12:32 Kysasyl enbiýa -29: Ybraýym alaýhyssalamyň elinde guşlaryň direlmeginiň beýany | |
YBRAÝYM ALAÝHYSSALAMYŇ ELINDE GUŞLARYŇ DIRELMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir gün Ybraýym alaýhyssalam ýoldan ötmekçi bolanda öli düýäni gördi. Onuň eti eräp, süňki dagap gidipdir. Onuň ýadyna Nemrudyň: «Men hem öldürýärin hem direldýärin» diýen sözi düşdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Ol melgun munuň ýaly zatlary nähili edip biler? Eý, Taňrym! Men seniň ölüni direldýändigiňi göreýin» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Ybraýym! Eýse sen muňa kertinmeýärmisiň?» diýen owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Men kertinýärin. Ýöne, bu zatlary gözüm bilen görüp, köňlüm emrulsyn» diýdi. Aýdypdyrlar: Hudaýtagala Ybraýyma halat-serpaý etmegi wada edipdir. Ybraýym alaýhyssalam: «Seniň ol wadaňa haçan wepa bolar?» diýdi. Allatagaladan: «Haçan seniň eliňde öli direlse, şol meniň saňa beren halat-serpaýym bolsun» diýen owaz geldi. Allatagalanyň bu wadasynyň gelmegi gijikdi. Ybraýym alaýhyssalamyň sabyr-takaty galman: «Eý, Taňrym! Men seniň ölüni nähili direldýändigiňi göreýin» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Ybraýym! Eýsem, sen muňa ynanmaýarmysyň?» diýen owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalam: «Men oňa ynanýaryn. Emma meniň gözüm muny görüp, göwnüm ynjalsyn» diýdi. Käbirleri şeýle diýipdirler: Ybraýym alaýhyssalamyň Kalb diýen bir dosty bardy. Ybraýym alaýhyssalam: «Men seniň bu gudratyňa ynanyp durun. Ýöne Kalb seniň bu keramatyňy görsün. Onuň göwni ynjalsyn» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Ybraýym! Sen dört dürli guşy tut. Olaryň damagyny çal, ýeleklerini ýol, etini dogra, soňra ýeleklerini ýele sowur. Süňklerini biri-birine gar. Onsoň olary dört ülüş edip, her bir ülüşini bir dagyň depesine eltip goý» diýen owaz geldi. Aýat: «Sen guşlaryň her bölegini bir aýry dagyň üstünde goý». Aýdypdyrlar: «Ol dört guşlaryň biri garga, biri ördek, biri tawus, biri towuk eken». Saddy mufessir (goý, Allatagalanyň oňa rehmeti bolsun!) aýdypdyr: «Bu dört guşy damagyny çalmaga perman boldy. Allatagala aýtdy: «Olar göni ýolda ýöreýän guş bolmasynlar, jenaýat eden guşlar bolsun. Şonuň üçin bu dört guş öldi». Sowal: Tawusyň jenaýaty nämedir? Jogap: Tawus uçmahyň içinde Adam ata bilen How enä jenaýat etdi. Ol ýylan bilen How enäni ala salmagynda Iblise ýardam berdi. Onuň aýagy iki ýana baryp-gelip garaldy. Sowal: Garga nähili jenaýat etdi? Jogap: Nuh alaýhyssalamyň tupanynda ony gury ýer gözlemäge iberdiler. Ol köp murdar gördi. Soňra ol gaýdyp gelmedi. Sowal: Towuk nähili jenaýat etdi? Jogap: Bir towuk başga towuk bilen Ylýas pygamberiň donuny aldy. Olar biri-birine adawatly boldular. Sowal: Ördek nähili jenaýat etdi? Jogap: Ýunus pygamber balygyň içinden çykanda, onuň eti we teni ejiz bolup galypdy. «Ony siňek gonup emgetmesin» diýip, gabak agajy kölege berdi. Ördek gelip, gabak agajynyň ýapragyny kesip, gopardy. Taňrydan: «Bu dört ýazykly guşlary öldüriň. Ýazyksyz guşlar ölmesin» diýen perman boldy. Sowal: Bu dört guşuň öldürilmeginde nähili hikmet bar? Jogap: Tawus hemme guşlardan görklüräk. Ol adama ogşaýar. Aýat: «Biz ynsany örän gözel şekilde ýaratdyk». Towuk zikr we tesbih etmegi bilen perişdelere meňzeýär. Garga özüniň görksüzligi we ýaşynyň uzynlygy bilen şeýtana meňzeýär. Ördek näpäkligi we sowuklygy bilen peri hem jynlara meňzeýär, ol birde görünse, birde görünmeýär. Bu häsiýet jynlara mahsusdyr. Peýda. «Eý, Ybraýym! Sen tawusy öldürdiň. Sen adamlaryň öljekdigi barada sakyngyn. Towugy öldürdiň, perişdeleriň hem öljekdigi barada oýlan. Ördegi öldürdiň, jynlaryň hem öljekdigi hakynda pikir et. Gargany öldürdiň, şeýtanyň hem öljekdigi dogrusynda oýlanyp gör. Men bu dört guşy direltdim, eýse sen meniň öldürip, ýene direldip bilýän gudratym barada oýlan. Sen meniň direltmäge gudratymyň bardygyny bil. Hekaýat. Tawusyň bezegi bar, onuň üçin ol dünýä meňzeýär. Ördegiň sowuklygy bar. Garganyň uzak ömri bar. Nesihat şeýledir: Mujahada gylyjy bilen tebigat endamynda şerigat hökümi bilen bu dört sypaty ýok etse, mengu dirilik bolar. Aýat: «Allatagalanyň ýolunda şehit öldürilenleri öli hasaplama, belki olar diridirler». Şeýle perman boldy: «Eý, Ybraýym! Bu dört guşy öldür. Olaryň başlaryny eliňe al, galan ýerlerini dograp bir idişe sal, olary ýenç, olar biri-birine gatylsyn. Olary dört ülüş et. Her bir bölegini bir dagyň depesine eltip goý. Ondan soň sen olary öz ýanyňa ünde. Olar uçup seniň ýanyňa gelerler. Aýat: «Ondan soň sen olaryň atlaryny tutup çagyr. Olar seniň ýanyňa howlugyp uçup gelerler». Ybraýym alaýhyssalam bu guşlary öldürdi, ütdi, etini we süňküni ýençdi-owratdy, olary bir-birine gatyşdyrdy. Soňra olary bir gaba salyp, dört dagyň her biriniň depesinde bir ülüşden goýdy. Olaryň başlaryny elinde tutup durdy. Ol guşlaryň atlaryny tutup çagyrdy. Taňrynyň permany bilen ol ülüşler dagyň başyndan uçdular. Howada her biriniň süňki, eti, ýelegi beýleki guşuň etinden, süňkünden, ýeleginden aýryldy. Olar öz orunlaryna geldiler we öz başlaryna birleşdiler. Olar gelip Ybraýym alaýhyssalamyň duşunda: «Lä ilähe illalla, Muhammet resulalla» diýip uçup başladylar. Allatagaladan: «Eý, Ybraýym! Hudaýtagala Ezizdir we Hekimdir» diýen owaz geldi. Hudaýtagala ölüni direltmek gudratyny Ybraýym alaýhyssalama guşlarda we Uzaýra teninde görkezdi. Sowal: Bu ýerde nähili hikmet bar? Jogap: Ybraýym alaýhyssalam tazarrug hem ýakyn bilen: «Eý, Taňrym! Sen ölüni nähili direldýändigiňi maňa görkez. Men Seniň bu gudratyňy gözüm bilen göreýin»diýip sowal berdi. Uzaýr tagajjup we şek bilen: «Eý, Taňrym! Sen munuň ýaly ölen zady nähili direldersiň» diýip sorady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |