12:03 Kyýamat-magşara çenli -4/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
Solmazyň derdi ýene-de täzelendi. – «Görýäňmi? Men onuň üçin saçymy sübse edip ýörün. Ol bolsa meniň özümi asyp öldürmegime garaşýan eken. Ýok, başynda bir päl bardyr. Ol menden dynjak bolýar. Solmaz ýatylýan otaga geçip horkuldap aglady. Onuň Süleýmandan ýaňa ýüreginde kesmeklän ýaralary awuşap başlady. Ol işde hasrata batyp, soň öýe diýip çykanda garaşylmadyk ýagdaý bolupdy. Onuň işiniň ýanyndaky duralgada Kerguly bir daýaw aýal bilen hümürdeşip durdy. – Wiý, henizem gaýtmadyňmy? – diýip, Solmaz «gowy bolaýdy, öýe-hä taşlar» diýip ýylgyrjaklap. Olaryň gepi gutarýança garaşdy. Ol aýal kän durmady. – Ýer-ow. Harmandäli, ýaman irläpsiňle! Ýaňa güni bilen ýas baglap oturjaga meňzeýärdiň. Eýýäm maskany sypyraýdyňmy? Solmaz ondan kem galmady. – Fu-u, şonuň üçin dagy ýas baglap. Ýöne seni göresim geldi-de, derdimi paýlaşaýyn diýip çagyraýdym. Sen geldiň dünýäm düzeldi. Kergula boýnuna düşüp duran saçyny silkeläp başyny ýaýkady. – Ýa, Harmandäli han, seni Mollanepes teatryna aktrisa edip işe alaýsalar, iki aýda «Türkmenistanyň, halk artisti» bolýaň. Eger geçjek diýseň-ä, işe salaýyn! Artist bolup oýnarsyň. Solmaz ýaz ýaly açyldy. – Gel, bileje işe gireli, artistlige. – Näme üçin? – Men-ä Harmandälini oýnaryn, senem Göroglyny oýnarsyň. Kerguly maşyny sürüp barşyna saçyny selkildetdi. – Ýer-ow, oýnaly! Men öňem üç soýuzyň çleni. Rewolýusioner. Indi artistem bolaýynmy?.. – Bileje oýnasak gyzykly bolardy-da. Kerguly ýylymsyrady. – Beýle Görogly – Harmandäli oýnaşasyň gelse, artistlige geçmänem oýnaşaýarys. Ýöre, ussahana baraýaly... Solmaz başyny süýjülik bilen yrady. – Biz oňa çaga wagtymyz «eje-däde» oýny diýýärdik. Kerguly mes boldy. – Hanym, sen gyzjagaz wagtyňam syrtyň bilen däl ekeniň-ow, «eje-däde» oýnaýan bolsaň. Solmaz gürlemedi. Ol bu gara pyýadadan gepiň gutulmajagyny bilýärdi. Ol «Men üç soýuzyň çleni» diýip ýöne ýere aýdanokdy. Bir wagt ol çeperçilik uçilişesini tamamlapdy. Gowuja-gowuja işleri bardy. Şonuň üçin ony SSSR Hudožnikler soýuzynyň çlenligine alypdylar. Soň ol gitarada aýdym aýdyp başlady. Sazynam, sözünem özi düzüp, özem gitarada gelişdirip aýdýardy welin, beýle bir erbedem bolanokdy. Ylaýta-da onuň «Ýalpyl-ýalpyl-ýalpyl hanym!», «Agyly aýdym», «Matam», «Durnajyk» diýýän aýdymlaryny gözüňe ýaş aýlaman diňlemek mümkin däldi. Ony hasam ýaş-ýeleňler gowy görýärdi. Onuň sirkde, stadionda berýän konsertlerine müňläp-müňläp ýaş-ýeleň gelýärdi. Şol aýdymlar ony tüçjar baý edip goýupdy. Özüne «Wolga» satyn aldy. Çagalaryna bäş otagly jaý alyp berdi. Indem ol özüni «Jebisligiň» ýolbaşçysy hökmünde görkezip, mes bolup ýaşap ýördi. Öň kimsiň, Kergulysyňdy. Islendik ministriň, beýleki döwlet işgärleriň ýanyna çekinmän baryp bilýärdi. Gaýta, onuň özünden çekinýärdiler. Kähalatlarda milisiýa işgärlerine ýa, ýerli hökümete däl, adamlar Kergulynyň ýanyna arz edip gelýärdiler Ony, hökümete garşy gidensoň, ogry-jümrülerem, söwdagärlerem gowy görýärdiler. Iki sapar ol ogrular bilen gürleşip, gündiziň güni ogurlanan maşynlaryň ikisini eýesine gaýtaryp beripdi. Bu bolsa ona uly abraý bolupdy. Puly, maşyny hemem batyr dili bolansoň, «Jebislikde-de» ony öňe tutýardylar. Oňa: «Seniň nämeň kem? Moskwanyň WUZ-ny tamamlan. Üç soýuzyň çleni. Zehiniň daş ýarýar, halk gowy görýär. Sen Prezident bolmaly» diýýärdiler. Onuň özem şony jany-teni bilen isleýärdi. Ýöne, hany, prezident diýeniň bilen prezident bolup bolýarmy?! Ýurduň patyşasy bolmak üçin halk-a seni egniňde götermeli, Hudaýam eliňden çekmeli. Hudaýyň ýerdeki wekili bolmak üçin nähili päklik, nähili ynam, nähili gaýrat gerek! Kergulyda şolar welin ýokdy. Ol bir sapar Tejenden dört halta göknar alyp gelýärkä ele düşüpdi. Ol şol gün ele düşjeginem duýýardy. «Ogry syrty gowşak» diýleni ýaly, gitmäýinem diýipdi. Emma bolmady. Maşynyna mündi-de, depdi Tejene. Anna agşamy, yns-jynsyň aýagynyň çekilen çaglary ony Duşagyň deňinde GAI işgärleri sakladylar. – Ýaşuly, dokumentiňi görkez! Kerguly titreýän barmaklary bileň dokumentlerini ýere pytradyp goýberdi. Awtoinspektor ýigit dokmentleri ýerden galdyrmanka Kerguly maşyndan düşdi. – Brat, meniň gürrüňüm bar. Ýaş ýigit düşüş bolara çemeli. Beýleräk çekildi. – Bir garyndaşym düşekde ýatyr. Şoňa derman-därilik üçin birazajyk göknar alyp barýan. Ine dört müň manat, her haltasyna! – Näçe halta? – Dört hata. Ýaş ýigit puly aldy. Soň yzyna-da garaman, başga bir maşyny saklap, şoňa tarap ýöneldi. Kerguly mes bolup gaýtdy. Ol azyndan ýüz müň manada geçjek harydyny dört müň manat berip geçiripdi. Onuň begenji uzaga çekmedi. Ony «Ýaşlyk» posýologyna giren ýerinde gapjadylar-da, iki ýyly ýeňsesine doňurdylar, maşynyny, öýüniň ýüzi suwly zadyny döwletiň haýryna geçirmeli etdiler. Ol iki ýyldan soňam düzüw gezmedi. Kimdir biri iki kilo tirýek bilen gapjalanda, şonuň agasyna: «KGB-de meniň jan ýaly tanşym bar. Men boşadaýyn iniňi» diýip, ýüz müň manadyny alypdyr» diýip gürrüň edýärdiler. Onuň şu maşynam şol puldanmyşyn. Ol basylany boşatma nire, zat niremişin. Pulam, inisem ardurja gidip baransoň, ol adam KGB baryp ýagdaýyny aýdanmyşyn. «Häzir derňew gidýär» diýýärdiler. Kerguly bolsa «Jebisligiň» ýolbaşçysy bolanym üçin yzarlaýarlar. Men pul alamok, hemmesi hökümet işgärleriniň garşyma guraýan pyrryldagy» diýip, özüni ak jüýje edip görkezip «Moskowskiý nowosti», «Alternatiwa» diýen gazetlere, «Azatlyk» radiostansiýasyna interwýu beripdi. Aşgabadyň studentleri, käbir kiçiräk toparlar «Kergulydan eliňizi çekiň!» diýip, Swoboda prospektindenem geçenmiş» diýýärdiler. Ýöne, nämüçindir, Kergulyny onuň çleni bolup duran soýuzlary welin goldamaýardy. Iň bärkisi, «Jebislikde-de» olaryň birem ýokdy. – Aý, «Jebisligiňem», Kergulysynam goýsan-aý. Adamlaryň başyny gözüni aýlaryn diýýändirler. – How, ol Kerguly diýeni iliň başyna towky bolup indäý! Oňa bir haý-küş diýýänem ýok. Ol ýaşlary azdyrýar, ýaşlary. «Men şahyrdyryn, kompozitordyryn» diýip, beýdip ýördürmeli däl-ä oňa. – Goýsan-aý, oňa şahyrlyk, kompozitorlyk sürtseňem ýokjak däl-ow. Ol «Şahyrlaryň arasynda gowy hudožnik, hudožnikleriň arasynda gowy şahyr» ahyryn. Onsoň, heý, ondanam bir ýanyp duran zehin bolarmy? Ol barada edilýän gep-gybat köpdi, ýöne Kerguly olary eşitmeýän, bilmeýän ýalydy. Nesip bolsa, gaty basym Kergulynyň kimdigini bilersiňiz – diýýärdi. Häzirem ol maşynyny mikroraýonlaryň birindeki ussahanasynyň howlujygyna getirip saldyda apaň-apaň basyp eýwanyň gapysyny açdy. – Gel-ow, ýa indi «eje-däde» oýnajak diýip, seni göterip salmalymy içeri? Solmaz ýaýkyldap, näz edip maşyndan düşdi. – Şu jaý özüňkimi? – Ol «Biziň ol garantgymyzdan lopbugam ýok, Gör, iliň ýetişiklidigini» diýip, ahmyrly, kemsine-kemsine eýwana çykdy. Kerguly ony içeri giren badyna gurduň guzyny garbaýşy ýaly giň gujagynyň girisine saldy. – Şularyň bary meňkimi?! – diýip, ol Solmazyň ýukajyk panbarht köýnegiň içinde tyrsyldap duran sagrysyny sypalap aýtdy. Solmaz Kergulynyň berdaşly boýnundan asyl-asyl bolup durşuna: «Bary seniňki» diýip näzirgedi. Kerguly törde duran diwanyň arasyny açdy-da, ony serdi, soň köýneginiň iliklerini açmaga durdy. – «Eje-kaka» oýnuny ilki oýnap, soň kofe içeli! – Ol Solmazyň goýnuna özüni urdy. Solmaz beýle-beýle lezzeti indi köpden bäri görmändi. Ol duýgularynyň aýagynyň ýelini çykarandan soň, bu äpet pyýadanyň gujagynda bugaryp ýatyşyna, Süleýmany ýigrenç bilen ýatlady. ...Ol Süleýmandan ikinji sapar erbet gaty görenini ýatlady. ...Süleýman gonşy ýurtlaryň birindäki SSSR-iň ilçihanasynda ikinji sekretar bolup işleýärdi. Solmaz bolsa şol ýerde, çagasyna seredýärdi. Şol günleriň birinde ilçihana Türkmenistanyň partiýa-sowet delegasiýasynyň gelýändigi barada habar düşdi. SSSR-in baş ilçisi, esasan, Süleýmany gyssaýardy. Sebäbi Türkmenistany ondan gowy bilýän, bu respublika şundan gowy hossarlyk etjek ýokdy. Bu uly döwlet bilen käbir meselede şertnama baglaşylmagy mümkindi. Öz derejesindäki toparlar bilen kabul edişlik guralmagy mümkindi. Şeýle delegasiýalar geljek bolanda ilçihananyň işgärleriniň birsydyrgyn, rahat ritmi bozulýardy. Ylaýta-da geljek delegasiýanyň ýolbaşçylarynyň üns beraýjek, gyzyklanaýjak meseleleri barada informasiýalar sistemalaşdyrylýardy. Edilen işler barada obzorlar taýýarlanylýardy. Myhmanhana, nahar, transport, terjimeçilik işleri jikme-jik işleri düzülýärdi. Soň bolsa şol ýurduň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde marşrutlar işlenilip düzülýärdi. Taýýarlygy iň ýokary derejä ýetirip goýýardylar. Süleýmanyň bu ugurdaky tejribesi diýseň uludy. Ol SSSR Daşary işler ministrliginde işlän döwründe-de, daşary ýurtlardaky ilçihanalarda işlände-de şeýle guramaçylyk işleriniň içinde bolupdy. Moskwada işlände SSSR-iň döwlet delegasiýasy bir ýere gitjek bolsa, işleri guramak üçin Süleýmanyň bir aý öňünden şol ýere iberilýän wagtlaram bolupdy Bu ýerde-de Süleýman özüniň guramaçylygyny görkezipdi. Şonuň üçin bu saparam guramaçylyk işleriniň agramly bölegini ol öz üstüne alypdy. Delegasiýa geldi. Guramaçylyk ýokary derejede geçdi. Knutyň ýolbaşçylygyndaky döwlet delegasiýasy haýsydyr bir myhmanhanada ýerleşdi. Diňe Knut özüniň kömekçisi bilen ilçihanadaky rezidensiýada galdy. Ilçihananyň işgärleriniň aýallary Knut barada agyzlaryny suwardyp gürleşýärdiler. Solmaza bularyň bary gyzyklydy. Ol Moskwada ýaşan ýyllary kabul edişligiň tagamyny dadan aýaldy. Häzir welin, çagasy sebäpli myhman garşylamaga-da, kabul edişliklere-de gatnaşyp bilenokdy Häzirem ol Süleýmana hem-de elini-aýagyny baglaýan ogluna gaharyndan ýaňa ýarylaýjak bolup, ilçihananyň bagjagazynyň içindäki uzyn oturgyçda gussa batyp otyrdy. Ol öz ugruna oýnap ýören başy tahýalyja ogluna seredip oturyşyna ýanyna ýat adamyň gelenini duýmandam. – Wot, türkmenler nirede eken?! Men bolsa olary görübem bilmerin diýip gorkupdym. – Solmaz oguljygynyň başyna bilgeşleýin türkmen tahýasyny geýdiripdi. Ol gelýän delegasiýanyň ýolbaşçylarynyň ilçihananyň işgärleri, olaryň maşgalalary bilen tanyşman, saglyk-amanlyk soraşman gitmeýändiginden habarlydy. Solmazyň çakyça, tahýany gören türkmen sowlup geçmeli däldi. Onuň çeni dogry bolup çykdy. Şol agyz suwardylan myhmanyň özi onuň ýanyna geldi. Solmaz gaty begendi. – Sag-aman geldiňizmi? – Geldik. Ýaşaýyş nähili? Solmaz oda köze düşdi. – Ýörüň biziň ýaşaýşymyzy görüň! Hem bir käse kofe içip gidiň! Knut kellesini tutdy. – Kök çaý ýokmy? – diýip, ol türkmençe gürledi. – Bar, bar! Knut Solmazyň yzyna düşdi-de, olaryň iki sany çemlije otagdan, aşhanadyr hajat ýerli jaýyna geldi. Ol çaý demleýänçä onuň ogly bilen gürleşdi. Birki käse çaý içdi. Solmaz «Ýatyp galandan, atyp gal» etdi. – Meniň size uly towakgam bar!.. Knut kän oturmady. – Men siziň çaýyňyzy içdim. Senem towakgaňy çaý içmäge çagyranymda aýdarsyň. Telefonyňy aýt. Solmaz aýtdy Ogluna gowuja eşikleri geýdirdi. Özi ýuwundy. Täp täzeje lybaslara çümdi. Garaşdy. Emma Süleýmandanam, rezidensiýadanam habar ýokdy. Gijäniň bir wagty bolupdy. Solmaz Draýzeriň bir romanyny okaýardy. Telefon jyrlady. Ol tisginip gitdi. Trubkany göterdi. – Salam, owadan gelin! Giç ýagşy... Solmazyň begenjine ýüregi tas ýarylypdy. – Salam, wiý, giç ýagşy, wiý, sag boluň! Telefonda ýagjymakdan keýpli ses eşidildi. – Gelin, men size bir käse çaý berjek. Näme arzyňyz bolsa diňläris hem gürleşeris. Garaşýan. – Meniň adamymam gelmedi. Oglum!.. – Zyýany ýok. Adamyňyz giç geler. Arkaýyn boluň, kän saklaman. Sakçylara aýtdym. Hiç kim sizi saklamaz. Solmaz ot alana döndi. Ikirjiňlenmän rezidensiýanyň ýerleşýän ýerine ugrady. Ol ýarym serhoş halda rezidensiýadan çykanda, ony şol ýerde işleýan türkmen oglanlarynyň biri gördi-de, ýigrenç bilen tüýkürip geçdi. Solmaz bu ýagdaýy özüne çekdi. Ol özüni günälemedi. Süleýmany günäledi. Ärine bir özi keýp çekip ýören diýip düşündi. Ol wakany hälki oglanyň Süleýmana aýtjagyny aňýardy. Şonuň üçinem Süleýman gelende, onuň başyna ahyrzaman inderdi. Ýöne Knut bilen öz arasynda näme bolanyny, näme arz edenini aýtmady – Sen rezidensiýada näme işläp ýörsüň? – diýip, Süleýman gatyrganyp sorady. Solmaz ona jogap bermedi. Gaýta janyna tyg sokjak sözlere tutdurdy. – Oýnaş gözledim şol ýerden. Nädeýin, ärim ärlik etmän, gijesi bilen başga ýerde entäp ýörse. – Gapyl! – Bar, bar, bir heleýi oňarmadyň näletkerde... Süleýman bir hepdeläp öýkeläp gezdi. Şondan üç-dört aý geçenden soňam Aşgabada gaýdyldy. Solmaz ýaş, owadan halyna öz aýagy bilen bir bigänä ýal bolanyna, «Men bärde ýetim ýaly», «Çagam okuwdan kör galdy», «Bizi şu syganyň güni ýaly gününden halas ediň!» diýip ýalbarmasyny indi-indi özüne kiçilik bildi. Käte-käte bu ýagdaýy joralaryna-da gürrüň berdi-de, Süleýmanyň şeýle haýynlygyna ýigrenç onuň gursagynda uýap galdy. Häzirem ol şol kinesini Kergula gürrüň berip ýatyşyna, gözüne ýaş aýlady. – Goýsan-aý, men onuň aryny alyp berdim-ä saňa. – Kimden? – Süleýmandan. – Nädip? – Ol-a seni horlapdy, menem onuň heleýi bilen «eje-däde» oýnadym. Aryňy aldygym bolar-da. Solmaz Kergulyny gujaklady. – Men gitdim Agşam garaşýan... * * * Solmaz ol wakalary ýatlady-da, birsalym dommarylyp oturdy. Soň rýumkasyna arak guýdy. Süleýmanyň keýpi ýetjek derejesine ýetipdi. Ol Kergulynyň her gepine hezil edip gülüp başlady. – Aý, ýaş-a! Hany, guý! – Ol Kergula goltgy berýärdi. Berdenem Kergula garady-da: – Sen şu öýe näme üçin geldiň-ä? Aýt! – diýip goýberdi. Kerguly näme diýjegini bilmän, ullakan ala gözlerini Süleýmanyň ýüzünde saklady-da, soň Solmaza seretdi. Onuň bakyşynda: «Munyň bir zatlar aňýan ýaly-la how!» diýýän many bardy. Solmazam: «Mümkin däl» diýen görnüşde rýumkaly eline seretdi Oňa çenli Süleýman ony ýene-de gyssady. – «Brat» bolýan heleýiňe munça zady dökdürip, şu ýere näme üçin geldiň? Kerguly sypjyklady. – Bratym-a sendiň! – Ýoo-ok, ýaňy özüň aýdansyň «Solmaz bilen brat bolduk» diýip. Gorkma, men hiç zat bilemogam, hiç zat biljegem däl. Ýöne bilýänem, diýerinem, bu wagt däl. Kerguly näme diýjegini bilmän, agzyny öweldip oturdy. Solmaz başlady. – Men çagyrdym ony. Başga wagt «brat-brat» bolşup, azan wagtam bratyňa haý-küş et diýdim. «Asmandan asyp ýöreniň kimdigini öz gözüň bilenem gör» diýdim. Eýse ýalanmy? Eýýäm bolup oturyşyňa seret! Başladyň dälmi? «Bilýän, bilýäne diýip aldyň. Sen nämäni bilýäň, bizem eşideli? Süleýman aýalynyň ýüzüne-de garamady. – Sen otur. – Ol Kergula garady. – Sen meniň diýjek bolýan zadyma düşünmediň. Seni şu öýe bizi ýaraşdyrmak üçin çagyrdylar dälmi? Kergulynyň derisi giňäp gitdi. – Aý, brat, ýüregimi ýardyň-aý. Sluşaý, menem «Näme diýjek bolýakan» diýýän. Bir-ä, ýaraşdyrmak üçin, onsoňam, hwatit, halky aýak üstüne galdyrmaly. Men belli karara geldim. Ýene-de kyrk günden Türkmenistanyň ähli halky köçä çykar. Men şony saňa yglan etmäge geldim. Eger, men Prezident bolsam, sen Türkmenistanyň daşary işler ministri bolarsyn. Razymy? – Razy. Sag bol. Meni daşary işler ministri etseň, şol işiňi gül ýaly edip bereýin. – Meni? – diýip, Solmaz it ýylgyryşyny edip, uly tamakinçilik bilen sorady. – Seni, seni... – Kerguly ala gözlerini Solmaz bilen Süleýmanyň arasynda gatnatdy. – Seni halk magaryf ministriniň orunbasary. Solmaz närazy boldy. – Ministri bolanokmy? Aýallaň işinem alyp gideýin. Kerguly joşdy. – Bar, halk magaryf ministri eken-dä. – Solmaz durup bilmedi. – Dädiş jany nirä? Kerguly ýene-de joşdy. – Diller institutyna rektor. – – Urra! Içerä şatlygyň demi ýaýylyp gitdi. Ýöne Süleýman birneme serhoş bolup başlady. – Alýo, sen näme üçin geldiň, şu öýe? Kerguly öz hälki hyýalyna berlip, arşyň kürsüsinde otyrdy. Onuň häzir ýere düşesi gelmedi. – Aldyň-aý, halys. Seni ýaraşdyrmaga hemem wezipäni gutlaýyn diýip geldim diýýän-ä! – Ýaraşdyr-da onda. – Kim bilen? – Kerguly başyny puşmanly ýaýkady. – Heleýiň bilen-ä gije ýorganda ýaraşarsyň – Solmaz agzyny towlady. – Ogluň bilenem... Ol koridora gygyrdy. – Dädiş, gel bäri! Dädiş saçyny selkildedip içeri girdi. Ol işik bilen deň bolup durşuna Kergula garady. – Gel, otur! – Gel, otur, oglum. Gözüň aýdyň. Däde Kerguly seni rektor etdi. Gutly bolsun! Dädişiň gözleri lowurdady. – Nirä, ura?! – Diller institutyna. Eý, Alla jan, şo günlere-de ýetsedik, jan Allam. Ýene kyrk günden, işalla, görersiň. Däde Kerguly diýdi. Görersiň.. – Şeýlemi, däde Kerguly? Näme bolar? Ýene kyrk günden näme bolar?! Kerguly wajypsyrap başyny galdyrdy – Ýene kyrk günden bu görünýänjeleň pyh-pyh, bu uf! – Ura! – Süleýman rýumkasyny elinde saklap durşuna Kergulynyň ýüzüne tamakinçilik bilen garady. – Hany, ýaraşdyr-da! Kerguly halys boldy. – Ýaraş-ow, şunuň bilen. Meni halys etdi. Içen aragymy burnumdan aldy. – Ol Solmazyň rýumkaly elinden tutup, Süleýmanyňky bilen çakyşdyrdy. – Ýaraşdyňmy!? Solmaz çep eli bilen pyňkyrmazlyk üçt agzyny tutdy. – Ýaraşdym! Süleýman ogluma tarap garady. – Dädiş jan, ýaraş şunuň bilen. Dädiş Kergulynyň diýenini tutdy-da, elini uzatdy. Süleýman onuň elini eline aldy. Soň ýerinden turdy. – Ýaraşdyň dälmi? – Ýaraşdyk! Ol ýatylýan jaýa girip çykdy. – Ine, menden saňa sowgat! – Ol maşynyň açaryny ogluna gowşurdy. Sür, nesip etsin. Toýa mün... Dädiş aňka-tanka boldy. – Ine, munyň boldy – diýip, Solmaz ýuwaşja aýtdy. Emma Dädiş ynjalmady. – Soň aljak bolsaň, gaharyň gelende «getir açary» diýjek bolsaň, gerek däl. Süleýman iki elini daldalady. – Ýok, oglum, maşyn indi meniňki däl. Adyňa geçir, sür-sürme, ol öz işiň. Dädiş düýş görýändirin öýtdi. Ol işikden töre çenli keserdi-de, gözlerini ýumdy. Ol birden gorsanyp saçaga garady. – Däde Kerguly, maňa-da guýsan-a. Ýuwalyň-la bu gowy zatlary. Kerguly uly fužeri arakdan dolduryp, begenmekden ýaňa uçaýjak bolýan Dädişe dabara bilen gowşurdy. Häzir bu içerde bagtly däl adam ýokdy. Süleýman çagalary bilen ýaraşanyna begense, Solmaz täze wezipä ýetjegine, Dädiş duýman durka täzeje «GAZ – 24»-li bolanyna begenýärdi. Kerguly ýene-de sanlyja günden özüniň han boljagyna begenýärdi. Onuň bu habary yglan edenine sanlyja minut geçenem bolsa, ol eýýäm şol güni görýärdi. Tutuş Türkmenistanyň halky «Kerguly! Kerguly!» diýip, ony göter-göter edip köşge tarap alyp barýan ýalydy. «Gije-gündiz ýatmaly däl. Welaýatlardaky guramalarymyzy aýak üstüne galdyrmaly. Orsetiň demokratik guramalaryna, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisine MRU-a ýüz tutmaly. Pul kömegini bersinler. Hiç zady gaýgyrmaly däl. Täjigistdadan, Eýrandan ýarag haýyş etmeli. Goý, gan dökülsin. Goý, halk gyrylsyn, Ýöne men köşge çykmaly. Hwatit! Goý, ynamsyzlyk edýänler Kergulynyň kimdigini bilsinler. Goý, gan dökülsin! ýene men şa bolaryn. Hökman.» Ol gyzaran gözleri bilen üsti gyzyl-ýaýyrt bolup ýatan saçaga garady. – Hökman! * * * Häzir Süleýman serhoşsyrap Kergulynyň salgyma çapma wadalaryna «hä» berip otyrka, Senem gözleri girýan bolup, nalyş edip otyrdy. Ol gaýynenesiniň şu öýde galdyryp giden namazlygynyň üstüne geçip, ýüzüni kybla tutup oturyşyna, dälilik hetdine ýetipdi. – Eý, Perwerdigär, ýatan şehitleriň haky üçin, meni şu dünýä inderen enem atamyň haky üçin, Muhammet pygamberiň haky üçin, meni aýal edip ýaradyp, ene etmänligiň haky üçin, ogul gyz bermänligiň haky üçin Süleýmanyň günälerini geç. Barybir, meniň janym dowzahdyr, eý, Allam. Aýal bolup ene bolmanym üçin, aýagyma ene bolmagyň gany dammany üçin, göwüs süýdümi seçelendirmänim üçin, etegime çaga siýdigi dammany üçin meniň janym dowzahdyr, eý, Allam. Barybir, ýanjak bolsam, men ýanaýyn. Süleýmanyň günälerini meniň boýnuma ýükle, jan Allam. Men ony ýoldan azdyrdym, päk ruhlaryň öwlüýäde gezişi ýaly edip gezen jaýyna bigünä bendäni-getirip, zyna iş etdirdim, eý, Allam. Perişde ýaly pak nikama, adamyma biwepalyk etdim, eý, Allam. Maňa bu dünýäde-de, o dünýäde-de ýalkanmak ýokdur, eý, Allam. Şol garyp ýigidi bir ýalka, jan Allam... Işik kakyldy. Senem özüne geldi. Ol ilkagşamdan bäri namazlygyň üstünde oturanyny duýup galdy. Aglamakdan onuň gözleri awuşaýardy. Häzir onuň köňli garaňkylygy küýsedi. Ýöne işigiň ýene-de kakylmasy onuň göwnüni ýagtylandyryp, süňňüni ýeňletdi. – Gurban jan! – How! Senem edil gapynyň aňyrsynda çagasy galan ýaly bolup, işigiň gulplaryny açdy. Soň işikde aljyrap duran adamsyny garsa gujaklady. Gurban egnindäki ýük haltasyny düşürmän içeri girdi. Soň içeri hyrydarlyk bilen göz aýlady. – Gurgunmyň? – Şükür mähriban! Sag-aman geldiňmi? Ýaňyja geldiňmi? Otly bilenmi? Gurban ýadandy. – Daňdan geldim. Işe bardym. Senemiň ýüreginiň başyna ot basylan ýaly boldy. – Näme üçin-ä, mähriban? Men sana sagat däl, minutsaýyn garaşyp otyryn-a, arkadagym. Senem ýene-de hamsykdy. Gurban ýüküne güýmenen boldy. – Aý, düýn şeýle bir içim gysdy, şeýle bir içik gysdy. Kimdir biri: «Ýet, Senem gutarýar, ýet!» diýdi durdy. Göwnüme, sen indi bu dünýäde ýok ýaly bolduň durduň. Oturdym-da agladym. Men seni bagtygara etdim, şoňa agladym. Senden gaçyp ýörşüme agladym. Hiç köşeşmedim. Başymy-aýagymy alyp gaýtdym. Aşgabada geldim-de, sana jaň etdim. Sesini eşitdim-de, ýüregim giňedi. Öýe gaýtjak bolýan, teý, aýagym çekenok. Göwnüm: «Häzir gitme, agşam baraý» diýip dur. Onsoň işe baryp, hak-heşdegimi alyp, oglanlara: «Men Aşgabatda» diýip telegramma iberip, bazara degdim-de gaýtdym. Senem Gurbanyň önündäki müýnünden ýaňa bir ýere girip bilmedi. Gurban bolsa jübüsinden bir petde pul çykaryp aýalyna uzatdy. – Hor bolmadyň gerek? – Ýok-la. – On manadyny bir bende ýogalypdyr şoňa ýygnadylar. Ýigrimi bäş manadyny oglanlara «piwo içiň» diýip berdim. Bäş manadyny kassir gyza berdim... Senem utandy. – Oňaraýypsyň. Munça kän pul aldyňmy? Gurban oturgyçda oturdy. – Waý, mähriban, geçsen-e. Näme bu ýerde otyrsyň! Hany, geç-ä. Men ejeň pahyryň keçejiginem ýazdym, üstüne düşegem ýazdym. Gurban ýylgyryp otyrdy. – Hä? – Aý ýaman gaty göresim geldi. Azajyk seredip doýaýyn. Senem, öýem gaty göresim geldi. – Göresiň gelse, geç-dä. Gurban başyky ýaýkady. – Men şu öýi ruhlary, perişdeleri örüzmän bir göreýin diýip kän arzuw etdim, Seniň ýüzüňdäki nuruňdan doýaýyn diýil, ondamam kän arzuw etdim. Azajyk oturaýaýyn... Senem gelip Gurbany gujaklady-da, onuň syrylmadyk ýaňagyndan, kirpiksiz, bir wagt peşehorda talaň salan gabaklary gyzaryp duran gözünden ogşady. – Meniňem gaty göresim geldi, seni. Gurban oturan ýerinden galmady. – Bäh, düýn-äý, ýüregim tas ýarylypdy, bu günem, edil buz çöken ýaly-da. Bäh, adamyň beýle geň ýaradylyşyny... Senemiň ýüregi sanjady. – Düýn haçan bolan zat ol? – diýip, Senem aşhana bilen wannanyň arasynda ylgaşlap ýörşüne sorady. – Bäş bilen ýediniň aralygynda-laý, gün batanda. Senem Gurbana geňler galdy. Şol aýdylýan wagt Senemiň köňlünde aldym-berdimli söweşiň gidýän pursaty bolmalydy. Ol ýalňyzlykdan, özüni aýap ýörmekden ireni üçin Süleýmana özüni bagyşlamagy. Edil şol wagtlar karar edipdi. Ýok, ol öz-özi bilen bütin gije-de söweşipdi. Ýöne aýgytly karara şonda gelipdi. Daňdan bolsa, ol niýetinde eýýäm Gurbanyňky däldi. Gurban şony duýupdy... Senem ylgap gelip Gurbanyň ädiklerini çykarly. Onuň egnindäki iş kitelini çykardy. Edil şu gün Süleýmanyň köýnegini çykaryşy ýaly onuň ýakasynyň iliklerini açdy. Kemerini çözdi. – Ýöri, mähriban, ýyljak suwa düş. Menem oňa çenli börek bişireýin saňa. Gurban çaga ýaly begendi. – Öýde ýumurtga ýokdy. – Bar. Gurban başyny gaşan boldy. – Men ýüz sany ýumurtga-da getirdim. Iki kilo kolbasa-da. Saryýagyň bolsa kolbasa gowrup, üstüne ýumurtga çakyp bersene, ýaman iýesim geldi. O taýda kolbasa-da, mesge de gyt. – Bor, bor!.. Senem Gurban üstüne suw alyp çykýança, böregem bişirdi. Adamsynyň diýýän naharynam. Soň ullakan ap-ak gar ýaly polotensany alyp, işikde garaşdy. Gurban suwa girip, öý eşigini geýensoň, ýigdelen ýaly boldy. – Meýdanyň bir zady gowy. Öýüň, aýalyň gadyryny bildirýär. Dişleriň etini sorup ýörkäň işden surnugyp gelip, näme iýeris diýip durkaň, kazennyý jygyldawuk krowatda ýatyrkaň önüň ýadyňa düşýar welin, janyň jigläp gidýar. Bir ýat aýaly göräýseň onsoň şol gün öý, aýal ýadyndan çykanok. Şäherde welin, o zatlaryň bahasy bir köpük. Şonuň üçin, adamlar şu zatlaryň gadyryny bilmäni üçin sähel bahana tapsalar biri-birini çeýnejek bolup durlar Meýdan adamyň kalbyna giňlik salýar. Meýdan alamy bagyşlamagy öwredýär... Senem Gurbanyň edil sähra ýaly ýazylyp, gyşaryp çaý içip ýatyşyna guwandy. Onuň dünýäsi dolup gitdi. Ýöne häli, ilkagşamdan bäri eden dileg-dogalarynyň arasynda Gurbana degişli ýeriniň bolmany üçin utandy. Şu günki geçirimsiz günäsi bolsa maňlaýyna gara tagma bolup basylyp duran ýaly utandy. Ýaňaklary lowlap, ýanyp, dil açyp Gurbana şol haram iş barada gür beräýjek ýaly boldy. Ol ýanaklaryny gaýta-gaýta syldy. Gurban bolsa Senemiň ýaňagynyň al öwüsmegini, ak ýüzüniň nura çümüp durşuna seredip doýup bilenokdy. Ol ýene-de şu mukaddeslik hasap edýän zenanynyň öňünde özüni günäkär saýýardy. Ol öz ýanyndan bu perişdesine juda uly ýagşylyk edesi gelýärdi. Emma ol ýagşylygy oňa Alla bermändi. Gurban ýene-de oýa batdy. Ol misli bu içerden, özüne garaşyp ýören bu garamaňlaý zenanyň didaryndan eýýäm doýan ýaly boldy. Tersine, Senemiň oňa ýüregi awady. Indi on bäş ýyl bile ýaşaýan bu biçäre adamsyny aýasy, apalasy geldi. Edil Hudaýyň bermelik çagasyna sereden ýaly. Ony eliniň aýasynda saklap, gijeler ýatman baş çekesi geldi. Çünki onuň çaga etmedik yhlasy, ene bolmak yhlasy gursagynda lummur-lummur gaýnap durdy... Ol şol yhlasy, mähri tä ömri ötýänçä şu biçäre adama bagyşlap, günelerini ýuwasy geldi. Ol Gurbanyň öýden, özünden gaçýandygyna düşünýärdi. Ýöne bu ýerde hiç hili uýaljyň, utanjyň ýokdugyny oňa düşündirip bilenokdy. Ol häzirem Gurbanyň başyny dyzynyň üstüne aldy-da, çagajygyň başyny sypan ýaly edip sypalady oturdy. Ol indi ýeke däl. Onuň özem, köňlem doludy. Onuň dünýäde ýeke-tak gorkýan zady, ýalňyz galmakdy. Onuň üçin şu giň dünýäde, şu erewde-birewli dünýede syrdaşsyz ýoldaşsyz ýeke galmakdan özge elhençlik ýokdy. Onuň gorkusy Hudaýyň bu darydan köp gijelerini ýeke geçirmekdi. Her çybşyldydan, her tyrkyldydan iniňi düýrükdirip ýaşamakdy. Onuň Gurbany hiç ýere goýberesi gelmedi, – Ýadadyňmy, mähriban? – diýip, ol sülük barmaklary bilen Gurbanyň saçyny darap-darap aýtdy. Seni göresim geldi. – Meniňem – diýip, Senem içki gozgalaňynyň badyny gözlerinden goýberdi. Uly, dury damjalar, hernä onuň eline damdy. Ol Gurban turaýmasyn diýen gorky bilen gözlerini aýasy bilen syldy. – Men sensiz ýaşamandan irdim, mähriban. Men ýekelikden ýadadym. Gurban ýerinden turdy-da, hemişe gaçyp tezip ýören gürrüňiniň duzagyna ýene-de düşenine ahmyr edýän ýaly, gussa batyp oturdy. – Düşünýän. Senem agyly ses bilen ýene-de dowam etdi. – Sen indi gitme, janym. Sen indi meni taşlama. Mazar ýaly bolup ýeke oturmak meni däliredýär. – Onuň sesi birden batlanyp gitdi. – Men seniň ýagdaýyňa düşünýän-ä. Ärsiräp ölüp baramog-a. Gaýta, sen bolmasaň göwnüňe her hili ýok zatlar gelýär. Eýesiz ýaly men. Indi gitme... – Bolmaz ol. – Gurban birhili hykylap, aňyrdan, öýkenden hem aňyrrakdan çykýan ses bilen hykylap aýtdy. – Ýok, gitme! Gün-güzeranymyz gowy. Ekläp bilmeýänimiz ýok. Şu içeriniň, öz gazanan durmuşyň hözirini gör-de ýaşa. Mana seniň başga zadyň gerek däl. Sen öýde bolsaň bolýar. Eger, diýenimi etseň, gitmeseň goýmaýan bolsalar, gitmeseň hiç bolmaýan bolsa, çyk işden. Men işimiň daşyndan tam süpüreýin, köçe süpüreýin, ikimiz hor bolmarys... Gurban sesini çykarmady. Ýöne onuň bu teklip bilen ylalaşmaýandygy duýlup durdy. Ol häzir turjak bolýardy. Turdugam, onuň bilen gürleşmek – Turma, başyna döneýin! Otur! Gurban Senemiň ýüzüne garady. Onuň dodaklary müňküldäp-müňküldäp gitdi. – Men, men... – Ol ýarysam içilmedik çäýneginden käsä çaý guýdy-da owurtlady. – Men, janym, bir ölüp bilemog-a şu gelýänime-de, iki sany aýal ýaly bolup oturmakdan irdim men. Men şu öýden gitmäni mertebe bilýändir öýdýäňmi? Aglap-aglap gidýän her sapar, şeýdibem gelýän. – Näme üçin ahyryn, mähriban? Gurban başyny ýaýkady. – Ýakma meni. Näme üçini sen diýmeli däl-ä. Mende bolup, gysganyp gezemog-a. Hudaý gargasa nädeýin? Indi näçe ýyllap seni tamakin etdim. Näçe ýyllap umytda gezdik! Men näme düşüneňokmy? Onsoň, men nädip gülüp, ýaýnap gezeýin, bir gül ýaly ömri ýakamsoň, janym... – Men ýanamogam, bişemogam. Sen öz-özüňden dowla düşüp ýörme. Gurban ýene-de başyny ýaýkady. Ol birsalym oturdy-da, köpden bäri köňlünde göterip ýören matlabymy daşyna çykardy. – Senemim, gel, bir zat edeli. Il Moskwa gidip, bir emel bilen içine çaga goýdurýar. Gel, gideli. Kimdendigem gerek däl. Ýöne, sen göterip, sen dogursaň, emdirseň, men razy, Hudaý razy. – Ol ýüzüni daşa öwrüp, ýene-de maý alyp gepledi. – Bolmasa, bir arassa adam tap... – Goýaweri! Gurban gorkdy. Ol Senemiň şeýle diýerinden gorkup ýördi. Onda-da aýtdy. Onuň ýüreginde göterip ýören daşy atyldy. Indi onda günä ýok. – Men şeý diýjegiňem bilýän. Sen päk maşgala. Ýöne menem aýtdym. Men indi seniň öňüňde-de, Hudaýyň öňünde-de öz borjumy berjaý etdim. Ýöne, bilip goý, ine, şu niýet bilen, şu iki ýola men razydyryn. Ýöne, hapa ýollara men razy däl. Galanyny özüň bil... Gurban şondan soň hiç zat diýmedi-de, öz otagyna geçdi Senem bolsa şol oturan ýerinde doňup galana döndi. Onuň göz öňüne ýene-de Süleýman geldi. Ol adamyň gözleri, ýylgyryşy geliniň sowap barýan kalbyny ýylatdy. Ol Senemi özüne çagyrardy. Senem bolsa indi gidip biljek däldi. Ol şuny on iki süňňi bilen duýdy. ...Senem Gurbana ýer salyp berdi-de, ýene de namazlygyň üstüne geçdi. 5. Süleýman bu gün işine bir sagat ir bardy. Ol Ogulnyýazyň näzik didaryny görmek üçin, onuň bagtly gözlerini görmek üçin gijesi bilen edarasynda ýatmaga-da razydy. Işik ýuwaşja açyldy. Ol gelen Ogulnyýazdyr öýtdi. – Salam, mähriban! – Ol Senemiň gyp-gyzyl gözlerine, çişen gabaklaryna, alaçsyz ýadaw ýüzüne geň galyp garady. – Senem, näme boldy? Senem owadan ýylgyrdy. – Gijesi bilen ýatman Hudaýdan dileg etdim, mähriban! «Seniň günäleriňi geç» diýip!.. – Ýenemi? Senem ýylgyrdy. – Maňa indi senden gitme ýok öýdýän! Süleýman Senemlere baryp gaýdaly bäri, bu gelne içini dökeli bäri geçen on-on iki günde Senemiň üýtgändigini her gün duýýardy. Onuň öňki dilliligi öňki badyhowalygy ýokdy. Süleýman bilen diýseň seresap sözleşýärdi. Irden işe gelende salamlaşyp, işden gaýdanda hoşlaşmany tapypdy. – Be, sen meni henizem ýatlaýaň-ow. – Ýatlama ne ýatlama, eziz. Diýýän-ä ýüregimiň zerzawuny seniň adyňy dilimde aýdym edip çykarýan diýip. Agşamam, ýeke özüm, hiç ukym tutmady. Ýene-de namazlygyň üstüne geçdim-de, Hudaý jana dileg saldym oturdym. Süleýman ýylgyrdy. – Öňkini gaýtalaýaly, şu gün ýeke özüň bolsaň. Senem ör gökden geldi, – Ýog-eý, Hudaý saklasyn! Süleýman güldi. – O na beýle? Öň-ä özüň göwünjeňdiň, indi men diýenimde ör-gökden gelýäň... Senemiň ýüzi dumanlady. – Wah, öňem bir şoňa suwsap däl-le. – Bah-bah, şu aýallaryň ýoly kän diýýädiler welin, Senem Gurbanowna, şol dogry öýdýän Öň bir zat diýmek, soň başga bir zat diýmek saňa gelişmeýär. Ýa utanýanmy? Senem güldi. – Öň bir bende bar eken diýýä... – Hä! – Her gün turup, «Eý, Hudaý jan, lotereýime «Wolga» düşür» diýip, lotereýi ýok halyna dileg edýärmişin. Bende hiç goýanok diýýä. Onsoň Hudaý janam munuň dileginden bizar bolup, ahyry ýüzüni görkezip: «Jan dogan, halys etdiň, ýekeje lotereý bir satyn al-a» diýenmişin. Menem şol bende ýaly, lotereý satyn alman «Lotereýime ogul-gyz düşsün» diýip dileg edip, Hudaýy bizar edip ýörsem näme. Ol günkem meniň ýekeje lotereýim, mähriban... Telefon jyňňyrdady. – Alo, hawa, hawa, Durdyýew. Hä, hawa, salawmaleýkim. – Ol ýerinden turdy. Prezident Sowetiniň halkara bölümine. Bor. Häzirmi? Bor. Süleýman tolgunyp ep-esli durdy, sonam begençli seslendi. – Ana, meniň-ä lotereýim utdy öýdýän. – Belki, Hudaý jan, belki. Meniňem lotereýim utawersin. – Ol onda ikimiziň lotereýamyz bolýar-da. Senem onuň agzyny tutdy-da, soň aýasyny ogşady. – Düşündiňmi? Süleýman kabulhananyň jaňyny basdy. Soň sagadyna garady. – Be, gelmedimikä? Näme bolduka? * * * Prezindent Sowetiniň halkara bölüminde nätanyş ýigit ony garşy aldy. Saçy düşse-de nurly ýüzündäki yşnagyna zeper ýetmedik ýigit alyn dişleriniň ep-esli açyklygyny güjeňläp ýylgyrdy. – Gel, agasy. Nähili, nähili, öý-içeriler gurgunmy? Işler nähili? Armaweriň? Süleýman bu ýerde gepi uzaltmaly däldigine düşünýärdi. Şonuň üçin bu diýseň ýakymly görünýän ýigidiň gadyrdanlygyna haýran galyp gaty gysgaça jogap berdi. Özüniň şu jaýda işlän ýyllary ýadyna düşüp hem utandy, hem kemsindi. Ol döwür başgaçady. Özüňden ýokarylaň ýanyna «lepbeý, aga» diýip, elewläp durmalydy. Öz golastyňdakylar hem saňa şeýle etsin diýen manyda hondanbärsiremelidi. Seniň çagyran adamlaryň bilen-ä salamlaşma däl, habaryny alsaň olaryň depesine bagt guşy gonýardy. Bu ýigit welin ýylgyrypjyk, «agam» diýip otyr. Ol ýigit ýerine ýönelmedi-de, Süleýmanyň gabat garşysyndaky kreslo geçdi. – Wiý, bir käse çaý bereýin-le men saňa. – Aý, ýok. – Ol ýok diýse-de käsäni elnine alyp, çaýdan çalaja owurtlady. Soň ýylgyrdy. – Inim, gaty görmeseň bir zat aýdaýyn. – Süleýman «Dile geldi, bile geldi» etdi. – Men şu jaýda bäş ýyl işledim. Sen maňa gaty käýejek öýdýän. Bizem käýejegimize şeýdip, «inim, agam» diýip, soň bir käse çaý berip, soňam syrtyna şakyrdyk dakyp goýbererdik. Öz-ä... Ol ýigit owadan ýylgyrdy-da, ýene-de alny açyk dişlerini güjeňledi... «Beýt, şojagaz ýerini altyn bilen bekledäýmän» diýibem ol oýlandy. Birdenem şol pursat ýadyna Ogulnyýaz düşdi. «Onuňam alyn dişleri azajyk açykd-a. Özüne-de baý gelişýär-ä. Bu ýigide-de gelişýär-le...» Bölüm müdiri boşan käsäni aýyrdy. – Hawa, ýaşuly! – Süleýman öňürtiledi. – Neme, agam! – Bölüm müdiri elini stoluna uzadyp, bir spisogy aldy. – Gep uzaldyp oturmaýyn Mekge-Medinän-ä bilýäň. – Hawa-la. Jitdada bolupdymam. – Ine, Eýran Yslam Respublikasy öz harjyna on-on bäş adamy Mekge-Medinä zyýarata çagyrýar. – Hawa! – Hawasy şol. Biz öň beýle ýagdaýy göremzok. Delegrasiýa ilki Tährana awtobusly barmaly. Ol ýeri parslaň ýeri. Soň samolýotly Jitda uçmaly. Ol ýerleri araplaryň içi. Gidýänem ýalaň bir topar ýaşuly adam. Olar ne arabyňy, ne parsyňy, ne-de iňlisiňi bilýär. – Terjimeçi gerek bor-la. – Wah, diňe terjimeçi däl. Gowy ýolbaşçy hem gerek. Sebäbi özüň bilýäň, türkmenler-ä özüni sünni mezhebine degişli edýär, parslar özüni şaýy mezhebi diýýar. Ýat iliň içinde «sen şaýy-da, men sünni» bolşup ýörülse-de ýagşy däl. Onuň üstesine-de gidýä diňe türkmenler däl, özbekleriň delegasiýasam, täjiklerdir azerbaýjanlaryň, gyrgyzlaryň delegasiýasam gidýär. Häzir ol döwletleriň içem asuda däl. Olaryň adamlary gaharly diýärler. Biziň ýaşulularymyz bolsa, özüň bilýäň, ýuwaş, kanagatly. Emma şo-ol igeläp dursalar, adamdyr-da. Şolar ýaly ýerde haý-küş eder ýaly, abraýly ýolbaşçam gerek. Ine, onsoň pars, arap, inlis dilini bilýän terjimeçilere, ýolbaşça, hemmesine bir ýer berýärler. Onuň üstesine, ol zyýaratçam. Men siziň bilen şu zatlary maslahatlaşaýyn diýdim. Eger zerur işiňiz bolmasa, bizi golda-da terjimeçisem ýolbaşçysam, zyýratçysam özüň bol. – Haçan ugramaly? – 27-nji maýda. Süleýman kellesini tutdy. – Buw, bu gün ýigrimi dörd-ä. Wiza bir alyndymykan... – Wiza-da ýok, zadam. Saud Arabystanynyň ilçi hanasynyň wekilleri Daşkentde eken. Olaram şu gün yzyna uçýarmyşyn. Ertirden gijä galsak Saudyň Moskwadaky ilçihanasy hem wiza bermesini kesýärmişin. Süleýmanyň gözleri ýandy. – Şäher telefony haýsysy? – Şudur! Ol sagadyna seretdi-de, telefonyň düwmelerini basyşdyrdy. Soň ony ýene birki sapar gaýtalady. – Gitjekleriň pasporty taýýarmy? – Taýýar. Daşary işler ministrliginde. – Alýo, Moskwa. Semýon. Zdarow. Da, da. – Ol güldi. Sluşaý. Saudyň konsulynyň telefonyny bersen-e. Hazir, gyssagly. Soň düşündirerin. Bolýar, bolýar! Ol trubkany goýdy-da, täzeden aýlady. – Essalawmaleýkum! Ol arap dilinde nämedir bir zat barada suwara gürleşýärdi. Gülüşýärdi. Bölüm müdiri haýran bolup galdy. Sülenýman trubkany uly dabara bilen goýdy. – Tanyş adam eken. Men ertir agşama çenli garaşaryn diýýär. Ýöne daňdanky samolýotdan gijä galmaly däl. Pasportlar nätdikä? – O ýene-de telefonyň düwmelerini basyşdyrdy. – MID-mi? Aýdyň, janym, Eýranyň üsti bilen Sauda gidýänleriň zagranpasporty taýýarmy ? – Şeýlemi? Häzir. – Ol trubkany bölüm müdirine berdi. – Meniň ygtyýarlygyma kepil geçiň. Bölüm müdiri trubkany aldy. – Alýo, kimdir bi, Guliçka, senmi? Ýolbaşçy tapdyk. Durdyýew. – Adyň näme? – Süleýman. – Süleýman Durdyýew! Hä, – Ol ýene Süleýmana garady. – Öz pasportyň barmy? – Bar. – Bar. Şol barar. Pasportlary ber. Ol daňdan Moskwa uçýar. Ähli garamaty öz üstüne alýar. Häzir barar. Bölüm müdiriniň, ýüki ýeňledi. – Aý, sag bol, agam. Garaňky bolup durdy. Indi Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynam habardar edeýin. Bölüm müdiri ne türkmençe, ne rusça düşünýän birine gabat geldi öýdýän. Ol trubkany Süleýmana berdi. Süleýman pars dilinde şeýle owadan sözleşýärdi. Bölüm müdiri gapdalda ýöne ýylgyryp otyrdy. – Işler-ä düzeljek. Ýöne Moskwa komandirowkakyň puluny kim bererkä? Meniň edaramda-ha ýeke şaýy ýokdur. Ýolda-da azyndan on mün manad-a gerek. Bölum müdiri sähel oýlandy-da, telefona ýapyşdy. – Alýo. «Bilim» jemgyýetimi? Hä, gurgunmysyňyz? Bu Prezident apparatyndan, hawa, men. Bagyşlaň, häzir Durdyýew barar ýanyňyza, şoňa bir günlük Moskwa komandirowka oňaryp beriň, bor, bor, hoş. Soň geläýiň şol mesele üçin... Bölüm müdiri elin uzatdy. – Ine, agam, işler-ä düzetdik. Görýäňmi, gitjek ýoluň Käbe bolsa, müşgil iş galmaz eken... Süleýman Durdyýew işigiň agzyna baranda ýaýdançly saklandy. – Bagyşlaň, men indi «Käbä gidýän» diýip öýüme, il günüme arkaýyn aýdybereýinmi? Bölüm müdiri göwnüne başga zat getirmedi. – Ikimiz çözdüg-ä meseläni. – Ýok! – Süleýman ýene ýaýdandy. – Ýok, birden ýokardakylar «ýok, ol galsyn» diýmez-dä! – Hä. – Bölüm müdiri baş atdy. – Düşündim. Ýok, ýok, ynanyşman işläp bolmaz-a. Men aýdýan bolsam, diýmek, şolaň pikirini aýdýandyryn. Ikimiz razy bolsak, olaram bolar... Süleýman ýene-de az-kem durdy-da, propuskasyna-da gol çekdirmegi undup, budur gitdi. Süleýman Moskwadan işini bitirip gelýärkä-de Ogulnyýazyň owadan gözleriniň owazasynda oturan ýaly duýgyny başyndan geçirýärdi. Ol Saud Arabystanyna gidýänine beýle bir begenibem baranokdy. Ol ýere öň barypdy. Birnäçe gün bolup «Owf, beýle-de bir yssy ýurt boljak eken-ow» diýip halaman gaýdypdy. Mekgä baryp, zyýarat etmegi bolsa ol özüne degişli zat hasabam edenokdy. «Ýaşulular zyýarat edýänçä kölegeje ýerde dynç alar oturaryn. Soň olar zyýaratyny gutararam welin, myhmanhana alar gelerin. Bolsa bäş-üç günlük bolar-da.» Ol bu gidişligem adaty sapar ýaly görýärdi. Ýöne, ony gyzyklandyrýan zat başgady. «Beý, meni nädip tapdylarka? Men kimiň ýadyna düşdümä? Ýa indi meniňem bagtym açylyp ýörmükä? Bir işjagaz, beýleki diýip synap ýörmükäler? «Jebislik» diýdi, beýleki diýdi, bir topar bolar-bolgusyz ýerde görnenim üçin ynamdan gaçaýdymmyka?» Ol ýene-de gaýga batdy. «Meni öldürmeli ahyrsoňunda, Kerguly diýdi, beýleki diýdi, ne işiň bar diýsen-e. «Azatlyk» radiostansiýasyna interwýu berip, häzirki döwlet ýolbaşçylaryny masgara edýänimem aýandyrl-a, bulara. Wezipe diýip öldüm ýatdym-da. Juda salyhatsyz boldum. Nämä gerekdi. Görseň, durmuş öwrüm-öwrüm eken-ä. Bir wagtky ile atan kesegiň gelip öz maňlaýyňa degip dur-a indi...» Ogulnyýazyň nazary ony aljyradýardy. Onuň tutuş süňňüni, tutuş ruhuny beýleki ýüzüne çöwürýärdi. Ol bu gelinň öz dünýesine şeýle çuň girişine haýranlar galdy. – Başladyňmy? – diýip, ol Ogulnyýaz işe başlan gününde ýen-de ýanyna çagyrdy. – Hemmeler gurgunmy? Ogulnyýaz «hawa» diýip ýuwaşja gürledi. – Çaý içermisiňiz ýa-da kofe?! Süleýman begendi. – Gör, eýýäm hossarymyň bardygy duýulýar. Şu tamlaryň içi aýal-gyzdan doly. Ýene «Çaý içjekmi, kofe» diýýäni ýok, Ogulnyýaz. Iki sany kofe demle. Ogulnyýaz düýnküdenem owadandy. Düýn keýik gülli ýaglygy onuň gözelliginiň ýaryny alýan eken. Bu gün ol gökje ýapon ýaglygyny başyna daňypdyr. Asyl, bu ýaglyk gelniň roýuna başgaça nur paýlap durdy. Onuň düýnki buldurap duran halam goşalanan ýalydy. Gözleri welin, şol öňki, garaluw gözler. Ýöne olar azajyk gussalydy. Onuň üstüne labyr atyp duran kirpikler hem burjy baglap duran ýalydy. Ýok, Süleýman bu maşgala seretse-de-seretmese-de, onuň kaddy-kamatyny, roýunyň gözelligini beýan edip biljek däldi. Özem, oňa tiňkesini dikip oturmaga-da uýalyp başlapdy. – Ikisinem alyp geleýinmi? – Getir, getir! Ogulnyýaz iki sany kofe içilýän gapjagazy mejimäniň üstünde goýup getirdi. – Gandy özüňiz atarsyňyz-da. – Sen nirä barýaň? – Süleýman mejimäni goýup barýan gelniň yzyndan gygyrdy. – Hany, otur, gel, tanyş bolal-a. Ogulnyýaz düýnküje oturan ýerinde, edil iş soramaga gelen ýaly edip oturdy. – Utanma. Sen indi bir edaranyň eýeleriniň biri. Ikimiz bir adam bolmaly bu ýerde. Meniň syrym, seniň syryň, seniň syryň meniň syrym bolup ýaşamaly bu ýerde, düşündiňmi?! Meniň barymy-ýogumy bildirmeli däl sen, bormy? – Bor. – Iç-dä kofäňi? – Bor. Süleýman esasy soragyna geçdi. – Ejeň-kakaň barmy? – Hawa. – Nirede? – Köşüde. – Kakaň nirede işleýär? – Raýkomyň sekretary. – Hä? – Süleýman gulaklaryna ynanmajak boldy. – Nirede? – Raýkomyň sekretary. – Hawa. – Kim? Ogulnyýaz kakasynyň adyny, familiýasyny aýtdy. – Tanadym. MK-da bilerägem işledik. Olam meni tanaýandyr. – Bilmedim. – Be-e, sen şonuň gyzy diýsen-e. Onuň gyzy bolup ýokary okuw jaýyna dagy girmediňmi? Süleýman ýene-de sowala tutdy. Ýok, ol bu gelniň terjimehalyny bilmek üçin onuň üstünden sowal baryny ýagdyryp oturanokdy. Ol Ogulnyýazy ýanynda köpräk saklamak üçin şeýdýärdi. Ýazaw, adamyň «hiç ýerde işlemeýär» diýen ýaly etdi-le. Hany, gürrüň ber. Seniň ýaly maşgalany gelin edinip, işlemese bolmaz-a. Jany bir sagmy onuň? – Şükür. – Ol bir ýerini dagyny gutarypmy? – Hawa. – Näräni? – Moskwanyň Timirýazow akademiýasyny. – Bu Ogulnyýazyň iň uzyn sözlemi bolupdy. – Käri näme? – Inžiner. Süleýman stoly ýumruklady. – Şol käri bilen işlemän ýörmi? Haý, harramzada-a! Ogulnyýazyň gözleri tas hanasyndan çykypdy. Ýöne sesini çykarmandy. Soň Süleýmanam ony mundan artyk gynamady. Ogulnyýaz oňa öwrenişýärdi. Ýöne dag jereni işigiňe getirip, bakyp-bejerip, eldekileşdirendirin diýseňem» seni her görende tezliginden tisginip gidişi ýaly, Ogulnyýazam Süleýmanyň her sözüne, her hereketine tisginip gidýärdi. Bäş gün dagy geçenden soň-a ol kofäni aýtdyrman getirip başlady. – Sizi soraýarlar! – diýip, trubkada gepläbem başlady. Ertesi gün bolsa, ol işiň ahyrynda çagyrylmasa-da içeri girdi. – Men şu gün birazajyk eglensem bormuka işde? Süleýman düşünmedi, – Öýdemi, ertirmi? – Ýok, häzir. – Hä?! – Maşynka öwrenäýjek bolýan. – Bor, bor. Gündizem al-da öwreniber. – Ýok, iş wagty boş şykyrdadyp oturmaýyn. Süleýmanyň özem ep-eslije eglendi. Kabulhanada maşynkanyň haýaljak şykgyldysy eşidilýärdi. Ol sagat sekiziň ýarynda daş çykdy. Ogulnyýaz maşynkada nämedir bir zatlar ýazýardy. Sülenman sesini çykarman bu gelnin şeýle yhlas edip ýazýan kagyzyna garady. Ol gözlerine ynanmajak boldy. Ak kagyzyň ýüzünde dört setir bardy. «Ýandak başy ýananda, «Ýandy» diýgin, eje jan. Boýdaşlarym gelende, «Öldi» diýgin, eje, jan...» Ogulnyýaz Süleýmanyň kölegesine üýtgeşik gorky bilen tisginip gitdi-de, ak kösük barmaklaryny seçelendirip, kagyzyň ýüzüni ýaldy. Süleýman onuň kirpiklerinde buldurap duran dür damjalaryny gördi. Şol damjalara düşen yşyk bolsa, döwüm döwüm bolup şol seçek-seçek barmaklaryň üstüne damýardy. Süleýman gyra çekildi. – Ýöri, gaýdaly, Ogulnyýaz. Giç boldy. – Ogulnyýaz ullakan çargadyny başyna büredi-de, sumkasyny alyp, gussaly ýüzüni gizläp çykyp gitdi. – Ýazaw bilen gaýdyber! – Ol Ogulnyýazyň maşyna münenini görüp, soň pyýadalap öýüne gaýdypdy. Ogulnyýazyň ykbaly Süleýmany öz erkine goýmaýardy. Bu perişde ýaly gelniň ýüreginde gana eýlenen syryň bardygy bilnip durdy. Şol gam nämäniň gussasy? Näme üçin Ogulnyýaz açylyşyberenok? Üst-başy iňňeden çykma. Ýaňy durmuşa çykan. Onuň parlap açylmaly çagy ahyryn. Ol «Sekretarşamyz nähili?» diýip, gelinlerdenem soraýardy. «Ýuwaşja» diýýärdiler. Başga hiç zat aýdanokdylar. Ýogsa, bir habar bolsa şular bilmelidi. Olaryň bildigem, Süleýmanyň bildigidi. Ol ertesi Ýazawy ýanyna çagyrdy. – Sluşiý, gelnimizi gaty gaýgyly görýän-le, näme kem zady bar, sen bilmel-ä?! Ýazaw ýüzüni sapjaklatdy. – Neme-dä-reý, äri-där-eý, men näme diýsemkäm?! Gowusy, men şol adamy görkezäýeýin-le. Bormy? Olar rus bazaryna, teke bazaryna, şonuňam haparak ýerlerine aýlandylar. Emma ýitgilerine duşmadylar. Ýazaw öýlän haş-haş edip geldi. – Ýör. Ahyry tapdym. Ol maşyny Suhan Babaýew köçesine dolady-da, Berdi Kerbabaýew muzeýiniň işiginde saklady. Soň günbatary, mugallymlar öýüniň arka ýüzüni görkezdi. – Şol oturgyçda oturanlary görýäňmi? Şonuň ak köýneklisi. Süleýman maşyndan düşdi. – Seni tanamaz, gidiber. Ol uzyn oturgyçda iki aýalyň arasynda oturan ýaş ýigidi gördi. Aýallaryň biri şylha-şylha eşik geýnendi. Özem gap-gara çorly ýüzüne düşüp duran saçlaryny kirli eli bilen gaňtaryp, elindäki dolabara çüýşäni titredip içýärdi-de, bir zatlar diýýärdi. Beýleki aýal oňa görä ýaşdy. Emma üst-başy kirlidi. Ýüzi, saçy hapady. Ol çilim kükedip, şol çüýşä gyllygyny akdyryp, garap otyrdy. Ýaş ýigit hem öwzaýy bozulan ýüzüni garry aýalyň elindäki çüýşä dikip şondan «haçan bir owurt içip bolarka» diýip tamakin nazarda, üýtgeşik yhlas bilen ymsynyp durdy. – Agam, çilim ýok-maý? – Ol şepbeşip duran gözlerini naýynjarladyp, ýerinden turup towakga bilen sorady. Emma oturan aýal onuň şol bada ýüzüni aldy. – Me, me. Sen gedaýmy, göreninden çilim sorap, me. Ol ýigit gelniň çekip oturan çilimini aldy-da, dodaklaryna ýetirdi. – Agam, bir manadyňam ýokmy? Süleýman saklandy. Elini jübüsine ýetirdi. – Adyň näme? Ol ýigit özüne uzadylan elliligi aldy. – Alik! Aman! – Ol titredi. – Men bererin saňa. Men bererin. Şol wagt oturgyçda oturan aýallary edil ýylan çakan ýaly boldy. Olar biri-birini çeýnäýjek itler ýaly çyňsaşyp, ýolmalaşyp başladylar. Alik şolara bakan topuldy. Garry aýal ýaşragyny eliniň baryndan düýtmeleýärdi. Ýaşy bolsa hiç zada üns bermän çyňsap, çakyrly çüýşäni emýärdi. Alik olary aýyrjak boldy. Garry aýal bolsa gaharyna onuňam ýüzüni dyrnaçaklap, gan-gabarçak edip, çüýşä topuldy. Kimdir biri «Milisiýa!» diýip gygyrdy. Gyrlyşjak bolup oturanlar köne-sanalaryny alyp, beýleki baga garşy sozanguýruk bolup gitdiler. Süleýmanyň ýüregi bulanyp gitdi. Ol maşyna münensoňam ep-esli wagtlap sesini çykaryp bilmedi – Gördüň dälmi? – diýip, Ýazaw gussa bilen sorady. – Nemedä-räý, aýdyp ýörmäli diýdikdä-räý. Indi özüň gördüň, gowy boldy... Süleýman başyny ýaýkady. – Gaty elhenç. Nädip beýle hala düşüp bilýärkä, adam?! Özem ýaş oglan. Ýazaw onuň sözüni tassyklaýan ýaly başyny atdy-da, çalt-çalt gürledi. – Neme-da-raý, Moskwada akademiýada öwrenip gelendä-raý. Özem, zybrym bäşlik okan. Şol ýerde, orslaň arasynda akademiýany gyzyl diplom bilen gutardy. Ýöne, däraý, gelensoň, bolmady. Daýzamy-da öldürjek şu, gelnem, özüň gördüň, heý kemi barmy? Bize namys-da-raý. Gaty uly namys. Onsoň aýdyp durmadym. Süleýman Ogulnyýazyň dirije ýananyna, onuň agşamky dört setir hatyna indi düşünip galdy. Şondan soň bu maşgala onuň gözüne öňküdenem müň esse mähriban bolup göründi. Ony Prezident apparatyna çagyran günleri hem Ogulnyýaz nahardan soň işe çykypdy. Özem birhili şadyýandy. – Men azajyk eglenäýdim. Süleýman işleri ýola goýup örşüne ýüzüni aladaly sallady. Ogulnyýaz onuň bu bolşy bilen kanagatlanmady. Edil gaşyna geçdi. – Sorabam bilmedim. – Näme boldy? Ogulnyazyň gözleri uçganaklady. – Adamym geldi. Süleýman başyny ýaýkady. – Şonuň üçin gijä galýaňmy? Gelin ýylgyrdy. – Gaýtjak bolup çykdym. Işikde otyr, pahyrjyk. – Ol gözüne ýaş aýlady. – Gözüme ynanmajak boldum. Ol däldir diýdim, hakyt şo. Süleýman gaharlandy. Onuň göz önüne hapa aýallaryň ýanynda çyrşak ellerini serip, ýüz-gözüniň zerzawly ýaralaryna sereder ýaly bolman, myrtaryny aşyryp duran adam geldi. – Şoňa begenýäňmi? Ony ýok edip kowup goýber. Ol seniň begenjiň ýekeje zerrejigine-de mynasyp däl. Ogulnyýaz bu sözlerden gark bolan ýaly, demini alyp bilmän ep-esli durdy-da. birdenem üýtgeşik aljyran, gözlerini balkyldatdy. – Hudaýyň ýazan-a. – Ol munuň bilenem kanagatlanmady. – Dünýäni dört bölende, mana şondan köp gerek däl. Ol ýüzüni tutup, öz şatlygynam, gaýgydyr gözýaşam alyp gitdi. Süleýman ýalňyşanyna soň düşündi. Agşam Ýazawa: – Ogulnyýazdan habar al, ertir-ä gijä galyp geldi, öýlänem aýtman çykyp gidiberipdir – diýdi. Ýazaw sesini çykarmady. Ol häzir samolýotdan düşüp, göni işe gelmegi ýüregine düwýärdi. Eger şu gün görmese, ol ony hiç haçan görmejek ýalydy. Onuň dideleriniň girdaby bolsa balkyldap, Süleýmany özüne çekip barýardy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |