12:00 Kyýamat-magşara çenli -3/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
Güýz günleridi. Solmaz Baýramalynyň böwrek sanatorisindedi. Dädiş dokuzynjy klasda okaýardy. Ataly-ogul agzybirje, äbede-jüýje bolup ýaşaýardy. – Maman haçan geler? – diýip, ogly kakasynyň enter-pelegini öwürýärdi. – Ýene-de ýedi güni galdy. Onsoň üç bolupjyk, ýene-de gowuja ýaşarys. Hiç ýere gitmerisem, hiç kimi göresimizem gelmez... Süleýman ogluny hor edenokdy. Işindenem süýjüje zatlar getirýärdi. Näme iýjek diýse bişirip berýärdi. Irden işine gidýärdi. Agşam, öýüne gelýänçä üç-dört sapar jaň edip, näme iýip-içenini soraýardy. Agşam gelibem teýlije nahar bişirip, bileje iýýärdiler. Telewizora bileje seredýärdiler. – Ertir näçede öýe gelýäň? – diýip, Süleýman oglundan sorady. – Aý, papa, ertir sagat üçde gelerin. Biz ussahanada işlemeli. Mugallymymyz bizi zawoda äkitjek diýdi. Ýanyňyza iýmäge zat alyň diýdi. Süleýman sesini çykarmady. Ertir turup ogluna kotlet bişirip, çöregiň arasyna salyp berdi. Iki çüýşe limonad almagy sargady. On manat pul berdi. Ogly mekdebe guş bolup gitdi. Dädişiň zawoda gitmek meselesi goýbolsun edildi. Ol öýe sagat ikiniň ýarynda geldi. Öz açary bilen işigi açdy. Koridorda aýal köwşüni, asgyçda aýal sumkasyny görüp, ýüregi ýarylan ýaly bolup, içeri ylgady. – Mamoçkam, mamoçkam, geldiňmi? Ol beýleki otaglary elek edip, ahyry ýatylýan otaga kürsäp urdy-da: – Mamoç... – sözüni agzynda sowuk aldyryp, çaga gözlerini balkyldadyp galdy. Ejesiniň düşeginde ýalanaç, kakasy ýat aýalyň üstünde aljyrap: – Dur, girme, ýok bol! – diýip, gygyryp ýatyrdy. Dädişiň gulaklary gapyldy. Edil depesinden kimdir biri tokmaklan ýaly boldy. Gorkudan, utançdan hem-de öýkelemeden ýaňa ýüregi bulanyp, eňränini duýman galdy. Soň eýwana çykyp, holodilnigiň gapdalyndaky darajyk ýere girip, tä agşama çenli çykmady. Süleýman agşam işden ir geldi. Sesini çykarman kolbasa gowurdy. Saçaga salat, alma, nar çykardy. Üýtgeşik çakyr goýdy. Iki sany rýumka çakyr guýdy. – Dädiş jan, gel, nahar iýeli! Dädiş sesini çykarmady. Oglunyň ýarym salkynda tanalmaz ýaly horlananyny görüp, Süleýmanyň gözleri petredi. – Näme bolýar sana, ýöri, nahar iýeli?! – Iýesim gelenok. Süleýman oglunyň elinden tutup, ony ýerinden turuzdy. Özi onuň ýüzüni ýuwdy. Öý eşiklerini geýdirdi. – Hany, ýör! Dädiş stoluň başynda otursa-da, kakasynyň ýüzüne garap bilmedi. – Süleýman müýnli gürledi. – Näme, ýaňky, günortankyny gaty görýänmi? – Ol elini salgady – Goýsan-aý. sen erkek adam-a. Öwreniber, nesip bolsa, ulalarsyň. Ministr bolarsyň. Seniň ýaly owadan ýigidiň yzynda gelinler ölüşer. Onsoň, senem kakaň edýän käbir zatlaryny edersiň... Dädiş ýüzüki ýerden galdyrman mydyrdady. – Mamam gelse bor, aýdaryn. Süleýmanyň ýüregi ýarylan ýaly boldy. Ýerinden tasanyp turup gelip, oglunyň arkasyndan gujaklady. Onuň ýaňagyndan taýly sapar ogşady. – Erkek bolarlar, oglum. Her zady ejene aýdyp ýörmezler. Ejeň aýal adam. Ikimiz erkeg-ä. Biziň öz syrymyz bolmal-a. Sen öz gowy görýän gyzyňy öýe getirseň, menem ony görsem, ejene aýtman-a. Aýal aýal bolar. Ol bizi taşlap ýeke özi kurorta gitdi. Bir tanyş adam: «Aýalyň bir erkek kişi bilen gol tutuşyp, Mary bazarynda gezip ýör eken» diýdi. Gördüňmi? Ejeň kim bilen gol tutuşyp ýörenini, şol erkek kişi bilen bazardan baryp näme edenini aýdarmy? Aýtmaz. Bizem, öz syrymyzy aýdyp ýöremzog-a. Men ejeňe: «Wolgamy» Dädiş jana berjek» diýsem, «Ol ýaş, berme» diýip dur-a. Men bolsa, dynç güni seniň bilen gidip, saňa «Wolga» sürmegi öwretjek. Soňam, maşyn sürmäge hukuk al, «Wolga» seniňki. Bormy?! Dädiş başyny atdy. – Ýöne erkek bolmaly. Öz syrymyzy açmaly. Bormy?! Dädiş ýene-de başyny atdy. Süleýman muny hasam berkitmek isledi. – Gel, ataly-ogul bolup, ikimiziň syrymyzy açmajagymyz barada kasam içeli! – Kasam?! – Hawa, kasam. Ine, şeý diýmeli: «Men erkekleriň şu öýdäki syryny hiç wagt, hiç kime açmazlyk barada kasam içýärin. Kasamymy bozsam heleý bolaýyn». Ol bu sözleri ogluna-da gaýtaladyp, onuň bilen el berişdi. Soň çakyr doly bulgury göterdi. – Al, kasamyň yzyndan hökman bir zat içmeli. Göter, sen indi ullakan bolduň. Arkaýyn içiber. – Özüň «agzyňa alma» diýdiň-ä. – Iç, men sana rugsat berýän. Dädiş ýüzüni naýynjar kürşerdip, kakasynyň hereketini gaýtalady. Şerap ýumşak-da bolsa, ýetginjegiň başyny-gözüni aýlady. Onuň süňňi ýeňledi. Nahara däl-de, ýene-de çüýşä seretdi. Ol şerap näme, çilim näme bilenokdy. «Gaty erbet zat. Ýigrimi ýaşa, soň ýetişersiň» diýip kakasy-da, ejesi-de käkeläp ýörensoň, Dädiş bu neşelerden bihabardy. Şonuň üçin içende ajy görünse-de, bu içginiň ahyry süýji göründi. Hälki öýke-kinesi ýazylyp, ýürejiginiň başynda dykyn alypjyk duran derdi dargap gitdi. – Içjekmi? – diýip, kakasy çüýşäni eline alyp häzirlenip duransoň, ol akja, owadanja ýaňagynyň lowlap duran alyny eli bilen tutup: – Ýene–de azajyk – diýip goýberdi. Soň guýlan şeraby bulgurynyň düýbüne çenli içdi. – Men «Wolgamyzy» sürüp öwrensem, köçä sürmäge berermiň? Oglunyň öz raýyna tabyn bolmagy Süleýmany begendirdi. – Elbetde, bererin – diýip, ol özüne ýene-de şerap guýup durşuna begençli aýtdy. – Birigün gideli, bormy? Ýagşyja öwren sürmegi. Soň: «Bar, oglum, maşyny garaždan çykar» diýsem, sen ony garaždan çykaryp, işige gelýänçä sürersiň, bormy? – A mekdebe haçan äkiderin? – O-o! Mekdebe, prawa (sürmäge hukuk) alarsyň-a. Şonda mekdebe-de, şähere-de sürersiň. Onuň üçin DOSAAF-da okamal-a. Onsoň şäherde seniň «towugyňa tok diýjek bolmaz. Ýogsa Swobodadan barýansyň: «Kim-äýt, ol? Ol-a Durdyýew Dädiş. Ýanyndaky kim? Pylan hili gyz... Baý-bä» diýerler. Şol wagtam awto inspektor «jür-rüt» eder. Saklarsyň maşyny. «Hany, prawaň?» diýer. Senem: «Prawa alamok» diýersiň welin, «Düş maşyndan, ýöri GAÝ-a» diýer-de äkider. Ýaňkylar bolsa: «Weý, ol Durdyýewiň maşyn sürmäge hukugy ýok eken-ä» diýerler. – «Ol gyzy taşlap gitdi welin, başga biri maşynyna mündürip alyp gidiberdi-le» diýerler. Emma maşyn sürmäge hukuk berýän dokumentiň bolsa, awtoinspektoram, milise-de saňa zat diýip bilmez. Kimsiň. Durdyýew Dädiş bolup gezeriň. Gyzlaryň iň gowusyny, iň owadanyny saýlap mündürgin ýanyna bormy? Kakalaram pes işde işlemesin, bormy? Dädiş ýylgyrdy. – Bor. Süleýmanam gyzyşdy. – Gördüňmi şu günki aýaly, owadanmy? Şonuň ýalylary tapgyn. Öý getirseňem, maşyna mündürseňem, bormy? – Bor! – Dädiş gül bolup açylyşyna öz hyýalyndaky begenjinem aýdyp galdy. – Men Baýramala baryp, ejemi öz maşynymyzda alyp gaýtsam-a, baý, begener, hä diý! Süleýman ýalandan gülen boldy. – U-uw, begenjine özünden gidäýmese ýagşy. Ine, ol dynç almaga daşary çykar. Görse, kurortyň içinde bir täzeje maşyn dur. Içinde-de biri otyr. Ol tanamaz. Sen düýdüldedersiň, ýene düýdüldedersiň. Ol ýene tanamaz. Sen gözüňe gap-gara, daşary ýurt äýnegini geýersiň Ol tanamaz, ýene düýdüldedersiň. Dü-üýt. – A gyz, öz-ä bir tanyş maşyn – diýip, jorasyna aýdar. Soň sana garşy gaýdar. Senem ylgap çykarsyň-da: «Mamaş, priwet!» diýip, äýnegini aýrarsyň welin, tanar-da, näder, özünden gider. Süleýman gözlerini elek-çeleklendirip, ýykylan boldy. – Wa-a-a-ý! – Şol wagtam sen ýetişersiň-de, nädersiň, tutarsyň. – Hawa! – diýip, oglanjygam kakasynyň oýnuna çyny bilen berlip, misli, ejesi ýykylyp barýan ýaly, ellerini gerip aýtdy. – Aý, onsoň ony özüne getirmek iş bolar, özüne gelensoň seni görüp, ýene-de, ýene-de özünden gider. Ahyry gowulaşar-da, tutuş kurorta öz bolşuny gürrüň berer. – Ine, şu-da meniň oglum. Ýanyndakam pylanyň gyzy – diýer. Illeriň, baý, gözi gider-ä, uw-w! «Wah, biziňem şeýle oglumyz bolup, yzymyzdan gelip alyp gitsedi» diýerler. – «Wolgaly», hä! – Hawa! Bu gürrüň Dädişiň dünýesine berk ornasa-da, kakasy sözümde tapylyp, oňa maşyn sürmegi öwretse-de, öýe ýat aýaly getirip, ejesiniň düşeginde çyp-ýalaňaç edip ýatyrmagy çagada bu adama bolan pynhan ýigrenji, adalatsyz, ikiýüzli bolup ýaşasaňam bolýandygy baradaky gazaply pikiri oýardy. Dädiş özüniň çagalyk duýgularyny parçalan şol güni ýatlap, janyna jaý tapmady-da, stoluň üstne getirip goýan çüýşesinden bulgury ýarpylap urup goýberdi. Konýak näçe ajy bolsada, Dädişiň ýadynda galan ýatlamanyň ajysyny basyp bilmedi. Işigiň jaňy kakyldy. * * * – O-o-o! – Dädiş işigiň daşynda aý ýaly bolup duran Sonýany göterip diýen ýaly içeri saldy. – Žanyçka! Sonýa-da kem galmady. Ol Dädişiň uzyn boýnuna gerlip gujaklady-da, konýagyňmy, şokoladyňmy, ýakymly ysy gelip duran dodaklaryndan üzere getirip sordy. – Ýöri! – diýip, Dädiş aşhanany görkezdi. – Çaý içeli. Sona owadanja kellesini näzlije yralady. – Ýok. – Hä näme?! – Çaý içmäge gelemok. Çaý içjek bolsam institutda-da çäýnek-çäýnek... – Onda nämä geldiň? – Senden doýmaga! – Sonýa gözlerini enaýyja gyrpdy. – Dawaý, mahanyň gelmänkä ras-ras. Şeý diýdiňmi ýaňy?.. Dädiş ony däli-mejnun halda ogşap-ogşap, öz otagyna alyp gitdi... 4. – Salam, Süleýman Durdyýewiç! – diýip, baş biblograf Senem Gurbanowna direktory juda mylakatlylyk bilen garşylady. Soň ony kabinetine çenli ugratdy. Kabinete girensoňlaram agzyny açyp galdy. – Waý, Süleýman Durdyýewiç! Waý garabagtym ýatdy! Muny nädäýipsiň? Süleýmanyň ýüregi ýaryldy. – Näme bolupdyr, Senem jan? Senem Gurbanowna elden-aýakdan çykara geldi. – Jalbaryň, köýnegiň nähili? Gölä çeýnetdiňmi? Sygyr ýatagynda agynyp geldiňmi? – Ol işigiň aňyrsyndaky takyrda tisginip gitdi. – Waý, girmek bolanok, girmäň! – Baryp işigi çalaja açdy. – Tamara jan, Anýa jan, soň, soň. Bu ýerde požar Waý indi nädeli? Süleýman Seneme näme aýdyp-diýjeginem bilmedi. Müýnli halda kibtini gysyp ýerine geçdi. – Waý, yşygy öçüreweriň. Biri geläýmesin. – Ol alaşakyrdy edip daş çykdy. Salym geçmänem içeri girdi. – Gyzlaryň birinde-de ýok. Ýa artyp, gapdalda ýaşaýanlardan diläp geläýsemmikäm?! – Nämäni? – Ütük. Bu bolşuň bilen nädip ile görünjek, Süleýman Durdyýewiç? Waý-waý! – Ol oýlandy. – Ýa öýe äkidäýsemmikäm? Süleýman hezil edip güldi. – Äriňden gorkaňokmy?! – Ýok, ärim-ä Çelekene diýip gidişi-le, Öýe gelmese razy-la, ol bedibagt. – Öýe gelende gün berýän dälsiň-dä ýogsa... Senem ýüzüni torsardan boldy. – Goý-aýt, şu wagt. Ýogsa göle çeýnän eşigiň bilenmi, Gurbana gelen gaharymy senden çykararyn-a. Süleýman güldi. – Baý-bä, bu gün bu helelere näme döw çalypdyr-aý, barysy gyr jynly... Senem bir netijä geldi öýdýän. – Ýöri öýe! – diýip Süleýmanyň elinden çekdi. – Ýör, ýöne seniň ol Ýazaw myşygyň bilen-ä gidip bolmaz. Men köçä çykyp taksi saklap duraryn. Sen ol orunbasaryňa jaň et. «Men gyssagly statuprawlniýä gitmeli» diý. Gurbanowa-da gyssagly barsyn diý. Ol şatyr-şatyr edip çykyp gitdi. Süleýman orunbasaryna jaň edip, nahara çenli statuprawleniýede boljagyny aýtdy. Aýlyk almak üçin hasaplaşyk çekine-de öýlän gol çekjegini aýtdy. – Wiý, siziň biriňizem baryň. Gowusy, Senem Gurbanownany iberiň, şatyr-şatyr edip, şondan barysy çekinýär. Bolýar, men pyýadalap giderin, maşyn gerek bolsa, ulanyberiň... Orunbasar aýal mes bolup galdy. Süleýman ýoluň gyrasynda duran taksini görüp, Senemiň ýetişikliligine, ugur-ýol tapyjylygyna haýranlar galdy. Ol Ýazawa «Şol diýýän maşgalaň nahardan soň gelsin özüň işde boluber» diýip, taksa bakan ýöneldi. Taksiniň içinde iki sany aýal otyrdy. – Ýany birdiň, eýýäm iki bolaýdyňyzmy? – diýdi. Süleýman özüni gorkagrak tutsa-da, Senem oňa degme kemini goýmady. – Tüweleme, aýallaram gözüňe goşa görnüp ugrapdyr-ow. Hudaýa şükür, şo-da ýagşy. «Näme maşynyň yzynda alty bolup otyrsyňyz?» diýmeseňem bolýar. Ol aýal ýolda düşüp galdy. Barmaly ýerine baryp, taksini ugradansoňlar, Senem Süleýmana ýol öwretdi. – Hol, gyzyl, owadan on bir etažy görýäňmi? Şonuň gündogaryndan birinji deşigine gir-de, çepiňe aýlan. Lift bardyr. Lifte mün-de, ýedinji gata çyk-da, hiç kim ýok bolsa, ýüz ona, gapyny kakman giräý. Adamlar bolsa-da, «Atalar şu ýerdemi?» diýip sora. «Indiki girelgeden gitmeli» diýip salgy bererlerem welin, iki gat aşak düş-de, soň ýüz ona giräý. Süleýman ýöne ýylgyrdy durdy. – Hany, aý gören neme ýaly, agzyny açyp durma-da, ugra magazine! – Näme alaýyn? Senemiň jany ýandy. – Waý, zat alma, Ýüregiň ýarylmasyn, hemme zat bar. Ýöne tirkeşip gitmäli. Magazine gir-de, azajyk eglenäý. Bäý, bu erkekleriň sabyrsyzlygyny. Senem Süleýmanyň içini ýakyp gitdi. Süleýmanam on-on bäş minutdan edil aýdylyşy ýaly etdi. – Senemleriň öýi howdan ýaly giňdi. Dört otagyň hersi bir hili yhlas bilen bezelendi. – Tüweleme! – diýip, Süleýman içerileri synady. – Hany bol, meniň öýüm muzeý, senem ona gelen tomaşaçy däl. Ärim geläýmänkä, çykar aýagyňdakyny. Süleýman utanan boldy. – Senem jan, çykaryber diýseň, birhili, göwnüm başga zatlar küýsäberýär. Beý diýme. Senemem kem galmady. – Wah, hany Senemde onuň ýaly bagt! Ol Süleýmanyň köýnegini, jalbaryny birsalym-da fabrikden çykan ýaly etdi. Süleýman Senemiň ap-ak ýüzüne käkiligiňki ýaly owadan başynda lowurdap duran şargara saçyna, uzyndan biçüwli boýuna, belent göwüslerine öňdenem hyrydardy. Ýöne ony saklaýan ýekeje zatdy. Olam Senemiň dilliligidi. Senemiň «çagasy bolanok» diýýärdiler. Adamsam geolog bolansoň, sagdyn, daýaw, owadan gelin dilli bolman neýlesin diýip, ona bir zat diýmäge çekinmänem duranokdy. Şu gaýratlylygy, akyllylygy, dilliligi bilen ol has ulurak wezipelerem oňarjakdy. Onuň bar aýby, ýokary bilimi ýokdy. Bir wagt medeni aň-bilim tehnikumynyň bibliotekaçylyk bölümini tamamlapdyr. On-on bäş ýyllykda uniwersitete şol ugurdan okuwa-da giripdir diýýärler Ýöne üçünji kursdan taşlapdyr. Näme üçindigini bolsa, ýokarda Alla, ýerde-de Senem bilýärdi. Süleýman türsi-maýkalyja çugutdyryp oturyrşyna Seneme hyrydarlyk bilen garanyny duýman galdy. Senem birhili eräp barýan ýalydy. Olam ýumşakdan mähirli nazaryny çekinmän Süleýmana bagyşlady. Süleýman saklanyp bilmedi. Ýuwaşlyk bilen baryp Senemiň eginlerinden gujaklady. Senem ýanyp duran ýaňaklaryny Süleýmanyň ýüzüne basdy. – Häzir bolýan. Sen spalnýa baryber... Süleýman giň otagyň ortasynda goýlan owadan goşa krowatyň ýüpek pokrywalyny birýana serpdi-de, ýorganyň aşagyna sümüldi. Ýorgandan ýakymly anbaryň ysy gelýärdi. Süleýman ýat, ýakymly ysa ersdi. Ol howlukmaçlyk bilen içki eşiklerini çykardy. Senem esli salym eglenip geldi. – Waý, men ýagtyda ýatyp bilemog-a – diýip, aýnalary ýapyşdyrdy. Soň eşiklerini çykardy-da, Süleýmanyň gapdaljygyna süýndi. Süleýman saklanyp bilmän, Senemi bagryna basdy. Soň bolsa beýle mukaddes, gözel zady diňe türkmen egin-eşikleriniň saklamaga ukybynyň bardygy barada haýran galyp oýlandy. Onuň dünýäde bolmadyk ýurdy, gezmedik şäheri ýok diýen ýalydy. Şol ýerlerde-de bu owadan türkmen ýigidi hyrydarsyz bolanokdy. Ol dünýäde bile bolan aýallarynyň açyk sanyny aýdybam biljek däldi. Ýöne Senem başgady. Onuň ter, heniz gyz näzikligini ýitirmedik, gaýta has baýlaşan tenini görüp huşuny ýitirdi. Senemem, megerem, ömründe bir sapar tebigatyň aýal adama beren paýynyň lezzetini gören bolara çemeli. Eräp-akyp, Süleýmanyň boýnundan gülýaka bolup asyldy. – Boýuňa döneýin. Soň ol hamsykdy. Turup, ýüpek halada çolanyp, täzeden Süleýmanyň gapdaljygyna süýndi. Men şu gün ömrümde birinji sapar nikama, nikaly ärime ikilik etdim. Hudaý geçirsin, geçirmese-de, şu günkim üçin dowzahda ýaksa ýakybersin. Süleýman tirsegine galdy-da, Seneme tarap öwrüldi. – Aý, goý-a! Men, äriňden soň birinji erkekmi? Senem ýylgyrdy-da baş atdy. – Men-ä şu dilliligiň bilen, Aşgabadyň ähli erkegini sortlap çykdyňmyka diýýän. – Hudaý saklasyn. Ol özbaşyna güldi. – Alýo, sen meniň bilen bolan näçinji aýaldygyňy bilýäňmi? – Ýok. – Dokuz ýüz togsanynjy dagy bolmagyň mümkin. Senem ony hyruç bilen gujaklady-da: – Müňünjiňem bolsam, şükür. Ahyry, Hudaý jan saňa ýetirdi. Süleýman güldi. – Köýnek, jalbarymy göläniň çeýnäni saňa bahana bolaýdy-da... Senem başyny ýaýkady. – Ýoo-ok, eşigiň iňňeden çykma bolanda-da men seni şu gün öýe alar gaýdardym. Maňa sensiz durmuş ýok. – Äriň näme? – Gurban jan, ol başga. Oňa, onuň adamçylygyna ýetjek zat ýokdur. Ýöne, görgüli, olam özüm ýaly. Näme, men ony öýden kowaýynmy? Sen meni razy edeňok diýeýinmi? Hudaýyň salanydyr-da, «Adam öldürýän zat däl-le» diýip, indi on iki ýyldyr, özüm ýanyp, özüm kebap bolup ýörün. Wraçlar näme diýýär? Senemiň ýüzüni gussa gaplady. – Deňiz açaýmasa diýýärler. Ol neresse-de, çyg bolsa-da, aýlap Çelekende. Ind-ä menden halys bezigipdir. Utanýarmy, Aşgabada gelende-de institutynda bolýar welin, öýe diňe ýatmaga gelýär. Olam jebir-dä. Süleýman çyny bilen geň galdy. – On iki ýyl bäri erkek göreňokmy? – Men ant içmäýin. Ýokarymda Hudaý bardyr. Adam ogluna gabagymy galdyran däldirin. Senem özüm juda gowy göremsoň, ýorganyma goýberdim. – Äriň biläýse nätjek? – Wah, ärim bilip gaharlanyp, däliräp meni bir horlasady, meni öldürsedi. Menem äriň demini ysgasam. Belki, ol görgülem şeýdip açylaýsa?! Ol meni hordamaga dözenok. Ol ynsan däl, ol perişde, düşünýänmi? – O nähili? – Bize şonuň işinden iki otagly jaý berdiler. Başgasy mümkin dälmişin. Kanun barmyşyn. – Wah, biziňem birküç çagamyz bolsa, ýene iki otagly bererdiler diýäýmenmi, men dilim guramyş. Budur gitdi. Üç günläp öýe gelmedi. «Alla janlarym, bu öýkeläp gidiberdimikä?» diýip yzyndan gitjek bolup durkam, dört otaga order aldy geläýdi. Nädip aldy? Ýalbardymy, gaharlandymy? Men bilemok. «Nädip aldyň?» diýseňem: «Jaý näme, saňa gerek bolsa asmandan Aýy alaryn» diýýär. Özem garaçyny. – Bäh! – Süleýman başyny ýaýkady. – Öýüň muzeý ýaly diýýän-le. Senem owsundy. – Üns berdiňmi? Her otagyň garnitury bir hilidir. Illeň ýetip bilmeýäni. Saýlap-saýlap getirdi. Günbatardaky otagdaky öň salat reňklidi. «Häk, kofe reňklisi gowy gelişjek eken» diýäýmenmi! Täzeden ýygnadyp, «Çärjewde bar» diýseler, şoňa gidip alyp geldi. Hersiniň içiniň serwizini getirip görkezip, «gaty gowy eken» diýdirip aldy. Öýdäki ähli zady özi aldy. – Janym, janym, janym! Şeýle bir dili süýje. Şeýle bir köňli päk, şeýle bir ýüregi ýuka. Ýöne nätjek-dä... Süleýman turup ýuwundy. Soň aşhana çykdy. Ol stoluň üstünde goýlan nazy-nygmatlary görüp, Senemiň dogrudan hem özüni çagyrmak üçin çyny bilen taýýarlyk görendigine göz ýetirdi. – Manty bişirip, seniň asyl, şu gün çagyrjagyň garaçynyň eken-ow. Senem gelip ony gujaklady. – Indi bir aý bäri bişýär ol manty. Ertir-ä bişirýän. Işden gelibem gözümiň ýaşyna gatyklap iýýän ony. Ine, şu gün nesibäň bar eken. Hudaý jan yhlasyma dözen däldir-dä. Senem içmedi. Süleýman aýnap oka içirjek boldy. – Ýok, janym, bu şirin pursaty seniň ol ajy suwuňa çalşyp bilmen. Süleýman ýaýdandy. Ertirki, öýündäki gykda-baklygam, säherden kellesine guýlan gussa-da uçup gitdi. Ol üçünji rýumkasyndan soň sagadyna garady. – Mem gideýin, mähriban. Äriň geläýmesin. Senem ýylgyrdy. – Gelse gelibersin. Süleýman geň galdy. – Gorkanokmy? – Gorkamok, utanaryn. – A şu wagt gapyny kakaýsa nätjek? – Senem boz-ýaz boldy. – Gapyny açaryn. «Gurban jan, öýüm-ilim, geldiňmi?» diýerin. «Sen magazine baryp çörek alyp gelsen-e» diýerin. Han-a magazin. Şona ýetiberende-de seni çykarar goýbererin. – Bäh, aýallarda oýun kän-ow. – Ol geýnip başlady. Senemem turdy. – Bu aýallarda diýme, janym. Bu aýalda diý. Türkmeniň aýallaryna dil ýetirme, maňa näme diýseň diý. Menem näme, Hudaýyň salanydyr-da. Süleýman Senemi gujaklap, onuň taýly ýaňagyndan ogşady-da, jahyl gadamy bilen çykyp gitdi. * * * Ýazaw salam berip kabinete girdi. – Başlyk, men-ä... Süleýman baş buhgalteriň dokumentlerine gol çekip oturyşyna şadyýan dillendi. – Be çeşim, Ýöne şu gelni başymyzdan sowaly. Şu gelinlermi, uf, başyňdan sowmasaň, işiňi görerler. Özlerinem, ýeke-ýekeden başyndan sowmaly. Ikisiniň başy birikse, eýgertmez... Baş buhgalter gelin degişmeden tasanjyrady. – Goýsanyzlaň, başlyk. Garraýaňyz öýdýän. Başymdan sowjak diýip, indi bäş ýyl bäri agzymyzy suwardyp ýörsüň. Biz-ä damagam bolup gitdik. Ýazaw güldi. Süleýmanam kem galmady. –Men-ow, ýeke-ekeden başymdan sowýan-a. Hany, göreýin, näçäň dekrete gitdiňiz. Oçerdi bilen-ä. Seniňem nobatyň golaýlap gelýär. Garaşyber, keýgim. – Aý, näbileýin-dä, bu deprenişiň bilen, soňam sen garry diýermikäň diýýärin – diýip, baş buhgalterem atyp galanyny kem görmedi. Süleýman Ýazawa «bir minut daş çyk» diýen manyda göz ümledi. Ýazaw hümürdäp çykyp gitdi. Süleýman baş buhgalteriň elinden tutdy. – Aniçka, meni gowy görýäniň çynyňmy? – Anna Mihaýlowna enaýyja ýylgyrdy: – Nu, Süleýman Durdyýewiç, dorogoý, beýdip soralmaýar ahyryn. Aýaly ilki sypalamaly, soň ogşamaly. Soň soramal-a. Süleýman bu owadan gelniň ap-ak kösük ýaly näzik barmaklaryny sypalap, aýasyna aldy-da, dodagyna ýetirdi. – Aniçka, bu ýerde görýäň-ä, ýagdaý ýok. Dawaý, ertir nirädir bir ýere gideli. Ýa kölüň boýuna, ýa baýra. Anna Mihaýlownanyň gözleri ýandy. – Ýöne ertir däl. Ertir aýlyg-a. Možet erte agşam, posle poluçki, gaty gowy bolar... Süleýman oýa batdy. – Dawaý! Ol bu owadan kamatly gelin tä işikden çykýança duýgusynyň jylawy başyna goýberilen erkegiň gözi bilen synlady. – Ýazawy çagyr, girsinler! Ýazaw birhili ýygralyk bilen, başy pürenjekli maşgalany yzyna tirkäp içeri girdi. – Başlyk, şol maşgala. Daýzamyň ýekeje gelni-däreý. Görüň, gürleşiň. Men gapyda boluberjek. – Gidiber! Süleýman Ýazaw çykýança stolunyň üstüni tertipleşdiren boldy. Gapy ýapylansoň başyny galdyrdy. – Gurgunmyň? Gelin hem başyny galdyrdy-da, başyndaky keýik gülli diýilýän, iliň ýetip bilmeýän ýaglygyny boýnuna düşürdi. Süleýman bu gelni demini alman synlady. Ol owadandy, näzikdi. Ap-akja ýüpek ýaly ýaňagynda owadan haly buldurap durdy. Onuň owadan ýüzünde şapak çaýylan ýaly bolup duran ýaňaklaryna gyrmyzy dodaklarynyň şöhlesi düşýän ýalydy. Ýüzüniň nury ýakasyndaky tylla gülýakasyny çyrazlandyryp durdy. Gelin uýaljaňlyk bilen Süleýmanyň ýüzüne garady. – Adyň näme? – Süleýman birhaýukdan özüni dürsäp ýuwaşja sorady. – Ogulnyýaz! Gelin ýaglygynyň seçekleriniň birki taryny alyp, kösük barmaklarynyň birine orady. Häzir gep zerur däldi. Bu bir gudratdy. Süleýman şu ümsümlikde, şol kösük barmaklaryň seçek sarap, onuň tarlaryny ýene açyp durşuna telim sagatlap seredip oturyp biljekdi. – Bilimiň näçe? Gelin az-kem dymdy. «Az görüp birden işe alman durmasynlar» diýip, howsala bilen direktoryň ýüzüne garady. – On! – Azrak eken! – Okaryn! – Gelin ynjalmady. Owadan gözlerini balkyldadyp, töre garady. – Özüň nireden? Bagyşla, işe girjek adamynyň terjimehalyny bilmeli bolýar. Soranym üçin... Gelin başyny atdy. Onuň başyny bogan owadan ýaglygy az-kem çözlenip, zülpleri çogup ýaňagyna döküldi welin, Süleýman «wä-ä» diýip, tas ýerinden zöwwe turuýady. – Özüm Köşüden! – Ejeň-kakaň barmy? – Hawa. Süleýman bilgeşleýin wagty çekjek bolýardy. – Kimlere düşdüň? Gelin owadan başyny eginleriniň üstüne çekip ýygrykdy. – Daýzamlara. Süleýman ýylgyrdy. – Giýew ýigit göwnüňe ýaradymy? Gelin egnini atdy. – Nirede işleýär? Gelin ýene-de egnini atdy. Soň barmagyna oran seçegini çözüp, ýene-de sarap başlady. – Işe girerin-ä diýýär. – Ýa işlänogammy? – Bilemok, Ýazaw daýy bilmese. Süleýman indi esasy meselä geçdi. – Haýsy işi oňararsyň? Gelin ýüzüni galdyrmady. – Näme iş et diýseňizem oňararyn... – Rusça bilýäňmi? – Azajyk. Öwrenerin. – Maşynkada peçat edip bilýäňmi? – Azajyk. Öwrenerin. Süleýman onuň öňüne bir tagta ak kagyz bilen ruçka süýşürdi. – Me adyňy, familiýaňy, doglan ýylyny ýaz. Gelin ruçkany eline aldy-da, ak kagyza nämedir bir sözleri keşdeledi. «Ataýewa Ogulnyýaz. 1 maý 1974 ýyl.» Süleýman eliniň astyndaky apparatyň bir düwmesini basdy. – Irina Georgiýewna, girip çykyň! Gözi äýnekli horja aýal salymyny bermän içeri girdi. – Ine, meniň sekretarym, şu günden dokumentlerini formalaşdyryň. Arza ýazsyn, şahsy listogyny ertir ýazybersin. Bormy? Näme etmeliligini düşündiriň, bormy? Ol aýal birhili begençli ýylgyrdy. – Süleýman Durdyýewiç, «aljak däl, aljak däl» diýip, biziň aýallar armiýamyzy ýene köpeldýäňiz-ow. Özem owadandan owalanyny. Süleýman Durdyýew gaşyny gerdi. – Nädeýin, özüme sekretarşa edip erkek adam alyp bilmen-ä. – Ol başyny galdyrdy. – Nädýär, mart aýynyň korrekturasy geldimi? Maýyň materiallaryny näme üçin nabora ibereňzok? Ýa ýene meni käýitjek bolýaňyzmy? – Ýok, ýok –diýip, Irina Georgiýewna ör-gökden geldi. – Korrektura geldi. Okadygam. Çykmaga golam çekdik. Maýyň materialyny korrektor okaýar. Irden «bol» diýip gyssadym. Ertir size görkezerin. – Bor, gyssanaweriň! Irina Georgiýewna hälki kagyzy eline alyp daş çykdy. Işik ýapylandan Süleýman ýerinden turdy. – Ogulnyýaz! – Gelin hem ýerinden turdy. – Gutlaýan! Hany, eliňi ber! – Ol geliniň ýüpek ýaly elini aýasyna alyp, ep-esli durdy. Şeýtanyň onuň kalbyna näme salanyny häzir aýtmak kyndy. Ýöne ol özüni saklady. – Ertir işe başla. Ine, şu iki otag seniň mülküň. Ýanyma gelýän adamlary oturdarsyň, işigiň agzynda. Kimiň gelenini habar berersiň. Çaý, kofe berersiň. Kimi çagyr diýsem çagyrarsyň, bormy? Iş kyn däl, maşynkanam derrew öwrenersin. Ogulnyýaz başyny galdyrman, ýüzüne sepilen nura çümüp durdy. Ol ýuwaşja pyşyrdady. – Taňryýalkasyn. Size gep getirmerin. Süleýman razy boldy – Bar, ýaňky daýzanyň ýanyna bar. Arkaýyn işläber. Nesip bolsa, kem zadyň bolmaz. * * * Süleýman bu ynsan balasyny görüp, özünde dörän duýga haýran galdy. Ogulnyýaz çykandan soň, ol asyl, oturan ýerinde ýarym sagatlap aňynam işledip bilmedi. Işige garady oturdy. Birhaýukdan soň bolsa, «Ýok, ol ynsan balasy däl» diýip goýberdi. Dogrudan hem bu gelin ynsan balasyna meňzemeýärdi. Eger ol ynsan balasyna çalym edýän bolsady, onda ynsançylyk tüýi bar bolsady, onda eline alan şol kösük barmaklaryny Süleýman ogşaman goýbermezdi. Heniz öz awuny sypdyran sapary Süleýmanyň ýadyna düşenokdy. Haýsy gelin owadan, nurana ýigidiň öz ellerini arkasyndan hormat bilen ogşanyny kem görüpmiş?! Onda-da şol owadan, nurana ýigit başlygyň bolsa. Süleýmana owadan ýigit diýýärdiler. Emma ol özüne öwrenişipdi. Aýna seredip özünde owadanlygyň ýokundysynam tapanokdy. Şol gerlip duran gaş, mölerip duran göz, ujy döwlen käşir ýaly burun... Emma daşyndan seredeniňde onuň şol möle gözlerinden nur öwüsýärdi-de, galyň gabaklaryndan seçelenip duran kirpiklerine degip, älemgoşar kimin öwşün atýardy. Onuň garlawajyň ganaty ýaly egrelip duran gaşlary bolsa ap-ak, posalak ýüzüne näzikden täsin ýaraşyk berýärdi. Bürgüdiňki ýaly egrisi içine giden burny bolsa göz bilen gaşyň ýaraşygymy iki bölüp, soň taýlaşdyryp duran tylla terezä meňzeýärdi. Onuň elwan reňke boýalan ýaly owadan, ýöne ýylgyrasy gelip duran ýaly dodaklary bolsa şu gözelligi janlandyryp goýberýärdi. Ine, şu gözelligiň öňünde durup biljek gelin az-azdy. Onuň üstesine Süleýman diýseň edepli gelniň-gyzyň uguny ýekeleýän sözleri tapyp bilýän ýigitdi. Şonuň üçin täze bir gelin boýun egdirmek onuň ynanjyna girmek Süleýman üçin kyn zat däldi. Senem nähili gelin?! Ol ony nähili halapdy?! Onuň ter, näzik, mukaddes nagmalary bozulmadyk gujagynda ýatyrka nähili duýgulary başyndan geçiripdi?! Emma şondan bäri geçse, telim sagat geçipdi. Şol duýgulary, ýap-ýasy buldurjyrap, gözüni baglan derýa bolan yşkyny, Seneme bolan mähri onuň dünýäsinden indi tapjak gümanyň ýokdy. Ol Senemi ömründe görmedik, bilmedik ýalydy. Emma Ogulnyýaz onuň üçin başgady. Mukaddesdi eletmezdi. Ol ömründe şeýle eletmezi arzuw edip bilmändi. Çünki, onuň üçin eletmez maşgala bolmandy. Solmaz-a, ol özi boýnuna zyňan hasap edýärdi. «Özi günüme goýman bardy. Onda-da özi toý tutup, maşyn, jaý satyn alyp berip, durmuşa çykdy» diýip, ol aýalynyň ýyl-ýyldan gara bagra meňzäp barýan ýüzüni ýigrenç bilen ýatlap oýlanýardy. Ol soňky wagtlarda Solmazy halaman başlapdy Öýdäki gykylyklar, oglunyň özüne topulyp ýörmesi, üznüksiz maşyn dawasy, diňe Solmaz sebäpli döreýär hasap edýärdi. Onuň üstesine Solmazyň bir aýda iki aýlyk, bir ýylda üç ýyllyk garrap barmasyny, şol garrylygy bolsa her hili reňkler bilen ýeňäýjek bolmasyny her günde ir ertirden turup, ýüzüni reňk bilen suwaklap oturmasyny ölümden beter görýärdi. Iň bir ýüregine sygdyryp bilmeýän zadam, Solmaz özüne aýakbagy boldy hasap edýärdi. Ol uniwersiteti tamamlandan soň diplomatlaryň iki kursunda okapdy. Soňra SSSR Daşary işler ministrliginiň baş spesialisti bolupdy. Pars, iňlis, arap, fransuz, rus dillerini türkmen dilinden kem bilmeýärdi. Gaýta, türkmençe gürlände alili şiwesini garym-gatym edip, «alýalla-gelýelle, obaýa» diýip gürleýärdi. Ony gonşy döwletleriň birine ilçihananyň ateşesi edip iberjek bolup ýördüler. Ol Solmaza öýlenensoň bary pas-pus bolupdy. Soň ol ministrligiň jogapkär ýolbaşçylygynyň üzeňňisinden mün geçip, goňşy döwletleriň ilçihanalarynyň birine ikinji sekretar edilip iberilmegini gazanypdy. Şol ýerdenem Moskwa diplomat işgärlerini taýýarlaýan iki ýyllyk kursa gaýdypdy. Kursy tamamlandan soň ony Meksika baş ilçiniň orunbasary edip iberjek bolupdylar. Emma «Men aýagym agyr halyma seniň yzyňa düşüp, çemodana çolaşyp ýörüp biljek däl» diýip, Solmaz ýene-de gykylyk turzupdy. Bu gykylygyň bir ujy ministrlige ýetipdi. – Aýrylyşaryn. Sen meniň ähli umydymy ýoga çykardyň. Sen meniň ähli azabymy reýgan etdiň. Bir çaga dogurjak diýip, seniň çaga dogurjak ýeriňe garap oturmalymy men? Jähennem bol, mana seniň ýaly aýalam, seniň dogran çagaňam gerek däl – diýip, Sülýman zar-zelil bolup ýarylypdy. Hakykatdan hem onuň ösesi gelýärdi. Onuň ýaryça ýok adamlar dünýäniň men-men diýen döwletlerinde ilçi bolup ýördüler. şol bilimi, şol tejribesi, şol görk-görmegi bilen «aýalym çaga dogurjak» diýip, özüniň ýaryça ýoklaryň «tur-otur, kersen getir» ýumşuny edip ýörmäge namys edýärdi. Solmaz adamsynyň bolşundan gorkup, içi wehimden doly arza bilen daşary işler ministriniň hut özüniň kabulhanasyna barypdy. «Eger ärim Meksika gitse, men özümi otlaryn» diýip, ol ýagy baryny döküpdi. Minstriň ýüregi ýarylara gelip, Süleýmany üç ýyllap ministrlikden hiç ýere goýbermeli däl diýip buýruga gol çekipdi. Süleýmanyň içi tütedi. Diňe bäş ýyldan goňşy pars dilli döwletleriň birine birinji sekretar edilip ugradyldy. Ol ýerde-de onuň alany ugur almady. Bir sapar Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň delegasiýasy onuň gulluk edýän döwletine resmi sapar bilen gelipdi. Şonda Türkmenistan MK-nyň bölüm müdiri Knut olara çaýa gelipdi. Şol delegsiýa Türkmenistana gaýdansoň, ýarym ýyl geçmänkä-de Süleýmany Daşary işler ministrligine çagyryp, ondanam Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-nyň apparatyna işe iberipdiler. Süleýman özüniň diplomat karerasynyň şeýle çalt gutarmasyny ýene-de Solmazdan görýärdi. Ol ilçihanada işleýärkä Solmaz: «Meni Türkmenistana gaýtar. Men ýat ilden ýadadym. Ýat ilde mysapyrlyk çekenimden, öz ilimde tummuk bolsam bolmadymy?! Saňa sataşan günüme nälet» diýip, Süleýmanyň başyndan towky bolup inýärdi. Knut baranda-da, Solmaz şol adam bilen äbede-jüýje bolan bolup, özüni Türkmenistana aşyrmagy uzur ötünip ýalbarandyr öýdüp Süleýman güman edýärdi. Sebäbi ol şol ýurduň merkezi şäherine gyssagly gidip gelende-de, Solmazy Knutyň bolýan rezidensiýasyndan gözläp tapypdy. Solmaz awuly ýylgyryp: – Şeýt-de aýalyny basgylat-da ýör, haram ýerçeken! – diýip, gaýta Süleýmanyň üstüne heňkiripdi. Süleýman öz öýünde oturan aýalynyň Knutyň rezdensiýasyna nädip düşüp ýöreniniň aňyrsyna ýetip bilmändi. Soras-a aýtmady, aýalynyň ministriň ýanyna baryp, özüni täze wezipeden kesmegem oňa uluja sapak bolupdy. Şondan bäri ol: «Ýene-de bulaşdyraýmasyn» diýip, aýalyna gaty-gaýrym söz aýdanokdy Ýene bu saparam, şol önki edişi ýaly, «üstümden arz edäýmesin» diýip, aýalyna ýalym-ýulum edipdi. Ýogsa, bu aýaldan her zadyň çykjagyna ol ýagşy ynanarça bolupdy. Ýöne şonda ol aýalyndan berk jogap soramanyna heniz-henizlerem puşman edip ýördi. Çünki, Solmaz «Sen şonda meni hary-zar etdiň, haram nejisleriň öňüne atdyň. Ölsemem, şol günäňi ötmerin» diýip, her «garaguş» keseli tutanda dilini-başyny çeýneýärdi. Süleýman bu aýaldan bizar bolupdy. Ýöne, Merkezi Komitete işe geçensoň-a birneme gulagy dynypdy. – Sen diýlenini et, galanyny özüm oňararyn! – Knut ony öz penasyna alypdy. Süleýman dokument boýunça propoganda bölüminde hasapda durýan-da bolsa, partiýa guramaçylyk bölüminiň işini ýöredýärdi.. esasan hem Knutyň tabşyryklaryny edýärdi. Ol şol işlän döwründe Knutyň bu gupbaly jaýda han özüniň, soltan özüniň bolup işleýändigine düşündi. Knut SSKP MK-nyň baş wekili hasap edilýärdi. Şonuň üçin gurultaý, plenum geçirmek, karar kabul etmek, MK-nyň býurosyna material çykarmak, kadrlary saýlap seçmek ýerlere partiýanyň raýkomlaryna, obkomlaryna, MK-nyň apparatyna ýolbaşçy wezipelere kadr goýmak, esasan şonuň bilen maslahatlaşylýardy. Ýok, diňe bir maslahatlaşmak hem däl, onuň razylygy bilen goýulýardy. Eger oňa geňeş salynmasa, şol kadryň bagty ýatdygydy. Sähel aýyň içinde, har hili bahana bilen ol şol kadry respublikan derejesinde masgaralap bilýärdi. Ol şu işlerde Süleýmanyň gözsüz batyrlygyndan peýdalanýardy. Bir sapar bäherdenli bir ýetim ýigidi partiýanyň raýon komitetiniň ikinji sekretarlygyna bellemekçi boldular. Bu ýere Knutyň öz kandidaturasy bardy. Ol Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň sistemasynda ikinji sekretar, ministrliklerde we wedomstwolarda biriji orunbasar rus milletinden bolmaly diýen berk ýörelgäni alyp barýardy. Täze açylan bu raýonyň partiýa komitetinde-de şonuň garaýşy boýunça öňki kada eýerilmelidi. Ol ýere bolsa onuň täze söýgülileriniň biriniň zawodda inžener bolup işleýän adamsy geçmelidi. Muny öň ol Merkezi Komitetiň ikinji sekretary bilenem maslahatlaşypdy. «Bolýa, bolýa-da» edişipdi. Emma şonuň delosynyň daşyndan göz üçin ýene-de bir türkmenem şol wezipä hödürlenýärdi. Býuroda birinji ýa bilmezlikden ýa-da bilip, ikinji kandidaturany tassyklap goýberdi. Kputyň dünýesi düňderilen ýaly boldy. Ol býuro gutaran badyna, Süleýmany ýanyna çagyrdy. Süleýman bu adamyň robotyňky ýaly ýüzüne, iki çekgesinden selkilläp sallanyp duran saçyna, myrryh sypatly gözüne garap gorkmanam durmady. Knut oňa täze ikinji sekretaryň delosyny berdi. Soň ony telefon apparatlaryň duran ýerinden gyra çekdi. Apparatlara barmagyny çommaldyp, soň barmagyny gulagyna dürtüp: «Häzir bol, diňlenýändir» diýen manyda gözüni ümledi. – Şunuň maşgalasy kim, nirede işleýär? Çagalary sünnet edilipmi, ertiriň özünde bil-de, maňa informasiýa ber. – Ol ýene-de stoluň başyna geçdi-de, delonyň ýüzüne gyzyl galam bilen: «Sowerşenno sekretno!» diýip ýazdy-da, düşündiňmi diýen manyda gözüni ümledi. Süleýman baş atdy. – Siz boş, işiňiz bilen boluberiň! Bu iş şeýle bir kynam däldi. Ol delodaky awtobiografiýa garap, täze sekretaryň aýalynyň işleýän ýerini bildi-de, şol mekdebe gitdi. Sekretaryň aýaly mekdepde taryh mugallymy bolup işleýän eken. Iki ogly, biri bäş, biri dokuz ýaşynda, gyzy bolsa bakja gidýän eken. Süleýman şol pursat olaryň hasapda durýan poliklinikasyna bardy. Baş wraçyň ýerine işleýän rus aýalyna olaryň ogullarynyň sünnet edilip-edilmändigini anyklamagy tabşyrdy. Salym geçmänkä olar bakja gidip, oglanjygyň iki aý mundan öň sünnet edilendigini anyklap geldiler. – Oglanjygyň özi aýtdy! – diýip, ol rus aýaly işini şeýle aňsat bitirenine begenip aýtdy. Iller öýüne barýarka, Süleýman agşam sagat ýediniň ýarynda işine howlugyp barýardy. Ol hem işiniň şeýle aňsat çözülenine begenmän duranokdy. Onsoňam, berlen tabşyryklary çalt ýerine ýetirip, onuňam başlygynyň önünde ynam gazanasy gelýärdi... Ol sagat sekizden işlände Knutyň kabinetiniň işiginde durdy. Içerde bir takyrdy bar ýalydy. Şonuň üçinem ol birbada tirmäge batyrlyk edip bilmedi. Sekretar aýal gaýdypdy. Knutyň kabinetiniň iki gapysy bardy. Daşky gapy açykdy. Içki gapy hem barmak sygar ýalyjak açylyp durdy. Ol iki gapynyň aralygynda durdy-da, ýuwaşlyk bilen yşyklady. Birdenem ýylan gören ýaly bolup kellesini yzyna çekdi. Gözüne ynanman ýene garady. Eý, Hudaý, Knut mejlis geçrilýän uly stoluň üstünde bir ýaş aýaly ýalanaç ýatyryp, özi bolsa ýerde dik duran ýerinden aldygyna dyzap durdy. Her dyzanda ýerde ýatan jalbarynyň ilikleri pola degip, çalaja şytdyldaýardy. Uzyn stol bolsa sessiz yrgyldap-yrgyldap gidýärdi. Süleýman il-günüň «Gupba» diýip, mukaddes jaý hasaplap, çözülmedik meseleleriň, adalatsyzlyklaryň, barysynyň çözüler diýip umyt bilen garaýan ýerinde, halkyň, il-günüň ykbalyny çözýän adam şeýle haramzadaçylyk eder diýse, ynanjak däldi. Ol gözlerine ynanman, ýene-de içeri garady. Knut şeýtanyň guýrugy ýaly seçelenip duran saçy bilen ýatan aýalyň ap-ak göwsüni ýelpäp hykylaýardy. Ol aýal hem çyranyň yşygyna jylkaryp duran bedenini üýtgeşik duýgy bilen düýrüp ýazýardy. Süleýman işigi çekdi-de, kabulhananyň törüne geçip oturdy. Bäş-on minutdan soň içerde gepleşilýän ses eşidildi. Soň Knut işigi açdy-da, kabulhana jyklady. – Gel, gel! – Ol göwnübir halda hondanbärsiräp gürledi. – Näme otyrsyň, giribermeli ekeniň-dä?! Süleýman sandyrady. – Şu wagt geldim. Içerde kimdir biri bilen gürleşýäniňizi eşitdim-de dyz epäýdim. Süleýman içeri girdi. Umumy bölümde işleýän ýaş gelin, geçmedik kandidaturanyň aýaly Knutyň stolunyň garşysyndaky kresloda eline galam alyp, ak kagyza nämedir bir zat ýazýansyrandan bolup ýalmanyp otyrdy. Süleýman ol aýalyň ýap-ýaňam akjaryp ýatan ýerine garady. – Häzir, häzir. Pylan Pylanowna, birje minut garaşyň, diktowkany soň başlabereris – diýip, Knutam göz baglaýandan boldy. Soň Süleýmana garady. – Näme iş bitirdiň, informirowat ediň. Süleýman gören, bilen zatlaryny aýtdy. – Tak, tassyk boldy. Onda şeýle. – Ol çekerinden bir tagta kagyz çykaryp, Süleýmana berdi. – Şuny häzir seýfiňe at. Ertir türkmençä geçir-de, öňki aýdyşym ýaly et. Süleýman aýdylany berjaý etdi. Şol tekstde raýkompartiýanyň ikinji sekretarlygyna bellenilen Pylanyýewiň düşünjesiniň juda darlygy, onuň maşgalasyna feodal gatnaşygynyň bardygy, geçen ýyl ile göz edip ölen-ýitenlerine sadaka berendigi, bu ýyl bolsa ogullaryny sünnet etdirendigi barada udy nägilelik bilen ýazylýardy. «Biz mähriban kommunistik partiýamyzyň hatarynyň arassa ahlakly, päk pikirli ýolbaşçylar bilen berkidilmegini isleýäris» diýip ýazylýardy. Süleýman bu teksti terjime etdi-de, aşagyna üç-dört dürli gol çekdi. Soňam birinjiniň adyna ýazylan konwerte salyp, poçta ýaşigine atdy. * * * Knutyň prinsipiallygy, onuň talabedijiligi Süleýmana ýaraýardy. «Eger şeýle adam respublikamyzyň başynda duran bolsa, Türkmenistanda bireýýäm kommunizm gurlardy» diýip, ol çyny bilen oýlanýardy. Gara bagyr bolup ýolbaşçylardan zeýrenýän bu adamyň alyp barýan işine ynanýardy. Şonuň üçin onuň tabşyran ýumuşlary Süleýman üçin kanundy. – Sluşaý, Durdyýew, heý, bu halk bilen kommunizm gurup bolarmy? Bular ýagşylygy bilenok, düşünýäňmi? Moskwa, SSKP, Syýasy Býuro, men bulara ýagşylyk etjek bolýaryn. Emma bular ýene yza, öň zordan çykarylan batgasyna dyzaýar. Respublikada bir müň... sany keramatly ýer bar. Şonuň ýedi ýüz...-sine adamlar henizem gatnaýar. Düşünýänmi? Sen, abraýly komissiýa düz-de raýonlara iber. Özüňem Daşhowuz oblastyny ilik-düwme barla. Düşünýäňmi? Şol ýerde türkmenleriň sazynyň piri diýen bolup bir öwlüýä gurupdyrlar. Sluşaý, özi türkmen bolar-da, onuň sazy bolarmy, piri bolar ýaly, kim ol?! – Aşyk Aýdyň! – Hawa, aýş-maýşy! Ýok ediň, düşünýäňmi? Kim şeýle nejislige ýol berýän bolsa, nu ýego, taýýarla meselesini, garasyny saýlamaly. Ýykyň, aýryň, düşünýäňmi? Sluşaý, özümiz-ä ösen sosializmde ýaşaýas, ýurt bolsa Eýrana döndi, bolmaz-a... Süleýman aýdylanlardanam beter etdi. Şol wagt SSKP MK-nyň köne urp-adatlara garşy göreş alp barmak barada görkezmesi bardy. Ol şony tutaryk edinip, uly komissiýa düzdi. Oblastlara toparlary ugratdy. Özi Daşhowuz oblastyna gitdi. Partiýanyň oblast komiteti näçe bassyr-ýussur etse-de, ol oblastyň territoriýasynda hereket edýän metjitlerem, öwlüýälerem tapyldy. Ylaýta-da Aşyk Aýdyň piriň mazary diýilýän ýerdäki gören wakasy Süleýmanyň göz öňünden gider ýaly däldi... Üsti şifersiz iki saky uly jaýyň öňündäki bassyrmanyň aşagynyň düşegi-hä däl, iýlip-içilip oturylan saçagam ýygnalmandyr. Süleýman çäýnekleri elläp gördi. Ýap-ýaňy demlenipdir. Käselere guýlan çaýam sorap ýetişmändir. Ona bäş çäýnek, ýigrimi-otuz käse. Aňyrda bolsa gazanlar bugaryp dur. – Hany bu adamlar? – diýip, ol bir eli, bir aýagy ýok ýaş ýigitden sorady. Ýaş ýigit hum ýaly gyzaran gözlerini töweregine gazaply lowurdadyp, oturan ýerinden öňe süýşenekledi. – Hany bu adamlar. – Adam göremzok, sizden başga... – Pohuňy iýme! – diýip, Süleýmanyň gapdalyňda duran pyýada azgyryldy. – Näme, ýalan sözleýäň? Çäýnekler näme, demli çäýnekler? Maýyp ýigit ýeke aýagynyň dyzyna galyp, uçýaýjak-uçaýjak bolýan ýaly, dikgerildi-de: – Pohum-a, ýaşuly, agzyňa alyp, çeýnäp-çeýnäp berseňem iýmen. – Ol saklanyp bilmän sag egniniň üstüne gyşardy. – Bu çäýnekleri perişdeler üçin demledim. Aşyk Aýdyň babam perişdeleri daşyna ýygnap saz-söhbet edip otyrdy. Siziň gelýäniňizi eşidip, uçup gitdiler. – Kim habar berdi, biziň gelýänimizi? Hälki pyýadanyň sesi gaty gazaply çykdy. Ol bu maýybyň hälki aýdan sözüni janyna siňdirip bilmeýäni bellidi. Ol ajysyny pürkmäge pursat gözleýärdi. – Perişdeler uçup gelip habar berdi – diýip, maýyp ýigit ulumsyja ýylgyrdy. Hälki pyýadanyň gany depesine urdy. – Dänjikleme, eý, sen! Bu ýerde saňa inwalidler öýüniň medsesetrasy ýok, nýançid eder ýaly. Gopmadyk eliňden tutup, hol duran samoswalyň üstüne zyňar-da, itgyranyň çölüne dökdürerin. Dänjikleme... Maýyp ýigit gapdalynda duran goşa samoswala, aňyrdan maýdalyna ýöräp gelýän «DT-54»-e gorkuly seretdi. Komissiýa Süleýmana sala saldy. – Näme etmeli? – Ýykmaly. Bu bassyrmanam ýykyň. Ol jaýlaram ýykyň. Şu ýerde dik duran zat galmasyn. Maýyp ýigidiň gorkudan ýaňa erniniň suwy ýakasyna damyp başlady. – Siz-ä ýykmarsyňyz şony. Meni, ilki meni öldürersiňiz, soň ýykarsyňyz... Hälki daýaw pyýada samoswallara ýol görkezdi. Maşynlar yzlaryna öwrülip, üstlerindäki demir gaby galkan ýaly edişip, taýýar bolup dur. Bu bassyrmany ýykmak üçin ýekeje minut gerek. Ýöne şol maýyby bu ýerden aýyrmalydy. – Ýok bol, şu ýerden! – diýip, hälki pyýada maýyp ýigide haýbat atdy. Maýyp ýigit bu ýerde oňlulygyň bolmajagyny asyp durdy. Şonda-da ol iki dünýesini deňläniňki ýaly, doňňaradaşa öwrülip otyrdy. – Milisionerleri çagyryň! Maşynlaryň yzragynda duran ýörite maşyndan düşüp gelýän milisionerleri görüp, ol ýigit hasam ekezlendi. – Baryň, çagyryň, näçe milisiýaňyz bolsa! Milisionerler gelip buýruga taýýar bolup dursalar-da, maýyp ýigide el gatyp bilmediler. – Ol kim? – diýip, Süleýman milisionerleriň uly çinlisinden sorady. – Ol gwardiýa kapitany Ýoldaş Soltanow. Owganystanda meniň komandirim boldy. Şol ýerde maýyp boldy. Iki ordeni bar... Süleýmana ol häzir eli-aýagy ýok maýyp adamdy. Onuň üçin ol kim bolanda-da parhy ýokdy. Onuň gözüniň önünde Knut durdy. Ol adamyň özi Aşgabatda otursa-da, seniň bu ýerde näme edýäniňi görüp oturan ýalydy. Oňa ýalan sözläp, ýa-da buýtar-suýtar edip bolmaýardy. Hudaý saklasyn, şoňa ikilik edenden, buýrulan işi bitireniň müň paýdy. Şonuň üçin ol maýyp ýigide ýüzlendi. – Sen, han ogul. diýleni et-de çyk bassyrmanyň astyndan. Wagtymyzy alma. Barybir, ýykjak biz. Soltanowyň oturyşy arkaýyndy. – Päliňiz-niýetiňiz ýoldaşyňyz bolsun! Ýykyň! Ýöne maňa azar bermäň! Ol milisionerlere ýüzlendi. – Aýryň! Milisionerleriň ýokary çinlisi Ýoldaşyň ýanyna geldi. – Ýoldaş komandir! Soltanow ýene-de ýeke dyzynyň üstüne galdy. – Otstoýat, towariş Tadžiýew! Täjiýew ser-söbe boldy-da, sag elini çekgesinne ýetirdi. – Ýest, otstoýat, towariş komandir! Süleýmanyň myrryhy atlandy. Ol milisioneriň üstüne herreldi. – Sen näme, Merkezi Komitetiň abraýly komissiýasynyň diýenini etmän, şol maýybyň diýenini edýäňmi? – Ol meniň komandirim. – Sen häzir başga ýerde gulluk edýäň-ä. Ol häzir komandiriň däldir-ä. Täjiýew ýüzüni aşak sallady. – Biz Owganystanda kasam içdik, ölýänçäm ol meniň komandirim. Süleýmanyň gahary ýetjek derejesine ýetdi. – Sen bujagaz çiniňden bolarsyň. Işiňden el ýuwarsyň, diýleni etmeseň. Täjiýew müýnürgedi. – Meň Soltanowdan artyk ýerim ýok. Şol aç ölmän ýör işlemese-de. Menem ölmerin, kowsalar kowubersinler. Ýöne kasamymy bozjak däl. Milisionerler maşyna garşy gitdiler. Hälki gara pyýada durup bilmedi. Baryp, maýyp ýigidiň elinden tutdy-da, süýräp başlady. Soltanow towy ýeten ýüp ýaly, eliniň ugruna towlam-towlam boldy-da, süýrenip barşyna ynjyly hykylady. Şonda-da sagat aýagy bilen gapdalynda ýatan hasasyny dolap süýrendi. Daýaw pyýada onuň elini goýberen badyna-da, ol hasasyny zarp bilen alyp, gara pyýadanyň çep injigine janynda baryny edip ýelmedi. Gara pyýada bu şarpylda öwşerilen adamlara seretjek boldy-da, birden: – Wä-äk! – edip uwlap ilki dyzyna çökdi. Soňra çep aýagyny gujagyna alyp, silterläp başlady. – Wä-ä, wa-ä, waý, aýagym-eý! Maýyp ýigit: «Kim ýene awunmak islese gelsin bäri!» diýýän ýaly, taýgyny bulaýlap başlady. Oňa çenli samoswallara «başlaň» diýip buýruk berildi. – Dur, naýynsap! Emma ol maşyny saklamaga ýetişmedi. Agyr maşyn sütünleri jygyldadyp, tagtalary ýykan-ýumran edip, aňrybaşa çykdy Onuň tigriniň arasynda myşşaryp galan çörekli saçak, çäýnek-käseler düşegiň üstünde göz-gülban bolup ýatyrdy. Bir owadanja köke bolsa maşynyň yzky goşa tigriniň aralygyna ýelimlenip, özüni güjeňleýän ýaly, tigir näçe aýlansa, şonça aýlanyp durdy. Maýyp ýigit gyzyl-ýaýyrt bolup ýatan gap-gaja, çäýnek-käsä, üsti nygmatly saçaklara, ýary ýumrulan bassyrma haýran galmakdan ýaňa dälirär hetdine gelipdi. Ol ýeke aýagynyň üstünde towsaklap, çep tarapymda joňtaryp galan golunyň aşagynda yşnaksyz bolup sallanyp ýatan ýeňini galgadyp, elindäki taýagyny töwerege salgap başlady. Ol galan-gaçan sütünleri omurmak üçin iňläp barýan maşynyň öňündäki uly aýnasyna taýak saldy. Maşyn badyna galan-gaçan tagta-tugtalaram eňterdi-de saklandy. Ondan dazanaklap çykan şofýor kül bolan aýnasynyň ahmyryny çykarmak üçin maýyp ýigidiň üstüne arslan bolup topuldy. Maýyp ýigit onuň elinden suwlugan ýaly suwlup geçdi-de, Süleýmanyň depesine hasasyny eňterdi. Süleýman duýdansyz degen taýagyň badyna äm-säm bolup durka, ol ýigidiň: – Wzwod, k duşmanam, k boýu! – diýen ses bilen arlaýanyny eşitdi, Onuň elinden taýak iýmedik galmady. Ahyrsoňunda ony üçläp basdylar. – Äkidiň, dälihana äkidiň! – diýip, hälki gara pyýada agsaklap ýörşüne buýruk berdi. Ol maýybyň aýagyny-elini daňyp, bir tokga daş süýrän ýaly edip milisiýa maşynyna atdylar... Üýşmek bolup ýatan döwük-ýenjik tagtanyň üstüden «DT»-ni birki gaýta gatnadyp, soň ony otlap goýberdiler. – Jaýlaram ýykyň! Äpet traktorlar jaýy sarsdyryp, oňuň öňünde durdy. Jaýdan guran kökä dönen garry aýal çykdy. Ol göni Süleýmanyň gaşyna geldi-de eňredi. – Razy däldirin! Ýykdyrma, balam! – Süleýman üflisi çykyp, çakyr süňke dönen bu garry aýala seretmedem. – Ýykyň! «DT» etjegini etdi. Galanynam, samoswallar çaýkap, bu ýerde ýap-ýaňam jaý durmadyk ýaly etdiler. – O nahary nätmeli? Iki gazan nahar bar-a. Süleýman taýak degip çişiren başynyň awaýan ýerini eli bilen tutup durşuna ýaşyp barýan güne garap gyssandy. – Döküň, ýeke zadam galmasyn! Iki kişi bir gazan palawy, bir gazanam etli, ýagly gaýnatmany tümmek bolup duran kesegiň üstüne eňterdi. – Gömüň üstünem. Berekella, iş bitirdiňiz. | |
|
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |