13:09 Kysasyl enbiýa -31: Lut alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
ON DÖRDÜNJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
LUT ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Aýat: «Olara öz garyndaşlary Lut aýtdy», ýagny Luty Allatagala hormatlady we ol öz halkyna: «Eger siz imana gelmeseňiz, Allatagaladan size azap geler» diýip nesihat sözüni aýtdy. Olar onuň bu sözüni kabul etmediler we: «Eger sen dogry sözlülerden bolýan bolsaň, biziň üstümize Allatagalanyň azaby bilen gel» diýen jogaby eşitdi. Aýat: Ol «Şugaýbyň kowumynyň şäherlerini astyn-üstün edip ýer ýuwutdy» diýen habar bilen olara pygamberligi äşgär gudratlary bilen geldi» diýen aýat bilen pygamberlik haladyny geýdi. Ol: «Siz beçebazlyk edýärsimiňiz? Nesil köpeltmek ýoluny kesip goýýarsymyňyz?» diýip, kapyrlar bilen jedelleşdi. Ol: «Men bu zatlar üçin sizden jogap soramaýaryn. Meniň jogabym Allatagalanyň dergähindedir» diýdi. Ol: «Ine, bular meniň gyzlarymdyr. Siziň üçin olar erkeklerden päkdir» diýip, öwüt berdi. Ol: «Eger men siziň bilen çaknyşmaga güýjüm bar bolan bolsa ýa-da arka tutunmaga güýçli garyndaşym bar bolsa, elbetde sizi ýok ederdim» diýdi. Ol: «Azabyň wada berlen säher wagty ýakyn dälmi» diýdi. Şygyr Ybraýymyň hak gardaşy Hazar ogly erdi Lut, Köp telim ýyllar guwanyp, özi birle turdy Lut. Jebraýyl geldi, ýalawaçlyk degirdi Möwladan, Ýarlyk eşidip güýç getirdi, öý terkräk bardy Lut. «Tap kylyň, butga tabunmaň, bat geliň imana» diýp, Kyrk ýyl emgäp daň arygsyz kapyr era turdy Lut Ança teňlig boýnagynyň biri ýola girmedi, Gazguluk bolup umyt kesdi, olardan irdi Lut. Bir ýaratgan Hakga ýandy, ýalbaryp kyldy doga, Jebraýyl ganat dökündi, gyrdy Alla, gördi Lut. Ol Lut ibn Hazar ibn Baryh ibn Harandyr. Lut pygamber Ybraýym alaýhyssalamyň atasynyň garyndaşynyň ogludy. Ol Ordonda, Ybraýym alaýhyssalam bolsa Palestinde oturýardy. Bu ikisiniň aralygy bir gije-gündizlik ýerdi. Lutuň öýlügi Wahyla atly kapyrdy. Bu Ordon ýerinde bäş sany uly şäher bardy: Darduma, Amura, Sewam, Sadum we Sugar. Ordon on bäş agaçlyk ýeri tutýardy. Bu welaýatda bag we burlak, näzi-nygmaty bol ýer boldy. Dünýäniň nygmatynyň hemmesi ol ýerde bardy. Olarda bir dürli halk bardy. Allatagala olary Gurhanyň içinde «mugtafakat» diýip atlandyrdy. «Mugtafakat» – «mekir» diýmeklik bolar. Olaryň patyşalarynyň ady Sadum ibn Muşdamdy. Onuň weziriniň ady Kurmuzdy. Ol halkyň hemmesi buta çokunardy. Olaryň dört butlary bardy: Ýabd, Mashur, Kub we Kut. Idris pygamberiň wagtyndan ol güne çenli ol dört butdan sylaglyrak but ýokdy. Ähli dünýäde näçe nygmat bar bolsa Mugtafakatda hem şonça bardy. Her ýyl nygmatlar bişende Sahradan, Çyn-Maçyndan, Batha, Kalhar, Darland we Hirzan welaýatlaryndan halaýyk öz baglaryna barýan ýaly gelerdiler. Olar bu ýerden dürli nygmatlar ýygyp, gyş gelse öýlerine gaýdardylar. Bir ýyl Haktagala bu welaýata sowuk iberdi. Ol ýerde nygmat önmedi. Ýaz boldy. Halaýyk bu ýere öňküsi ýaly gelip başlady. Olar: «Bu ýyl nygmat bolmady. Siz yzyňyza gaýdyň. Indiki ýyl nygmat köp bolanda biz size artyk bereris» diýdiler. Olar yzlaryna gaýtmadylar. Bular hem olary gaýtaryp bilmediler. Ýerli ilat bu ýagdaýy patyşalaryna gelip aýtdylar. Olaryň Zewal atly bir uly butlary bardy. Patyşa: «Siz baryp Zewala çokunyň we ýalbaryň. Ol sizi bulardan gutarar, ýa-da bir ýol görkezer» diýdi. Iblis (goý, oňa nälet bolsun!) Hashas atly bir döwi iberdi. Ol gelip Zewalyň agzyna girdi. Adamlar ýygnanyp Zewalyň ýanyna geldiler. Hashas: «Eý, meniň gullarym! Ençe ýyllardan bäri siz meniň sözümi diňlemediňiz. Ýogsa size bu emgek, bu belalan gelmezdi. Bu işiň alajy şeýledir. Siz bu ýerden gidip, ol kişileri tutuň. Erkeklerini bir öýe salyň. Olar bilen ýakynlyk işini ediň. Onsoň olaryň özleri sizden gaçarlar» diýdi. Adamlar Zewalyň ýanyndan çykdylar we ol kişileri gözläp başladylar. Olaryň öňünden Bahyl atly bir kişi çykdy. Iblis özüni görmegeý bir adam keşbinde görkezdi we üstüni bezedi we saçyny darady. Bahyl ony görüp Iblisiň elinden tutup öýe girizdi. Olar bir öýüň içinde ýatdylar. Ol Iblis bilen pahyşa işini etdi. Hekaýat. Mamun halypa (goý, Allatagalanyň oňa rehmeti bolsun!) aýdypdyr: «Eý, Iblis! Adam alaýhyssalam hemme mahlukatyň ýagşyragydy. Sen oňa sežde etmediň. Ýene sen Lut ýalawaçyň budunyna muhannes bolduň» diýip aýdypdyr. Rowaýat. Iblis bir kişiniň bagyna oglan sypatly ogry bolup girdi. Bag eýesi ony tutup urdy. Ol ikinji gezek ýene baga girdi. Bagyň eýesi ony tutup, ýene urdy. Iblis üçünji gezek onuň bagyna girdi. Bagyň eýesi ony gorkuzmak üçin onuň bilen pahyşa beçebazlyk etdi. Elgaraz, Iblis olary bu işe düzgün etdirdi. Bu beçebazlyk işi hemmeleriň köňlüne hoş geldi. Olar butlarynyň ýanyna gelenlerinde biri-birine gelmekligi ündeşerdiler we başga ýerlerde manzarlary gurdular. Ol manzarlarda garyplary saklap başladylar. Olarda on dürli oýun bardy: ýaý bilen daş atmak, sabkyna atly oýun, içki eşiklerini giň etmek, donuň öňüni-yzyny ýyrtmak, ernek bilen daş düze salmak, sakgyç çeýnemek, çeň çalmak, goç uruşdyrmak, liwata kylmak. Olar bu on dürli ýowuz (ýaramaz) işe endik edindiler. Olar öz aýallaryna bakmadylar. Iblis özüni bir aryg (päk, asylly) kempir suratyna salyp, bularyň aýallarynyň ýanyna geldi. Ol näçe gün olar bilen durdy. Olar Iblise özleriniň içlerini döküp: «Biziň ärlerimiz ýaş ýigitler bilen gowuşýarlar. Olar bize bakmaýarlar. Biz muňa näme alaç edeli?». Iblis aýtdy: «Men size munuň çäresini öwredeýin»diýip başladylar. Ol erkek adamyň uýat endamy dek bir agaç ýondy we ony öz biline daňdy. Aýallar bilen ol erkek kişi ýaly bolup ýatdy. Aýallara bu iş hoş geldi. Olar bu işi biri-biri bilen edip başladylar. Elgaraz, är är bilen, aýal aýal bilen ýatar boldy. Köp ýyllar aradan geçdi. Şol tarapda Lut alaýhyssalam Mukaddes ýerinde goş düşürip, bugdaý ekýärdi. Bir gün Jeb-raýyl alaýhyssalam ýigrimi ýaşly ýigit bolup Lutuň ýanyna geldi. Ol Luta salam berdi. Lut onuň salamyna jogap gaýtardy. Lut ondan: «Eý, ýigit! Sen kimsiň?» diýip sorady Ol: «Men Jebraýyl emindirin» diýdi. Lut: «Eý, Jebraýyl! Sen näme habar getirdiň?» diýip sorady. Jebraýyl alaýhyssalam: «Allatagala saňa salam iberdi. Ol saňa aýtdy: «Lut Mugtafakat halkyna barsyn we olara: «Siz liwata etmäň, saç-sakgallaryny ýolmasynlar, içki donuň bagyny giň etmesinler, aýallar aýallara gowuşmasynlar, olar: «Lä ilähe illallahu we inneke Lutun resulallahi» diýip aýtsynlar, olar buta çokunmasynlar» diýdi. Lut: «Ni‘mal möwla we ni‘man-nasyr» diýdi. Onuň ýüzi saralyp Ybraýym pygamberiň ýanyna gelip: «Eý, agam! Jebraýyl geldi. Ol maňa hemmeden beteri halk üçin pygamberlik getirdi» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Olar haýsy halkdyr?» diýdi. Lut alaýhyssalam: «Olar Mugtafakat halkydyr» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Lut! Taňrynyň emrine boýun sun. Onuň permanyny berjaý et» diýdi. Lut alaýhyssalam düýe getirdi. Lut alaýhyssalamyň Rahyla hem Waýyla atly iki aýaly, Zuguma, Irsama, Bakta atly üç gyzy, Ragda atly bir düýesi we Dina atly bir iti bardy. Lut alaýhyssalam goşuny ýükledi we ýola rowana boldy. Lut alaýhyssalam bäş agaçlyk ýeri geçdi. Ol: «Eý, Taňrym! Meniň Saňa esbarlaýandygymy (bil baglaýandygymy) Özüň bilýänsiň. Meni esen-salamat ol ýurda elt» diýdi. Lut Amura ýerine bardy. Ol bäş agaçlyk ýerde düşledi. Mugtafakat halky atlanyp, ýigitleri gözläp ýörkä Luty iki aýaly we gyzlary bilen gördüler. Olar patyşalaryna: «Lut geldi» diýip habar berdiler. Jebraýyl alaýhyssalam oňa: «Eý, Lut! Amuranyň gyrasynda eglen» diýip perman getirdi. Lut alaýhyssalam ol ýere baryp düşledi. Çadyr dikdi we oňa girip oturdy. Amura halky Luta, ýene onuň iki goldaşyna tama etdiler. Olar gelip Luty gördüler we ony tutmakçy boldular. Lut düýesi bilen itine: «Bulary menden gidiriň» diýdi. Düýe bilen it olara topuldylar. Olary gollary bilen urdular, dişleri bilen dişlediler. Soňra ýokary göterip ýere taşladylar. Bu ýere ýüz müň är gelipdi. Olaryň hemmesini yzyna gaýtaryp, ile girizdiler. Olar soňra ýene yzlaryna dönüp, Lutuň ýanyna geldiler. Ol adamlar patyşalaryna: «Bir görmegeý ýüzli är geldi. Onuň düýesi bilen iti ýüz müň ärden birnäçesini öldürdi, birnäçesini gaçyrdy. Eý, patyşa! Ol seniň il-günüňi örteýär» diýip habar berdiler. Patyşa Karmu atly wezire: «Sen baryp, ol äri gör. Onuň bilen sözleş. Ýene maňa habaryňy ýetir» diýdi. Wezir bäş ýüz är bilen gelip, Luty gördi. Wezir: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Meniň adym Abdylla» diýdi. Wezir: «Sen näme işe geldiň?» diýip sorady. Ol: «Pygamberlik etmäge geldim» diýdi. Wezir yzyna döndi. Patyşa habaryny berdi. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Lut! Sen baryp gulum Saduma aýt. Ol iman getirsin, seni meniň pygamberim diýip bilsin» diýdi. Lut ýola düşdi. Onuň iti öňünden, düýesi bolsa yzyndan ýöredi. Ol patyşanyň saraýyna geldi. Düýe onuň sagynda, it bolsa çepinde, özi patyşanyň garşysynda oturdy. Patyşa: «Abdylla diýmeklik näme bolar?» diýip sorady. Lut alaýhyssalam: «Abdylla diýmeklik «Taňrynyň guly» diýmeklik bolar» diýdi. Patyşa: «Sen kimsiň?» diýdi. Lut alaýhyssalam: «Men Taňrynyň resuly» diýdi. Patyşa: «Resul diýmeklik näme bolar?» diýip sorady. Lut alaýhyssalam: «Resul diýmeklik saňa gelip «Allatagala birdir, men Onuň pygamberidirin» diýmekligim bolar» diýdi. Patyşa: «Seniň bu söze tanygyň barmy?» diýdi. Lut alaýhyssalam: «Meniň tanygym şu düýedir» diýdi. Patyşa: «Düýe nähili tanyklyk berer?» diýdi. Hezreti Lut: «Onuň tanyklygy Allatagalanyň gudraty bilen bolar» diýdi. Patyşa: «Goý, ol tanyklyk bersin» diýdi. Allatagala gudraty bilen düýä dil berdi. Düýe dile gelip: «Eşhedu ellä lä ilähe illallahu, eşhedu enne Lutun resulullahi» diýdi. Patyşa: «Ýene tanygyň kim? diýdi. Lut alaýhyssalam: «Eý, Dina! Sen şaýatlyk sözüni aýt» diýdi. Dina hem Hudaýtagalanyň gudraty bilen aýtdy: «Eşhedu ellä ilähe illallahu we eşhedu enne Lutun resulallahi» diýdi. Patyşa: «Men beýle zady hiç eşidip görmändim» diýdi. Patyşa beglere: «Siz muňa näme diýersiňiz?» diýdi. Olar: «Eý, patyşa! Bu är jadygöýdir» diýdiler. Patyşa: «Eý, Abdylla! Eger sen bu sözi mal üçin aýdýan bolsaň, onda biz saňa mal bereli. Ol mal seniň hemme urugyňa ýeterlik bolar» diýdi. Lut alaýhyssalam: «Men sizden zat soramaýaryn. Maňa Taňry sogap berýär. Sizde ärler ärler bilen gowuşýar» diýdi. Aýat: «Taňrydan iberilen buýruklary size aýtmakda men sizden onuň muzduny talap etmeýärin. Meniň muzdumy älemleriň hökümdary bolan Taňry berýär. Siz ynsanlardan erkek adamlar bilen ýanaşarsyňyz. Siz Allatagalanyň özüňize jübüt edip ýaradan aýallaryňyza ýanaşmagy taşlarsymyňyz? Siz hetden aşan kowum ekeniňiz» diýdi. Olar: «Eý, Lut! Sen bu sözüňden dänseň dänersiň, bolmasa biz seni bu ilden çykararys» diýdiler. Aýat: «Olar: «Eý, Lut! Eger sen biziň işimizi ýamanlamakdan we bizi bu işden saklajak bolmakdan el çekmeseň, elbetde, sen biziň aramyzdan çykarylanlardan bolarsyň» diýdiler. Lut alaýhyssalam: «Siziň edýän bozuk işiňizi sizden öň dünýäde hiç kim etmedi» diýdi. Ol ýene: «Siz erkek adamlara ýanaşarsyňyzmy we ýolda kerwenleri talap zatlaryny alýarsymyňyz?» diýdi. Olar: «Eger seniň sö¬züň çyn bolsa sen: «Taňrynyň azaby bardyr» diýýärsiň. Sen ol azaby getir, biz ony göreli» diýdiler. Lut alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Bu bozuk halka öz gudratyňy görkezmek bilen maňa ýardam ber» diýip dileg etdi. Ol ýene: «Eý, Taňrym! Bulary men näçe imana ündesem hem, olar oňa gelmeýärler» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Lut! Sen entek bulary imana ünde» diýdi. Ol kyrk ýyl olary imana çagyrdy. Bir kişi hem imana gelmedi. Azabyň wagty ýakyn geldi. Lut alaýhyssalam patyşa: «Eý, patyşa! Sen Taňrydan gork. Musulman bol. Sen: «Lä ilähe illallahu (Alladan başga hudaý ýokdur)» diýip aýt» diýdi. Olar: «Eý, Lut! Sen bu sözi gaýtalamakdan irmediňmi?» diýdiler. Lut: «Men siziň ýanyňyza öz göwnümiň islegi boýunça gelmedim. Men Taňrynyň permany boýunça geldim. Bu perman bolmadyk bolsa men bu ýere gelmezdim» diýdi. Lut alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Sen meni bu zalym adamlardan gutar!» diýip dileg etdi. Kapyrlaryň hemmesi ýygnanyp: «Luty öýi, ili bilen ýurtdan çykaryň. Bular biziň päk işlerimizi ýazgarýarlar. Bize beýle sözleri aýdýan kişi galmasyn» diýdiler. Aýat: Olar: «Luty maşgalasy bilen obaňyzdan çykaryň. Çünki olar päkligi halaýan adamlardyr» diýdiler. Lutuň aýaly kapyrdy. Ybraýym alaýhyssalam bir gije düýş gördi. Lutuň sözi bilen bir kişi päk sopy boldy. Ol ertesi ýoluň başynda oturyp habar sorady. Hiç zat bilip bilmedi. Ol alada galdy. Ol gün onuň öýüne myhman gelmedi. Ybraýym alaýhyssalama myhman islemek parzdy. Ol myhmansyz agzyny açmazdy. Ol myhman isledi. Myhman asla gelmedi. Ertesi ýene myhman bolmady. Ol köp gaýgylandy. On günüň dowamynda Lutdan habar bilip bilmedi. Myhman gelmedi. Ol on birilenji gün: «Eý, Taňrym! Sen meni haýsy ýazyk bilen gynaýarsyň. Näme üçin Sen maňa myhman ibermeýärsiň» diýip, arz etdi. Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Ybraýym! Allatagala: «Luty saklan men dälmidim? Men Lut üçin myhman ibermegi goýdum» diýip aýdýar» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Men toba etdim» diýdi. On birilenji güni on iki sany görkana ýüzli kişi we kiçi ýaşly ýigitler çadyra girdiler. Aýat: «Size Ybraýymyň hormatly myhmanlarynyň habary gelmedimi? Perişdeler çadyra giren wagtlarynda Ybraýyma salam berdiler. Ybraýym olaryň salamyna: «Salam, eý, nätanyş adamlar» diýip jogap gaýtardy. Olar Ybraýym alaýhyssalama: «Myhmanlar gelýärmi?» diýdi. Ol: «On gün boldy, men orazamy açmaýaryn» diýdi. Ol myhmanyň gelmegine begendi. Onuň iki ýaşar gyzyl reňkli öküzçesi bardy. Ol ony gowy görerdi. Şeýle hem bolsa ol ony bogazlady. Onuň etinden sokulma bişirdi we ony getirip myhmanlaryň öňünde goýdy. Aýat: «Ybraýym maşgalasynyň ýanyna çykdy. Ol bir semiz göläniň bişen etini alyp geldi. Ol nahary myhmanlaryň öňünde goýdy we (olar hiç zat iýmänsoň): «Siz näme üçin iýmeýärsiňiz?» diýdi». Ybraýym alaýhyssalamyň: «Gonak çekinmän tagam iýsin» diýip, daşary çykmak adaty bardy. Sara işikden myhmanlaryň tagam iýmeýändigini görüp, Ybraýym alaýhyssalama bu ýagdaýy habar berdi. Ybraýym alaýhyssalam olaryň ýanyna geldi. Ol: «Siz nä¬me üçin nahar iýmeýärsiňiz?» diýdi. Olar: «Biz naharyň bahasyny bilmänimizden soň iýmeýäris» diýdiler. Ybraýym alaýhyssalam: «Onuň bahasy iýmäge başlamazdan öň «Bismillä» diýmekdir, ondan iýip bolanyňyzdan soň bolsa «Alhamdulillä» diýmekdir» diýdi. Olar: «Biz tagama mätäç däldiris» diýdiler. Ybraýym alaýhyssalam: «Myhman nahar iýmese, öý eýesiniň köňlüne howsala düşer» diýdi. Aýat: «Ybraýym öz ýanyndan olardan gorkdy. Olar: «Gorkma» diýdiler». Olar: «Sen bizden gorkma. Biz perişdediris. Biz saňa söýünji getirdik. Saradan bir ogul doglar» diýdiler. Aýat: «Olar oňa akylly oglunyň boljakdygy hakynda hoş habary berdiler». Onuň ady Yshak, oglunyň ady Ýakup bolsun. Aýat: «Biz Sara Yshagyň boljakdygy barada söýünjiledik». Sara bu habary eşidip utandy. Eli bilen ýaňagyna uryp: «Men bir garry kempirdirin, maňa ogul-gyz nireden geler? Meniň adamym hem garran gojadyr» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Sara! Sen Allatagalanyň gudratyndan beýle zady geň görýärmisiň?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam bir gury agajy Saranyň eline berdi. Ol agaç Saranyň elinde ýaşardy hem ýapraklady. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Sara! Taňry gury agajy seniň eliňde ýaşartdy. Onsoň ol saňa garrylykda bir ogul berse geň bolarmy?» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam olara: «Siz kim bolarsyňyz?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Men Jebraýyldyryn, bu bolsa Mikaýyldyr. Bu on kişi hem perişdelerdir» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam aýtdy: «Siz näme işe geldiňiz?» diýdi. Olar: «Biz Lut kowumynyň bozgaklaryny heläk etmäge iberildik». Lutuň öýündäkiler we onuň aýalyndan başgalar halas bolmazlar» diýdiler. Ybraýym alaýhyssalam: «Olarda ýüz sany musulman kişi ýokmy?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Olarda ýüz sany musulman kişi bar bolsa Hudaýtagala bu belany ibermezdi» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Olarda on sany musulman kişi ýokmy?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Olarda on musulman kişi bolan bolsa, olara bela gelmezdi» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam: «Olarda bir kişi musulman ýokmy?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Bir musulman kişi bar bolsa hem, olar heläk bolmazdylar» diýdi. Ybraýym alaýhyssalam ýyglamaga başlady. Perişdeler: «Biz bu welaýatda bir öýden başga musulman tapmadyk» diýdiler. Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Jebraýyl! Siz ol ýere ýeteniňizde men Luty görmerinmi?» diýdi. Jebraýyl, Mikaýyl we beýleki perişdeler çadyrdan çykdylar. Olar bir mangym bilen Lutuň budunyna ýetdiler. Ybraýym alaýhyssalam bilen Lutuň arasynda bir hyjap perde bar bolsa olaryň hemmesi açyldy. Ybraýym alaýhyssalam olaryň hemmesini gördi. Gijäniň üçden biri geçipdi. Jebraýyl, Mikaýyl we ýene on perişde ýigit suratynda bolup Lut alaýhyssalamyň gapysyna geldiler. Aýat: «Biziň ilçilerimiz Lutuň gapysyna gelenlerinde Lut: «Wah, meniň kowumym bu ýaş owadan oglanlary görse, olara ýaman işi kast ederler» diýip, gamgyn boldy. Olaryň gelmeginden ýüregine darlyk ornaşdy». Emma Lut alaýhyssalam olaryň perişdelerdigini bilmedi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Lut! Sen myhmanlar bilen nähilisiň?» diýdi. Lut alaýhyssalam olary öýe girizdi. Ol gyzlaryna: «Nahar anyklaň. Goý, myhmanlar tagam iýsinler hem garynlaryny doýursynlar. Daň atmazyndan öň myhmanlar ilden çyksynlar. Bozgak adamlar bularyň gelenini duýmasynlar» diýdi. Gyzlar nahar taýýarlamaga durdular. Lutuň aýaly Waýyla (goý, oňa nälet bolsun!) öýüne erkek myhman gelse, öýden çykyp daşarda: «Kapyrlar myhman gelenini bilsinler» diýip oturardy. Käbir alymlar: «Ol öýden-öýe ýöredi we kapyrlara: «Bize görmegeý ýigitler geldi» diýip, habar berdi. Birnäçe wagtdan soň Lutuň öýüniň töweregi kapyrlardan doldy. Aýat: «Lutuň kowumy onuň ýanyna üýşüp geldiler». Lut alaýhyssalam olaryň öňünden garşylap çykdy we: «Siziň üçin meniň gyzlarym ýagşydyr. Siz meniň myhmanlaryma el degirmäň» diýdi. Aýat: «Lut pygamber olara: «Eý, meniň kowumym! Şular meniň gyzlarymdyr. Siziň üçin bu gyzlar oglanlardan päkizedir. Eger siz bir iş etmekçi bolsaňyz olar bilen ediň» diýdi. Ol gelen kapyrlaryň arasynda iki sany ulugy bardy. Lut alaýhyssalam ol ikisine: «Men size bu iki gyzymy jübütlige bereýin. Emma siz meniň myhmanlaryma azar bermäň» diýdi. Olar: «Seniň gyzlaryňa biziň hakymyzyň ýokdugyny sen bilýänsiň. Bize näme gerekdigini seniň özüň gowy bilýärsiň» diýdiler. Lut alaýhyssalam: «Siz Taňrydan gorkuň. Meni myhmanlaryň arasynda ýüzügara etmäň. Siziň araňyzda bir musulman ýokmy?» diýdi. Olar: «Eý, Lut! Sen sözüňi köp etme, myhmanlaryňy bize ber. Eger sen olary bize göwnäp bermeseň, öýüňe girip olary zorluk bilen dartyp çykararys» diýdiler. Lut alaýhyssalam ýyglap öýüne girdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Lut! Sen näme üçin ýyglarsyň?» diýdi. Lut alaýhyssalam bulara ol sözi aýtmaga utandy hem gorkdy. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Lut! Sen gorkma. Biz Allatagalanyň perişdeleridiris. Biz: «Seni bu bozgaklardan gutaraly» diýip geldik. Aýat: «Biz seniň Taňryň ilçileridiris. Olaryň zeleli saňa hergiz degmez» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam ýerinden turdy. Kapyrlar gapyny açyp, girdiler, perişdeleri gördüler we olary tutmakçy boldular. Jebraýyl alaýhyssalam bir owuç toprak aldy we ony olaryň ýüzüne sepdi. Dört ýüz äriň hemmesiniň ýüzleri gara boldy. Olar: «Eý, Lut! Sen jadygöýleri getiripsiň. Olar bu ýerde bizi ýüz gara etdiler. Sen entek howlukma. Seniň myhmanlaryň gitsin, Soňra saňa näme işleri etmeli bolsa, şony ederis. Şonda sen azaby ýagşy görersiň» diýdiler. Il arasynda: «Lut jadygöýleri getiripdir» diýen habar ýaýrady. Gowga artyk boldy. Lut alaýhyssalam gorkdy. Ol Jebraýyl alaýhyssalama: «Bu işiň soňy nähili bolar?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Biz seni bulardan gutaraly diýip geldik. Biz bulary heläk ederis» diýdi. Lut alaýhyssalam: «Sen bulary haçan heläk edersiň?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Men bulary daň atanda heläklärin» diýdi. Aýat: «Olara azaby wada edilen wagt säher wagtydyr». Lut alaýhyssalam daňyň ataryna howlugyp: «Daň haçan atar?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Daň atmagy ýakyn geldi» diýdi. Aýat: «Lut säher wagtyny daş görüp: «Daň bärräkde atmazmy?» diýende, Jebraýyl alaýhyssalm oňa: «Indi säher wagty ýakynda dälmidir» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Lut! Sen bu ilden çyk» diýdi. Lut alaýhyssalam musulman aýalyny, iki gyzyny, düýesini Mikaýyl alaýhyssalamyň ganatyna mündirip, göterip göz açyp-ýumasy salymda on agaçlyk ýere eltip goýdy. Jebraýyl alaýhyssalama perman boldy. Ol kiçi ganatyny ýazdy we Lut alaýhyssalamy ganatynyň üstüne mündürdi. Ol ýeri suwa çenli köwdi we ýeri howa galdyryp göge ýetirdi. Perişdeler towuklaryň sesini eşitdiler. Şol wagt: «Eý, Jebraýyl! Ýeri öwür, özüň onuň astyndan çyk» diýen perman boldy. Jebraýyl alaýhyssalam ýeri öwürdi, özi bolsa onuň astyndan çykdy. Ýatan är-aýal ukudan oýanmadylar we balalar beşikden aýrylmadylar. Suw idişleri taban boldy we bir damja suw dökülmedi. Taňrydan: «Eý, Jebraýyl! Bulary göteren senmi ýa-da Men?» diýen owaz geldi. Jeraýyl alaýhyssalam başyny seždä goýup: «Eý, Taňrym! Men toba etdim» diýdi. Ol çirkin owaz etdi. Haýwanlar Taňrynyň permany bilen bu welaýatdan gaçyp çykdylar. Şol wagt daň ýagtyldy. Taňrydan: «Eý, Jebraýyl! Ol gije inen ýeriňi bir dep!» diýen perman geldi. Jebraýyl alaýhyssalam ol ýeri bir depdi. Onuň depgisiniň zarbyna daşlar atyldy. Iň ilki atylan daş Waýylyň başyna degdi, onuň depesi ýarylyp öldi we dowzaha duwlandy. Ol iliň her birinde ýüz müň söweşjeň kişi bardy. Olar döküldiler, astyn-üstün boldular. Aýat: «Biziň hökümimiz gelen wagty ol welaýatyň üstüni aşak, aşagyny üstün etdik. Olaryň üstüne palçykdan ýasalan daşlary yzly-yzyna ýagdyrdyk». Olaryň her biriniň adyna bir daş ýazylgydy. Ol daş gelip şol kişiniň depesine baryp degýärdi. Olaryň hemmesi gün dogýança heläk boldy. Kapyrlar Taňrynyň gudraty bilen ýok boldular. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |