12:52 Kysasyl enbiýa -37: Ýusup pygamberiň Züleýha gowuşmagynyň beýany | |
ÝUSUP PYGAMBERIŇ ZÜLEÝHA GOWUŞMAGYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Haçanda Züleýha Reýýan patyşa bilen Müsür eziziniň ýanynda: «Ýazygy men etdim, töhmeti men atdym. Ýusupda ýazyk ýok» diýende, Müsür ezizi Züleýhany öýüne iberdi. Ol on sekiz ýyl Ýusup alaýhyssalamyň umydynda oturdy. Ony Müsüriň uluglary dilediler. Ol göwnemedi. Onuň köňlünde Ýusubyň yşky gün-günden artdy. Ol Ýusubyň aýraçylygynda zar-zar ýyglaýardy. Ol hemme malyny Ýusubyň yşkynda pida etdi. Kim Ýusup sözüni aýtsa, ol oňa müň altyn bererdi. Onuň maly tükendi we gallaç boldy. Ýakup pygamber Ýusubyň aýraçylygynda: «Wa, asafa alä Ýusufa» diýerdi. Züleýha aç hem bolsa Ýusup diýerdi, suwsasa hem Ýusup diýerdi. Ýusup diýip suw içse, suwsuzlygy ganardy. Ol on sekiz ýyllap şunuň ýaly gün geçirdi. Günlerde bir gün Ýusup alaýhyssalam awa atlandy. Zü-leýha onuň bu habaryny eşitdi. Onuň bir hyzmatkäri galypdy. Ol oňa: «Sen meniň elimi tutup, onuň geljek ýolunda otur» diýip aýtdy. Hyzmatkäri Züleýhanyň elinden tutup ýola çykardy. Ol ýoluň başynda, uly bir diwaryň düýbünde oturdy. Ýusup alaýhyssalamyň leşgeri peýda bolanda, hyzmatkäri muny Züleýha habar berdi. Züleýha ornundan turup, taýagyny ýere urup belent owaz bilen: «Guly sabyr etmeginiň bereketinden patyşa eden we patyşany şöhwet belasyndan gul eden Allatagala şükür bolsun» diýip aýtdy. Ýusup alaýhyssalam leşgeriniň şowhuny bilen onuň sesini eşitmedi. Hudaýtagala ýele perman berdi. Ýel Züleýhanyň sesini Ýusup alaýhyssalamyň gulagyna ýetirdi. Ol atynyň jylawyny tartdy. Ol bu sesi diňläp, «Eý, Züleýha» diýdi. Züleýha Ýusup alaýhyssalamyň sesini eşitdi we begenip bihuş boldy. Züleýha özüne geldi. Ýusup: «Hany seniň ýaşlygyň, hany seniň gözelligiň?» diýdi. Züleýha: «Men olary seniň yşkyňda ýitirdim» diýdi. Ol: «Seniň malyň-mülküň nirede?» diýip sorady. Züleýha: «Ony men seniň habaryňy getirenlere pida etdim» diýip aýtdy. Ol: «Seniň gözleriňi näme gidirdi?» diýdi. Züleýha: «Seniň pyrakyňda aglamagymyň sebäbinden gözlerim kör boldy» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Indi, sen näme isleýärsiň?» diýdi. Züleýha: «Men seniň ýüzüňi bir gezek görmek isleýärin» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Muny öýe eltiň. Men gelip düşemde ony meniň ýanyma getiriň» diýdi. Züleýhany Ýusup alaýhyssalamyň köşgüne eltdiler. Ol wagt Ýakup pygamber diridi. Ol Züleýhanyň kyssasyny eşidipdi. Ol Züleýhany çagyryp, onuň başyndan geçen wakalary sorady. Ol Ýakup pygambere hemmesini dogurlyk bilen aýdyp berdi. Ýakup pygamber: «Eý, Züleýha! Ýusubyň yşky heniz-heniz hem seniň köňlüňde barmy?» diýdi. Züleýha: «Meniň oňa yşgym öňküsinden artykdyr» diýdi. Ýusup alaýhyssalamyň elinde gamçy bardy. Züleýha: «Eý, Ýusup! Gamçyny meniň agzyma tut!» diýdi. Ol gamçyny Züleýhanyň agzyna tutdy. Züleýha bir gezek: «Ah» diýdi. Onuň agzyndan ot çykdy we gamçyny köýdürdi. Ol altyndan bolan gamçy eräp akdy. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Züleýha! Seniň kümüşden butuň bardy. Sen ony näme etdiň?» diýdi. Züleýha: «Bir gün men turup onuň ýanyna bardym we oňa: «Segsen ýyl boldy, men saňa çokunýaryn. Men indi garradym we kempir boldum. Bu gün meniň senden üç sany hajatym bar. Birinji, meniň ýaşlygymy gaýtaryp ber, ikinji, öňki görkümi gaýtaryp ber, üçünji, gözümi görer ýaly et» diýip aýtdym. Men köp aýtdym, emma ondan jogap bolmady. Meniň gaharym gelip, ol buty para-para etdim, soňra ony oda ýakdym. Indi men seniň ýanyňa geldim. Meniň dört sany hajatym bar, olary Hudaýtagaladan maňa diläp ber. Eger sen kabul etseň, olary aýdaýyn» diýdi. Ýusup alaýhyssalam kabul etdi we oňa: «Aýt» diýdi. Züleýha: «Meniň birinji hajatym, meniň ýaşlygymy gaýtaryp bersin. Ikinji hajatym, görkümi gaýtaryp bersin, üçünji hajatym, gözümi görer ýaly etsin. Meniň bu üç hajatymy bitirse, onsoň dördünji hajatymy aýtjak» diýdi. Ýusup alaýhyssalam Ýakup pygamberden dileg etmegini sorady. Ýakup pygamber dileg etdi. Züleýha ýaş gyz boldy, görki gaýdyp geldi we gözleri gördi. Züleýha şol wagt iman getirdi we musulman boldy. Ýusup alaýhyssalam: «Seniň ol bir hajatyň nämedir?» diýip sorady. Züleýha: «Ol hajatym, sen meni öz nikaňa al» diýdi. Ýusup alaýhyssalamyň gahary geldi. Ol Züleýhany daşary kowdurdy. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam geldi. Ol Ýakup pygambere salam berdi we: «Eý, Ýakup! Hudaýtagala Ýusuba wadasyny berjaý etsiň, Züleýhanyň hajatyny bitirsin we ony nika bilen alsyn diýip aýdýar» diýdi. Ýakup pygamber Ýusup alaýhyssalama Hudaýtagalanyň permanyny ýetirdi. Hudaýtagalanyň permany bilen Züleýha we Ýusuba nika gyýmak üçin Jebraýyl alaýhyssalam ýetişdi. Howa enemizi Adam atamyza nika gyýlanda Hudaýtagala öz aryg zaty bilen hutba okapdy. Ol hutba Adam alaýhyssalamyň kyssasynda aýdylypdy. Jebraýyl alaýhyssalam ol hutbany okady we nika gyýdy. Müsür halkynyň hemmesi begendi. Ýakup pygamber Hudaýtagala şükür etdi. Aýdypdyrlar: Hudaýtagala Züleýhanyň köňlündäki yşky Ýusup alaýhyssalamyň köňlüne, Züleýhanyň köňlüne bolsa Öz yşkyny saldy. Züleýha gije-gündiz Hudaýtagala tagat edip başlady. Ol Ýusup alaýhyssalamyň yşkyny unutdy. Habarlarda aýdylşyna görä, haçan Ýusup alaýhyssalam Züleýha tarap ugrasa, ol ondan gaçardy. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Züleýha! Şu çaka çenli men senden gaçardym, sen meniň yzymdan ýüwürerdiň. Indi näme boldy? Men seniň yzyňdan ýüwürýärin, sen bolsa menden gaçýarsyň» diýdi. Züleýha: «Şu wagta çenli seni mähriban gördüm we saňa ymtyldym. Indi men Hudaýtagalany mähriban görýärin we Oňa sygynýaryn. Aýat: «Allatagala mähribandyr we bilijidir». Ol gün men Ondan hezzet-hormat gördüm. Şonuň üçin Oňa köňül berdim, Ony eziz gördüm we Oňa tarap aýlandym» diýdi. Aýat: «Allatagala ezizdir we rehimdardyr». Ýusup alaýhysalam Züleýha tarap ugrady, ol ony tutjak bolup yzyndan kowalady. Züleýha gaçdy. Ýusup alaýhyssalam onuň yzyndan ýüwürdi we Züleýhanyň artky eteginden tutup tartdy. Onuň köýnegi ýyrtyldy. Züleýha oňa öwrülip: «Eý, Ýusup! Köýnek ornuna köýnek ýyrtyldy» diýdi. Hekaýat. Bagdat halypasy Harun Reşit bir ýyl Bagdat halkyna aşlyk berip, olaryň hemmesini satyn aldy we olara gulluk hatyny berdi. Ol bir gün atlanyp meýdana çykdy we: «Eý, Bagdat halky! Meýdana çykyň!» diýip, jar çekdirdi. Ol hazynada bar bolan altyn-kümüşleri gatyrlara ýükledip çykartdy. Halkyň gulluk hatyny getirtdi. Ol ýene: «Eý, Bagdat halky! Men siziň hemmäňizi Allatagalanyň razylygy üçin gulçulykdan azat etdim» diýip, jar çekdirdi. Olaryň hatlaryny özlerine berdi. Hemme hazynany olara bagyşlady. Halk hazynany paýlaşdy. Bir gul aýal mal-baýlyga bakmady we hatyny almady. Ol Harunyň etegini tutdy. Halaýyk muny geň görüp: «Eý, aýal! Hemme kişi azatlyk hatyny we mal-haryt aldy. Sen näme üçin almaýarsyň?» diýdi. Ol: «Men hemme halaýygyň mundan mal-haryt alandygyny gördüm. Meniň maly goýup, onuň eteginden tutmagymyň sebäbi – men muny söýdüm. Meniň mundan maksadym hasyl bolsun» diýdi. Züleýha hem şunuň ýaly: «Eý, Ýusup! Men seni söýdüm, men saňa köňül berdim, men saňa ýalbardym, sen maňa bakmadyň, eşitmediň. Onsoň men ýaradan Taňryma döndüm. Men ol gapa tapyg etmäge ýapyşdym. Ol maňa ýaşlygymy, görkümi we gözümi gaýtaryp berdi. Ahyry Ol sen dek söwer ýaryma gowuşdyrdy. Men onsoň ol gapyny nähili goýaýyn, Onuň hyzmatyny nähili etmäýin?» diýdi. Müsür halky begenip oňa mallary bagyşladylar we sowgatlary getirdiler. Züleýha olaryň baryny Ýusup alaýhyssalamyň doganlaryna berdi. Ýusup alaýhyssalam bilen Züleýha on sekiz ýyl ömrüni birlikde geçirdi. Olardan ýedi perzent boldy: bäş ogul we iki gyz. Aýdypdyrlar: Züleýha bilen Ýusup alaýhyssalama nika gyýylandan soň ol ikisi hylwat etdiler. Züleýha aýtdy: «Eý, Ýusup! Şu wagta çenli men seni söýmegimiň sebäbi seniň görküňdi. Görklüligi söýmek aýyp däldir. Meniň öňki ärim baýdy. Ol maňa ýakynlaşmazdy. Men on sekiz ýaşda oňa düşdüm. Şu wagta çenli men är bilen gowuşmak lezzetini görmedim. Men eneden doguşym ýaly päkdirin. Haçan ärim maňa tarap ugrasa, ol gaty gygyryp menden gaçardy. Men ondan sorasam ol: «Haçan men seniň ýanyňa ugrasam, seniň arkaňda iki sany arslan gelip, maňa topulardy. Men olardan gaçardym» diýip aýdardy. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Züleýha! Ol iki arslan däldi, eýýsem olar perişdelerdi. Hudaýtagalanyň permany bilen olar ol kapyrdan seni meniň üçin päk sakladylar» diýdi. Ýusup alaýhyssalam Züleýha gowşanda ol eneden dogan gyz ýalydy. Şol wagt Züleýha bu şygry okady: Iki naňdan seni söýdüm, eý köňüller zynaty, Ermedi oýnaşlygymdan uşbu nebsim ragbaty. Sende görk erdi melahat menme ýaş oglan kiçik, Görse görklülerni söýmek enbiýalar sünneti. Ikilenç ärim Eziz gannyn erdi belgilik, Tirik erkençe tugalga zahyr erdi gunnaty. Nägehan ärim Eziz ugraýu gelse ol maňa, Gaçyrardy any menden iki arslan haýbaty. Men eneden dogmyşym dek hem erer men uşbu gün, Imdige tegru tenime degmedi är lezzeti. Aýdaýyn şükrün Izige tagat içre katlanyp. Kaýda biliner tekmelere uşbu nygmat gymmaty. Görkde usmat, yşkda wuslat, mülk, nubuwwat bu kamug. Gullar uzre ger telim bar Möwlamyzyň minneti. Aýdypdyrlar: Hudaýtagala haýsy aýaly pygamberlere ýazgyt etse, ol aýaly Ýusuba saklaýşy ýaly kapyrlardan päk saklardy. Sowal: Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam Hatyjany açyk ýüz bilen almanmydy? Jogap: Hudaýtagala ol aýallaryň öňki ärlerini bir dürli derde sataşdyrdy. Olar hatynlaryna Müsür ezizi ýaly gowşup bilmediler. Ýigrimi ýyldan Ýakup pygamber öldi. Reýýan patyşanyň ornuna onuň ogly oturdy. Emma onuň hemme mülküni Ýusup alaýhyssalam bilerdi. Ýusup alaýhyssalam atasyndan soň ýigrimi dört ýyl ömür sürdi. Ondan soň ol üç aý ýedi gün hassa boldy. Ahyry onuň ömri ahyryna ýakyn geldi. Ol: «Eý, Taňrym! Maňa mülk berdiň, şeýle hem şerigat ylmyny, düýş ylmyny öwretdiň» diýip aýtdy. Aýat: Ol: «Eý, Taňrym! Sen maňa patyşalyk mülküni berdiň, düýşleri ýormagy öwretdiň» diýdi. Sowal: Ýusup alaýhyssalamyň aýdan mülki nähilidi? Muňa ýedi dürli jogap bardyr: Birinji jogap, oňa göripçilik etdiler. Ol oňa gaýgyly boldy. Ikinji jogap, görk mülküdi. Üçünji jogap, köňül mülküdi. Görenler Ýusuby görüp söýdüler, görmedikler eşidip söýdüler. Dördünji jogap, sahylyk mülki. Açlyk ýyllarynda Ýusupdan eli açyk adam ýokdy. Bäşinji jogap, Pygamberlik mülki. Oňa on sekiz ýaşynda pygamberlik berildi. Altynjy jogap, ol Allatagalanyň kazasyna razydy, sabyrlydy, kanagatlydy. Ýedinji jogap, oňa Müsür welaýatynyň mülki berildi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Sen meni, ýeri we asmanlary ýaradyjysyň! Eý, Taňrym! Sen meni guýudan çykardyň. Gulçulykdan halas edip, patyşalyk berdiň. Eý, Taňrym! Sen dünýäde we ahyretde ygtyýarlysyň» diýdi. Aýat: Ol: «Eý, Taňrym! Sen meniň dünýäde we ahyretde meniň işimi ýola goýujysyň. Eý, Taňrym! Sen meni dünýäde eziz we hormatly etdiň. Meni dünýäden ahyrete baranymda iman we yslam bilen elt. Aýat: «Sen meniň janymy musulman halymda al we öz ýagşy bendeleriňe goş» diýdi. Sowal: Şerigatda ölümiňi dilemek rowa däl. Ýusup alaýhyssalam: «Janymy al» diýdi. Muňa sebäp nämedir? Jogap: Ýusup alaýhyssalam ölüm dilemedi. Ol: «Ajalym ýetse, yslam bilen ölüm ber» diýdi. Sowal: Pygamberlerde hatyma gorkunjy ýok. Onuň: «Musulman edip janymy al» diýmegine sebäp nämedir? Jogap: Onuň bu sözi özgelere tälim üçindi. Ýusup alaýhyssalamyň özüni nygmatly mülküň we pygamberligiň içinde gördi. Hemme nygmatlara soň ýok bolmak bardyr, diriligiň yzyndan ölüm bardyr. Gündiziň yzyndan gije geler. Käse dolsa döküler. Ol bu alamatlary görüp: «Meniň dünýäde nygmatym tamam boldy. Meniň dünýäden gitjek wagtym geldi. Eý, Taňrym! Meni musulman edip öldür. Meni salyh bendeleriňe goş!» diýdi. Sowal: Ol: «Salyh bendeleriňe goş» diýip dileg etdi. Salyhlar kimlerdir? Jogap: Birinji salyhlar, jennetilerdir. Ikinji salyhlar, weliler we muttakylardyr. Üçünji salyhlar, onuň ata-babalarydyr, ýagny Ybraýym alaýhyssalam, Yshak alaýhyssalam, Ýakup alaýhyssalamdyr. Ýusup alaýhyssalamyň bu dilegi kabul boldy. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Hudaýtagala size salam iberdi. Ol: «Indi seniň üç günlük ömrüň galypdyr. Sen ahyret işine taýýar bol» diýip aýtdy» diýdi. Ýusup alaýhyssalam Ýehuda: «Men ölsem sen daşdan tabyt ýasap, ony meniň bilen Nil derýasyna sal. Biziň urugymyzdan Musa atly pygamber çykar. Ol meni derýadan alyp, Kengana eltip, ata-babama goşar» diýip, wesýet etdi. Üç gün tamam boldy. Ezraýyl perişde gelip Ýusup alaýhyssalamyň janyny aldy. Ýehuda daşdan bir tabyt taraşlady we Ýusup alaýhyssalamyň jesedini oňa salyp, Nil derýasyna taşlady. Aýdypdyrlar: Bu kyssada ybratlar köpdür. Olaryň hemmesini aýtmak melal getirer. Olaryň röwşenrägi: «Ýusup alaýhyssalama agalary ýamanlyk etdi» diýip olary ýazgarmak rowa däl¬dir. Çünki Ýusup alaýhyssalam olary bagyşlady. Hudaýtagala hem olaryň günälerini geçirdi. Bu işde olary ýaman görmek sözi zaýalamakdyr. Ol iş gaýyp älemden gelipdi. Aýat: «Ýusup baradaky kyssa gaýyp habarlardandyr. Biz ony size habar berdik». «Eý, Muhammet! Sen ýokduň. Ýusuba niçik hallar gelip ýetdi? Oňa agalary nähili işler etdiler? Sen ony görmediň. Aýat: «Eý, Muhammet! Sen olaryň arasynda ýokduň. Olar jemlenişip Ýusuba mekirlik etdiler». Men saňa: «Olaryň işlerinden pent-nesihat al» diýip, habar berdim. Bu kyssada aňly kişilere köp öwüt-nesihat bardyr». Elbetde, bu zatlaryň dogrusyny Allatagalanyň özi ýagşy bilýändir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |