21:36 Magtymguly hakynda bilinmeli hakykat | |
MAFTYMGULY HAKYNDA BILINMELI HAKYKAT
Magtymgulyny öwreniş
Türkmenistanyň Milli Lideri, şol wagtky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýini Halkara derejede 2014-nji ýylda bellemek hakynda Karara gol çekdi. Şol wagtky döwlet baştutanymyzyň bu Karary, sözüň doly manysynda, Magtymgulynyň ömür-döredijiligini düýpleýin ylmy esasda öwrenmäge täzeden jan berdi. Magtymgulynyň doglan senesi 1724-nji ýyl diýip resmi ýagdaýda kabul edildi. Dogrusyny aýdalyň, beýik akyldar Magtymgulynyň doglan senesi 1733-nji ýyl diýlip, Asmandan, hiç bir esassyz alnypdy. Armeniý Wamberi 1863-nji ýylda türkmen topragyna syýahata gelip, Gyzyl ahundan “80 ýyl öň Magtymguly ýaşap geçipdir” diýip eşidipmişin. Ynha, Wamberiniň şol aýdanlary Magtymgulynyň doglan-aradan çykan senesini bellemegiň tutarygy bolan “hakykat”. Wamberiniň 1863-nji ýylda türkmen topragyna gelen wagtyndan 80 ýyly aýryp, şahyryň ölen wagtyny 1783-nji ýyl diýip alypdyrlar, akyldar 50 ýaşdan uzak ýaşan däldir diýibem Magtymgulynyň doglan senesini 1733-nji ýyl diýip kesgitläpdirler. Magtymgulynyň ömür-döredijiligi baradaky öňki gelnen netijäniň Ependiniň ebjet hasabyndan tapawudy barmy?! Terjimehaly ýalňyş kesgitlenen Magtymgulynyň tutuş ömür-döredijiligi nädogry öwrenildi. Magtymgulyny garyp görkezjek bolup, beterinden beterini etdik. Mysal gerekmi, baş üstüne. Professor Mäti Kösäýew Golýazmalar hazynasynda 845-nji bukjada saklanan rowaýata esaslanyp, Magtymgulynyň kakasynyň terjimehaly hakynda şeýle netije çykarypdyr. Şol rowaýatda: “Magtymguly Ýonaçy ilhalar adam bolansoň, ony obadaşlary 40 ýaşynda üýşüp öýeripdirler, soňra Ýonaçynyň kyrk alty ýaşynda ogly bolupdyr” diýilýär. “Magtymgulynyň atasy Magtymguly Ýonaçy garyp maşgaladan bolupdyr. Ol 40 ýaşynda ileri ýüzden gerkez iline Atanyýaz Kadyryň hanlyk süren döwründe gelipdir. Ol Atanyýaz Kadyr hanyň ýanyna baryp: Obaňyzda men talaban durar ýaly kim bar? - diýip sorapdyr. Ondan soň Atanyýaz Kadyr han: - Gerkezde milletiň köpüsi gyşyklardandyr – diýip, şol tireden bolan bir adamyň öýüni salgy berýär”. “Magtymgulynyň neberesi” atly bu rowaýatda Atanyýaz Kadyr hanyň gyşyklar tiresinden salgy beren öýüne baryp, Magtymguly Ýonaçy şol hojalykda boluberipdir. Öý eýesi ony özüne ogullyk edip alypdyr. Soňra bolsa Magtymguly Ýonaçynyň başga ýere gitmezligi üçin öý eýesi Magtymguly Ýonaça öz agasynyň gyzyny alyp berenmişin. Magtymguly atlara ýona tiker ekeni, uýan, gamçy, çeki eder ekeni. Aýal tarapynyň işi meşik düýplär ekeni, aýallaryň kümüş şaý-seplerini hem arasynda ýasar ekeni. Bu rowaýatdan netije çykarsaň, Magtymgulynyň neberesi-pederleri gerkez däl-de, olar gerkez iliniň gyşyk tiresiniň arasyna goşulyp, soň gerkez bolupdyr. Emma Magtymguly Pyragy “Äleme belgilidir” diýen goşgusynyň iň soňunda: Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr. diýip, özüniň neberesiniň kimlerdendigini anyk beýan edýär. Şol sebäpli Magtymguly hakyndaky rowaýatlara tankydy nukdaýnazardan seljerme geçirmeli. Umuman, islendik rowaýatlary maglumat hökmünde kabul edip bolar. Emma rowaýatlary taryhy hakykat hökmünde kabul etmek mümkin däldir. Pyragynyň "Äleme belgilidir” atly goşgusynda onuň aslynyň nirelidigi, özüniň kimlerdendigi gaty anyk aýdylypdyr. Magtymguly baradaky şu zeýilli maglumatlar, biri-birine gapma garşy rowaýatlar XX asyrda şahyryň döredijiligini öwrenen alymlaryň hemmesinde bar. Haýran galmaly zat, akademik Baýmuhammet Garryýewem, Mäti Kösäýewem haýsydyr bir rowaýata salgylanýar. Alymlaryň salgylanýan rowaýatlaryny göreniňde, şol rowaýatlary alymlaryň özleri getiripdirler. Diýmek, B.Garryýewem, M.Kösäýewem öz pikirlerini tassyklamak üçin ýene öz-özlerine salgylanypdyrlar. Gaty geň, ýöne bu hakykat. Asla şol döwürdäki türkmenler, hatda häzirem kyrk ýaşyndan soň, başga oba baryp iş sorap, talaban durmak isleýän adama şühbe bilen garar. Sebäbi türkmen durmuşynda adam kyrk ýaşyna çenli hökman öz ornuny tapmaly diýen pelsepe ýörgünli bolupdyr. Dogrusyny aýtmaly bolsa, kyrk ýaşyndan soň, öýsüz-öwzarsyz talabançylyk gözläp ýören adama türkmeniň ykmanda hökmünde garajakdygyna şühbelenmese bolar. Şonuň üçin Magtymguly, onuň kakasy Döwletmämmet Azady, atasy Magtymguly Ýonaçy hakynda toplanan rowaýatlaryň geçen asyryň 30-40-njy ýyllardygyny gözöňünde tutanyňda, ol rowaýatlaryň köpüsiniň ýoýlandygyna, käbir rowaýatlaryň bolsa pikiri tassyklamak üçin toslanyp tapylandygyna şübhelenmeýäris. Şol sebäpli Magtyguly hem onuň nebereleri barasyndaky rowaýatlar garym-gatym edilipdir. Şol bir rowaýatyň Magtymgulynyň, Azadynyň, hatda Magtymguly Ýonaçynyň adyna berilýän halatlary hem bar. Mysal üçin, bir dul baý aýalyň ýesir düşen ogluny bir rowaýatda Azady, beýleki bir rowaýatda bolsa Magtymguly Pyragy boşadyp, hamana ol aýal “Don bersem tozar, at bersem garrap öler” diýip, mülk ýeriniň bir bölegini berenmiş. Biziň toplan rowaýatymyzda bolsa bu rowaýat Magtymguly Ýonaçynyň adyna berilýär. Şol sebäpli Magtymguly hem onuň nebereleri barasyndaky rowaýatlary olaryň döredijiligi hem türkmen durmuşynyň şol döwürdäki taryhy hakykaty bilen deňeşdirip, seljerip, rowaýatlara baha bermelidiris. Asla Magtymgulyny öwrenmegiň ilkinji çeşmesi şahyryň öz döredijiligidir. Magtymgulynyň eserleri obrazly aýdanyňda, men 1733-nji ýylda dogulmadym, ondan has ir doguldym diýip yşarat etdi. Sebäbi şahyryň döredijiligi Nedir şanyň döwleti dolandyran ýyllaryna şaýatlyk edýär. Hakykat ýüzünde, Nedir şa 1736-nji ýylda Eýran tagtyna çykanam bolsa, onuň Eýrana doly häkimligi 1732-nji ýyldan başlanypdyr, ýöne 1729-njy ýyldan Eýran döwletinde esasy mesele çözýän ýurduň Goşunbaşysy (häzirki goranmak Ministri) Nedir bolupdyr. Ynha, Magtymgulynyň çagalyk, ýaşlyk döwri Eýran-Turanyň parahatlyk zamany bolan Nedir şanyň häkimlik edýän döwrüne gabat gelipdir. Şonuň üçinem şahyr heniz ýetginjekä, 13-15 ýaşlarynda 1730-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda “Gürgeniň” , “Barsam Käbäni görsem” ýaly şygyrlaryny buýsanç bilen ýazypdyr. XVIII asyryň birinji ýarymynda Etrek-Gürgen Eýran tabynlygyndady. Şol sebäpli Nedir heniz şa tagtyna geçmänkä, Gürgen-Etrek sebitinde ýaşaýan ýomut, gökleň, ýazyr, awşar türkmenleri Nedir şanyň tabynlygynda bolupdyr. Nedir ýurduň Goşunbaşysy bolanda, onuň ähli goragçylary türkmenlerden düzülipdir. Nedir 1729-njy ýylyň başynda Horasandan Aşrafyň baştutanlygyndaky owgan goşunyny doly kowup çykarýar. Şol ýylyň ahyrlarynda bolsa Nedir şa Yspyhany owganlardan arassalaýar. Şeýlelikde, Nedir şa 1729-njy ýylda Eýran-Turanyň azat ediji serkerdesi hökmünde tanalýar. Eýran şasy Tahmasp II-ä Nedir şa täjini öz eli bilen geýdirip, ony tagta çykarypdyr. Nedir şa Tahmasp II-niň goşunbaşysy bolupdyr. Nedir Tahmaspa II-ä sözüni geçirip başlan badyna, Horasan ilatyndan üç ýyllyk salgydy ýatyrýar, 1732-nji ýylda Tahmasp II tagtdan agdarandan soň, Nedir ýene üç ýyl Horasanlylardan ( bu ýerde türkmenler ýaşapdyrlar) Nedir salgyt almandyr. Nedir şa 1736-njy ýylda şa tagtyna çykandan soňra, Hindistany özüne tabyn edende, ummasyz alan baýlyklarynyň hasabyna Eýran-Turany üç ýyl salgytdan boşadypdyr. Bu bolsa Nediriň horasany, türkmenleri jemi dokuz ýyl salgytdan boşadandygyny alamatlandyrýar. Nedir şa barada inkär edip bolmajak taryhy fakt. Nedir şa ýurduň paýtagtyny ySpyhandan Maşada şol zamanlar türkmenleriň-türki halkynyň köpçülik bolup ýaşaýan ýerine geçiripdir. Bu bolsa Nedir şanyň türki halkyna, aýratynam öz halky bolan türkmenlere has uly ynam bildirip, olara daýanandygyny görkezýär. Nedir şanyň türkmenlere gaty ynam edendiginiň ýene bir subutnamasyny aýtmakçy. Nedir şa 1738-nji ýylda Kandagary basyp alanda, zyndanda oturan adamlary boşadýar. Zyndandan boşanlaryň arasynda on alty ýaşly Ahmet, Nedir şanyň ynamdar nökeri abiwertli (Häzirki Kaka) Ýüzbaşy hanyň hossarlygynda Nedir şa esgerlikden gulluk edip başlapdyr. Düýnki zyndanda oturan Ahmet düşbüligi hem harby zehini bilen üç ýylda müňbaşy bolmagy başarypdyr. Ol Nedir şanyň gullugynda bäş-alty ýyldan has uly derejelere ýetýär. Soňra Ahmet şa bolup, Owgan döwletini esaslandyrýar. Diýmek, Owganystany esaslandyran Ahmet şa häzirki Kaka şäherinden bolan türkmen Ýüzbaşy hanyň teklip etmegi bilen Nedir şanyň gullugyna durup, beýik derejelere ýetipdir. Magtymgulynyň “Aly siziňdir”, “Döwletalynyň” atly şygyrlary hem şahyryň öz döwrüniň syýasy wakasyna seslenmesidir. Ol şygyrlaryň Nedir şa düzülendigini jikme-jik beýan edipdik. Ýöne şol şygryň içindäki şu jümleleriň diňe Nedir şa degişlidigini kim inkär edip biler. Ylýas kimin ebr çöken suwlarda, Kowus kimin duman düşen daglarda, Gençli şäher, Hydyr gezen çöllerde, Kadyr beren dünýä maly siziňdir. Bagşaşyň bent eder biler-bilmezi, Ykbalyň nist eder dogry gelmezi, Dükan käni − Jahangiriň almazy, Badahşan magdany – lagly siziňdir. Samarkant tagtynda gurlan ýaýlara, Mäti dek hylap siz sebze paýlara, Süleýman dek sözüň ýörir suwlara, Isgender dek derýa saly siziňdir. “Aly siziňdir” şygryndan alan bu mysalymyzda şahyryň wasp edýän şasy Samarkantyň, Yragyň, Yspyhanyňhökümdary, Jahangir almazyň eýesi. Magtymgulynyň zamanynda Eýran-Turanyň, şol sanda Samarkantyň hökümdary bolan ýeke-täk Nedir şadyr. Şahyryň “Döwletalynyň” şygryndaky şu bentler diňe Nedir şanyň ölümine bolan ahmyrly gynançdyr: Agyr uruglydyr hem beýik illi, Köp ýygylsa meşhur, älemde belli, Meýdanda – gylyçly, diwanda – dilli, Ýüze taýdyr özi Döwletalynyň. Dileg etse, doň daşlary erider, Gazap etse, hökmi daglar ýörüder, Güneşden göwherdir, Aýdan dürüdir, Pelekde ýyldyzy Döwletalynyň. Sansyz ile serkerdedir, soltandyr, Jeň ýerinde jellat, belki, arslandyr, Menzili − metjitdir, öýi − diwandyr, Gijesi-gündizi Döwletalynyň. “Görmesem söýlemen, oý bilen çenden” diýip, diňe hakykata gol berip, haky ýazan Magtymgulynyň “Sansyz ile serkerdedir, soltandyr..” diýip, diňe Nedir şaha bagyşlap ýazjagy görnüp duran hakykatdyr. Magtymguly Ahmet şa uly umyt bildirip, “Arşy-aglaýa” şygryny ýazanda, ony şalaryň şalary hökmünde wasp etse-de, Pyragy diýr, rowaç berer sen dini, Şalaryň şalary, yslamyň zeýni, Emriňe mutyg et Eýran zemini, Roz-u şeb nalyşym budur Hudaýa. diýip, Eýrany boýun egdirmegi ondan haýyş edip, hakykatdan aýagyny üzmändir. Şol sebäli Magtymgulynyň taýpa, hatda tire derejedäki beglere “Sansyz ile serkerdedir, soltandyr..” diýip ýazmajagy görnüp duran hakykatdyr. Nedir şanyň garşysyna Fethaly serdaryň ogly Muhammethasanyň 1744-nji ýylda ýomut türkmenleri bilen eden pitnesini hem Hywa tabynlygynda ýaşaýan ýomut türkmenleriň 1745-nji ýylda eden gozgalaňyny käbir taryhçylaryň ulaldyp, hamana türkmenleriň Nedir şaha garşy bolandygyny delilendirmäge çalyşýan alymlaram bar. Ýöne beýle garaýyş taryhy ýoýmakdyr. Sebäbi ol gozgalaňlar Nedir şa tarapyndan gazaply basylyp ýatyrylypdyr. Nedir şanyň tarapynda bolup, gozgalaňy basyp ýatyrmaga türkmenleriň gökleň, ýazyr, teke, alili taýpalary meýletin gatnaşypdyrlar. Ol galagoply zamanda käbir ýerlerde häkimlige meýilli owunjak emeldarlaryň bölek-büçek tarapdarlarynyň pitne turuzmagy adaty bir ýagdaý ekeni. Ol pitneler Nedir şanyň döwletine hiç bir hop-hatar abandyrmandyr. Umuman aýdanyňda, 1729-njy ýylyň başynda Nedir şanyň Horasandan (Owganystanyň, Eýranyň ýurdumyz bilen serhet ýakalary, Türkmenistanyň Mary, Ahal, Balkan welaýatlary-Horasan atlandyrylan sebite degişlidir) owganlary doly kowup çykarmagy bilen Nedir şa agzalan toprakda ýaşan halklar üçin azat ediji sekrkerde bolupdyr. Şonuň üçin onuň batyrlygy hakyndaky gürrüňler agyzdan-agza geçip rowaýata öwrülipdir. Magtymgulynyň çagalyk ýyllary Nedir şanyň hökmürowan zamanyna gabat gelip, Eýran-Turanda doly parahatlyk höküm sürüpdir. 1736-njy ýylyň birinji ýarymynda Eýran-Turanyň tas hemme ýeri, has anygy Nedir şa resmi Eýran-Turanyň şasy bolynça onuň tabynlygyna geçipdir. Elbetde, men Nedir şany bütinleý adalatly bir patyşa diýmek pikirinden daşda. Ýöne Nedir şanyň zamanynda Eýran-Turanyň diňe şoňa tabyn bolandygy hakykat. Zorluk bilen birleşdirilenem bolsa Orta Aziýada ýaşaýan ähli türkmenler bir döwlete-Nedir şanyň guran şalygyna hyzmat edipdirler. Nedir şa Eýran-Turanyň iň soňky hökümdarydyr. Nedir şanyň hökmürowanlygy bilen üznüksiz çapha-çaplygy başdan geçiren Eýran-Turana 1720-nji ýyllaryň aýaklaryna parahatlyk ornaşypdyr. Ynha, şu parahatlyk zamana Magtymgulynyň çagalyk döwri gabat gelip, şahyr türkmen topragyna bolan buýsanjyny beýan edipdir. Magtymgulynyň terjimehaly hakyndaky meselä dolansak, Sowet zamanynda hem ol senelere müňkürlik bilen garan alymlar az däldi. Geçen asyryň 30-40-njy ýyllarynda Ahundow Gürgenli Magtymguly Pyragynyň aradan çykan senesini 1813-nji ýyla getiripdir. Soňra Mäti Kösäýew Magtymgulynyň 80 ýaşap aradan çykandygyny meşhur edebiýat taryhçysy Ahundow Gürgenliniň kitaphanasyndan ýazylyp alnan maglumata salgylanyp subut etmäge çalşypdyr. Ahundow Gürgenliniň kitaphanasyndan alnan ýazgyda şeýleräk maglumatlar bar eken. 1935-nji ýylda Esenguly obaly 70 ýaşlarynda bolan Baýry Gazy diýen adamyň tassyklamagyna görä, 1913-nji ýylda Gökleňden Esengula haja gitmek üçin gelen Gyzylbaba atly bir gökleňiň aýtmagyna garanyňda, Magtymgulynyň çowlugy Annagurban 1913-nji ýylda Magtymgulynyň guburynyň üstünde sadaka beripdir. Şol sadaka berlen wagtda Magtymgulynyň ölümine 100 ýyl bolupdyr eken. Ahundow Gürgenliniň kitaphanasyndan alnan ýazgyda Magtymgulynyň haçan aradan çykandygy hakyndaky maglumat bilen birlikde onuň guburynyň atasy Döwletmämmet Azadynyň guburynyň günbatar gapdalynda ýanaşyk ýerleşip, Etrek çaýy bilen Soňudagy arasynda “Garry molla” diýen gonamçylykdadygy hem aýdylypdyr. Baýmuhammet Garryýew 1975-nji ýylda hem beýik akyldaryň döredijiligine degişli “Magtymguly” atly kitaby neşir etdirýär. Awtoryň bu kitaby onuň 1943-nji ýylda çap etdiren “Magtymguly we onuň watançylygy” atly kitabynyň üsti ýetirilen görnüşidir. Halypa alym bu kitabynda Magtymguly barasynda soň ýüze çykan käbir maglumatlary hem käbir pikirlerini goşupdyr. Mysal üçin, akademik B.Garryýewiň ýazmagyna görä, Nedir şanyň häkimligine garşy türkmenler aňsat boýun bolmandyrlar, Nedir şa-ha bermeli salgyt atllarynam aňsat bermändirler. Şonuň üçin, Nediriň serdary Tahmasyp han türkmenlerden gazaply öç alypdyr. Garaz, Nedir şa türkmenlerden howatyr edipdir hem bu halypa alymyň tassyklamagyna görä, Nedir şa gökleň hem ýomut türkmenlerine garşy Çendir derýasynyň boýunda gala saldyrýar. Bu waka 1732-nji ýylda Magtymgulynyň ähtimal ýaş oglan wagty bolýar. Görnüşi ýaly, B.Garryýew 1732-nji ýylda Magtymgulynyň oglan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär. Bu bolsa B. Garryýewiň Magtymgulynyň doglan senesi bilen ylalaşmaýandygyny şol wagtlar açyk öňe sürüpdir. Ýöne B.Garryýewiň Çendir derýasynyň boýunda türkmenlerden gorkup, gala saldyrdy diýýäni hakykata laýyk däl. Sebäbi Nedir şa özne tabyn eden ýerlerinde öň gala (Gala-belli bir goşunyň ýerleşen ýeri manysyndadyr. D.Ý.) salynmadyk bolsa, hökman gala saldyryp, şol galada şanyň goşunynyň bir bölegi ýerleşdirilýär eken, ol gala şol ýerleriň Nedir şa tabynlygynyň simwoly ekeni. Şalaryň ýa-da islendik döwletiň soň tabyn eden ýerlerine gala saldyryp goşun ýerleşdirmegi hemme döwürde hem adaty bir hadysadyr. Baýmuhammet Garryýewiň Nedir şanyň türkmenler bilen agzala boldy diýýän maglumatam taryhy ýoýmakdyr. Ýokarda Nedir şanyň türkmenlere daýanandygy hakyndaky maglumaty doly beýan etdik, gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Ol zamanlar şa-patyşalary garadonly edip görkezmek adaty bir ýagdaýdy. Esasy Halypa alymyzyň Magtymgulynyň doglan senesine müňkürlik bildirip eden çaklamasy derwaýys. Halypa alym Rahman Rejebow hem Magtymgulynyň 1733-nji ýyldan on ýyl töweregi öň doglandygy hakyndaky çaklamany geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başyna edipdi. Umuman, Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiliginde uly nätakyklygyň goýberelendigi hakyndaky çaklamalar halypa alymlarymyz tarapyndan yzygider ýazyldy. Ýöne ol zamanlar Magtymgulyny synpy nukdaýnazardan öwrenip, onuň ömür-döredijiligini garyp gatlakdan çykarmak islegi şol döwrüň syýasatynyň baş ugrudy. Şonuň üçinem akyldaryň ömür-döredijiligi hakynda birnäçe oňyn işleriň edilendigine garamazdan, Magtymgulynyň tütuş döredijiliginiň ýalňyş öwrenilip, şahyra, onuň pederlerine heňe gelmejek rowaýatlaryň, “ykbalyň” berlendigini aýtmagymyz gerek. Gündogar edebiýatynyň beýik akyldary Magtymgulynyň soňky on bäş ýylda dogruçyl ylmy esasda öwrenilip, dünýä ýaylýandygyny hakykatyň hatyrasyna nygtap bellemegimiz gerek. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |