KYÝAMATLYK DOGAN
Bir alymdan sorapdyrlar:
– Doganyňy has ýagşy görýärmiň ýa-da dostuňy?
– Doganymy, eger ol dost bolsa…
(Köne kitaplardaky paýhaslardan)
* * *
Geçen asyrda nemesler bilen bolan uruşda iki kişi, aý, hamala, atlary Atajan bilen Babajanmyş, bir obadan, bir harby wekillikden bileje urşa gidipdirler. Awtomatdyr pulemýot, goşhaltadyr agyr ädik bilen urşuň kyn-kyn menzillerini geçipdirler. Yzgar okoplarda ýatyp turupdyrlar, bir döwüm çöregi böleşip iýipdirler, çabga ýaly ýagýan okuň astyndan kä ýaralanyp, kä ýaralanman, gününi geçirip baryberipdirler.
Uruş bir agyr zat, ýürekleri ejizledip, ynsanlary birek-birege has-da ylykdyrýar. Ýaňky obadaşlaryň biri Atajan Babajana şeýle diýipdir: «Ikimiz nijeme agyr günleri geçdik, arkalaşdyk, dogan ýaly bolup galdyk. Gel, ikimiz kyýamatlyk dogan okaşaly» diýipdir. Sekiz erkek doganyň biri Babajan bu teklibe oýlanybam durmandyr, şobada razy bolupdyr. Kyýamatlyk dogan okaşmak dessuryna şaýat tutunypdyrlar, ellerinden gan çykaryşyp, bir-biregiň ganyny ýalapdyrlar, aý, garaz, bu dessuryň şertlerini meýdan ýerde, uruş şertlerinde bildiklerinden berjaý edipdirler.
Şerigatda adaty doganlykdan kyýamatlyk doganlygyň şertleri agyrrak bolmaga çemeli. Kyýamatlyk dogan bolanlar bir-birlerini hergiz ynjytmaly däl, dil-söz bilen degnasyna degmeli däl, hemişe dogany hakda alada etmeli, halyndan habar almaly, kömek-ýardam etmeli, özüň iýmän doganyňa iýdirmeli, onuň ömrüni öz janyňdan ileri görmeli. Ine, kyýamatlyk dogan okaşanlaryň öz doganynyň öňünde şunuň ýaly we başga-da berjaý etmeli ençeme borçlary bar. Bu borçlaryň ýekejesini-de berjaý etmeseň, agyr günä galýarmyşyň, kyýamatda soraga çekilip, doganyň öňünde etmeli işleriňi başarmanlygyň üçin dowzaha düşýärmişiň…
Şeýdip, Atajan bilen Babajanyň dostlugy doganlyga öwrüldi. Doganlar öz borçlaryny aňryýany bilen amal etjek bolup, bir-biregiň öňünde has-da gara-gadyrdan boldular.
Gepiň gysgasy ýagşy. Bir gün agyr uruş bolýar. Nemesler zabun hüjüm edýärler. Biziňkiler näçe berk garşylyk görkezselerde-de, yza çekilmeli bolýarlar. Nemeslere garşy egin deňläp atyşyp ýatan Atajan bilen Babajanam köpçülige eýerýärler. Şol barmana Atajanyň aýagyna ok degip, ýöräbilmän ýykylyp galýar. Babajan muny birbada aňman, has köpräk yza gaýdýar. Birden seretse, Atajan hol ýerde çabga ýaly ýagýan okuň astynda ýatyr. Ýatan ýerindenem: «Dat-bidat, jan doganym, kyýamat doganym Babajan, meni bärde goýmaweri, doganlygyň çyn bolsa, meni alyp gideweri, kyýamatlyk doganlygyň berjaý edeweri!» diýip gygyrýarmyş. Al, saňa gerek bolsa! Nädersiň? Kyýamatlyk doganlyk borjuňy berjaý etmeli, okuň, ot-ýalnyň aşagyndan doganyňy süýräp alyp gaýtmaly. Nemesler bolsa, ok ýagdyryp ýetip gelýär. Agyr ýagdaýa düşen Babajan şonda öz ýanyndan şeýle diýenmiş: «Wah, meniň özümi öldürmeli, nätjekdiň kyýamatlyk dogan okaşyp. Ýa ýerden ýeke çykanmadyň, direnişip duran ýedi doganyň barka, başga dogan nämäňe gerekdi!? Kyýamatlyk dogan däl-de, tüýs başyňa ölüm satyn aldyň. Bar indi, gaýratyň bolsa, doganyňy okuň aşagyndan alyp gaýt-da».
Soňumy? Soňunyň näme bilen gutaranyny bilemzok. Esasy many, pikirlenmeli, oýlanmaly zat soňky sözlerde. Kyýamatlyk dogan okaşmak oýun iş däl. Ony öz bähbidiňe ulanjak bolmaklyk günä. Öňüňde özüň üçin maksat goýup, haýsydyr bir niýet bilen okaşylan doganlygyň manysy näme?!
Gepiň gysgasy, bu köne gürrüňiň-tymsalyň täze mazmunynyň gaýtalanmasyny öz durmuşymyzda gördük. Esasy gürrüň şol hakda.
* * *
Studentlik, häzirki aýdylyşy ýaly, talyplyk ýyllarymyzdy. Mugallymçylyk institutynyň dil-edebiýat fakultetiniň soňky, bäşinji ýylynyň talybydyk. Dostum Guwanç bilen umumy ýaşaýyş jaýynyň bir otagynda bile ýaşaýardyk. Ol fakultetiň çeper höwesjeňleri toparynyň ýolbaşçysydy, aýdym-konsertleriň guramaçysydy, oýundyr sahnalaryň-da režisýorydy. Akgöwün, alçak, şadyýan Guwanç hemmeler bilen dil tapyşardy, hemmeleriň, hatda gyzlaryň-da dostudy. Dogrusy, syrtlan çöpi bar ýaly, gyzlarlaryň özleri-de Guwanç diýip ölüp-öçüp ýörerdiler.
Okuw ýylynyň başydy. Otagymda kitaphanadan alan kitaplaryma seredişdirip otyrkam, Guwanç geldi. Belent howalaly, göçgünli, gözleri uçganakly görünýän Guwanja ýüzlendim:
– Okuwdan soň bir ýere gürüm-jürüm bolduň-la, nirä ýok bolduň?
– Birinji ýyl talyplar bilen gürrüňdeş bolduk. Dekanyň orunbasary bilen olaryň arasyndan aýdymçylary, sazçylary, tansçylary, artistleri saýladyk.
– Hä, barmy onsoň, höwesjeňler?
– Bar, bar. Çary, saňa aýdaýaýyn, tansçylaryň arasynda bir owadan gyz bar-eý!
– Sen, how, «owadan gyz», «zat» diýiberme, akyllyja bol, Çynara ýamanlaryn!
– Adam Gülsoltan eken. Familiýasy, familiýasy… ýadymdam çykdy-ow.
– Seniň çynyň-ow!
Şol wagt gapy kakyldy. Soňam:
– Barmyň, how, zýom? – diýip, Baýly otaga girdi. Menem:
– Gel, gel, Baýly, geç hany bäri – diýip, oturgyç uzadyp, mürähet etdim. Baýlyny Guwanç bilen, Guwanjy Baýly bilen tanyşdyrdym:
– Tanyş bol, Guwanç. Bu Baýly, goňşy obamyzdan, şu ýyl taýýarlaýyş kursdan bedenterbiýe we harby taýýarlyk fakultetine girdi. Bu-da meniň birinji kursdan bärki dostum Guwanç, öz welaýatymyzdan, welaýat merkezinden. Arasynda gulluga-da bile gitdik. Fakultetimiziň, aý, bütin institutymyzyňam tanymal talyby, aýdymam aýdýar, tansam oýnaýar, edil şu wagtam täze tansçy gyzlaryň arasyndan gelip duran ýigit şu.
Soňky sözüme Baýly güldi-de:
– Hä, biriňiz ýazyjy, biriňiz artist-da, onda. Guwanjam tüýs biz bap ýigit diýenleri ekeni, menem käte bir aýdym, ýarym aýdym gaçyraýmam bar – diýdi.
Baýlynyň «biriňiz ýazyjy» diýmesi men hakdady. Ol meniň ýazan hekaýadyr goşgularymyň, makalalarmyň gazet-žurnallarda çykyp durýanlygyndan habarlydy.
Baýly, aýdyşym ýaly, goňşy obamyzdandy. Bir ýylda mekdebi gutarypdyk. Onuň bilen etrabara mekdep-mekdep bolup geçirilýän woleýbol ýaryşlarynda tanyş bolupdyk. Gutaran ýyly instituta girip bilmändi. Harby gulluga gidip gelip, taýýarlaýyş kursa giripdi. Uçup-gonup duran, özüni kokurja saklaýan bu oglan bilen otluda oba bile gatnanymyzsoň, ildeşligimiz, öz aýdyşy ýaly, zýomlygymyz has-da ýakynlaşypdy.
Biraz hal-ýagdaý soraşyp, ondan-mundan gürrüň edip oturdyk. Baýly birden çynlakaý söze başlady:
– Ýogsa-da, starikler, siziň obşagaňyza tanyş gyzlar ýerleşen bolmaly, dil-edebiýat, birinji kurs. Podkursdan geçen. Özem tansam oýnaýar.
Men Guwanja çalaja kakdyrdym:
– Gyz bolsa, onda-da tans oýnaýan bolsa, Guwanç hökman biläýmeli… Tansçylaryň başlygy şu.
Guwanç içki galagoplygyny bildirmejek bolup:
– Gülsoltanmy? – diýdi.
– Edil özi. Men şonuň ýanyna geldim.
– Ikinji gat, 25-nji otag.
– Koroçi, özümiziňki-laý. Gowy boldy, siz göz-gulak bolarsyňyz bärde, her hilisi bar.
Baýly biziň bilen sagbollaşyp, Gülsoltanyň ýanyna gitdi.
* * *
Baýly bize gelmesini ýygjamlaşdyrdy. Dogrusy, Gülsoltanyň ýanyna gatnansoň, ötse-geçse, biziň otagymyza kellesini sokman gitmezdi. Ol meniň bilenem-ä gürrüň etse edýärdi weli, esasy gürrüňi Guwanç bilendi. Gürrüňlerem gyzlar hakdady. Umumy ýaşaýyş jaýynda, okuwda, aýdymçylaryň, tansçylaryň repetisiýalarynda gyzlar özlerini nähili alyp barýarlar, olara lak atýanlar barmy, o gyz nähili, bu gyz nähili… Şunuň ýaly gürrüňleriň ahyry syrygyp, Gülsoltana gelýärdi. Baýly özüniň Gülsoltan bilen halaşýandygyny boýun alypdy. Ol Guwanja Gülsoltana gözegçilik etmegi tabşyrýardy. Guwanja «brat» diýip ýüzlenýärdi. Gülsoltany oňa öz doganyna ynanyşy ýaly ynanýandygyny hemişe gaýtalap ýöreýärdi. Guwanjam Baýla käte göwni üçin «dogan» diýip goýberýärdi.
Bir gün gijara Baýly gapymyzy kakyp, dabaraly ýagdaýda otagymyza girdi:
– Priwet, zýom, brat!
Ol herimiz bilen gadyrly elleşip, krowada geçip oturdy. Soňra:
– Mende ajaýyp bir teklip bar. Birinjiden-ä, ertir meniň doglan günüm.
Biz bir-birimizden öňürdip diýen ýaly: «Gutly bolsun! Ýaşyň uzak bolsun!» diýişdik. Baýly dowam etdi:
– Ikinjidenem, Guwanç brat, näçe wagtdan bäri bir-birimize dogan diýşip ýöris, gel, doganlygymyzy resmileşdireli.
Biz muňa düşünmän, bir salym oýurganyp oturdyk. Ahyry Guwanç:
– Nädip resmileşdirmeli? – diýdi. Men ýaňsy gatyşykly çalaja güldüm:
– ZAGS-a barmaly boljag-ow.
Baýly çyny bilen:
– Siz düşünmediňiz. Men kyýamatlyk dogan okaşaly diýýän – diýdi.
Biraz ümsümlik aralaşdy. Guwanjyň birbada nähili pikirdedigini-ä bilmedim welin, men-ä bu teklibi oňlamadym. Oňlamanlygymy şeýle delillendirdim:
– Baýly, seniň-ä bir agaň, bir iniň bar. Guwanç seniňem bir agaň, üç iniň bolmaly, ýalňyşmasam. Uýalaryňyz, gyz jigileriňizem bolmaly siziň. Kyýamatlyk doganlygy bir atadan, bir eneden ýalňyz bolan kişiler okaşýarlar, Görogly bilen Bezirgen ýaly.
Men meseläni çöp döwen ýaly edip çözdümmikäm öýdüp, ikisiniňem ýüzüne seretdim. Menden arka tapynandygy üçin Guwanjyň ýüzi-gözi maňa minnetdarlyk bildirýärdi. Baýly bolsa, has öňe omzap:
– Bolanda näme, dogan bu dünýede-de, o dünýede-de azlyk edýän däldir. Ýa sen razy dälmiň, Guwanç, hemişe, o dünýe-bu dünýe maňa dogan bolmaga? – diýip, Guwanjyň üstüne hüjüm etdi.
Guwanç gepläp bilmedi. Biçärelik bilen meniň ýüzüme seretdi. Men ýene delile tutdum:
– O kyýamatlyk doganlygyň öz borçlary, öz şertlerem-ä bardyr?!
Baýly meniň bu delilimi hem puja çykardy:
– Borjam şol, şertem şol. Kyýamatlyk doganyňam beýleki öz doganlaryň ýaly görübermeli.
Men mundan artyk dostumy «kyýamatlyk doganlykdan goramaga» ejiz geldim. Başga delil getirmäge-de şerigatdan ýabygorludym. Galyberse-de, indi Guwanjyň özi gününi görer-dä. Beý diýsem, meniň ýan berenimi bilensoň, Guwanç eýýäm şeýle diýip otyr:
– Bor, bor, Baýly dogan, okaşarys, näme okaşman, seniň göwnüň synandan, şeýtanyň boýny synsyn. Haçan, nirede, nädip?
Guwanjyň bu sözlerinde çalaja ýaňsy-teýene duýulsa-da, ol teklibe razy boldy. Baýly:
– Ertirki dogjak gün gowy gün. Meniň doglan günüm. Muny gyzlaryň otagynda, giç sagat 7-de belläris. Şol ýerde-de dogan okaşýas. Artykmaç adam ýok, üçümiz. Bahana bilen gyzlaryň bişiren öý böreginem iýersiňiz. Bolýar, onda men gitdim, ertir görşeris – diýip çykyp gitdi.
Men biraz Guwanja-da söz gatman, oýa berildim. Oý-pikirimi Guwanç böldi:
– Ber habaryňy, näme diýersiň muňa, Çary dost?!
– Men-ä berjek habarymy berendirin. Ýene ber diýseň, şu wagtky oýlap oturan zatlarymy aýdaýyn. Doglan gün-ä gowy zat weli, ony gyzlaryňkyda bellemek birhili. Dogan okaşmagam şol ýerde bolsa, artykmaç adamam ýok bolsa, onuň şaýadam men bolmaly bolýan-da. Şu-da birhiliräk. Öý böregem, elbetde, «Pelmennyý» kafesiniň, gurbany gitdigim, duzuna at dakdygym däl, ep-esli bölegi galyň hamyr bolup duran, sogany etinden köpräk pelmeni däldir weli… Haý, şol börek belaly börek bolaýmasa, hernä…
Guwanç çalaja güldi-de:
– Sen oýna tutjak bolýaň-ow – diýdi.
– Şundan beterem çyn bolarmy?! Ky-ýa-mat-lyk do-gan.
Soňky sözleri hetjikläp, oýnaklap aýtdym. Guwanjyň gahary geljek boldy. Elindäki depder-ruçkasyny bir gapdala goýdy-da:
– Gowusy ýataly. Agşamyň haýryndan ertiriň şeri ýagşy – diýip, ýerine geçmek bilen boldy.
Bir salymdan çyrany söndürip, menem ýerime geçdim. «Ýataly» diýip ýerimize geçsegem, ikimiziňem ukymyz tutanok. Men Guwanja zoňtar sorag berdim:
– Gülsoltany söýdüňmi?
Guwanç alagaraňkyda dik oturdy.
– Näme? Nätdiň-aý, Çary. Çyndan soraýaňmy, şuny?
– Çyndan, çyndan. Senem çynyňy aýt, ýöne!
Guwanç ýassygy öňüne alyp ykjamlandy:
– Çynymy aýtsam, dost jan, söýemo-ok. Ýöne söýmezçe gyz däl ol. Akylly, adamkärçilikli, edepli, tertipli, görmegeý gyz ol, ony her kimem söýer. Baýlynyň bagty getiripdir, bir-birlerini söýýärler. Mundan soň bu ýerde üçünji bolmak artykmaç.
– Bu diýýänleriň-ä dogram weli…
– Welisi näme?
– Welisimi, welisi Baýly Gülsoltany senden gabanýar öýdýän, bolşy, gep-gürrüňi şoňa meňzeýär.
– Menem aňýan şony.
– Şony aňýan bolsaň sen: «Tansa taýýarlaýan, zat» diýen bolup, neme gözi bilen garaňokmy özi şoňa? Adyn-a köp tutýaň şonuň.
– Sen goýjak däl-ow, näme gözi bilen?
Men Guwanjyň birneme degnasyna degsemem, meseläni has anyk bilmek üçin ýene-de şeýle diýdim:
– Söýgi gözi bilen!
– Ýok, ýok, söýgi gözi bilen däl, hormat-sylag gözi bilen garaýan – diýdi-de, Guwanç ýassygy jaýyna goýup, kellesini lapba onuň üstüne taşlady. Men näme diýjegimi bilmedim-de:
– Howwa, howwa, şeýle bolsun, Çynardan başga gyzlaryň hemmesine sylag-hormat gözi bilen gara, päliňi bozujy bolaýma, ýogsam belliň ýok seniň – diýip, berk tabşyryk beren boldum. Indi geplemejegimi aňdyryp, beýlämi öwrülip ýatdym.
* * *
Ertesi aýdylan wagt Baýly Guwanç ikimizi ýokarky gata – Gülsoltanyň otagyna tirkeşdirip alyp ugrady. Gyzlaryň otagyna barybermek Baýly bilen Guwanç üçin-ä hiç hili däldir weli, meniň üçin-ä kynrak. Şonuň üçin men ogurlyk etjek bolýanyň sypatynda, ýaltaklap, köwejekläp otaga girdim. Arassaja otag, ähli zatlar ýerbe-ýer. Orta saçak ýazylyp, töweregine körpeçe düşelipdir. Otagda gyzlar bolmansoň, men birneme arkaýynlaşdym. Körpeçeleriň üstüne geçdik. Baýly edil öz öýüne gelen ýaly:
– Siz oturyň hany. Gyzlar aşhanada biş-düş bilendir. Men olara komanda berişdireýin, el kömegini, dil kömegini bereýin. Oňa çenli siz aýdym diňläň – diýdi. Ol hat ýazylýan iş stoluň üstünde, bir çetde duran kiçiräjik magnitofona kasseta goýup çykyp gitdi.
Akyş Saparowyň ajaýyp owazy ýaňlanyp başlady.
Razy men bu dünýäden,
Üşän wagty ojar bolup,
Dostum üçin köýüp gitsem.
Müň gözeli gowy görüp,
Bir gözeli söýüp gitsem.
Razy men bu dünýäden,
Razy men bu dünýäden…
Düşegiň üstünde ornaşan Guwanç aýdymyň täsiri bilen parasatlysyrady:
– Bäh, «Müň gözeli gowy görüp, Bir gözeli söýüp gitdim…». Şeýle gowy aýdylan söz. Bu dünýäde müň gözeli gowy görersiň, ahyr söýüp, baş goşjagyňam bir gözel. Aý, dünýe-da bi…
Men Guwanja degdim:
– Sen aýdymyň «gözelli, söýgili» ýerini tutýaň-la. O ýerde başda dost hakynda-da gowy söz aýdylýar-a. Aý, seniň özüň bu dünýeden üç-dört gözeli söýüp gitjeklerden bolaýmasaň…
– Bir halk aýdymda aýdylýar: «Gelse ýigidiň döwleti, öýlener dört-bäş öýlener» diýip.
Dogrusy: «…öýlener saýlap öýlener» bolmaly. Joşup oturan ýigide düzediş bermedim-de:
– Haý, sen-ä oňardyň-ow – diýdim.
Otaga elleri miweli, gök önümli tarelkalar bilen Baýly girdi.
– Howwa, nämäniň gürrüňi, nämäniň söhbeti?
– Doganyň-a üç-dört gezek öýlenmesem, bu dünýeden gözümi açyp giderin diýýä.
Meniň degişmäme:
– Şeý diýsene, doganym eder-eder – diýip, Baýly çynlakaý görnüşde jogap berip, saçagyň üstündäki nazy-nygmatlary rejeleşdirdi.
Guwanç maňa «Sowgady berelimi?» diýen manyda ümledi. Men çalaja başymy kakdym. Biz Baýla sowgat üçin Berdinazar Hudaýnazarowyň täze çykan goşgular kitabyny alypdyk. Gaty sahabynyň içine gyýaklap, owadan sözler bilen gutlag-arzuw ýazypdyk. Ahyryna-da adymyzy, golumyzy goýupdyk. Guwanç dabara bilen kitaby Baýla uzatdy:
– Hormatly doganymyz, dostumyz! Doglan günüň gutly bolsun! Ýaşyň uzak bolsun, görjegiň gowy bolsun. Ähli gowy arzuwlaryň hasyl bolsun! Şu kitabam, sowgadam Çary ikimiziň adymyzdan kabul et! – diýdi. Baýly:
– Aýdanyňyz gelsin, aýdanyňyz gelsin. Spasibo, spasibo! – diýip, kitaby aldy-da, ony açyşdyryp gördi, ýazgyda birneme gözüni eglendirip, soňra ony saçagyň gyrasynda goýdy.
Çalaja gapy kakyldy. Gyzlaryň pyşyrdysy eşidildi. Baýly tarsa ýerinden turdy. Gapynyň agzyna getirilen naharly tabaklary bir birden saçagyň üstüne daşady. Ynha, gatyga çykarylan, bugaryp duran, dörtburç edilip bükülen börekler. Biz Baýlynyň «al-ha-aly» bilen nahar iýdik, ýany bilen ajy-süýji suwlardan içdik. Dabaraly hem süýjüden-süýji tostlar aýtdyk. Naharyň bişirlişiniň öwgi-magtawyny ýetirdik. Garaz, börek iýişlik lezzetli, şüweleňli boldy. Yzyndan bildigimizden töwir etdik. Tabaklar ýygnalyp, saçaga çaý geldi.
Ahyry oturlyşygyň kyn hem jogapkärli ýeri geldi öýdýän. Baýly tijenip:
– Ta-ak, onda näme, indi dogan okaşmany edäýsek nädýär? – diýdi.
Men Guwanjyň ýüzüne seretdim. Guwanç jogap bermeli boldy:
– Edeli, hany, name etmeli?
– Teniňden gan çykaryp, bir-biriň ganyňy ýalamaly, şonda ganyň goşulyp, ganybir dogan bolýaň. Öňden edilýän zat bi.
Guwanç ikimiz kyýamatlyk dogan okaşylanda, munuň öňden edilýän zatdygyny bilýärdik. Ýöne edil şu ýerde, Guwanj-a bilmedim, meniň özüm-ä birhili düýrükdim. Bu ganly hereketiň öňüni aljak boldum:
– Şonsuz bolmazmy? Şeýdeniň bilen gan goşulşup baranog-a. Ol bir köne düşünje bolaýmasa?!
– Ýok, ýok. Edilmeli zat edilse ýagşy. Ata-babalarymyzyň eden zady. Gandan gorkýansyňyz siz. Gan çalaja çyksa bolýa. Hamala, tötänden pyçak kesenmiş-dä. Ynha, şu ýerden çykarsaňam bolýar – diýip, Baýly saçagyň üstündäki pyçagy alyp, başam barmagynyň ujuna syhamaga häzirlendi.
Men beýläme seretdim. Baýlynyň halys çyny. Ýüregem gaty. Harby adam bolanlygyndan şeýledir.
Baýly:
– Bissimilla Rahman Rahym! – diýdi.
Seretsem, Baýly ujy ganjaran başam barmagyny Guwanja uzadyp otyr. Guwanç alaçsyz halda etmeli işini etdi. Indi gan çykarmak Guwanjyň gezegi. Onuň ýaýdanýandygyny, ýüreginiň etmeýändigini duýýan. Özümiň tenim kesiljek ýaly, meniňem ýüregim endiräp barýar. Görmejek bolup, beýlämä seredip oturdym. Baýlynyň:
– Mert bol, how, brat, erkek bol! – diýen gyjalatly sözünden soň, Guwanç hem:
– Bissimilla Rahman Rahym! – diýdi.
Iş bitdi öýdýän. Baýly:
– Ine, indi hakyky dogan bolduk, al eliňi bäri – diýdi.
Doganlar biraz salym ellerini gysyp, goýbermän durdular. Baýly ýene-de:
– Dawaý, indi doganlarça gujaklaşaly, bratok – diýdi. Bular ýerlerinden turup, bir salym gujaklaşyp durdular. Soňra ýerlerine geçip oturdylar.
Men bu durmuş sahnasyna serdip otyryn. Iki kişiniň kyýamatlyk dogan okaşmasyna şaýadam boldum. Birhili, bu ikisiniň kyýamatlyk dogan okaşmasyny, näme üçindir, öz ýanymdan unap baramokdym. Oýlandym. Meniňki ýalňyş bolaýmasyn. Adamlar arasynda doganlyk, doganlaşmak bolsa, oňa ýetesi näme bar?! Bularam dogan bolupdyrlar. Bu ýerde näme ýaman zat bar?! Goý, şeýle doganlyk köp bolsun!
Biz gyzlara «Sag bol!» aýtmagy Baýla tabşyryp, otagymyza gaýtdyk.
* * *
Ondan bäri ýyllar kerwen gurap geçip gitdi. Aýdylyşy ýaly, pirem öz ýoluna, müridem öz ýoluna gitdi. Hakyň buýrugy bilen hemmämiz öýlendik, her kim öz söýen ýaryna gowuşdy, öý-ojak bolduk. Görüp otursam, instituty gutaranymyza ýigrimi ýyldanam gowrak wagt geçiberipdir. Soňky döwürde wagtyň tiz geçäýşini… Ýyllaryňam her döwrüniň wagtynyň ölçegi deň däl bolmaga çemeli. Institutdan soňky ýyllaryň her ýyly, göwnüme bolmasa, 365 gün däl-de, hamala 165 ýa-da 265 gün ýaly bolup dur. Wagt hakda pelsepe urup oturman, soňky ykballarymyz hakda gürrüň bereýin.
Okuwyň soňky ýyly göz açyp ýumasy salymda geçdi. Baýly bilen Guwanjyňam doganlyk gatnaşyklary has berkişdi. Olar bir-bir biregiň öňünde doganlyk borçlaryny berjaý etjek bolup, has-da gara gadyrdan boldular.
Guwanç öz gutaran mekdebine işe bellendi. Bir ýyl işläbem, ikinji kursda tanşyp söýüşen taryhçy gyz Çynara öýlendi. Menem aspirantura girmek üçin Aşgabada gitdim. Aspirantlaryň umumy ýaşaýyş jaýyndan özbaşdak otag edinemsoň, menem öýlendim. Baýly bilen Gülsoltan bäşinji kursa geçensoň, toý etdiler. Birek-biregiň toýlarymyza gatnaşdyk. Baýly okuwy tamamlansoň, welaýat merkezine golaýrak etraplaryň birine bellendi. Ol ýerde iki ýyl mugallymçylyk edensoň, welaýat içeri işler bölümine işe geçdi. Polisiýada işläp başlady. Gatnaşyklar üç ýaş maşgala arasynda soňam ýygjam dowam etdi. Guwanç bilen Baýl-a indi bir şäherde. Menem, mümkin boldugyndan, enem-atamlara gidemde bulardan habar alyp geçerdim. O döwür häzirki ýaly mobil telefonlar ýok, islän wagtyň islän kişiň bilen gürleşiberer ýaly. Men aram-aram şäher telefon-aragatnaşyk stansiýasyna baryp, Guwanja jaň ederdim. Ol şäherde oturansoň, öýünde telefon bardy. Baýlydan habar sorardym, oňa salam ibererdim.
Soňra biziň üçtaraplaýyn gatnaşyklarymyzdan Baýly ýuwaş-ýuwaşdan çekilip başlandy. Bir gezek Guwanç bilen telefonda gürleşenimizde: «Baýly indi gatnaşygy goýdy, öň hökman gelýän doglan günlere-de gelenok, jaňlaşmaýaram» diýdi. Men: «Polisiýa işgäri bolansoň, işi köp bolýandyr» diýdim.
Şeýde-şeýde ara on-on bäş ýyl düşdi. Dogrusy, şu ýyllar içinde Guwanç bilenem biri-birimizden habar alyşmak, öýlerimize baryşmak ýuwaş-ýuwaşdan seýrekleşdi. Bilmedim näme boldy?! Ýa bizi birden maşgala, çaga basdymy?! Her kim öz işi, maşgalasy bilen garabaşagaý boluberdi. Döwrem kynçylykly boldy, gymmatçylyk, ykdysady kynçylyk. Men-ä öz ýanymdan menden Guwanç habar alanok diýýän, öýke edýän. Olam men babatda şeýdýändir.
Geçen ýyl, günleriň bir güni Guwanjyň maşgalasy Çynar gijara öýe jaň etdi. Guwanjyň ulag heläkçiligine düşendigini, ony Aşgabatdaky hassahana alyp gaýdandyklaryny habar berdi. Men haýsy hassahanadadyklaryny anyklap, gyssagly şol ýere ugradym. Barsam, eýýäm ony operasiýa edipdirler. Lukmanlardan ýagdaýyny soradym. «Biz elimizden gelenini etdik, indi galany özüne we wagta bagly. Uzagyndan ýöremegi mümkin» diýdiler. Meniň inim jümşüldäp gitdi. Ýöräp biljek dälmikä? Ýene-de umyt etdim. Ýörär, ýörär. Çynara, beýleki hossarlaryna göwünlik berdim:
– Munuň ýaly ýagdaýa düşýänler köp. Ynha, hä diýmän aýga galar, biraz hasa bilen ýörär, az salymdan hasanam taşlar, ýene ylgap ýören Guwanjy görersiňiz.
Ertesi palatasyna baryp, Guwanjyň özüni gördüm. Ýatan ýerinden dostlarça salamlaşdyk. Men göwrümimi giň tutup, Guwanja göwünlik berdim, degişdik, gülüşdik.
Barybir Guwanç öz öýüne ýatan halynda gitmeli boldy. Men oňa jaň edip durjakdygymy, mümkin boldugyndan baryp gaýtjakdygymy aýdyp ugratdym. Ruhubelent bolmagy, keseli öz ruhy güýjüň bilen ýeňmegi, ýene-de şuňa meňzeş ençeme maslahatlar berdim.
Muňa bir ýyl boluberdi. Men jaň edip, Guwanjyň halyny sorap durdum. Ýöne ondan: «Hasa bilen aýaga galyp başladym» diýlen eşidesim gelýän sözi eşitmedim. Guwanjyň şol öňki ýatyşy.
Ýaňy-ýakynda men zähmet rugsadyna çykyp, ýörite Guwanjyňka gitmegi niýet etdim. Giçki reýse bilet aldym, agşam dostumyňkyda bolaýyn, halyndan habar alaýyn, könäni, studentligi ýatlaşyp oturaýyn diýdim. Öňünden jäň etmän, duýdansyz baraýyn, gyzykly bolar ýaly diýip pikir etdim. Aeroportdan münen taksim Guwanjyň öýüne getirdi. Gapyny Çynar açdy:
– Geleweriň, salam, geliň, geçiň. Myrat, Meýlis, Çary agaň geldi.
Iki sany deňemik hem degenek ýetginjek: «Salawmalaýkim-de salawmalaýkim» diýşip, ylgaşyp gelip salamlaşdylar.
«Tüweleme, şol oglanjyklar ullakan ýigit bolaýypdyr-a». Içki pikirimi daşa çykardym:
– Waleýkim, waleýkim! Ullakan ýigit bolaýypsyňyz, tüweleme, tüweleme – diýip, elimdäki paketi olaryň ellerine tutdurdym.
– Çynar, iç-daşyňyz, çagalaryňyz bilen gurgun oturanmysyňyz, dostum oňatmy?!
Çynar aladalyrak äheňde:
– Hudaýa şükür, gurgunçylyk. Dostuňam ýagşy, geliberiň bäri – diýip, içerki otaga alyp bardy. Görsem, içerde, bir çeträkde düşekde Guwanç ýatyr.
– Salawmaleýkim, dost jan, bu nä ýatyş? Tur, men geldim! – diýdim.
– Waleýkim essalam. Salawmaleýkim. Gelen döwlet, gel, gel, hany, Çary jan! – diýip, ýatan ýerinden iki elini uzatdy.
Men onuň ellerini uzak saklap durdum, degşen boldum:
– Sen beýdip, köp ýatyp, ýaltalyk edip öwrenme. Garraýançaň, garranda-da tans edip ýörmeli ýigid-ä sen.
– Näsini aýdýaň. Tans-zat ýat bolandyr. Göwnüň ýörejek, tans etjek, hany ol?! Bedeniňde güýç bolmasa…
Guwanç ejizläýmesin diýip umumyrak gürrüňe tutdum:
– Öý-içeri gurgunçylykmy, çagalar oňatmy? Il-günüň, daşyň-içiň neneň?
– Ýagşy. Men gowy bolsam, hemmesem gowy. Siz neneň, öý-içeri, çagalar?
– Oňatlyk, oňatlyk. Köp-köp salam aýdýarlar.
– Salam iberenem, getirenem sag bolsun!
Myrat bilen Meýlis orta saçak ýazdylar, çaý getirdiler. Çaý başynda Guwanjyň saglyk ýagdaýy barada anygrak soradym. Guwanç umytsyzlyk bilen:
– Aý, indi bir ýyldan geçdi, hiç hili öňe gidişlik ýok. Özüm-ä jan edýän, fiziki maşklar diýdi, aý, garaz etmeli zat bolsa edýän. Indi biziň boljagymyz bolaýdy öýdýän, kysmata kaýyl bolmaly bolaýmasa…
– Sen beý diýme. Alla gowsuny etjek bolsa, ap-aňsatdyr, bolmaz diýen zadyň bolup durýandyr, hiç umytdan düşme.
– Aýdanyň dogry bolsun-da, her-nä.
Men sumkamdan Magtymgulynyň 290 ýyllyk ýubleýine bagyşlanyp çykarylan sowgatlyk diskler toplumyny çykardym.
– Ine, dost, saňa Magtymgulynyň goşgularyna aýdylan aýdymlary getirdim. Şu ýerde dutaram bar, kömpozitoram bar, estrada-da bar.
– Şun-a oňarypsyň. Nootbugyňy getir, Meýlis jan, hany, diňläp göreli.
Men:
– Öwezgeldi Tekäýewi diňläýeli – diýip, nootbuga estrada diski goýdum. Ussat bagşynyň «Adamzat» aýdymy ýaňlanyp başlady. Biraz wagt sesimizi çykarman diňläp oturdyk.
Ykballynyň ugran işi oň görner,
Dünýä ýüzi ele girse, teň görner,
Jahyllykda geçen işler geň görner,
Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat, adamzat…
– Magtymguly öň bu dünýäde bir gezek ýaşap giden ýaly, adam ruhuny, her ýaşda nähili bolýanyny bil-i-i-p dur. «Jahyllykda geçen işler geň görner, Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat» diýen diňe şu sözleriniň hem dos-dogrudygyny aýdyp biljek. Aý, indi ynha, bizem kyrkdan geçdik, kyrk bäş ýaşadyk. Indi görüp, oýlanyp otursak, jahyllykda, ýaşlykda eden käbir-käbir işlerimiz meniň özüm-ä geň görünýär. Sen näme diýersiň, Çary?
Men gülümsiredim:
– Magtymgulam, senem hakykaty aýdýaň.
Biz talyplyk döwrümizde edilen gyzykly, ýatdan çykmajak işleri çagalara eşitdirmejek bolup, pyşyrdap gepleşip, gezekli-gezegine ýatlap gülşüp oturdyk, käbir zatlar hakda jedelleşdik. Men öňden bäri sorap bilmän oturan meselämiň üstünden bardym:
– Men käte-käte Baýly bilen börekden doýup, kyýamatlyk dogan okaşyşyňyzy ýatlaýan. Şonuň soňy bolmady öýdýän. Meniň göwnüme şol göz üçin edilen iş ýaly bolup dur.
Gülüşmek bilen birneme derdi ýatdan çykyşan Guwanjyň ýüzi-gözi bürüşdi.
– Aý, aýtmasan-a şony. Ýatlama şony. Häzir oýlanyp oturýan weli, oýnatgy bolan ýaly bolup durun. Şol wagtam-a muny näme üçin edip ýörenini aňýadym öz-ä…
«Ýatlama şony» diýse-de, ol hakdaky gürrüňi dowam etdim:
– Soň gelmedimi Baýly?
– Gelmedi. Ýogsam keselhanadan gelemde, hudaýýoly berdik, halk hatary oňa-da aýtdyrdym.
– Düşen ýagdaýyňy bilýämikä?
– Bilmezmi?! Işinde welaýatyň çäginde kim ulag heläkçiligine uçran bolsa, bilip otyr ol. Täze açylan bazaryň dükanlarynyň birinde Gülsoltan ikisi Çynara gabadam gelipdirler. Bialaç meniň saglyk ýagdaýymy soran bolupdyr. Şu ýagdaýa uçramsoň, meni soramaga, görmäge niçeme adam geldi, olaryň käbirinden garaşamokdymam. Olaryň hemmesiniň ömürlerini Alla uzak etsin! Baýly uly wezipä geçipdir, çini dagam moýormy, polkownikmi, bilmedim, ulalypmyşyn…
– Be… şeý diýsene. Gara bermändir-ow onda. Eşidip ýörüp, bir şäherde ýaşap…
Özümiň bilip duran zadymy Guwançdan soradym:
– Guwanç, sen ýaňy «Näme üçin dogan okaşanyny aňýan» diýdiň. Näme üçin?
– Aýdaýynmy, Gülsoltany menden gabanany üçin. Bu barada ikimiziň aramyzda gürrüňem bolupdy. Senem muny bilýädiň. Kyýamatlyk dogan bolsa, Gülsoltana seretmez diýen bolmaly. Ýöne hiç bir esas ýok ýere näme üçin gabandy, men-ä bilmedim. Bir fakultetde okaýar, bir ýerde ýaşaýar, çeper höwesjeňlige gatnaýarlar diýip gabanan bolmaly. Gyzlar bilen gürleşip, degşip-gülşüp ýörenem bolsam, gören gyzyma göz gyzdyryp ýören jalaýlardan däldim men.
Men tassykladym:
– Dogry, dogry, aýdýanlaryň.
Men ýerine düşse-düşmese-de degişme ýasajak boldum:
– Onda Baýly bilen okaşan kyýamatlyk doganlygyň başam barmagyňy ýaralanyňa degmändir-dä.
– Başam barmak hiç-le, oňa salnan ýara şol wagt üç-dört günden soň bitip gitdi weli, ýürek ýarasy azar berýär.
Guwanjyň ýürekden aýdan örän jaýdar sözi meni gaýdyp gepletmedi.
Ertesi göwünlik üstüne göwünlik berip, hoşlaşyp çykyp gaýtdym. Jaýdan çykanymam şol, birden bogazym dolup, gözlerime ýaş geldi, çep tarapym çalaja sanjan ýaly boldy. Bu hala düşüren zat nämekä? Guwanjyň düşen ýagdaýyna bolan gynanjymmy?! Ýa-da ýaşlykda Guwanç bilen okaşan galp kyýamatlyk doganlygy üçin Baýla eden gaharymmy?! Bilmedim…
Nury SEÝIDOW.
Hekaýalar