15:19 Kyýamat-magşara çenli -10/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
Süleýman beýle-beýle bolar öýdüp ýatsa-tursa oýuna getirenokdy. Ol Magtymgulynyň goşgular kitabyny eline alyp, onuň sahypalaryny manysyz waraklap oturyşyna, depesine inen ahyrzaman lähnetini az-kemem bolsa süýşürjek boldy. Dert agyrdy. Bu dert Magtymgulynyň goşgulary bilen ýeňlederden agyrdy. Ýogsa, Gurban ahunyň Medinede Guba aga aýdan sözi onuň ýadyndady. Guba aga: – Ahun aga jan, ýene bir zat soraýyn. Gurhan ýok bolsa, öýde onuň ornuny tutup biljek kitap bolup bilermi? Ahun aga oýlanypdy. – Ýok, Kuran, Beýik Allatagalanyň sözüdir. Emma ki, Kuran bolmasa, Magtymguly işanyň goşgulary onuň sözüne barabardyr ki, onda Kuranyň manysy bardyr. Hem we bu goşgular seni agyr dertlerden, hesretlerden halas edip biler. – Ho-ho-oý, an-a, an-a! – Wah, ahun aga jan, sadagaň bolaýyn... – Süleýman owf çekdi. – Eý, Allam, bu nähili boldy?! Sen meniň ähli diregimi ýykdyň-a. «Bir işigiňi ýapsam, müň işigini açaryn» diýermişiň-ä, jan Allam, heý, beýle-de bir zat bolarmy? Magtymgulynyň öz derdem ummanlara barabar welin. Süleýman öz ýüküni düýpsüz gördi. Özüni şeýle alaçsyz gördi. Bu kitabyň içindäki goşgular ýangyndan doludy. Onda: «Ýaman hatyn», «dogmadyk», «bidöwlet» ogul barada-da näçe diýseň bardy. Ýöne häzir Süleýmana dogmadyk, bidöwlet ogul bilen betlagam aýalyň derdi dagy däl-de, şol ikisine barýan yssylyk ýodasy gerekdi. Onuň ýanasy däl-de, sähelçejigem bolsa umytlanasy gelýärdi. Ol Käbä baryp ejesiniň, kakasynyň bir wagtky didaryna gowşupdy. Indi gel-gel beýleki diri gezip ýören ezizlerini ýitirmeli däl-ä. Diriniň zaryny çekeniň öliniň zaryny çekeninden müň esse agyr ahyryn. Onsoňam, aýalyň, ogluň gidip, heý, dünýäde diri, başyň dik gezip boljakmy? Onuň namysy seni parça-parça etmeýärmi? «Daglar-daşlar çeke bilmez bu derdi». – U-uf, eý, Hudaý! Ol oýlanýardy-oýlanýardy-da, bu günki bolan gürrüňleri niresine goýjagyny bilenokdy. Aýalynyň gepi oglunyňkydan, oglunyň gepi aýalynyňkydan agyr, niresine goýsa ýakyp barýardy. Dädiş gelende ol aşhanadady. Gap-gaçlary ýuwan bolup otyrdy. Işigiň jany jyňňyrdady. Ol baryp gapyny açdy. Içerik oglundan öň häli ejesiniň üstünden gelýäne meňzeş hem-de ýiti anbaryň ysy kürsäp urdy. – Geldiňmi, oglum? Dädiş köwşüni çykarmanka: – Iýmäge zat barmy? – diýip sorady. Süleýman begendi. – Bar, oglum, bar, gel, eşigiňi çalşyr, gel, köşegim. Dädiş eşiklerinem çykarman aşhana gitdi. Süleýman oglunyň öňünde nahar, salat, suw, çörek goýuşdyrdy. Dädiş açlykdan çykan ýalydy. Hezil edip iýdi. Süleýman oglunyň doýaryna garaşdy. Dädiş naharlanyp turuberjek bolanda, Süleýman ony saklady. – Dädiş jan, otur, bala, seniň bilen bir gürrüňim bar. – Ol gap-gaçlary aýyrdy-da, oglunyň garşysyna geçdi. Köşegim, sen meniň ýalňyz balam. Kakamyň at dakylany. Gel, öýke-kinäni ýekeje minut unudaly. Erkek erkek ýaly bolup gürleşeli. – Ço?! – Diňle, köşegim, balam! Sen menden nämäni gaty görýäň? Sen meni näme üçin ýigrenýäň? Aýt, men ählisi üçin ötünç soraýyn. Ýöne ataly-ogul bolup, birek-birekden gan algymyz bar ýaly bolup ýörmäli. Bormy? Dädiş ýüzüni aşak saldy. – Öýke ýok. Ýöne seniň problemaň başga, meniňki başga. Senden gaty görýän zadym, sen ähli zady hanskiý çözjek bolýaň. Men hiç kimiň şestýorkasy bolasym gelenok. Seniňem. Onsoňam, mamama azar berýäň. Men ony goraryn. Süleýman özelendi. – Bary şolmy? Men ählisi üçin ötünç soraýan, balam. Indi goýaly öýke-kinäni, bormy? – Koneçno! – Oglum, ýene bir mesele bar. Onam maslahatlaşaly. Men şu gün Dürdänäni gördüm! Dädiş atdan ýykylan ýaly boldy. – Kimi? – Dürdenäni. Dädiş zarp bilen ýerinden turdy. – Wot, ilki şundan başlamaly ekeniň. A to, «öýke, kine, izweni»... – Ol düýnki kaddyna ýetdi. – Ýa, ýa, woobşe razgowariwat ne hoçu, ponýatno! Süleýman onuň ýoluny tutdy. Ol häzir gitse, ogly bilen hiç haçan gepleşip bilmejegini bilýärdi. – Otur, köşegim, otur. Men saňa hiç zat diýjek däl. Ýene maslahatlaşaly! Dädiş torsarylyp oturdy. – Balam, ol gyzyň ýagdaýyny özüň bilýäň! Dädiş gözlerini petretdi. – Ço, özi günäkär, özi etdi. Indem žalowatsa edýämi? Men oňa aýtdym näme etmelidigini, dura, kolhoznik... Süleýman ýene özelenip başlady. – Ýok, balam, sen bir zada düşün, ol biziň dowamymyzy göterip ýör. Seniň balaňy, meniň balamy göterip ýör. Ony «ýok etdir» diýeniň bilen ýok edip bolmaz. Käbede eneň, ataň aýtdy. «Ol seniň dowamyň, ony goraň!» diýip. – Mamam, şu mamammy? – Ýok, deduşkaň, oglum! – Ço, o durel, çto-li, olar nädip aýdýarlar? – Men olary gördüm, oglum. Olar indi diri. – Näme, gözüňe görünýär çto-li u tebýa. – Ýok, balam, meniň çynym. Dürdänäniň senden göwreliligini mamaň aýtdy. Ol birhilije edip: «Dürdäne seniň dowamyňy göterip ýörendir, şony aýa!» diýdi. Men ilki düşünmedim. Dürdäne bularyň ýadyna nireden düşýär diýdim. Onsoň şu gün Dürdänäniň ýaşaýan ýerini sorap bardym. Soň düşünip galdym. O görgülem seniň diýeniňi etjek bolup dogtora üç gezek barypdyr. Bir mama bilen bir baba ýoluny kesip durmuşyn: «Ýoo-ok, gitmersiň» diýip. «Düýşümde-de maňa garawul bolýarlar» diýýä. Dädiş az-kem rahatlandy. – Onda, özi bilsin. Süleýman gözüne ýaş aýlady. – Balam, bala jan, däde jan, oglum, beý diýme! Ol çaga nikasyz gezip ýör. Toý edeli, nika gyýaly, öýlen, oglum! Binika dogan çaganyň günäsiniň nämedigine düşün! Özem neresse çaga... Dädiş uzyň saçynyň ýüzüne dökülenlerini eli bilen yzyna daraklady. – Öýlenerin, ýöne başga gyza. Süleýmanyň ýüregi larsyldap başlady. – Ýok, balam, başgasy bolmaz. Dürdäne seniň balaňy göterip ýör. Başgasy diýme. Düşünýäňmi? Dädiş ýerinden turdy. – Men saňa bir zat diýeýin, pahan. – Diý. – Men, öläýsemem şoňa öýlenmen. Ol meni türmä goýberdäýsin. Meniň ýitirýän zadym ýok. Men Sonýany aljak. Olam göwreli. Men şony söýýän. Požaluýsta, men seniň işiňe goşulamok. Senem meniň işime goşulma. – Goşu-la-aryn! – Süleýman özüni saklap bilmedi. – Men seniň Sonýaňam, ponýaňam bilmerin. Bir maşgalanyň namysyny parçalap, indem ony gyzyl guma gardyrmaryn. Dädişiň peşerip başlan saçy bulam-bujar bolup silterlendi. – Gygyrma, gygyrma! – Ol kürsäp öz otagyna girdi-de, ol ýerdenem dazyrdap çykdy, ýene aşhana geldi. – Na! – Onuň zyňan demri stoluň üstüne şaňňyrdap düşdi-de, soň diwara syçrap, pola gaçdy. – Ikimizi baglanyşdyrýan ýeke zat, ana, maşynyň, nu, kak... ýego!.. Süleýman titräp galdy. – Ýoo-ok, ýoo-ok, harlatman, harlatman... Ol ep-esli wagt eňräp oturdy da, birden köşeşdi. Ýöne gözüne uky gelmedi. Magtymgulynyň kitabyndaky bir goşgynyň ikije setirini demine çekdi. «Ýagşy oguldan rahmet arygy akar, Lagnatkerde ogul boldy, bolmady». – Wah, oglum, oglum, lagnatkerde ogul bolduň-da, meni dirije ýakdyň-da, jan balam. – Ol ýene-de bir goşgyny okady-okady-da: Magtymguly kylmyş jigerin bürýan, Ýüregi gan dolmuş, bu çeşm-girýan. Şeýle ajyz galmyş, ýalbaryp her ýan, Rehm eden bolmady, bagtym garadyr. Ol Magtymgulynyň goşgularyny sorkuldaşyp duran ýarasyna melhem edip ýapansoň uka gitdi. 4. Süleýman Durdyýew welaýat Sowetiniň häkiminiň orunbasary Annadurdy Hezretowyň işiginde garaşyp otyrka-da, özüniň näme üçin çagyrylandygyny duýanokdy. «Iş-ä ganymat gidip otyr. Öýde Solmaz, Dädiş diýmeseň, başga bir kynçylygymam ýok. Saglygymam Käbeden gelelim bäri, ganymat...» Onuň ýüreginiň ýaralary sorkuldap başlady. Agşamky dertler ony top okuna tutup ugrady. Dürdänäniň ýaşly gözleri, Solmazyň otdan ýiti, ýakyp barýan sözi, oglunyň her ziresi ýaý bolup bagryňdan parran geçýän helpildäp duran saçy, onuň bagryny deşim-deşim etdi. – Ow-wf! – diýip, ol özem duýman ah çekdi. – Gorkmaň, gorkmaň! – diýip, sekretar gyz oňa göwünlik beren boldy. – Annadurdy Hezretowiç, entek ýanyna girenleriň ýekejesinem iýenok. Şol wagt kabinetden iki sany pyýada haýdaşyp çykdy. Sekretar gyz keýp edip güldi. – Ana, gördüňmi, ikisem diri çykdy kabinetden. Jaň jyňňyrdady. Ol gyz trubkany gulagyna tutup durşuna Süleýmana garşy pyşyrdady. – Familiýaňyz näme? – Meniňmi? Durdyýew. – Durdyýew, Durdyýew. Bor. Ol gyz ýuwaşja pyşyrdady. – Giriberiň. Süleýman içeri ätländen doňup galdy. Törde, ýaýbaň kresloda Knut abşarylyp otyrdy. Ol urduryp daş çykdy-da, «Welaýatyň häkiminiň orunbasary Anna Durdyýewiç Hezretow» diýen ýazgyny okady. – Giriň, giriň. Garaşyp otyr-a. Ol içeri gaýtadan girdi. – Salawmaleýkim! Annadurdy Hezretow ýerinden turup, gadyrly salamlaşdy. – Gurgunmysyňyz? – Şükür. – Süleýmanyň sesi sandyrap çykdy. – Çagalar? – Şükür. – Işle-er? – Şükür. Süleýman guduz it ýaran adamyň nazary bilen Hezretowyň ýüzüne garady. «Knut. Han-a, ýüzünde Müzzelpede degen daşlaryň yzam bar. Ol, ol nädip eýýäm türkmen dilini öwrenip, türkmen adyny alyp ýetişdikän?!» Hezretow söze başlady. – Meni täzelikde geçirdiler, häkimlige. Propaganda ugruny alyp barýan. Özüme degişli edaralaryň işi bilen tanyşýan, hemem biziň ideologik konsepsiýamyzy düşündirýän. – Ol çilim otlandy. Soň Süleýmana garady-da, burugsap duran tütüni gap-gara dodaklarynyň arasyndan zogduryp goýberdi. – Namaz okaýaňmy? – Ýok. – Bolanok, bolanok. Namaz-da oka, oraza-da tut. Öwlüýä zyýarata-da git. – Ol çilimini küldana däl-de, poluň üstüne kakyp goýberdi. – Ýöne, kaneşne, gaty gitmeli däl. Biz entek, Yslam Respublikasy däl. Düşündiň?! – Düşündim. – Telewizorda çykyş etmeli. Biziň welaýatymyzyň häkiminiň dokladlaryndan peýdaly pähimleri propagandirlemeli. Düşündiň?! – Düşündim. – Mysal üçin, «Ir turan işinden dynar!» Ine, onuň şu günki makalasynda bar. Ýa-da... – Ol gazeti eline aldy. – Wot, wot: «Biziň welaýatymyz okuw sistemasyny, çaga terbiýesini, halky terbiýelemek işini dini däpler bilen utgaşykly alyp gider. Geljekde welaýatymyzda ýene-de bir ýüz... metjit gurlar...» Ine, gördüňmi? Şular ýaly pähimleri propagandirlemeli... Süleýman Durdyýew Knutyň türkmençe gürleýşine, onuň ön lenç edip aýdyp ýören zatlarynyň tersine, gypynçsyz, şeýle joşgunly gürläp oturyşyna haýranlar galdy. Ýene-de şu adamyň elinde işlejegine, onuň ýumuşlaryny ýerine ýetirjegine ini düýrükdi. – Ýoldaş Knut! Wiý... – Ol sakyndy. Emma Hezretowyň azaryna-da däldi. – Zyýany ýok, zyýany ýok. Ýalňyşmaýan adam ýokdur. Leninem, bagyşlaň, Muhammet pygamberem, belki, ýalňyşandyr. Äh-üm... Süleýman sesini çykarmady. «Gör, onuň gürläýşini. Başga eşige, başga dile, başga ada girenini bildirmejek bolup gürleýär. Haý, seniň, haram şeýtan! Bilmez öýtdüňmikä?!» Hezretow ahyry, öz teklibini aýtdy. – Eger razy bolsaň, biz seni welaýat häkimligine işe almakçy. Men ýolbaşçylam bilen gürleşdim. Deloňy gördük, gaty gowy. Meniň sag golum borsuň. Bileje işläris. Düşündiň?! Süleýman gara dere batyp oturan halyna, «üstünden guýlan bu gaýnan suwa» tas «ýoo-ok» diýip wägiripdi. – Oýlanyp göreýin. – Oýlan. Üç gün puryja. Işiňi tabşyr. Bärden häzir hat alyp git. Perewod bilen gelersiň. – Ol ýylgyrdy. – Ikimiz bileleşip, şeýle bir işler ederis, özüň «berekella» diýersiň. Mana özüň ýaly oglanlar gerek... Süleýman titredi. – Ýoldaş Knut, wiý .. – Zyýany ýok, zyýany ýok. – Hezretow trubkany galdyrdy. – Neme, Durdyýewiň bize işe geçýändigi barada onuň işleýän ýerine häzir hat taýýarlaň. Sekretar gyz birsalymdan haty getirdi-de, Hezretowa berdi. Olam gol çekdi-de, Süleýmana uzatdy. – Gutlaýan! Bileje işleşeris, bormy?! * * * «Aý, ýok-la! – diýip, Süleýman «Jennet» restoranyna bakan mytdyldap barşyna, il geň görerem öýtmän, daşyndan gürläp goýberdi. – Seniň bilen öň işleşip näme gördüm? Hudaý saklasyn!» Ol «Knutyň» özüni goýmajagyny bilýärdi. Ýöne, indi goýsa-goýmasa-da, Süleýman belli karara gelipdi. «Ýazawyň aýdan işi maňa jaý. Nämäme gerek wezipe? Nemäme gerek kürsi? Dine kürsiniň hatyrasyna on dokuz aýalyň içinde «ýigriminji» bolup otyryn. Özümde utanç ýok. Diplomat nire, bibliografiýa işi nire? Meniň ýerime şol işi aýallaryň haýsy birine berseňem gül eder. Gitmeli. Ýöne, nädip?» Süleýman «Knutyň» ýanyndan çykyp gaýdansoňlar, Ýazawdan çyny bilen «Gowuja, rahatja iş bileňokmy?» diýip sorapdy. – Özüň ýaly bir pukara erkek adam üçin! Siz, näme, ýerli-dä. Onsoňam, adamçylykdyr, aýdylýandyr, diýilýändir. Ýazaw oýlanyp durmady. – Şofýorçylyk diýs-ä, milisäň ministriniň orunbasarynyň maşyny boş. Tanyş oglan agyr görüp çykdy. Gijesi, gündizi ýok-da. Ýöne, bilmedim, başga iş diýse, – ol ýene oýa batdy. – Bir gowy iş bar. Ýöne aýlygy azrak. Ony işiň daşyndan işläýseň... – Näme iş? – Garawulçylyk! – Nirede? Gurluşyk ministrliginde bar, ýazyjylar soýuzynda bar... – Sen näbilýäň?.. – Agşam brigadirleri gelip gitdi. Tanyş oglan-daraý, işiň daşyndan duraý, üç günden bir gezek diýdi. Menem halys ýadaýan-ow, onsoň-daraý, göwnemedim. Onda «adam tap» diýdi. Adamy nireden tapjak buwat, student, pustudent bolaýmasa. Süleýman Ýazawa ýalbaryp başlady. – Onuň bilen gaty tanyşmyň? Aý, howwa-da, inim-dä, agamyň ogly. Süleýman Ýazawyň egnine elini goýdy. – Şony ertir alyp gelsen-e. Gürleşeýin. – Ýazaw razy boldy. – Aý, ýok, şu gün diýseňem alyp geleýin, häzir tilpun etsem geler. – Ýoo-ok, ertir sagat onlara. Bormy? – Gözel göwnüň. «Ine, şol iş meniň işim. Ilk-ä bir özüm duraryn. Soňam, Dürdänäniň ýerine, onsoňam Ogulnyýazyň gaýnynyň ýerine duraryn. Olar pasportyny berip, atlaryny belletseler bolar, nesip bolsa. Maňa pul gerek däl. Çörek puly bolsa bolar...» Restoranyň öňi bir wagtky tanyş ýüzlerden gyzyl-ýaýyrt bolup durdy. – Eý-wa-a! Süleýman bir wagtky suwy süýjän alma ýaly gyzlaryň, hal atan nowça ýaly ýigitleriň deregine salyhatly, etine-ganyna münen, öterägem, geçäýen kursdaşlarynyň baryny bagryna basdy. – Baý-buw, sen ilçi bolupsyň diýip ýördük welin, Kitap palatasynda ekeniň-ow! – diýip, Towar ony aldyryp başlady. – Aşgabatda bolsaňam şu işleriň gapdalynda görneňok. Baryny biz etmeli. Hany, bäş ýüz manadyňy çykar... – Şondan müň alsan-a. Ol hajy bolupdyr-a. Teperrigem almal-ow! Towar bäş ýüz manady sanap durşuna, gyşarylyp gepledi. – Men olaň nähili hajydygyna belet! – Sen-ow, OBHHS-de işläňsoň bilýänsiň-ow! Towar puly jübüsine urdy-da, gaty ses bilen gygyryp gürrüň berip başlady. – Düýn biri geld-ow. Otduh güni jygyldykda birinden iki ýüz dollar alypdyr-ow, Türkiýä gitjek diýip. Her dollar üç ýüz manatdan. Özem: «Men ýaňyja Käbeden hajy bolup geldim. Ýalan sözlemen» diýýämiş. Banka getirip barlatsa, bary ýasama pulmuş. Aglap geldi. Aýal adam. Ýaňkyny yzarlap tapdyk. Öýünden ýasama on müň dollar çykdy... Süleýmanyň ýüreginiň başy jigläp gitdi. – Aý, ýok-la. – Ýoguň bolarmy? Gözi gök, Sopy aga diýýän ekenler. – Ow, olaň ýene birem-ä bar, bazara baryp: «Men hajy taýçanakdyryn» diýip ýörmüşin-ä. Şolam-a Mekge-Medinä gidip gelipdir. Süleýman olaryň ikisinem tanady. Ýöne sesini çykarmady. «Meni bir abraýdan aýyrma, Alla jan! Men özümi Jebraýyl perişdäniň Käbä zyýarata çagyrmanyn-a göz ýetirdim. Ýöne şeýtanam çagyrmadyk bolawersin hernä, Allam!» Onuň ýadyna «Knut, onuň hödürleýän işi, şol işde işlese, iblisdenem beter boljagy düşdi-di, iýip-içip keýpi bolmady. – Sen näme içeňog-ow? – diýip, Towar ýene-de onuň ýakasyndan ebşitläp aldy. – Hajysyran bolma, içi ber. Beýleki hajylar-a urup ýör, «duz atsaň arak däl-de, tagam bolýa» diýip... Süleýman: – Ýok, gardaş, men aslynda-da içemok! – diýip sypjak boldy. Towar onda-da goýmady. Gaýta beýleki, birneme, göterip, damarlaryna güýç ýörän kursdaşlarynam örüzip goýberdi. – Eý, adamlar, muňa serediň! Hajysyran bolup, içmejek bolýar.Ýigrimi bäş ýyldan bir duşuşylýar, şonda-da içmejek bolsa, gelmeli däl ekeni. Geliň, geliň, şuňa içireliň! Kursdaşlar Süleýmanyň üstünden döküldiler. – Hany, rýumka guýuň! – diýip, doluşan, öňküden kän owadanlaşan Jemal gygyrdy. – Hany, içmäbilşine içmesin! – Içer! – Içsen-ow! Olar üýşüp gelip, Süleýmanyň daşyna aýlandylar. – Me! – Ýok, şuny iç-äý! Süleýman ýerinden turdy. – Doganlar, sag boluň! Ýöne «içenok» diýip gynanmaň. Meniň Mekge-Medinä gidip gelenime bir hepde-de bolanok. Men ol ýere ýeke gitmedim. Siziň adyňyzdanam gitdim. Ilim-günüm üçin doga-dileg etdim. Şolary ýeke owurt araga çalyşmaýyn, düşüniň! Gaýta, men içjegem bolsam, siz «içme» diýmeli. Mekge Medine diýlen oýunjak ýer däl, doganlar! Onda tapan zadymy, men iki owurt araga ha däl, Karunyň gyzyldan doly şäherlerine-de çalyşjak däl. Siz meni bagyşlaň... – Baý-buw! – Aý, tüýs hajy bol-a! Bolsa-da kursdaşlar az-kem köşeşdiler. Süleýmanyň jaýy Kyýasyň gapdaljygyndan düşdi. Kyýasam beýle bir içip baranokdy. Aldygyna soraşdyrýardy. – Näçe çagan bar? – Ýekeje ogul. – Baý-bow, az-laý, meniňkä alty ogul, üç gyz. Dört oglumy öýerdim. Gyzlaram göçürdik. – Ol Solmazy sorady. – Aýalyň nirede işleýär? – Magaryf ugrundan. – Meniňkä öýde. Derektirlik edýän yşgolumda birazajyk uboryşalyk edýär. Aý, özi gidenok-laý. Öň-ä gyzlar, indem agtyklar barýar. Staž üçin gidip-gelýär, bolýa-daýt. – Wah, oba-ha gowudyr-la – diýip, Süleýman başyny süýjülik bilen ýaýkady. – Öz mellegiň, öz jaýyň. oba-gara, garyndaş-dogan, wah... Kyýas baş atdy. – Onyň dogry, ýer-ä bol berdiler. Bäş sygrym bar, iki ýüz goýnum, on gektar ýerim bar. Potratam alýan. Hemme zat mugt. Kömür mugt, gaz-elektrik mugt, suw mugt. Ot-çöp, gök-beýleki mugt. Il-günem daşyňda. O diýeniň dogry. Ýöne şäherde galmaly ekenim. – Hä, näme? Şäheriň nämesi gowy? – Kyýas Süleýmana garap: «Maňa hä diý» diýen ýaly etdi. – Ine, tüweleme, şäheriň merkezinde öýüň bar. «Wolgaň» bar. Özüň uly edaraň başlygy. Öýermek aladan ýok, çykarmak aladaň ýok. Ine, ýüzüňe seredeniňde oglan ýaly. Aýt-da, dünýäniň ýüzünde ýekeje aladan barmy? – Wa-ah! – Süleýmanyň agzyndan ýalynsyz ot çykdy. – Wah diýäýersiň. Meniň welin müň aladam bar. Şu wagt, öwlüýä kessin, «şähere gel» diýseler, baryny jähennem edip gaýtjak. Han-a dükan, han-a aýlyk. Bazar ýanyňda. Malynam ot alsyn, zadynam... Ýöne nirä geljek? Süleýmanyň boýny buruldy. – Menem, häzir oba gel diýseler, ynanaý, merkezinem, maşynynam, öýünem, wezipesinem, baryny jähennem edip, oba giderdim. Ýöne, dogry aýdýaň, nirä gitjek? Ol Kyýasyňkyny bilenokdy, özüniň-ä garaçynydy. Duşuşyk agşamyndan çykybam ol ýekeje kursdaşyna-da «ýörüň, öýe baralyň», «ýörüň, çaý içeliň» diýip bilmän, giň köçä düşüp, elenip gitdi. Ol şol barşyna ýandy, bişdi. Ahyrsoňam Serdar agany, «Men gidip biljek däl, Käbä gidip-gelme aňsat, yzyny tutma kyn» diýen Serdar agany ýatlady. «Wah, agam, günämi geç. Seni barypýatan samsyk hasap edipdim. Heý. «Käbä ýör» diýselerem, bahana tapyp bolarmy? «Yzynda durma gerek» diýip bahana araýşyňy gör onuň» diýipdim. Sen müň kerem mamla ekeniň, jan agam. Gidip-gelmek, janyň ujy eken. Ýöne onuň yzynda durmak kyn eken. Meniň gelenime heniz bir hepde bolanog-a. Meniň çekip ýören, eşidip ýören derdim egnimi kesdi... Wah, menem şu adamlaryň özüne meňzeşem bolan bolsam, derdimem bolmazdy, maşgalamam» Süleýman iň agyr belalaryň öňdedigi üçin aglaýardy, ýöne onuň nähili apatdygyny welin süýekleri syzsa-da, özi duýanokdy. Ine, adamzada berilmedik ýeri, ite-guşa, mal-gara öz başyna injek belalary duýmaga göz beripsiň, adama welin bermänsiň-dä, Allam... 5. Irina Georgiýewna welaýat häkimliginden gelen haty görüp elini-aýagyny ýitirdi. – Süleýman Durdyýewiç, siz bizi taşlajak bolýaňyzmy? Biz Prezidente arz ederis. Biziň dawamyz ýany ýatdy. Aýallar ýaňy bir agzybir işläp başladylar-a... Süleýman Durdyýew ony köşeşdirýärdi. – Prezident bilenem, häkimlik bilenem maslahatlaşylan. Şeýtmeli. Ýöne, häzir ýekeje haýyşym, kollektiwe duýdurma. Işi özüň alyp bar. Men geler gider duraryn, bormy?!. Süleýman zähmet depderçesine gol çekdirdi. Peçaty özi urdy. – Men özüm, aýdyşlary ýaly edip doldurdym. Türkmençe ýazaýdym, bormy? Irina Georgiýewna hiç zady pikir edenokdy. Onuň ähli oýy: «Başlygymyzy ösdürdiler, ýerine kim işe gelerkädi?» Süleýman welin şu ýerde bir oýunjagazyň gerekdigini gijesi bilen oýlanypdy. Ol zähmet depderçesini «Aşgabat şäher içeri işler uprawleniýesiniň şäheri goraýyş edarasyna işe geçirilýändigi üçin welaýat häkimliginiň kitap palatasynyň direktory wezipesinden boşatmaly» diýip doldurdy. Kitapçany jübüsine saldy. – Irina Georgiýewna, meniň sizden bir haýyşym bar. – Požaluýsta, požaluýsta! – Erteden başlap men siziň işgäriňiz däl. Welaýata-da birküç günden barmaly. – Ponýatna! – Ýok, diňläň! Meniň üç-dört günlük gaty gyssagly işim bar. Men öz işim bilen boljak. Şonuň üçin, meni nireden sorasalar-da, bäş güne çenl-ä, «Bar, bolar, şu ýerde, geljek diýdi» diýiň. Soňam: «Işdei çykyp gitdi» diýiň, bormy? – Bor, bor. Bäş güne çenl-ä siz işde, ýöne TSPS-de. – Ol güldi. – Soňam siz işden çykyp gitdiňiz, şeýle dälmi? Düşünipdirin gerek! – Tüweleme, gül ýaly. Onda men heniz hoşlaşamok. Bäş güne çenli. Soň hoşlaşarynam, ýuwarynam, gidýänimi, bormy?!. – Bor. Süleýman bileje işleşen kollektiwinden gidýänine gynansa-da, özüniň erkinligine begendi. Ol Ýazawyň inisinem keýpihon garşylady. – Geliň, geliň! Ýazaw çekindi. – Başlyk, men-ä maşynyň ýanynda bolaýjak. Süleýman ony goýbermedi. – Ýok, agam, gel, senem eşit. Senden gizlin gürrüňim ýok. Iniň adyny bir aýt. – Agawdyr. Süleýman «zähmet depderçesini» orta oklady. – Agaw, inim, sen şäheriň gorag edarasynda birgadirmişiň! Şeýlemi? Agaw ýylgyrdy. – Şu günden naçalnigiň orunbasary. – Baý-bow, gutlaýan! Ýazaw hem inisini gutlady, – Men-ä eşidemogam. – Gutly bolsun, düşümli bolsun, Agaw jan! – Ol başyny ýaýkady. – Ine, meniň ýanyma-da gowy habar bilen gelipsiň. Meniňem işimi bitir. – Baş üstüne, ýaşuly, baş üstüne! Süleýman Ýazawy görkezdi. – Agaň bilen bäş ýyl işleşdik. Aga-ini ýaly bolduk. Ine, aýdybersin. Ýöne hiç zat baky däl. Wezipe-de baky däl. Düýn meni welaýata çagyryp, «işe geçmeli» diýdiler. – Molodes, gutlaýan! – Ýok, diňle. Iş gowy zat. Ýöne men ol ýerde işläp biljek däl. Men gybatyny etmäýin. Dünýäde iň ýigrenýän adamym bilen işleşmeli. Meniň bolsa şoňa gidenimden, ölüme gidenim gowy. Ýöne ol meni bu ýerde goýmaz. Çagyrar «Aý, ol eýle eken, bu beýle eken» diýer ýörer. Şonuň üçin maňa bir rahat iş gerek. Düýn Ýazawdan sorasam, «garawulçylyk bar» diýdi. Maňa bes. Puly owarram, Ýazaw bilýändir. Ekläp bilmeýänim ýok. Bir möhüm zat ýazjak. Şoňa wagt bolsa bolýar. Häzir bir smenany ber. Soň hemmesine özüm duraryn. Agaw-da, Ýazaw-da seslerini çykarmadylar. Ýene Süleýman has berkitdi. – Men Ýazaw janyň sözüne ynanyp, işdenem çykdym, arzam bilen «zähmet kitapçasynam» taýýarladym. Ýazaw doňup galdy. Agaw hem ynamsyz ýylgyrdy. – Hä, näme? – Ýok, işiň-ä gürrüňi ýok. Men «Gurluşyk ministrligine» garawul tapman, indi bir hepde bäri özüm durýan. Ýöne, ikirjiňlenýänim, bu wezipelerden soň, garawulçylyk gaty kyn bolaýmaz-da diýýän. Ol bir garry-gurtyň, studentiň daşyndan durýan ýeri-däreý. Süleýman gussaly ýylgyrdy. – Agaw jan, doganjyk, men seniň şol garawulçylygyny şu kürsülerden hem halal saklap bereýin. Öňler iş diýip, wezipe diýip ylgadym. Hudaýdan ýaşyrmadygymy senden gizlemäýin. Ýöne, indi men öz pyglym bilen şu niýete geldim. Sen meni golda gardaş. Men häzir aljyrap ýörün. Maňa seniň ýaly goç gardaşlaryň goldawy gerek. – Bor, bor. Ine, ministrligiň açary! Agşam baryber! Süleýman açary jübüsine saldy. * * * Süleýman Köşä barýan awtobusyň içinde otyrka, özüniň bu bolup ýörşüne haýran galyp ýylgyrdy. «PAZ» awtobusynyň içinde, esasan, aýallar, özem ýaşuly aýallar otyrdy. Olar Süleýmany görüp, «tanyş ýüz-le» diýýän ýaly bir kürtdürýärdiler-de, boş ýerlere geçip oturýardylar. Awtobusyň içi boşlaňdy. Ýöne aýallaryň birhili, Süleýman üçin ýadyrak bolan sesinden welin doludy. Ol indi erkindi. Ony öýde-de, işde-de baglanyşdyrýan, aýagyndan aslyşýan zat ýokdy. Han özi, soltan özüdi. Bir görseň özüniň diňe iýminiň gözleginden özge aladasy ýok durnalar ýaly erkinligine, nire howpsuz, nire rahat, nire güýzän bolsa şoňa uçup ýören durnalar ýaly erkinligine begenýärdi. Bir görseňem ýüreginiň düýbünde juda-juda agyr hasratyň bardygyny ol duýup durdy. Agyr märekeler gören, uly ýurtlaryň jygyldygyny, köçelerini, Käbäniň adamdan ýaňa ýeke aýagyňy basara ýer tapylmaýan meýdanlaryny gören, uly meýlislerde, çylşyrymly kabul edişliklerde, uly, dartgynly ýygnaklarda, joşgunly edaralaryň kollektiwlerinde işläp-işläp, indem tüýs men diýen wagty hiç kime gerek bolman galmagy heniz ýüzüp, suwuň ýüzüne çykmasa-da, ýalpak çuňluklarda özüni bildirip ýatyrdy. Onuň üstesine, ýigrimi ýyllap yssy beren ojagy, haýsy ýerde bolsa-da, nirelerde gezse-de, ýüreginiň, aňynyň bir burçjagazyny çyrazlap duran, öň beýle ezizligi bildirmedik, indi welin, örän agramly, şeýle bahasyz, gymmat daş bolup ýüreginiň töründe ýatan aýaly, ogly, uzaga gitse ýadap gelip özüni atanja, ýakyndan bala höwes edip gelenje öýi durşy bilen köňlüne göçüp gelipdi. Onuň indi bu şäherde öýem, aýalam, oglam ýokdy, ýöne olaryň bary onuň köňül şäherine göçüp gelipdiler. Ol olaryň baryndan aýrylyp, olara şeýle ýakynlaşypdy. Olaryn her bir hereketini görüp, her özüni, hatda demini alşyny-da, çybşyldyjygynam eşidip durdy. Aýalynyň aşhanada gap-gaçlary ýumşajyk şykyrdadyp, çaý demläp, soň: «Dädiş jan, gel, çaý içeli!» diýşinem, soň, bilniksizjeden, assajadan, «Birden ýüzüne ýüzüm düşäýse» diýip, uly otaga, özüni gözläp garaýşynam, uly otagyň boşlugyny görüp, bir minutjyk, ýok, ýarym hem däl, minutyň münden bir bölejigine deň pursatjyk diňşirgenip durşunam, oguljygynyň uzyn saçlaryny uzyn barmaklary bilen gaňtaryp, ýüzüni öýkelije kürşerdip, owadan dodajyklaryny gelensiz şypbyldadyp çaý içişinem, özüniň gowy görýänje, şonda içmese içen çaýy başga ýerine gidýän ýalyja käsesiniňem stoluň bir burçjagazynda durandygyny, diýmek, özüne näçe ýigrenilse-de, näçe «gitsin, ýok bolsun» diýilse-de, garaşylandygyny duýup durdy. Ol öň bu zatlara üns beren adam däl. Muny, bir-ä, düýn öýlän, portfelini goýup, öý eşiklerini almak üçin öýe baranda, onsoňam, garawulçylyk çekýän ýerinde, uzak gije çirim etmän, geçeni, geljegi pähim eleginden geçireninde aňypdy. Öýünde ol öz eljagazy bilen ýygnanja goşlarynyň, ellänje, hersini sypap alyp getirip, her görende begenen begenji ýatyrdy. Öýdäki her bir goşda gözleriniň, elleriniň yzy ýatyrdy. Oguljygynyň ýaňagynda, aýalynyň ýaňagynda posalarynyň yzy ýatyrdy. Öýüň süňňünde onuň ruhy, ysy, höwesi, begenji, gynanjy ýatyrdy. Olar aýalynyň, oglunyň ruhy, höwesi, begenji, gynanjy bilen şeýle bir garylyp-gatylyp, beterleşip gidipdi, ony indi biri-birinden aýyrma mümkin däldi. Ýöne, şeýleleýin duýaýmasaň, ol ruhuň seňki haýsy, aýalyňky haýsy, ogluňky haýsy duýar ýaly däldi. Ol öý eşigini ilki tapmady. Soň, görüp otursa, asgyçda oglunyň kurtkasynyň, aýalynyň ýaglygynyň astynda eken. Ol muňa begendi. «Diýmek, meniň öý eşiklerim heniz ýigrenji bolmandyr» diýdi. «Entek meniň öý eşiklerimi ýigrenji hasap etmändirler» diýdi. Olar eşik asjak bolsalar, asgyçda başga ýerem bar eken. Şonda-da getirip kakalarynyň eşiginiň üstünden öz geýimlerini asypdyrlar. Süleýman gitmänkä içerini ýene bir sapar süpürdi. Mebelleriň tozanyny syrdy. Ölje esgi biden düşegiň gyralaryny, poluň açyk ýerlerini süpürişdirdi. Megerem, oglunyň iýip, goýup gidenje gap-gaçlaryny ýuwdy. Süpürdi. Soň sowutgyja seretdi. Hemme zat bar. Ol ynjaldy. Indi hezil edip aýagyny uzadyp, dynç almaly wagtam ol eşijeklerini alyp gaýtdy... Ol garawulçylyk çekip oturan ýerinde-de, aýalynyň gelşini, «Işigi kaksammykam, ýa öz açarym bilen açaýsammykam?» diýip ýaýdanyşyny, soň açary bilen işigi açyp, köwşüni eline alyp, içeri girişini, Süleýman bardyr öýdüp ýüzüni kürşerdip, onuň «Hä, geldiňmi?» diýip garşylaryna garaşyşyny, «Gelmändir-ow» diýip, öz otagyna girip, soňam: «Aý, ýok, içerileri-hä gül ýalyjak edipdir» diýip, otaglara höwes bilen aýlanyşyny gördi. Oglunyň «Ene gürleşjek diýip, bir topar moral okar-ow» diýip içeri girişini, «Iýmäge zat barmy?» diýip gygyryşyny, ejesi çykyp. «Dädiş jan, geldiňmi?» diýende, «Ýeke özüňmi?» diýşini, eneli-ogluň «Ol gelmändir-ow» diýip oýlanyşlaryny görüp, duýup otyrdy. Ministrligiň ymaraty salkyndy, rahatdy. Esasy girelgäniň gapdaljygyndaky çemlije otag indi Süleýmanyňky bolupdy. Bu otag öý ýalydy. Radio, telewizor, diwan, kreslo, telefon bardy. Ýere owadan haly ýazylgydy. Bir wagtlar, durgunlygyň möwç alan döwürleri ýolbaşçylaryň günortan dynç alýan ýeri bolup, soňam şäher gorag bölüminiň «Özbaşyna otag bolmasa, adam duranok» diýen iňirdisine çydaman, olara goşy-golamy bilen berlen otagyň kemi ýokdy. Içeri salkyn bolansoň, ol kondisioneri öçürdi-de, tam syrýandan sübse, esgi alyp galdy. Işiň ahyrynda ministrlik boşap galandan soň, esasy girelgäniň işigini içinden urdy-da, täzeden bu otagyň daşyna geçdi. Mebelleri aýna ýaly edip süpürdi. Halyny telim sapar sübseledi-de, soň arassaja esgini suwlap, onuň ýüzünem süpürdi. Telewizory, telefony, üç programmadan alýan «Sibir» radiopriýomnigini süpürip-süpürip lowurdadyp goýdy. Soň kondisioneri işletdi. Ol bu ýere garawulçylyga däl-de, öz öýüne gelen ýalydy. Eşiklerini çykaryp, geýmine girdi welin, bu ýeri hakykatdan hem öz öýüne öwrüldi, Bu ýerde, çekmeleriň birimden kirli çäýnek bilen, gyrasy gemrilenje, içi kirden ýaňa saralyp giden käsäni çykardy. Olaram ap-akja edip ýuwdy. «Wah, atylýan çaý getiren bolsam-a, çaýam içip boljak eken» diýip oýlandy. Ol diwana ýaňy geçil, telewizory açanda, işik tyrkyldady. – Hä, geliň! – Ýazaw bilen Agaw, elleri torbaly, ýylgyryşyp durdular. – Geliň! Olar garawulhana girip aňk bolup galdylar. – Baý-baý-ow! Bu lýuks otag-la-how! Ýazaw hem haýran galyp oturyşyna: – Wah, munuň ýalylygyny bilen bolsam, özüm gelerdim-ä – diýip, garaçyny bilen gynandy. Agaw bu otagy ömründe ilkinji sapar görýäne döndi. – Öň gelenimde başgarak, boşlaňrakmyka diýýädim-le. Bul-a meniň öýümdenem gowy, üstesine-de arassa... Olar stoluň üstüne kolbasa, peýnir, mesge, tamdyr çöregi bilen bir çüýşe aragy goýdular. Ýazaw sogan saýhallap durşuna özüni aklady. – Işiňi ýuwaly hem birazajyk ýanynda bolup-daraý, oturaly diýip gaýtdyk. Bir ýerde bäş ýyl bile işleşdik, duz-çörek iýişdik, agyryşmadyk, ynjaşmadyk-däreý... – Süzme almadyňmy? – Bardyr, bardyr! – Ýazaw torbasyny sermendi. Onda ýene-de çüýşe şakyrdady. – Ine, süzme-de, şor hyýaram bar-a. Agaw ýaşkiçilik etdi. Gyrasy gemrijek käsä arak guýdy-da, Süleýmana uzatdy. – Al, agam! Süleýman ýylgyrdy. – Mürähediňe sag bol, men hajydyryn! – Wi-iý, bagyşla, agam, bilmändirin. Wah, Ýazaw kakam aýtdam-la. Wah, bagyşlaweri... Süleýman razy boldy. – Alla bagyşlasyn, münde bir razydyryn, noş bolsun! Kesäni Ýazaw aldy. – Men ýekeje zat aýdaýyn. Öň başlygymdyň, sesimi çykarmadym. Bir zat diýsem-däreý, pathalymçylyk edýän ýaly boljak. Indi senem özümiz ýaly garamaýak, indi aýtjak. Sen dünýäde Ýazaw diýen gardaşyň bardygyny unutma. Biz, aşgabatly oglanlar hor, garybrak ýaşap, prostoý işde işlesegem, arkadag bolmany oňarýandyrys. Men-däräý, aragyň başy däl, seni egnimde götermäge taýýardyryn. Şony-däräý, unutma. Ol käsäni başyna çekdi-de, soň ony Agawa berdi. Agaw kän gürlemedi. – Men seni görüp birhili päklenen ýaly boldum, Süleýman aga. Menem, Ýazaw kakamam sözünde durýan, bir iniňdirin... Süleýman bu sözlere gözüni çygladyp oturyşyna galkan göwnüniň yşgalaňyndan öz hasratynyň suduryny gördi oturdy. «Kowusnamanyň» bir ýerinde, «Akylly adamlar soňy agyr hasrat bilen gutarjak ýeniljek şatlyklara begenmeýärler» diýen ýaly bir pikiri okany ýadyndady. Bu ýeňiljek duýgular onuň göwnüni awlap bilenokdy. Oňa «doganym, dostum» diýen şu ömründe gaty kän bolupdy. Ine, olaryň indi birem ýokdy. Ýöne ol bu aga-ininiň sözüne berildi. Ol beýlekiler-ä biljek däldi, ýöne, Ýazawyň mertligine ynanýardy. Süleýman işe geçende «Gutlaly» diýip gelen kän bolupdy. Ol şolaryň şanyna meýlisem gurapdy. Ýöne olar papirosyň tüssejigi ýaly, ilki bir ysjagaz berip, soňam howada eräp gidipdi. Ýazaw welin gelipdi. Özem, onuňky aňyrdandy. Süleýmanyň hasrata batyp oturyşyny gören Agaw durup bilmedi. – Süleýman aga, bir derdiň-ä bar. Ol bujagaz wezipejiklerden aýrylmanyň derdi-hä däl. – Ol Ýazawyň ýüzüne garady. – Eger, pul bilen, töwella bilen, güýç bilen düzetmeli bols-a aýt, biz, iň soňky keçämizi jygyldyga çykararys welin düzederis. Özem, aýal gepi däl... Ýazawam başyny atdy. – Ýok, inim, meniň derdim pul bilenem, mal bilenem, güýç bilenem düzeljek dert däl. Ony bagryňy göz-göz ýara edip, ömrüň ahyryna çenli gan ýuwdup çekmeli... Ol birsalym gussaly oturdy. – Sen ýagşylyk etjek bolsaň, şu jaýdan meni kowma. Indi meniň öýümem, maşgalamam şu ýeri bolup galdy. Başga gidere gapam, sizden özge alnymy dirär ýaly gardaşlarym ýokdur... Agawam birhili gyýlyp gitdi. – Bor. Bu ýer-ä adam tapman ýördük. Öň bir aga-ini student durardy. Olaryňam bir-ä okuwyny gutardy. Beýlekisem, praktika gidipdir. Şu jaý seniňki Galan zadynam özüm düzederin. Olar gijäniň bir wagty gitdiler. Telewizor öz programmasyny tamamlady. Ýöne Süleýmanyň gözüne uky gelenokdy. Ol ýene-de öýüni, içerisini ýatlady. Ýöne, erkek adam bolup, rugsady berlen aýalyny, özünden geçen aýalyny, kyhlanyp çykarylan içerisini ymsynjaňlyk bilen ýatlap oturmasyna namys etdi. «Wah, ine, ol işigem ýapyldy. Men indi nirä gideýin, ýatlama agtaryp...» Ol saklanyp bilmedi. Aýalynyň sözüni ýatlady. «Sen meni göreniň aşagyna sokduň!» Ýoo-ok, Solmaz, sen günä galma. Men seni gorap bilmesem, aýap bilmesem bilen däldirin. Ýöne, göreniň aşagyna sokanam däldirin. Heý, ynsan ogly, onda-da içinde demi bar türkmen öz nikaly aýalynyň namysyny depeledermi? Eger, şeýle bolan bolsa, ýa boljak bolsa, sen näme üçin maňa aýtmadyň? Saňa el garjak bolýanyň damagyňy çalardym-a. Onsoňam, sen türkmen maşgalas-a. Men-ä diýmen, diýäýenimde-de sen öz namysyny goramal-a. Seniň namysyň ilki özüňe gereg-ä. Han-a, kyrk birde adamsyny ýowa ugradanlar henizem ýola garap otyr-a. Şolara el, dil ýetirjek bolan az boldumyka? Olar özlerini gorandyrlar-a. Şolaryň namysy jeňde gurban bolanlara gerek bolsa-da bolandyr. Ýöne özlerine hasam beterräk gerek bolandyr-a. Bolýa, öň men seni şeýdenmişim, indi näme? Kergulynyň yzyndan galaňog-a. Men seni uraýynmy, agzyma gelenini diýip sögeýinmi? Sen çaga däl-ä, bu bolup ýörşüňem menden görýäňmi? «Men hapalandym» diýýäň. Men saňa «hapa gez» diýen däldirin. Öýde seni aýadym. Ol dogry. Mende bajy, bibi, aýal dogan bolmady. Men aýal maşgalany nähili saklamalydygyny bilmedim. Seni oňat geýindirsem, seni zada zar etmesem, seni pulsuz etmesem, altyna gömsem, razy etdigimdir hasap etdim. Gitjek diýen ýeriňe gitsek, geljek diýen ýeriňe gelseň, pikiriňi çekinmän aýtsaň, bagtly boldugyň hasap etdim. Emma bagtam, sylag-hormatgam başgaça ekeni. Sen meniň ömrümi kül etdiň, Solmaz. Meni indi görümde-de hyjalat çekip ýatmaly etdiň...» Ol ýaňy telewizora seredende «Prezident saýlawlarynyň ýetip gelendigi» baradaky gürrüňi diňledi. Daýhanam, işçem, garram, ýaşam häzirki Prezidentiň kandidaturasyny goldaýardy. Biri «Biziň agzymyzy aşa ýetirdi» diýdi. Biri «Garra, ýaşa, ula-kiçä mähriban» diýdi. Ýene biri «Dünýäniň döwlet işgärleriniň deňinde pikir edip bilýär» diýdi Ýene biri «Döwleti dolandyrmakda bijaý uly tejribesi bar. Ykdysadyýeti, adamlary gowy bilýär» diýdi. Uly il şonuň ýene-de ýolbaşçy bolaryna umyt bilen garaşyp ýör, «Sen näme, ondan näme ýamanlyk gördüň? Ol saňa «erbet ýaşa» diýdimi? «Solmaz, hapalan» diýdimi? Kergulynyň nämesi ondan gowy? Boşlugymy, nekgeligimi, neşe görse gaýtman ýörmegimi, il-bendäniň gününi bulap, aýalyny azdyryp ýörmesimi? Aýt, nämesi gowy? Men saňa aýdaýyn, sen salgyma çapýaň. Arrygyňy gynaýaň. Özüň-ä jähennem, gül ýaly ogluňam ýakýaň. Ine, görersiň, halk giňdir. Senem, Kergulynam, «Jebisligiňem» düýrläp hendege taşlar. Sen düşün, sen salgyma çapma, Solmaz. Kerguly ýaly şarlatanyň alany hiç haçan ugur alýan däldir. Onuň ýüzüne gara ahyryn, ýüzüne. Ýüzünde mämmetnur ýog-a. Sen bolsa onuň yzyna düşýäň. Onda menden gowy näme bar? Aýt, Solmaz...» Ol janykdygyça, jibrindigiçe Solmazy ýigrenip başlady. Onuň düýnki aýdan sözlerini dörjeleşdirdigiçe ýüregi bulanyp başlady. Ýöne bu gürrüňi beýle goýubam bilmedi. Çünki, ol mesele Süleýman üçin aýryp beýlede goýulýan ýa-da plastinkany tersine goýsa, başga bir «ýarow jana» çekip duran owaz däldi. Işik kakyldy. Süleýman öýüniň işigi kakylýandyr öýtdi. Ol özüne geldi-de, garawulçylyk ýadyna düşdi. Işikde Ýazaw durdy. – Düşejik, ýassyk getirdim. Bu-da çäýnek, käse. Sakgal syrylýan päki. Çaý, süýjem bardyr. – Bor, bor, gardaş. – Ertirem aýlanaryn. Sagat ýaňy iki bolupdyr. Süleýmanyň ýatasy gelmedi. Ýöne Ýazawyň getiren täzeje düşegini, pokrywalyny ýazdy. Ýassygy başynyň astyna goýdy-da, diwanda gyşardy. «Ogluma näme gerek diýsen-e. Ol ýaş, görmegeý. Görjegi öňünde. Öýdäki ähli zat şonunk-a. Ol bu döwletden, bu Prezidentden näme ýamanlyk görüldir?! Onuň özi şu döwlete, bu halka näme ýagşylyk edipdir? Ol heniz agzy sary guşjagaz-a...» Ol ogluna beýle bigadyrlygyň, doňbagyrlygyň nireden gelendigi barada oýlandy. «Menem, ejesem ony doglan gününden bäri depämize täç etdig-ä. Bir diýenini iki gaýtalatmadyg-a. Näme kemi bardy oň...» Süleýman oglunyň ömrüni doglan gününden tä şu gününe çenli kino lentasy ýaly göz önüňden geçirdi. «Ýa iki aýlygyndan bakja berdik, şol ony göýdük etdimikä? Solmaz: «Süýdüm ýok» diýip, dükanyň garyndysy bilen emdiridi. Ýa, şolmuka?» Dädiş çagalygynda düşbüdi. Eneçidi, kakaçydy, juda dözümsizdi, sahydy. Klasdan klasa geçende, doglan güni belläninde, kakasy daşary ýurtdan gelende, klasdaşlaryna, gonşy çagajyklara sahylyk etmek kemini goýanokd-a. Solmaz öýdäki şagalaň bilen oňman, onuň klasyna barybam tort, süýji, köke paýlap gaýdýard-a. Süleýman ogly dokuzynjy klasa ýeten ýerinde doňup galdy. Ol Solmaz Baýramalynyň böwrek sanatorisine gidendäki wakany ýene-de ýatlanda, agzy uçuklady. «Menem eşeklik etme kemini goýmadym, Çaganyň yhlasyny, ynanjyny özüm parçalan ekenim-ä. Ol häzirem meniň göreldäm bilen barýar. Dürdäneni öýe getirip ýörüpdir-ä. Ol günki gyz näme? Wah, men guraýyn, men...» Onuň bagry gyzyp, soň sanjyp başlady. Dermanyny gözledi. Derman öýündedi. Öň agyr içen saparlary, ertesi gün sanjardy. Gowy hindi dermanyny tapypdy. Içdigi agyryny ýaýradyp goýberýärdi. Agyry güýçlendi. «Ýa «tiz kömegi» çagyraýsammykam? Aý, ýok, gowusy, alsyn meniň janymy. Meniň ýaşamaga hakymam ýok. Ine, gözläberseň, Solmazyň garamanlaý bolmagyna-de meniň zelelim ýetendir. Eý, Allam, bagrymy sorkuldadyp-sorkuldadyp janymy alsadyň...» Agyry daňa golaý kiparlady. Ýöne ýene-de tutaýjak ýaly, ýeri gyzyp durdy. – Her zat etmeli welin, olary uçudyň gyrasyna eltmeli däl. Onuň ýadyna Kergulynyň: «Ýene kyrk günden görersiň!» diýen samramasy düşdi. Ol gorkdy. «Kyrk gün-ä boluberendirem. Men näme alaç etsemkäm? Ýa milisiýa duýduraýsammykam?» Ol bu işe milisiýany golaýlaşdyrmagy makul bilmedi. «Oglum bilen gürleşmeli. Hökman gürleşmeli...» * * * ...Awtobus Köşiniň merkezine geldi-de saklandy. Süleýman agşama çenli boşdy. Onuň hyýaly, Ogulnyýazy görmän gaýtmazlykdy. «Agşama barsam bolýar. Taparyn!» Onuň Ogulnyýazy görjegine ynamy uludy. Kakasy etrap häkiminiň orunbasary bolsa, özem Köşüde boljak bolsa, kakasynyň adam Sapar boljak bolsa, ol bu öýi hökman tapaýmalydy. Merkezi Komitetde bile işlän wagtlary bulara geläýenem ýaly bolup durdy. Ol awtobusdan düşüp, Ýanbaş köçesine düşdi. Şondanam Sähra köçesine sowlup, sagyňa aýlanmaly bolmaly. Ol birneme ýalňyşypdy. – Ileri gidiber. Köçe gutararam welin, çepiňe aýlan... Onuň ýalnyşyny bir oral aýal düzetdi. – Togta eje bardyr, beýlekiler bolmasa-da. Süleýmanyň üstünden sowuk suw guýlan ýaly boldy, «Alla janlarym, bu aýalyň näme diýdigi bolduka? Öýe ýas düşende diýilýär-ä beýle sözler... Ogulnyýaz oglanlyk edip aý, ýok. Ol mert maşgala bolmal-a. Ýa barmasammykam?» Süleýman derwezäni kakman içeri girdi. – Salawmaleýkim! Eýwanda ýazylan düşegiň üstünde ik egrip oturan garry aýal turaýynam diýmedi. – Waleýkim, geliber, hanym! Süleýman ilki bir ýaýdanyp durjak boldam-da soň «Sen biriniň ýaňy durmuşa çykan gyzyny idäp gelmäge utanaňokmy? Il näme diýer?» diýip çeýnäp duran ynsabynyň elinden özüni aldy-da, köwşüni çykaryp düşege geçdi. – Manmy, janym? Man-saglykmy? – Garry ene içeri gygyrdy. – Ogulmerjen, çaý getir gyz, myhman geldi! On-on iki ýaşly gyzjagaz çaý bilen mürepbe getirip saçagyň üstunde goýdy. – Käselerem çaýka-da getir. Togta eje igini goýdy-da, myhmana mürähet etdi, özem çaýa güýmendi. – Men, ene, Ogulnyýazyň işlän edarasynyň ýolbaşçysy. Togta eje aňkarylyp galdy. – Hiý-buw, janym, senmi şol? Haja-da gidip gelipsiň. – Hawa! – Süleýman baş atdy. Togta eje ýerinden turdy. – Salamälik! – Süleýmanam ýerinden turdy-da, iki elini uzatdy. – Hajyňyzam kabul bolsun, ylahym! – Taňryýalkasyn. Togta eje oturmady-da, içeri girdi. Täzeje el halysyny alyp geldi. – Janym, şuny aşagyňa düşäýeýin. – Ýok, ýok, azara galmaň! – Azary bolmaz, hanym. Heý, onuňam azary bolarmy? – Ol öýe girip bal, mesge getirdi-de. Saçagyň üstünde goýuşdyrdy. Soň içeri gygyrdy. – Ogulmerjen-ä, maňyz bilen kişmişem äber saçaga. Süleýman ýygrylyp oturyşyna «Aý, gerek dälde-de» diýip goýberýärdi, ýöne garry ona gulak asanokdam. – Düýn balajygym agzap otyrdy. «Başlygym gels-ä «Hany Ogulnyýaz diýýändir?» diýip. «Meni sorap gelse-de gelerem» diýdi. Ýöne ejesi badyny alaýdy. «Hawa, başlyklaň aladasy bir sensiň» diýip! Süleýman üçin «iňňebagjyk» tapyldy. – Hawa, işe aldym. Menem Mekgä ugrapdyryn, olam işden çykyp gidiberipdir. Men-ä gyzymam bolmansoň, edil gyzym ýaly gördüm. Gelemsoňam ýüregime hiç ornamady. Ýagdaýyny bir bileýin. Biri göwnüne degdimi, birinden öýke etdimi diýip. Togta eje başga owzdan goldy. – Alada edersiň, gurbany boldugym. Mekge-Medinä gidip geleňsoň, iliň öýünde eden umydyny eşitmejek bolsaň, işgäriň gitse, halyndan habar alynmasa bolmaz-a. Süleýman Togta ejäniň şu sözüni halady. Dogrudanam, häzir Mekge-Medinä gidip gelenleri oýnatgyrak hasap etselerem, öňler hajy bolup gelenleriň köçesiniň gumuny alynlaryna sürtüp, aýak yzyndan togap alypdyrlar ahyryn. Indi gaçdy ahyryn, bar zadyň gadyr-gymmaty. Içde-daşda Ogulnyýaz görünmänsoň, Süleýmanyň oturyp ynjalygy bolmady. Onda-da ýagdaýyny bildirmejek bolan boldy. Togta eje-de ondan muňa ýöriteläp gelen adamdan syr saklaman, gürrüňi göni Ogulnyýazly meseläniň üstüne eltdi. – Wah, çagam gül ýaly-la. Özi, ykbaldyr-da. Şol oglan diýdi oturdy-da. Olam Meskewada okady. Ogul dagam däl, bir suratlary gelerdi, perişde ýaly. Hatlary bardyr, molla oglan ýaly. Aýal doganym görgül-ä «Gerek däl», «Dogan bilen guda boldum, doganymdan jyda boldumam bir diýdi. Olam bir Hudaý tutan. Äri uly ýerlerde işledi. Basdylar, öýüni, içersini tolk etdiler. O görgülem hasratyny çekip bilmän, neşä özüni berdi. Ine, iň ahyrynda-da köýen bi gyz boldy. – Gaýdyberipdir-ä. – Hawa, gaýtdy – diýip, Togta eje igini saklady. – Jan dogan, musurman bendesi ol içerde ýeke gün durar ýaly däl-ä. Bu gyz henizem pylança gün durdy. Toýuny özümiz etdik. Bir otagyny düşekläp, enjamlap berdik. Başga nädeýin? Iki sany gowy haly berdim. Ikisem ýok. «Hany?» diýseň, satyp bergime berdim diýýär, ol ýananam. Kakasy «Işe giräýsin» diýdi. «Goldaw bolar, hem gyzlaň içi diýýärler» diýdi. Oňa-da aýal doganym müň gep tapyp, iňňirdäp otyrmyşyn. Gaýtjagam dälle, bu gyz. Ol haram oglanam bolş-a şol diýýä, onuň üstesine ýene iki sany içegen, hapa aýalam alyp gelýär diýýär. Nätsin, diýibem bilmän, içime-de sygdyryp bilmän otyrka, doganlarynyň biri baraýypdyr. «Ol-a öljek ol içerde» diýdi. Ahyr, durumsyzam men, gitdim-de alyp gaýtdym. Onuň özi ölse-de geljek däl-ä. Süleýman sagadyna garady. – Özi ýok öýdýän, ene! – Özi kolhoz işindedir. «Jigileriň ýanyna işe duraý» diýdi kakasy. «Hem-ä içini hümledip oturmarsyn diýdi, hemem gideninde bäş şaýy bolar» diýdi. Ol oglan-a ýene Baýramalynyň arak goýulýan ýerine ugradypdyrlar. Belki, Alla jan, düzelip geläýedi-dä, balajygymyň bagtyndan. – Ol Süleýmana garady. – Çagajyk, maňa gysmyljyraýa-da, seniň gürrüňini edýä-edýä-de: «Eje, ýene işe alarlarmyka?» diýýär. Ýene gaýta soraýar. «Balam, ulyňyzyň ýanyna özüm bararyn. Alarlar işe» diýýän. Agyn, ynanjaň çaga-da, onsoň begenip ýör. Süleýman ýene sagadyna garan boldy-da, gozganan boldy. – Işiň ýarasy ýeňille, iş tapylar. Belki, yhlasyna görä, maşgalasam düzelsin. Togta eje onuň sözüni doga edip ýüzüne togap etdi. – Aýdanyňyz gelsin, ylahym. Siz bir keremli adam, agzyňyzdan Hudaý eşidip, «omyn» diýsin. Süleýman jübüsinden Käbeden getiren sowgadyny çykardy-da: – Ene, ine, men işgärlemme Käbeden sowgatjagaz getiripdim. Ogulnyýazyňam adyny tutupdym. Ine, berýän, teperrikdir. Gülüp-oýnap dakynsyn, hemem bizden kiçijik ýadygärlik. «Adam pahyr bu gün munda göreniň erte onda». – Onuň «ýok» diýmäge bogny ysmady. – Menem ol edarada bolarynmy-bolmarynmy? Iň esasam, razy bolsun, göwün-garyn etmesin – diýdi. Ol turdy. Togta eje görgüli alkyş baryny okap galdy. «Ejem pahyr: «Dünýäde säbäpsiz çöp başy gymyldamaz. Hemmesiniň sebäbi, baglanşygy bardyr» diýdi welin, bu aýal nämäniň tymsalyka? Ýa indi menem ýalkanyp ýörünmikäm? Şeýle bolawersin-dä!» Ol böwrüni diňledi. Ejesiniň: «Ol gyz seniň, öz eliň bilen parçalamadyk namysyň, oglum» diýeni ýadyna düşdi. Ol kişiniň elinde «Ine, boldy, boldy. Wah, men onuň yzyndan ýetip bilmeýänime indi düşündim. Men näçe päk bolsam, ol şonça eletmez bolmal-a. Men oňa näçe golaý gelsem, ol şonça belende gitmel-ä. Boldy, boldy...» Süleýman bu tapan deliline tä Ýazaw bilen Agaw eli gaplamaly işikden girýänçäler begendi oturdy – Goňşular dograma etdi. Senem «dat» diýip aldyk gaýdyberdik – diýip, Ýazaw stoluň üstüne saçak ýazdy. Içeriň dogramanyň ýakymly ysy ýaýrap gitdi. – Hem holodilnigiňi ýuwarys! Süleýman oglanlaryň ýüzüne garady. Soňam burçda duran kiçijik sowatgyjy görüp hezil edip güldi. – Siz-ä meni lýuks myhmanhanada ýaşan ýaly etjeg-ow, gardaşlar, ömrüňiz uzak bolsun – diýdi. Oglanlar gidenden soň içerini ýygnady, poly, mebelleri, halynyň üstüni ýagşy süpürdi. Daşardan, kranyň ýanyndaky peljagazlardan üç sanyjak dok gunçajyk ýolup geldi-de, bir bankany suwdan dolduryp, içine salyp penjiräniň öňünde goýdy. Telewizorda Prezident saýlawy barada edilen gürrüňler ýene-de onuň ýarasyny täzeledi. Ol halynyň üstünde ýassyk tirsekläp çaý içip ýatyşyňa, ýene-de öýüniň işigini kakdy. Aýalyna, ogluna ýalbardy. Hudaýdan dileg etdi. «Şular bir belanyň üstünden barmasa ýagşy» diýip, gara gaýga galdy oturdy. Telefon jyňňyrdady. – Alýo! – Süleýman trubkany gorky bileň aldy. Telefonda aýal sesi eşidildi. – Alýo! – Hawa, hawa! – Bagyşlaň, bu Annaýewiň öýümi? – Ýok, başga ýere düşdüsiz... Trubkada gukguldy eşidildi. «Senemiň sesi, öz-ä!» Süleýman sese gezek gelende, gaty tangyrdy. «Ýagdaýy nähilikä? Gutulyp, işe çykdymyka? Meniň işden gidenimi eşidip näme diýdikä? Ýa bilmedik bolaýmasyn. Ýa eýýäm bar zadyň anygyna ýetip, «at oýnadyp», jaň edýän bolaýmasyn?» Telefon ýene jyňňyrdady. – Alýo! – Alýo, men-läý. Agaw. Otyrmyň? Habar alaýaýyn diýdim. – Taňryýalkasyn, inim. Hemme zat gowy. – Bolýa, dynç alyber! – Bor! Birsalymdan telefon ýene jyňňyrdady. Ýaňky aýal sesidi. – Alýo aýdyberiň! – Bagyşlaň, Annaýewiň öýümi? – Ýok, başga ýere düşdüňiz! – Trubkadaky ses diňşirgendi. – Alýo, Senem?! – Süleýman ýuwaşlyk bilen sorady. – Ýok, Senem-ä däl, Altyn, bagyşlaň! – Bagyşlaň! «Gör, bu türkmeniň aýal maşgalalara dakýan adyny. Senem, Altyn, Dürdäne..» Dürdänäniň ady ony ýene-de oda goýdy. Ol ýene-de ýarygijä çenli irkilip bilmedi. «Nesip bolsa, gyzym, seni namys astynda goýman. Oglumyň gitjek ýeri bolmaz. Azajyk sabyr et. Gürleşerin, düşündirerin, gaty gitse, şol Sonýa diýen gyzy taparyn. Şoňa düşündirerin. Institutyň direktoryny töwella ibererin. Bary düzeler. Ýöne azajyk howlukma, bala, howlukma!» Dürdänäniň didary ony ýene-de bendi etdi. Ol, asyl Süleýmanyň gözüniň önünden asla gitmese näme! Geplänogam, ýöne owadanja gözlerini balkyldadyp dur. «Hiç zady gaýgy etme, balam, hiç zady. Ol eýe çykmasa-da özüm eýe çykaryn. Sen gepdenem, dildenem, gybatdanam çekinme. Gundadajyk maňa ber. Özüm serederin. Nesip bolsa, iliniň-gününiň alnyndan dirän bala bolar. Ony meniň, kakasynyň, ejesiniň ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly edip terbiýelerin. Mähir bilen hüwdülärin. Halallyk bilen emdirerin. Perişdelere azanyny aýtdyraryn. Goç ýigit bolar. Meniň şoňa seretmekden özge näme işim bolsun? Işläp ýörsem, jaý-da bererler. Nire gitsinler bermän? Juda ýetişmesem bir smen garawulçylyk ederin. Sen okuwdan gelýänçäň, öýdejik saklap oturaryn, naharyňy bişirerdejik, balam. Gelersiňem welin, dükana bazara barar gelerin. Onsoň tä sagat alta çenli, sen okuwlaryňy okaýançaň, agtyjagym bilen oýnardajyk oturaryn. Üç-dört ýaşasa-ha saňa azaryny ýetirmerin. Juda bolmasa, şujagaz ýere alardajyk geläýerin. Bezzatjyk, ony muny şakyrdadyp, oýnasyndajyk ýörsün, bormy...» Süleýman ýylgyrdy. «Wah, onuň süýjüdigini. Durmuşyň iň ajy ýerinde sütünimizi süýndürip, iň süýji ýeri gelende başymyza inýän bidöwletçiligi diýsen-e. Türkmeniň «Doga kemrysgal bolandan, ýylda iki gezek ýagy çalsyn» diýeni şul-ow. Agzybirje bolup ýörkäň öýüňe ogry girip, içeriňi syryp gitse-de adam beýle güne düşmezdi. Gaýta, garynja ýalyjak bolup, öňküden müň esse agzybir bolnardy.» Senemli mesele-de onuň ýadyndan çykanokdy. Dürdänäniň ýanyna indi onuň özi baryp biljek däldi. Onuň baryp, sesini çykarman gaýtdygy, ol gyz üçin ahyrzaman boldugydy. Onuň üstesine, özüniňem lebizsizligini paş etdigidi. Öýde ogla erkiniň ýoklugyny, sözünde bir zat diýip güpläp, öýünde-de başgaça hili ýaşaýan kümsüjeklerdendigini yglan etdigidi. Ol ogluna ynanypdy. Oglum bilen gürleşip bilerin diýipdi. Ýöne boldumy näme? «Wah, gyzym, sen bularyň baryny görüpjik oturansyň. Sen düşünýänsiňem maňa. Menem saňa düşünýän, ýöne, arman, men düşnüksiz bolup galdym, bu bigadyr dünýede...» | |
|
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -13: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |