10:24 Kyrk ýylda ýazylan kitap -18: Maňzyma batan pikirler | |
MAŇZYMA BATAN PIKIRLER
Ýatlamalar
Döwlet häkimligi ýanyp duran otdur. Oňa gaty golaý barjagam bolma—ýandyrar. Ondan gatybir daşlaşjagam bolma—üşärsiň. (Sokratyň şägirtleriniň biriniň aýdany. Onuň adyny ýazgyma geçirmändirin.) Ýalňyşlyga eltýän müňlerçe ýol bar, hakykata bolsa diňe bir ýol eltýär. Žan Žak Russo. Köşkde ýürek bilen göz birleşip ýalan sözleýär. Gelwasiý. Ýürek erände, gözden dökülýär. Muhammet pygamber. * Ýazyjy halkyň aňynda çap edilen kitabynyň sany bilen däl-de, durmuş hakykatyny dogry hem belent derejede beýan edişi bilen galýar. A.Romanow. Adam hiç mahal betbagtlygyna öz baha kesişi ýaly derejede betbagt ýa-da öz isleýiş derejesine mynasyp bagtly bolmaýar. F. de Laroşfuka. Her bäş ýyldan bir gezek Gýötäniň “Faustyny” gaýtadan oka. Eger her okanyňda, täze bir açyşyň üstünden barmasaň, hemem şol açyşyňy öňki okanyňda duýmandygyňa haýran galmasaň, seniň ösüş ýolunda togtanlygyňdyr. W.Weresaýew. (Men 1993-nji ýylda “Fausty” gaýtadan okap, hiç hili täzelik açmadym. Diýmek. …) * Belki, sen henizem owadan gyzsyň, Goja görünmäge utanýan saňa. Belki sen henizem ýeke-ýalňyzsyň, Goşa görünmäge utanýan saňa. Italmaz Akmyradow. Ýazyjylyk garamaňlaýlyk, betbagtlyk, ýyldyza ýöremeklik. Hut şonuň üçinem ýazyjynyň dowzah odundan halas bolaýmagy mümkindir. W.Rozanow Gamyş suwdan doýmaz, edepsiz hatyn toýdan. (Özbek nakyly). Uçup gitdi durnalar, Aglap galdym yzynda. Olaň ýerine kim geler, Meň ömrümiň güýzünde? Kakajan Açylow. Baý adam päk bolmaýar, päk adam baý bolmaýar. Leo Tse. Baýa göriplik edýän garybam baýdan oňly däldir. Lew Tolstoý. Akyl älemi saňa gul edýär, nebis seni äleme gul edýär. Platon. Aýyň ýüzi bulut bilen saralgay. D. Haldurdy. Dorogoý i dorogaýa, Dorogiýe oba. Dorogaýa dorogogo, Dowela do groba. (Rus halk döredijiliginden.) Enäniň dyzy çaganyň ilkinji mekdebidir. Ymam Homeýni. Ýeke ýolbars tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän sany müňe ýetýän goýun sürüsi ýeke goýun tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän sany müňe ýetýän ýolbars sürüsinden güýçlüdir. Habriý. (Ýokarky dana söz türkmeniň “Baş bolmasa, göwre läş” hem “Müň işçiden bir başçy” diýen nakyly bilen kybapdaş dälmi?). * Ölüm durmuşda görgi baryny görüp, mätäçlikde ýaşaýanlary kynçylykdan, ezýetden gutarýar. Ölüm mätäçleriň zähmetinden peýdalanyp, eşretde ýaşaýanlary bolsa lezzetden gutarýar. Ölüm bolmadyk bolsa, biadyllyk gutarman, belkem, ol has belent derejede dowam ederdi. Diýmek, tebigy ölüm ynsan üçin adalat kanuny bolup hyzmat edýär. Ölümden gaýry hiç hili çäräniň adyl deňligi gazanyp bilmeýändigini bolsa ynsanyň deňlik üçin göreşip geçiren müňlerçe ýyllyk taryhy subut edip gelýär. 1987. Çakym dogry çykdy. Gowşut Şamyýew “A.Tagan Daşhowza gider ýaly üç günlük komandirowkaňam gysgandyňmy?” diýse, Hudaýberdi Diwangulyýew: “Gysganmadym-da, oňa komandirowka bermäge “ýokardan” çekindim” dýiip, jogap gaýtarypdyr. Şu gün ol barada G.Şamyýewiň özi maňa aýtdy. 28.10.96. Barybir H. Diwangulyýewi “Galkynyş” gazýetine redaktor edip bellediler. Ol onuň gaty “kiçeldigi” bolýardy. Şu gün men onuň täze göçüm eden köne kabinetine bardym-da: “Seniň bu ýere geçeniňe begenemok-da, maňa Daşhowza komandirowka bermäniňe begenýän. Ýogsam, ministrlikden boşadylanyň üçin meni günäkärlärdiň” diýdim. Hudaýberdi söz diýmän, çalaja ýylgyrdy. 25.02.97. Täze çatynjalaryň maşgalasyny bozýanlarynyň sany köpelýär. Özi-de men, ýigitleriň tarapyny çalmak islemesem-de, aýrylyşmaklyga köplenç halatda gelinler sebäpkär diýip çak edýärin. Men ol mesele barada kän oýlanyp, iki sany ýapyşalganyň üstünde saklandym. 1. Durmuş gurmak ýaş ýigit bilen gyzyň ömrüniň esasy wakasy. Ol barada gyzlar ýigitlerden has romantik-arzywçyl bolýarlar. Olar durmuşa çyksalar, täze bir baý, rahat, bagtly ýaşaýşyň başlanjakdygyna gaty ynanýarlar. Emma olaryň nesibesinden çykan täze dünýä, köplenç halatda, ozalky ýaşalan dünýäçe-de bolmaýar. Kynçylyk, ýeter-ýetmezçilik, joralarynyň düşen dünýäsiniň öz düşen dünýäsinden gowudygyna (gowy däl hem bolsa) ynanmak gyz kalbynda ýaşaýşyndan närazylyk döredýär. Şol başky kynçylyga öwrenişip bilmeýän, ýene bir täze dünýä düşmegiň hyýalyndaky gyzlar derrew aýrylyşmak bilen bolýarlar. 2. Ikinji delil has esasy bolsa gerek. Gyz öz atasynyň öýündekä hossarlary göwne deger ýal söz aýtsalaram, oňa onçakly üns hem bermeýär, nägile-de bolmaýar. Öýke-kine derrew ýatdan çykýar. Sebäbi ýakymsyz söz aýdan onuň öz adamlary, öz hossarlary. Emma baran ýerinde gaýnatasy, gaýnenesi, öňki eşidenlerinden has ujypsyz bellik etselerem, ol bellik gelne müň esse ulalyp, täsir edýär. Ol geçiläýmeli günäni-de geçmeýär. * Bu gün metjit gurýas ýatlap Allany, Düýn metjidi ýykan elimiz bilen. Bu gün gaýtalaýas “Kulhuallany”, Düýn Gurhana gargan dilimiz bilen. 18.11.96. * Türkmen milli telewideniýesini diňleseň, hälimi-şindi: “Watany söýüň! Watan mukaddesdir. Türkmeniň Watany ýekedir” (Özbegiň ýa-da gazagyň Watany ikimikä?) diýen sada ündew gaýtalanýar. Eýsem, Watan diýilýän zat haýsydyr bir agzy boşuň görkezmesi bilen söýülmelimikä? 19.11.96. Geljegiň arzyly myhmany bolmak üçin, oňa göni eltýän ýol bilen barman, geçmişiň egri ýollary bilen öwrülip barmaly. 24.11.96. Kinorežissýor Eduard Rejebow meniň “Aýylganç baharyň jybarly güni” powestimiň esasynda “Tentek” (“Ohlomon”) diýen çeper film döretdi. Režissýor meniň razylygymy alansoň, powestdäki Sapar güjükçiniň adyny Aman bilen çalşyrmak şertini goýdy. Men geň galyp, oňa : “Saparmy, Amanmy režissýor üçin näma parhy bar?” diýen sowal berdim welin, ol: “Eger biz ony powestdäki ýaly “Sapar güjükçi” edip alaýsak, serdarymyzyňam ady “Sapar” bilen bagly bolansoň, onuň göwnüne gara gidäýmegi ahmal” diýen jogap gaýtardy. Powestiň baryp-ha altmyşynjy ýyllarda, Saparmyrat Nyýazowyň entek ýokary syýasy arenada däl mahaly ýazylandygyny aýtmagymam režissýora täsir etmedi. Men onuň islegini kanagatlandyrmaly boldum. 1991. Gelin- gyzlaryň barmaklary näziklikde, çeýelikde erkeklieriňki bilen deňeşdireniňde gaty tapawutly. Şonuň üçinem nepis keşdelerem, inçe sungatyň nusgasy bolan halylaram gelin-gyzlaryň elinden çykýar. Emma türkmen dutaryny, ýewpopanyň skripkasy ýaly saz gurallaryny çalmakda bolsa erkek adamlaryň ussatlygy juda ýokary. Syn edip oturýaryn welin, gelin-gyzlar dutar çalanda, barmaklary diýen etmeýäne meňzäp, saz birhili gowuşgynsyz çykýar. * Hiç bir millet uçdantutma ýaramaz bolmaýar. Her taraplaýyn dokuzy doly hem millet bolmaýar. Her milletde-de gowy adamam bar, ýaramazam. Men kän-kän milletleriň arasynda bolmak bilen öz synçylyk mümkinçiligimiň çäginde şeýle netijä geldim: nemesler –anyk, ýaponlar—tertipli, ýewreýler, ermeniler ýiti, daglylar—dost-ýara wepaly, özbek bilen täjik gara zähmete berlen, pribaltlar-“içimitap”, tatarlar mekir hem akylly, türkmenler—ýalta hem sadamekir, ruslar giň hem uzakçyl. * Nakyllar hem adamyň ýaşaýyş derejesine kybapdaşlykda döräp, şoňa görä-de özgerýän bolarly. Türkmeniň ata-babadan gelýän “Myhmanyňky üç gün, üç günden soň göçgün” diýen nakylyny meniň Gojuk obamda “Myhmanyňky bir gün, bir günden soň turgun” diýlip degişýäler. 16.12.96. Gyzgynym 38,6. Okamaga-da üýtgeşik zat ýok. Ýerli gazýet-žurnallaryň hemmesi inkubatordan çykan ýaly birmeňzeş. Gazýetleriň indiki sanynda näme çap etjekdiklerini şu gün aýdyp bolýar. Kakabaý Gurbanmyradow geldi. Ol Nesterowyň Korolenko hakyndaky kitabyny hem Moemiň ýatlamalaryny getiripdir. 25.12.96. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti din ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Telewizorda görkezilişine görä. Prezident duşuşyk başlanmanka çaý içen bolmaly. Ol boş käsäni elinde aýlaşdyryp, myhmanlaryna Ýeriň nähili ýagdaýda öz okunyň daşyna gije-gündizde bir gezek, Günüň daşyna ýylda bir gezek aýlanýandygyny, Günüň aýlanman duran ýaly bolsa-da, mydam hereketdedigini, onuň gündogardan dogup, günbatarda ýaşýandygyny, häzir bizde sagadyň dörtdügine garamazdan, Amerikada gijedigini düşündirdi. Men onuň näme üçin beýle sapak berendiginiň manysyna düşünmedim. 25.12.96. Bir setirem ýazylmaýar. Şonuň üçinem tutuş dekabry kitap okap geçirdim. Osman Ödäýewiň prozasynyň birtomlugynda çeperçilik babatda her hili eserler bar. Awtor käbir hekaýasyny kitaba gyssanmaç ýagdaýa düşüp goşaýan ýaly. ”Möjek kanuny” diýen powest ýygyndyda iň täsir galdyrýan eser. Umuman, bir tomluk gowy kitap. Ýöne Osman Ödäýewde hem biziň hemmämize ýokaşan “kesel” bar. Eserleriň birnäçesine redaktorlyk gözi ýetenok. Hekaýalaryň käbiri gerekmejek epizodlardan, sýužete dahylsyzrak dialoglarlardan saplanmandyr. Ol kemçilikleri dili sagdyn awtoryň özi-de syntgylap biljek eken. Elbetde, howlugandyr-da. 28.12.96. Gippius Merežkowskaýanyň D.Merežkowskiý hakyndaky, S.Makowskiniň “Döwürdeşlerimiň portretleri”, Nina Berberowanyň “Kursiw özümiňki” diýen ýatlamalaryny okadym. Bu eserler 20-30 –njy ýyllardaky rus emigrasiýa edebiýatyna bagyşlanypdyr. Ol kitaplar türkmeniň “Towşana—dogduk depe” diýen nakylynyň tüýs durmuşdan alnandygyny tassyklaýar. Daşary ýurtda ýaşaýarka hatda Nobel baýragyna mynasyp bolandygynya garamazdan, Iwan Bunin ýaly beýik şahslar hem tä garrap, Watanyna dolanýança “Russiýa!” diýip aglap geçipdir. 30.12.96. Magtymgulynyň eserlerinň 3-nji tomy çapdan çykdy. Oňa diňe Gylyç Mülliýewiň “tapan” goşgulary girizilipdir. “Pyragynyň” “Maru-Şahu Jahan” poemasynyň “taryhçylaryň nukdaý-nazaryna garaşylýandygy” sebäpli ýygynda goşulmandygyny kitaba sözbaşy ýazan akademik Aşyr Orazow ýörite belläpdir. Ol poemanyň Magtymgylynyň däl-de, hut Gylyç Mülliýewiň galamynyň astyndan çykandygyna ahyr düşünendirler-dä. Kitapda poeziýanyň ýokary derejesine ýeten gowy goşgular bilen birlikde ýöntem, redaktorlyk işine mätäç eserler hem bar. Ol şygyrlaryň ýygynda salynmagy Magtymguly üçinem, oňa “aýy dostlugyny” edýän toplaýjy alym Abdyrahman Mülkamanow üçinem abraý däl. * 1979-njy ýylyň dekabrynda öz gönümel ýolbaşçym, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň SSSR halklarynyň edebiýaty boýunça başlygynyň orunbasary Mihail Wasilýewiç Gorbaçýow bilen Aşgabada komandirowka geldik. Agşamlyk yz-yza telim ýere myhmaçylyga barlansoň, başlyk aragy gaty kän içmeli boldy. Ertesi ir sagat 9-da bolsa biz Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi komitetiniň Birinji sekretary M.G.Gapurowyň huzuryna barmalydyk. Elbetde, bellenen wagty biz huzura bardyk. Ýöne ukudan zordan açylyp, el-ýüzüni-de çalak-çulak ýuwup, sakgalyny hem oňly syrmaga ýetişmän gaýdan Mihail Wasilýewiçiň agşamky agdyk düşen içgilerden soň oňly saplanmandygyny seredeniňden biläýmelidi. Dodaklary diýen etmänsoň, ol oňly gepläbem bilmeýärdi, elleri-de sandyrap durdy. Üstesine köýneginiň ýakasy eplenip, howul-halat daňylan galstugy-da gyşaryp ýatyrdy. Garaz, beýle ýagdaýda uly ýolbaşçynyň huzuryna barylmaýardy. Has beterem, meniň başlygym M.G.Gapurowyň öňünde hiç hili düýpli mesele-de goýman, boş gürrüň etdi, boş gürrüňiň yzyny hem bular ýaly ýerde asla aýdylmasyz anekdotlara ýazdyrdy. Men usulluk bilen onuň aýagyny basdym. Gapurow meniň eden hereketimi aňdy. M.G.Gapurow gapa çenli ugradan myhmany bilen hoşlaşanyndan soň, meniň elimi gysyp durka, türkmençeläp: —Tagan, myhmany hor etmäň, çaý-suwuna oňatja serediň!—diýdi. Men: —Myhmanyň çaý-suwuna artykmajy bilen seredýänimizi siz aňmadyňyzmy, Muhammetnazar Gapurowiç?—diýdim welin, ol egnime kakdy-da: —Aňdym-la!—diýip ýylgyrdy. * Ata Atajanow meniň golýazmalarymy okanda “sorag” diýen söze gabat gelse, mydama “sowal” sözi bilen çalşyrýardy. Bir ýerde bolsa ol: “Atdaş, saňa näçe gezek. sakyrmaly? “Sorag” sud işine degişli, soragy sudda edýärler” diýip, ullakan harplar bilen belläpdir. Ol meniň “Aglasy gelýän ak bulut” powestimiň golýazmasyna örän dereklli bellikler edensoň, soňky sahypasyna: “Mähriban Atdaş, olary görmek bize nesip edermi-etmezmi—Alla işi, ýöne, uzagyndan seniň eserleriň hemmesinden kino ediljegini welin men öňünden aýdyp bilerin” diýen sözlem goşupdyr. * Korelenkonyň kitabyna ýazan sözbaşysynda belli rus ýasyjysy Sergeý Zalygin: “Korelenkonyň eserlerini okanymda, hem-ä düşünjäm artýar, hemem kalbym saplanýär” diýip ýöne ýere bellemeýär eken. W.Korelenko W.I.Leniniň egindeşi, rewolýsiýadan soň ýurduň medeni meselesine garaýan Lunaçarskä ýazan hatlarynda bolşewikleriň eden-etdiliklerini, adamlary nähak talaýyşlaryny, bigünäleri öldürişlerini, halky gynaýyşlaryny anyk mysallar bilen görkezýar. Ol Leniniň proletar döwletini gurýan diýip, oňa derek faşistik döwlet gurýandygyny açyk beýan edýär. Emma şonda-da, bolşewikler ol ýazyja temmi beräýmäge derek, gaýtam, kömek edýärler. Ýazyjy, gün-güzeran aýlamak meselesi juda agyr hem bolsa, täze hökümetiň özüne bellän kömek serişdesinden ýüz öwürýär. Oňa garamazdan, Korelenko dünýäden ötenden soň, bolşewikler onuň adyny Russýanyň ýüzlerçe köçelerine, medeni ojaklaryna, kolhoz-sowhozlaryna dakýar. Ýazyjynyň yzly-yzyna tomluklary çap edilýär… 15.01.97. Tutuş bir ýylyň dowamynda 2-3 sany hekaýa ýazyp, bizem özümizi ýazyjy hökmünde işleýändiris öýdýäris. A.P.Çehow 1880-1885-nji ýyllar aralynda, ýagny 5 ýylda 300 sany hekaýa ýazypdyr. Hasaplap gördüm welin, Çehow her 7 günde bir hekaýa döredipdir. Rus hem ýewropa ýazyjylary örän işeňňir. Biz bolsak, Resul Gamzatow aýtmyşlaýyn, “işlemezlige bahana gözleýäris”. 3.01.97. Uly kemçilik kiçeldilip, kiçi üstünlik ulaldylyp görkezilýän ýurtda hiç mahal ösüş bolmaz. * Adamlara ynamsyz garamaklyk gowulyk däl. Ýöne erbet adamlaryň sanynyň juda kändiginiň döredýän umumy atmosferasy gowy adama-da müňkür göz bilen garamaklyga mejbur edýär. * Adam öz gulçulyk derejesinden çykmaga ymtylmasa, gulçulygyň tebigat tarapyndan döredilmän, özi ýaly adamlar tapyndan döredilendigine düşünjek bolmasa, onuň özüni gul hökmünde-de sylamadygydyr. * Biz ähli zat babatda hakykatdan gaça durmagy gowy görýän ýaly. Köp meselede görnüp duran hakykaty-da görmedik kişi bolup, ýalançylygyň kömegi bilen özümizi aklamaga endik edipdiris. Ol şu günem şeýle, taryhda-da şeýle bolupdyr. “Bigünä türkmeniň üstüne keseki basybalyjylar hälimi-şindi dökülip, biçäre ile gün bermändirler” diýiip, özümizi “ak guş” edip görkezýäris. Diňe öz gara zähmeti bilen gün görmek islese-de, Eýranmy, Orsýetmi, Hywamy, Buharamy türkmene azap baryny beripdir. Hakykatda bolsa beýle baha onçakly dogry hem däl. Türkmenleriň belli bir topary (elbetde, hemmesi däl) çapawulçylyk tapsa, gaýry pişe hem gözlemändir. Şonuň netijesinde goňşy ýurtlar hem bize öz eden hereketimiz ýaly (belki, ondanam has zyýat) hereket bilen jogap gaýtarypdyr. Saragt urşunyňam, Merw jeňiniňem, Gökdepe gandöküşliginiňem üç sebäbi bar bolsa, şonuň iň bolmanda, birini türkmenleriň özleri döredipdir. Türkmenleriň döreden ýeke sebäbi hem ozal bahana arap duran garşydaşa açyk hereket etmek üçin tutaryk bolupdyr. Şol meseläni hakykata laýyk beýan emekde men özümi hem “akja jüýje” hasaplamaýaryn. Sebäbi Mädemin ýörişinden gürrüň berýän “Saragt galasy”, Merw jeňinden gürrüň berýän “Keseki” eserlerimde hakykaty bolşy ýaly edip görkezmegiň aladasyny edenem bolsam, “El egrisi özüne” diýip, türkmenleriň kabir günäsini ýuwmarlasym geldi durdy. Biz kähalatda ruslar Gökdepäni hiç bir tutaryksyz, türkmeniň topragy gerek bolany üçin muştumzorluk bilen basyp alandygyny nygtaýarys. Olara topragyň gerekdigi esasy mesele. Ruslar öz örüsuni giňeltmäge asyrlar boýy jan etdiler. Olaryň basyp alan kişi topragynyň sany sanardan kän. Ruslaryň türkmen topragyny öz tarapyna geçireninden soň esasy maksady suwa, Hindi okeanyna çykmakdy. Emma şol mahal tekelerem syýasy düşünjäniň dünýä syýasatyna obýektiw baha bermek derejeleriniň çäklidigi zerarly ruslaryň gegemonlyk maksadynyň şeýle pajygaly ýagdaýda amala aşmagyna tutaryk döredipdir. Eger 19-njy asyryň ikinji ýarymynda ahal tekelerinde giň dünýägaraýyşly ýolbaşçy bolanlygynda uly gyrgynçylygyň öňüni almak ýa-da möçberini kiçeltmek mümkinçiligi tapylardy. Nähak ganyň beýle möçberde dökülmegine tekeleriň gedemligi, iki tarapyň güýjüne nädogry baha bermekleri, iň esasy-da, alamançylykdan ýüz döndermek islemändikleri sebäp bolupdyr. Elbetde, her hili çökder tutaryk tapanyňda-da, gara güýjüňe daýanyp, başga biriniň öýüni basyp almak, üstesine-de, bala-çaganyň ganyny dökmek ýa-da Gökdepe söweşiniň baş ganhory general Skobelýewiň ölmeziniň öň ýany bir günbatar žurnalistiniň: “Gökdepe söweşinde 8000 sany türkmeni gyranyňa haýpyň gelmeýärmi?” diýen sowalyna: “Şony 80. 000 edip gyrmanyma haýpym gelýär”(Şu maglumaty Gkobelýew hakdaky materiallardan okapdym. Ýone çeşmesini bellemändirin. Moskwanyň Harby-taryhy arhiwinde gabat gelen bolsam gerek.) diýip jogap gaýtarmagy-da hiç bir jähtden ýuwmarlanmaly ýagdaý däldir. Ýa-da Gökdepe galasy partladylandan soň jigilerini arkasyna alyp, gaçyp barýan 8-10 ýaşly gyzjagazlaryň yzyndan ýetip, gylyçdan geçirmek rus goşunlarynyň akyla sygmajak wagşylyga ýüz urandyklaryna şaýatlyk etmeýärmi? Emma 19-njy asyryň 80-nji ýyllarynda türkmen topragyna uzak wagtlap syýahat eden iňlis ýazyjysy, öz döwrüniň ýiti syýasatçylarynyň biri bolan Edmond O Donowan uly göwrümli ýazgysynyň “Tutuş bir günläp Magtymguly hanyň ýanynda” hem “Triumwrat” diýen bölümlerinde Ahal hem Merw türkmenleriniň syýasy ýagdaýa baha kesişleri barada öz pikirini beýan edýär. 1881-nji ýylyň 14-nji maýynda Donowan Merwde Magtymguly hanyň hem beýleki hanlaryň çagyran geňeşinde türkmeniň ýagdaýynyň bulaşykdygynyň esasy sebäbiniň goňşy ýurtlara çapawulçylyk edilmek bilen baglanyşyklydygyny tekelere düşündirmäge synanyşýar, alamançylyk bes edilmese, ýagdaýyň öňküdenem kynlaşjakdygyny deliller bilen nygtaýar. Emma Merw hanlary alamançylyksyz ýaşaýşyň özleri üçin asla mümkin däldigini ýazyja açyk aýdýarlar. Donowan Merw kethudalary bilen bolan gürrüňi şeýle tamamlaýar: “Men olara Ahal tekeleriniň şeýle pajygaly ýagdaýa uçramaklarynyň sebäbini düşündirjek boldum. Beýtmeli däldigi barada telim gezek duýduryş berlendigine garamazdan, Ahal tekeleri serhet gyrasy bilen Hywa barýan ýa-da Hywadan gelýän rus söwda kerwenlerini talaýardylar. Şeýle bolansoň, uzak garaşdyrmanam, ruslaryň jogap urgusy Ahal tekeleriniň başyndan indi. Eger-de goňşy ýurtlara edýän alamançylygyňyzy doly togtatmasaňyz, Ahal tekelerininň başyna inen towky siziňem başyňyzdan injekdigi ikuçsuzdyr. Tekeler Russiýa döwletiniň raýatlygyndaky Buharanyň üstüne alamana gitse, onuň ruslara ýaramajakdygy belli zat ahyryn. Beýle ýagdaýyň jogapsyz galdyrylmajagy hem belli. Siz (merwliler. —A. T.) Angliýa bilen il bolmaga isleg bildirýärsiňiz. Iňlis ýa-da islendik başga bir ýurduň patyşasynyň ogry hem talaňçy il bilen raýdaş bolmajakdygyny özüňiz bilmelisiňiz…” Iňlis ýazyjysynyň döwre, syýasata berýän bahasynyň obýektiwdigine “Türkmen alamany” diýen kitaby okanyňda has-da göz ýetirýärsiň. Şonuň üçin bizem, bizden soň eline galam aljak, geçmişe ser saljak adamlaram taryhy dogry beýan etsek, diňe utardyk. Çünki biziň ýuwmarlanymyz bilen taryh sahypasyna özgertme girizip bolmaz. 26.06.97. Hakyky ýazyjy özüniň köp okandygyny eserlerinde ýörite ýüze çykarjak, özüniň köp bilýändigini ýörite nygtajak bolmaly däl. Ol okyjyny özünden belent saýmaly, ondan çekinmeli, ulumsulykdan daşda durmaly. Çünki hatda özleri ulumsy adamlaram ulumsylary halamaýarlar. Okyjyny sadalyk bilen, akyl satman özüňe çekmeli. Hakyky ýazyjylar diňe sadalyk bilen ýol alypdyrlar. Onsoňam, ýazyjy hernäçe beýik bolsa-da, okyjylar köpçüliginiň jemi beýikliginden pesdir. * Döredijilik adamlarynyň käbiriniň hüý-häsiýeti gaty özboluşly. Olaryň iş wagtynda “dälireýenlerem”, aglaýanlaram, öýkeleýänlerem bolýar. Meniň tanaýan döwürdeşlerimiňem örän geň gylyklylary bar. Şeýle hem döredijilik adamlaryny, agramyna garamazdan, iki topara—sada hem gedemräk bölege bölmek bolar. Mysal üçin, Resul Gamzatow pespäl, sada, açyk. Çingiz Aýtmatow onuň tersine — “ýapyk” Ýakyndan tanamasaň, ony çakdanaşa gedemdir öýdäýmeli. Umuman, meniň köpýyllyk garaýşymdan gelen netiläm şeýle: şahyrlar - alçak, prozaçylar – tutugrak. Olaryň işleýişlerem birmeňzeş däl. Azerbeýjanyň belli prozaçysy Ekrem Aýlisli işe başlamazyndan ozal içerini syryp- süpürip, myhmana garaşýan ýaly tertibe salýar. Şahyr Fikret Goja bolsa içeri dyr –pytrak bolsa gowy işleýär. Berdi Kerbabaýew maşynkanyň başyna geçende galstugyna çenli dakynyp, toýa gidýän ýaly bolup bezenýärdi. Ata Atajanow goşgy ýazan mahaly piwo içmegi halaýardy. Gurbandurdy Gurbansähedowyň bolsa uzyn müşdükli sigareti agzyndan aýrylmazdy. Mämmet Seýidow hem goşgyny çilimiň “güýji” bilen ýazýardy. Ýan Parandowskiý “Alhimiýa slowa” diýen kitabynyň 124-nji sahypasynda şeýle ýazýar: “ Kadadan çykma” häsýeti ýok ýazyjyny tapaýmak aňsat iş däl. Şiller işlän mahaly aýagyny sowuk suwa sokup oturar eken. Balzak daşdan ýasalan poluň üstünde aýagyny ýalaňaçlap durupdyr. Prus güýçli atyr, Ýakobson çüýrük alma ysgapdyr. Gýöte sarymsagy, aýnekili adamlary, iti halamandyr. Hatda ol direktorlyk edýän teatryna it getirileni sebäpli işdenem çykypdyr. Işleýän mahaly konýak owurtlamaga endik eden Ibsen gerekmejek kagyzlaryny, gazet böleklerini ýyrtyşdyrypdyr. Russo ýiti günüň astynda kellesini ýalaňaçlap işläpdir. Bosýue sowuk jaýda galyň eşik baryny geýip, kellesini hem deri bilen büräp işläpdir…” 1997. Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazow 1997-nji ýylyň 14-nji fewralynda döredijilik intelligensiýasy bilen duşuşanda: “Syýasatsyz çeper eser dörediň. Olar hem ruhy baýlyga täsir edýär” diýdi. Akylly kesgitleme. Çeper eser syýasata bakna bolmaly däl. Hakyky eser diňe “Durmuş taglymaty” diýen taglymata gulluk etmeli. * Profilaktika geçmek üçin Mary welaýat näsaghanasyna ýerleşdim Şonda ýaşy ýetmiş töweregi haly juda teň bir adam meniň ünsümi çekdi. Ony keselhana- da iki sany ýigit goltugyna girip getiripdi. Şol mahalam onuň köneje penjeginiň ýakasynda bir medaljygy bardy. Bir palatada bolanymyz üçin men ol ýaşulynyň ähli hereketlerini synlaýardym. Ol palata giren badyna, öz penjeginiň ýakasyndaky medaly keselhana penjeginiň ýakasyna geçirdi. Ýaşuly köneje elýaglygy bilenem mahal-mahal medalynyň ýüzüni süpürýärdi. Hatda ol ýöremäge ragwaty bolmasa-da, üstüne getirilip beriljekdigine garamazdan, günde üç gezek keselhananyň naharhanasyna gidýärdi. Özi-de şonda diwara ýapyşyp zordan ýöreýärdi. Nahardan gelensoňam, döşi medally penjegini ýene oturgyjlyň egninden asyp, girene-çykana görnäýjek ýerde goýýardy. Ýalňyşmaýan bolsam, ýaşulynyň medaly “Watana bolan söýgüsi üçindi”. Ol biçäre öz medalyna hemme kişi gözi gidip seredýändir, şonuň üçinem özüne aýratyn hormat goýulýandyr, goýulmalydyr öýdýärdi, doktorlaryňam “tapawutly” ünsüne garaşýardy. Emma doktorlaram, gelip-gidýänlerem ol ýagdaýa ýaňsyly garaýan ýalydylar. Bizde nähili bagtly adamlar bar! Bizde nähili sadawar adamlar bar! (Birki ýyl geçensoň, keselhanada sataşan şol wakamdan “Hassalyk” ady bilen hekaýa döretdim.) Sent. 1996. Umuman, “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medalyň ady onçakly ýerine düşmedik ýaly bolup duýulýar. Eýsem, şol medaly almadyk adamlarda Watana bolan söýgi ýokmuka? Öz Watanynyň guran türmesinde oturanlaryňam Watanyna söýgüsiniň bardygyna men ynanýaryn. 1996. Kimdir birinden öýkeläniňde iki tarapyňam ýalňyşynyň agramyna göz ýetirjek bolmaly. Belki, sen öýkelemäge-de haksyzsyň. Şeýle ýagdaýda-da öýkeleseň, özüňi gelşiksiz güne saldygyň bolar. * Ösüp oturan ýaşajyk tal çybygyny synladym. Onuň düýbünden çykan sary çyrmaşyk ýüplük saralan ýaly bolup, tä depesine çenli ýetipdir. Çyrmaşyk diýilýän zadyň özbaşyna iýmitlener ýaly berk köki hem ýok bolarly. Ol özüne goşmaça iýmit berýän başga bir ýokumly agaç bolmasa, ýaşamaga-da ullakan mümkinçiligi ýok. Ýelmeşen çybygy gurasa, çyrmaşygam hökman guraýmaly. Durmuşda-da şoňa meňzeş ýagdaý bolýar. Öz elinden düýpli zat gelmeýän, ukypsyz, iş başarmaýan käbir adamlaram ýokary post eýeleýän garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna “çyrmaşyp”, belent derejelere çenli ösüp gidýär. Ýöne olaram tal çybygyna ýelmeşen çyrmaşyk ýaly, daýanýan belentligi “gurasa”iýmit ýetmänsoň, gurap galýar. Meniň özümiňem, şol çyrmaşyk ýaly, başgalardan “iýmitlenen” pursatlarym bolupdy). 9 apr. 1997. Murgap. Hünärmenler kitaplaryň ýörgünli ömrüni 25-30 ýyl töweregi hasaplaýarlar. Şondan soň olar elden-dilden düşüp gidýär diýýärler. Ýöne öz döwründe bir setiri-de okalman, ölüp gidenden soň ile belli bolýan alymlar, ýazyjylaram kän. * Halkyň ýaramaz adamlary ýigrenmeginiň ýagşylara berýän sapagy radio—telewidenýäniň ýaramazlary tankytytlap edýän öwüt-ündewinden müň esse netijeli bolsa gerek. * Murgap etrabyndaky “Ojarly baba” gonamçylygyna zyýarat edip, birki gün geçensoňam, Mary şäherindäki içinde oturara-durara ýer ýok türmäniň gapysyndan garap: “Ýylda bir gezek mazarystana zyýarat etmek, ýylda bir gezek hem türmäniň gapysyndan garap görmek her adam üçin peýdaly zerurýetlik bolsa gerek” diýen netijä geldim. Apr. 1997. Halk üçin gaty kän bähbitli iş eden, türkmen taryhynda bolsa özüne mynasyp orun almadyk Mämmet dilmaç (Mämmet Orazow) Marynyň Mülkbagşy obasynyň çeltekler tiresinde, takmynan, 1875-nji ýylda eneden doglup, 1916-njy ýylda hem dünýäden ötüpdir. Onuň rus dilini öwrenip, tanymal dilmaç bolup ýetişmeginde Arendorenko diýen adamyň hyzmaty örän uly bolupdyr. Mämmet Oraz heniz oglanjykka Maryda ady belli doktor Arendorenkonyň gapysynda hyzmatçy bolup gezýär. Ol rus dilini az-kem öwrenensoň, dokroryň öýüne saglygyny barlatmak üçin gelýän türkmenlere dilmaçlyk edip başlaýar. Arendorenko ony rus mekdebine okuwa ýerleşdirýär. Şondan soň Mämmet Oraz diwan, uýezd naçalniginiň konselýariýasynda dilmaç bolup işleýär. Mämmet dilmajyň 20-nji asyryň başlarynda häzirki Murgap etrabynyň territoriýasynda, derýanyň boýunda gurduran köşk-jaýy bu sebitler üçin arhitektura nusgasydyr. Häzir ol üýtgeşik jaýda inçekesel hassahanasy ýerleşýär. Döwürdeşleriniň ýatlamaklaryna görä, Mämmet dilmaç şol kaşaň jaýyň bir bölegini mekdebe öwrüp, garyp-gasarlaryň çagalaryna bilim beripdir, öz hasabyna birnäçe molla tutupdyr. Hatda ol Ahaldan ady belli Ýowşan molla Öwezgylyç ogluny-da ýörite mugallymçylyga çagyrypdyr. Mämmet dilmajyň mekdebinde dini derslerden başga-da, ene dili, edebiýat, jugrafiýa, hasap, tebigat sapaklary okadylypdyr. Mämmet dilmaja işi düşüp Marydan, Ahaldan, Samarkantdan, Buharadan, hatda Daşkentdenem uly wezipedäki adamlar gelipdirler. Dilmajyň agasy Garry baýyň gyzy Miwe ejäniň ýatlamasyna görä, türkçe, tatarça, rusça suwara okaýan, ýazýan Mämmet Oraz ogluna poçta üsti bilen dürli ýurtlardan her hili kitaplar iberilip durlupdyr. Onuň türkmen topragynda deňi-taýy bolmadyk uly kitaphanasynyň kim tarapyndan, nirä ýitirim edilendigi hakda hiç hili maglumat ýok. 1997. Agşamlyk şahyr goňşym Ahmet Gurbannepesow bilen “peýşinseýil” (gezim) etdik. Ol meni ertir Mollanepes adyndaky teatra Berdinazar Hudaýnazarowyň ýubileýine çagyrdy. Meniň “Näme üýtgeşik zat bolarka?” diýen sowalyma ol: —Çykyş edýän adamlaryň ikiýüzlüligine: dilinde bir zat, ýüreginde başga zat diýişlerine şaýat bolup, keýp çekeris—diýen jogap berdi. 15.04.97. B.Hudaýnazarowyň ýubileý dabarasy, umuman, oňat geçdi. Uzaga-da çekmedi, režissura-da kelç-külçsüz. Aşyr Mämiliýew, Baýram Jütdiýew, Muhammet Aýdogdyýew, Annanur Çaryýarow dagy gowy, agramly çykyş etdiler. Ýöne söz berilmedik halyna sahna çykyp, boş gep otaran žurnalist Akbibi Ýusubowanyň özüni köpüň öňünde peýwagtyna masgara edişiniň manysyna welin düşünmän galdym. Dabara gutaransoň, men ýoldaşlarymyň birine ýaňky aýalyň özüni döwtalap masgara etmeginiň sebäbini soradym welin: “Käbir adamlar masgaraçylygy uly abraý hasap edýäler. Ýusubowa diýilýän aýal arada delegasiýa bilen Hindistana gidende, ýerli uniwermagdan bir ýüzük ogurlabam magsara boldy. . ” diýen jogap aldym. Asyl söz berilmese-de sahna çykmak dagy ol edepsiz žurnalist aýal üçin asyl “witjik” eken. 16.04.97. Bir gezek ýazyjylar üýşüp durka, şahyr Mihail Lukoniniň: —Medisina hasaplamalaryna görä, aýal erkekden uzak ýaşaýar welin, şonuň sebäbi nämedenkä?—diýen sowalyna Resul Gamzatow: —Sebäbi aýalyň iňirdqp ýrenn aýaly ýok—diýen jogap gaýtardy. (Aýallaryň erkeklere kän iňirdeýändiklerine gyşardylýar.) 1977. “Daglar ýeriň myhydyr” diýen ajaýyp setir Magtymguludan gaýry hiç bir ynsanyň kellesine gelmez diýip hasap edýärdim. Emma Gurhany açan ýeriňde şol setir bar eken. * Nemes, ermeni, tatar, ýapon ýaly talantly milletleriň arasynda iň tapawutlanýany ýewreýler bolsa gerek. Edebiýatda-da, sungatda-da, ylymdyr-tehnikada-da dünýäniň ýüküni gerdeninde göterýän, esasan, ýewreýler. Bu aýdylany tassyklamak üçin müňlerçe delil getirip bolar. Özümem Moskwada ýaşaýarkam, ýewreýler bilen bile işleşdim, tirkeşdim, duz-emek boldum. Olardan öwrenere zat kän. Oňa garamazdan, durmuşda welin, ýewreýler barada ýakymsyz legendalar, anekdotlar, myjabatlar gaty kän döreýärr. Ol göripligiň netijesimikä ýa-da… Hawa-da, guzujygyň düňýä inen badyna öldürilmegine onuň owadan derisi sebäp bolýar diýleni-dä… * Muhammet pygamberiň hadyslarynyň birinde şeýle diýilýär: “Aýdym-saz diňlemek günädir. Aýdym-saz ýaňlanýan oturylyşyga gatnaşmak agyr we uly günädir. Aýdym-sazdan lezzet almak hem ony halamak we dürs bilmek kapyrlykdyr” (“Müň hadys”, sah. 134.) Oňa garamazdan, “tüýs musulman” arap ýurtlarynda-da aýdym-saz şeýlebir ösen, şeýlebir söýülýär. Hakyky musulmanlar adym-sazy örän gowy görýärler. Umuman, adamlaryň aýdym- sazsyz ýaşamaklaryny göz öňüne getirmegem kyn. Şu meselä ýa-ha din gaty ýowuz daraşýar ýa-da hadysçylar dini ýoýýarlar. 1997. * Ýaňy dünýä inen aňsyz, düşünjesiz bäbek enesiniň emmesi dodagyna degeninden sokjap başlaýar. Ol ene göwsüniň nämediginiň, ony nähili ýol bilen sormalydygynyň öwredilmegine-de mätäç däl. Haýran galaýmaly! Adam oglunyň öz Watanyny söýmek meselesi hem edil şonuň ýaly zat. Radioda “Watany söýüň!” diýip gygyrmak gülkünç ideologiýanyň gülkünç önümi. Adam öz Watanyny ündew, haýyş bilen däl-de, tebigylygy hem diňe içki duýgusy bilen söýýär. Asylly adam, Watanyny söýýän adam Watany söýmek hakda gürrüňem etmeýär. Watany söýmegi ündemek Watany kemsitmek bilen barabardyr. * Grişa Rasputiniň “gudraty”, onuň patyşany, Russiýany wejera edişi, damarynda tatar gany bolan Feliks Ýusupowyň “dindary” öldürmegi guraýşy hakda şol wakalara ýakyndan gatnaşan adamlaryň taryhy gündeliklerinden parçalar ýerleşdirilen “Swýatoý çort” (“Keramatly şeýtan”) diýen kitaby okadym. Rus ýazyjylary dokumental-çeper eser döretmäge nähili ukyply! Walentin Pikulyň “U posledneý çerty” (“Gorpuň gyrasynda”) diýen romanyny on-on bäş ýyl mundan ozal okapdym. Asyl, Pikul şol romanyny ady tutulan gündelik esasynda döreden eken. 20.04.97. Ahmet Halmyradowyň “Iman syry” diýen proza ýygyndysyny bir demde okap çykdym. Biziň derejämizde gowy ýazyjy. Kömek Kulyýewiň prozasyndan lezzet alşym ýaly, lezzet aldym. Onuň hekaýalary (Has beterem, “Edebiýat we sungat” gazýetinde soňky mahallarda çap bolýan “dilsiz-agyzsyz”, ýöntem hekaýalary okanyňdan soň) kalbyňa ynjalyk berýär. Sözleri, sözlemleri göwnejaý, wakalary inçelik bilen beýan etmegi başarýan Ahmet Halmyradow häzirkilerindenem güýçli eser ýazar diýen umyt oýarýar. Men ol ýazyjyny heniz bir gezegem göremok. Emma tanamasamam, eserlerinden many alşyma görä, Ahmet Halmyradowda gedemlik, özüne ýokary baha bermek ýokdur. Ol hakykatyň tarapyny çalýan, adalatly, gözellige düşünýän, oňa guwanmagy başarýan özpikirli adam. 24.04.97. Irden Atamyrat Atabaýew jaň etdi. Şu gün säher çagy ýazyjy Hojanepes Meläýew tarpa-taýyn ýogalypdyr. Ajal biziň deň-duşlarymyzy hem pürreläp başlady. 25.04.97. “Adamyny ýüzüne öwmek onuň damagyny çalmak bilen barabardyr”. (“Müň hadys” sah. 115). Eger damagy çalynýan adam şondan diňe lezzet alýan bolsa nätmeli? Oňa keýp bermek isläňokmy? * Şu gün halypa ýazyjymyz Çary Aşyrowyň saglygyny soramak üçin näsaghana bardym. Ol näsaga-da meňzänok, keýpi kök, 88 ýaşyndadygyna garamazdan, ýaş ýigit ýaly ýeňil gopýar. Onuň akyl-huşy jaýba-jaý. Ol durmuşdan yza galmaýar: okaýar, ýazýar, syýasat, sungat bilen gyzyklanýar. Çary aga soňky ýyllarda türkmenlerde, esasanam, döredijilik adamlarynyň arasynda ýaranjaňlaryň sanynyň köpelýändiginden zeýrendi. Ol şol pikirini “Has beterem ministr derejesindäki adamlar telewizorda çykyp ýaranjaňlyk etse erbet. Beýle ýagdaý ýaş nesle-de ýaman nusga görkezýär”- diýip jemledi. 29.04.97. Adamzat döräli bäri galplyk bilen päkligiň arasynda başa-baş söweş gidýär. Päkligi iň gowy, dana, parasatly, il-günüň sylaýan adamlary, gepine gulak asylýanlar goldaýar. Galplygy bolsa iň ýaramaz, syýakdan düşen, il-günüň sarpa goýmaýan, ýigrenýän adamlary goldaýar. Şonda-da galplyk päklikden üstün çykyp gelýär. * Günäkäriň etmişine kanun tarapyndan çäre görmek diňe bir etmişe dürs baha bermek bolman, eýsem, ýaramaz işe meýilli başga adamlaryňam ýaramaz meýliniň öňüne böwet basmakdyr. * Mertligem, namartlygam Taňrynyň adama peşgeş berip, dermanyny bermedik “keseli”. Mertlik “keseliniň” görkezýän görgüsi, iýdirýän hupbaty aýdyp-diýerden çökder. Onuň şeýledigini (özümi mert hasaplamasam-da) hut mertligi zerarly kyn ýaşaýan tanyşlarymyň ýagdaýyndan bilýärin. Namartlyk “keseli” hem şeýle ezýet berýärmikä? Ýa-da namartlary halkyň gaýybana ýigrenmegi olara berilýän gaýybana temmimikä? * Adalatyň tarapynda durýan ýazyjy çäksiz uly güýç bolan döwlet apparatyna garşy pozisiýany eýelemeli bolýar. Şeýle ýazyjynyň durmuşynyň “gyzyklydygy” hem hiç kimden asgyn gelmejek gara güýjüň garşysyna gidýänligi bilen baglydyr. * Hakyky ýazyjynyň betbagtlygy özünden öň öten müňlerçe geniniň başaryp bilmän gidendigini bilse-de, dünýäde adalaty dikeldip bolar diýip çyny bilen ynam edýänligindedir. * Gözellik adam beýnisine beýniniň gözelligi kabul edip biljek mümkinçiliginiň çägine görä girýär. * Özüni ýurdunda ýeke-täk geniý hasaplaýan döwlet ýolbaşçysynyň hakyky geniý däldigine diňe soňky gelen ýolbaşçynyň ýurdy öňküden gowy dolandyrýandygyna mert baha bermegi başarsa akyl ýetirmegi mümkin. * Heniz hiç kimiň görmedik, hiç ýerde bolmadyk, ýöne bolaýmagy ahmal wakasyny durmuş hakykaty ýaly ynandyryjylykly beýan etmegi başarmak ýazyjylyk üçin ilkinji şertdir. Ýazmaga material agtaryp, oba-oba aýlanmak hökman däl. Elbetde, praktiki gözlegden peýda gelmese, selel gelmez. Ýöne talantly adam dünýä inende öz älemi, öz fantaziýasy bilen bilelikde inýär. Oňa tebigatyň beren şol dünýäsinden çykmakdan hiç hili utuş bolmaz. “Praktiki” eserleriň “kabinet” eserlerinden asgyn bolýandygyny Sowet döwründe ýazylan “Sement”, “Düýpli remont”, “Nebitdag” ýaly ýüzlerçe romanyň mysalynda-da tassyklamak bolar. Ýazyjynyň öz fantaziýasyndaky ýaly şeýle päk, şeýle ýaramaz, şeýle görmegeý, ýeýle bigörk, şeýle wepaly, şeýle biwepa gahrymany, şeýle wepaly, şeýle biwepa söýgini, şeýle ajaýyp, şeýle gorkunç jülgeleri… durmuşda tapmagam mümkin däldir. Şonuň üçinem özüňde “taýýar duran” materiallary başga ýerden gözläp, wagt ýitirmegiň zerurlygy barmyka? Iň esasy hem okyjyny seniň materialy nähili, nireden toplanyň däl-de, gowy ýazylan eser gyzyklandyrýar. * Men geçen ömrümde agyr märekeli kän-kän zallarda oturup, ýazyjylaryň çykyşlaryny müňlerçe gezek diňländirin. Otuz ýyla basalykly gulluk işim bilen baglanyşykly bolan onlarça edebi agşamlary geçirmegiň jogapakär guramaçysy boldum, şeýle agşamlary geçiren ýoldaşlaryma kömekleşdim. Şeýlelikde, öňe çykyp söz sözleýän adamlaryň sahnada özlerini alyp baryşlaryny elin synlamaga mümkinçilik döredi. Hatda atlary dünýä belli ýazyjylaryňam köpüň öňüne çykanda tolgunmaýanyna gabat gelmedim diýen ýaly. Daşyndan göräýmäge, hiç zatdan çekinmäýjege meňzeýän alçak Resul Gamzatowam öňe çykanda, çapady ýaly gyzarýar, geplände gaty tolgunýar. Ol çykyş etmek üçin sahna tarap ugranda, “Ýa, Allah!” diýip, Taňrydan haraý dileýär. Aşgabatda Magtymgylynyň 250 ýyllyk ýubileýi geçirilende, ýazyjy Çingiz Aýtmatow Köşi bagyndaky hökümet rezidensiýasynda “gizlenip”, agşamky etjek dört-bäş minutlyk çykyşynyň tekstini sagat ýarymlap ýazyp taýýarlyk görendigine özüm şaýat boldum. Şonda-da ol öz ýazan tekstini tolgunman okamady diýen ýaly. Emma Baýram Jütdiýew, Gylyç Kulyew, Dawut Kugultinow, Nargylyç Hojageldiýew zalda Puşkin ýanynyň Tolstoýy bilen, Magtymguly ýanynyň Kerbabaýewi bilen oturan bolsa-da, tolgunman, gyzarman, aljyraman çykyş edip bilýär. Bu nämäniň nyşanyka? Artykmaçlykmy? Özüňe ýokary baha bermekmi? Talantmy? * 20-nji asyra çenli ýaşap geçen ýazyjylar nähili bagtly bolupdyrlar! Ol döwürlerde telewideniýe, kino bolmany üçin sowatly adamlaryň köpüsine kitap okamakdan başga güýmenje-de tapylmandyr. Şeýle hem ol mahallar kitap okamak aýratyn ýokary medeniýetlilik, edeplilik, akyllylyk hasap edilipdir. Häzirki zamanda welin, näsaghananyň telewizorsyz otagynda ýeke özi içi gysyp ýatan näsag ýa-da awtoryň dost-ýary bolaýmasa, kitaphonam azalypdyr. Telewideniýe diýilýän medeniýetiň duşmany bolup dörän nägehan kitabyň däl, kinoteatlaryňam aýagyna badak saldy. Köpler gyzykly hem peýdaly kitap okanyndan özi üçin bir pisselik bähbidi ýok, boş warsakyly telewizion gepleşige seredip wagt ýitirenini gowy görýär(Özümem institutda okaýarkam, ekzameniň programmasyna girýän rus romanlarynyň birnäçesini okamaga derek diňe olar boýunça edilen kinolary görmek bilen çäklenipdim. Şeýlelikde bir roman okamaga gidirjek 10-12 gün wagtymy sagatýarym bilen çalşyrypdym.) * Ýaranjaň adam diňe özüni syýakdan düşürýär. Ýaranjaň şahyr welin, özi bilen birlikde ýaranjaň däl kärdeşleri tarapyndan döredilen mukaddes poeziýany-da biabraý edýär. * Pes derejedäki eser diňe pesligi sebäpli zyýanly däl-de, çap bolan söze gaty ynanýan sada okyjyda bar bolan pes derejäniň pes däldigine ynam döredýändigi üçin zyýanly. * “Pulum bolsa, mollany metjitde öýnardym” diýen ýaly nakyly döreden hem ony ýitirmän gelýän iliň dine ak ýürek bilen ynanmaýandygyna ynansa bolar. * Men drama artisti bilen kitap terjimeçisini döredijilik adamy hasaplamaýaryn. Çünki olaryň birinjisi-hä tutuş ömrüni başdan-aýak kişiniň pikirini, sözüni öz sesi bilen gaýtalap geçirýär, ikinjisi bolsa, başga dildäki zady öz dilinde gepledýär. Onuň kotaba döredijilige goşandy, dahyly ýok. * Gözelligi görmegi, kabul etmegi başaryp, oňa düşünmegi, ondan lezzet almagy başarmaýan adam fotoapparat ýalydyr. Fotoapparat görýär, kabul edýär, emma düşünmeýär. * Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Nyýazow bir gezek köpçülige ýüzlenip: “Ruhnamany” okaň! “Ruhnamany” okasaňyz, akyllanarsyňyz, saplanarsyňyz” diýdi. Men ýaşan ömrümde dünýäniň onlarça milletiniň wekili bolan talantl-u-talantsyz, agras-u-ýeňles ýüzlerçe ýazyjy bilen duşuşanam bolsam, öz ýazan eserine özi şeýle ýokary baha berýän awtora ilkinji gezek gabat gelýärin. Maý, 2006. Ruhugaryplygy duýmak hem ýeňmek üçinem ruhubaý bolmaly. * Çeper esere bolşundan ýokary baha bermek okyjynyň medeni derejesiniň pesligine bagly. Eger okyjynyň taýýarlygy pes bolsa, öz pes derejesinden sähel belendräk eser hem onuň üçin belent bolup görünýär. Ortaça taýýarlykly türkmen okyjysynyň ajaýyp eser hökmünde kabul edýän romany ýa-da powesti otraça taýýarlykly rus okyjysyndan beýle bahany alyp bilmez. Türkmen hem rus edebiýatynyň taryhy ösüşi hakda oýlansaň, beýle ýagdaý kanuna laýyk hadysa. Sebäbi türkmen edebiýatynyň şu günki ýeten derejesine rus edebiýaty 150-200 ýyl mundan ozal ýetdi. SSSR döwründe biziň käbir eserlerimiziň rus hem beýleki dillere terjime edilmegine, olara kä halatlarda örän ýokary baha berilmegine obýektiw ýagdaý diýip düşünmek nädogry. Sebäbi beýle ýagdaý milli syýasatyň “deňhukuklylyk” nukdaý nazaryndan gelip çykýan emeli kadalara laýyklykda amala aşyrylýardy. Onuň şeýledigine biziň köpimiz düşünýärdik. Şeýle mysaly men ozalam gaýtalapdym welin, B. Kerbabaýew, B.Seýtäkow ýaly türkmen edebiýatynda gaty uly ýazyjy hasap edilýän awtorlarymyzyň derejesindäki rus awtorlarynyň ýüzlerçesi ýekeje kitabynyň çap bolanyny-da görmän dünýäden ötüp gitdiler. Ýeten derejämize özüne mynasyp däl ýokary baha berilmek biziň ösüş derejämize zyýan ýetirdi. Ýasama öňe gidişligiň ýasama serpaýyny ýapnak bilen türkmen edebiýatyna “aýy dostlugy” edildi. Dünýä edebiýatynyň ýeten derejesinden seretseň, türkmen edebiýaty entek sallançakda ýatan çagajyga meňzeýär. Şol çaganyň akylly-başly adam bolup ýetişmegi bolsa paýhasly milli syýasata, ösüşiň kanuny şertleriniň talaplaryny agraslyk hem özüňe tankydy göz bilen çemeleşmek arkaly berjaý etmeklige, boş öwünmek gylygymyzdan daşlaşmagy başaryşymyza bagly. * Russiýanyň uly ýazyjylarynyň biri Konstantin Mihaýlowiç Simonow 1979-njy ýylyň başynda dermansyz derde sataşdy. Ýazyjylar Soýuzynda özüniň haýsydyr bir meselesi bilen käte-käte gyssagly görnüp gidýän garaýagyzdan aksaç ýazyjy biziň gözümiziň öňünde eräp başlady. 1979-njy ýylyň maý aýynyň ilkinji günleriniň biridi. Soýuzyň howlusyndaky skameýkada tukat halda oturan Resul Gamzatowy gördüm-de, sowlup salamlaşdym. Resul ozalky Resul däldi, gaty keýpsizdi. Men onuň beýle ýagdaýynyň sebäbini soradym. —Kostýanyň haly gaty teň. Şonuň ýanyndan geldim… Resulyň Kostýa diýýäni Konstantin Simonowdy. Gamzatowyň aýtmagyna görä, Konstantin Mihaýlowiç indi iki hepde bäri juda bir zerurýetlik bolaýmasa, ýanyna adam goýbermän, telefonyň trubkasyny hem galdyrman, basa oturup işleýärmişin. Şahyryň beýle sözlerinden soň: —Saglygy gaty pes bolsa, nädip işleýärkä?—diýenimem duýman galdym. —Ol şeýle adam-da—diýip, Resul agras jogap gaýtardy. —Onuň banketlere gatnaşyşynam sen bilýäň ahyryn… SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň Sekretariaty baýramçylykmy, awtorlyk agşamymy ýa-da daşary ýurtlardan gelen ýazyjylar delegasiýasynyň hormatyna günde-günaşa diýen ýaly banket guraýardy. Konstantin Simonowam Prawleniýäniň sekretary hem abraýly ýazyjy bolany sebäpli, şol banketlere hökman çagyrylýardy. Ol hemme çakylyga gelmese-de, käbir banketde görünýärdi. Görünse-de, söz sözlemek zerurýetligi çykanda, ilden öňürti birki agyz gepläp, derrewem, duýdansyz ýitip gidýärdi. Ol käbirleri ýaly saçak başynda wagtyny geçirýänlerden däldi. Ol öz döredijilik işini ähli zatdan ileri tutýardy. Şol gezek Resul Gamzatowyň maňa gürrüň bermegine görä, Konstantin Simonowyň keselini Ýewropa ýutrlarynyň birinde (Resul Şweýsariýa diýen bolsa gerek) operasiýa etmek mümkinçiligi bar eken. SSKP MK-nyň medisina meselesine garaýan bölüminiň müdiri Trapeznikow Simonowyň öýüne baryp, hut L.I.Brežnewiň adyndan ýazyjynyň özüne hiç hili harç-harajat çekdirmän, ony Şweýsariýa ibermeli diýen netijä gelnendigini aýdýar. Şonda K.M.Simonow Trapeznikowa şeýle diýip ýüzlenýär. —Siz ähli ýagdaýy ölçerip-doküp, meniň ýanyma gelensiňiz. Gizlemäň-de, göniňizi aýdyň. Şol operasiýadan soň men näçe wagt ýaşap bilerin? Ýokardan gelen adam hiç zady ýaşyrman jogap gaýtarýar. —Eger operasiýa şowly geçse, ömrüňiziň ýylýaryma çenli uzamagy mümkin. Saglygyna gözegçilik edýän uly dokrorlar bilen ozal aç-açan gürleşen ýazyjy, öz ýagdaýyndan kemsiz habarly bolansoň, merkezden gelen adamyň teklibini ret edýär. Sebäbi moskwaly doktorlar oňa ýene dört aý töweregi ýaşamak ýagdaýynyň bardygyny ozal aýdan ekenler. Ýazyjy şol dört aýyň dowamynda köp tomluk ýygyndysyny öz eli bilen toplap gitmegi maksat edinipdir. Daşary ýurda gidip, wagt baryny ýitirip ýörmek islemedik K.Simonow, ýylýaryma çenli uzaljagy-da entek näbelli ömri tomluklaryny taýynlamak bilen çalyşmaly edipdir. Elbetde, beýle ädimi her öňýeten ýazyjynyň ädip bilmejegi belli zat. Beýle ädimi ätmek üçin öz ýazyjylyk senediňi janyňdanam has eý görmeli. Dogrudanam, Resul Gamzatowyň beren şol gürrüňinden dört aý töweregi wagt geçensoň, ýagny 1979-njy ýylyň 28-nji awgustynda K.M.Simonow dünýäden ötdi. Öz edip giden wesýetine laýyklykda Moskwanyň “Nowodewiçýe” diýen belent mertebeli şahslaryň jaýlanýan gonamçylygynda jaýlanmaga derek jesedi oda ýakylyp, külüni hem Belarussiýanyň tokaýlarynyň birinde, Watançylyk urşunyň başlanaýan günlerinde faşistler bilen çaknyşykda polkdaş ýoldaşlarynyň wepat bolan ýerinde meýdana sepelediler. 1980. Staraýa Ruza. Garaşylmadyk ýerden gelen pajygaly ölüm kä halatda şahyr üçin ullakan propaganda öwrülýär. Şeýle ölüm okyjynyň şahyryň döredijiligine bolan ünsüni güýçlendirýär, onuň biografiýasyna, eserlerine tankydy nazar bilen garamagyň derejesini peseldýär. Şeýlelikde, ol şahyr talant babatda özi bilen deňeçerräk galamdaşlaryndan birden öňe saýlanýar ötägidýär. Dörän şol “ýumşaklyk” netijesinde berilýän emeli baha-da okyjylar köpçüliginiň aňyna ornap, adaty şahyryň eserleri uzak ýyllaryň dowamynda ýörgünli bolýar. * “Edebiýat we sungat” gazýeti şu gün Atamyrat Atabaýewiň biziň “tantalaly” syýasatymyza igenýän goşgularyny çap edipdir. Eger redaktor T. Jürdekow şol goşgularyň hakyky manysyna üns beren bolsa (okaman geçiren bolmagy-da ahmaldyr) olary eger-eger çap etmezdi. Goşgular toplumyndan birini mysal getireýin. Hemmeler ýazýan mahaly, Okaýan adam bolmaýar. Hemmäň aýdym aýdýan wagty, Diňleýän adam bolmaýar. Hemmeleň tans edýän çagy, Işleýän adam bolmaýar. Köplük bilen ýagşy-ýaman Her hili iş edilse-de, Geňleýän adam bolmaýar. 16 maý 1997. Hudaýberdi Diwangulyýewe gabat geldim. A.Atabaýewiň goşgulary barada ol ikimiziň pikirimiz deň geldi. Diwangulyýew tejribeli redaktor bolansoň: “Goşgular örän gowy. Ýöne özüm-ä ol gowy goşgulary gazetimde çap edip bilmezdim” diýdi. 18 maý 1997. Gurluşygynyň bahasy 2,5 milliard dollara barabar boljak uly tutum—türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Päkistana ýetirmek meselesine dünýä ykysadyýetiniň ösüş problemalaryny öwrenýän Halkara institutynyň Prezidenti Alak Ghoş “Howply hem gülkünç” diýip baha berdi. Ol gurluşygy amala aşyrmaly Argentinanyň “Bridas” kompaniýasynyň wekili bolsa “Biz şol gurluşygyň üsti bilen gazanç etmekçi. Bizi başga mesele gyzyklandyrmaýar” diýdi (“Prawda” gazeti, 8-nji mart, 1997). Ýagdaýdan baş çykaryp bilýän hünärmenler gurluşyga şeýle baha berýän bolsalar, “Gaýa ýok, gopuz ýok” ýerden biziň ol barada heşelle kakmagymyz gülkünjräk bolmaýarmyka? 20.05.97. Şu gün Prezident Nyýazow Magtymguly Pyragynyň: “Türkmenler (?—A.T.) bir ýere baglasa bili, Gurudar Gulzumy, derýaýy Hili. Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili, Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz”— - diýen, okuw kitaplaryna çenli giren setirlerine “saryk” we “ärsary” sözüni hem goşmaklygy teklip etdi. Ol nähili düşnüksiz hem geň teklip? Esere goşmaly etsek, türkmeniň tire-taýpalarynyň hemmesiniňem adyny goşup bolar. Ýöne dünýäden öten awtoryň goşgusyna özüňçe setir girizmek medeniýetsizlik hem ähli ýurtlarda, şol sanda bizde-de kabul edilen kanuny bozmak bolýar ahyryn. Şol eserini ýazan mahaly ärsarylaryň, saryklaryň hem gaýraky ýomutlaryň Hywanyň, Buharanyň raýatydygyny, ýagny olaryň eýýäm “bir döwlete gulluk” edip ýörendiklerini bilýän, dünýäden hem öz ilinden habarly Magtymguly ol tireleri goşgusynda ýörite sanamaýar. Şahyr hiç kime “gulluk etmeýän”, mydama goňşy Eýran bilen çaknyşyp ýören serhetýaka türkmen taýpalarynyň gürrüňini edýär ahyryn. Şeýlelikde, Magtymgulynyň sowatly goşgusyna sowatsyz düzediş girizmek taryhy ýoýmaklyga, şol döwrüň syýasatyny bilmeýändigiňi tekrarlamaga, galyberse-de, şahyry hem täze düzedişe gol çekip “tassyklanlary” bisowat edip görkezmeklige ýetilýär. Biçäre Magtymguly! Ozal-a ony boş setir samraýan käbir bisowat bagşylar bilen sowatly filosof Gylyç Mülliýew oýnady. Indi hem ony döwlet derejesinde masgaralaýarys, diýmedigini diýdirýäris, dürsüni ters edip görkezýäris. 19.05.97. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |