23:05 Magtymguly söwda buržuaziýasynyñ ideologymy? | |
MAGTYMGULY SÖWDA BURŽUAZIÝASYNYÑ IDEOLOGYMY?
Magtymgulyny öwreniş
Surat: "Magtymguly" kinofilminden, 1968 ý. / Hommat Müllük XX asyrda beýik akyldar Magtymguly hakynda nämeler ýazyldy, nämeler edilmedi. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynyň birinji ýarymy Magtymgulynyň döredijilginiň zyýanly hasaplanan döwri boldy. Gurban Kulyýewiň 1932-nji ýylda “Magtymguly söwda buržuaziýasynyň ideology” diýen kitaby neşir edilýär. Onuň bu kitabynyň syýasy matlap bile ýazylandygy görnüp dur. Bu awtor türkmen halkynyň beýik, milli şahyry Magtymgulynyň poeziýasyny sosialistik düzgüne garşy edip goýmaga synanyşypdyr. Gurban Kulyýew Magtymgulynyň poeziýasynyň proletariat edebiýatyna garşy dini goşgulardygyny öňe sürse-de, Pyragynyň goşgularynyň halk içinde meşhurlygyny boýun almaga mejbur bolupdyr. Ol Magtymgulynyň halk içindäki meşhurlygyny ykrar edip, şeýle ýazýar: “Magtymgulyň dini pelsepä esaslanýan eseri häzir biziň proletariat edebiýaty meýdanynda gezip ýörýär. Ynkylaba çenli hem onuň eseri edebiýat meýdanynda meşhur hasaplanyp geldi; ynkylapdan soňky hetden daş ösen işçi-daýhan ýaş sowatlylary bu eseri goldan-gola alyp okaýarlar. Bu eseri her bir sowatly daýhan ýaşyň ýasdygy aşagynda, her bir ýaş-garry türkmen okyjysynyň stolynyň üstünde bar. Diýmek, häzir hem meşhurdyr”. Gurban Kulyýew Magtymgulynyň poeziýasyny hiç hili düşündirmezden tutuşlygyna dini edebiýat hasaplap, täze proletariat edebiýatyna garşydygyny tekrarlap, Magtymgulynyň meşhurlygyna garşy göreşiň zerurlygyny awtor şeýle delilendirýär: “Şuňa görä-de, Magtymgulynyň dini pelsepä esaslanan eseri biziň edebiýat meýdanynda gezip ýören bolsa (elbetde) munuň garşysy hem gezmegi gerek, 2-nji söz bilen aýdanda edebiýat meýdanynda Magtymguly bolsa, muňa garşy anti Magtymguly hem gerekdir". Gurban Kulyýew “Magtymguly söwda buržuaziýasynyň ideology” diýen kitabynda Magtymgulyny dindar edip görkezmek üçin onuň diňe dini pelsepä esaslanýan goşgularyny alyp, hatda ol goşgulary asyl görnüşinden ýoýup beýan etmäge hem çekinmändir. Awtor 65 sahypalyk bu kitabyny dokuz bölüme bölüp ýazypdyr. Gurban Kulyýewiň gödek sözler bilen Magtymgulynyň şahsyýetine pitjiň atýan ýerlerem kitapda az däl. Ýöne awtor bu kitaby ýazmak bilen halk içinde meşhur bolan Magtymgulynyň meşhurlygyna zeper ýetirip bilmändigine ynanýarys. Asla awtor Magtymgulyny tankyt etmek ony edepsizlik bilen masgaralamak diýip düşünene meňzeýär. Hatda Gurban Kulyýew Magtymgulynyň döwründe kapitalistik gatnaşyklaryň kemala gelmändigine, şahyryň ömrüniň soňky ýyllarynda türkmen durmuşynda kapitalistik ykdysady gatnaşyklaryň käbir alamatlarynyň ýaňy ýüze çykyp başlandygyna hem düşünmedik bolara çemeli. Sebäbi söwda buržuaziýasy kapitalistik ykdysady gatnaşyklaryň doly kemala gelen ýerinde ykrar edilen topar hökmünde ýüze çykýar. Söwda buržuaziýasynyň ideologlary bolsa kapitalistik ykdysady gatnaşyklaryň doly kämilleşen ýerinde emele gelip biler. Bilnişi ýaly, beýik akyldaryň ýaşan zamanasy bolsa feodalizm gatnaşyklarynyň höküm sürýän döwrüdir. Şol sebäpli Magtymgulynyň ýaşan zamanasyna laýyk gelmeýän, iň esasam, bu beýik akyldaryň döredijiligine görnetin töhmet atylýan Gurban Kulyýewiň “Magtymguly söwda buržuaziýasynyň ideology” diýen kitaby hakynda düýpleýin gürrüň etmän, şu aýdanlarymyz bilen çäklenmegi makul bildik. Magtymgulynyň döredijiligini düýpli öwrenen alymlaryň birem akademik Baýmuhammet Garryýewdir. Baýmuhammet Garryýew Magtymgulynyň Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmäge köptaraply çemeleşipdir. Akademik B.Garryýewiň “Magtymguly we onuň watançylygy” atly kitaby 1943-nji ýylda neşir bolýar. Gazaply urşuň dowam edýän döwründe Magtymgulynyň watançy şahyr bolandygy hakynda kitap çykmagy belli bir derejede syýasy matlaba eýerlendigini subut edýär. Emma şeýle-de bolsa bu kitap ylmy nukdaýnazardan häzirem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Akademik B.Garryýew Magtymguly hakyndaky bu kitabynda şol döwre çenli beýik akyldar barasynda ýazylan işleri, çap edilen neşirleri birin-birin sanap, olara tankydy nukdaýnazardan adyl baha bermegi hem başarypdyr. Akademik Baýmuhammet Garryýew Türkmenistana 1830-njy ýyllarda syýahata gelen iňlis leýtenanty Aleksanr Bornsyň “Ensklopedik sözlükde”: “Türkmenleriň, elbetde edebiýaty ýok” diýen pikirine berk gaýtawul beripdir. Bu halypa alym I.Kunoşyň türkmen edebiýatyny öwrenmekde uly hyzmat bitirenini ýatlap, Wenger alymy I.Kunoşyň: “Türkmen edebiýaty ýok diýmek ýaly gülkünç kesgitleme beýlede dursun, türkologiýa dünýäsinde meşhur bolan köp sanly halk dessanlaryny döreden türkmen halkydyr, olar bütinleý türkmenleriňkidir” diýen ylmy pikirini mysal getiripdir. Akademik Baýmuhammet Garryýew Eýranda rus konsultanty bolan A.Hodzkonyň Ýewropa okyjylaryny Magtymguly bilen ilkinji bolup, tanyşdyrandygyny belleýär. Ýöne B.Garryýew A.Hodzkonyň Magtymguly hakynda aýdanlaryny mysal getirmese-de, bu alym A.Hodzkonyň beýik akyldarymyz hakynda aýdanlaryny unamandygyny syzdyryp, şeýle diýýär: “Şeýlelikde hormatly Hodzko Magtymguly hakynda aýratyn bir iş etmese-de, onuň ady bilen bäş-üç gazaly bilen Ýewropa okyjylaryny tanyş edýär" Akademik B.Garryýew meşhur rus gündogarşynasy I.N.Bereziniň ilkinji bolup, rus okyjylaryny Magtymguly bilen tanyşdyrandygyny belläp, bu rus alymyna minnetdarlyk bildiripdir. Soňra halypa alym ýyl yzygiderligi boýunça Magtymgulynyň döredijiligini kim öwrenen bolsa, şol alymlaryň işleri hem Magtymguly hakynda neşir edilen kitaplary belläp geçýär. Akademik B.Garryýew Gurban Kulyýewiň “Magtymguly söwda biržuaziýasynyň ideology“ diýen kitabyny gysgaça, ýöne örän adalatly tankyt edipdir. B.Garryýew milletçileriň halkyň sosializm zamanyna çenli döreden eserlerini inkär etmegiň ýalňyşlyk bolandygyny belläpdir. Milletçileriň ters pikirlerine ynanyp, nusgawy edebiýatymyzyň belli bir böleginiň ýitmegine, ýok bolmagyna sebäp bolandygyny hem adalatly nygtapdyr. B.Garryýew metbugat üsti bilen olaryň açyk bihaýalyk edip, Magtymguly şahyra hüjüm edendiklerini ýatlaýar. B.Garryýew “Bu babatda nazarda tutýan zadymyz 1932-nji ýylda neşir bolup çykan “Magtymguly söwda buržuaziýasynyň ideology “ atly kitapjykdyr. Bu zeýilli samrama “eser’ agzalmaga-da, wagt sarp edilip garalmaga-da mynasyp däl. Şonuň üçin Magtymguly özüniň: Söz manysyn bilmez adam, Bir guýruksyz ite meňzär - - diýen pygamberlik sözüni ýokarky “kitapjygy” çyrşan “awtor” ýaly gybatkeşe göjele bolsun üçin ýazypdyr-ow diýip çäklensekde bolardy, ýöne ol jüre başdan-aýak çüýrük broşýurany basyp çykarmaga ençeme put kagyzdyr syýa zaýalanany üçin, ol hakda biz hem ýek ýarym sahypa gaýgyrmasakmykak diýýäris” diýip ýazypdyr. Alym B.Garryýew Berdi Kerbabaýewiň çapa taýynlamagynda 1926-njy ýylda arap jezit hatynda çykarylan Magtymgulynyň goşgular kitabyna hem adyl syn beripdir. Alym Magtymgulynyň bu goşgular kitabynda 300-e golaý goşgynyň ýerleşdirileni üçin, bu neşiriň şowly bolandygyny belleýär. Akademik B.Garryýew 1926-njy ýylda çapdan çykan Magtymgulynyň goşgular kitabyndaky kemçilikleri hem ýeke-ýeke görkezipdir. Halypa alymyň bellemegine görä, Berdi Kerbabaýew Magtymgulynyň goşgular kitabyny çapa taýýarlanda ilki bilen beýik akyldaryň bar bolan golýazmalaryny deňeşdirmändigini belleýär. B.Garryýewiň pikirine görä, Magtymgulynyň goşgulary düýpli deňeşdirilmän neşir edileni üçin, Berdi Kerbabaýewiň taýýarlan Magtymgulynyň goşgular kitabynda Şabendäniň “Gözelim” ýaly şygyrlary ýalňyş Magtymgulynyň adyna berlipdir. Baýmuhammet Garryýew 1975-nji ýylda hem beýik akyldaryň döredijiligine degişli “Magtymguly” atly kitaby neşir etdirýär. Awtoryň bu kitaby onuň 1943-nji ýylda çap etdiren “Magtymguly we onuň watançylygy” atly kitabynyň üsti ýetirilen görnüşidir. Halypa alym bu kitabynda Magtymguly barasynda soň ýüze çykan käbir maglumatlary hem käbir pikirlerini goşupdyr. Görnüşi ýaly, geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň aýaklaryndan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine oňyn baha berlip, şahyryň döredijiligi baradaonlarça, belki ýüzlerçe kitaplar ýazyldy. Şahyry 1733-nji ýylda doguldy hasaplap, onuň 225-250 ýyllyk ýubileýleri dabaraly bellenip geçildi. Emma öňem nygtap belleýşimiz ýaly, Magtymgulynyň doglan senesiniň ýalňyş alynmagy hem SSSR döwründe ylmyň, şol sanda Magtymgulynyň döredijiliginiň synpy nukdaýnazardan öwrenilmegi şahyryň poeziýasynyň dogry öwrenilmegine uly bökdençlik boldy. Ýok, men geçen ýüz ýyllykda Magtymguly barada köp işler edilendigini inkär etjek bolammok. Ýöne Magtymgulynyň döredijiligi barada oňyn işler edilendigine garamazdan, Pyragynyň döredijiligi köp babatda dogry öwrenilmedi. Indi anyk Magtymguly Pyragynyň maşgala-durmuşy baradaky meselä dolansak, näçe islemesegem, şahyryň ýeňňesini alandygy onuň golýazmada ýa-da halk içinden ýygnalyp alnan şygyrlarynda şek-şähbesiz tassyk bolýar. Geçen gezek “Magtymguly ýeňňesini alypmy?" diýen tema boýunça ýazan makalamda bu mesele barada anyk pikirimi aýdypdym, ony gaýtalap oturmaýyn. Ýöne şol makalama ýazylan teswirler haýran galdyrdy. Ol teswirleriň köpüsine jogap berildi. Teswirleriň birinde (kyssaçynyňky) şahyryň goşgularyna salgylanmagyň dogry däldigini, öz adyndan başga bir ýeňňesini alana duýgudaşlyk eden bolmagynyň mümkindigini aýtmagy haýran galdyrdy. Ylymda şahyryň döredijiligi şahsyýeti öwrenmegiň ilkinjisi çeşmesi. Elbetde, şahyr kimdir birine duýgudaşlyk edip eser ýazyp biler. Emma islendik şahyr anyk öz ykbaly barada şygyr ýazanda, ol poeziýa takyk onuň özüne degişli bolýar. Magtymgulynyň halkyň dilinden ýazylyp alnan, häzirem bagşylaryň ürç edip aýdýan “Menden eliňi çek dünýä” atly goşgynyň soňky bendi şeýle jemlenýär: Magtymguly, meni ýeňňä dakdylar, Köp ýalbarýan menden eliňi çek dünýä. Görnüşi ýaly, şahyr bu iki setirinde kimdir birine duýgydaşlyk edenok. Anyk özüniň ýeňňä dakylandygyny aýdýar. Beýik akyldar Magtymgulynyň ýeňňesini almagy onuň döwri, türkmen jemgyýetiniň şol döwürdäki jemgyýetçilik aňy bilen baglanyşykly hakykat. Biz Magtymgulyny hakyky bolşunda, şol döwrüň jemgyýetçilik aňynyň ýagdaýyny hasaba alyp kabul etmeli. Ýöne Magtymgulynyň ýeňňesine dakylmagy onuö döredijiligine oňyn täsir etmese ters täsir etmändir. Dogy, Magtymgulynyň özi ýeňňäni almak däbini unamandyr. Emma şahyr aňyrdan gelýän däp-dessury unamasa-da, ony kabul edip alypdyr. Beýik akyldar Magtymguly Pyragy hakynda köp eserler ýazyldy. Ol eserleriň köpüsinde Magtymgulynyň ýeňňesini alandygy tassyklanýar. Elbetde, çeper eserlerde Magtymguly ýeňňesini alypdyr diýip, ony hakykat hökmünde kabul edip bolmaz. Ýöne Magtymguly barada çeper eseri ýazan hemme awtorlaryň nämä esaslanyp bu pikiri unandygyny bilemzok. Emma “Magtymguly” romanynyň awtory bolan Türkmenistanyň Halk Ýazyjysy Gylyç Kulyýew SSSR-iň Eýrandaky ilçihanasynda dürli wezipelerde işlän ýyllarynda şahyryň ýakyn garyndaşlary bilen duşup, şahyryň maşgala-durmuşy barada köp zady anyklap, bu ussat ýazyjy: “Gynansagam, şahyryň döredijiligine ýüzlensegem, onuň dogan-garyndaşlarynyň gürrüňlerine esaslansagam, hatda rowaýtlara salgylansagam Magtymgulynyň ýeňňesi Akgyzy alandygyny ykrar etmekden başga alajymyz ýok” diýer ekeni. Magtymgulynyň ene başga dogany Gaýrygulynyň altynjy nesli bolan Ata işan Türkmenistana birnüçe gezek geldi. Ata işan 2001-nji ýylyň maýynda soňky gezek Türkmenistanyň Gumanitar birleşiginiň ýyganagyna gatnaşmak üçin geldi. Şu setirleriň awtoryna hem Ata işan bilen her gezek ýurdumyza gelende gepleşmek miýesser etdi. Biziň söhbetimiz hal-ahwaldan soňra Magtymgula syrykýardy. Ata işan hem beýik akyldar Magtymgulynyň ýeňňesini alandygyny tassyklaýardy. Ýöne Magtymguly barada ýazylan çeper eserlerde aýdylyşy ýaly, onuň dogany Abdylla ýitip, ýyly geçip-geçmänkä hem Magtymguly ýeňňesine dakylanok. Magtymgulynyň iki dogany Mämmetsapa hem Abdylla dereksiz ýitýär. Abdylla hojalygy bilen göçüp gidip ýitýär. Mämmetsapa bolsa onuň yzyndan gidip, dereksiz ýitýär. Mämmetsapa ýitenden, takmyn on ýyl geçensoň, onuň gelmejegine umyt üzülip, diňe şondan soň, belki, onuň amanadyny tabşyran habary eşidilip, Mämmetsapanyň öldi patasy alnandan soňra, Magtymguly ýeňňesine dakylypdyr diýip aýtsa bolar. Magtymgulynyň maşgala-durmuşy hakyndaky şu mesele okyjylar üçinem düşnükli bolandyr diýip umyt edýäris. Magtymgulynyň döredijiligi hakyndaky meselä dolansak, soňky on bäş ýylda beýik akyldaryň döredijiligini öwrenmek halkara derejesine çykdy diýip, ynam bilen aýdyp bileris. Soňky on bäş ýylda dünýäniň kyrkdan gowurak döwletine alymlaryň-döredijilik işgärleriniň ylmy-döredijilik iş sapary gurnaldy. Magtymgulynyň poeziýasy öňki SSSR-iň düzümine giren Respublikada ýaşaýan halklaryň tas hemmesiniň diline terjime edildi. Mundan daşgary hem Magtymgulynyň eserleri Ýewropanyň nemes, fransuz, italýan ýaly birnäçe dillerine terjime edildi. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|