01:09 Kyrk ýylda ýazylan kitap -9: Nowaýynyň ýubileýinde | |
NOWAÝYNYŇ ÝUBILEÝINDE
Ýatlamalar
1968-nji ýylyň güýzünde Özbegistan beýik Alyşir Nowaýynyň 525 ýyllyk ýubileýini belleýärdi. Özbegistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň Birinji sekretary Şaraf Reşidowyň hut özüniň irginsiz tagallasy bilen dünýä möçberinde geçirilýän ol ýubileýiň dabarasy dag aşdy. Bir mysala ýüzleneýin. Dabara mynasybetli goýberilen harajatyň hasabyna tutulan samolýot Moskwadan Daşkende reýsden daşgyn ugradylýardy. Äpet “IL-62”-niň içindäki adamlaryň hemmesi Nowaýynyň üubileýine barýanlardy. Olara milli özbek lybasyny geýnen gyzlar hyzmat edýärdiler. Salonlarda diňe özbek aýdym-sazlary ýaňlanýardy. Hödürlenýän milli tagamlaryň hetdi-hasaby ýokdy. Içgileriň köp görnüşi bardy. Nowaýynyň toýy asmanda toýlanýan ýalydy. Adamlaryň haýsy dilde gepleýändikleinden baş çykmaýardy. Çünki samolýotda dünýäniň kyrka golaý ýurdundan wekil bardy. Nikolaý Tihonow, Berdi Kerbabaýew, Konstantin Simonow, Resul Gamzatow, Kaýsyn Kylyýew, Dawyt Kugultinow, Mustaý Karim, Gazagystan Ýazyjylar soýuzynyň başlygy B.Kerbabaýewi, “Aksakal agamyz” diýip aýratyn hormatlaýan alym Ady Şarypow dagy hem olaryň arasyndady. Men bu wakany Alyşir Nowaýynyň ýubileý dabarasynyň neneňsi belent derejede geçendigini mahabatlandyrmak üçin ýatlamaýaryn-da, ony başga bir özümize golaý problema bilen baglaşdyrjak bolýaryn. Şonuň üçinem Daşkent aeroportunda gurlan görlüp —eşidilmedik, özbek garyndaşlarymyz aýtmyşlaýyn, “tantanaly” garşylanyşygy-da, myhmanhana otaglaryndaky bol-telkiligi-de beýan edip durjak däl. Nowaýy dabarasyna gelen wekilleriň iki sanysyndan özgesini şäher myhmanhanalarynda ýerleşdirdiler. Özbek tanyşlarymyň agzyndan eşitmegime görä, şol iki adam hökümet rezidensiýasyna ugradylypdyr. Ol iki adam köpçülikden bölünip gitmek islemese-de, “domullanyň” raýyny ýykyp bilmändir. ”Domulla” diýilýän-ä Ş.R.Reşidow, “iki adamam” Berdi Kerbabaýew bilen Nikolaý Tihonow eken. “Adaty adamlar” bolan biz “Toşkent” myhmanhanasynda ornaşdyk. Men bile okan, bile işleýän ýoldaşym Kamron Hakim (Ol häzir Amerikada ýaşaýar.) bilen bir otaga düşdüm. Asly daşkentli Kamronyň ene-atasynyň ýanyna salama gidip-geldik. Wagt agşamarady. Myhmanhanada gök çaý içip otyrkak gapy kakyldy. ”Giriberiň!” diýip telim öwra jogap gaýtaranymyzdan soň, orta ýaşan ýygra adam emaý bilen gapyny açdy. —Otoçon Togan deýgan ekalarmiz şu honoda buladimi? —Hawa, hawa. Men şol. Näme hyzmat, garyndaş? —Man uzim Berdi oga Karbabaýew ekalarniň şofýory bulaman. Aksakal sizni kutub oturadi. Buýakka olib keliňler diýdiler. Men derrew geýindim-de, şofýoryň yzy bilen daş çykdym. Myhmanhananyň gapysynda duran hökümet belgili gara “Wolganyň” gapysyna elimi uzatjak bolanymda, “gündogar hormatyny” berjaý etmäge gaýym şofýor menden öňürtdi. —Buýruňlar! Gara maşyn ýaňy zawoddan çykana, heniz aýak atylmadyga meňzeýärdi, täzeligiň buzgunç ysy burnuňa urýardy. Alyşir Nowaýynyň adyny göterýän, alyn tarapyna şahyryň 10-15 metr ululukdaky suraty ýelmenen hem prožektorlaryň ýiti şöhlesi bilen ýagtylandyrylýan mähnet teatryň öňünden geçip giden maşyny gören DAI nobatçylary hormat salamyny berýärdiler. Hormat salamynyň içinde oturana däl-de, gara maşynyň belgisine berilýändigi öz- özünden düşnüklidi. Ol günler “salam berilýän maşynlar” Daşkentde gaty kändi. Köçe üste köçe söküp barýan gara maşyn meni bag-bakja bürenip oturan kaşaň ymaratyň alkymyna eltdi. Jaý ýörite adamlar tarapyndan goralýardy. Men “Hökümet residensiýasy” diýilýän ýere ömrümde ilkinji gezek baryp görýärdim. Bagynyň ajaýyp agaçlaryna çenli ýagtylandyrylýan ol jaý gadymy şalaryň köşgüne meňzeýärdi: daş-töweregi ümsümlikdi, päkizedi. Serhowzuň üstünde kowalaşýan kebelejikler parahat agşamyň şypaly howasyndan lezzet alýardylar. Şofýor meniň kimdigimi, kimiň ýanyna çagyrylandygymy aýdanyndan soň, öňündäki depdere sereden garawul derwezäni giňden açdy. Çaky, onuň depderinde pylanynyň ýanyna pylanyny goýbermeli diýen bellik bolmalydy. Gül-pürçüge beslenip, lowurdap duran mermer daşlara bezelen ötlüm-ötlüm otaglardan geçe-geçe, ahyr Ady aga Şarypowa sataşdym. —Ady aga, siz-ä jennetiň eddil törüne düşäýen ekeniňiz! —Hawa, şyragym, nastoýaşiý uçmah-koý!—diýip, çaga ýaly päk göwünli sada gazak ýaşulusy ýylgyrdy. —Maňa-ha residensiýa hödürlenenok welin… Aksakal agama hyzmat gerek bolaýsa diýip, Berdi Myradowişiň (gazaklar, köplenç, “ç” sesine derek “ş” sesini ulanýarlar. —A.T.) kabinetiniň öňündäki boş ýatan otagy eýeläýdim. Bular-a meni kowup bilenoklar, saçymyň agyndan utanýalar. Menem özümden bilip gidäýemok. —Ýaşuly öz sözüne özi gülüp goýberdi. Gazagystanyň Ýazylylar soýuzynyň başlygydygyna, uly alymdygyna garamazdan, Ady aganyň sözleri, bir tarapdan, onuň örän sadadygyna şaýatlyk etse, beýleki tarapdan, Berdi Kerbabaýewiň Orta Aziýada sarpasynyň belent tutulýandygyna şaýatlyk edýärdi. Giň hem baý bezelen otagyň töründäki B.Kerbabaýewiň ýanyna ýetýänçäm men kän ädim ätmeli boldum. Ol kaşaň stoluň başynda bir zatlar ýazyşdyryp oturan eken. Galamyny bloknodyň üstüne taşlap ýerinden turan ýaşuly goýberen hatasyny ýuwmarlaýan ýaly: —Wekillerden üzňeleşmek birhili-hä boldy welin… —diýip, çalaja ýylgyrdy. —“Tihonow ikiňiz hökman rezidensiýada bolmaly” diýip, Şaraf Reşidowyň hut özi aýdansoň… —Hawa-da, ol derejede haýyş edilse, “ýok” diýmegem birhili-dä… —Şol-da. Hany otur! Häzir nahar getirderis. —Men-ä naharly, ýaşuly. —O nä beýle? Men-ä seni agşam-şamlygy bile edinmek üçin çagyrypdym. —Bir sagat mundan ozal Kamronlara baryp gaýtdyk. Gowy edip myhmanladylar. Öňünden duýduraýan bolsaň, bärik gaýdardym-da. —Aýby ýok—diýip, goja temezligini gaşady. —Hudaýa şükür, golaýymda Ady bar. Şoň bilen iýäýerin. Ady biçak gowy ýigit… (Onuň “ýigit” diýýäni hem altmyşdan mazaly geçen adamdy!) —Wiý, ýogsam-da bolsa, seň Kamron aşnaňam bu ýerdedir-ow! Samolýotyň üstünde görmämsoň… —Kamron bir hepde bäri bu ýerde. Uly başlyklar ony öňünden iberdiler. Maňa-da Kamrona kömekleşmegi tabşyrdylar. —Hawa-da, mynça myhman gelensoň, ýardamçam gerekdir. Kamronyň ene-atasy garry adamlarmy? — Ýaş bolmasalaram, olar entek gaty daýaw. . Kakasy “Özbekfilmiň” baş redaktory bolup işleýär. —Bolany ýagşy! Kamronam gowy oglan… Özbek garyndaşlar diýseň myhmanparazdyr. —Birdenem ol ýalňyşyny düzedýän ýaly. —Türkmenem myhmanparazdyr welin, —diýip sakyndy. —Ýarymyz çarwa, ýarymyz çomry bolansoň, biz owkada känbir serenjamam berip durmaýas-da. —Özbek nähili? —“Özbek özüne bek!” Ýolda ýoldaş bolsaňam, bilindäki ýaglyga dolangy gury çöregi-de ýerine ýetirip iýer. Ýaglygyny tekizjek ýere ýazar, burçlaryny dogrular. Garaz, telim dürli tagam taýynlan ýaly eder. Türkmen aga welin, kädinem howduň üstünde iýer barar. ”Hem daýylaryna gider, hemem taýyna baş öwreder”. Göç-hä-göçlükden galan endik-dä… Soňra ondan-mundan gep açylyp, ahyram gürrüň Alyşir Howaýynyň üstünden bardy. Berdi aga goşgy-gazaly känbir ýatdan aýdagan bolmasa-da, şu gezeg-ä başgaça gopdy. Ol Nowaýydan gaty köp setiri ýatdan aýtdy. Özem labyzly aýtmaga çalyşdy. Käbir agyr setirlere hut meniň üçin düşündiriş berdi. Iň soňunda-da ol: —Araky terjime eden makalaň ýadyňdamy?-diýdi. Men onuň Nowaýynyň ýubileýi mynasybetli “Literaturnaýa Rossiýa” gazýetiniň haýyşy bilen ýazan makalasyny ýatladym. Berdi aga makalasyny türkmen dilinde ýazyp iberensoň, redaksiýa ony rus diline geçirmegi menden haýyş edipdi. Makala gazýetde çap boldy. Ýöne şol makalada maňa onçakly düşnüksiz bolup galan bir pikir bardy. Ol hem 1940-njy ýylda Keminäniň ýubileýine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen uly alym hem tanymal özbek-täjik ýazyjysy Sadretdin Seýitmyratzade Aýnynyň aýdan sözleridi. Berdi Kerbabaýewiň makalasynda ýazmagyna görä, Sadretdin Aýny Aşgabatda türkmen alymlary bilen duşuşanda: “Alyşir Nowaýy ähli türki dilli halklaryň deň—derejeli öz şahyrydyr. Ony haýsydyr bir türki dilli millete seňki diýip bermek ýalňyşdyr” diýipdir. —Sen bu ýere gelmeziňden edil on minut öň maňa Şaraf Reşidow jaň etdi—diýip B.Kerbabaýew diňe özi bilen gepleşýän ýaly hümürdedi. —”Ertirki dabarada Orta Aziýadan ýeke adam çykyş etmeli welin, ol hem Kerbabaýew bolsun” diýdi. Elbetde… Elbetde, dünýäniň kyrk töwerek ýurdundan delegatlar gelen uly dabarada tutuş Orta Aziýanyň adyndan geplemeli ýeke adamynyň türkmen ýazyjysy bolmagy örän buýsançlydy. Ýöne B. Kerbabaýew ony diňe bir özüne ýa-da türkmen halkyna goýulýan aýratyn hormat hasaplamaýar eken. Hut şol pikiri tassyklaýan söz onuň agzyndan çykmadygam bolsa, hakykatyň şol mana golaýdygyna men göz ýetirdim. Men ony köpi gören syýasatçy Ş. Reşidowyň aýlawly diplomatlygy diýip hasap etdim. Giň jaýy dymyşlyk gurşady. Men dymyp bilmedim. —Beýle bolsa, “Bu toý hemmämiziň toýmuzdyr” diýäýmeli bolar-da, B.Kerbabaýew aýdylany seljerýän ýaly, elindäki äýneginiň aýnasyna pitiklemäge başlady. Esli salymdan soňam ol, bir zat hakydasyna gelen ýaly bolup, maňa tarap ýiti nazar aýlady. Ol nazar hem sowala öwrüldi. —Sen Babyry okapmydyň? Men Babyryň adyny eşidýän-de bolsam, ýekeje setirini hem okamandygymy boýun aldym. —Babyr ol barada “Nowaýy “bek” emes erdi” diýipdir. Sen Tejen Nepes, Nazar Gulla, Gandym Gurban dagy bilen köpräk otur-tur ediş. Olar könäni ýagşy bilýäler. Diňe uniwersitetde bolaýmasa, biziň ýaşlarymyza köneden ders berilmeýär diýen ýaly. Soňra ýaşuly stol üstünde duran ýazuw depderini maňa tarap süýşürdi. —Şunda käbir närseler bolmalydyr… Men depderi öňüme çekdim. Şol mahal hem gapy kakyldy. Bosagada edil ertekilerde suratlandyrylýan peişdelere çalymdaş, başdan-aýak ak geýnen, owadan ak selleli, sakgal-murty gar ýaly örän peşeneli garry adam peýda boldy. Oňa nazary düşen B.Kerbabeýew mylaýym ýylgyryp, ýerinden turdy, ýeňil ädimler bilen gelene tarap ugrady. Iki goja şeýlebir gadyrly salamlaşdy welin, men ol görnüşe aňk bolup seretdim. Olar edil iki sany ak guş öpüşýän ýaly bolup, bir-biregiň ýaňagyndan taýly gezek ogşaşdylar, gujaklaşdylar, hal-ahwal soraşdylar. Men hem baryp, goja özbek bilen salamlaşdym. Özbek ýaşulusy elindäki ullakan düwünçegi stoluň üstünde goýdy. —Öz bagyňdanmy? —diýip, B.Kerbabaýew gyrasyndan ir-iýmiş görnüp duran düwünçege garap ýylgyrdy. —Albatda! Şu gollarym bilen ekgenlerimden—diýip, myhman ellerini görkezdi. —Özbek topragynda hezzetläýin diýip getirdim. Sizni körgenimge juda hursant man. —Menem hursant (hursant—şat) —diýip, B.Kerbabaýew myhmany ýüzüne owadan gaýyş örtülen diwana eltip oturtdy. Özi hem onuň edil gapdalyna geçdi. Menem iki goja päsgel bermezlik niýet bilen öňki ýerime gelip, B.Kerbabaýewiň depderini elime aldym. Ýazgylary okanymdan soň bolsa, olary ertirki dabarada edilmeli çykyşyň tezisleri bolsa gerek diýip çak etdim. Biziň deň-duşlarymyzyň (esasanam meniň özümiň) köneden bisowatdygymyz barada B.Kerbabaýewiň edýän belligi dogrudy. Hakykatyny aýtsam, özüm-ä “Nowaýy! Nowaýy!” diýip, hälimi-şindi eşidýänem bolsam, Berdi Kerbabaýewiň “Myraly we Soltansöýüni” ýatdan diýen ýaly bilsemem, şahyryň ýekeje setirinem bilmeýärdim. Ýa-da Nesimi barada agzymyzda aş gatyklasagam, ol barada bar bilýänim Magtymgulynyň “Nesimini dabanyndan soýdular” diýen setiridi. (Men Nesiminiň bir tomlugyny ýap-ýaňy, 1994-nji ýylda okadym). Şol sebäpli-de Berdi Kerbabaýewiň Daşkentde eden ýazgylary meniň üçin diýseň täsirli boldy. Iki goja gürrüňleşýänçä, ýanbukjamdan çykaran bloknotyma B.Kerbabaýewiň belliklerini başdan-aýak göçürdim. (Eger-de şol ýazgylarda ýalňyşlyk giden bolsa, olary Kerbabaýewiň hatasy hasaplaman, göçürijiniň, ýagny meniň ýalňyşym diýip düşüniň!.) B.Kerbabaýewiň ýazgylary şeýle: “Nowaýy öz gelip çykyşy boýunça haýsy kowma degişli? Babyr öz “Babyrnamasynda” “Alyşir “bek” emes erdi musahabi erdi” diýipdir. Bu ýerde sanara närse köp. Türki düňýäde Ataýy, Lutfy, Nowaýy türki dilli şygra rowaç beren beýik akyldarlar bolar. Nowaýynyň “Çar kitaby”, “Hamsasy”—bu dokuz kitap ylmyň dokuz basgançagy, çeperçiligiň dokuz derejesi, türki älemiň ýanyp duran dokuz ýyldyzy. Olary okap öten, şerh edip bilen adama ulama diýse bolar. Nowaýynyň ýene kitaplary bardyr. Abdylhekim Gulmuhammet onuň “Muhakymat ul-lugataýyn” (”Iki diliň jedeli”) adyndaky täsin bir kitabyny sadalaşdyrylan halda 1925-nji ýylda bizde neşir edipdi, 1948-nji ýylda Nowaýynyň özbaşdak kitabyny çap edipdik. ”Myraly hem Soltansöýün” adyndaky gürrüň hekaýatly halk eseri türki düňýäde diňe türkmenlerde diýip oýlaýan. Nowaýynyň türkmenlere bolan yhlasyny ölçegsiz diýmek bolar. ”Perhat hem Şirin” dessanyndan: Eger bir kowm, ger ýüz, ýogsa müňdür, Mugaýýyn türk ulusy hut meniňdir. Alyp men tagty permanymga asan, Çerik çekmeý Hytaýdan tä Horasan. Köňül bermiş sözümge türk jan ham, Ne ýalguz türk, belkem, turkman ham. Nowaýy türkmen gözeliniň aşygy. Beýt: Nowaýy türklerniň terkin tutsa aýyp kylmaň ham, Aňa bir türkmen mähweşiniň gamy mäkäm dolaşypdyr. Nowaýyyň Merw hakdaky beýtlerinden: Eý, saba, gözden uçur Mazenderanyň werdini, Kim kylyp men sürme Merwi Şah Jahannyň gerdini. Tä bakyp, Merw sary baş uraýyn, Başny gök manzarydan aşyraýyn. Hem-de: Mesgenim hijranda bolsa, erdi Merw Şah Jahan, Bergeý erdi hijriden ölsem tenumge şah jan. Nowaýy öz wagtynda Astrabatda mahaly dostlugyň hem garyndaşlygyň hatyrasyna Töwrizde oturan Akgoýunlylar döwletiniň patyşasy Ýakup beg türkmene ussat Abdyrahman Jamynyň bir eseriniň golýazmasyny peşgeş iberipdir. Nowaýy üçin Merw sapaly hem rahat bir jaý. Ol Merw şährinde birnäçe medrese (husrowiýe), hanaka saldyrypdyr, şypahanalar gurdurypdyr. Merw medresesinde okaýan onlarça talyba öz girdeýjisinden harjy beripdir, alym akyllary goldapdyr. Hyrat, elbetde, şol mahallar Horasanyň paýtagtydy. Hüseýin Baýkaranyň köşgi hem şol ýerde ýerleşipdi. Nowaýy öz “Mejalis ün-nefaýys” adyndaky tezkiresinde 460 takmyn şahyry, alymy, şyhlary ýatlaýar. Şolaryň bir topary bolsa Merwden, Bawertden, Mäneden, Saragtdandy. Ruhy Ýazyry, elbetde, ýazyrdandy. Mir Sahyt Saragtda aradan gidipdir. Baba söwdaýy hem Bawertdendir. Mir Ceýit Hasan hem şol töwerekleriň adamy bolmaly. Türkmeniň gadymy, Orta asyry, 18-20 asyrlary öwrenilýän bir pursatda ýaş alymlaryň ertirki güni barada oýlanmaly. Tejen Nepes, Nazar Gulla, Saýlaw Myrat, Gandym Gurban ýaly ýetginjek alymlary Aşgabatda gabap goýmaly däl. Olary Bagdada, Töwrize, Hyrada hatda Londona alymlaryň ýanyna göndermeli. Olar öwrenmeli. Hyjuwlary barka ýol geçmeli. Nowaýy hem türkmenler uly bir taryh. Türkmende her sowatly öýde Nowaýy bardyr”. Berdi aga ýaşuly özbegi bile nahar edinmäge yrjak bolup kän alada etdi. Emma ol daşarda uly oglunyň maşynda garaşyp oturandygyny, agtygynyň giçki otly bilen Samarkantdan gelýändigini aýdyp, ýazyjynyň hödürini kabul etmedi. B.Kerbabaýew myhmanyny daşky gapa çenli ugradyp geldi-de: —Ýaňky bir täsin adam—diýdi. —Özi-de taýsyz bagban. Men onuň bilen Hanyň (Han—Kerbabaýewiň Baýramaly şäherinde ýaşaýan inisi. —A.T.) öýünde tanşypdym. Soňra ol Aşgabada-da telim gezek bardy. Şeýdip, aşna-ülpet bolduk ötägitdik. Hany, özbek düwünçegini açaly! “Özbek düwünçegini” açmaga ýetişmedik. Ýene gapy kakyldy. Bu gezekki gelen Ady agady. —Aksakal aga, nä bu gün agzymyz orazadamydyr? Aş kaldyk-koý!—diýip ol bizi agşam nahara çagyrdy. Iki ýaşuly maňa gaýtmaga rugsat berdi. Gara maşyn meni Daşkendiň köçeleri bilen alyp barýarka-da türkmen sazynyň “Nowaýy” perdesiniň, diňe türkmenlerde bar bolan “Myraly we Soltansöýniň” döremeginiň sebäpleri barada oýlandym. Ýöne gelen netijäm bolmady… Ertesi agşam sagat altyda Alyşir Nowaýy adyndaky Uly teatrda dabara başlandy. Dabarany başdan-aýak Şaraf Reşidowyň özi alyp bardy. Ol gysgajyk giriş sözünden soň ýubileýe düňýäniň haýsy ýurtlaryndan wekilleriň gelendigini habar berdi. Her ýurduň hem onuň delegasiýasynyň ýolbaşçysynyň ady aýdylýardy welin, ýeňiljek elçarpyşma peýda bolýardy. Gezek türkmenlere ýetende, Ş.Reşidow sesini üýtgetdi. Ol: “Türkmenistanyň delegasiýasy. Ýolbaşçysy Berdi aga Kerbaba-ýew!” diýip, soňky sözi şeýlebir basym bilen aýtdy welin, uly ýolbaşçynyň sesiniň her bir äheňinden “dürs many” çykarýan adamlar öňkülerinden has şowhunly, has dowamly el çarpdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |