21:11 Kysasyl enbiýa -38: Hezreti Eýýup alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
ON ÝEDINJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HEZRETI EÝÝUP ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Hezreti Eýýup alaýhyssalam: «Maňa bir muşakgatlyk ýetişdi» diýen aýat bilen alty müň jübüt gurduň azabyna sataşyp, dat-perýat etdi. Ol: «Biz onuň agyr keselde hem sabyrlydygyny bildik» diýen aýat bilen Taňrynyň gaşynda hormat-sylaga eýe boldy. Ol: «Biz onuň ähline we onuň öz ýanyndaky oňa meňzeşlere rehmet etdik» diýen aýat bilen keramatly boldy. Ol: «Bir gysym oty eliňe al, şol ot bilen aýalyňy ur. Ýöne, sen içen antyňy bozma» diýip Allatagaladan owaz eşiden Eýýup alaýhyssalamdyr. Nazm Gel, eşit, erdi pygamber sözleri, Enbiýa hakdan belany sordy hahlap özleri. Hak üçin geçdiler malu-dowar, düýeden, Bir zamanda öldüler ýedi ogul, üç gyzlary. Öz etini sabr edip, gurda iýdirdi her demi, Üç nemerse goýdy, galdy ýürek, hem gözleri. Geçdi mähnet, gitdi yllat, artdy hezret gurbaty. Taňry syhhat berdi, dogdy müşteri ýyldyzlary. Onuň nesebi şeýledir: Eýýup Magsup ibn Rawah ibn Rum ibn Yshak nebialla ibn Ybraýym halylylla. Hezreti Eýýup alaýhyssalam rumlydy. Onuň enesi Lut pygamberiň gyzydyr. Onuň hatynynyň ady Rahymadyr. Ol Efrahym bin Ýusup alaýhyssalamyň gyzydyr. Yýazyň urugyndan iki pygamber boldy. Onuň biri Eýýup alaýhyssalamdyr, beýlekisi bolsa Şugaýp alaýhyssalamdyr. Eýýup alaýhyssalamyň ata urugyndan bir garyndaşy bardy. Ol Horan welaýatyndan bolan Bähil atly bir kapyrdy. Ol welaýatda ýigrimi iki oba bardy. Bähil buta sežde ederdi. Ol butuň ady Sulsdy. Onuň gözi altyndan, gollary kümüşden, aýaklary bolsa lagldandy. Bu Bähiliň bäş ýüz müň hakynatutma goşuny bardy. Ol: «Maňa bir ogul ber» diýip, kyrk ýyl buta sežde etdi. Bir gün Jebraýyl alaýhyssalam gelip, Eýýup alaýhyssalama: «Hudaýtagala size salam aýtdy, pygamberlik iberdi we Ol size: «Baryp Bähili imana çagyrsyn, goý ol musulman bolsun, Hudaýtagalany bir bilsin, seniň Allatagalanyň pygamberidigiňi bilsin diýip, perman berdi» diýdi. Eýýup alaýhyssalam pygamberlik işine buýrulanda kembagal erdi. Ol aýaklaryna köwşüni geýip, gollaryna bolsa hasasyny alyp, Horan şäherine bardy. Ol Bähiliň ýanyna geldi. Bähil Eýýup alaýhyssalamy görüp tanady. Ol ýerinden turup, Eýýup alaýhyssalam bilen görşüp, oňa öz ornundan ýer berip oturtdy. Eýýup alaýhyssalam: «Eý, Bähil! Men saňa nesihat bermäge geldim» diýdi. Bähil oňa: «Beýle bolsa, ýagşy bolar» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Hudaýtagala meni siziň üstüňize iberdi» diýdi. Bähil oňa: «Sen haýsy «hudaýy» aýdýarsyň?» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Meni, seni we hemme älem-jahany ýara¬dan Hudaýtagalany aýdýaryn» diýdi. Bähil: «Ol seni meniň ýanyma näme üçin iberdi?» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Sen: «Lä ilähe illallahu, enne Eýýube resulallahu» diýip aýt» diýdi. Bähil arkasyna bakyp, gülüp, öz-özüne aýtdy: «Bu Eýýup kembagaldyr. Ol menden bir zat tama edip gelendir». Soňra ol Eýýuba: «Bir müň goýun beriň» diýip buýurdy. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip aýtdy: «Eý, Eýýup! Bähil näme berse ony al. Sen oňa ýok diýme». Bähiliň sözi bilen oňa bir müň goýun berdiler. Eýýup alaýhyssalam ikinji gün ýene geldi we aýtdy: «Eý, Bähil! Hudaý birdir, men onuň pygamberidirin». Bähil aýtdy: «Oňa bir müň öküz beriň» diýdi. Oňa bir müň öküz berdiler. Eýýup alaýhyssalam üçünji gün ýene geldi we: «Eý, Bähil! Sen: «Lä ilähe illallahu we Eýýubu resulallahu» diýip aýt» diýdi. Bähil: «Muňa bir müň at beriň» diýdi. Oňa bir müň at berdiler. Eýýup alaýhyssalam dördünji gün ýene geldi we: «Eý, Bähil! Sen Hudaýy bir bil, meni Onuň pygamberidigimi bil» diýdi. Bähil: «Muňa bir müň düýe beriň» diýdi. Oňa bir müň düýe berdiler. Eýýup alaýhyssalam bäşinji gün ýene geldi. Bu gezek hezreti Eýýup geplemänkä, Bähil: «Eý, Eýýup! Men kyrk ýyldan bäri öz Taňrymdan bir perzent diledim. Emma ol maňa muny bermedi. Eger seniň Taňryň maňa bir perzent berse, onda men Oňa iman getireýin» diýdi. Ol zaman ol ogul diýmegi unutdy. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip, Eýýup alaýhyssalama: «Bähil näme diýse, sen ony kabul et!» diýdi. Hezreti Eýýup Bähiliň sözüni kabul etdi. Ol Bähil şert kyldy. Aýdypdyrlar: Bähil ol gije bir söwer kenizegi bilen söhbet etdi. Ol kenizek göwreli boldy. Bähil uklady we düýş gördi. Asmandan bir deşik merwerit düşdi. Ol merweritden bir arslan çykdy. Ol arslanyň agzyndan ot çykdy we ol ot Günbatar tarapa ýazyldy. Bu ýerde Bähil oýandy. Ertesi ol düýş ýorujylary ýygnady. Ol bulara özüniň gören düýşüni beýan etdi. Düýş ýorujylar: «Eger sen abat merwerit gören bolsaň, perzendiň ogul bolardy. Emma sen deşik merwerit görüpsiň. Şonuň üçin senden gyz doglar. Ol gyzdan hem bir ogul bolar. Ol ogul ýeten ýerine çenli patyşa bolar» diýdiler. Aradan dokuz aý, dokuz gün we dokuz sagat geçdi. Ol ke¬ni¬zekden bir gyz doguldy. Oňa Kyr Kaýsun diýip at goýdular. Bu gyz köp hoşroý, sahypjemal boldy. Ol gyz ýigrimi ýaşa ýetdi. Bir gün atasy gyzyna ýakyn otyrdy. Gyz ony bilip: «Eý, ata! Her wagt gelseň, sen menden yrakda oturardyň. Bu gün ne ajap maňa ýakyn oturdyň?» diýdi. Bähil: «Eý, Kyr Kaýsun! Men ömrümde sen dek sahypjemaly görmedim. Indi, hatyn är üçindir, är bolsa hatyn üçindir. Sen maňa laýykdyrsyň. Men seni özgelere laýyk görmeýärin» diýdi. Kyr Kaýsun: «Eý, ata! Senden özge bir patyşa beýle işi edenmidir?» diýdi. Bähil: «Men bilmeýärin» diýdi. Gyz: «Eý, ata! Sen başga kişiler beýle işi etseler, sen olara jeza berersiň, belki olar ýalyny öldürdersiň. Beýle işiň senden çykmagy geňdir? diýdi. Bähil gyzdan uýaldy. Turup öýüne bardy. Bir ýyldan soň gyzynyň ýanyna kişi iberip, ondan ötünç sorady. Gyzy atasynyň ötünjini kabul edip: «Men atama sygynýaryn. Ol gelsin, men ony göreýin» diýdi. Muny Bähile baryp aýtdylar. Bähil gyzynyň ýanyna gelip, bükülip oturdy. Ol gyzyna: «Men seniň päkligiňi synap gördüm» diýdi. Gyzy: «Eý, ata! Sen kime sežde edýärsiň?» diýdi. Bähil: «Men Sulsa sežde edýärin» diýdi. Kyr Kaýsun: «Maňa hem bir but ýasadyp ber. Men oňa sežde edeýin» diýdi. Bähil zergärleri ýygnady. Ol olara altyndan bir but ýasatdy. Onuň iki gözüni göwherden goýdular. Ol buty tagta oturtdylar. Atasy gyzyna: «Sen bu buta sežde et» diýdi. Gyz bu buta sežde etmegi adat edindi. Bir gün Kyr Kaýsun aş iýip otyrdy. Birden, bir ak guş geldi. Onuň boýnuna merwerit, aýagyna bolsa ýakut dakylandy. Kyr Kaýsun ol guşy tutjak boldy. Guş uçup, butuň kellesine gondy. Kyr Kaýsun: «Biz saňa «taňry» diýýäris. Seniň başyňa bolsa guş gonýar. Sen nähili taňry bolýarsyň?» diýdi. Ol guş perişdedi. Ol Hudaýtagalanyň permany bilen bu ýere gelipdi. Elkyssa, ol guş oňa: «Eý, Kyr Kaýsun! Bu but taňry däldir. Taňry seni, meni, ýeri we asmany ýaradan bir zatdyr. Eýýup alaýhyssalam seniň ataňy ol Taňrynyň emrine boýun bolmaklyga çagyrýar. Sen hem şol Taňra sežde et» diýip, gözden gaýyp boldy. Ondan soň Kyr Kaýsun: «Men bu buta ynanmaýaryn. Ony meýdana alyp çykyp, demir bilen urup owradyň» diýip buýurdy. Kenizekler ony süýräp, daşary alyp çykyp, çekiç bilen urup uşatdylar. Kyr Kaýsun ony garyp-biçärelere bölüp berdi. Ol diňe onuň göwherden gözüni alyp galdy. Bir gün onuň ýanyna bir gedaý geldi. Ol: «Meniň dostum Alladyr» diýdi. Gyz oňa butuň göwherden iki gözüni berdi. Ol gedaý göwheriň bahasyny bilmeýärdi. Gedaý göwheri bazara alyp bardy. Ol: «Men bu göwheri iki altyna satjak» diýdi. Bazar halky ol gedaýy tutup: «Sen bu göwheri nireden aldyň?» diýdi. Ol gedaý: «Muny maňa Kyr Kaýsun öz saraýynda berdi» diýdi. Bazaryň begi: «Men bu göwheri patyşa müň altyndan alyp beripdim. Sen: «Muny iki altyna satjak diýýärsiň». Ol gedaýy tutup, Bähiliň ordasyna alyp geldiler. Bu wakany Bähile baryp aýtdylar. Bähil: «Ony meniň ýanyma alyp geliň» diýip buýurdy. Ol gedaýy patyşanyň ýany¬na alyp bardylar. Bähil ol göwheri görüp tanady. Ol gedaýdan ony nireden alandygyny sorady. Gedaý ony özüne Kyr Kaýsunyň saraýynda berendigini aýtdy. Patyşa gyzynyň ýanyna bir adam iberdi. Kyr Kaýsuny atasynyň ýanyna alyp geldiler. Bähil ondan: «Seniň taňryň nirede?» diýip sorady. Kyr Kaýsun: «Ol taňry däldir. Men ony döwüp, gedaýlara paýladym» diýdi. Bähil turup gyzynyň ýanyna geldi we: «Ol taňrydyr» diýdi. Gyzy: «Ol taňry däl eken. Onuň başyna guş gondy. Onuň üçin men ony taşladym» diýdi. Bähil: «Indi seniň taňryň haýsydyr?» diýdi. Kyr Kaýsun: «Meniň Taňrym Alladyr. Ol seni we meni ýaradandyr. Eýýup alaýhyssalam hem seni ol Taňra uýmaga çagyrýar» diýdi. Bähil gamgyn boldy. Ol gyzyna nesihat etdi. Gyzy ony kabul etmedi. Atasy gyzyndan öýkeledi. Ol wezirlerine: «Meniň gyzym taňrysyndan ýüz öwrüp, başga taňra sežde edýär. Munuň jezasy nämedir?» diýip geňeşdi. Wezir-wekiller: «Eý, patyşa! Hatynyň akyly kemter bolýandyr. Ol pälinden bu gün gaýtmasa hem ertir gaýdar» diýdiler. Bähil gyzynyň ýanyna gelip: «Eý, gyzym! Bu nähili ýoldur? Sen ony nireden çykardyň?» diýdi. Gyzy: «Bu dogry ýoldur. Ol Eýýup alaýhyssalamyň ýoludyr» diýdi. Bähil: «Eý, gyzym! Sen bu ýoldan ýan, bolmasa men seni gaty azaplara sezewar ederin» diýdi. Gyzy: «Men ýigrimi ýyl ömrümi rahatlyk bilen ötürdim. Indi galan ömrüm muşakgatlyk bilen ötse hem men bu ynanjymdan dänmerin» diýdi. Ondan soň bu gyza kempirler gelip nesihat berdiler. Gyz olaryň sözüni hem kabul etmedi. Bähiliň gyzynyň bu bolşuna gahary gelip: «Meniň gyzym Taňrysyny döwüp uşadypdyr. Men onuň goluny keserin» diýdi. Kyr Kaýsun: «Men Hudaýtagala ýüz öwürdim. Atam meni öldürse hem men ondan gaýtmaryn» diýdi. Bähil: «Onuň sag goluny kesiň» diýip buýurdy. Onuň sag goluny kesdiler. Ol sabyr etdi. Emma Allatagaladan dänmedi. Bähil gyzyny şäherden çykaryp kowmaklygy buýurdy. Kyr Kaýsuny şäherden çykardylar. Şäherden ýedi agaç uzaklykda bir baba bardy. Gyzy şol ýere eltip goýdular. Ol kesilen goluny göterip gezdi. Hudaýtagala onuň ýanyna ol guşy iberdi. Ol etrapda Saraýa atly bir welaýat bardy. Ol guş gyzy şol welaýata eltip goýdy. Şol welaýatyň Meswil atly bir patyşasy bardy. Meswil bir gün awa çykdy. Patyşanyň bir nökeri towşany kowalady. Ol towşan gelip, Kyr Kaýsundan pena diledi. Ol nöker Kyr Kaýsuny gördi. Görse, ol bir ajap sahypjemal gyz eken. Nöker bolan wakany patyşanyň ýanyna gelip beýan etdi. Meswil ol gyzyň ýanyna geldi. Patyşanyň gyzy görüp, oňa köňli gitdi we gyza ýakyn bardy. Kyr Kaýsun oňa: «Menden daşrakda dur» diýdi. Meswil oňa: «Sen hüýrmi ýa-da peri?» diýdi. Kyr Kaýsun: «Men adamdyryn» diýdi. Meswil: «Seniň adyň nämedir?» diýdi. Gyz bolsa oňa: «Seniň meniň adym bilen näme işiň bar?» diýdi. Meswil oňa: «Sen nireden geldiň?» diýdi. Kyr Kaýsun: «Men nireden gelenimdigi bilen seniň näme işiň bar?» diýdi. Meswil: «Eý, gyz! Seniň ýeriň bu taýy däldir. Men seni şähere alyp baraýyn» diýdi. Gyz: «Sen maňa mährem dälsiň. Men seniň bilen barmaryn» diýdi. Meswil: «Meniň garyndaşlarym bar. Olar bilen ýöräý» diýip, kejebe ge¬tirdi. Kyr Kaýsuny oňa mündürip şähere alyp geldiler. Meswi¬liň enesi bardy. Ol enesine: «Eý, ene! Men derýanyň kenaryn¬dan bir gyz tapdym. Ol örän owadan eken. Men ony saňa tab¬şy¬raýyn. Onuň bir goly ýok eken. Sen ol gyza ýagşy gara. Onuň köňlüni awla!» diýdi. Enesi oglunyň bu sözüni kabul etdi. Bir gün Meswil haremhana girip otyrdy. Onuň gözi Kyr Kaýsuna düşdi. Onuň sabyr-takaty galmady we: «Eý, Kyr Kaýsun! Meniň ýedi ýurtda hökümdarlygym bar. Men seni ulug kylaýyn. Ýöne sen meni kabul et» diýdi. Gyz: «Men saňa laýyk däldirin. Men bir aýyply gyzdyryn» diýdi. Meswil: «Men seni aýybyň bilen kabul edýärin» diýdi. Gyz: «Men özge dindedirin, sen bolsa başga dindesiň. Eý, patyşa! Men size laýyk hatyn däldirin. Siz maňa azar bermäň» diýdi. Meswil: «Siziň diniňiz haýsydyr?» diýdi. Gyz: «Eýýup pygamberiň dinidir» diýdi. Meswil: «Siziň taňryňyz näçedir?» diýdi. Gyz: «Meniň Taňrym birdir. Onuň meňzeşi hem taýy ýokdur. Ol seni ýaratdy, saňa mülk berdi, ýene ýedi gat ýeri, ýedi gat asmany ýaratdy. Onuň Arşdan ýokarda azamaty bar. Onuň hemme işe güýji ýetýändir» diýdi. Meswil: «Sen Taňryňy şeýle wasp edýärsiň. Sežde etmäge seniň Taňryň mynasyp eken» diýdi. Gyz: «Sen meniň Taň¬ryma sygynsaň mülküň kemelmez» diýdi. Meswil: «Taňry birdir, Eýýup alaýhyssalam bolsa onuň pygamberidir» diýdi. Ol şeýdip iman getirdi we Kyr Kaýsuny özüne nika kylyp aldy. Meswilden Kyr Kaýsun Bähiliň düýşünde gören ogluna ýükli boldy. Aýalynyň göwresindäki çaga ýedi aýlyk bolanda, Mes¬wile ýagy peýda boldy. Meswil goşun tartyp atlandy. Ol Kyr Kaýsuny enesine tabşyrdy. Kyr Kaýsunyň dokuz aýy tamam boldy. Kyr Kaýsun bir ogul dogdy. Oňa Kyr Kaýsa diýip at goýdular. Meswiliň beýleki hatynlary we çorulary Kyr Kaýsunyň ogul dogurmagyna göripçilik etdiler. Olar Meswiliň dilinden enesine: «Eý, ene! Meniň saňa arzym şeýledir. Ol hatyn ogry eken. Ol ogurlyk edendigi üçin goluny kesip, welaýatdan çykarylyp kowlan eken. Indi, siz hem ony welaýatdan çykaryp kowup goýberiň. Goý, ol nireden gelen bolsa şoňa barsyn» diýip, bir hat ýazdylar. Olar bu haty oglanyň enesine berdiler. Meswiliň enesi ol haty okadyp, eşidip haýran galdy. Ol näme ederini bilmedi. Ol ätiýaç üçin: «Kyr Kaýsun birnäçe gün başga ýere baryp dursun» diýip buýurdy. Emma hatynlar goýman, Kyr Kaýsuny ogly bilen şäherden çykartdylar. Olar: «Patyşanyň hökmi şeýle» diýdiler. Kyr Kaýsuny derýanyň kenaryna getirip gitdiler. Ol ýerde bir il bardy. Ol şol iliň içinde ýaşaberdi. Ol bir goly bilen ogluny terbiýelemäge ejiz geldi. Hudaýtagalanyň emri bilen ol ak guş gelip, Kyr Kaýsunyň goluny ganaty bilen sypalady. Onuň goly öňküsi ýaly boldy. Kyr Kaýsun Hudaýtagala şükür etdi. Meswil söweşden gaýdyp geldi. Ol: «Öňümden Kyr Kaýsun ylgap çykar» diýip umyt etdi. Emma Kyr Kaýsun görünmedi. Ol enesinden sorady. Enesi oňa ol haty görkezdi. Meswil: «Men munuň ýaly haty ibermedim» diýdi. Ol dört tarapa: «Kyr Kaýsuny yzlaň» diýip adam iberdi. Onuň özi hem ony gözläp başlady. Ol derýanyň kenaryndaky ilden bir habar tapdy. Ol gyzdan ötünç sorady. Görse, onuň goly düzelipdir. Kyr Kaýsun: «Muny Hudaýtagala düzetdi» diýdi. Meswil: «Men hem Hudaýtagala ýalbardym. Ol maňa ýardam berdi. Men ýagydan üstün geldim» diýdi. Ondan soň ol Kyr Kaýsuny şähere alyp geldi. Meswiliň enesi hem Kyr Kaýsundan ötünç sorady. Meswil: «Ol haty ýazan segsen hatyny beýebana alyp baryp öldüriň» diýip perman berdi. Olary bu permana laýyklykda öldürdiler. Kyr Kaýsunyň ogly ulaldy. Onuň kaddy-kamaty we akyly zyýada boldy. Ol edermen hem pälwan ýigit bolup ýetişdi. Meswil welaýaty oňa tabşyrdy. Özi bolsa bir gowaga girip, ybadat etmäge meşgul boldy. Bir gün Kyr Kaýsa enesinden: «Sen haýsy welaýatdan bolarsyň?» diýip sorady. Enesi oňa başyndan geçen wakalary birme-bir beýan etdi. Ogly onuň bu sözlerini eşidip, ornundan turdy we: «Hudaýtagalanyň we Eýýup alaýhyssalamyň haky üçin men seniň ol ataňdan ar alaryn. Men ony öldürerin» diýdi. Ol şol sagatda: «Deprek kakyň» diýip, leşger ýygnamagy buýurdy. Ýetmiş müň nöker ýaragy bilen jemlendi. Ol leşger tartyp, Bähiliň üstüne ýörüş etdi. Ol enesi bilen Kyr Kaýsuny hem alyp bardy. Ol Horan welaýatyna ýetip, Bähiliň ýanyna: «Söweş meýdanyna çyksyn» diýip, ilçi iberdi. Bähil ýüz müň kişi bilen meýdana çykdy. Iki goşun uruşdy. Ahyry Bähiliň goşuny asgyn geldi we onuň nökerleriniň her haýsy bir ýana gaçdy. Bähili tutup, Kyr Kaýsanyň enesiniň ýanyna getirdiler we oňa: «Eý, ene! Seniň duşmanyňy tutup getirdik. Indi, ony näme etmelidigini özüň bil» diýdiler. Kyr Kaýsun: «Eý, garry! Sen meni tanaýarmysyň?» diýdi. Bähil: «Sen meniň gyzyma meňzeýärsiň. Emma meniň gyzymyň bir goly kesik bolmaly» diýdi. Kyr Kaýsun: «Seniň gyzyň goluna näme boldy?» diýdi. Bähil: «Ol günä iş edipdi. Onsoň men onuň bir goluny kesipdim. Ol meniň dinimden dänipdi. Men ony welaýatdan kowup çykarypdym. Çünki ony öldürmäge meniň köňlüm bolmandy» diýdi. Kyr Kaýsun: «Sen Eýýup alaýhyssalam bilen: «Eger seniň Hudaýyň maňa perzent berse, men iman getireýin» diýip, äht eden ekeniň. Ondan soň sen düýş görüpsiň. Onda asmandan bir deşik merwerit düşüp, ondan bir arslan çykypdyr. Arslanyň agzyndan ot çykyp, ol ot kybla tarapa ýazylypdyr. Bu gün seniň ol gören düýşüň ýorgudy tassyk boldy. Men seniň gyzyň Kyr Kaýsundyryn, bu bolsa meniň oglum Kyr Kaýsadyr» diýdi. Bähil: «Seniň goluň niçik düzeldi?» diýdi. Kyr Kaýsun: «Sen Hudaýtagala iman getirenim üçin sen meniň golumy kesipdiň. Allatagala öz gudraty bilen, meniň golumy ýene öňküsi ýaly düzetdi» diýdi. Bähil ýerinden ýyglap turup gyzynyň aýagyna ýykylyp, ondan ötünç sorady we musulman boldy. Kyr Kaýsa hem Bähil bilen täzeden görüşdi. Ol Bähile öz welaýatynyň patyşalygyny gaýdyp berdi. Özi enesi bilen öz welaýatyna dolanyp geldi. Ol ýene leşger toplap, günbatara atlandy. Ol bäş aýlyk ýere çenli täze welaýatlary açdy. Ondan soňra Hudaýtagalanyň emri bilen Jebraýyl alaýhyssalam Eýýup alaýhyssalamyň ýanyna gelip: «Eý, Eýýup! Hudaýtagala saňa salam iberýär we ol Bähiliň ýanyna barmaklygyňa perman berýär. Ol saňa onuň ähdinde durýandygyny ýa durmaýandygyny görmekligi tabşyrýar» diýdi. Emma Jebraýyl alaýhyssalam oňa Bähiliň musulman bolandygyny aýtmady. Eýýup alaýhyssalam ýerinden turup, Bähiliň ýanyna geldi we oňa: «Eý, Bähil! Saňa heniz hem iman getirmegiň wagty bolmadymy? Sen Hudaýy bir bilip, meniň pygamberdigime kaýyl bolsaň, niçik bolar?» diýdi. Bähil: «Eý, Eýýup! Men musulman boldum we buty syndyrdym» diýdi. Eýýup alaýhyssalam muňa şat bolup, Bähile şerigatyň hökümlerini öwretdi. Hezreti Eýýup ondan soň Ninewa şäherine geldi. Ol şäherde bir kesel kişi bardy. Ol ýoluň üstünde ýatyp, gedaýçylyk ederdi. Onuň hemme agzasy deşilip, samsyk bolupdy. Eýýup alaýhyssalam onuň ýanyndan ötüp barýardy. Ol kişi oňa: «Eý, Allanyň resuly! Bu keselli meniň öýümiň ýanynda ýatyr. Munuň sesinden ýaňa men durup bilmeýärin. Men oňa sen bu ýerden git diýsem, ol hergiz gitmeýär» diýip arz etdi. Keselli hem hezreti Eýýuba: «Men başga ýerde ýatsam owkatymy tapmaýaryn. Şonuň üçin bir ýyldan bäri bu ýerde ýatyryn» diýip arz etdi. Eýýup alaýhyssalam: «Sen bir ýyldan bäri bu ýerde ýatypsyň. Sen indi birnäçe gün başga ýere baryp ýat. Sen rysgalyň gamyny iýme. Ol mukaddardyr» diýip ötüp gitdi. Ol öýüň eýesi ol kesellä: «Tur, mundan başga ýere baryp ýat, Çünki Eýýup alaýhyssalam saňa şeýle buýurdy» diýdi. Ol keselliniň köňli agyrdy we ol: «Eý, Taňrym! Seniň özüň Eýýup alaýhyssalamyň pygamberiňdigini bilýärsiň. Emma ol maňa rehim etmedi. Sen meniň derdimi Eýýup alaýhyssalama sal» diýip dileg etdi. Hudaýtagala onuň bu dilegini kabul etdi. Ol keselli sagaldy we turup ýola rowana boldy. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Eýýup! Sen näme üçin ol kesellä rehim etmediň?» diýdi. Hezreti Eýýup alaýhyssalam Hudaýtagalanyň munuň üçin özüni ýazgarandygyny bildi. Ol kesellini görmek isledi. Emma ol ony ýerinden tapyp bilmedi. Ninewa şäherindäki hemme kesellileri bir ýere jemlediler. Emma ol kesellini tapmadylar. Ol kesellileriň hemmesine keffarat bolsun diýip tagam berdiler. Emma keffarat bolmady. Hekaýatda şeýle gürrüň getirilipdir: Eýýup alaýhyssalam pakyr-biçärelere mähribandy. Ol açlary dourardy, ýalaňaçlara geýim bererdi we dört ýüz guly, bir müň düýesi, bir müň gatyry bilen söwdagärçilik ederdi. Onuň malynyň hetdi-hasaby ýokdy. Onuň mallarynyň arasynda bir müň garagöz goçgary bardy. Onuň özi uzyn boýly we görmegeý ýüzlüdi. Onuň öňünde: «Belalara sabyrly» diýen hat bardy. Eýýup alaýhyssalamyň özi gije-gündiz Hudaýtagala ybadat ederdi. Ol şäherde üç kişi musulman boldy. Olardan başgalaryň hemmesi kapyrdy. Eýýup alaýhyssalamyň ýaşy togsan üçdi. Ondan ýedi ogul we üç gyz boldy. Bu köp tagat edýän bereketli kişä şeýtan göripçilik etdi. Şeýtan Allatagala: «Eý, Taňrym! Sen Eýýuba köp mal-baýlyk bereniň üçin ol saňa köp ybadat edýär. Eger onuň maly bolman, kynçylyga düşse, ol saňa tagat etmez» diýip, habar berdi. Allatagaladan: «Eý, melgun! Men saňa Eýýubyň hemme malyny, baýlygyny ýok etmäge ýardam we ygtyýar berdim» diýen owaz geldi. Şeýtan muňa begendi. Ol ýaýladaky düýeleriň ýanyna gitdi. Ol bir dem urdy. Onuň agzyndan ot çykyp, hemme düýelere tutaşyp, olary köýdürdi. Şeýtan düýe çopan sypatyna girip, Eýýup alaýhyssalamyň öýüne gelip, bu wakany beýan etdi. Eýýup alaýhyssalam: «Olary maňa Hudaýtagalanyň özi beripdi. Ol ýene olary alandyr» diýip tagata meşgul boldy. Şeýtan goýunlaryň üstüne bardy. Ol bir dem urdy welin, onuň agzyndan ot çykyp, goýunlaryň hemmesini köýdürdi. Ol goýun çopanyň keşbine girip, Eýýup alaýhyssalamyň ýanyna geldi we wakany oňa beýan etdi. Eýýup alaýhyssalam: «Goýunlary maňa Hudaýtagala beripdi. Ol ýene olary alandyr» diýip, ybadata meşgul boldy. Şeýtan onuň ekinleriniň üstüne bardy. Ol bir dem urdy. Onuň agzyndan ot çykyp, ekinleri köýdürdi. Şeýtan melgun daýhan sypatyna girip, Eýýup alaýhyssalamyň ýanyna gelip bu wakany aýdyp berdi. Eýýup alaýhyssalam muňa hem şükür edip, ybadata meşgul boldy. Ertesi şeýtan onuň gul-çorularyna dem urup öldürdi. Soňra gelip bu wakany Eýýup alaýhyssalama: «Eý, Eýýup! Seniň gul-çorularyň hemmesi öldi» diýip mälim etdi. Eýýup alaýhyssalam: «Bu waka Hudaýtagalanyň razylygy üçin bolandyr. Olar biajal ölen däldirler» diýip şükür etdi. Soňra ol tagata meşgul boldy. Şeýtan (goý, oňa nälet bolsun!) gyjalata galdy. Onuň hiç keýpi bolmady we: «Eý, Taňrym! Adam perzendi mal-u-halyna sabyr edýär. Emma ol ogul-gyzyna bela gelse, ol muňa sabyr edip bilmez. Sen maňa onuň ogul-gyzynyň üstünden ygtyýar ber» diýdi. Allatagaladan: «Men saňa muňa ygtyýar berdim» diýip owaz geldi. Eýýup alaýhyssalamyň hemme perzentleri şol wagt bir öýüň içinde okadýan mollasy bilen sapak geçip otyrdylar. Şeýtan gelip ol öýüň sütünini tartyp ýykdy. Eýýup alaýhyssalamyň hemme perzentleri mollasy bilen bilelikde ölüp galdylar. Melgunyň özi mollanyň keşbine girip, Eýýup alaýhyssalamyň ýanyna gelip: «Siziň perzentleriňiziň hemmesini jaý basyp öldürdi. Baryp olaryň jesetlerini alyň» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Maňa perzentleri Allatagalanyň özi beripdi. Ýene özi hem alandyr» diýip, namaza meşgul boldy. Iblisiň (goý, oňa nälet bolsun!) gaýgy-gussasy artdy. Ol hergiz munuň ýaly azar tartmandy. Ol ýene Allatagala: «Adam perzendi hemme işe sabyr-takat edýär. Emma ol özüne bir apat degse, oňa takat edip bilmez. Indi maňa Eýýubyň bedeniniň üstünden ygtyýar ber» diýip arz etdi. Hudaýtagaladan: «Eý, melgun! Men saňa bu ygtyýary hem berdim» diýen owaz geldi. Eýýup alaýhyssalam şol wagt namaz okap otyrdy. Şeýtan ol başyny seždeden göterýänçä bir dem urdy. Onuň bu demi Eýýup alaýhyssalamyň tutuş bedenine ýaýyldy. Onuň bedeninde çişler peýda boldy. Olar ýarylyp deşildi. Her deşikden iki gurçuk peýda boldy. Olar köpelip, alty müň jübüt boldy. Bu gurtlar onuň bedenine ýaýrady. Eýýup alaýhyssalam Allatagala: «Eý, Taňrym! Sen meni bu gurçuklara iýmit edipsiň. Olar meniň gözümi iýmeseler, men Seniň işiňe tomaşa etsem. Olar meniň ýüregimi iýmeseler, men dirilikde bolsam, olar meniň dilimi iýmeseler, men Seniň zukr-u-senaňy, şükrüňi etsem» diýip mynajat etdi. Allatagala onuň bu arzyny kabul etdi. Bu gurtlar onuň gözünden, ýüreginden we dilinden başga ýerlerini iýdiler. Eýýup alaýhyssalamyň kyrk hatyny bardy. Onuň bir kem kyrk hatyny rugsat alyp çykyp gitdi. Ýalňyz Rahyma banu gitmän galdy. Onuň bedeniniň köp ýeri göz ýaly boldy. Onuň bedeniniň deşiklerinden müň gurt girip, müň gurt çykýardy. Onuň bedeni gurtlaryň hereketinden ýaňa bulkuldap durdy. Iblis köçelerde ýöräp: «Eý, halaýyk! Eýýuby sähra kowuň. Onuň keseli ýokançdyr, ol size hem ýokar» diýip gygyryp ýördi. Eýýup alaýhyssalamy ilden çykardylar. Ony bir dagyň ete-gine eltip goýdular. Eýýup alaýhyssalam ol ýerde ýatdy. Rahyma gündiz ile gelip, adamlaryň aş-nanyny bişirip, Eýýup alaýhyssalama birneme owkat taýýarlap, tapyp barardy. Ol şeýdip wagtyny ötürerdi. Muňa hem Iblis (goý, oňa nälet bolsun!) sabyr-takat edip bilmedi. Ol ýene şähere girip: «Eý, halaýyk! Eýýubyň hatyny äriniň ganyny we iriňini sykyp, şol näpäk goly bilen size aş-nan taýýarlap berýär. Ondan iýseňiz, siziň hemmäňiz Eýýup dek dertli bolarsyňyz. Siz ony hergiz öýüňize girizmäň» diýip gygyrdy. Ondan soň ony hiç kim öýüne girizmedi. Adamlar jemlenişip gelip Eýýup alaýhyssalama: «Munuň ýaly gaty azaba duçar bolar ýaly siz näme günä etdiňiz?» diýdiler. Eýýup alaýhyssalam: «Bu azap Allatagalanyň maňa eden aladasy we rehmetidir. Meniň ýetmiş ýyl ömrüm rahatlykda ötdi. Indi meniň galan ömrüm azap bilen ötse ýagşydyr» diýdi. Bir gün Eýýup alaýhyssalam ýerinden turan wagtynda bir gurt ýere düşdi. Hudaýtagala gudraty bilen gurda dil berdi, ol: «Eý, Eýýup! Hudaýtagala bizi sizden ýaratdy. Biziň rysgalymyz hem sizdendir» diýdi. Eýýup alaýhyssalam şol wagt ol gurdy ýerden alyp bedenine goýdy. Haçan gurtlar uruş-dalaş etseler, Eýýup alaýhyssalam: «Dalaşmaň» diýip olary ýaraş-dyryp goýardy. Bir gün Iblis adam suratynda bolup gelip: «Eý, Eýýup! Sen ne jan belasyna galypsyň. Sen Hudaýtagaladan dileseň, Ol seni bu dertden gutarsa!?» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Bela bermegi bilen Taňry, ony götermegi hem özi biler. Bu derdiň aýrylany, aýrylmadygy bilen meniň işim ýokdur» diýdi. Iblis onuň ýanyndan gaýgy-gama batyp gaýtdy. Ýene bir bölek halaýyk gelip: «Eý, Eýýup! Seniň ysyňdan ýaňa bizde hiç sabyr-takat galmady» diýip, ony göterip başga ýere getirip goýdular. Gurtlar ony şeýle gaty iýdiler weli onuň hemme bedeni deşildi. Onuň bedenine bir tarapdan gün düşse, onuň şöhlesi beýleki tarapdan görünerdi. Şu ýagdaýynda hem ol Allatagala ybadat ederdi. Eýýup alaýhyssalamy- hatyny Rahyma banuwa rehimi gelip: «Eý, Rahyma! Hatynlar rahatlykda ärleri bilen dirilik kylarlar. Olar kynçylyga çydap bilmezler. Meniň derdim gün-günden güýçlenýär. Sen köňlüňe agyrlyk alma. Eger isleseň, men seni talak edeýin?» diýdi. Rahyma ýyglap: «Eý, Eýýup! Men siziň rahat, bagtly, döwletli günüňiz barka hatynyňdym. Indi, men kynçylyga düşeniňizde, sizi nähili taşlap gideýin?! Sizden ölüp aýrylmasam, dirilikde aýrylmaryn» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Eý, Rahyma! Senden Allatagala razy bolsun! Men senden razydyryn» diýdi. Bir gün Rahyma şähere barýardy. Şeýtan (goý, oňa nälet bolsun!) bir ýaşuly adam suratynda bolup, oňa uçrady we: «Eý, Rahyma! Men tebipdirin. Meni äriň gaşyna alyp bar. Men oňa däri-derman edeýin» diýdi. Rahyma onuň öňüne düşüp, äriniň ýanyna alyp geldi. Rahyma: «Eý, Eýýup! Men size tebip getirdim» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Maňa Hudaýtagalanyň ýardamy we däri-dermany bolar» diýdi. Şeýtan: «Beýle ada¬myň dowasy bolmaz» diýip, yzyna gamgyn halda gaýtdy. Bir gün Rahyma şähere barýardy. Oňa ýolda şeýtan ýolukdy. Rahyma oňa: «Siz kim?» diýdi. Nälet siňen şeýtan: «Men ýeriň taňrysydyryn. Men Eýýuba gazap edip, oňa bela iberdim. Sen maňa sežde etseň, men Eýýuba rahatlyk bereýin» diýdi. Onda Rahyma: «Men ýeriň taňrysyny bilmeýärin. Men barça mahlugy, asmany hem zemini ýaradan Hudaýtagalany bilýärin» diýdi. Iblis: «Eý, Rahyma! Sen isleseň, men mallaryňyzy we ogul-gyzlaryňyzy direldip bereýin. Meniň taňrydygy¬my bilip, maňa sežde et» diýdi. Şol zaman Iblis döwleri çagyryp: «Siz Rahymanyň malu-perzentleriniň suratynda bolup gö¬rü¬niň» diýdi. Olar şeýtanyň aýdyşy ýaly bolup, Rahymanyň gözüne görnüp durdular. Şeýtan: «Indi meniň taňrydygymy bil¬diňmi? Indi sen maňa sežde et. Şonda men saňa rahatlyk, äriňe keselinden şypa tapmak bereýin» diýdi. Rahyma: «Beýle bolsa, men Eýýup alaýhyssalam bilen geňeşip göreýin. Ol näme diýse, men şonuň bilen bolaýyn» diýdi. Rahyma gelip, bolan wakany oňa beýan etdi. Eýýup alaýhyssalam: «Eý, Rahyma! Ol şeýtandyr. Sen onuň sözüne hiç ynanma» diýdi. Rahyma yzyna dolanyp geldi. Rahyma: «Sen Iblis ekeniň. Men seniň sözüňe girmerin» diýdi. Ondan soň Iblis ýene adam sypatyna girip: «Eý, Eýýup! Hudaýtagaladan bu belany özüňden götermegini dileseň. Ol senden bu belany aýyrsa» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Men ýetmiş ýyl döwletlilikde, nazy-nygmat içinde we rahatlykda ömrümi ötürdim. Ýene ýetmiş ýyl ömrüm azapda ötse hem, maňa hiç zat bolmaz» diýdi. Iblis (goý, oňa nälet bolsun!): «Ýetmiş ýyl azaba sabyr etjek kişileri men nähili azdyraýyn?» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Sen Iblise meňzeýärsiň» diýdi. Iblis: «Hawa, men Iblisdirin» diýip, näumyt bolup gitdi. Adamlar Rahymany öýlerine girizmediler we olar Eýýup alaýhyssalamy uzak ýere eltip taşlamakçy boldular. Ol halda bir perişde adam suratynda bolup gelip: «Eý, halaýyk! Eýýup alaýhyssalam Allatagalanyň pygamberidir. Oňa hergiz azar bermäň» diýdi. Bu perişdäniň sözi adamlara täsir etmedi. Olar Rahyma hiç zat bermediler. Eýýup alaýhyssalam: «Eý, Rahyma! Meni göterip alyp baryp bu halda bir ýolda goý. Belki, ötüjileriň maňa rehimi gelip sadaka bererler» diýdi. Ol halda Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Eýýup! Pygamberlere sadaka iýmek haramdyr. Sen Allatagalanyň iberen muşakgatyna sabyr eýle!» diýdi. Sowal: Hudaýtagala Süleýman alaýhyssalam bilen Eýýup alaýhyssalamy Gurhanyň içinde «Nygmal-abd» diýip atlandyrdy. Olar haýsy amal bilen beýle atlandyryldylar? Jogap: Süleýman alaýhyssalam döwlet içinde şükür etdi. Onuň üçin ol «Ýagşy bende» diýlip atlandyryldy. Eýýup alaýhyssalam derde sabyrly boldy. Bu sebäpden ol: «ýagşy bende» diýip atlandyryldy. Bu ýerden her bendäniň muşakgata sabyr kylyp, nygmata şükür etmeginiň lazymdygy mälim bolýar. Elkyssa, bir gün Rahyma şähere girdi. Ony hiç kim öýüne girizmedi. Ol tagam tapyp bilmän ýöräberdi. Bir hatynyň gözi Rahymanyň saçyna düşdi. Aýdypdyrlar: Rahymanyň on örüm saçy bardy. Onuň sekizi arkasynda, ikisi hem öňündedi. Her sapar Eýýup alaýhyssalam namaza dursa, Rahymanyň öňündäki iki saçyndan tutup, ýerinden turardy. Bu hekaýadan Eýýup alaýhyssalamyň bu ýedi ýylyň içinde namazyny oturyp okamandygy mälim bolýar. Elkyssa, ol hatyn Rahyma: «Maňa bu iki saçyňy ber. Onsoň men saňa tagam bereýin» diýdi. Rahyma: «Meniň arkamdaky saçlaryň birini saýlap al. Bu öňümdäki ikisini goý. Meniň keselli ärim bu saçymdan tutup namaza turýar» diýdi. Ol hatyn unamady. Zeruryýetden ol iki saçyny kesip berdi. Ol hatyn munuň öwezine iki sany nan berdi. Şol zaman Iblis (goý, oňa nälet bolsun!) Rahymadan öňürti gelip, Eýýup alaýhyssalama: «Eý, Eýýup! Şäherde Rahymany kişi bilen tutup, onuň saçyny kesdiler» diýdi. Eýýup alaýhyssalam bu söze çydap bilmedi. Ol: «Rahyma ýüz taýak ursam» diýip niýet edindi. Şu arada onuň bedeninden iki sany gurt ýere düşdi. Ol gurdy alyp ýerine saldy. Bu iki gurt ony gaty dişledi. Eýýup alaýhyssalam perýat edip gygyrdy. Ol iki gurt: «Munuň dil-ýüregini iýeli» diýip niýet etdiler. Eýýup alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Bu iki gurt meniň dilimi iýse, men saňa niçik sena aýdaryn? Olar meniň ýüre¬gi¬mi iýseler, men niçik diri bolaryn?» diýip, nala-perýat etdi. Hezreti Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Ýedi ýyl, ýedi aý, ýedi gün we ýedi sagat bolupdyr, seniň bedeniňi alty müň jübüt gurçuk iýip ýatyr. Sen Allatagalanyň dergähine hergiz nala etmediň. Bu iki gurt iýeni üçin näme sebäpden munça nala kyl¬dyň?» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Men şu wagta çenli sabyr-takat etdim. Indi, men näme hikmet bardygyny bilmeýärin. Bu iki gurduň beren yzasyna çydap bilmedim» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Şu wagta çenli seni gurtlar Allatagalanyň emri bilen iýerdiler. Agyryny Hudaýtagalanyň özi saklardy. Indi, sen ol iki gurdy özüň alyp bedeniňde goý¬duň. Olar indi seni öz ygtyýaryň bilen iýýärler. Onsoň, seniň bedeniň niçik agyrmasyn» diýdi. Eýýup alaýhyssalam Allatagala: «Eý, Taňrym! Maňa bir dert ýetişdi. Elbetde Seniň özüň iň rehimdarsyň» diýip arz etdi. Allatagala onuň bu arzyny kabul etdi we ony ýalkady. Bu mazmuna şu aýat delildir: «Biz onuň arzy¬ny kabul etdik we onuň bedenindäki şeýtan tarapyndan berilýän derdi aýyrdyk. Biz onuň ölen perzentlerini we olaryň meň¬zeşini täzeden direldip gaýtaryp berdik. Biz muny özümizden oňa we ýüreginde duýgy barlary rehmet we ýatlama bolsun diýip etdik». Aýdypdyrlar: Wagty gelip, onuň bu derdine ýedi ýyl, ýedi aý, ýedi gün we ýedi sagat tamam boldy. Jebraýyl alaýhyssalama: «Baryp Eýýup alaýhyssalamy ýerinden turuz» diýen perman boldy. Jebraýyl alaýhyssalam şol wagt bir enar we bir aýwa getirip: «Eý, Eýýup! Bu enary we aýwany iýip ýeriňden gop. Hudaýtagala seni ýalkady. Ol seni beladan halas etdi» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Men nähili gopaýyn?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam onuň gollaryndan tutup gopardy. Ony on iki ga¬dam ýöredip goýdy. Gurtlaryň hemmesi ýere döküldi. Jebraýyl aleýhisalam onuň iki golundan tutup idekledi. Onuň iki ga¬da¬mynyň duran ýerinden iki çeşme peýda boldy. Olaryň biri gyzgyn suwly, beýlekisi bolsa sowuk suwlydy. Eýýup alaýhyssalam gyzgyn suwa gusul kyldy, onuň endamyndaky hemme ýaralary gitdi. Ol sowuk suwdan içdi. Onuň içindäki dertleriň hemmesi aýryldy. Ol öňküsi ýaly sagdyn beden boldy. Jebraýyl alaýhyssalam oňa jennetden bir hülle getirip berdi. Ol ony geýip belent ýere çykyp oturyp, Hudaýtagala şükür etdi. Şol wagt Rahyma geldi. Ol Eýýup alaýhyssalamy ýerinden tapmady. Ol perýat edip aglady. Eýýup alaýhyssalam ony görüp: «Eý, Rahyma! Sen näme üçin ýyglaýarsyň?» diýip gygyrdy. Rahyma: «Meniň Eýýup atly bir kesellim bardy. Men oňa näme bolandygyny bilmeýärin. Eger ony böri iýen bolsa, meni hem goşup iýen bolsa gowy bolardy. Şonda men kyýamat güni onuň bilen birlikde bolardym» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Ol nähili kişidi?» diýdi. Rahyma: «Ol sagdyn wagty size meňzeşdi» diýdi. Eýýup alaýhyssalam: «Ol Eýýup mendirin. Allatagala maňa sagatlyk berdi» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam gelip hezreti Eýýuba: «Eý, Eýýup! Rahyma bigünädir. Ol ýalan sözi aýdan şeýtandyr. Sen: «Rahyma ýüz taýak ursam» diýip äht edipdiň. Sen bugdaýy desseläp üz. Onuň ýüzüsini bir bogup ýere ursaň, sen ähdiňe wepaly bolarsyň» diýip aýtdy. Eýýup alaýhyssalam bu işi buýrulşy ýaly berjaý etdi. Jebraýyl alaýhyssalam ýene: «Eý, Eýýup! Indi sen öýüňe bar. Seniň perzentleriňi we mallaryňy Allatagala direltdi. Sen baryp olary eýeçiligiňe al» diýdi. Eýýup alaýhyssalam öýüne gelse, onuň mal-baýlygy azalman, eýse üç esse köpelipdir. Bir sözde: «Ýere dökülen ol gurtlar altyn çekirtge bolup daşlara ýagdy». Käbir alymlar: «Ol gurtlaryň tuda düşeni pile, ýere düşeni ýer gurdy, alma düşeni alma gurdy, borýa düşeni borýa gurdy boldy» diýipdirler. Eýýup alaýhyssalam ondan soň birnäçe ýyl ömür sürdi. Bir gün Kabyzyl-arwah – Ezraýyl gelip, onuň beden kapasyndan ruh guşuny çykaryp, asmanlara alyp gitdi. Aýat: «Biz Allatagalanyň mülküne degişlidiris. Biz onuň dergähine gaýdyp bararys». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |