00:11 Magtymgulynyñ Külliýaty hakyndaky umytlar | |
MAGTYMGULYNYÑ KÜLLIÝATY HAKYNDAKY UMYTLAR
Magtymgulyny öwreniş
Magtymgulynyň edebi mirasynyň häzirki bize elýeter bolan döredijiliginden has köpdügine şübhelenmese bolar. Geçen asyryň başlarynda-da Magtymgulynyň ähli döredijiligini özünde jemleýän Külliýatynyň bolandygyny tassyklaýan anyk maglumatlar bar. Rus gündogarşynasy I.Belýaýewiň “Gyzykly golýazma” diýen çaklaňja makalasynda beýik akyldar Pyragynyň Külliýatyny özünde jemleýän uly golýazma eserini görendigini tassyklaýar. 1958-nji ýylda Babadaýhan etrabynyň “Täze ýol” daýhan birleşiginden 75 ýaşly Rejep Muham ussanyň aýdan sözlerem Magtymgulynyň geçen asyryň başlarynda Külliýatynyň bolandygyna şühbe goýmaýar. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, I.Belýaýew 1904-nji ýylda “Gyzykly golýazma” atly gysgajyk makalasyny Daşkentde çykýan “Turkestanskiýe wedomosti” atly gazetde çap etdirýär. Awtor bu makalasynda: “Zakaspi oblastynda Garrygalanyň töwereginde ýaşaýan türkmenleriň arasynda meşhur şahyr Magtymgulynyň ullakan golýazmasy saklanýar. Bu gyzykly edebi ýadygärlikde türkmen halk poeziýasynyň örän täsin nusgasyna gabat gelinýär” diýip ýazypdyr. Awtoryň ýazmagyna görä, şol golýazma göçürilip almak üçin her ýyl Aşgabatda geçirilýän halk sudlarynyň gurultaýyna getirilýän eken. Bu golýazmanyň soňky ykbaly belli däl. Babadaýhan raýonynyň (şol döwür atlandyrylyşy) “Täze ýol” kolhozyndan 75 ýaşly Rejep Muham ussa (Annamuhammet ogly) Magtymgulynyň Külliýaty barada 1958-nji ýylda şeýle diýipdir: “Biziň atamyz pahyr kümüş ussasy bolup, hut Magtymgulynyň elinden çykan kitaby dynmazdan okardy”. Rejep Muham ussanyň aýtmagyna görä, onuň atasy “Magtymgulynyň öz kitabyny Ahalda Miriş obasynda Ussa Tagan diýen adamyň öýünde görüpdir. Ol kitabyň ululygy desse çykan ýaly. Odun ýüp bilen iki oglan atyp barmaly eken”. Rejep Muham ussa hem, I.Belýaýew hem Magtymgulynyň adaty golýazmalardan has uly bir golýazmanyň bolandygyny tassyklaýar. Bu bolsa I.Belýaýew bilen Rejep Muham ussanyň gürrüňini edýän golýazmalarynyň Magtymgulynyň Külliýaty bolandygyny tassyklaýar. Alym A.Aşyrowam Magtymgulynyň Külliýatynyň bar bolmagynyň mümkindigini ortadan aýyrmaýar. “Külliýat” arap sözi bolup, ol “jemlenen, toplanan, ýygnalan, ähli” diýen manylary aňladyp, Gündogar kitap sungatynda bir ýazyjy-şahyryň ähl döredijiliginiň jemlenip, neşir edilen ýa golýazma görnüşinde ýazylan eserler toplumyna adalga hökmünde ulanylýar. Has dogrusy, Gündogarda bir şahyryň Külliýaty diýlende, şol şahyryň ähli ýazan eserlerini öz içine alýan golýazma aýdylypdyr. Görnüşi ýaly, Magtymgulynyň Külliýatynyň bardygyny gündogarşynas alymlaram, ýerli halkyň wekillerem tassyklapdyr. Hatda I.Belýaýewiň tassyklamagyna görä, Magtymgulynyň täsin, uly golýazmasy her ýyl Aşgabada getirilip göçürilýärem eken. Şeýlelikde, bu maglumatlardan çen tutanyňda, Magtymgulynyň Külliýaty il içinde bir ýa iki bolmaly däl. Mäneli ozan ýaşuly Meretmuhammet aga Magtymgulynyň örän uly golýazmasy bilen birlikde şahyryň soňraky çykan daşbasma eserleriniň mäneli Hojanazar ahunda bolandygyny bize 1992-nji ýylda gürrüň beripdi. Şu taýda aýratyn bir zady nygtasym gelýär. Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynda Welmyrat aganyň guba düýe berip, Magtymgulynyň bir golýazma eserini alandygy beýan edilýär. Aslynda Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynda beýan eden wakalary hakyky taryh bolup, ol taryh ýazyjy tarapyndan zamanasynyň syýasatyna laýyklykda belli bir derejede üýtgedilipdir. Mäneli ozan ýaşuly Meretmuhammet aganyň aýtmagyna görä, asly Herrikgala obasyndan Mänä göçüp gelen Seýitnazar ahunyň ogly Hojanazar ahun, takmyn 1880-nji ýyllaryň aýaklaryna Magtymgulynyň uly golýazmasyny Herrikgala obasyndan Nazar kätibe iki köşekli düýe, sekiz öweç (öweç goýnuň her biri 45 kg geçýän eken) goýun berip,(golýazmanyň kagyzlary, sahaplamasy, bezeg işleri kätibiň boýnuna eken) özüne göçürdipdir Hojanazar ahunyň Nazar kätipden Magtymgulynyň uly golýazmasyny göçürdip alýandygyny eşiden duşakly Welmyrat aga Hojanazar ahuna Magtymgulynyň halkyň esasy ýatdan bilýän goşgularyny Nazar kätibe özi üçin göçürip bermegi haýyş etmegi sorapdyr. Hojanazar ahun Welmyrat aga bilen Nazar kätibiň ýanyna gelip, Welmyrat aganyň islegini aýdypdyr. Nazar kätip bir guba düýä Welmyrat aga Magtymgulynyň edep-ekram, söýgi temasyndan, beýik akyldaryň bagşylaryň dilinde ürç edilip aýdylýan goşgularyndan 200 töwerek goşguny göçürip bermegi boýun alypdyr. Welmyrat aganyň guba düýe berip alan Magtymgulynyň golýazma eserinde şahyryň 200 gowurak goşgusy bolupdyr. Welmyrat agadaky Magtymgulynyň golýazma eseri ýeňil bolan soň, ol elden-ele geçip okalypdyr. Hojanazar ahunyň iki putluk (32,5 kg) Magtymgulnyň golýazmalar eseri bolsa agyr bolansoň, bu golýazmany ýörite hünärmen adamlar şahyryň goşgusyny öwrenýän bagşylar öýüň içinde duran ýerinde okap ýat tutar ekenler. Eger zerurlyk bolup, şahyryň Külliýaty daşaryk çykarylmaly bolsa, kitabyň her burçundan bir adam tutup, jemi dört adam ol kitaby daşary çykarýar ekenler. Meretmuhammet aganyň aýtmagyna görä, Magtymgulynyň Külliýatyny öýden daşary çykaryp salmak gaty mertebeli adamlara ynanylypdyr hem şahyryň Külliýatyny dört bolup çykarmaklyk Magtymgula bolan beýik sarpanyň netijesi bolupdyr. Şu günki günde Magtymgulynyň 200 gowurak goşgusy bir guba düýe bolsa gymmat. Ýöne şol döwri gözöňünde tutanyňda, kagyzyň, golýazmanyň bezeg işleriniň, sahaplamasynyň bahasyny, kätibiň zähmet hakyny goşanyňda, ol bahanyň kadalydygyna göz ýetirse bolýar. Golýazma satyn almak üçin berilýän puluň üçden biri kätibiň haky ekeni. Mysal, Welmyrat aga bir guba düýe berip, Magtymgulynyň golýazmasyny satyn alýar. Guba düýe 12 goýun hasaplanýar. Onuň üçden biri dört goýun. Kätibe 200 gowurak goşgyny göçürmek, bezeg işlerini etmek, sahaplamak, umuman, golýazmany taýyn etmek üçin tas bir aý wagt gerek ekeni. Şol dört goýun kätibiň bir aýa golaý zähmet haky hasaplanmaly. Nurmyrat Saryhanow Welmyrat aganyň guba düýe berip Magtymgulynyň golýazma eserlerini göçürdişini çeperleşdiripdir. Hojanazar ahunyňky bolan iki putluk Magtymgulynyň golýazmasy 1930-njy ýyllaryň başynda ýörite ýygnalyp ýok edilipdir. Şol ýyllarda köne golýazmalaryň ýüzlerçesiniň Mäne baba kümmetiniň, takmyn, 800-900 metr günbatarynda 5-6 metr çuňlukda çukur gazylyp gömlüp, soňra suwa gark edilendigini Meretmuhammet aga, Mäne obasynyň köne ýaşululary gürrüň beripdirler. Mäne obaaynda Magtymgulynyň Külliýatynyň bolandygyny A.Samoýlowiç “Magtymgulynyň aýdymlarynyň görkezgiji” atly işinde tassyklap, şeýle ýazýar: “Zakaspiý oblastynda Magtymgulynyň Külliýatyny kän gözledim, netije bermedi. Ýöne 1906-njy ýylda Merwde bir molla maňa Mäne obasynda birine degişli şahyryň Külliýatyny öz eli bilen göçürip alandygyny habar berdi hem Magtymgulynyň şol göçüren Külliýatyny ärsary bir molla okamaga berendigini aýtdy.” Görnüşi ýaly, A.N.Samoýlowiç Mäne obasynda Pyragynyň Külliýatynyň bolandygyny tassyklapdyr. Emma gynançly ýeri, bu alym wagtynyň çäklidigi üçin, Mäne obasyna baryp, şahyryň Külliýatyny görmändir. Şu sebäplere görä, Mäne obasynda Pyragynyň Külliýatynyň bolandygy hakyndaky maglumatlara şübhe etmese bolar. Meretmuhammet aganyň aýtmagyna görä, Nazar kätip Hojanazar ahuna Magtymgulynyň eserler toplumyny-Külliýatyny akyldaryň öz eli bilen ýazan Külliýatyndan göçürip beripdir. Mäneli ozan ýaşuly Meretmuhammet aganyň tassyklamagyna görä-de, XIX asyryň soňky çärýeginde hem Magtymgulynyň Külliýaty Aşgabadyň etegindäki Herrikgala obasynda-da bar ekeni. Meretmuhammet aganyň bu maglumaty Babadaýhan raýonynyň “Täze ýol” kolhozynyň 78 ýaşly ýaşaýjysy Rejep Muham oglynyň “Magtymgulynyň öz kitabyny Ahalda Miriş obasynda Ussa Tagan diýen adamyň öýünde görüpdir. Ol kitabyň ululygy desse çykan ýaly. Odun ýüp bilen iki oglan atyp barmaly eken” diýen gürrüňlerini doly tassyklaýar. Rejep Muham oglunyň Ahalyň Miriş obasy diýýäni Jeltek-Miriş- Herrikgala obasy. Has dogrusy, Herrikgala obasyna halk içinde Jeltek-Miriş obasam diýilýär. Şeýlelilkde, Rejep Muham oglynyň maglumat beren Ussa Tagan diýeni Herrikgalaly Atanazar ussanyň ogludyr. Atanazar ussa mäneli Hojanazar ahunyň kakasy Seýitnazar ahun bilen dogan ekeni. Şeýlelikde, Magtymgulynyň Külliýaty asly Herrikgalaly bolan Hojanazar ahunda hem Ussa Taganda hem bar ekeni. A.N.Samoýlowiç Mäne obasynda Pyragynyň Külliýatynyň bolandygyny tassyklap, Merwli bir mollanyň şol Külliýatdan öz eli bilen göçürip alandygyny ýazýar. Hojanazar ahun mäneli Berdinazar ahunyň kakasy bolup, Berdinazar ahun 1990-njy ýylyň başynda aradan çykdy. Berdinazar ahunyň ogly Muhammet mollanyň tassyklamagyna görä, onuň kakasy Berdinazar Magtymgulynyň Külliýatyny öz kakasy Hojanazar ahumdan miras alypdyr. Ýöne 1930-njy ýyllaryň başyna bu uly kitap başga-da birnäçe köne golýazmalar bilen gömlüpdir. Muhammet aganyň aýtmagyna görä, Hojanazar ahun Magtymgulynyň Külliýatyny 1885-nji ýylda edinipdir. Ol bu Külliýatyny Maryly Weli baýa öýünde göçürdipdir. Weli baý Hojanazar ahun bilen saçakly gatnaşykdaky dost bolupdyr. Weli baý Külliýaty göçürtmek üçin bir kätibe iş haky diýip sekiz öweje gepleşipdir. Weli baýyň elten kätibi Külliýaty iki aýda göçürip taýyn edipdir. Kätip Külliýaty göçürende Weli baýam onuň ýanynda bolup, kätibiň iki aýdaky ähli çykdajysy (iýip-içmek we beýleki çykdajylary) Weli baýyň boýnuna bolupdyr. Weli baý kätibi Marydan özi bilen getiripdir. Ol: “Magtymguly işanyň Külliýatyny göçürip edinmek üçin üç köşekli düýäniň bahasyny berdim, şu meniň ömrümde iň haýyrly eden işim” diýipdir. Weli baýyň Hojanazar ahundan göçürip alan Külliýatynyň soňky ykbaly belli däl. Ynha, A.N.Samoýlowiçiň Mäneli birinde Magtymgulynyň Külliýaty bar diýip habar bereni mäneli Hojanazar ahunyň saklan Pyragynyň Külliýaty bolup, alymyň Merwli bir molla Külliýaty göçürip alypdyr diýýäni bolsa Weli baý bolmaly. Weli baý dindar adam bolansoň, rus alymy ony molla hasap eden bolmaly. Geçen asyryň bolmanda ilkinji onýyllygynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Külliýatynyň bolandygy şühbesiz hakykat. Elbetde, bu günki gün ol Külliýat biziň elimzde ýok. Ýöne çykmadyk janda umyt bar. Magtymgulynyň Külliýatynyň bir ýerden çykmagy mümkin. XI asyrda ýaşan Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwan-e lugat et türk” diýen meşhur sözlügi XX asyrda bir hojalykdan tötänleýin tapylýar. Diýmek, Magtymgulynyň Külliýatyndan umydy üzmese bolar. Şahsy garaýşym boýunça Magtymgulynyň Külliýatynyň bu gün bolmasa ertir bir ýerden çykjagyna ynamym uly. Emma delilleri bolmasa-da buz üstünden tozan araýan käbir adamlar beýik akyldaryň on müňden gowurak şygryny (ýa şoňa barabar dürli eserleri) özünde jemleýän Külliýaty bir ýerden çykaýsa, şahyryň eserlerini kabul edip bilerlermikä?! Ynha, şu sowala welin, oňyn jogap bermek gaty kyn. Edil bir asyr mundan öňem Magtymgulynyň Külliýatynyň bolandygy baradaky anyk maglumatlar beýik akyldaryň eserler toplumynyň bir ýerden çykmagyna umydy güýçlendirýär. Halk giden bir umman. Köpüň dilegi köl bor diýipdirler. Magtymgulynyň Külliýatynyň tapyljagyna umydymyzy ýitirmäliň, adamlar!!! Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||