12:30 Kysasyl enbiýa -28: Yshak alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
ON ÜÇÜNJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
YSHAK ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Sara ýüz otuz ýaşandan soň Jebraýyl alaýhyssalam beşarat getirdi. Aýat: «Biz Ybraýyma: «Seniň ýagşy bendelerinden bolan Yshak atly pygamber ogluň doglar» diýip, hoş habar berdik». Aýat: «Biz Sara Yshagyň özünden boljakdygynyň, Yshagyň yzyndan Ýakubyň boljakdygynyň hoş habaryny berdik». Aýat: «Biz Ybraýyma Yshagy berdik. Yshagyň ogly Ýakuby onuň talabyndan artyk berdik. Biz olaryň hemmesini ýagşy bendelerden etdik». Bu aýatlardaky Yshak Taňrynyň hormat-sylagyna eýe bolan Ybraýym alaýhyssalamyň ogludyr. Ybraýymyň ogly erdi Yshak Möwla sawçysy, Müň ýalawaç dogdy ondan barçanyň ol başçysy. Haka dagy, halka ragy, hem beşir-u hem nezir, Din şerigat öwrenigli, uçmahyň hem ýolçusy. Ol umanç kesmişden soň bolup mubaşşir Jebraýyl, Hak beşarat birle beren Saranyň oglançasy. Ol Zabyhullah inisi ekiz oglana ata, Sekiz oglan arasynda sanasaň ikilenjisi. Din-şerigat tutsununy atlanyp göndürguga, Möwla bermiş erdi elinde rysalat tamgasy. Sara ýüz ýaşap, çaga bolar diýen ynamdan kesildi. Jebraýyl alaýhyssalam Lut halkyny heläk etmäge gelende Ybraýym pygambere gonak bolup: «Saradan Yshak atly ogluň bolar» diýip, beşarat berdi. Aýat: «Biz Ybraýyma: «Seniň ýumşak häsiýetli ogluň bolar» diýip hoş habar berdik». Bu sözler soňra Lutuň kyssasynda geler. Jebraýyl alaýhyssalam beşarat berende ýedi günden soň, Saranyň süňňünde Yshak bilgirdi. Dokuz aýdan soň Yshak dogdy. Ol gije müň ýyldyz gökden inip Ybraýym alaýhyssalamyň öýüniň degresinde ýygyldy. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Bu ne alamatdyr?» diýip mynajat etdi. Allatagaladan: «Eý, Ybraýym! Bu seniň şu Yshak atly ogluňdan müň pygamber boljakdygynyň alamatydyr» diýen owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalam begenjinden Taňra şükür edip: «Eý, Taňrym! Sen Yshaga şunuň ýaly keramat berjeksiň. Sen Ysmaýyla näme berersiň?» diýdi. Taňrydan: «Eý, Ybraýym! Sen Ysmaýyly maňa tabşyr. Men onuň neslinden Muhammet resulalla atly bir pygamberi ibererin. Eger Muhammet pygamber bolmasa, ýüz ýigrimi dört müň pygamber, şeýle hem sen bolmazdyň. Men olaryň hemmesini onuň söýgülidigi üçin ýaratdym» diýen owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalam bu habara begendi. Ony Hajara habar berdi. Sara şat boldy. Bularyň hemmesi Taňra şükür etdiler. Olar köp mallary gurban etdiler we sadaka berdiler. Ybraýym alaýhyssalam müň goýun, ýüz üý we ýüz düýe gurban berdi. Yshak ulaldy. Ol Ylýasyň ogly Batwiliň Rukga atly gyzyny sorady. Bu Rukgadan ekiz ogul boldy. Ulusyna Yýaz, kiçisine Ýakup diýip at goýdular. Ýakup Yýazyň ökjesini tutup doguldy. Onuň üçin oňa Ýakup diýip at dakdylar. Yshak pygamberiň gözleri görmeýärdi. Yýaz ulaldy. Ol awçylyk ederdi. Atasy Yýazy artyk söýerdi. Günlerde bir gün atasy Yýaza: «Men keýigiň gowurlan etini iýmek isleýärin. Sen ony haçan getirseň, men ony iýenimden soň saňa pygamberlik dilegini edip bereýin» diýdi. Yýaz awa çykdy. Aýdypdyrlar: Olaryň hemmesiniň dilegi kabul boldy. Yshak dilegi gowy görýän oglanlaryna ederdi. Ýakuby enesi artygrak söýerdi. Ol bu sözi eşitdi. Çünki Yýaz örän tüýlekdi. Ejesi: «Eý, oglum! Seni ataň aňlamasyn. Sen oňa gowurlan et eltip ber. Ol ondan iýsin. Onsoň sen oňa: «Men senden dileg etmäge geldim» diý» diýdi. Ýakup goýnuň derisine örtünip, atasynyň ýanyna girip: «Eý, ata! Men saňa keýik etini getirdim» diýdi. Yshak ol eti iýdi. Ýakup: «Men seniň dilegiňi sorap geldim» diýdi. Yshak Ýakubyň elini tutdy. Onuň eli derä degdi. Ol: «Et Yýazyňky, emma ses Ýakubyňka meňzeş» diýdi. Ol Ýakuba: «Seniň urugyňdan pygamberler önsün. Olar ýagşy bendeler bolsun» diýip dileg etdi. Allatagala Yshagyň dilegini Ýakubyň hormatyna kabul etdi. Ondan soň Yýaz awdan geldi. Ol keýigiň etini atasyna getirdi. Ol atasyndan dileg etmegini sorady. Yshak: «Sen öň geldiň. Men saňa dileg etdim» diýdi. Yýaz: «Men gelmedim» diýdi. Yshak: «Eý, Yýaz! Saňa bu mekirligi Ýakup etdi» diýdi. Yshak Yýaza ýagşylyk dilegini etdi, emma oňa pygamberlik dilegine el götermedi. Bu sebäpden Yýaz bilen Ýakubyň arasyna adawat düşdi. Yshak bularyň duşmançylygyndan gorkup, Yýazy Rum welaýatyna iberdi. Rum halkynyň hemmesi Yýazyň urugyndandyr. Ýakup pygamberiň urugy Yshak pygamberiň dileginiň bereketinden hemmesi pygamber boldular. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |