23:08 Mähriban sähra | |
Gulaçlap janyma şypaly howañ,
Goşgular
Ýüzüp geldim gyz göwünli gök ýaýla Salama gezdirlen täze gelin deý, Sen meni bossanlañ baryna aýla. Aýla sähram, başym aýlap öñkiñ deý, Hol buluda ýetjek bolsun meñ başym, Lälezar meýdana özümi ursam, Näzik güller, saçlaryma çyrmaşyñ. Gök ýazlar getirdi meni kemala, Sähram, señ goýnuñda bekedi süññüm, Asmanda kalbyma durulyk alyp, Şapaklar ýañagmy bezedi gülgün. Azaşyp däl, Geldim seni soraglap, Gülleñ küýsän göwnüm gülüñden gansyn, Ýaýlañy gark edip tylla güneşiñ, Oda dönüp meniñ kalbymda ýansyn. Çygly meýdan öñki ýaly hüwdüläp, Sogrup alsyn meni çuññur gussadan, Öwrenmeli zadym juda kän eken. Öwret maña ylham beren ussadym. OGULJEMAL ÇARYÝEWA. Elektron görnüşe geçiren: Afrasyýap | |
|
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ «Sallançakdan düşüp meýdana gitdim...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||