12:35 Kysasyl enbiýa -30: Ybraýymyň we Saranyň ölümleriniň beýany | |
YBRAÝYMYŇ WE SARANYŇ ÖLÜMLERINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Sara ýüz otuz ýaşap öldi. Ybraýym alaýhyssalam ony Kenganyň heddinde Palestiniň ýerinde jaýlady. Ol Sara dirikä, onuň şertini berjaý edip saklady. Ol başga aýal almady. Sara ölenden soňra ol Ýafturanyň Futur atly gyzyna öýlendi. Ondan alty ogul doguldy: Ýawşan, Waşyk, Zamz, Medýen, Mudun, Şuh. Ybraýym alaýhyssalamyň uly ogullary Yshak we Ysmaýyl olara enebaşga doganlardy. Bu sekiz urugdan urug ýaýyldy. Älem-jahan adamdan doldy. Olaryň kimi musulman, kimi kapyr boldy. Aýat: «Biz perzent tarapyndan Ybraýyma we Yshaga bereket berdik. Bu ikisiniň perzentleriniň birnäçesi ýagşy amallary ederler, birnäçesi bolsa öz janlaryna açyk zulum ederler». Käbir alymlar: «Ybraýym alaýhyssalam Saradan iki ýarym ýyldan soň öldi» diýipdirler. Ybraýym alaýhyssalam Yshak doglandan soň ýigrimi üç ýyl diri gezdi. Ol ýigrimi bäş gün hassa ýatdy. Ol muharram aýynda Sogap güni ikindi namazynyň wagtynda ýüz ýigrimi ýaşynda öldi. Aýdypdyrlar: Ybraýym alaýhyssalam Haktagaladan: «Eý, Taňrym! Meniň ölümimiň geljek wagtyny bir ýyl öňünden habar ber. Men ajalymyň ýarag-şaýyny tutaýyn» diýip dileg etdi. Hudaýtagala onuň bu dilegini kabul etdi. Ezraýyl alaýhyssalam onuň janyny almaga geldi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Ezraýyl! Entek meniň ajalymyň wagty gelenok» diýdi. Ezraýyl alaýhyssalam: «Wagt bolmadyk bolsa, onda maňa perman gelmezdi» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Ybraýym! Seniň sakgalyňa haçan oraň girdi» diýen owaz geldi. Ol: «Eý, Taňrym! Oňa bir ýyl boldy» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Ybraýym! Sakgalyň oraňlygy ölümiň ilçisidir» diýen, owaz geldi. Ybraýym alaýhyssalamyň sakgalyna ondan öň ak girmändi. Ybraýym alaýhyssalam bu ýagdaýy bilip: «Eý, Ezraýyl! Sen dost dostuň janyny alýandygyny gördüňmi?» diýdi. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Allatagala saňa: «Dost dosta gowuşmagy unamazmy?» diýip aýtmagy maňa tabşyrdy» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Ezraýyl! Beýle bolsa, meniň janymy al» diýdi. Ezraýyl alaýhyssalam onuň janyny alyp, ony göge agdardy. Hemme pygamberler ol janyň yzyndan ýördüler. Olar: «Jan bermek gatylygy nähili eken?» diýip, ondan soradylar. Ybraýym alaýhyssalamyň jany: «Kimi müň gezek onak bilen ortarasyndan ýarsalar, ýa-da müň gezek gaýnag suwy depesinden guýsalar, ýa-da müň gezek gylyç bilen çapsalar, – näçe köp emgense, maňa hem şeýle boldy» diýdi. Olar: «Jan bermek oňaýlygy munuň ýaly bolsa, onuň ýowuzlygy nähili bolar?» diýdiler. Ybraýym alaýhyssalam Yshaky Şam welaýatyna häkim etdi. Ysmaýyly Hyjaz ýerinde halypa goýdy. Ysmaýyl Ybraýym alaýhyssalamdan soň kyrk ýyl ýaşady. Yshak elli ýyl ýaşady. Ybraýym alaýhyssalamy Yshak ýuwdy. Onuň namazyny okadylar we ony Sara bilen goşa jaýladylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |