DÜNÝÄ HALKLARYNYÑ TARYHYNDAN
▶ LAPONLAR
Laponlar ýa-da Samiler: Norwegiýanyñ we Şwesiýanyñ Demirgazyk sebitlerinde örän gadymy döwürlerden bäri ýaşap gelýän etniki topar. Häzirki wagtda laponlaryñ umumy sany 60.000-e golaýdyr we 70%-i Ural diller toparyna degişli Sami (Saame) dili bolan lapon dilinde gepleýärler.
Laponlaryñ esasy güýmenjesi sugun ýetişdirmekdir (olaryñ ýaşaýan ýerlerinde 70.000-e golaý sugun bardyr). Laponlaryñ dokma matalarynyñ ýokary hilliligi we owadanlygy örän ünsüñi çekýär. Laponlaryñ özbaşdak baýdagy, milli gimnleri we milli baýramçylyk günleri bardyr.
■ Taryhy:
Umumy sany 80.000-den 100.000-e çenli bolan bu kowum özlerine "Lapýaly" diýilmegini islänoklar, çünki bu söz "ýyrtyk, ýama" diýmegi añladýar. Çünki olar dürli reñkli eşikler geýýändikleri üçin özleriniñ üstünden gülünýändirler öýdýärler.
Samiler bu ýerlere mundan 4.000 ýyl töweregi ozal gelipdirler. Wikinglerden soñra Orta asyrlarda iñ köpçülik bolup ýaşaýan halkyñ samilerdigi mälimdir. Şol döwürlerde wikingler bilen yzygiderli çaknyşyp duran samiler wikingler tarapyndan hasam demirgazyga gysylýarlar. Wagtyñ geçmegi bilen daşarky dünýä açylan wikingler samileriñ esasy söwda partnýoryna öwrülýär.
XVII asyrdan başlap Norwegiýa we Şwesiýa korollyklary tarapyndan assimilleşdirilip başlanan halk animistik geçmişlerini unutdyrylyp, hristianlygy saýlap almaga mejbur edilýär we öz ene dillerinde gepleşmek gadagan edilýär. Şwesiýanyñ, Norwegiýanyñ, Finlandiýanyñ, Russiýanyñ araçäkleri çekileninden soñra, samiler (laponlar) ýaşaýan ýurtlarynyñ medeniýetine we diline adaptirlenmäge mejbur boldular.
1956-njy ýylda Finlandiýada, Şwesiýada, Norwegiýada ýaşaýan samiler Demirgazyk konfederasiýasyny gurandan soñra hukuklary ugrunda göreşmäge mümkinçilik gazandylar. Häzir bu ýurtlarda resmi taýdan azlyk ýagdaýdan ýaşaýanam bolsalar, dillerini we medeniýetlerini mekdeplerinde okatmaga mümkinçilikleri baram bolsa, bular bilen çäklenmän, häzirem ýer we tebigy baýlyklar babatda göreş alyp barmagy dowam etdirýärler.
Käbir žurnalistler 1990-njy ýyllarda olaryñ genoside uçrandygy barada maglumatlaryñ bardygyny orta atýar.
■ Sungaty:
Iñ populýar sami sazlary iñlislerde hem ulanylýan "joiklerdir". Aýdymlarynyñ sözleri köplenç ruhanyýet temalaryndadyr.
"Lawu" diýilen aýdym aýdyş ýolunyñ şygyrpisint sözleri bolýar. "Wuelie" ýolunda bolsa bir we birnäçe solistiñ sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirilýär. Bu bagşyçylyk ýollary häzirem samileriñ arasynda dowam etdirilýär. Soñky nesiller bolsa döwrebap ritmler bilen sungatlaryng hasam baýlaşdyrýarlar. Ýerli saz gurallary has köp ulanylýar. Bir agaç bölegine ýa bir buýnuza (şah) kiriş dakylybam saz çalynýar. Sazanda kirişiñ uzynlygy we ýygylygy bilen oýnap nota işleýär.
Samiler "ENIGMA" atly aýdym-saz toparynyñ öz sungatlaryny tanadýandyyny düşünýärler. Aýratynam meşhur jaz saksafonçysy Žan Garbarekiñ "Legend Of The Seven Dreams" albomynda sami melodiýalary sami aýdymçysy Nils-Aslak Walkeapää bilen bilelikde ýerine ýetirilýär. Şol sanda Norwegiýada ýaşayan Mariýa Boine de Gabrieliñ albomlary hem giñden tanalýar. Sami sungatynda şamanistik däp-dessurlar aýratyn orun tutýar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Taryhy makalalar