00:38 Magtymguly ýeňňesini alypmy?! | |
MAGTYMGULY ÝEÑÑESINI ALYPMY?!
Magtymgulyny öwreniş
Magtymgulynyň ýeňňesi Akgyza öýlenendigi barada halk rowaýatlarynda, we şahyryň halk dilinden ýazylyp alnan, bagşylaryň ürç edip aýdýan “Menden eliňi çek dünýä” atly şygrynda maglumat bar. “Tüsse bolmasa ot çykmaz” diýipdirler. Şahyryň ýeňňesini alandygy barada halk rowaýatynda we onuň goşgularynda tassyklanýan maglumaty bütinleý inkär etmek asla mümkin däl. Halk içinde Pyragynyň ýeňňesi Akgyzy alandygy, ondan çagasynyň bolandygy barada rowaýat aýdylýar. Elbetde, hemme rowaýaty hakykat hökmünde kabul edip bolmaýşy ýaly, käbir rowaýatlaryň hakykatdan daş däldigini bellemelidiris. Magtymgulynyň halkyň dilinden ýazylyp alnan “Menden eliňi çek dünýä” atly goşgynyň soňky bendi şeýle jemlenýär: Kerbelada uruş teblin kakdylar, Garyby agladyp, baýy bakdylar, Magtymguly, meni ýeňňä dakdylar, Köp ýalbarýan menden eliňi çek dünýä Görnüşi ýaly, “Magtymguly, meni ýeňňä dakdylar” diýip zarlaýar. Pyragynyň halk içinden ýazylyp alnan goşgularynyň ygtybarlylygyna şübhelenmeýäris. Pyragynyň ýeňňesi Akgyzy almagyna şol döwrüň däp-dessury hem şahyryň maşgala ýagdaýy sebäp bolupdyr diýmäge doly esas bar. Şeýlelikde, Magtymgulynyň ýeňňesini alan bolmagynyň mümkindigini ortadan aýryp bolmaz. Ýöne şahyryň ýeňňesi Akgyzy haçan alandygy hakyndaky mesele häzire çenli çözülmän gelýär. Magtymgulynyň döredijiligini öwrenen Baýmuhammet Garryýew, Mäti Kösäýew, şahyr barada eser ýazan Gylyç Kulyýew ýaly ýazyjylaryň, alymlaryň ýazmagyna görä, Pyragynyň dogany Abdylla Çowdur han bilen owgan şasy Ahmet şanyň ýanyna gidende, ýitirim bolýar. Ine, şondan soň Abdyllanyň aýaly Akgyzy tizden-tiz Magtymgula dakylan hasap edýärler. Emma türkmen däp-dessury we şerigat kanuny boýunça hem jesedi tapylmadyk, iň bolmanda, ölendigi doly anyklanmadyk ýitigiň patasy alynmaýar. Patasy alynmadyk ýagdaýynda Pyraga doganynyň aýalynyň dakylmajakdygy öz-özünden düşnüklidir. Magtymguly ýeňňesini alypmy?! diýen sowala anyk jogap bermek üçin, onuň doganlary Abdyllanyň hem Mämmetsapanyň ykballary, olaryň dereksiz ýitmek meselesine anyklyk girizmelidiris. Bilnişi ýaly, akademik Baýmuhammet Garryýew, Mäti Kösäýew, Durdumuhammet Nuralyýew ýaly halypa alymlaryň ýazyşy ýaly, Magtymgulynyň doganlarynyň Çowdurhan bilen gidip, ýitirim bolandyklaryny tassyklaýan taryhy maglumat ýa-da Pyragynyň döredijiliginden ýekeje mysalam ýok. Şonuň üçin Pyragynyň doganlarynyň Çowdurhan bilen gitmändigi anyk taryhy faktdyr. Magtymgulynyň doganlaryy Abdyllanyň, Mämmetsapanyň Owganystana –Ahmet şanyň ýanyna gitmek bilen ýitig bolmandygyny ýörite nygtamak isleýärin . Abdyllanyň, Mämmetsapanyň haýsydyr bir mesele ýa syýahat bilen öýlerinden gidip, soňra dolanyp gelmändigi hakyndaky maglumat şahyryň golýazma nusgasynda gelýän hiç bir eserinde tassyklanmaýar. Ýöne Gylyç Mülliýewiň kiril hatynda Pyragynyň şygyrlary diýip tabşyran 214 goşgusynda şahyryň doganlary Abdylladyr Mämmetsapanyň ýitmek meselesine bagyşlanan birnäçe şygyr bar. Şu ýerde Gylyç Mülliýewiň kiril hatynda Magtymgulynyň goşgulary diýip tabşyran şygyrlarynyň hemmesini şahyryň eserleri hasaplamazlygyň dogry däldigini aýratyn nygtamak isleýäris. Ol şygyrlaryň uly böleginiň stili, iň esasam, ol şygyrlarda ulanylan sözler Pyragynyň öz poeziýasynyň gurluşyna doly laýyk gelýär. Munuňam üstesine, Gylyç Mülliýewiň ylmy dolanyşyga girizen goşgulary Pyragynyň şygyrlarynyň üstüni ýetirýär. Şol sebäpli Gylyç Mülliýewiň şahyryň goşgulary diýip kiril hatynda tabşyran şygyrlarynyň Magtymgulynyňkydygyna şübhe etmeýäris. Gylyç Mülliýewiň kiril hatynda tabşyran şygyrlary Abdylladyr Mämmetsapanyň Çowdurhan bilen gitmändigini hem Aý dogan ýaly aýdyň edýär we şahyryň doganlarynyň haýsy ýyllarda ýitirim bolandyklaryny, Pyragynyň ýeňňesini alan bolsa haýsy doganynyň aýalyny alandygyny anyklamaga esas berýär. Pyragynyň ol şygyrlaryndan görnüşine görä, ilki Abdylla, soňra bolsa Abdyllany yzlap, Mämmetsapa gidip dereksiz ýitýär. Ol goşgularyň mazmunyndan çen tutanyňda, şahyryň doganlary ýaşkalar ýitirim bolupdyrlar. Enesinden aýry ýatmaz oglanlar, Ýa, Rep, gören barmy bulardan, iller, Aýlanyýar aýlar, dolanyp ýyllar, Aýlar-ýyllar geldi, bular gelmedi. Pyragynyň “Abdylla”, “Bular gelmedi”, “Terk eýleme bu mekany” ýaly şygyrlary şahyryň doganlary Abdyllanyň hem Mämmetsapanyň dereksiz ýitendigini tassyklaýan eserlerdir. Haýran galmaly, bu goşgular bagşylaryň ürç edip aýdýan aýdymlaryna öwrüldi. Magtymgulynyň “Abdylla” diýen şygry: Sen gideliň dokuz ýyldyr öteni, Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla? Dolanmazmy ynsanýetiň gideni, Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla? diýen setirler bilen başlanýar. Şahyryň bu şygrynda üns bermeli bir maglumat bar: Üstümize hijran ody sepildi, Kuwwatym gidipdir, dyzym epildi, Gan ýyglap, atamyň bili büküldi, Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla? Görnüşi ýaly, Magtymgulynyň agasymy, inisimi tapawudy ýok, Abdylla dereksiz ýitip, onuň ýitenine dokuz ýyl bolanda hem, kakasy Azady diri ekeni. Pyragy Azadynyň gan ýyglap, atasynyň biliniň bükülendigini ýazsa-da, bu goşgy setirlerinden entek Azadynyň ölüm ýassygynda däldigini aňsa bolýar. Diýmek, Abdyllanyň Çowdurhan bilen Owganystana bile gitmändigini anyk aýdyp bileris. Sebäbi Çowdurhan Ahmet şanyň ýanyna 1755-nji ýyldan soň gidipdir. Emma Abdylla Çowdurhandan birnäçe ýyl öň gidip, ýitirim bolupdyr.i Şeýlelikde, Abdylla bilen Çowdurhan ikisem dereksiz ýitipdir. Emma olaryň ikisiniň dereksiz ýitmekleriniň biri-biri bilen asyl baglanyşygynyň ýokdugyny açyk aýdyp bileris. Ilki Abdylla, soňra Mämmetsapa Abdyllany yzlapmy ýa oňa kömek bermek maksady bilen gidip, olam gaýdyp gelmändir. Gylyç Mülliýewiň kiril hatynda tabşyran goşgularynyň içinde “Bular gelmedi” diýen şygyr üns berilmäge mynasypdyr. Bu şygryň başky bendi Abdyllanyň nähili ýol bilen ýitirim bolandygyny aýdyňlaşdyrýar: Göçi-gony birle göçdi Abdylla, Hemme giden geldi, bular gelmedi. Mämmetsapa gitdi kömek bermäge, Uzadanlar geldi, bular gelmedi. Bu şygryň mazmunyndan çen tutanyňda, Abdylla göçi-gony bilen öýünden, obasyndan nirädir bir ýere göçüpdir. Magtymguly Abdyllanyň maşgalasy hakynda hiç zat aýtmasa-da, şahyryň Abdyllanyň göçi-gony bilen gidendigini nygtamagy, Abdyllanyň aýratyn hojalyk bolandygyna şübhe goýmaýar. Diýmek, Abdylla ýeke özi däl-de, hojalygy, hemme goş-golamy bilen göçüp gidipdir. Mämmetsapa bolsa hojalygy bilen göçüp barýan inisimi, agasymy, parhy ýok, doganyna kömek etmäge oňa ýoldaş bolup gidipdir. Emma hojalygy bilen göçüp barýan Abdylladan we olaryň göçmegine kömekleşmäge barýan Mämmetsapadan gördüm-bildim bolmandyr. Şeýlelikde, Pyragynyň iki dogany bir döwürräkde ýitirim bolupdyr. Şahyryň “Bular gelmedi” şygry Pyragynyň haýsy agasynyň ýa inisiniň aýalyny alandygyny aýdyňlaşdyrmaga hem ýardam edýär. Görnüşi ýaly Abdylla hojalygy bilen göçüp gidipdir. Mämmetsapa Abdylla bilen bile ýa-da ondan azajyk soňrak hojalygy bilen göçen Abdyllanyň göçen ýerinde ýardam etmäge gidipdir, Ýöne iki doganyňam ykbaly pajygaly tamamlanypdyr. Bellemeli zat, Abdylla hojalygy, goş-golamy bilen gidensoň, onuň yzynda hiç bir nyşan galmandyr. Emma Mämmetsapanyň Abdylla kömek bermäge ýeke özüniň gideni belli. Şonuň üçin Magtymguly ýeňňesine dakylan bolsa, şahyr Mämmetsapanyň aýalyny alan bolmaly. Şeýlelikde, Pyragy özüniň uly agasy Mämmetsapanyň aýaly Akgyza dakylypdyr diýmäge doly esas bar. Pyragynyň “Bular gelmedi” şygrynda “Enesinden aýry ýatmaz oglanlar” diýen setiri Abdyllanyň ýaş wagtynda hojalygy bilen göçüp gidendigini tassyklaýar. Şu setire esaslanyp, Abdylla, Mämmetsapa 1740-njy ýyllaryň ortalaryna çenli ýitirim bolan bolaýmasyn diýen kanuny sowaly döredýär. Magtymgulynyň şygyrlaryndan, halk rowaýatlaryndan aňlaýşymyza görä, Mämmetsapa Magtymgulynyň uly dogany, Abdylla bolsa özünden kiçi inisidir. Şahyryň ýigrimi ýaşynda başdaş aýalyny pelege aldyrandygy anyk hakykat. Pyragy başdaş aýaly Meňliniň ýesir äkidilip, ýaryny pelege aldyrmagy bilen şahyr Meňlini kän yzlap gezipdir. Ýöne durmuş dowam edýär. Magtymguly diri aýralyga kaýyl bolmaga mejbur bolupdyr. Şahyr birnäçe wagt dul gezenem bolsa, ahyry gaýtadan öýlenipdir. Ýöne Magtymgulynyň öýlenendigine garamazdan, şahyryň maşgala durmuşy düzelip gidibermändir. Şahyryň başdaş aýalynyň näbelli ykbaly, Abdyllanyň hojalygy bilen, Mämmetsapanyň bolsa Abdylla ýardam bermäge gidip, ýitirim bolmagy, mundanam daşgary şahyryň ejesiniň, Janesen atly inisiniň aýaly bilen, aýal doganynyň aradan çykmagy şahyryň däp-dessura tabynlygyny has güýçlendiripdir. Magtymgulynyň maşgala durmuşyny ylmy derňew edeniňde, 1740-njy ýylyň başyndan başlap, şahyryň maşgalasyna yzly-yzyna ölüm, dereksiz ýitmek labyry düşüpdir. 1750-nji ýyllaryň ortalaryna çenli Azadynyň başdaş aýalynyň çagalaryndan Magtymgulydan, Zübeýdadan beýlekileri ýa-ha aradan çykypdyr, ýa-da dereksiz ýitipdir. Şonuň üçin Magtymgulynyň aýdyşy ýaly, Abdyllanyň dereksiz ýitenine 9 ýyl bolanda, Azadynyň gan aglamakdan bili bükülipdir. Azadynyň ýiten, aradan çykan çagalarynyň ykbaly üçin biliniň bükülendigine söz bolup bilmez. Ýöne Döwletmämmet Azadynyň Magtymgulynyň we ýiten ogly Mämmetsapanyň yzynda galan aýalynyň ykbaly üçinem gan aglaýandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Pyragynyň ýeňňesine dakylandygy baradaky söhbeti jemlesek, Abdyllanyň , Mämmetsapanyň dereksiz ýitendigine doly göz ýetirilip, bu iki doganyň ýitenine azyndan 10 ýyl geçensoň, olaryň patasy alnyp, takmyn, 1755-56 ýyllardan soň, Magtymguly agasy Mämmetsapanyň aýaly Akgyza dakylypdyr diýip, netije çykarsa bolar. Magtymgulynyň maşgalsynyň, il-gününiň başyna düşen agyr betbagtçylyk üçin ýeňňesi Akgyzy almaga razylyk berendigine şübhelenmeýäris. 1755-56-njy ýyllarda Magtymgulynyň söwer dosty Çowdurhanam Ahmet patyşadan habar almaga ýola çykyp, dereksiz ýitirim bolýar. Magtymgulynyň ýakyn aga-inisiniň, dostunyň dereksiz ýitmegi şahyryň kysmata, köneden gelýän däp-dessura kaýyllygyny has artdyrypdyr. Magtymgulynyň ýeňňesi Akgyza öýlenmegi gan aglap, bili bükülen Azadynyň gamgyn göwnüne azajygam bolsa teselli bolandyr. Magtymguly şu sebäpdenem ýeňňesi Akgyzy almaga razylyk berendir diýsek, ýalňyşmasak gerek. Magtymguly kyrkyň onunda diýilýän ýaşynda ýeňňesi Akgyza öýlenipdir diýmäge doly esas bar. Magtymgulynyň maşgala durmuşy, şahyryň ýaşy barada geçiren ylmy derňewimize görä, Azadynyň ilkinji çagasynyň gyz bolup, Mämmetsapanyň maşgalada uly ogul, Magtymgulynyň bolsa Azadynyň ikinji ogly, gyzlardan hasaplanyňda, şahyryň maşgalada üçünji çaga bolandygy has ynandyryjydyr. Mämmetsapanyň maşgalasy bilen göçüp barýan Abdylla kömek bermäge gitmegi türkmen adatyyr. Çünki hojalygyň iň uly ogly atanyň ornunda görlüpdir. Mämmetsapada Azadynyň iň uly ogludyr. Pyraga dakylan ýeňňesi agasy Mämmetsapanyň aýaly bolsa-da, Akgyz Magtymgulydan kiçi bolmasa, uly däldir, çünki türkmende oglundan ýaşrak gyzy almak däp bolupdyr. Pyragynyň Akgyzdan iki çagasy bolup, olar aradan çykypdyr diýilýän maglumatam hakykatdan daş däl bolsa gerek. Pyragynyň aradan çykan bir oglynyň ady Mollabäbek ekeni. Şahyryň Mollabäbek ogluna bagyşlap ýazan “Mollabäbek” atly şygry bar. Magtymgulynyň bu goşgusy doly görnüşinde bize gelip ýetmedigem bolsa, ol şygyrdan Mollabäbegiň iki-üç ýaşa ýetip ýogalandygyny aňsa bolýar: Ýanymda deň-duşuň oýnar, Gapymda gazanyň gaýnar, Içim ýanyp, gözüm oýnar, Depäňde käkiliň, balam. Görnüşi ýaly, Magtymguly aradan çykan oglunyň deň-duşlarynyň ýanynda oýnap ýörendigini ýazýar we şahyr oglunyň käkil saçyny ýatlaýar. Pyragynyň ogullarynyň, bolmanda bir oglunyň şahyryň otuz-kyrk ýaş aralygynda döwri aradan çykandygyna şek-şübhe bolup bilmez. Şeýlelikde, Magtymguly başdaş aýaly Meňliden diri aýrylyp, soňra şowsuz ikinji gezek öýlenipdir. Emma şahyryň ikinji ykbaly hem şowsuz bolupdyr. Şondan soňra Magtymguly agasy Mämmetsapanyň aýaly-ýeňňesi Akgyzy alypdyr hem ondan şahyryň iki ogly bolup, olar ýaşlygynda aradan çykypdyr diýmäge doly esas bar. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|