjylary eşitmän galaýýalar. Kaýum ýa-da Nury nähili ýol bilen ile habar ýetirýärkäler? Baş redaktor “loh-loh” gülüp goýberdi. —Edil seniň şu mahalky hereket edişiň ýaly ýol bilen. Gazýetiň indiki sanynda bolsa meniň “Saragt galasy” romanymyň bolgar dilinde çap bolandygynyň habary ýerleşdirildi. 1985. * Moskwadan Aşgabada uçup barýardyk. Türkmenistanyň Minisrtler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Ata Çaryýew bilen ýanaşyk oturmaly boldum. Elbetde, mende respublikanyň ýolbaşçylarynyň biri bolan adama ýaranjaňlyk etmek duýgusy oýanandyr-da, ýap-ýaňy çykan “Ýalňyzlyk” diýen kitabymy awtorlyk ýazgysy bien oňa sowgat etdim. Ata Çaryýew minnetdarlyk bildirdi-de, üç-dört sahypa okap, eli kitaply uklap galdy. Men ýazan kitabymyň ýadaw adamlara uky derman ýaly bolup kömek edýändigi bilen öz-özümi köşeşdirdim. 1989. Türkmen medeniýetiniň RSFSR-de günleri geçýärkä, Dagystanyň jülgeleriniň birinde türkmen ýazyjylarynyň hormatyna agşam nahary berilýär. Oturluşyk uzaga çekýär. Ertesi irden götergijiň üstünde bir çüýşe konýak bilen dört-bäş sany bulgur goýan Resul Gamzatow öz eli bilen myhmanlaryny hezzetlemek isleýär. —Kellesi agyrýanyň kellesini düzetjek! Ynha bulgur, ynha-da konýak! Kime guýmaly? Birki owurt içersiňiz welin, kelläňiziň agyrysy aýrylar ötägider. . Türkmen ýazyjylarynyň bir bulgur göteräýmek meýillileri hem edepli kişi bolup, Resulyň hödürini kabul etmeýär. ”Kellämiz agyranok” diýip jogap berýärler. Resul Gamzatow bulgura guýan konýagyny başyna çekýär-de: —Ýeke meň başym şatlap duran bolsa, şunça adamyň içinde bir mende kelle bar eken-ow!—diýýär. * “Şekspir akylly adam däl. Ol dramaturgam däl-de, oýnatgy ündewçileriň diline düşensoň, adygyp giden boş awtor” diýýän Lew Tolstoý boş geplänok, örän esasly tutalgalara daýanýar. Onuň nygtamagyna görä, Şekspiriň “Otellosy” köneden gelýän italýan nowellasyndan, “Gamleti” öňden bar materialdan, “Korol Lir”” ozal çap bolan “Kign Leýr” dramasyndan göçürilen bolmaly. Otello, lir. Gamlet, Dezdemono ýaly gahrymanlary ýatlap, ol obrazlaryň haýsydyr bir eserden alnandygyny nygtaýar. Tolstoý howaýy sözler bilen däl-de, öz genilik talanty bilen tankytlanda Şekspiriň tarapyny çalar ýaly ýapyşalga goýmaýar, dramaturgyň gahrymanlarynyň hemmesiniňem diliniň birmeňzeşdigini, waka bilen baglanyşmaly wagta-da parh goýman, diňe boş sözlere, manysyz samramalara üns berendigini eserlerden mysallar getirmek bilen tekrarlaýar. Şeýle beýik şahs tarapyndan, onda-da kanuna laýyk tankyt edilenden soňam Şekspiriň pýesalarynyň, iň bolmanda, Tolstoýyň öz Watanynda-da sahnadan düşmän ýörişine haýran galaýmaly. Ýa-da ol beýik Tolstoýyňam urgularyna çydap bilýän eserleriň awtory bolan Şekspiriň beýikliginiň subutnamasymyka? 1983. Ýer durman aýlanýar. (Menem aýlanýan,) Görünmeýär onuň aýlanyş ýoly. Aýlanjak zatlary aýlamak gerek, Ýeriň aýlanmagna medet bor ýaly. 1964. Demokratik däl hasap edilýän ädimleri batyrgaýlyk bilen ätmeýän ýurtda demokratik jemgyýet döretmek kyn düşer. Çünki demokratiýanyň ornaşmagyna ýol bermeýän närseleri diňe demokratik däl hereket bilen ýok edip bolar. * Duz iň keramatly zat hasap edilýär. Emma artyk düşse, ol hem tagamy zaýalaýar. * H.Diwangulyýew “Çuwal bagşy” diýen kitabynda şeýle ýazýar: “Atajan Taganyň bir eseri hakda gürrüň gidende, Beki Seýtäkow şeýle diýdi: “Tasin adam, bütin ömrüni Moskwada ýaşaýar, dili welin, obada ýaşaýanlardanam gowy bilýär. Ynha, görersiňiz welin, dik gezip ýörse, ol uly ýazyjy bolup ýetişer. ” Gynansamam, Beki Seýtäkowyň çaky çykmady. Men hatda Türkmenistanyň çäginde-de uly ýazyjy bolup bimedim. Ömür bolsa geçip barýar. 2004. • HALYPANYŇ RUHUNY HORMATLAP… (Berdi Kerbabaýewiň 100 ýyllygyna) “Türkmen edebiýatyny, Sowet edebiýatyny, millionlap okyjyly düňýä edebiýatyny Berdi Kerbabaýewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl”. Nikolaý Tihonow. “Ykbal maňa Berdi Kerbabaýew bilen tanyşmak serpaýyny ýapdy. Şonuň üçinem men öz ykbalymdan gaty razy. Çünki B.Kerbabaýew diýilýän adam ynsan ömrüniň meseleleri düňýäsindäki çölüstanda dörän, hemişe gök öwsüp oturan adadyr. Onuň beýik medeniýetimize sepen tohumyna uzak mahallap hasyl öndürmek paýy berlipdir. Berdi Myradowiç Kerbabaýew hemişelik juwan ýürekli legendadyr”. Mihail Dudin. “Berdi Kerbabaýew türkmen edebiýatynyň Elbrusydyr”. Kaýsyn Kulyýew. “Berdi Kerbabaýew bize uzak ýyllar nusga alarlyk sapak goýup gitdi. Onuň edebiýatdaky ömri bizde minnetdarlyk bilen baş egmek duýgusyny oýarýan uly edermenlikdir. ” Georgiý Markow. “Ölme ýok, ölme ýok, saňa, Berdi aga!” Italmaz Nuryýew. Türkmen halkynyň tanymal ogly Berdi Kerbabaýew barada ýazylan goşgulary, makalalary, oçerkleri bir kitaba ýygnasaň, uly tom bolardy. Şol sanda men hem oňa bagyşlap bir goşgujyk ýazypdym. Garry” diýsem, kemsinermi, nädermi, Aýdybam durmaýyn gojaň adyny. Garagumy götermäge meýil edip, Urdy ol topraga “Aýgytly ädimi”. Köp-köp ogul-gyzyň atasydyr ol, Artyk kanal çekýär, Aşyr ýer ekýär. Atalarnyň ak gar deýin başyna Aýna, Mawy, Gandym hormatly bakýar. Bizi tanamaýan ýurda gidende, Ýanyna göterýär Tejen kakyny. Alaşanam münýär Artykdan diläp, Ýaryşjaklar bilsin diýip çakyny. Ol mydam zähmetde, ol mydam işli, Ýagşylara ýagşylyk bar göwnünde. Şoň üçinem ýetmiş ýaşly ýaş ýigit, Garagumy göterip ýör egninde. (1964 .) Berdi Kerbabýewiň ýetmiş ýaşynyň dolmagy mynasybetli, diňe “Gizlin depder” (Meniň özüm dirikäm çap etmezlik niýet bilen bellik edýän “Gizlin depderim” bar.) üçin ýazan ol setirlerimi, bir “kelle göçdülikde” onuň özüne okap berdim welin, gojanyň gözleri çalaryp gitdi. Şoňa görä-de men ýakymsyz jogaba garaşdym. Ol şeýle hem boldy. —Adam adamy sylasa, asla ýüzüne öwýän däldir. Sen maňa aşna bolsaň, eýsem-de bolsa, meň ýetmezimi zäwegliräk söz bilen ur. Çünki çig süýt emip ulalan adam özüniň kemi bardyr öýtmeýär… Men ol sözleri edil aýdylyşy ýaly ýadymda saklap, agşamlyk gündeligime belledim. Şoldur-da—şoldur, özüm bilen käte ataly-ogul, käte deň-duş ýaly bolup geçen gojanyň ýanynda ol barada sähel mylaýym sözi-de dilime getirmedim. Berdi Kerbabýew Tejen uýezdiniň Gowkuzereň obasynda 1894-nji ýylda dünýä inipdir. Men bolsam, Stalin (häzir Murgap) raýonynyň Gojuk (“Gyzyl meýdan”) obasynda 1941-nji ýylda doglupdyryn. Diýmek, ol ikimiziň aramyzda ýarym asyra golaý ýaş tapawudy bar. Emma oňa garamazdan, meniň Moskwanyň Edebiýat institutynda okamagym, institutdan soň hem hut Berdi Kerbabaýýewiň öz aladasy bilen SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň Prawleniýesinde Türkmenistanyň edebiýat boýunça wekili edilip işe galdyrylmagym onuň bilen ýygy-ýygydan duşuşmagyma getirdi. Uzak ýyllar dowamyndaky gatnaşyk hem häzir mende saklanýan B. Kerbabaýewe degişli, heniz hiç ýerde çap bolmadyk hatlaryň, suratlaryň, ýazgylaryň tutuş bir bukjasynyň ýygnalmagyna sebäp boldy. Berdi Kerbabaýewiň eneden dogulmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli, şol ýazgylardan birnäçe parçany döwürdeşlerime ýetirmegi makul bildim. IRKI ÝATLAMALAR Men Berdi Kerbabaýewi ilkinji gezek 1949 ýa-da 1950-nji ýylda görüpdim. Stalin raýonynda ýerleşýän biziň 14-nji orta mekdebimizde Türkmenistan Ýokary Sowetine deputatlyga kandidatlar bilen duşuşyk geçirildi. Berdi Kerbabaýewiň biziň deputatymyz bolanyny-bolmanyny häzir aýdyp biljek däl. Ýöne duşuşyga gelenleriň arasynda ol hem bardy. Ýazyjy şol mahalam çal saç adamdy. Mekdebiň uzyn zalynda aýallar bilen erkekler iki topara bölünip, düşeksiz-zatsyz gaty poluň üstünde otyrdylar. Biz—çagalar hem ulularyň arasyndadyk. Şu günki ýaly ýadymda: Annajemal gelneje gapdalyndaky aýala ýüzlendi-de: “Jan dogan, anha, hakyt Kerbabaň özi otyr-da!” diýip geňirgendi. Biz sebitlerde oňa “Berdi Kerbabaýew” ýa-da “Kerbabaýew” diýmän, ýöne “Kerbaba” diýýärdiler. Ýetmişe ser uran garry enemiň meniň iňirdime çydap bilmän: “Hudaýym, şol Kerbabasam gursun, Körbabasam!” diýeni şu mahalam ýadymda. Enemiň ol närazylygynyň sebäbini az-kem soňrak aýdaryn. Heniz mekdebe-de barmankam, bäşinji klasda okaýan gyz doganym maňa harplary tanamagy öwretdi. Netijede, men derrew okamaga imrikdim. Ýöne meniň okap bilýänim kitap harplarydy, elýazmany okamagy başarmaýardym. Ömrümde ilkinji gezek özbaşdak okan kitabymam daşy suratly “Yhlasa—myratdy”. “Maňlaýy tüňňi adam” diýen sözbaşyly bölümiň mazmuny çagalykdan bäri ýatda saklanypdyr. Ol mahallar latyn elipbiýindäki “Görogly” bilen “Gül —bilbil” hemem 1926-njy ýylda “jezitçe” diýilýän grafikada çykan “Magtymguly” ürç edilip okalýardy. Şol üç kitap biziň öýümizde-de bardy. Men olary ýere gömülmeli edilen kitaplaryň arasyndan ogurlap alyp galypdym. O nähili gömülmeli kitaplar? Biziň kakamyz pahyr kitap okamagy gowy gorer eken. Ondan bize miras galan baýlyk bir sandyk kitap, “Riga” welosipedi hem bir jüp ädikdi. Kakamyzyň “öldi habarynyň” hatyny almasa-da, indi onuň uruşdan gaýdyp gelmejegine göz ýetiren enem oba mollasynyň ýanyna baryp: “Taganyň kitaplaryny nätseň gowy bolar?” diýip sorapdyr. Molla hem: “Eýesi şehit bolan kitaplary adam aýagy basmaz ýaly bir ýerde, has takygy, derýanyň gyrasynda çukur gazyp gömmeli-de, üstüne suw goýbermeli” diýip, maslahat beripdir. Şeýdilse sogap boljakmyş. Işana-molla ýüregi bilen uýýan namazhon enem, ullakan sandygy gapagyna çenli doldurýan kitaplary çagalara daşatdyryp, Murgabyň kenaryna eltdirdi. Suwuň bir ädim bäri ýanyndan aňsyz çukur gazyldy. Biz kitaplaryň hemmesini şol çukura taşlap, üstüne-de yzgarly gum sürdik. Çukuryň üsti birneme pes bolansoň, çukuram, kitaplaram derrew suw astynda gizlendi. Kakamyň kitaplary Murgabyň kenaryna daşalýarka, men enemiň gözüne çöp atyp, üç sanysyny sygyr dölesinde gizledim. Soň bilip otursam olar “Görogly”, ”Gül-bilbil” hem “Magtymguly” bolup çykdy. Magtymgulynyň kitabynyň ikinji sahypasynda bolsa: “Toplap çapa taýynlan Berdi Kerbabaýew” diýen ýalyrak ýazgy bardy. Ýadymda: ol kitapda din bilen baglanyşykly hasaplanyp, Magtymgulynyň soňky neşirlerine goşulman galdyrylýan “Kepderi” poemasy-da bardy. Biziň obamyzda biri öwünse ýa-da gatyrak gitse: “Nä, özüňi Kerbaba hasaplaýaňmy?” diýýärdiler. Kerbaba diýlende, ähli arzuwy hasyl bolýan, adatdakylardan başgarak bir adam göz öňüne gelýärdi. Biziň obamyzyň käbir agzy batlyrak adamlary ol barada ýalan-ýaşryk gepleri-de aýdyp goýberibeberdiler. “Kerbaba ýaly bolaýsaň! Bir gezek ol çölde aw edip ýörkä “Eşek ölen” guýynyň ýanyna ýetende lökgesiniň (“Legkowaýa”—ýeňil maşyn manyda. —A.T.) ýagy gutarypdyr welin, şopury howa tilpun bilen derrew Şaja Batyra til edipdir. Çaý içim salym geçmänkä, aýyrpalan parlap gelipdir-de, Kerbaba bilen şopuryny alyp ötägidipdir”. Ýadymda, şol gürrüň edilende, diňläp oturanlaryň biri: —Lökgesini taşlap gidiberdimikä?—diýdi. Gürrüň beren adam seňrigini ýygryp, ynamly jogap gaýtardy. —Senem, walla… Kerbaba üçin bir lökge maşyn almak Mary bazaryndan ýarym çetber nas alança-da ýok ahyryn! Ana, şolara meňzeş gürrüňleri eşidip, biz—ýaşlar, Kerbabýew diýilse, birhili, mifiki gahrymany göz öňüne getirýärdik. Elbetde, haýbatly gürrüňleriň hakykatdan üzňedigine biz soň-soňlar göz ýetirdik. Emma ulaldylan sözler bolmagyna garamazdan, ol gepler Berdi Kerbabaýewiň sada adamlaryň uly söýgüsini gazanan ýazyjydygyna şaýatlyk edýärdi. ndi meniň garry enemiň: “Hudaýym, şol Kerbabasam gursun, Körbabasam!” diýen gepi hakynda: 1949-50-nji ýyllarda bölek-bölek bolup oturýan obajyklaryň bitewi bir posýologa birikmegi bilen oba dükany hem Gojukdan “merkeze” göçürildi. Dükan müdürine Astan Döwlet diýýärdiler. Ol gowy adamdy. Ol döwürler köke, süýji diýilýän zat kolhozçylaryň öýünde seýrek myhman bolýan harytdy. Käte Astan aga dükanyň töwereginde oýnap ýören oglanjyklaryň her haýsyna daşy owadan kagyzly içi toşaply süýjüden ýekejesini berýärdi welin, süýjüni iýip, şireli kagyzyny bolsa maňlaýymyza ýelmeýärdik. Şireli kagyzy maňlaýymyza ýelmänimiziň sebäbine häzirem düşünip bilemok. Astan aganyň oglanjyklara süýji paýlamagynyň “emmasy” bardy. Biz dükanyň atgaýtarym töweregini tozan turzup sübselemeli bolýardyk. Bir gezek täk özüm dükanyň ýanyndan geçip barýarkam, Astan aga meni gördi-de: —Eý, Taganyň ogly, bärik gel!—diýip gygyrdy. Sowuldym. Salam berdim. Ol menden gum basyp ýatan kitaplary tertipleşdirmegimi haýyş etdi. Men kitaplaryň gumuny ýeňim bilen süpürip, tertipleşdirenimden soň Astan aga: —Dükanyň töwereginem suwlap süpürseň, iň gowy kitaplaryň birini bereýin. Razymyň?-diýdi. —Iň gowusyny berermiň?. . diýip, men gyzyklandym. —Iň gowusyny! Dükan bilen Murgap derýasynyň arasy ýarym kilometrden-ä ýäkyn däldi. Men elim iki bedreli üç gezek gatnap, dukanyň töweregini suwladym, sübseledim. Şondan soň Astan aganyň ýanyna bardym. Eline bir kitap alan Astan aga dükanyň bosagasynda maňa garaşyp duran eken. Men iň gowy kitaba garaşýardym. Gowy kitap hasaplaýanymam ullakan “Aýgytly ädimdi”. Onuň birnäçe baplaryny ozal diňläpdim. Doly okalmadyk ýa-da doly diňlenmedik gyzykly kitap, gaty suwsan adam bir owurt suw içensoň, kürşgesi alnyp gaçylan ýaly bolýar eken. Men hem suwsuzdym. Ýaňy gyrasyndan dadylan “Aýgytly ädimden” doýmak baş arzuwymdy. Astan aga “Iň gyzykly kitaby bereýin” diýende meniň ýeke-täk umydym “Aýgytly ädime” baglanypdy. Köýnegimiň etegi bilen derimi syrdym-da, Astan aganyň uzadan kitabyny aldym. Ýukajyk kitabyň daşyna gyzyl harplar bilen “W.M.Molotow, SSSR-iň daşary syýasaty” diýlip ýazylandy. Umuman, Astan aga olar ýaly kitaby dükanda satylýan käbir gyt harydyň üstüne urna edip berýärdi. Şeýtmese, ol okalmaýan kitaplar dükanda gum basyp ýatýardy. Käte: “Astan, kitaby ak yşgolyň mugallymlaryna bersene. Men nä kitap okaýanmy?” diýýänlerem bolýardy. Men Astan aganyň ýüzüne naýynjar garadym-da: —Iň hezil diýýäniň şü kitapmy?—diýdim. Ýaşuly kitaba tarap barmagyny çommaltdy. —Gör ahyryn, daşyna-da gyzyl harplar bilen ýazylandyr! Men daşyna gyzyl harplar ýazylan kitapdan ünsümi bölüp, mele harplar bilen “Berdi Kerbabaýew. Aýgytly ädim“ diýlip ýazylan kitaba tarap elimi uzatdym. —Astan aga, men ertirem derýadan suw daşap, dükanyň daşyny sübseläýin. Ýöne, hezil dälem bolsa, hol mele daşly kitaby beräýsene! Astan aga ýüzüni kesä sowdy. —Ertirden-agşama suw daşasaňam, ol kitaby berip bilmen. Ol gaty gymmat ahyryn! Näçe manatdygy hakydamda ýok welin, “Aýgytly ädim”, dogrudanam, gymmat kitapdy. Men şol gymmat kitaby ele salyp bilmän, tukat halda öýe tarap ugradym. Azap çekip, tozana gömlüp, gazananymam okalmajak kitapdy. Öýe baramsoň agladym. Garry enem meni köşeşdirjek bolup gurt berdi. Maňa gurt däl, “Aýgytly ädim” gerekdi. Islegimden habardar enem maňa bir manat pul hem hödürledi. Ol pul “Aýgytly ädimiň” ondan bir bahasyna-da ýetmeýärdi. Şonuň üçinem aglamagymy dowam etdim. Ahyrsoňy agtygyny yzyna tirkän enemiň özi dükana gitmeli boldy. Ol dükan müdiriniň salamyny alansoň: —Astan, meň köşegimiň diýýän kitabynyň bahasy näçe manat?—diýdi. —Ol gaty gymmat, Gurbanjemal eje. Oňa “Kerbaba” diýýäler. Enem barja puluny hasaplady, ýetmedi. —Arzanragyny alaýsana, köşegim. Kerbaba pul ýetenok ahyryn. Men ýan bermedim. Arzan-gymmat, maňa diňe“Aýgytly ädim” gerekdi. —Astan, şü pullary al-da, şo kitaby ber. Ýetmezine Taganyň kitaplaryndan iki sanysyny getirip gidäýerin. —Bi bazar däl, Gurbanjemal eje. Dükan. Men Kerbaba derek köne kitap alyp bilmen ahyryn… Enem pahyr puljagazlaryny ýygnady-da: —Hudaýym, şol Kerbabasam gursun, Körbabasam!—diýdi. Herniçigem bolsa, şol gün enem biçäre garyndaşlaryň birinden karz pul diläp, gymmatbaha “Aýgytly ädimi” alyp berdi. Şeýdibem, men hususy “Aýgytly ädimli” boldum. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |