12:03 Kyýamat-magşara çenli -5/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
Süleýman ertesi ýene-de iki öwlüýäni ýykdyrdy. Hepdäniň bäşinji güni irden ol Knutyň kabulhanasynda öz işinden göwnühoş bolup durdy. Häzir ol öz başlygyna aýtjak sözlerini içinden gaýtalaýardy. – Ýeke öwlüýä-de galmady, ýoldaş Knut! Ol içeri girdi. Ony görüp Knutyň ýüzünden kirbenke daşy asylan ýaly boldy. Ol öňünde duran adama nebsagyryjylyk bilen garady. – Eý, meniň görgüli Durdyýewim, sen nämeler bitirdiň, hä? Ol Durdyýewi gürletmedi. – Otur! «Öwlüýäleri ýykdym» diýjeksiň. Bar-da gör. Öňküňden on esse gowy jaýlar gurup goýupdyrlar ol ýerlerde... – Mümkin däl! – Mümkin, mümkin. Seniň bu gözli kör halkyňa ýagşylyk ýaraşmaz. Ol ýene batga dyzaýar. Oňa otuz ýedinji ýyl gerek. Baryny Kolimada, aýaza kakatmaly, düşündiňmi?! – Düşündim. – Düşünen bolsaň, beýleki komissiýalaryň işlerinem jemle-de, býuro material taýýarla. Her oblastdan ideologiýa boýunça obkomyň sekretaryny, raýkomyň birinjisini, kolhoz başlygyny işden aýryp, partiýadan öçürmek barada proýekt taýýarla. Kimlerdigini meniň özüm aýdaryn. Şol sapar Merkezi Komitetde uly gopgun bolupdy. Hiç kim Knutyň bu teklibini oňlamandy. Ýöne Knut dek ýatman SSKP MK-nyň bölüm müdirine çykypdy. Oňa Türkmenistanda diniň pajarlap ösýändigini, emma respublikanyň partiýa komitetiniň ýolbaşçylarynyň onuň öňüni almakdan geçen, gaýta bu işe meçew berýändigini aýdypdy. SSKP MK-dan iýul mesele boýunça ýörite komissiýa gelip dogrudan hem bu respublikada şu meseläniň özbaşyna gidendigini, subut edipdi. Knutyň öňe süren ideýasy aňryýany bilen ýerine ýetirilipdi. – Näme, ruslaryň özi metjide baranokmy? Näme, ruslar Alla ynananokmy? – diýip, işden nähak aýryldym hasap edýän sekretarlaryň biri Knutyň ýüzüni çeýnäýjek-çeýnäýjek bolup, titräp aýdypdy. – Duruber bakaly, size geljek şeýle bir «sag bolsun» aýdar. Görüňizde dik oturarsyňyz, kyýamat ahyryna çenli. – Biz basym kommunizm gurarys! Seniň ýadyňa o düşýär – diýip, Knut Süleýmana gözüni gypan bolup aýdypdy. Işden çykarylan sekretaryň gahary bokurdagyna gelipdi. Çünki indi onuň geljegi ýapykdy. Partiýadan öçürildiňmi, görüň gazyldy hasabyndady. Sekretar şonuň üçin bu ýere adalat isläp gelipdi. Adalatyň öz tarabynda däldigini duýany üçin hem ol iki tarapyny deňläpdi. Ol çep eli bilen, tirseginiň iç ýüzünden tutdy-da, ýumrugyny hem düwüp, bilegini gazap bilen aşak ýokary galgatdy. – Me, şuny gurarsyň kommunizm! Me, me! – Ol munuň bilenem oňmady. Ajysyny belli-külli pürkdi. – Türkmeniň pälwan ogullary hä diýmän ýetişer. Şolar seniň ýaly gurrumsagy öz pohuna bogup, meniň arymy alarlar. Şol günleri görmäge gözüm sag bolsun. – Ol gaharyna partiýa biletini jübüsinden çykardy-da, depesinde galgadyp-galgadyp Knutuň öňüne taşlap goýberdi. – Me, munyňam niräň gowuz bolsa şona dyk, bajyňam bir s... Knut özüni näçe pähimdar, sabyrly görkezip, rahatsyraýan görnüşde saklajak bolsa-da, soňky jümlä çydap bilmedi. – E-e-e! – diýip, barmagyny çommaltdy. Ona çenli sekretaryň kabinetde ruham galmandy. – Gör, bulary. Gördüň dälmi? Ine, biziň ikimiziň utýan tarapymyz. Iň agyryly töňňeleri köwleýäris. Ýaňky ýaly nigodýaýlary ýok edip, özüň ýaly rus terbiýesini alan oglanlary işe almaly. Sen entek jemgyýetçilik akademiýasyny bir tamamla. Tutuş oblastyň baýary bolarsyň. Süleýman begendi. Knuta öz minnetdarlygyny aýtdy. – Näçe wagtyň galdy? – Alty aýym. – Molodes. Sen akademiýada Zinger diýen professory tanaýaňmy? – Süleýman başyny ynamsyzlyk bilen atdy. Soň birden gözleri ýanyp duran äpet pyýada göz öňüne geldi. – Hawa, SSKP MK-nyň sektor müdiri dälmi? – Hawa, hawa. Ol biziň aşnadyr. Sen şony köpräk diňle. Süleýman ýene-de bäş günden akademiýa, sessiýa ugramalydygyny aýtdy. – Gaty gowy, sen oňa gowuja sowgatjyk elt. – Pul bereýinmi? – Ýok, ýok, bar, bar! Men ona näme sowgatjyk... Knut kellesini totyguşuňky ýaly bökdürip öwürdi. – Meselem, aýalyna garaköli baganajyk. Üç-dört sany gawun, nar, gelinbarmak üzum, işbil! Gör özüň. Ol ýagşylygy bilýän adamdyr. Meniň adymdan diýgin. Salam aýtdy diýgin. Süleýman minnetdar boldy. Ol Knutyň adyndan bagana palto tapdy. Merkezi Komitetden, onda-da Knutyň adyndan diýseň Aşgabadyň dellal söwdagärleri guşuň süýdi diýseňem kilolap tapjakdy. Ol bäş banka işbil diýse onusyny getirdiler. Şäheriň çakyr zawodyndan bolsa türkmen konýagyny, täze çykýan balzamy ýaşikläp öýüne eltip gaýtdylar. Süleýman Knut bilen bile işleýänine begenýärdi. Özüni bu, göwnüne, iň adalatly, iň prinsipial adamyň okuwçysy hasaplaýardy, Iň bir buýsanýan zady, onuň çekinere zady ýokdy. Bilim derejesi ýeterlikdi. Häzirem Moskwanyň iň beýik, diňe Moskwanyň däl, dünýä kommunizm gurluşygynyň iň beýik okuw ojagynda okaýardy. Gerek bolsa dünýä dilleriniň üçüsinde suwara gepleýärdi. Ýene bir begenýän zady: aýaly ýewropa eşiginde gezýärdi, toýlarda çekinmän konýak içip bilýärdi. Ogly rus mekdebinde okaýardy. Ýene bir begenýän zady: ogluny sünnet etdirmändi. Hiç kim onuň ýüzüne garap, «Bar, öz ogluňy oňar diýip biljek däldi. Ýene bir begenýän zady: öýünde garrysy ýokdy, köneçe jaýladyň diýer ýaly. Geljekde «Seniň ol kemiň bar» diýiljek bahanasy ýokdy. Geljek Süleýmanyňkydy. Süleýman özüni obkomyň birinjisiniň, soňra sekretaryň biriniň ýerinde görýärdi. Wagt bolsa uzakdy. Kommunizme çenli... Kommunistik partiýa gowudan-gowy ýolbaşçylar gerekdi. Özüni partiýanyň Merkezi Komitetiniň başynda durmaga ol şu wagtdan taýýarlaýardy. Şonuň üçin ol Knut öl diýse ölmäge taýýardy. Knut Süleýmanyň özüne juda wepalydygyny baryp goňşy ýurtlaryň ilçihanasyna bir gezek sapara gidende aňypdy. Bile işleşen üç ýylynda bolsa ony synap-synap, çyny bilen göwni ýetipdi. Ony dogrudanam, öz şägirdi hasaplaýardy. Onuň bilen pikirini çekinmän bölüşýärdi. – Sluşaý, sen nähili pikir edýäň, heý, türkmen diliniň manysy barmy? Düýn günortan aýdýan bagşylary ýörite diňledim. Nu, näme, sen gaty görme, men-ä ýaman utandym, ýaman utandym. Ne olarda ritm bar, ne olarda muzyka bar, ne olarda kultura bar. Olar-how, üýrüp duran ite, «ýit, ýok bol» diýýän ýaly. Sluşaý, bizem olara halk diýip ýörüs. Bolmaz-a. Onsoňam näme üçin Sahy Jepbarow «Gözelim» diýip aýdýar-a. Şonuň bir küpletini rus dilinde aýtmaly ahyryn. Rus dilinde aýdylsa, tutuş SSSR diňlejeg-ä. Rus dili Sowet Soýuzynyň dil-ä. Ýogsa, özleri aýdýarlar, özleri goýýarlar. Sluşaý, ol sögünçmi, gargyşmy, biler ily däl. Sen meniň adymdan Teleradiokomitetiň başlygyna aýt. Rus dilinde bir küplet aýtmasalar, woobşe, bir bagşynam aýtdyrmasynlar. Onsoňam, türkmen orta mekdeplerde rus dilini okadylmagynyň iki esse köpelder ýaly, maňa zapiska taýýarlasynlar, aýt ministrine. Knut, gaty ýatkeş adamdy. Onuň mesaýy gürrüňçilikde aýdan tekliplerini ýene bir ýyldan sorasaňam aýdyp bilýärdi. Iň erbet ýerem, ol şol aýdan tekliplerini ýene bir ýyldan sorap, näme netije gelnendigini talap edip bilýärdi. Ol sünnet zerarly, ene –atasyna jynaza okadyp jaýladanlygy zerarly, daşary ýurtlarda garyndaşlarynyň barlygyny ýaşyrandygy zerarly, raýonlarda öwlüýäleri ýykyp ýok etmändigi zerarly partiýadan öçürdip, işden güm eden kadrlarynyň adyny, familiýasyny ukudan oýaryp sorasaňam ýatdan bilýärdi. Özem, özem, olar bir-iki däldi. Onlarçady. Şonuň üçin Süleýman bu adamyň aýdanlaryny daşa ýazan ýaly edip ýazyp alýardy-da, sosial işi ýerine ýetirmeli ministrlikleriň, komitetleriň ýolbaşçylarynyň iki aýagyny bir gonja sokýardy. – Jan inim, düşün, heý, Sahy Jepbaryň «Gözeliminiň» yzyna orsça küplet goşduryp aýtdyryp bolarmy? Ol diri diýeli. Magtymguly Garlyýewiň aýdymlaryny nädeýli?! – diýip, Teleradiokomitetiň başlygy zeýir-zeýir edip jaň edýärdi. Süleýman bu meseläni çözübem, oňa galtaşyp hem bilýän adam däldi. Şonda-da ol meseläni özi goýan ýaly gürleşýärdi. – Bolar, sluşaýte, işläň, birneme janyňyzy emgendirseňiz bolar. Ýogsam, indi ýüz ýyl bäri dutarda, gyjakda oýnap aýdym aýdýarsyňyz. Oňa ne ors düşýär, ne-de beýleki doganlyk halklar. Size ýagşylyk, ediljek bolunýar. Rus diline dünýä düşünýär, siziň aýdymyňyza, onsoň dünýä düşüner. Emma häzir oňa özüňizden başga hiç kim düşünenok. Dogrusyny diýsem, türkmenleriň özi düşünenok şol aýdymlara, dogry dälmi?.. Komitetiň başlygy nätsin? «Hawa-la» diýen bolup, ýene-de öz gününe aglaýardy. – Jan dogan, men-ä arzamy berip işden gidäýmesem, kelebiň ujuny ýitirendirin. Näme diýjegimi bilýän däldirin. Hiç kelläme getirip bilemok, «Ak ýüzli Maralymyň» soňunda bir küpletiniň orsça aýdyljagyna. – Süleýman gazabyna tutýardy. – Siz «kelebiň ujuny azrak ýitiriň-de», köpräk işläň. Ertir günortan hiç bolmanda, iki aýdymyň soňy rus dilinde aýdylmasa, arzaňy saňa özümiz ýazdyrarys... – Hä, näme, hä, düşnükli! «Iki aýdym» diýdiňizmi? Hany, göreli... Telewideniýe, radiokomitet oda galypdy. Ýaş, başyny iki daşyň arasyna goýsaňam baş alyp çykyp bilýän bagşylar radio çagyrylypdy. Jan doganlar, beýtmäň, ýokardan gelen buýruk. Gaýrat ediň, heriňiz aýdymyňyzyň soňunda ýekeje bendini orsça aýdyň... Gülmäň, jan doganlar, gülmäň Komitetiň başlygynyň bu teklibi kime gülki bolup eşidildi. Kimiň oňa gahary geldi. Kim; «Aý bir bendin-ä orsça däl, iňlisçe-de aýtsa bor-la» diýdi. Garaz, ertir radioda azyndan bäş aýdym, rus dilindäki aýdylyşy bilen taýýar bolmaly edildi. Ýöne, iň erbet ýeri, türkmen aýdymynyň soňuny rusça aýtmaly dutarly bagşylaryň ählisi ertesi ýorgan-düşekli hassa bolup çykdy. Süleýman berlen buýrugyň näderejede ýerine ýetirilendigini bilmek üçin bagryny berip radio diňledi. Ol «Baýram Hudaýnazarowyň «Gel obamyň lälesi» aýdymynyň Myrat Diwanaýew aýdanda, Weli Muhadowyň «Toý aýdymyny» Roza Töräýewa aýdanda, şonuň soňky bendiniň rusça aýdylyşyny edil hüwdi diňlän ýaly, begendi. Bu wakany Knuta buşluk habary bar ýaly edip aýdanda: «Nu, k çýortu!» diýip, onuň elini silkip goýbermesinden, başgarak ýerde nähilidir bir gürrüňiň bolanyny aňdy. – Men onda radiokomitete aýtjagam däl. – Aýtdym-a, nätseler şeýtsinler diýip. Knut aýdymly meseläni alyp çykyp bilmese-de, türkmen mekdeplerinde rus diliniň okaldylyşy baradaky meseläni welin daş etdi. Türkmen mekdeplerinde rus dili iki esse güýçlendi, tersine, rus mekdeplerinde türkmen diliniň okadylyşy ýarymyna çenli azaldyldy. * * * Süleýman Durdyýew Moskwa gelenden soň Zinger bilen telefon arkaly gürleşdi. Türkmenistandan gelendigini oňa Knutyň salam iberendigini, eger mümkin bolsa, duşuşmak hyýalynyň bardygyny aýtdy. Zinger Türkmenistandaky ýagdaýy, Knutyň işini, maşgala ýagdaýyny sorag-ideg edişdiren boldy. Iberen salamyny kabul etdi. Ahyram näme üçin duşuşjak bolandygy bilen gyzyklandy. – Men birazajyk sowgat getirdim. Şony gowşuraýjakdym. – Aňyrdan: «A-a, eto horoşo» diýen hoşamaý ses eşidilip başlandy. – Onsoňam, siziň dostuňyz sizi juda öwdi. «Şony köpräk diňle, şondan maslahat al» diýdi. – A-a-a! – diýip, Zinger eýýäm başga perdeden gopdy. – Agşam gel, sagat sekizden soň men öýde bolaryn – diýdi. Adresini aýtdy. Süleýman bu adamy gyzykdyrmak üçin: – Ýoldaş professor, meniň ýüküm agyrrak, siz meni aşakda garşylasaňyz oňat bolardy – diýip goýberdi. Dogrudan hem Süleýmanň ýüki ep-eslije bardy. Bir ýaşik içgi, bir halta gawun, bir ýaşik gowy üzüm, bir ýaşik nar, palto, konfet, işbil... Bu sowgatlary görüp, Zingeriň tas ýüregi ýarylypdy. Onuň ýaşajyk aýaly bolsa garaköli baganany görenden Süleýmany iki sapar ogşady. Soňam stoluň üstüni dürli-dümen iýmitden tümmekledi. – Siz akademiýanyň umumy ýaşaýyş janyna gitmersiňiz! – diýip, pert-pert aýtdy. Iýlip-içilenden soň, Zingeriň dili has hem açyldy. Ol ösen sosializm barada, kommunizmiň prinsipleri barada leksiýa tutdurýardy. – Görýäňmi, bizde nähili gowy! Biz çagalar kommunizmni eýýäm gurduk. Aýt, çagalaryň iýmäge zarmy, geýmäge zarmy? Islänini iýýärler, islänini geýýärler. Işlanoklar, diňe talap edýärler. Mekdep, wideo, telewizor, şeýle dälmi?! – Hawa-la – diýip, Süleýman öz ogluny göz önüne getirip, iki elläp mugallymyny tassyklady. – Indi näme galdy!? – Indi uly adamlaryň ýagdaýyny gowulandyrmaly. Munuň üçin «Azyk programmasynyň» ýerine ýetirilmegini gazanmaly. Partiýa bu mesele üçin trillionlap pul harçlar. Emma, aşakdan reakisýa ýok, reaksiýa. ene-atalar «çagalar kommunizmine» ymsynyp, elini işden sowatdylar, düşündiňmi? Süleýman şu öýe geleli bäri bir zada haýran galdy. Knut bilen Zinger bir almany bölen ýaly, şeýle meňzeşdi. Gepläp oturan Knut ýalydy. Zingeriň gelni üzümiň suwy kimin owadandy. Ol ýüpek haladyň içide, ýarym-ýalanaç halyna, girip-çykyp, içginiň humary başyna ornap ugran Süleýmanyň duýgularyna meçew berýärdi. Süleýman oňa şunça seretmejek bolsa-da, ol aýalyň özi Süleýmany gözi bilen iýip-içip barýardy. Şonuň üçin Süleýman özüni Knutyň, ýok, professoryň «leksiýasyny» dykgat bilen diňleýän edip görkezjek bolsa-da, hiç bolanokdy. Bu ýagdaý uzaga gitse işiň bulaşaýmagy-da mümkindi. Şonuň üçin ol Knut ikisine ýakyn sowal bilen Zingeriň gürrüňini böldi. – Georgiý Adlerowiç, biziň ykbalymyz nähili bolmaly? Biz – milli azlyk respublikalar geljekde nähili ösmeli? Meselem, biz-ä kommunizm gurýarys, ösen sosializm, emma tire-taýpa meselesi galanok. Adamlar, sähel ýol berseň dini urp-adatlara eňip barýar. Zinger SSKP MK-da milli mesele bilen baglanyşykly sektory alyp baransoň, bu mesele ona juda ýakyndy. Ýöne, ol özüni diňländen aýalyna garanyny gowy gören bu ýigide öz syryny ynanyp boljagy-bolmajagy barada oýlanýardy. SSKP MK-da gizlinden-gizlin alnyp barylýan syýasaty ol jemgyýetçilik ylymlar akademiýasynyň leksiýalarynda ýüzleý, emma şeýle ýeserlik bilen beýan edip bilýärdi. Onuň pikriçe, bu akademiýany tamamlanlar ömürbaky, on iki süňňüne çenli kommunistik partiýanyň adamlary bolup galýardylar. Olary işden aýyp, islendik işe goý, ýöne, barybir, olar partiýa ikilik edip bilmeýärdiler. Iň esasy zat bolsa, olar özleri bilen SSKP MK-nyň gizlin milli syýasatyny alyp gidýärdiler. Zinger şoňa begenýärdi. Onuň garaýşyça, milli mesele esasy meseledi. Merkezi Komitetiň ýolbaşçylygy ahyrda-owalda bir zatdan, ol hem milli meseläniň bir gün wulkan bolup atylaryndan gorkýardy. Şol otly wulkanyň edilen işleriň baryny weýran edip taşlajagy ikuçsyzdy. Şonuň üçin täzeçe işlenen milli syýasat zerurdy. Şol milli partlaýşyň bolmazlygy üçin ähli ryçaglardan peýdalanmalydy. Zinger bu meseläniň üstünde indi otuz ýyl bäri işleýärdi. Onuň kandidatdyk işiniň temasy «Häzirki zaman we milli syýasatyň käbir meseleleridi». Soňra ol «Milli mesele we ykdysadyýet» diýen temada doktorlyk işini gorapdy. Ol şu işde bir zada göz ýetiripdi. Ykdysadyýeti milli meseläniň açary edip ulanmalydy. Esasan hem Orta Aziýa, Zakawkazýe, Pribaltika respublikalarynyň ykdysadyýetini merkeziň elinde saklamalydy. Şol wulkan tutaşyp ugrandan, ykdysady açaryň güýji bilen olaryň bokurdagyny gulplamalydy. «Öldüm-öldüm» diýende olaryň bokurdagyna pamyk bilen suw damdyryp, başyny sypalap, «wah, şeýle bolaýdymy?» diýmelidi. Milli azlyklaryň mineral, energiýa, çig mal potensiallary hiç haçan olaryň öz elinde bolmaly däldi. Olaryň baýlygyny, ondan gelýän girdejiýi näçe gizlin saklap bolsa, şonça bähbitlidi. Esasan hem, ol ressublikany bu respublika bakna etmelidi. Mysal üçin, Aşgabadyň zawodyny bir önüm ýasatmak üçin iki ýüz şähere baglap goýmalydy. Şeýle, möýüň kerebi ýaly jadyly baglanyşyk şol otly wulkanyň öňüni alyp biljekdi. Zinger özüniň milli syýasat baradaky doktrinasynda ýene-de bir uly meseläni açypdy. Olam kadr meselesidi. Otuzynjy ýyllarda rewolýusiýanyň göwsünden emip, adam bolup, il sanyna goşulan ýerli kadrlar döwlet maşynynyň başyna geçipdiler. Olar bada-bat jebisleşip, milli özbaşdaklyk ugrunda çykyş edip başlapdylar diýip berk ynanýardy. Meselem, olar milli dil döwlet dili bolmaly; ýerli milletden bolanlara uly hukuk bermeli; milli dili bilmeýänlere wezipe bermeli däl; döwlet dilini bilmeýänleri respublikada ýaşatmaly däl diýen ýaly berk talaby öňe sürüpdiler. Olar Merkezden iberilýän kadrlara gulak asman, olary äsgermän, öz aralarynda öýke-kine saklan bolup, etjeklerini edýärdiler. Köp respublikalarda bolsa «Respublikan milli azat ediş guramasy» döredilip, oňa-da respublikanyň ýolbaşçysy gös-göni ýolbaşçylyk edipdir. Ýöne bu ýagdaýy Stalin duýupdyr. Zinger Stalini öler ýaly ýigrenýärdi. Ýöne onuň bu duýgularyny halaýardy. «Ol şonda duýmadyk bolsa, 30 million başbozary zyndanda basdyryp, ýedi million başbozary atdyrmadyk bolsa, onda Sowet Soýuzy bir wagt dargamalydy» diýip, howsala bilen oýlanýardy. Soň bäş ýyllyk uruş, soň ýene-de 7 – 8 ýyllyk dikeldiş etaby adamlaryň aňyna milli jebislik ideýasyny salmandy. Emma Stalin ölenden soň bu mesele ýene-de örboýuna galypdy. Ine, şonda Zinger SSKP MK-a gerek bolupdy. Onuň milli syýasat ideologiýasyna eýe tapylypdy. Zinger ol doktrinasynda iki meseläni öňe sürýärdi: «1. Tireleri tirä garşy goýmaly. 2. Milli azlygyň dilini döwlet dili etmäge ýol bermeli däl. 3. Kadr meselesini çözýän ýolbaşçyny başga (esasan rus) milletinden goýmaly.» Bary, tamam. Zinger häzirem aýalyna agzynyň suwuny akdyryp seredip, özüni diňleýänsiräp bolup oturan bu ýigidi tanaýşyndan Türkmenistanyň kadrlaryny gowy tanaýardy. Haýsy kadryň niräni tamamlanyny, haýsy oblastdan, haýsy tiredendigini ýagşy bilýärdi. Ol bu ýigidiň sowalyna jogap bermedi. Ýöne, aýtjak zatlarynyň ýele sowrulmagyny-da islemeýärdi. Ýöne, bu ýigidiň «Zinger şeý diýdi» diýip ýaňrap ýörmeginem islänokdy. Ol konýak çüýşesine el uzatdy. Süleýman özüne gelen ýaly boldy. Onuň kellesinde häzir «Beh, bu geliniň owadanlygyny-aý» diýen pikirden başga duýgy ýokdy. «Öz-ä garry, bu professoryň. Näme üçin beýle ýaş aýal aldyka?!» – Hany, bir rýumka götereli! – diýip, garşysyndaky, heniz syýasatda gözi bagly «güjüjegiň» içki pikirini okap oturan professor ýaýbaňja rýumkalary dolduryp konýak guýdy-da içip goýberdi. Süleýman onuň yzyny eýerdi. Professor rýumkalary ýene-de doldurdy. Ýöne öňüne çekse-de ony içmedi. – Tire-taýpa, din galanok diýýäň Süleýman, galmaz. – Ol gözlerini ýumjukladyp Süleýmana garady. Şonda Knuta öňküdenem berk meňzedi. Süleýman «Şula Knutyň özi bolaýmasyn» diýibem oýlandy. – Bagyşla, sen özüň nireden, haýsy tireden? Süleýman egnini gysdy. – Bilemok men-ä şony! Professor gözlerini mölertdi-de: «Haramzada, heý, tiresini bilmezem bir türkmen bolarmy? At oýnadýar. Meni oýnajak bolýar» diýip oýlandy-da, başga ugurdan gopdy. – Ana, sen bilenok. A beýlekiler, baý, bilýär-ä. Sizde esasy häkimiýet kimiň elinde, çärjewlileriň elinde. Sebäbi häzir Çärjewiň wekili birinji sekretar. Öň kimiň elindedi? Sebäbi aşgabatlylaryň, daşhowuzlylaryň elindedi. Emma ahallylar akmak halk däl-ä. Olardan ýetişen kadr az däl-ä. Ýene, näme üçin ministrleriň köpüsi, raýkompartiýalaryň, şäherkompartiýalaryň birinjisi hökman çärjewli bolmaly? Näme üçin ahally bolmaly däl? Respublikada iň kösenýäni sizinkiler, ýagny, ahallylar. Olaryň çykmaly kürsüsini bir görseň çärjewli aljak bolsa, ýene birki ýyldan daşhowuzlylar aljak bolsa, ýene-de birki ýyldan marylylar aljak bolsa, olar hiç haçanam lider bolmaýar. Ine, siz ilki bilen şuny öz oglanlaryňyza berk düşündirmeli. Aşgabat obkomynyň sekretary kim – çärjewli. Aşgabat şäherkomynyň birinji sekretary kim – çelekenli. Aşgabat raýkomynyň birinji sekretary kim – çärjewli. Ine, sizi iň soňunda heläkçilige getirjek zat. Näme üçin ahally tekäňi Çärjew obkomyna birinji sekretar edip bolaýanok? Sen meni gowy diňle, tire taýpa kemsidilmesine garşy barlyşyksyz göreş SSKP MK-nyň milli syýasatynyň esasy gowgaly işi. Ýöne biz «Siz, ahallylar, öz ýurduňyzy daşhowuzlylara, marylylara, ýa çärjewlilere, ýa-da günbatarly ýomutlara bermäň» diýip aýdyp bilemzok. SSKP MK-nyň syýasaty: Türkmenistanda kyrk iki tire barmy, kyrk ikisi-de döwleti edara etmäge deň gatnaşmaly. Han, bize gulak asan barmy? Özüň ýaly, akylly, sowatly ýigit barka, näme üçin başga tireden adam getirip obkomda oturtmaly... Süleýman Knutyň bu adamy ýöne ýere sylamaýanyna düşündi. «Bu adam, Moskwada oturan ýerinden ýerli ýagdaýy bizdenem gowy bilýän ekeni. Dogrudanam, şu professoryň aýdyşy ýaly, bizde kim döwletiň başynda otursa, şol derrew özüniňkileri çekýär. Ýene-de Knut mert, şol olara garşy göreşýär. Professor aýtsa-aýtmasa-da, men haýsy sekretardan ýa-da ministrden kem? Näme üçin meni ýokary çekenoklar... Professor garşysyndaky ýigidiň aýalyndan ünsüni sowanyna anyk göz ýetirdi. «Ol aýjynam» aziýaly görse üstüne böküp dur. Eýýäm şuňa-da suwy gitdi. Bu gözi açydmadyk «güjüjegi» bu gije öýde galdyryp bolmaz. Men ertir irden işe gitmeli. Ol ýelöwser hem öýde. Bu ýigit hem bir ýataýsa sagat ona çenli turjak gümany ýok. Ýok, ýok, ony öýde galdyryp bolmaz...» Süleýmanyň gözi, açylan ýady bolupdy. Ol özüni hary-zar eden adamlaryň haýsy tiredendigini seljerjek bolýardy. «Aşgabada bir baraýyn. Men, baý, göreşerin-ä. Sag bol, professor, gözümi açdyň...» Süleýman bu professoryň gürrüňleşýän türkmenlerininň ählisine şeýdip ot berip goýberýändigini bilenokdy. Ol daşhowuzly ýigide «Sen ösmeli, emma marylylar şol ýerde otursa, saňa ösme ýok» diýse. Çärjew oblastyndan geleni «Sen daşhowuzlylardan habardar bol» diýýärdi. Mary oblastynyň ýolbaşçylaryny ahallylara garşy öjükdirýärdi, Günbatar obdastynyň ýolbaşçylaryny Mara garşy öjükdirýärdi. Bu professoryň ýagyrnydan otlamagy ýerinede düşýärdi. Çünki, häzir respublikanyň, onuň oblastlarynyň, ministrliklerdir wedemostlarynyň könüsiniň ýolbaşçysy bu professoryn okuwçylarydy. Bu professor akademiýada-da, SSKP MK-da-da ýeke däldi. Onuň ýuha çykan mugallymlary, aždarha çykan şägirtleri hem bardy. – Siz ýene-de bir zada üns beriň – diýip, hyrçyny dişläp, çuňňur oýa batyp oturan myhmanyň rýumkasyna doly rýumkasyny çakyşdyrdy-da, professor diýseň wajypsyrap söze başlady. Soň doly rýumkany tylla dişleriniň arasyna eňterip goýberdi-de, çommaldan barmagyna seredip gürläp başlady. – Sen geljekde respublikanyň eýesi boljak adam. Onuň üçin şuny pugta bil. Respublikada rus diline rus medeniýetine, garyşyk nikalylygyna juda üns ber. Seniň duşmanyň: «Türkmen dilini ösdürmeli!» diýýänler bolmaly. Ýatda sakla: otuz ýedinji ýyly halkyň boýnuna kim saldy?! – Stalin! – Ýoo-ok, Staliniň ýerine senem, menem bolsam şeýle etmeli bolardyk. Sebäbi munuň özi taryhy hökmanylyk. Ony Wladimir Iliç Leniniň özi salgy beripdi. Ýöne, şol belany halkyň başyna salanlar, belle, milln syýasaty goranlar boldy. «Öz dilim, öz halkym, öz respublikam, öz döwletim öz partiýam!» Ine, olar şeýdibem halkyň başyma ýetdiler. Olar kimler: Atabaýew, Atakow, Osmanhojaýew we başgalar. Atabaýew kim – Ahala ot ýakdyrmadyk uly hanyň ogly. Aýtakow kim – ähli ýomutlary ýumrugynda saklan baýyň ogly. Osmanhojaýew kim – arkaba arka gelýän özbek hanlarynyň neberesi. Olara milli dilem, milli özbaşdaklygam, milli döwletem, milli respublika-da derkar däl. Olara hanlyk gerek. Höküm sürmek olaryň ganynda bar... – Şolaryň hem maşgalalary ors halkyndan bolupdyr-a. – Dogry, olar göz üçin edýärler. Stalini, BK (b) P MK-ny aldamak üçin edýärler. Ertir han bolsalar, olaryň hersi elli sany on bäş ýaşly türkmen, özbek gyzyny alyp bilýär. Giden haremhana açmaýarlarmy olar... – Bä-ä! – Haw-wa, ýagdaýlar şeýle. Syýasatyň daşyndan ysgaman, onuň içine boýuň bilen girmeli. Batyrgaý bolmaly, batyrgaý! Professor ýerinden turdy. – Süleýman Durdyýewiç, wagtam giç boldy. Siziň barmaly ýeriňizem ep-eslije bardyr. Maşyn çagyrdaýynmy? «Bu gije professoryňkyda ýatyp, ertir irden onuň ýaşajyk gelni bilen wadalaşaryn» diýip, arkaýyn bolup oturan Süleýman aljyrady. – Ýok, ýok, maşyny özüm taparyn. Dogrudanam, kän oturdym. Edil, bir uniwersitet gutaran ýaly boldum, ýoldaş professor. Professor onuň gulagyna ýuwaşja çawuş çakdy. – Demiň içiňde bolsun. Gerejigiňi al, gerekmejegini, näçe gymmat geçse-de, satma. Öz ýanjagazyň-da goýaý. Süleýman professor bilen hoşlaşyp akademiýa gaýdansoňam, Aşgabada gelensoňam, bu adamyň sözüniň yrýasynyň ýokdugyna düşünipdi. Ol professoryň wesetleri, Knutyň talaply buýruklary bilen hyruç edip işläp başlapdy. Emma... * * * Üýtgedip gurmagyň bady respublikanyň önki ýolaşçylaryny ýelgamak ýaly uçuryp goýberensoň, TKP MK-da iş düýbünden başgaça gidip başlapdy. Moskwadan her gün täze görkezme gelýärdi. SSKP MK respublikanyň öňki ýolbaşçylarynyň ählisini garalap, partiýa hataryndan öçürmegi talap edýärdi. SSKP MK-nyň ýörite wekili respublikanyň işlerini ilik-düwme edip elinde oýnaýardy. Knut bu syýsaty jan-jigeri bilen goldaýardy. Emma onuň paltasy soňky wagtlarda daşa köp degýärdi. Ol Süleýmanyň ýolbaşçylygynda Daşhowuz oblastynyň partiýa guramalarynda arassalaýyş geçirmegiň materialyny, kimi partiýadan öçürmelidiginiň spisogy bilen TKP MK-nyň Býurosyna beripdi. Şeýle materiallar beýleki oblastlar boýunça-da taýýarlanypdy. Knutyň hasaby boýunça müňden gowrak adam partiýa hataryndan öçürilip, işden kowulmalydy. Köpüsiniň üstünden iş gozgalmalydy. Özbegistanda, beýleki respublikalarda bu proses uly üstünlik bilen dowam edýärdi. Türkmenistandaky beýle sowuk-salalyga Knutyň jany ýanýardy. Emma täze gelen birinji sekretar onuň, diňe bir onuňam däl, ikinji sekretaryňam elini-aýagyny baglaýardy. – Howlukmak gerek däl. Knut, sen halkyň başyna otuz ýedinji ýyly saljak bolýaň. Ýok, dorogoý, seniň onyň bolanok. Biz, ikimiz bäş ýyl işläris, on ýyl işläris, soň gideris. Halk bolsa galar. Soň taryhy, halk bu günleri derňär-ä. Şonda näme jogap berersiň?! Günäsi bolsa, han-ha, adalatly sud, çäre görsün. Günäsi bolmasa, işlesinler. Biz Özbegistanyň ýoly bilenem gitmeris, beýleki ýeriňem. Öz ýolumyz bolar, şonuň bilen gideris! Adamlaryň günäsini boýnuna goýman, olary beýle-beýle spisoklar bilen ýok etjek bolmaň-da, öz işiňiz bilen boluň... – Malçişka! – diýip, Knut kimedir birine dişlerini gyjyrdadyp azm urýardy. Wagt geler, sen entejik duruber, girdaba düşersiň. Onuň geljekden tamasy uludy. Ol kommunizmiň çalgysy bilen bujagaz «haşal otlaryň». köküniň garçyldadyp-garçyldadyp kesiljegine çyny bilen ynanýardy. Ol özüne wepadar adamlary agtarýardy. Emma Süleýmandan özge ýarany galmandy. Onuň bir dosty bardy. Özlerem saçakly gatnaşýardylar. Ol şol dostuny Aşgabadyň golaýyndaky raýonlaryň birine birinji edip goýdurypdy. Birinji edilen ýagşylygyň gadyryny bilýärdi. Knuty hiç zatdan hor edenokdy. Raýona barýan del harytlardan hem Knutyň paýy kem edilenokdy. Onuň çagalarynyň geýjek geýimine çenli şol raýondan gelýärdi. Knut ol sekretary goldajakdy. Ýöne ol sekretar bir oturylyşykda «Men edilen ýagşylygyň öwezini gaýtarýandyryn» diýen ýaly bir söz aýdypdy. Bu söz Knutyň ýüreginden çykanokdy. Ol şol arada zähmet rugsadyna gitmeli boldy. – Sen-how, «Ýagşylygy ýerine salmagy başarýandyryn» diýýärdiň-le. Men dynç almaga gidýän. Hany, gaýratyny görkez! – diýip, dostuna jaň edipdi. Dosty ertesi gelipdi. Ýöne Knut ikinjiniň ýanyndady. Ol gelende sekretar gelin oňa paket gowşurdy. – Bu näme? – Pylan Pylanowiç, garaşdy, garaşdy-da, goýup gitdi. Knutyň ýüzi boz-ýaz boldy. Ol kabinetine girip, puly sanady. Birdenem ony erbet gorky gaplap aldy: «Haramzada, bar getireniňem, müňden sähel geçýän pulmy? Onam getirip meniň sekretarşama berýäňmi? Nejis. Sen meniň ýoguma ýanjaksyň welin, dur bakaly sen...» Ol şol paketi MK-nyň ikinji sekretarynyň öňünde goýdy. – Maňa para hödürleýär. Ol birinji sekretary şol gün işinden güm etdirdi. Ol şeýdip, ýene-de bir wepadar dostuny ýitirdi. Indi Süleýman galypdy. Olam türkmendi. Ol hiç haçan bu «basmaçy» kowmundan bolan türkmene ynanyp, onuň ýüpüne odun goýup biljek däldi. Ol Süleýmanyň işinden hem kemçilik tapdy. Oblast ýolbaşçylarynyň meselesi býuro taýýarlananda olaryň meselesini çuňňur öwrenmänsiň, çiglik goýberipsiň diýip işe baran badyna ony aýy çeýnän ýaly edip çeýnedi. – Sen ol adamlaryň delosyny ýagşy öwrenmän, nädip býuro hödürläp bilýäň? Çiglik goýberýän-ä sen, kötek iýýänem men. Häziriň özünde otur-da, «Şeýle-şeýle kemçilik goýberipdirin, indi goýbermen» diýip düşündiriş ýaz... Süleýman özünde günä görenokdy. Sebäbi görkezme berip, gören, edilen işi barlap, «bolýar» diýip, Býuro aly giden Knutyň özüdi. Süleýman ýumuş oglanydy. Ol düşündirişi gysgaça ýazdy-da, aşagyna goluny goýdy. Öýlän işe gelende Knut oňa oblast kitap palatasyna direktorlygy teklip edipdi. * * * Oblast kitap palatasynyň işi beýle bir kyn däldi. Bu ýerde işleýän on dokuz aýal oblast möçberindeki gazet-žurnallary registrasiýadan geçirip, olarda çap edilen materiallaryň adyny, manysyny ýörite aýlyk ýygyndy edip çykarýardy. Ondan başga-da oblastyň statistik uprawleniýesi, çaphana bilen, respublikan kitaphanalar, metodik merkezler bilen iş salşylýardy. Aýallar Süleýmana işiň agramyny ýetirenokdylar. Aýlygy gowudy. Aýagynyň astynda şaglap duran maşyny bardy. Günortan öýüne gidýärdi. Keýpi kökdi. Ol şu ýerde işleýän aýallaryň ählisiniň ýetip bilmeýän adamsy. Onsoň näme gerek saňa?! Ýöne Süleýmanyň öýkesi bardy. Ol özüne kast edilen hasap edýärdi. «Men nähili adam?!» diýýärdi. «Meni har etdiler» diýýärdi. Ol bir öwrümde respublikanyň ýolbaşçylaryna gahar etse, bir öwrümde Knuta agzyna gelenini aýdýardy. Geçen ýyl ýörite magazinden on müňlerçe manatlyk zady alyp beýlesine basany, özüni salyhatsyz alyp barany üçin Knut partiýadan çykarylyp, işdenem kowluldy. Süleýman muňa begenmedi. «Sen şonuň şägirdi» diýip, yzyndan gelnäýjek ýaly boldy durdy. Ýöne hiç kim gelmedi. Ol şoňa-da şükür etdi. Ýöne Süleýmanan garaşýardy. Ol özüni har eden adamlaryň masgara bolup, apparatdan kowularyna garşýardy. Ol şonuň üçin «Jebisligi» jany bilen goldaýardy. «Jebisligiň» ilki başda halka ýakynlygyna gijeler ýatman begenipdi. Kergulynyň sag goly bolupdy. Bu toparyň göterýän her bir meselesiniň oýlanyşykly bolmagyny gazanmaga çalyşýardy. Ýene edil iş ugruna baryberenokdy. – Häkimiýetden öňürtilemek gerek. Biz gijä galýarys – diýip, ol dişini çarhlaýardy. – Ähli ýerde öz zwenomyzy döretmeli. Oblastlaryň ählisinde kuwwatly guramamyz bolmaly – diýip, şunça käkelese-de onuň diýeni bolanokdy. Tersine, öň agzybir bolup göreşeliň diýen oglanlar hem lebizlerinden dänip durdy. «Jebisligiň» ähli ynamy Prezident saýlawyna baglanyldy. Ýöne saýlawam olaryň tutan guşuny ütüp goýberdi. Indi «Jebisligiň» ähli programmasy gülki bolup galypdy. Täze Prezident halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak barada «Jebisligiň» ýadyna-oýuna düşmejek meseleleri öňe sürýärdi. Süleýmanyň içiniň ýanýan ýeri «Jebisligiň» masgara bolmagy däldi, onuň özüniň ynamynyň puç bolmagydy. Ýöne ol «Jebisligiň» kömrüniň tükenip, sähelçejik belentlige-de çykyp bilmän, gaýta yzyna güpürdäp barýandygyny bilmediksirän bolýardy. Sebäbi aýaly, ogly Kergulynyň bir ýerlerden «gylyç parladyp çykarys» diýenine ynanýardylar. Arak-şerabyň başynda «Jebisligiň» işini täzeden dikeltmek barada agyz köpürjikledip gürrüň hem edilýärdi. Ýöne, Süleýmanyň düşünişiçe, olaryň bary salgymdy. Ol agyr oýa batyp oturşyna işigi kimdir biriniň açanyny görüp, tisginip gitdi. Ýüregi larkyldap başlady. – Senem! Senem aý ýaly bolup içeri girdi. Ol gözlerine ynanmajak boldy. – Waý, Süleýman Durdyýewiç, mähriban garaňky ýerde gama batyp, nädip otyrsyňyz? Yşygy ýakaýynmy? Senem yşygy ýakdy-da, soň öçürdi. Ýuwaşja basybam, Süleýmanyň arkasyndan gujaklady-da, onuň saçyndan, ýaňaklaryndan öpdi. Ol bagtlydy. Häzir bagtlylykdan ýaňa uçasy gelýärdi. – Gyzlar gaýdýançalar zordan çydadym. Ýanyňa uçup gaýdyberesim gelip dur. – Ol goluny Süleýmanyň boýnundan saldy. – Eý, Hudaý, men, şu wagta çenli nädip ýaşadymkam?! Indi sensiz öýe-de gaýdasym gelenok. Ol içeri maňa zyndan bolar. Süleýmanyň ýadyna birden Ogulnyýaz düşi. Ol misli ol gelin özüne garap, bu bolup oturyşlaryna ejap edýän ýaly duýuldy. Süleýman Senemiň ot ýaly aýasyny boýnundan aýyrdy. – Gyzlar gaýdýança diýip, sagat näçe bolup ýör? Senem onuň garşysyna geçdi-de, yşygy ýakdy. – Buw, sagat ýedi bolup barýar-a, gaýdanokmy? Süleýman boýnuny sallady. Ýüregi bulanýanyňky ýaly, ýüzüni turşutdy-da, Seneme naýynjar garady. – Mähriban, sen ýaňy gaty gowy aýtdyň, «Öý maňa zyndan, aýagym çekenok» diýip. Menem şeýle. Senemiň gözleri ýandy. – Ýok. Senem, seniňki başga, meniňki başga. Sen söýýäň, indi seniň söýgüsiz ýaşasyň gelenok. Sen bagtyň gyrajygyndan jykladyň. Şol bagty damjalap, ýalaman başyňa çekesiň gelýär. – Wah! – Senemiň gözleri uçganaklady. Çyranyň yşygy şol uçganagy million sany çyraza öwrüp, kabinetiň içine sepeledi. – Seniňki näme üçin başga?! Süleýman lapykeçlik bilen başyny ýaýkady. – Otursan-a, aýak üstünde durmasan-a. Senem oturdy. – Men, mähriban, ýerden çykan ýeke. Bütin ömrüme it ygan ýaly, ýalňyzlykda synsyraklap gezdim. – Süleýman bozuldy. Ol gözlerinden şartyldap üzülip, gaty stola patylap damýan damjalary aýasy bilen süpürdi oturdy, süpürdi oturdy. Soň, birhaýukdan başyny galdyrdy. – Sen geň görme! Men ömrümde ynsan oglunyň ýanynda derdimi aýdan adam däl. Düşün. – Ol ýene-de bozuldy. – Meniň ne ejem, ne aýal doganym, ne uýam bar, ne-de gyzym bar, derdimi aýdara. Meniň ýaly bagtygara ýokdur dünýäde. Öýlendim, aýalym hossar bolar öýtdüm. Oglum boldy, arkadag bolar öýtdüm. – Ol ýakasyny açdy-da, egniniň gögüni görkezdi. – Ine, oglumyň edeni. Bu ýagşy. Ýöne meniň ýüregime seretsediň, besse-besse dag görersiň, aýalymyň maňa diýýän gargyşlaryndan ýaňa. Ol eginlerini silkip silkip aglady. – Ynan, ýaňy tutuş ömrümi ýatladym. Ile-güne eden ýamanlygymdan ýaňa meni gabyram almaz. Ynan. Şeýle bir ölesim gelýär, şeýle bir ölesim gelýär, ýöne ýatjak gabrymdan gorkýan. Ol meni almaz. Ol başymy gussalady, silkeledi. – Men ýaly haramzada ýokdur. Men şeýle bir elhenç bolupdyryn, dogan, indi mana düzelme ýok. Ýap-ýaňy heniz ýüzi açylmadyk maşgala iş diýip geldi. Bir bende güzeran diýip, namys-aryny maňa ynanýar. Meniň welin ýüregimde namart duýgular. Meni öldürseňem azdyr. Hudaý meni öz dölüme, kakamyň ady dakylanyna ýöne ýere urdurýan däldir... Senemem bozuldy. Onuň hälki bagt parlaýan gara luw gözlerinden indi tyllaýy bulaklar böreňleýärdi. – Goý, janym, goý. Hudaý geçirer. Diňe meniň söýgimem seniň derýa ýaly günäňi süzer-de süýt ýaly eder. Ýöne, öýüňde seni urar ýaly, saňa gargar ýaly näme bolupmyş? Süleýman gyp-gyzyl bolan gözlerini elýaglygy bilen süpürdi. – Bilmedim. Şol maşynyň üstünde. Daşary ýurtda işlänimde süýşürenjäme «Wolga» alypdyk. «Şony berenok» diýýärler. Berýän, men görüme alyp gideýinmi ony, ýeke oguldan aýap. Adam bolsun, zadyň, adamyň, onda-da atanyň enäniň gadyryny bilsin diýip, abaý-syýasat eden bolýan. Ejesi oňa düşünenok. Ol diňe şu gün däl. Bütin ömrüme mana düşünmän geçdi. Adym «ýetimçe» boldy, dogan, maňa öň «ýetimçe diýenleri azmy? Meniň bu günki bagtygaralygym azmy? Men, men dünýäniň uly dilleriniň bäşisini bilýän. Diplomatlary taýýarlaýan akademiýany iki sapar, birem Jemgyýetçilik ylymlar akademiýasyny gutardym. Meniň deňlerim ABŞ-da, Kubada, Welikobritaniýada ilçi bolup ýör! Men şu aýal sebäpli Aşgabada geldim. Indi görüp otursam, meniň akgöwünliligimden, sadalygymdan peýdalanyp, meni bir gelmişek haramzada oýnap ýörüpdir. Meniň ilime eden ýamanlygym... Ol içinden ot-ýalyn öwüsdirip ýene-de dowam etdi: – Ahyrsoňunda-da getirip dykan, ýeri şu taýy. «Halkyňa heleýlik baryny etdiň. Indi özüňem heleýleriň içinde şeýt-de ýör» diýýän ýaly. Munuň üstesine öýümem zyndan. Mana bar gapy ýapyk indi. – Sen erkek adam-a, mert bol, janym. Hemmesi gül ýaly bolar. Alla jan: «Bir gapyny ýapsam, müň gapyny açaryn» diýipdir. Gam çekme. Agşam öýe bir baraýyn, ýatman dileg ederin. «Alla jan, ogul-gyz bermediň. Men senden näçeler diledim, dilegimi kabul etmediň. Indi şu dilegim kabul et. Süleýmanyň mülkünde Süleýmanyň günäsini geç-de, myradyna ýetir» diýerin... Senem aglady. – Şeýt, dogan. Meniň naçar doganym ýokdur. Ölsemem aglajagym ýokdur. Süleýman birneme açylyşdy. – Ýaşasym gelenok. Men görjek jebrimi gördüm. Ýetjek derejäme ýetdim. Geljek menzilime geldim. Oýlanýan, ölçerýän. bary ýylçyr gaýa direýär. Men ýene on-on bäş ýyllap şu aýallaň arasynda heleý ýaly gezeýinmi? Özüme el galdyran ýeksuruna nädip oglum diýeýin? «Ýetimçe, haramzada» diýip, her gün üstüme çöwjäp duran aýala nädip maşgalam diýeýin? Garşysyna söweşen halkyma nädip «ilim» diýeýin? Töhmet baryny atan patyşamdan nähili ýagşylyga garaşaýyn? Men gowusy... Senem ýerinden turdy-da, gelip Süleýmanyň ýaşly didelerinden ogşady. – Goý, janym. «ýigit başy gowgaly bolmasa, görde ýagşy» diýipdirler. Nesip bolsa, hemmesi düzeler. Düzeljek bolup Hudaý seniň ýüregiňi päkleýändir. Ýogsa, heý, Süleýman, şu ýerdäki on dokuz aýal üçin ýeriň-gögüň diregi Süleýman şu ýuha ýaly aýlyň ýöňünde derdini aýdarmydy?! Hudaý ýalkajakdyr. Ýöne göwnüňe erbet zatlar getirme. Men barada-da göwnüňe gam getirme. Ähli günäni men öz üstüme alaryn. Öňem kirim kändir-dä, Alla meniň alnymy açamdy. Kiri kir açar diýipdirler... Belki, alnym-bagtym açyljakdyr. – Ol sagadyna garady. – Sagat sekiziň ýary, Şofýoryň garaşyp oturandyr. Gideliň, gaýtam, menem ýolugra taşlap gidiň. Süleýman ýerinden galdy. Onuň bu eziz aýala bir zatjagazlar, ýagşy sözler aýdasy geldi, Onuň agzyna gelenem şular boldy: – Käbä gidip gelen ýaly boldum, mähriban! Sag bol, hoşamaý sözüňe! Daşary garaňkyrapdy. Ýazaw maşynyndaky radiosyndan türkmen aýdym diňläp, termosyndan guýup, çaý içip otyrdy. Ol Süleýmany görüp, edeplilik bilen maşyndan çykdy. – Başlyk, ömrüň uzak bolsun! Jigimiz-ä begenjine guş bolup uçup gitdi. «Pygamber ýaly asylly adam eken» diýýär, pahyrjyk. «Ýalnyş-ýalňyş gepledimem» – diýýär – «utanjyma» – diýýär. – Zyýany ýok, hemmesi gül ýaly. Işläbersin, başymyz dik bolsa zada zar etmeris. Süleýman garaňka siňip başlady welin, Ýazaw maşynyny otlady-da, onuň yzyndan öwrüldi. Süleýman maşyna münmedi. – Senem Gurbanownany öýüne düşür-de, öýüňe gaýdyber. Ýazaw hiç zada düşünmedi. – Sen, sen näme? Süleýman elini silkdi. – Men pyýadalajak. Ýazaw maşyndan düşdi-de, Süleýmanyň yzyndan ýetdi. – Başlyk, men, men, nemedä-reý, gelnejem ony-muny al diýdidä-reý. Şolary aldym. Bäş-üç kilo täzeje et, bäş litr gaýmak. Mesge, süýt, gök-pök... Süleýman doňan ýaly bolup durdy-da, ýüzüni gamaşdyryp gepledi. – Gelnejeň ýalan sözläpdir. Nämäň bolsa çagajyklaryňa ber. Daýzaňlara äkit. «Gelnejem» diýip, ony halys depä çykardyk. Gününi görmese, ajyndan öläýsin. Şu günden şeýläk şu maşyn şol işikde görnäýmesin. Sen, gowusy, irden Ogulnyýazy işe alyp gaýt. Ýaş gelin, kimiň dili degjek, kemiň eli. Hoş. Süleýman öýe girende içerden tagamly naharyň tanyş ysy burnuna urup gitdi. Otaglaryň birinden Solmazyň şadyýan sesi güsürdäp çykdy. – Sen özüň nätjek onsoň, maşyny Dädiş berip? Kimdir biriniň ýapbyldak, tanyş sesi gulaga ildi. – Özüme ýene biri. Näme, geljeki Prezident üçin zat gytmy? Solmaz jak-jaklap güldi. – «Geljekki Prezident» diýip, özüňe. Baý göwni ýetýär-ow bu adamlaryň. – Dagy näme? Prezident boljak bolsaň, «Prezident» diýmeli bolar-da. Ol Kergulynyň sesidi. Süleýman ony bada-bat tanady. Içinden dostunyň gelenine begenmänem durmady. – Işik açyldy. Dädiş jan geldi öýdýän. – Solmaz koridora çykdy-da, soň kerk gören gulan ýaly bolup içeri girdi. – Geldi! – Dädişmi? – Ýok, beýleki! Süleýman aýalynyň bu sözlerini eşitdi. Onuň bagrynyň ganjaryp duran ýaralarynyň ýüzi ýene-de sorkuldap, sypjyrylyp başlady. – Goý, gelsin-dä, näme, saňa myşaýd edýärmi? Süleýman aýalynyň bolşundan-a bizar-la welin Kergulynyň bolşunam halamady. Işik ýene açyldy. – Getirdim! Süleýman oglunyň bagtyýar ýüzüniň özüni görüp kül sepilenini-de gördi. Dädiş ýüzüni torsardyp içeri girdi-de, torbasyndaky çüýşeleri şakyrdadyp adamly otaga girdi. – Mam, getirdim. Iki çüýşe konýak, iki çüýşe wodka, bolupdyrmy? Solmaz oturan ýerinden göz edýän ýaly edip gygyrdy. – Bolupdyr, balajygym. Naharam häzir ýetýär. Süleýman öý eşiklerine girip ýagşy ýuwundy. Soň Kergulynyň hansyrap, gyşaryp ýatan otagyna girdi. Solma elini açyp bilindir. Uludan ýazylan saçagyň üsti bir uly döwletiň ilçini kabul edilýän ýaly, nazy-nygmatdan doludy. – Salam, Görogly beg! – Süleýman sypaýyçylyk etdi, özünden kiçem bolsa oturana salam berdi. Ol oňa degşip «Görogly beg» diýýärdi. Kerguly ýerinden turdy. – Bo-ow, brat, nähili-low, senem käwagtjyk öýüňe dolanýaň-ow. Ependiniň uly gyzy ýaly bolup... – Aý, işdir-dä. Süleýmanyň gözi burlup duran aýalynyň göwnüýetmezçlik bilen towlan agzyna düşdi. – Iş diýýäň welin, tilpun baryn-a iberdik. Işiňd-ä tapylmadyň. Özüň-ä, diýseň-diýmeseňem... Süleýman sypaýyçylyk eden boldy. – Iş-alada bilen çykylandyr-da. Kerguly hondanbärsiredi. – Sen indi Görogly beg idände tapdyrma, buduşiý Prezidentiň idände tapdyrma. haçan tapdyrjak? Ýa yzyndan Sapar köse bilen Däli Mäteli ibermelimi? Süleýman ýylgyrdy. – Bäh, özüňe göwnüň ýetýär-ow, Görogly beg diýip! – Wah, men şony oňarýan-da, bu dünýäde özüňe göwün ýetäýmese, sen diýýän ýok-how, jan brat. – Kerguly ýerine geçdi-de süýndi. – Biz-ä süýndük, senem gününi görersiň-dä. Ýogsa-da, saňa hödür-kerem edýänem ýokmy? Geç, bir käse çaý iç-ow, brat. Öz öýüňe gelen ýaly boluber. Solmaz kem galyp barýan ýaly galkyjaklady. – Dädiş jan, «Görogly» dädeň «Wolgasyny» sana berjek diýdi, buşluk! Dädiş aňyrdan tasanjyrap içeri girdi. – Şeýlemi, Kerguly däde?! Kerguly derläp çaý içip, gyşaryp ýatan ýerinden jübüsine elini sokdy-da, maşynyň açaryny çykardy – Me açar. Seniňki bolsun, nesip etsin. Dädiş açary kakyp aldy-da, öz otagyna ylgady. – Gaýdanymda bergin-eý. Ýadymdan çykaýmasyn Süleýman töre geçmedi-de, Kerguly bilen gürleşmäge amatly bolar ýaly, oňa garşyba-garşy oturdy. – Geleniň gowy bolupdyr, dost. Men-ä şu gün ýaman ýekesiredimem. Hiç ugrum ýok. Kerguly nahar alyp gelen Solmaza gözüni gypdy. – Sen-ow, näme, Solmaz baýyň göwnüne degipsiň-le! Onsoň, ýüregiň gysman, däliremäniňe şükür et. Süleýmanyň gaşy çytyldy. – Bizarlaý. Solmaz nahary siltenjiräp goýdy. – Eşitdiň dälmi? Ýene özi başlady gerek. «Bizar-laý» diýdi dälmi? Ol-a gykylykdan bizar. Solmaz bolsa bizar däl. Bu-my, munuň, munuňmy, öldüreniň kesewisi gögerer muny. – Solmaz ortara geçdi. Eşit, Kerguly sen bir meni garalama soň. Bu adam ýaly içim bilsin küllühal dünýäde ýokdur, namart bu. – Han ow, çemçäňiz ýokmy? Solmaz aljyrady. – Dur, häli. – Ol aşhana bakan düňderilip gitdi-de, çarşak, çemçe alyp geldi. – Bu namart. Aýdaýynmy namartlygyňy? Ertir öýe gan çaýkap gitdimi? Gitdi. Naýynsap, yzymdam maşynyny ibermedi. Şol ýerçekeni et, gaýmak, mesge getirmelidi. Getirmedi. Özüm getirdim. Öň maşynam baryp durdy. Iýmek-içmegem gelip durdy. Bu gün näme üçin ýok? Namart diýerler. Kerguly çüýşä elini uzatdy. – Tüweleme, işe maşyn äkidýän bolsa, iýjegiňem şopur getirýän bolsa, gurpluja ýaşaýaňyz-ow. Süleýman gözlerininiň zäherini aýalyna tutdy. – Diňle, mert heleý. Şu günden şeýläk maşynam, şopuram ýok saňa. Ýigrimi bäş ýyllap egnimiň etini iýdirip gezdim saňa. Indi öz gününi gör... Solmaz ärine ynanmady. Onuň sesi hasam dabaraly çykdy. – Ana, gördüň dälmi, namartlygyny? Öýe gan çaýkanda şeýdýä, açylanda-da jomartsyraýar. – Hany, bes et! – Süleýmanyň gany depesine urdy. Hiç kimden ses çykmady. Kergulam, Solmazam Süleýmany heniz beýle gazaply ýagdaýda görmändiler. Şonuň üçinem Solmaz bir bolmasy işiň bolaýmagyndan çekinipmi ýa-da Kergulynyň «Azajyk aýryl, men özüm açaryn» diýip ümlemesindenmi, aşhana bakan ýumlukdy. – Han-ow, brat, az-owlak ýuwdaly-la, aýalyň bilek söýşüp, wiý, sögüşip bolan bolsaň. Süleýman rýumkalara garady. – Sluşaý, sen ömrüňde bir çüýşe arak satyn alýaň. Onam oýmaklap paýlajak bolma. Guý, hol fužeri püre-pürlede! Kerguly içigüjüklije ýylgyrdy, – Ýer-ow, ömrüňde bir geýek! Men rulda wagtym arak satyn alamok, şony bilip goý! – Wah, seniň rulda däl wagtyňa-da duşup bolaýsa. Bu arak kimiňki onda? – Bu aragy Solmaz han aldy. Şony zapasnoý knişgäňe belläp goý. «Taýyn enesi ölse kürre bilen dost bolar» diýişleri ýaly, Solmaz han bilen brat men şu günlükçe... Ol fužeri dolduryp guýdy. Süleýman başyna çekdi. – Ýenemi? – Ýene! – Ol ikiji fužeri başyna çekdi-de, nahara güýmendi. Arak onuň geçisini daga ýaýratdy. Endamyna şagga der geldi. – Indi, indi seniň bilen gepleşseň bolar. Ýogsa, gepiň deň gelenok, gepiň, düşündiň... Kerguly hem rýumkany başyna çekdi. Soň ol mys-mys ýylgyrdy. – Meniň bilen gepiňi deň getirjek bolsaň, sen gap-garajanyň tüssesindenem birki baş dartmaly bolarsyň, han. Süleýmanyň başy dumanlady. – Ýoo-o, maňa şony diýme! Ýoo-o! Süleýmanyň bolşy Kergula ýarady. Ol hezil edip güldi. Bu gülkä Solmazam ylgap geldi. – Näme, ýeke özüňiz gülşüp, hezil edip otyrsyňyz? Nahary taýýarlan, saçagyň üstüni dolduran, arak getirden-ä men. Naýynsaplar, gelem diýeňzok. Süleýman sesini çykarmady. Emma, Kerguly çekinip durmady. – Heleý şondan başga nämä ýaraýar? Wiý, ýaşyraklar-a başga-da ýekeje zada ýaraýar. Siz-ä, keýgim, oňa-da ýaraýaňmy-ýaraňokmy, barlap göräýmesek, bilemzok. Ondanam Hudaý saklasyn. – Guý, arak! – diýip, Solmaz dodaklaryny öýkeli çommaldyp siltenjiredi. – Öň, asmandan asylgy ete boýy ýetmänden soň pişigem «Ol et pors-a» diýenmişin: – Be-e, asmandan asylgydygyňy bilmändiris, özüň aýdýançaň, me, saňa şonuň üçin bir rýumka arak! Süleýman hezil edip güldi. – Asmandan asylgy! Hah-hah-ha! Biz-ä indi asmandan asylarmyka diýip ýörüs. Hudaýa şükür eýýäm asyl-asyl edip dur-ow... Solmazyň gaýçy ýaly bolup duran dodaklary ýene-de çömmeldi. Ol Kergula bakyp, ýüzüni «bujagazam gepleýär-ow» diýen manyda jüýjertdi-de, dodagyny towlady. Soňam şol dodaklarynyň towlamynam ýazman, elindäki rýumkany şoňa guýup goýberdi. – Käbir adam meniň asyl-asyl bolup galanymy isleýändir. Göwni isleýändir. Entejik ençeme-ençemäni asyl-asyl etdirip, salaja mündürip ibermän asyl-asyl bolmaryn. Guý! Ol Kergulynyň guýaryna-da garaşman, rýumkasyny arakdan doldurdy-da, içip turmak bilen boldy. – Näm-ow, är-heleý ikiňiz bir-biriňizden kem galmajak bolup, goşalap başladyňyz-la, eýgilik bolawersin?!. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |