07:28 Kyýamat-magşara çenli -2/ romanyñ dowamy | |
3.
Romanlar
Dädiş öýdedi. Ol magnitofona haýsydyr bir ýewropa sazyny goýup, onuň hem gulakbagylaryny kellesine geýip, keýp edip saz diňleýärdi. Hyýalynda bolsa wideokasseta satylýan dükana gidip, düýn gürrüňi edilen täsin filmi getirmegiň aladasydy. Emma häzir ýaltandy. Geýnip, köçä çykyp, dükana baryp gelmäge onuň karary ýetmedi. Işiň ahyrragynda ejesine jaň edip, «şol kassetany alyp gel» diýmegi karar etdi. Ol häzir aspiranturada okaýardy. Işi taýýardy. Türkmeniň gadymy taryhynyň bir gykyndyjygyny dissertasiýasynyň temasy edip alypdy. Reşideddiniň, Bartoldyň işlerinden, «MITT»-den alyşdyryp sistemalaşdyrypdy. Öz pikirlerem ýok däldi. Seksiýadan geçende işini öwüpdiler. Ýöne, çap edilen makalasyny az gördüler. Taryhy çaklamalar halka elýeterli bolmaly, şonuň üçin ýene birki makalany gazet-žurnallarda çap etdirmegi maslahat berdiler. Ol makalalary ýazdy. Ejesiniň, kakasynyň tanyşlarynyň üsti bilen olary çap etmäge hödürdedem. Indi şol makalalar ýakyn wagtlarda çap bolmalydy. Dädiş howluganokdy. Aspiranturany tamamlamaga ýene bir ýyly bardy. «Kandidatlyk gorap, işlejegimem şol institut bolsa, jähenneme gitsin...» diýip, ol öýde çekinmän aýdýardy. Ony häzir institut-da, aspirantura-da, kandidatlyk işi-de känbir gyzyklandyranokdy. Ýöne başga bir mesele oňa juda ýakyndy. Ol özüni şol ýola atarmagyň aladasyny edýärdi. Ýöne ol ýol oňa juda garaňkydy. Ol adalaty, dogruçyllygy, ynsaby şol ýolda görýärdi. Ol ýol Kergulynyň ýoludy. Kerguly bolsa «jebislik» diýip örç alan ýygnanyşygyň ýolbaşçysydy. Dädiş jebisligiň ýygnanyşygyna birki gaýta gatnaşyp görüpdi. Bu guramanyň hökmürowanlygyna, kuwwatlylygyna ol haýran galypdy. Ylymlar akademiýasynyň uly zaly adamdan hyryn-dykyn doludy. «Jebisligiň» ýolbaşçylary tribuna geçip oturýardylar-da, partiýanyň, döwletiň, şäheriň ýolbaşçylaryndan hasabat soraýardylar. – Näme üçin henize çenli aeroportlarda bildirişler türkmen dilinde ýazylanok? Tur, jogap ber! – diýip, Kerguly şäher häkimini ýerinden turuzdy. Şäher häkimi näme üçindir aljyrady. – Ol maňa degişli däl. Awiakärhana jogap bersin! – diýip, ol ellerini asmanda kelemenletdi. – Seniňem jogap bermeli ýeriň bar. Hany, aragatnaşyk ministri?! Aragatnaşyk ministri sary-sadylla bolup ýerinden turdy. – Sen, bidöwlet, näme üçin poçtalarda, telegrafda türkmen dili ýöränok?! Ministr nämedir bir zat diýişdirdi. – Näme, içiňde janyň ýokmy, damagy çalynjak çebiş ýaly, ýaman ýuwaş mäleýäň-le?! Ine, janlyja mälejek wagtyňam golaýlady. Gowuja jogap ber. Ministr bu sapar janly gürledi. – Kadr taýýarlap ýetişemzok. Türkmen gyzlaryňdan. Kerguly başyny gedemlik bilen bulady: – Bujagazyň diýýänine seret. Bar, kadr tapýançak heleýiňi getirip işlet. Zal pakyrda berdi. Kimdir biri «oňardyň» diýip, çylkasyz gürledi. – Awtotransport ministrinden gowy hasap soramaly. Näme üçin awtobuslar düzüwli gatnanok? – diýip, zaldan kimdir biri gygyrdy. Awtotransport ministriniň özi ýerinden galdy. – Haý, haramzada, menden hasap sorarça sen kim bolupsyň?! Kerguly ýerinden gazap bilen galdy. – Biz – halk. Halkyň islendik ýolbaşçydan hasap soramaga haky bardyr. Sen gepiňi köpeltme-de hasap ber, näme üçin awtobuslar wagtynda gelenok?.. Ministr gazabyna tutdy. – Sizdenem bir halk bolarmy? Bir topar işsiz gurrumsak. Kimiň işden kowlup, kimin türmede ýatyp-ýatyp, indem gelip, halksyran bolýan ýalýagysy. Men size hasabatyň ýagşyjasyny görkezerin... Zal güwwe galdy. – Ol pekgäni zaldan kowup çykarmaly. – Ertir işinden gümüni çekmeli. – Petigulysyny beriň şonuň. – Ministriň ýanyndan men diýen pälwansypat ýigitleriň on-on bäşi ýerinden turdy. Olaryň arasyndan has daýawragy tribuna gygyrdy. – Eý, Kerguly! Agzyny onda-munda urma. Edil dädeňi ýandyrarys. Ýygnak geçirjek bolsaň-a gowuja geçir. Bolmasa-da, güm bol şu ýerden. Zalyň gowry peseldi. Tribuna Merkezi Komitetiň ideologiýa bölüminiň müdiri çykydy. Olam birneme ýaýaplaýan ýaly, gorka gürledi. – Ýigitler, munyňyz gaty gelşiksiz bolýar. Siz «demokratiýa, bize ýol berdiler» diýip edeniňizi edip ýörmeli däl. Akyllyja bolmal-a. Zaldan kimdir biri çirkin gygyrdy. – Eý, eý, akyldar, türkmen diline haçan döwlet statusy beriljek? Sen sakyrdama-da, maňa jogap ber. Bölüm müdiri «bolýar» diýip, elini göterdi. – Ýoldaşlar, Ýokary Sowet «Dil baradaky» kanuny işläp gutardy. Ol siziň talap edişiňiz ýaly bolar... «Ur-ra» diýip kimdir biri gygyrdy. «Biziň talabymyzy ýerine ýetirýär!» Bölüm müdiri öz «Siziň talabyňyz» diýip ýalňyşanyna düşündi öýdýan. Sebäbi olara häzir «Siziň talap edişiňiz ýaly» diýseň, has meçew berdigiň boljakdy. «Dil baradaky» Kanun diňe bir «Jebisligiň» talaby däldi. Tutuş döwlet, häkimiýet bu meseläni uly komissiýa düzüp, çuňňur öwrenip gelýärdi. Munyň proýektiniň 3 – 4 görnüşi taýýarlanylypdy! Bölüm müdiriniň özem şol komissiýanyň çlenidi. Onuň üstesine Ýokary Sowetiňem deputatydy. – Ol siziň talabyňyz däl. Döwrüň talaby. Bagyşlaň, men bu ýerde birazajyk ýalňyşrak gürledim. Dil baradaky mesele «Jebislik» döremänkä-de günüň esasy meselesidi. Siz soň gapdaldan at goşan bolýaňyz. Bölüm müdiriniň sözüni diňlän bolmady. Her kim agzyna geleni diýip gygyrýardy. Ullakan adamlaryň bolup oturyşyna bölüm müdiriniň gahary geldi. – Siz, oglanlar, edeplije bolsaňyz-a üýşersiňiz, ýöne gowy bolman, şeýdip otursaňyzam, biz size bidüzgünçilik etmäge ýol bermeris. – Sen kim, bize ýol bermän? Ýaşy birçene baran kino işgäri tribunada oturan ýerinden gazap bilen galdy. – Sen, seň gana suwsapsyň Gan ysy gelýär seniň sözleriňden. Sen öz býurokratlygyň bilen halky horlajak bolýaň. Biz saňa ýol bermeris. Bar, otur ýeriňde! Bölüm müdiri ellerini serdi. Men näme üçin gana suwsaýyn?! – Bar, güm bol! – Ony zaldan güm etmeli! – Zal alagykylyk boldy. Ýaşuly akademikleriň ikisi çykyp, adamlary tertibe çagyrdy. Emma adamlar köşeşer ýaly däldi. Kerguly epeýlenip ýerinden turdy: – Moskwada, Ýerewanda, Rigada, Wilnýusda demokratik güýçler döwleti dolandyrýar. Bizde bolsa henizem ýaňky ýaly pekgeler halkyň depesinde gamçy oýnadýar. Biz janymyzy gurban ederis welin, halkymyzy horlatmarys. Ol elindäki ak kagyzy bulaýlady. – Ine, biziň programmamyz, ýoldaşlar! Biz şu programma durmuşa geçýänçä göreşeris. Men häzir şolary size okap berjek. Kim razy bolsa, elini götersin. 1. Türkmen diline döwlet dili statusyny berdirmeli. 2. Gowaçanyň ekilişini kemeltmeli. 3. Orta Aziýa – Merkez gaz prowody bilen gidýän gazymyzy kesdirmeli. 4. Nebitimizi dünýä bahasyndan satdyrmaly. 5. Garagumuň ekologiýasyny gowulandyrmaly. 6. Aşgabatda ähli edaralarda işi diňe türkmen dilinde alyp barlar ýaly etdirmeli. 7. Aeroportlarda, aragatnaşyk işinde ähli iş türkmen dilinde alnyp barylmaly. 8. Türkmen dilini bilmeýänleri respublikadan ýok etmeli... Zal goh-galmagala öwrüldi. «Razy, razy» diýip gygyryşyp başladylar. Şondan soň kimdir bir garaýagyz pyýada hatar-hatar oturgyçlaryň arasyny aýlanyp, pul ýygnap başlady. Bölüm müdiri «jebislikçileriň» salgyma kowalaşýandygyna, olaryň bu gün peşmek ýaly pyrlanyşyp, şagal sürüsi ýaly alagykylyk turzup yglan edýän jarnamasyndaky meseleleriň üstünde döwletiň bir wagtdan bäri juda inçelik bilen, düýpli, esasly işleýändigine, bujagaz meseleler-ä däl, mundan on esse kän meseläniň üstünde döwletiň bir wagtdan bäri gaty inçelik bilen, düýpli, esasly işleýändigine, bujagaz meseleler-ä däl, mundan on esse kän meseläniň üstünde döwneýändigine gaty gowy düşünýärdi. Emma Dädiş welin, oňa düşünenokdy. Ýaş ýigit üçin bolsa «Jebislik» Pugaçýowyň reformasynyň başyny ýatladýardy. Özem şeýle batyrgaý, adalatly, halky bolup görünýärdi. Dädiş taryhdan bir zady bilýärdi. Belli bir etapda formasiýa kütekleşip, beýleki formasiýa ýol bermeli bolýardy. Şonda döwlet täzeçe ýaşap bilmeýärdi. Jemgyýet bolsa köneçe ýaşamak islemeýärdi. Şeýdibem halk, jemgyýet bilen döwlet gurluşynyň arasynda gapma-garşylyk döreýärdi. Häzirki wagta-da Dädiş şeýle döwür diýip düşünýärdi. Jemgyýet-ä köneçe ýaşamak islemeýärdi. Döwlet hem täzeçe ýaşap bilenokdy. Şonuň üçin onuň düşünişiçe, häzir Kerguly ýaly ýigitler halky öz yzlaryna düşürip bilse, täze jemgyýet gurup boljakdy. Emma bölüm müdiri başgaça oýlanýardy. Häzir SSSR diýen äpet döwletiň demi daş ýarýarka, owsaryň, ähli erk-ygtyýaryň şonuň merkeziniň elindekä, serhetiňi şonuň goşuny goraýarka, döwlet ýolbaşçylaryny şol merkez belleýärkä, känbir sesiňi gataldybermeli däldi. Çünki, erkiň, yrsgalyň, barlygyň-ýoklugyň jygyldap duran şol uly döwletiň merkeziniň elindedi. Ol uly imperiýa çagşap ýykylanda-da, juda seresap bolaýmasaň Türkmenistan ýaly sähelçe halkly respublikany öz badyna ýer bilen ýegsan etjekdi. Heniz ertiriň nähili boljagyny önünden aýtmak kyndy Häzirki «ilim-günüm, şirin janym» diýip duran döwlet ýolbaşçylarynyň ýerine başga bir turşusy depesine çykan dikmäni getirip oturtsalar, halkyň başyna-da otuz ýedinji ýylyň gününi salsalar, dadyňy kime ýetirersiň. Bölüm müdiriniň ynsaby başga zat diýýärdi. Häzir orda çozan ýaly, ýerli-ýerden uwlaşyp durman, agzybir bolmalydy. Döwlet ýolbaşçylary halka, halk ýolbaşçylaryna arkadag bolmalydy. Ruslaryň ABŞ-a giden uly ýazyjysy Solženisin: «Orta Aziýanyň yzagalak respublikalary Russiýanyň boýnuna agyr hamyt bolup, oňa özüni dürsäre maý berenok. Russiýany şol agyr, jepaly ýükden boşatmasaň, ol bilini ömrem ýazmaz» diýýärdi. Merkez bolsa Orta Aziýa halklarynyň jepa çekip, gününi görüp bilmän gelip: «Biz mähriban merkezimiz bolmasa oňup biljek däl. Näme jebir görkezseňiz, siz görkeziň-de, bizi öz saýaňyzdan aýyrmaweriň» diýip gözýaşyny seçelendirip, eňräp ýalbarmagyny isleýär. Biz agzybir bolsak, namarda zar bolmasak, yrsgalymyz yrýa boljak däl. Biri-birimize ynamymyz güýçlenjek. Emma beýle gykylykly ýygnanyşyklar, birek-birege ynamy opurýardy. Halk bilen häzirki döwlet ýolbaşçylarynyň jebisligini opurýardy. Bölüm müdiri «Jebisligiň» oglanlaryny ýanyna telim çagyryp, şuny düşündirjek bolýardy. Emma «jebislikçiler» oňa düşünmek hem islemeýärdiler. SSSR-iň arabasy jygyldap başlaly bäri «Azatlyk» radiostansiýasynyň türkmen bölümini «Jebisleşigiň» gazanç çeşmesine öwrüpdiler, «Jebisleşigiň» çlensumaklary adalat isleýänsiräp, Türkmenistany, onuň halkyny içerki syryny keýpihonluk bilen satýardylar. Ine, muňa bölüm müdiri gaty gowy düşünýärdi, emma Dädiş welin, düşünenokdy. Şonuň üçin Kerguly onuň gözüne halk eposyndaky il-ýurdunyň namys-aryny goran beýik är ýaly batyr, gaýduwsyz, pähimli bolup görünýärdi. Özi hem şol serkerdäniň sabyna esger bolup goşulmaga taýýardy. Ol bu ýygnanyşykdan öýüne gaýdyp gelýärkä bolan wakalary çugdamlap öýleriniň söýgüli myhmany, kakasynyň söwer dosty, ejesiniň dilinden düşürmän ýören ýigidi bolan Kergulyny taryplamaga söz agtarýardy. – Waý, Dädiş jan, sen nireden gelýäň? – diýip, kimdir biri onuň egnine ýapyşdy. Ol tisginip gitdi. Ejesiniň, kakasynyň ýylgyryşyp duranyny görübem özüne gelen ýaly boldy. – Siz nireden gelýäňiz? – Ýygnagymyz boldy. Dädiş haýran galdy. – Sizem «jebislikçimi»? Solmaz uly buýsanç bilen gürledi. – Bizd-ä şonuň ilkinji çleni! Ýaňky Kergulyny gördüňmi? Şonuň okan «Jarnamasy» seniň öýüňde ýazyldy. – Ol Süleýmanyň başyna barmagyny uzatdy. – Bujagaz baş ýöne baş däldir. Ol Lenin ýaly rewolýusioner bolup dörese-de döräberer. Süleýman hondanbärsi gürledi. – Eýýäm dörän bolsa näbilýäň, beýle gümansyradýaň?! Solmaz ogluna gözüni ümledi. – Muňa seret, baý, kişiniň özüne göwni ýetýär-ä. Sen başlan bolsaň, ahyryna çenli alyp gitmeli ekeniň-dä. Gör, illeriň halkyň önüne çykyp, abraý gazanyp oturyşyny. Sen «Men başladym» diýýäň. Birden, demokratiýa ýeňse, sana lopbugam ýetmez. Süleýman sesini çykarmady. Ýöne ol aýalynyň bu sözüniň janynyň ýok däldigine ynandy. Dädiş kakasynyň, ejesiniň yhlasyny, ynanjyny görüp, bakyb-a bu ýola özüni ýüregi bilen berlesi geldi. Şonuň üçin «jebislikçileriň» üýşmelenine soň ýene-de bir sapar gatnaşdam. Şonda üýşmelene ýygnananlaryň bolşy ona ýaramandy, – Halky aýak üstüne galdyrmaly! Iş taşlaýyş etmeli! – Nähili güýjümiziň bardygyny, goý, döwlet ýolbaşnylary bilsinler! Olaryň bir gepi şoldy. «Anna güni agşam sagat altyda Magtymgulynyň Swoboda prospektindäki ýadygärliginiň ýanynda ýygnanmaly» diýşibem dargaşdylar. Ýadygärligiň ýanyndaky üýşmeleňem, çagalaryň oýnuny ýadyňa salýardy. It eýesini, pişik bikesini tanar ýaly däldi. – Seniň «jebislikçileriň» akly ýerindäki adamlara meňzänok – diýip, Dädişiň kursdaşy, ýap-ýaňy kandidatlyk dissertasiýasyny goran Garýagdy, Dädiş halys goýmansoň, bu ýerdäki üýşmeleňe gaýdanyna ökünip aýtdy. – Olaryň ne bir programmasy bar, ne-de bir belli ugry bar. Munyňyzdan gowulygyň ysy gelenok... Dädiş ýeň bermedi. – Her bir demokratik rewolýusiýa ilkibaşda şeýle ýagdaýda başlanýar. Näme, sosialistik rewolýusiýanyň başy ownuk kružoklardan başlanmadymy näme? Garýagdy ylalaşmady. – Seniň demokratik rewolýusiýaňam, sosialistik rewolýusiýaňam öz yzyna düşen, özüne ynanan halky getirip uçutdan oklady. Oňa ynanman, onuň yzyna düşmän, daşary ýurtlara gaçyp gidenler akylly bolup galdylar. Olar aklaram. gyzyllaram bolmady, kulak diýip, basmaçy diýip sürgünem edilmedi. Otuz ýedinji ýylda «watan dönügi» diýlip ýogam edilmedi. Ol rewolýusiýa halkyň ganyny içdi. Beýle rewolýusiýanyň adamzada indi gereginiň ýokdugyny tutuş dünýä bilýär. Seniň bu «Jebisligiň» maksady näme? Rewolýusiýa gerek bolmasa, halka garşy baş göterip, aklyk alyp bolmaýan bolsa, bularyň etjek bolýan oýnuna men-ä düşünmedim. Dädiş Garýagdynyň ýüzüne göwnüýetmezçilik bilen garady. – Sen, özüň-ä taryhçy, özünem ýap-ýany dissertasiýa goradyň... – Goranymda, onuň bu ýere näme dahyly bar? – Dahyly baýam bar, Sowet döwletimiz ýetmiş ýylynda halk demokratiýasy boglup geldi «Jebislik» halka demokratiýanyň berilmegini talap edýär. Hökümeti dogry ýola çagyrýar. Garýagdy ýene-de ylalaşmady. – Sen demokratiýa diýip näma düşünýäň? – Demokratiýa demokratiýa bolar-da: söz azatlygy, ses azatlygy, dil, metbugat, iş taşlaýyş, demonstrasiýa... – Dogry, sen häzir nireden gelýäň? – «Jebisligiň» üýşmeleňinden. – Seniň häzir şu üýşmeleňe gantaşdyň diýip seni bogan, basan boldumy? – Hany, bogubam bir görsünler... Garýagdynyň gahary geldi. – Eziz dost, sen çaga bolma. Demokratiýa diýip, sizi başyňyza goýberýärler. Meniň ýaňky görenim demokratiýa däl. Halka, halkyň saýlan ýolbaşçylaryna dil ýetirmek. Biziň ýolbaşçylarymyz kanuna gulak asanok, adamkärçilik etjek bolup. Men bir ýolbaçy bolaýyn. Kerguly tetellileri it masgarasy edip respublikadan çykarmaýanmy. Dädiş dodagyny çöwürdi. – Orset häzir demokratiýanyň ojagy. Ermenistan, Azerbaýjan, Pribaltika demokratik hyjuw bilen ýaşaýar. Sen olary göreňok-da onda! – Görýän, demokratsyraýan bozgaklar, işýakmazlar topalaň turzany üçin, açlygam, işsizligem, spekulýasiýada, inflýasiýada ýaňky sanan ýurtlaryňda bar. – Olar öz rysgallaryny gaçyrýarlar. Olar namys-arlaryny giderýärler. – Näme gytçylyk bizde ýokmy? – Bize-de şolardan akyp gelýär. Olaryňky demokratiýa däl, bozgakçylyk. Halka, döwlete garşy topalaň etjek bolmak... Dädiş Garýagdynyň garşysyna degerlije delil tapmasa-da, özüniň ýeňilýänini boýun alasy gelmedi Ol bu dillije, gedemje oglanda müýn galdyrasy geldi. Onuň öz ýakasyndan ýapyşdy. – Hawa, iň düşünjeli oglan diýeniň sen-dä. Senem belli adamlaryň, mafiýanyň elinde duran döwletiň tarapyny tutjak. – Ol elini üýşmeleňe tarap uzatdy. – Kerguly, onuň ýanyndaky oglanlar näme, bähbit arap şeýdýärlermi? Halk üçin, watan üçin şeýdýärler. Seniňki hezil kandidatlygyňy goradyň WUZ-laryň birinde gaýyş päpke göterip, hondanbärsiräp ýörmeli «Goý, beýlekiler göreşsin» diýip... Garýagdy öz ýanyndan şu dawany bes edeýinem bir diýipdi welin, bolmady. Ol täzeden jibrindi. – Dädiş, sen Kergulynam, «Jebisligiň» beýleki ýolbaşçylarynam öwme. Olaryň barysy enesine atasyna wepa bermedikler, işinden aýyp bilen kowlanlar. Karera ýetip bilmedikler ýa-da türmede oturyp gelenler Şol adamlar «Süri yzyna gaýtsa, agsagy öňe düşer» edip, ne ýüzleri bilen iliň öňüne düşýär, men şolara haýran galýan! Şolara sen şu ulurak işde işle diýseň, şu wagtyň özünde ýaňky aýdanlarynyň tersine gürlejegi kän-ä. Gel. gowusy, şolaryň gürrüňlerini goýaly-la... Garýagdy Dädişiň agzyny uçukladyp, hoşlaşyp gitdi. Ol gitse-de gitdi welin, Dädişi «Jebisligiň» ýygynçagynyň golaýyna barmaz ýaly etdi. Ýöne pälinden gaýdanokdy. Ejesi, ýa kakasy bilen döwlet işgärleriniň gybatyny heziller edip gyýýardy. Öz ýanlaryndan «Jebisligiň» halky aýak üstüne galdyryp, respublikany agdar-düňder ederine garaşýardylar. Dogrusy, häzir respublkanyň ýolbaşçylary çalşyp, «demokratlar» öz diýenini gögerdäýende-de, özi üçin uly bir öwrülişigiň bolmajagyna, mundan gowy ýaşamajagyna onuň gözi ýetikdi. Ol dogaly bäri «kommunizmde» ýaşaýardy. Bu öýde puluň, iýmek içmegiň kem bolan wagty onuň ýadyna düşýonokdy. Iýgi-içgi mugt akyp durdy. Garažda täzeje «Wolga», obada babasy agtygy üçin gowy bejerilip, bag-bakjasy ýetişen uly mellegi, dört otagly jaýy, işiginiň ýagy süpürilmedik «Žigulisi» bilen saklap otyrdy. Bu öýüňem-ä «Remontyna dünýäň zady gidendir» diýip görenler haýran galýar. Her otagda bir ýapon telewizory, magnitofon. Wideomagnitofonym-a iller höwes edýär. Edil, kinozala gelip tomaşa eden ýaly bolýarsyň diýýärler. Dädiş ona düşünýär. Ýöne onuň kalbynda şu güne bolan nähilidir bir gazap bardy. Öýdäki oňşuksyzlyk, ruhunda nähilidir bir kemterlik, nämidir bir zadyň elýetmezligi ony halys gysaja gysýardy. Ol özüne bir zadyň ýetmeýändigini gowy bilýärdi. Ýöne, näme ýetmeýär, şony welin bilip bilenokdy. Onuň kursdaşy Garýagda gözi gidýärdi. Ýogsa, şoňa ömründe ýeke köpük kömek eden adam ýokdy. «Oba gaýdanda yzyna harçlanmaly ýol pulusynam stipendiýasyndan ýygnap alyp gidýär» diýip gürrüň edýärdiler. Ýöne daşyndan garasaň welin, şondan baý, şondan dok adam ýok ýaly. «Ol şonuň üçinem bahyl. Bir men dogry, bir meniňki hak diýýär. Ol içigara. Diňe maňa bolsun diýip ölüp-öçüp barýar» diýip, Dädiş kursdaşyna bolan ýigrenjini içine sygdyryp bilmän tüýkürip goýberdi. Häzirem ol nähilidir bir sazy diňläp ýatyşyna Garýagdyny çeýnäsi geldi. Saz barha joşýardy. ...Dädiş Garýagdyny student wagtam beýle bir halap baranokdy. Günbatar raýonlaryň biriniň dialektinde gürläp, her iki sözüniň birinde «ýeme-ýeme» diýip, haçan görseň mugallymlara ýaranjaňlyk edip, ýeri bolsa-bolmasa-da, sowal beren bolup ýörşüni suwjuklyk hasap edýärdi. Hatda onuň adyny tutmaga-da namys edip, «eý», «ýeme» diýip ýüzlenýärdi. Garýagdynyň üsti-başam bir oda atsaň tütejek däldi. Dädiş bolsa daşary ýurtlaryň iň aňrybaş egin-eşigindenem birini iki gün geýmäge namys edýärdi. Birinji kursda okuw ýaňy başlanan gabatlarydy Bir gün ol «Ýemäniň» gama batyp oturanyny gördi. – Näm-ow, torsarylyp otyrsyň-la! Näme, mugallymlar ýüz berenokmy? Garýagdy nämüçindir onuň bilen gepleşjegem bolmady. Turup gidiberdi. – Näm-ow, Ýemämiz bu gün torsarylyp ýör-le! – diýip, Dädiş starostadan sorady. – «Stipendiýa berilmese, okap biljek däl» diýýär. Biziň gruppamyza-da bäş stipendiýa berdiler. Birini özüm aldym, birini saňa, birini dekanyň ogluna, ikisinem gyzlara ýazdym... Dädiş haýran galdy. – Stipendiýa şeýle zarmykan-aý? Bolup ýörşä gaty gurply ýeriň çagasyna meňzeýär. – «Üç gün bäri agzyma zat alamok, pulum ýok diýýär. Aferist-läý – diýip, kesedenem biri goşuldy. – Ýalan sözleýär. Heý, üç günläbem bir zat iýmän oňup bolar-maý? Olara Garýagda düşünmesi gaty kyndy. Ylaýta-da gyzlar ony juda hapa görýärdiler. – Dogrudyr-ow, inwalid ejesi bilen üç sany jigisi galypdyr yzynda. Öýden pul näme işlesin, pulum bolsa şolara ibermeli. Pul tapylsa, öýde ýer tapyljak diýýär-ow. Her näme diýselerem, birinji ýarym ýylda Garýagda stipendiýa berilmedi. Ýöne ol okaýardy Özem ile goşulman okaýardy Leksiýalary ýazýardy Sowal berip, mugallymy halys edýärdi. Ekzamen günleri gelip ýetipdi. «Aý, ertir okaryn, birigün okaryn. Sessiýa döwründe okaryn» diýip, Dädiş ahyry yzyndan ýetdiripdi. Ne kitap bardy, ne konspekt. – «Nemäniň» «Türkmenistanyň taryhyndan» şeýle gowy leksiýasy bar – diýip, gyzlaryň biri Dädişe aýtdy. Dädiş Garýagdyny äsgermese-de, ondan konspekt dilemäge namys etmedi. – Eý, dos jan, üç günlük konspektiňi bersen-e. Göçürip bereýin. Ertir getirsene. Garýagdy razylaşdy. – Ýöne men ertir gelemok. Demir ýoluň aňyrsynda, pylan köçede ýaşaýan. Baraý... Dädiş ilk-ä kyn gördi. Soňam öýünde ýüregine howul düşüp, niredesiň «Ýemeniň» bolýan ýeri diýip ýola düşdi. Ol «Wolgasyny» ýoldan sowarak goýup, içeri girende üç-dört adama gözi düşdi. – Salawmaleýkim! – Waleýkim! Ol oturanlar bilen salamlaşdy. – Agam, «Eme» wiý, Garýagdy ýokmuka? Ýaşulularyň biri agzyndaky nasyny tüýkürip, agzyny eliniň ýeňsesi bilen çaldy. – Şol-a, köşek, bize-de gerek. Häliden bäri garaşyp otyrys. Gelmel-ä diýdiler. Ýaşulular mesaýy gürrüňe başladylar. – Şyhmyradyňkydadyr ol. – Ýok-la. Şyhmyradyňkyny düýn gutardy. Indi Işan agalar garaşyp ýördi. Şolarda bolmaly. – Tüweleme, Hudaý birine zehin berjek bolsa beräýer eken. Äl aýt, munuň ussalygyny, halalyň bolsun. Eline alyp goýan daşam gelşip dur-aýt. Dädiş bu gürrüňlere düşünmedi. Ol başga bir ýere, ýalňyşyp gelendirin öýtdi. Anyklasy geldi. – Agam, siz Garýagda, uniwersitetde okaýan Garýagda garaşýaňyz dälmi? Ýaşulular birhili boldular. – Garýagdylygyna-ha Garýagdy. Ýöne uniwersitetde-hä okaýan bolmaly däl. Ussa Garýagdy bolmaly... Ýaşulular biri-birleriniň ýüzlerine garadylar. – Aý, ýok, ol okamaýan bolaýmasyn. Öýläň birki sagat dynç alaýmasa, onuň how, eli palçykdan çykanog-a. Başga bir ýaşuly olar bilen ylalaşmady. – Ýok, ol käwagtjyk wagonlaryň ýükünem düşürýär. Hä, oglum aýtdy. «Ussamyz et kombinatda wagondan et düşürýän eken, gije sagat üçde» diýdi. Onsoň onuň okuwa-beýlekä elem ýeter ýaly däl. – Aý, ýetim oglan-da, şeýtjek, gazanç etjek, ýetimini idetjek-dä. Obada-da işem ýok bolarly, iş bolanda-da süwitli haky bolmasa näme. Dädiş ýene-de düşünmedi. – Siz näme üçin garaşýaňyz oňa? Ýa karz zat aldymy?! – Ýok-la, köşek. Aýdýas-a, ol ussa diýip, jaýyň burçuny gowy çykarýar. Hem halal, hem eli ýeňil. Şu oturanlarymyz jaý başladyk. Burçuny Garýagdy ussa çykartjak bolýas. Şoňa, oçuryňa al diýmäge geldik. Garýagdy garaşdyrman geldi. Ol oturanlar bilen juda gadyrlydy. – Hany, geliň! – diýip, goltugyndaky täzeje bişen tamdyr nanyny tapçanyň üstünde goýdy-da, bolýanja jaýynyň işigini açdy. Içerden gaýnatma çorbanyň ýakymly ysy gelenleriň burnuna urdy. – Biz işlije geldik, hanym, uzak oturmakçy däl. – Bolmaz. Garýagdynyň içersi gül ýalyjakdy. Törde krowat bardy. Onuň üstünde ýük goýlup, nemes haly-pokrywaly bilen ýapylypdy. Ýerde iki sany täzeje fabrik halysy, daşyna gyzyl mahmal tutulan pökgüje ýassyklar ýatyrdy. Bir burçda stol, gapdalynda-da enaýyja tumboçka durdy. Ol düýe ýüňünden dokalan owadan saçagy ýazdy-da, getiren çöreklerini şonuň ortasynda goýdy. Iki tabaga nahar guýup, orta äberdi. Daş çykyp, agzyna ýakaýjak gök otlar, pomidor, hyýar getirişdirdi. Stakanmydyr bir çüýşe arak getirip goýdy... – Çaýy häzir içeliňmi ýa-da nahardan soň?! – Her kimiň gözi nahardady. – Hany, eliňizi bir ýuwuň! – Ol kiçijik tasjagaz bilen synjalyk alyp ellere suw akytdy. Oturanlara el süpürilýän berdi. – Aý, aragyny bir aýyr – diýip, ýaşulularyň biri çörek döwüp durşuna, sypaýyçylyk bilen aýtdy. – Men-ä rulda! – Dädişem göwünsizrägem bolsa, dabaraly aýtdy. Garýagdy olary diňläbem durmaly. Çüýşäni açdy-da, kiçijik bulgurlara deň-dermanja guýuşdyrdy. – Saglyk bolsun. Hudaý jan yrsgymyzy kem etmesin. Namarda zar etmesin. Beýlekilerem aldylar. Nahar has hem gyzyşan soň ol bulgurlara ýene-de guýdy. Nahardan soň daşyna hytaýmy, koreými, guşuň yzy ýaly hatyň suraty çekilen termosdan çaý demledi. Çaý öňe alnansoň gelenleriň başy bagana telpeklisi söze başlady. – Inim, arma... Garýagdy derçiräp duran ýüzüni keýpihon süpürdi. – Bar bol, Gurban aga. Arylyp, alnyp barylýan gala ýokdur-la. Gurban aganyň gapdalyndaky, ogly demir ýolda işleýän ýaşuly jübüsinden kükürt gap alyp, ondan çöp çykaryp durşuna, eýemsiräp gürledi. – Gaýrat et, tüweleme, arýaňam, işem bitirýäň, Hudaý kuwwat bersin... Ýaşulular habarlaryny aýdyp, Garýagdynyň hoş sözüni alyp, omyn edip turdular. Dädiş Garýagdy ýaşululary ugradyp gelýänçä diwary tutup duran tekjelerdäki kitaplary görüşdiren boldy. Bu ýerde ýok kitap ýokdy. – Tüweleme, saňa garyp diýýärler welin. millioner ýaly ýaşaýan ekeniň-ä. Ýene stipendiýa diýip, zeýrenip ýörsüň... Garýagdy saçagy ýygap ýörşüne, bir daýanan ýaly etdi-de, soň başyny göwnügalyjylyk bilen ýaýkady. – Dost jan, sen bir zada düşün. Meň stipendiýa diýip zeýrenemok. Men «stipendiýa almasam okap bilmerin» diýdim, düşünýäňmi?! Şol wagt ýaşar ýaly ýerimem, jübimde ýeke köpük pulumam ýokdy. Onsoňam, starostamyzyň soraşman-zat etmän, stipendiýa gerek däl adamlara stipendiýa ýazyp, iň gerege-de ýazmaýşyna janym ýandy. – O nähili gerek däl adama ýazanmyş? Garýagdy ýylgyrdy. – Jan dost, sana stipendiýa nämä gerek? Aşgabatda ýaşaýaň, kwartira gerek däl. Öýüň üstüňde, kakan, ejeň uly işgär. Aç gezip, köçede galjak aladaň ýok. Uniwersitetiň ýigrimi sekiz manady sana hiç zat. Meniň üçin welin, ýigrimi sekiz manad-a goýaly, ýigrimi sekiz köpügem uly baýlyk. Iki sany gutap hemem awtobusa iki sapar münmege ýol puly bolýar. Ýa starostanyň özüni al. Uly redaktoryň ogly. Puluny sowmaga ýer tapanok. Beýleki oglanam «kakam bazanyň başlygy» diýip otyr. Men welin... Dädiş sesini çykarmasa-da, kursdaşyny içigaralykda aýyplady. Ony öz sözünde tutup, duzlasy geldi. – Senem kem ýaşanok-la. Özümiz aşgabatly bolsagam, enemiz-atamyz uly ýerde işlese-de, şunuň ýaly otagymyz-a ýok. Daşhowzuň kolhoz başlyklarynyň ogullaram seniň ýaly mes ýaşanok, baryp görýäs-ä, Men-ä, şunuň ýaly öýüm bolup «stipendiýa bereňzok» diýip aglap ýörmäge utanardym. Garýagdynyň lapy keç boldy. Ol ýagdaýyny aýtsa öwnen ýaly boljakdy. Bu häkemsiräp oturan kursdaşyna ýagdaýyny düşündirmese-de, iliň içinde üstünden güljek ýörjekdi. – Dost jan, sen düşün. Şu içerde näme bolsa, men sentýabrdan bäri, okuwa girenimden soň gazandym. Ynanmarsyň, bazada kömür düşürip, daňdan geldim. Ondan soňam nahar ataryp, bir ýaşulynyň gurluşygyna gitdim. Birsalym dynç alybam ýene-de şol ýere barmaly. Bu zatlar meniň iki gerdenimiň eti. Eger stipendiýa alan bolsam, aýagymam ätmezdim. Obada bizar bolup geldim agyr-agyr işlerden. Sen bolsa... Garýagdynyň bu düşündirişi Dädişiň gulagynyň ýele ýanyndanam geçmedi. Ol konspekt alyp, göwünsiz hoşlaşyp öýüne gaýtdy. Gören kursdaşyna-da: «Eý «Ýemelere» bardym. «Men garyp» diýip, aglap ýörşüne ynanmaň. Pohuny iýýär, baýyň baýy. Gedaýsyran bolup, ili aldaryn öýdýär» diýip öz göwnüne gelşiçe, ony masgaralap ýördi. Garýagdynyň hemme ekzamenden bäşlik alanyny eşidibem, jany ýandy. – Ol haramzadanyň ýalan sözläp, jögülik edäýşini. Bilýän zady ýok. Diňe: «Men ýetim, men stipendiýa almasam, okap bilemok» diýip, mugallymlaryň önünde iki bükülip, diläp alýar bahany – diýip, gürrüň ýaýratdy. Okuwy tamamlanlaryndan soňam Garýagdynyň aspirantura galdyrylmagyna içi ot alyp tütedi. – Indi şol dagam biziň bilen deňleşip, aspirantura galansoň, ölermiň-ýitermiň. Ol Garýagdy barada anekdot baryny döredipdi. Institutyň gyzlaryna Dädişiň anekdotlary iş bolýardy. Olar Garýagdyny görseler, pyňkyranlaryny duýman galýardylar. Bir gün ony Garýagdynyň özem eşitdi. Garýagdy kandidatlyk minimumynyň iň soňkusyny tabşyryp, öýe gaýtjak bolup durdy. Ýöne ýolbaşçysy bilen bir meseläni maslahatlaşmak üçin ikinji etaža çykmaly boldy. Ol basgançakdan galyp barýarka Dädişiň şahandaz sesini eşitdi. Sonýa, «Ýeme» barada täze anekdoty eşitdiňmi? Sonýanyň sesi hasam şadyýan çykdy. – Duraweri, men gyzlary çagyraýyn. Gyzlar, «Ýeme» barada anekdot, geliň. Waý, howlugyp aýdaýma, Dädişka! Garýagdy özi barada nähilidir bir bolgusyz hyşy-wyşynyň bardygyny aňýardy. Ýöne onuň kimden çykýandygyny bilenokdy. Ol basgançakdan çykdy-da, çep tarapyndaky penjiräniň öňünde garaşdy. – Geldiňizmi? – diýip, Dädiş öňki badyhowalygyna gürläp başlady. Ilki özi güldi. Soň gürrüň berip ugrady. – Garýagdy elli köpüklik lotereýden «Wolga» utupdyr. Soňam göni «Wolgasyny» almaga gidipdir-de: – Mana ak «Wolga» beriň! – diýipdir. – Wah, agy ýok-da. Isleseň garasy, gögi, gyzyly bar – diýipdirler. Garýagdy muňa hum ýaly çişipdir. – Hä-ä, şeýlemi? Onda meniň elli köpügimi yzyna beriň! – diýip, gazap bilen aýdypdyr. Gyzlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Muňa Dädiş däl, ony diňläp duran Garýagdam ýylgyranyny duýman galdy. – Ýene aýtsan-a – diýip, Sonýa Dädişe ýalbardy. Dädiş näzini çekdirip durmady. – Garýagdy bir gün awçy bolup awa gidipdir. Bir goja-da onuň nähili awçydygyny bilmek üçin: – Ogul, haýsy guş iň ýamany? – diýip sorapdyr. Garýagdyşka-da çekinmän: – Baý-baý, deltaplan diýen guşdan erbedi ýok. Men üç sapar tüpeňledim, şonda-da alyp barýan adamyny goýberenok-da – diýipdir. Gyzlar gülüşdiler. Garýagdy mundan. artyk saklanyp bilmedi. Öz ugruna baka gitdi. Öz üstünden gülüp, heziller edip oturanlaryň deňine ýetende-de syr bildirmedi. – Ýaş alymlara salam! – diýip geçip gitdi. Gyzlar ýene-de gülüşdiler. Sonýa bolsa gülküsiniň arasynda: – Aý, oglan, lotereýiňe utan «Wolgany» nätdiň?– diýip güldi. Garýagdam onuň göwnüni ýykmady. – Ak «Wolga» bermediler. Menem gaharyma elli köpügimi yzyna alaýdym – diýip, soň kabinetleriň birine girip gitdi. Dädiş Garýagdynyň özünden öň goranyna-da bir ölüp bilmedi. Onuň dissertasiýa goralyş Sowetine boýdan-başa gatnaşdy. Ýolbaşçysynyň, opponentiniň «Türkmen taryhy öwreniş ylmyna uly goşant. Işi gyssagly neşir etmeli» diýişlerinem halamady. Iller soňky döwürde ilkinji sapar «Ýigrimi bir» ses alyp, doly makullanany üçin, dissertasiýasyny üstünlikli gorany üçin ylgaşyp baryp Garýagdyny gutladylar. Dädiş welin gutlamady. «Ölüp-öçüp barýar. Barypýatan podhalim, nejis» diýdi. Adamlarda messep ýok. Yňdarma. Bir taraplaýyn öwýärler. Wise-prezidente näme diýjek diýsen-e! «Türkmen ylmynyň sütüni bolar, enşalla» diýen bolýar. Sen näme, Hudaýmy diýsen-e, onuň kim boljagyny öňünden aýdar ýaly? Niräniň ýetimçesi, gelip ähli kişiniň gözüni-başyny aýlaýar, tüf-uw...» Saz joşýardy. Ýöňe Dädiş telefonyň sesini eşit- di. Ol magnitofonyň nogtalanyp duran gulakbagysyny başyndan sypyrdy-da, telefona garşy ýöneldi. – Alo! Telefonda aýal adamyň çekinjeň sesi eşidildi. – Özüňmi? – Hawa, – Dädiş gaharly gürledi. – Näme gerek? Men saňa jaň etme diýmedimmi? Telefomda agy sesi eşidildi. – Men seniň bilen maslahatlaşmaly... Dädişiň ter ýaňaklarynda ýumrular düwüldi. – Dura, men saňa aýtdym-a näme etmelidigini. Aňyrdan aýal maşgalanyň eňreýän sesi eşidildi. Soň ol çalaja gürledi. – Hökmanmy şol? Başgaça bolanokmy? Men, men seniňki ahyryn. Olam seniňki... – Dura, samsyk gürrüň etme. Özüň guýruk buladyňmy, özüňem jogap ber. Men bu ýerde priçem? Zenan sesi birneme dözümli çykdy. – Men seni söýýän, guýruk bulamok men, söýýän. Sen meni beýdersiň öýtmedim, düşünýäňmi? Öň başgaçadyň, indi başgaça düşünýäňmi? Bir gün, bir gün ahyryn, ezizim. Sen erkek adam-a. Sen çözmel-ä. Dädişiň gözleri gazaplan ýaňa lowurdap gitdi. – Samsyk heleý, sen indi meni günekärlejek bolýaňmy? Şerraýlyk etseň, heleý ediner öýdýäňmi? Paşla, ty!.. Tapdyň aldajagyňy. Men seni tanamok. Içiňdäkiniň mendendigini dokazat edip bilmersiň. Aňyrdan ýene-de agy sesi çykdy. – Ezizim! Sen bir toý et. Çaga bolsun, islemeseň özüm gideýin. – Samsyklama. Men saňa näme etmelidigini, nirä barmalydygyny aýtdym. Puluňy töledim. Men sözümi yzyna aljak däl. Men seniň bilen şondan soň gürleşjek. Gitmeseň özüňden gör. Zenan sesi ýene-de naçarlap başlady. – Düşün, ezizim, ilkinji çagany aýyrtdyrsaň, ömrüň ahyryna çenli bäbege ýüzüň düşmeýän eken, men okadym. – Çaga nämä gerek saňa? Çagasyz erbetmi? – Gorkýan. Men gaty gorkýan. – Gorkma. Şu gün agşam bar. Özüm maşynly baryp alar gaýdaryn. Wsýo. Gaýdyp jaň etme. Gep gutardy... Ol trubkany gazap bilen ornunda goýdy. – Dura! Bar, aňyrda şaýrat. Özi guýruk bulap, indem meniň boýnumdan aslyşjak bolýar. Paşla ty... Ol baryp magnitofony öçürdi-de, ýene-de telefonyň nomerini aýlap başlady. – Alo, Sonýa barmy? – Ol birsalym garaşdy. – Sonýaş, kak? Sen öýe geljekmi? Aý, özüň bilýäň, göresim geldi. – Ol ýylgyrdy. – Näçe gün bäri göremog-a. Süýjäp gidensiň, hä?! Öýe gel. Matýuham gelýänçä ras, ras. Soň gaýdyber. Bormy, Sonýuşa, geläýsen-e. Bor... Ýene ýarym sagatdan... Ol sagadyna garady-da, keýpihonlukdan ýaňa diwaryň boýuna iki sapar bökdi. Baryp ýap-ýany agnap ýatan ýerini tertipleşdirdi. Magnitofon duran stoluň üstüne konýak çüýşesini, daşary ýurt konfetiniň ullakan gutusyny getirip goýdy. Kofe guýmak üçin çaşkajyklary getirişdirdi. Soň bolsa aýnanyň öňüne geçip, saçyna timar bermäge başlady. Dädiş bir öýüň ýekesi bolsa-da, tutuş ömründe kynçylyk, ýeter-ýetmezlik diýen zady görmese-de, nämüçindir köňlizyndandy. Özüniň göwnüniň gatylygyna, kişä bahyllygyna onuň özüniň hem haýran galyp oturan wagtlary az bolanokdy. Onuň käwagt açylasy adamlara rehim edesi, hatda öz köne eşiklerini, aýagyny gysýan köwüşderini kimedir birine beresi gelýärdi. Emma bu duýgy dörän wagty öýde hökman bir gykylyk turýardy-da, onuň ýagşylyk duýgularynyň çeşmesi baglanýardy. Ol şu öýi halanokdy. Onuň Garýagda gözüniň gidýän ýeri, Garýagdy öz başyny çaraýardy. Ol jaýam gurup bilýärdi, wagondan kömür, buz, et hem düşürip bilýärdi. Gyzlaram şol diýip ölüp ýatyrdy. Ol üç ýyllyk aspiranturany bir ýylda gutardy. Han-a, indi diploma garaşyp ýör. Ol okan döwründe gara zähmeti bilen maşyn edindi. Nohur oba diýilýän ýerden gül ýaly howly gurdy. Iki jigisini okuwa salyp, öz ýanynda okadyp ýör. Tutuş uniwersitet Garýagdy diýseň, başyny ýaýkaberýär. Onuň suratyny dekanatyň hormat tagtasyndan henizem aýranokmyşlar, «Biziň buýsanjymyz!» diýip. Taryh fakultetiniň taryhynda şeýle akyldar okuwçylaryň ikisi bolanmyşyn. Bir-ä Moskwada SSSR Ylymlar akademiýasynda akademikmişin. Bäş-on ýyllykda Nobel baýragyny alanmyşyn. SSSR-iň sylag serpaýlarynyň-a barysynyň eýesimişin. Birisi hem Garýagdymyşyn. Garýagdynyň diplom işini kandidatlyk işi hökmünde tassyklap, WAK-a hat ýazalyň diýişip, alymlar bir çukura-da tüýküripdiler. Ýöne, namüçindir goýbolsun edilipdi. Barybir, ol bir ýyldan ylymlaryň kandidaty boldy. Onuň ýene iki ýyldan ylymlaryň doktory boljagyna hiç kim şübhelenenokdy. Oňa Dädişiň özem şübhelenmeýärdi. Ýöne onuň janynyň ýanýan ýeri, özi Garýagdy däldi. Ol Garýagdynyň başarýan işleriniň ýekejesinem başaranokdy. Aspirantura girjek bolanda kakasy, ejesi tutuş Aşgabady aýaga galdyrypdy. Mazaly, ekzamen alýanlar tanyş bolup çykypdy. Kandidatlyk işiniň ýolbaşçysam daşgynrak daýylarydy. Ejesi, kakasy onuň gadyryny biljek bolup ot-elekdi. Dädiş Sonanam gowy görýän zady ýokdy. Sona Garýagdy diýip ölüp-öçýän ýalydy. Hut şonuň üçin, Garýagdynyň ýolunda durmak üçin ol Sonany özüne boýun edipdi. Sona häzirem gelse bu öýe ikinji sapar gelýärdi. Ol öňki gelende Dädiş onuň aýyna-maýyna bakman, diýenine yrypdy. Sona-da beýle bir garşy bolup durmady. Bu öý, bu içeri, bu tutum Sonany haýran galdyrypdy. «Galaýsan-a» diýseň, ol şol günem hemişelik galjakdy. Emma Dädiş «gal» diýip biljek däldi. Ýok, bu öýde oňa «Sonany alma» diýjek tapyljak däldi. Ejesi: «Jan oglum, ors almasaň bolýar» diýýärdi. Sebäbi oglunyň tutumynyň ors tutumydygyna ol gowy düşünýärdi. Ilki muňa är-aýal begenipdiler. «Tüweleme, bakjada-da orsça, orta mekdepde-de orsça, ýokary okuwam orsça, Sowet Soýuzynda oglumyzyň dert tarapy açyk» diýýärdiler. Emma SSSR-iň dargamagy, ähli zadyň türkmen diline öwrülmegi Solmazdan beter Süleýmanyň iki aýagyny bir gonja sokýardy. Onuň özüniň-ä «Kör düýesi köprüden geçipdi». Oglunyň düýesem, köprüsem indi başlanýardy. – Jan oglum, kimi alsaňam, ors bir almaweri – diýip, ilki şol başlapdy bu gürrüňe. – Soň kyn bolar, gaty kyn bolar... Dädişiň gaýgysy ol däldi. Onuň bar aladasy – Dürdänedi. Dürdäne medisina institutynyň birinji kursunda okaýardy. Ol kakasynyň golaý garyndaşynyň gyzydy. Şu ýyl ol Dädişlerde ýaşap, ekzamen tabşyryp okuwa giripdi. Ony Süleýman gaty gowy görüpdi. – Dür dänejigi ýaly pytrap, kitapdaryň arasyna çümüp otyrmysyň? - diýip, oňa degýärdi. – Hany ikimiz çaý içeli – diýip, özi çaý goýýardy, Çaý demlänsoňam, Dürdänäni saçak başyna çagyrýardy. – Hany, hem çaý iç, hem obadan gürrüň ber! Dürdäne ýakymlyja ýylgyryp oba barada gürrüň berýärdi. – Hany, hol Durdygül garry barmy? – Dürdane hiç ýadyna salyp bilenokdy. – Goçy diýip oglam bolmaly. – Goçy aga-ha bar, Durdygül garr-a ýok. – Onda, Remezan aga barmy? – Ýok, olam ýok. – Nury kel barmy? Sopy aganyň ogly. Aýalyna-da Akja diýýändirler... – Ýoo-ok. Olaryň ogullary gyzlar-a bar. Sopyýewa Soltan meniň bilen mede okuwa geldi. Goçy aganyň agtygam uniwersitete okuwa geldi. Meniň klasdaşlarym-a. Süleýman başyny ýaýkanyny duýman galýardy. – Ba, meniň oba barmanyma-da otuz ýyl-a bolandyr. Köneki adamlaryň bary gidipdir-ow, bary... Dürdäne on-on bäş günüň içinde bu öýe öwrenişdi. Ylaýtýa-da ol Dädişe imrindi. Dädiş ony ilkinji ekzamen güni instituta ugradypdy. Özem degşen bolup: «Fizikadan dörtlük al!» diýipdir welin, Dürdäne-de dörtlük alypdyr. Soň bu mähekdaş ýalyjak gyzyň Dädiş bolmasa ekzamene gidesi gelmedi. «Öýde Dürdäne barka Dädiş adam bolaýdy» diýip, Süleýmanyň degişmesi ýöne ýere däldi. Emma bu gyz Solmazyň gyr-jyny boldy. Kolhozyň gyzy gerek däl. Özüm kolhozyndan ýaňy çykdym. Şäheriň orta barmak ýaly ýerinden gelin alarys, ogluma... – diýip, ertirem-agşamam hetjikledi oturdy. Onsoň, heniz gaýa ýok-gopuz ýok ýerinden Süleýmanam hiç zat diýip durmady. Diýende-de onuň gepi alga alynjakmydy-alynmajakmydy, o-da belli däldi. Dürdäne okuwa girdi. Soňam umumy ýaşaýyş jaýyna girdi. Dädiş bilen bolsa arasyny üzmedi. Ol Dadişi her hili ýollar bilen tapýardy. Bir saparam.. hawa bir saparam ol instituta, Dädişiň yzyndan bardy, Dädiş bolmansoň, «Hökman instituta bar, Korpus 5, komnat 12, Dürdäne...» diýip, hat goýup gaýtdy. Dädiş Sonýanyň kinaýalyja degişmelerine: «Seni bir perizat sorap gitdi. Gatyja göresi gelipdir öýdýän. Yzyndan baraweri...» diýip gyşarylmasyna seretmän, ur-tut medisina institutynyň umumy ýaşaýyş jaýyna gitdi. Dürdäne ony ýitirip tapana döndi. Nirede oturtjagyny bilmedi. – Süleýman kakam, Solmaz gelnejem nähili? Gündiz-ä siz öýde ýok, agşamam bimaza edip durmaýyn diýdim. Bir barjak özüm-ä. Kakam her gepleşende hökman bargyn diýip sargaýar. Ejem-ä her hatynda ýeke-ýeke adyňyzy tutup soraýar. Salam aýdýarlar... Dädiş tiz turarman boldy. Dürdäne ony ugratdy. – Näme üçin çagyrdyň? – Dürdäne Dädişiň bu sowalyny geň görse-de, özüniň «hökman gel» diýmesiniň juda geňdigine indi düşünip galdy. Ýöne jogap bermelidi. Ol buýtar-suýtar edip durmady. – Içim gysýar. Onsoňam, saňa halys öwrenişipdirin. Göresim geldi, dogrymy aýtsam... Dädiş sen ýok-men ýok, Dürdänäniň näzik eginlerini gujaklady-da, soň onuň ýüzünden ogşap goýberdi. Dürdäne beýle-beýle boluşlara garaşmadyk bolarly. Ol «waý» diýip, ýüzüni tutup aşak oturdy... Soň Dädiş: – Men gitdim. Ertir öýde boljak, sagat üçde zwanit et! – diýdi. Bu ses onuň tutuş dünýäsini elendirip-elendirip, onuň gulagynda şol süýjüligine galdy. Ertesi ol sagat ikide, okuwdan çykan badyna jaň etdi. Dädiş öýdedi. Özem diýseň keýplidi. – Sen geläýsen-e. Öýde hiç kim ýok. Pahan komandirowkada, mahan işde... Dürdäne ilki bir sesini çykarmady. Soň ýuwaşlyk bilen: «Bolýar, ýöne agşamkyň ýaly etme» diýip, trubkany ýerinde goýdy. Dädiş ellerini çarpdy. Oňa Dürdänaniň bu haýyşy: «Agşamkyň ýaly, ýene meni ogşa» diýýän ýaly, jadyly güýç berdi. Ol bu baý içeride karar tapman oturyşyna, owadanja, serwi ýaly näzik gyzy gujagyna gysjagyna begendi. Ol häzir Dürdäne barada oýlanmaýardy. Ol Dürdänäni nädip gujaklasa, nädip ogşasa gursagyndaky süýjüden-süýji hyjuwy daşyna çykaryp biljegi barada oýlanýardy. Ol kinolardan, ylaýta-da ýörite dükanjyklardan üstüne pul berip, ýaşyryn alýan wideokassetalaryndan, Aşgabadyň jalaý jalaý oglanlaryndan ýaňy el degen, heniz el degmedik gyzlary nädip boýun etmelidigini bilýärdi. Ýöne özi henize çenli beýle bagta eýe bolup bilenokdy. Onuň ýanyna barýanlary ol derejeden bir wagt geçenlerdi. Olaryň özi Dädişe mingi öwredýärdiler. Dürdäne welin başgady. Ol näzikdi, ýuwaşdy, akyl öwredip, söz gaýtaryp biljek däldi. Dürdäne içeri girende, göýä ýaňaklarynda nurdan ýasalan çyra ýanýan ýalydy. Dädiş ony görüp özüni unutdy. Baryp bu naşyja, eýjejik gyzy bagryna basdy. Onuň ýaňagyndan, dodagyndan ogşady. Gyz sesini çykarmady. Iň bärkisi, elindäki sumkasynam goýaýyn diýmedi. Dädiş birsalymdan huşuna gelen ýaly boldy. Onuň plaşyny çykardy, sumkasyny asgyja ildirdi. Soň ýelgamak ýalyjak gyzy göterdi-de, öz otagyndaky krowatyň üstünde oturtdy. Dürdäne ýygrylýardy, utanjyndan ýaňa krowatyň üstündäki owadan pokrywaldan gyralary görnüp duran gyzyl ýüpek ýorganyň reňkine dönüpdi. Dädiş gyzyň bosonožkasynam, onuň lowurdap duran gülýakajygynam şeýle bir ussatlyk bilen aýyrdy welin, Dürdäne aljyrap oturyşyna, bu ýigidiň nämeler edýäninem duýman galdy. Ýöne Dürdäne öz niýetine gowşanyny, häzir juda bagtlydygyny bilýärdi. Onuň ýüregi şu öýde, özüniň üstüne ganatyny gerip, ýüpek ýaly saçy bilen ýüzüni ýelpäp oturan oglanda galypdy. Şu ikisi bolsa, oňa okuw-a däl, dünýe gerek däldi. Dädiş barha uzaga gidýärdi. Onuň ýumşak, mähirli elleri gyzyň ýakasyndady. Dürdäne utanýardy, gorkýardy. Ýöne ýigidiň elinden gelýän lezzet, eger «beýtme» diýäýse, başyna gonan döwlet guşunyň uçup gidäýmegi ony gorkuzýardy. Üstüne abanyp, özi el degirmäge çekinip, ejap edip ýören zatlaryna el urup ýören ýigide garşylyk görkezmeg-ä däl, «beýtme» diýmäge-de çekinýärdi. – Gel, eşigimizi çykaraly! – diýip, Dädiş Dürdänäni gyzgyndan-gyzgyn posalara gark edip oturyşyna ýuwaşja, edil hüwdi ýaly owaz bilen aýtdy. Dürdäne uýalsada sesini çykarmady, Çünki Dädiş eýýäm çyp-ýalaňaçdy. Dürdäne onda heniz hiç kimde görmedik täsinliklerini gördi. Ýöne seredip bilmedi. Krowatyň üstünde oturyşyna emelsizlik bilen köýnegine ýapyşdy. Dädiş ona takat edip bilmedi Ol Dürdänäniň eşiklerini şeýle çalasynlyk bilen sypyrdy-da, ony giň gujagyna gysdy. Dürdäne beýle-beýle lezzetiň bardygyny pikirem etmeýärdi. Ol ýigidiň gujagynyň şeýle süýji bolanyny gümanam edip biljek däldi. Adamzatda beýle-beýle duýgularyň bardygyny oýuna-küýüne-de getirip biljek däldi. Birdenem... – Ýook-ok! – diýip, ol titräp gygyrdy. – Ýoo-ok, beýtme! – Onuň sesi şeýle ýuwaş, ýumşak hem-de naýynjar çykdy. Bu ses Dädişe güýç berdi. Düräne süýjüligiň üýtgeşik girdabyna gark bolup barşyna, bu lezzeti, ezizligi dünýesine, janyna siňdirip bilmän üýtgeşik iňledi. Soň bolsa al-asmanda, ap-ak dumana dulanyp uçup ýörenini duýdy. Nämedir bir zatlar diýip gülýänini, Dädişi şol belentlige çagyrýanyny çalaja duýup galdy... Birsalymdan soň ol özüni eline aldy-da, bu bolup oturyşyna, bolup geçäýen hekaýatlara ýüregi ýarylara geldi. – Waý, gara bagtym! – Kakasy, ejesi, jigileri, tutuş il-gün, aýalyp, apalanyp gezilen ýyllary birhili näletleýän nazar bilen, kinoda görnen ýaly bolup, onuň aňynda ýyldyrym çakyp geçdi. Iş işden geçipdi. Boljak iş bolupdy. Ol iki elini ýüzüne tutup eňredi-de, soň yzyndan ýagy gelýän ýaly bolup geýindi. Krowatyň üstünde oturan ýerinden ýene-de eňräp başlady. Işigiň jany kakyldy. Dädiş ýuwunýardy. Işik ýene kakyldy. Dädiş baryp açdy. – O-o, pahan, eýýäm geldiňmi? – Öýde kim bar? – Aý, özüm. – Dädiş gelip işigi ýapdy. Süleýman öýde aýal maşgalanyň bardygyny aňdy. Asgyçdaky sumka oňa tanyşdy. Ol eşiklerini çykardy-da, wanna girdi. Şol ýerdenem aýal maşgalanyň aglaýanyny, nämedir diýip sojaýanyny, oglunyň ony köşeşdirjek bolýanymy eşidip galdy. – Çüş-ş! Men bararyn! Ýa pridu! Dawaý, doswidaniýa! Dawaý, dawaý, po skoreý... Işik açyldy-da ýapyldy. Dädiş otagyna girdi. Süleýmanyň ýuwnup mazasy bolmady. Ony ogly däl-de, dostunyň gyzynyň ykbaly, soň özüne geljek gepiň ynjysy alada goýdy. Ol wannadan çykyp, oglunyň otagynyň işigini itdi. Işik içinden gurulgydy. – Dädiş aç! Içerden gyňyr ses çykdy. – Ço, ýa splýu. – Aç diýilýär saňa! Işik birsalymdan açyldy. – Kim ol? Dädiş gyňyr ýüzüne düşüp duran uzyn saçlaryny aljyraňňy gaýtardy. – Odna dewka! Ço?! – Ço-ňy bilmen. Ol Dürdäne ýaly-la. Dädiş aňyrsyna bakdy. – Nu, ştož! Bolanda näme? Men pasporty indi almaly däl-ä. Süleýmanyň gahary geldi. – Gürrüň sen barada gidenok, ol barada gidýär. Dädiş aljyraňňy samyrdady. – Seň özüňem getirýäň öýe heleý. – Näme?! – Seň özüňem getirýäň öýe heleý. Süleýman tok uran ýaly boldy. – Men öýe heleý getirýäň diýemok. Seň, seň Dürdäne bilen işiň bolmasyn... – Näme, Dürdäne heleý dälmi? – Näme, ol, ol gyzjagaz, nähili, utanaňok?.. – Ol indi gyzjagaz däl... Bu söze ataly-ogluň hersi bir hili düşündi: Dädiş göni manysynda aýtsa, Süleýman: «Indi ol öňki oba gyzy däl. Roly, ygtyýary, hukugy elinde diýýendir diýip düşündi. Şonda-da hälki hymyr-symyry halamady. – Sen bar-a – diýip dişini gyjyrdadyp, sag eliniň başam barmagyny gazaply endiretdi. – Gaty gowuja bol. Şu gyza bir zat edäýseň, menden gaty görme. – Ol gözüniň alasyny oglunyň ýüzüne pürkdi. – Özem, bolan wakany geler welin, ejeňe özüňjik aýt! Bu öýi haram ojaga öwürdip bilmen. Ogly kakasynyň gözüniň alasyndan gorkup durmady. Onuň sesi kakasynyňkydanam hyruçlyrak çykdy. – Onda, ejem geler welin, özüňem aýt! Süleýman oglunyň ýüzüne geň galyp garady. – Nämäni? Ogly agzyny köpürjikledip gygyrdy. – Şu öýe aýal getirýäniňi! Ejemiň düşeginde ýat heleýler bilen ýatýanyňy. Aýt, erkek bolsaň. Şu öýi sen haramladyň. Şu öýde haramzadaçylyk senden başlady. Erkek bolsaň şony aýt aýalyňa... Süleýman sesini çykarmady. Dädiş häliden bäri özünde içigaraçylygyň, zalymlygyň, bahyllygyň nireden başlandygyny tapman otyrdy. Ahyry tapdy. Ol şol günden, şo-ol, haramzadaçylygy, ikiýüzlüligi gören gününden başlanypdy. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -7: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -13: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars dostuň bolsa, gaplaňa: "Ýok bol!" diýip bolýar - 10.06.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |