16:58 Mahymyñ watanynda | |
MAHYMYŇ WATANYNDA
Ýol ýazgylary
«Tatarda Zöhre jan, Bagdatda Mahym, Gözlerimiň agy-garasy gyzlar.» Mollanepes. 1. BAGDAT Bagdady görmek Mollanepese miýesser etdimikä? Şäheriň çetinden girenimizde öňi bilen şu sowal serimden geçdi. Eger geçen asyrlarda Orta Aziýa bilen arap ýurtlarynyñ, şol sanda Yragyň arasynda dowam eden gatnaşyklardan ugur alyp aýtmaly bolsa, onda Mollanepesiň ýa-da beýleki bir türkmen şahyrynyň Bagdatda bolup biljekdigini geňläp oturasy iş ýok. Baryp sekizinji asyryñ ortasynda Omeýadlaryň sülsülesiniň häkimiýetligine garşy Horasanda turan gozgalaňyň serdary Abu Muslim gadymy Merwde ýaşaýardy. Ol Omeýadlaryň goşunyna derbi-dagyn ediji zarba urup, Abbasylar sülsülesiniň häkimlige gelmegine ýardam edýär, olaryň Horasandaky dikmesi bolup galýar. Erkinlige gol ýapýan bu adamyň abraýynyň artmagyndan ätiýaçly halif Mansur ony öldürmäge perman berýär. 762-nji ýylda Bagdat şäheriniň düýbüni tutan hem şol Mansur bolmaly. Biziň üç adamdan ýazyjylar delegasiýamyzy Mansuryň adyny göterýän täze haýbatly myhmanhanada ýerleşdirdiler. Gapydan giren adamyň gözi öňi bilen Mansuryň heýkeline düşýär. Onuň uly heýkeli şäheriň görnükli meýdanynda-da bina edilipdіr, esasy köçeleriň biri-de onuň adyny göterýär. Myhmanhananyň jaýy Tigr derýasynyň üstüne abanyp dur. Meniň eýwanymdan uly derýanyň ýedi köprüsiniň üçüsi görünýär. Derýa garap durşuma ýene Mollanepesiň meşhur «Zöhre we Tahyr» dessanyny ýatlaýaryn. Tahyr garakçylara duşup şeýle diýýär: «Men Tatardaky Babahan atly patyşanyň Zöhre diýen gyzyna aşyk boldum. Babahan maňa duşmançylyk edip, meni sandyga salyp, Ýefrat derýasyna taşlady. Sandyk üç aý diýlende Bagdat şäherinden çykdy. Bagdat patyşasy Adyl şanyn gyzy Mahym maňa ýedi ýyllap garaşyk etdi». Sandygyň Bagdat şäherinden çykmagy üçin, ol Fyrat—Efrat derýasyna däl-de, Tigr derýasyna taşlanmaly. Eger Bagdatda bolan bolsady, Mollanepes beýle säwlige ýol bermezdi. Bagdat!.. Jadyly «Müň bir gijäniň» şäheri. Halif Harun Reşidň mekany. Şäheriň iň şagalaňly, märekeli köçesi onuň adyny göterýär. Mansur Abbasylaryň paýtagty bolan şähere Bagdat - Patahatlyk şäheri diýip at beripdir. Dogrudanam, eýwandan garap otursaň ol rahat görünýär. Ýaýrawy giň, boýy pes, köçeleri arassa, gijelerine ýagty şäher. Myhmanhananyň gapdalyndaky çatrygyň aňryja ýüzünde ýeke minaraly, gümmezi haşamly gök metjit ýerleşýär. Halaýygy namaza çagyrýan azan sesi reproduktordan belent ýaňlanýar. Bu ses meniň gulagyma gadymyýetiň sesi bolup eşidilýär. Metjidiň düýbünden geçýän köçeden okdurylyp barýan maşynlaryň tükeniksiz akymy bu sesi geňläp säginäýer öýdýärsiň. Eger-eger! Olaryň namazdanam derwaýys işi bar bolmaga çemeli. Olar muny azança bireýýäm duýduran bolsalar gerek. Belki, köne bilen täzäni parhlandyryp oturman, olaryň özara ylalaşygy hakda oýlanmalydyr? Belki, Yrak, aýratynam Bagdat şol ylalaşygyň göze ilýän, duýulýan mekanydyr? Ýeke hem iki gat kwartallaryň arasyndan galdyrylan täze tipli belent jaýlary synlanyňda olar töwerege gözegçilik etmek üçin dikilen ýaly, geň duýga maýyl bolýarsyň. Aşakdaky pessejik, gapysy palmaly tamlar bolsa, asmandan garaldygyça, içerdäki şährizadalary görer gözden gizlejek bolup görgä galýarlar. Bagdat—Rahatlyk şäheri. Tereň Tigr derýasy asuda akyp ýatyr, asmanam asuda. Emma myhmanhananyň gapdalyndaky depäniň üstündäki asmana atýan topy entek ýygnamandyrlar. Eýran bilen sekiz ýyl dowam eden urşuň togtadylanyna ýedi-sekiz aý geçen hem bolsa, parahat durmuşa kepil geçýän şertnama ýok. Şol zerarlam hatyrjemlik elden berlenok, awtomatly esgerler möhüm obýektleriň saklawynda durlar. Uruş döwründe Eýranyň atan raketalary Bagdadyň depesinden inipdir, herhal heläkçiligiň möçberi uly bolmandyr. Bu ýagdaýy belli bir derejede şäheriň içki gurluşynyň aýratynlygy bilen düşündirdiler. Ýokarda Bagdadyň ýaýrawynyň uludugyny aýtdyk. Şäher kwartallarynyň arasynda bag, gaýry ekin ekilen meýdanlar köp. Biziň terjimeçimiz, rus dili boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny ýazan Abbas Halefyň aýtmagyna görä, Bagdat özüne gerekli gök önümleriň esasy bölegini öz içinde ösdürip ýetişdirýär. Bu bolsa şäheriň howasynyň arassalygyny hem üpjün edýär. Häzir köp millionly şäherleriň arassalygy juda uly problema. Entek şol problema ähli ýitiliginde Bagdada degişli däl diýsek ýalňyşmasak gerek. Uruşly mesela dolanalyň. Raketalaryň şäher içindäki giňiş meýdanlara düşmegi adam heläkçiligini azaldýanlygy, galyberse-de, Yrakdan goýberilýän raketalaryň Tähranyň gür kwartallarynda zaýaçylygyň möçberini deneşdirip bolmajak derejede köpeldendigi raketa hüjüminiň kiparlamagyna getiripdir. Eýranyň ilatynyň sany Yrakdan üç esse köp, bu artykmaçlyk goşunyň sanyna hem täsir edýär. Başda Eýranyň goşunynyň hüjümi ýygydy, Yrak berk goranyş taktikasyna geçipdir, uruş dowam etdigiçe bu taktika berkidilipdir, esgerleriň köp ýitgä sezewar bolmagynyň öňi alnypdyr. Ýurduň ykdysadyýeti, kuwwaty, adam resursy uzaga çeken urşa tabyn edilipdir. Munuň daşyndan arap ýurtlarynyň ençemesi Yraga kömegini gaýgyrmandyr. Yragyň uruşdan tozgun halda çykmandygyny biziň gürrüňdeşlerimiz nygtadylar. Dogry, daşary ýurtlara edilen berginiň möçberi onlarça milliard dollar, emma ýurtda bu bergiden dynmaga degerli mümkinçilikler bar. Iň esasy nebit. Yrak dünýäde nebite iň baý ýurtlaryň biri. Spesialistleriň çaklamalaryna görä, ýer ýüzünde nebitiň zapasy gutaranda in sonky litr ýa Saud Arabystanyndan, ýa-da Yrakdan alnar. «Yrak nebitiň üstünde ýüzüp ýör» diýýänlerem bar. Entek gözleg-buraw işleri ýaňy doly güýjünde ýaýbaňlanýar. Bu işde biziň ýurdumyz bilen Yragyň arasynda hyzmatdaşlyk barha giňeýär. Eger ýurt nebitden ýylda 20-30 milliard dollar girdeji alyp bilýän bolsa, urşuň ýetiren zeperini düzlemek kyn düşmese gerek. Uruş ýyllary ýurduň içki düzgüni has berkäpdir. Urşa adam almak meselesinde-de hiç kim gaýgyryp durulmady diýdiler. «Bron» diýen zat bolmandyr. Ýokary wezipeli çinownikleri hem çagyryp, iň bolmanda, bir aý möhleti bilen frontuň öň hatarynda saklapdyrlar. Goý, front diýilýän nägehany gözi bilen görsünler diýdiler. Urşuň haý-haýly ýyllarynda-da studentleriň okuwynyň arasyny bölmändirler, diňe kanikul döwründe harby okuwyň zerurlygyna laýyklykda olary çagyrmak ýola goýlupdyr. Bagdat şäheriniň synasynda urşuň ýarasy görnenok, ýara düşen hem bolsa, günübirin bitirilipdir, ýöne ýüreklere düşen ýaranyň bitmejek derdine, hesretine ýadygärlik bina edilipdir. Uruşda şehit ölenleriň ýadygärligi özünin obrazlylygy, monumentallygy bilen baranlary haýran edýär. Ikä bölünen Ene ýüregi. Her bölek ýarym şar şekilinde, göm-gök hem juda belent. Ýadygärligiň tutuş ansambly on gektar meýdany tutýan bolsa gerek. Suw ýaly arassa mermer düşelipdir. Tämizlik göwnüňden turýar. Sudandan gazanç gözläp gelen rapa reňk arap ýigitleriniň bir elinde çotga, beýlekisinde esgi, olar mermer düşekleriň arasyndaky seplere düşen kir-kimri, tozany diş ýuwan ýaly arassalap ýörler. Ansamblyň aşagyndaky zallarda urşuň taryhyny, gündeligini beýan edýän materiallar, prezident Saddam Huseýniň durmuş ýoluny gürrüň berýän dokumentler goýlupdyr. Biziň ýolbeledimiz Abbas Halefyň aýtmagyna görä, uruşda gurban bolanlaryň sarpasy bu täsin ýadygärlik bilen gutarmaýar. Olaryň maşgalalaryna degerli kömek berilýär. Edil işläp ýörendäki ýaly, şehitleriň aýlygy ýöreýär, dirileriň aýlygy köpelse, olaryňky hem köpelýär. Maşgalasy jaý salynjak bolsa, döwletden kömek alyp bilýär, çagalary ýokary okuw jaýyna girjek bolsalar, ýeňillikden peýdalanyp bilýärler diýdi. Ýadygärlik ansamblyna aýlanyp çykanymdan soň göwnüme bolmasa, onuň monumentallyk tarapy has agdyklyk edýän ýaly duýuldy. Güýje baýrynmak diýmäýin welin, meniň üçin bu binada haýsydyr bir buýsanjyň dabarasy, seni ikä bölünen Ene ýüreginiň matamyndan daşlaşdyryp barýan ýalydy. Köşklerde, mawzoleýlerde, ýadygärliklerde müdimiligiň alamaty görünmeli. Asyrlar boýy bu däp Gündogaryň binýatçylarynyň esasy matlaby bolup gelipdi. Men şu alamaty Bagdatda gurulýan binalarda görenime begendim. Juda gadymy toprakda ýaşaýandygyna düşünmek, taryhyň miras goýan binalaryna garap, asyrlardan gelýän däbiň öňünde nesil hökmünde borjuňy duýmak, geljek nesilleriň öňünde utanmaz ýaly yz galdyrmak, senden öňki galan yzlary ýitirmän gelejege tabşyrmak bu ýurduň binaçylarynyň niýeti bolsun gerek. Bu niýeti biz gadymy Wawilona, Nimruda, Kerbela, Kerkuga, Mosula syýahat edenimizde-de duýduk. Bagdadyň degre-daşyny belent palma agaçlarynyň zolagy gurşaýar. Günortadaky arap çöllerinden haplap gelýän ýyly şemalyň badyny gowşadýan penanyň barlygy uly şäherin klimatyna amat döredýär. Palma zolaklaryna aýlanyp ýörkäm Aşgabady göz öňüne getirdim. Şäherimiziň demirgazygy çöl, aradan kanal akyp ýatyr. Tomsuna çölüň epgek ýeli şähere urup dur, emma otuz ýyllap biz tokaý zolagyny döredip bilemzok. Şertem, güýjem bar, bize başarnyk, tutanýerlilik ýetenok. Jähennemçilik biziň etimizden ötüp, süňkümize ornap gidipdir. SSSR-iň Yrakdaky Adatdan daşary Ygtyýarly baş ilçisi W.I.Minin bizi kabul edip gürrüňdeş bolanda, bu ýerde-de üýtgedip gurmak, aç-açanlyk syýasatynyň dowam edýändigini aýdyp, siňe serediň, bizin syýasatymyz bilen deňeşdirip görüň, amatly zatlary öz tejribämizde ulanmak aýp däldir diýip, döwrebap pikiri ündedi. 2. ILÇINIŇ PIKIRINE SALGYLANYP... Täzeden gurmak syýasaty daşary ýurtlara syýahata gidýän sowet adamlarynyň psihikasyna, ynanjyna oňaýly üýtgeşmeler salýar. Hemişeler aýlanyp gelnen ýurtlar hakynda položitel bir pikir aýdylsa, dogrusy, halananokdy. Kapitalistik ýurtlarda ilatyň durmuş derejesi biziňkiden ýokary bolup bilmez diýen düşünje höküm sürýärdi. Eger magazinler harytdan doly diýäýmekçi bolan ýagdaýyňda-da ugruny tapyp diýmelidi, ýagny şol harytlary almaga ýönekeý zähmetkeş halkyň güýji ýetenok diýmeseň, indiki gezelenjiň ykbaly hakda oýlanmaly bolýardy. Ilçihanalarda-da gürrüň edilende çüýreýän kapitalistik ýurduň nädip çüýreýändigini aýtmaga ýykgyn edilerdi, çemodanlaryňyzy, dokumentlerinizi gözden salmaň, gije-gündiz siziň yzyňyzda gezip ýörendirler diýip, gezelenje barlan ýurdy edil duşmanyň mekanyna öwrüp goýardylar. Şol ýyllar kapitalistik ýurtlaryň birneçesinde bolmak miýesser edipdi, ýöne ýeke gezegem çemodanymyň dörülenini men-ä görmedim. Hernä, bu sapar bärde-aňyrda bize duýduryş beren bolmady. Baş ilçimiz W. I. Mininiň açyk gürrüňi göwnümizden turdy. Yrak respublikasy bilen Sowet Soýuzynyň arasyndaky gatnaşygyň ümzügi ileri, barha gerim alýar. Meliorasiýa, nebit-gaz gözlegi, energetika, ine, hyzmatdaşlygyň häzirki möhüm ugurlary. Bu ýurt öz senagatyny, aýratynam, agyr senagaty döretmäge baş goşýar, bu meselede-de arkalaşykly iş ýola goýulsa gerek. Yrak respublikasynyň döwlet syýasaty BAAS ýa-da başgaça aýdanyňda Arap täzeden döreýiş partiýasynyň programmasy esasda amala aşyrylýar. Onuň öz aýratynlyklary bar. Olar dünýäde araplaryň taryhy orny, şu günki ýagdaýy, milli aýratynlyklary, arap ýurtlarynyň ertirki birliginiň ykbaly, syýasy ugry bilen bagly. Geçen urşuň sekiz ýylynda BAAS partiýasy öz syýasatynyň durnuklydygyny görkezipdir. Yrakda döwlet başyndaky adamlaryň aglabasy öň graždan adamlar, olar uruş zerarly harby eşik geýmeli boldular, emma arap ýurtlarynyň birnäçesinde öňki harbylar döwlet başyna geldiler. Bu ýagdaý syýasatda tapawut döredýär. Yrak içki hem daşky syýasatynda aç-açanlyk saklamaga çalyşýar. Meselem, döwlet ähmiýetli meseleleriň käbiriniň parlamentdäki maslahaty gös-göni telewideniýe arkaly ýurda görkezilýär. Para üçin Bagdadyň şäher häkimine, işi göwnejaý alyp barmaklygy üçiň saglygy saklaýyş ministrine berk jeza çäresi görlüpdir, özem aç-açanlykda edilipdir. Ýurduň geografik şertleri amatly. Ekerançylyk üçin ýaramly ýer ňäçe diýseň bar, topragy mes, suwy bol. Tigr hem Ýefrat derýalary ýurduň içinden geçýär. Nebite baýlygyny ýokarda aýdypdyk. Yrak gadymy ýadygärlikleriň, gadymy siwilizasiýanyň mekany, beýik taryhyň mirasdüşeri. Musulman dünýäsiniň keramatly ojaklarynyň telimsi şu ýerde. Zyýarata gelýänleriň sany-sajagy ýok. Bu ýagdaý yraklylary öz artykmaçlyklaryna buýsanmak derejesine ýetirýär. Arap ýurtlarynyň arasynda öňbaşçylygyň özlerine degişli bolmalydygyny talap edýänler tapylýar. Şeýleräk pikir edýärler: arap dünýäsiniň ykbalyny, ideologiýasyny haýsydyr bir ylymsyz-bilimsiz çarwa beduinler çözmelimişmi, näme üçin taryhy köki iňňän çuň, medeniýeti ýokary yraklylar ikinji orunda durmalymyş?! Yrakda esasy emläk döwlet eýeçiliginde. Ykdysady gatnaşyklarda kooperatiwlerin işine ýol açylýar. Özüni oňarmaýan kärhanalar hususy kärhanaçylara kärendesine hem berilýär. Ýurtda işsizlik diýen zat ýok, gaýta işçi güýji ýetmezlik edýär. Döwlet syýasaty ilatyň köpelmeginiň tarapynda. Şonuň üçinem çaga dogrulmagyny çäklendirýän serişdeleri ulanmak, göwredäki çagany aýyrtmak jenaýat hasap edilýär. Çagaly hojalyklara maddy taýdan ýeňillikler, kömek berilýar. Eger işçiniň durnukly aýlyk haky ýüz dinar bolsa, ol her çaga başyna ýene ýigrimi bäş dinar goşmaça pul alyp bilýär eken. Häzir işçi güýjüniň ýetmezi beýleki arap hem aziýa ýurtlaryndan talap gözläp gelen adamlaryň hasabyna doldurylýar. Soňky döwürde bina edilen ýaşaýyş jaýlaryny görkezip, bular günorta koreýalylaryň gurany diýdiler. Ol ymaratlaryň belendi-de bar, pesi-de. Biz olary daşyndan synladyk. Olar Bagdadyň keşbine, durkuna goşulyşyp, garylyp, gadymy ansambla birjik-de zeper ýetirenok. Günorta şähere, yssy ýurda niýetleneni bada-bat göze ilýär. Penjireleriň ýekesine-de günüň howry gös-göni düşenok, daşyndan synlanyňda bu jaýlar gyşyna ýyly, tomsuna salkyndyr diýen pikir döreýär. Şäherleriň arhitekturasyny synlap, jaýlaryň meňzeşliginden gaça durulýandygyna göz ýetirdik. Köçe bilen gidip barýarsyň, iki tarapyň ýeke hem iki gat ýaşaýyş jaýlary, emma biri beýlekisinden tapawutly, adamlaryň biri-bňrine meňzeş däldigi ýaly jaýlaram meňzänok. Olar diňe öz eýelerine meňzeýän bolsalar gerek, şolaryň häsiýetine, islegine görä bina edilen bolsalar gerek. Munuň üstesine her şäheriň taryhy ýadygärliklerden gözbaş alyp gaýdýan sypatyny duýup bolýar. Meselem, Bagdatda gadymy arap arhitekturasyna häsiýetli alamat agdyklyk edýän bolsa, ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Mosul şäheri hakda muny aýtmak bolmaz. Bu şäherde gadymy Wawilon binalaryna mahsus alamatlary görse bolýar. Aýdylana subutnama hökmünde Assiriýanyň gadymy paýtagty Neýnawanyň ady dakylan myhmanhananyň täsin jaýyna salgylansa bolar. Bu köp gatly jaý zikkuratlaryň şeklinde bina edilipdir. Eger aç-açanlyga eýerip, görülýän gowy zatlardan özümize peýdaly sapak gözleýän bolsak, bu ýerde aýdara, öwrenere zat bar. Biz şäherlerimizde gurulýan jaýlaryň howa şertlerimize düýbünden gabat gelmeýändigini häli-şindi aýtsagam, problemany düzetmek üçin arhitektorlarymyzyň, gurluşykçylarymyzyň äwmezligi ilatyň islegini inkär etmek derejesine ýetdi. Eger olaryň paýhasy, başarnygy çatmaýan bolsa, Yrak ýaly gündogaryň ýurtlaryndan öwrenmekleri gerek. Biz şol ýurtlar bilen birmeňzeş howa şertlerinde ýaşaýarys. Şol jaýlaryň amaty biziň ýetip bilmeýän islegimiz. Taýyn proýektler alnanda bolanokmy? Başga şäherleriň inkär eden bolgusyz proýektlerini alyb-a yssy howada adamlara dert getirýän birmeňzeş beton jaýlardan tutuş mikroraýonlar salmaga namys edemzok, näme üçin daşary ýurtdan amatly zady almaga namys etmeli, çekinmeli?! Sokrat amatly zat gözeldir diýýär. Eger amatyna garap baha berilmeli bolsa, biziň mejbury suratda ýaşamaly bolan beton jaýlarymyz tagaşyksyzlygyň, bigörkligiň nusgasydyr. Bu nusgadan haçan el çekiljek, ony bilýän ýok. Häzirki biagyrlyk dowam etjek bolsa, onuň möhletini aýtmak kyn düşer. Baş ilçimiz ýurtda syýahat edeniňizde ýollaryň ýagdaýyna üns beriň diýdi, položitel pikýrler aýtdy. Onuň ýönelige aýtmandygyna biz soňra göz ýetirdik. Ýollar göwnejaý gurlupdyr, hem tekiz, hem giň. Bagdatdan Kerkuk şäherine ýaponlaryn «Toýota» maşynynda gitdik. Aralyk 260 kilometr. Ýoluň dowamynda maşynyň tekerleri gazganaga düşüp ýeke gezegem siltemedi diýsem ýalan sözleýändir öýtmäň. Şäheriň içinde köçä asfalt düşäp ýörenlere duş geldik, olaryň işini synladyk. Ähli işi maşynlar bitirýär, töwerekde eli pilli hümer adam görnenok. Şolardaky ýol maşynlar bizde-de bar, şolara berilýän çagyl, asfalt bize-de berilýär. Onda näme biziň ýollarymyz ýaramaz, büdür-südür? Tomsuna gyzan asfalt büklüm-büklüm bolup ýatyr. Her kimiň bitirýän işi onuň ýürek matlabynyň aýnasy. Biziň ýollarymyzam ony salýan, oňarýan adamlaryň kalbyna ogşaýar. Eger asfalt büklüm-büklüm bolýan bolsa, onuň aşagyna düşelmeln çagyl ýukadyr, bir bölegi ogrulara şam bolýandyr. Adamlaryň kalby arassa bolmasa iş göwnejaý bitmez. Ýüz metre düşelmeli asfalty iki ýüz metre çyrşap ýörüs. Döwletiň gaznasy üçin tygşytlylyk edilmeýäni belli ahyry! Döwlete beýle tygşytlylygyň derkary ýok. Biziň ýaramaz ýollarymyzyň bir ýylda getirýän zyýanyny iň maýdaja alamatlary bilen hasaplap bolsady!.. Uly geplemäýin weli, şol hasap ýollary ýaňadan gurmaga ýetse gerek. Indi taryhy ýadygärlikler hakynda. Yrak gadymy siwilizasiýanýň dörän ýeri. Ýefrat bilen Tigriň aralygynda ilkinji ekerançylyk medeniýeti başlanýar. Biziň eramyzdan öňki dört müňünji ýyllarda şumerler suw gurluşygynyň sistemasyny döredipdirler. Bu toprakda akkadlaryň, wawilonlaryň, assiriýalylaryň, arameýleriň, haldeýleriň, grekleriň, rimlileriň, parslaryň, parfiýalylaryň, araplaryň, türkmenleriň galdyran yzlary ýatyr. Yrak ilkinji tussag edilen jenaýatkäriň hem jenaýat işiniň hasaba alnan ýeri. Wawilonyň häkimi Hammurapi gadymy dünýäde iň kämil döwlet kanunyny döreden adam hökmünde tanalýar. Gadymy döwrüň basgançakly ýollary bilen tanyşmak isleýän adam Bagdatdaky taryh-arheologiýa muzeýine baraýmaly. Urşuň dowam eden ýyllary ätiýaç üçin muzeýi ýapmaly bodupdyr. Onuň gapysy ýene açyk. Muzeýiň ýerleşýän ýeri, zallaryň giňligi, eksponatlaryň ýerleşdirilişi biziň göwnümizden turdy. Ýurduň öz taryhyna guwanýandygy, buýsanýandygy her ädimde bildirip dur. Wawilonyň tutuş ansambly täzeden dikeldilýär. Dikeldiş işiniň gerimi bizi haýran galdyrýar. Gadymy binalary, metjitleri, mawzoleýleri saklamaga, rejelemäge pul, serişde gaýgyrylmaýan bolara çemeli. Bu ýurda gelýänleriň aglabasy onuň beýik taryhynyň aşygy. Şol aşyklaryn islegine. düşüňip, olaryň söýgüsini har etmän saklaýan halk medeniýetli halkdyr, kesekä-de, özüne-de sarpa goýmagy başarýan halkdyr. Ol öz nesilini hem şol ruhda ösdürmäge çalyşýar. Men bu pikiri muzeýe, Wawilonyň gadymy şäherine baran mekdep okuwçylarynyň toparlaryny synlap aýdýaryn. Okuwçylary Bagdatdan ekskursiýa getiren mugallym aýallar Wawilonda güler ýüz bilen bize duz hödür etdiler. Biziň Sowet Soýuzyndan gelendigimizi aýdanlarynda olaryň ýekesiniň gaşy çytylmady. Öňümize üç-dört dürli tagam goýdular. Olaryň myhmansöýerligini halkyň häsiýeti diýip düşünýäris, ýöne şol häsiýetiň döremeginde, ösmeginde, nesilden-nesle geçmeginde gapdaldaky belent ýadygärlikleriň bimöçber paýynyň bardygyny unutmalyň. Şol ýadygärlikleri dargatman, dünýäniň ähli künjünden gelýän aşyklara görkezip bilýän halk bu baýlygyň diňe bir halka degişli däldigine, adamzada degişlidigine düşünýändir. Şu düşünje halkyn göwrümine giňlik salýar, onuň kalbynda ynsanperwer duýgyny artdyrýar. 3. DIN. METJITLER. FIZULY Arap ýurtlaryny yslamsyz göz öňüne getirmek juda kyn. Öňden gelýän pikirlere salgylanyp aýtsak, araplar yslamy döreden bolsalar, ony berkitmekde Eýranyň, ýaýrawynyň giňelmeginde Türkiýäniň hyzmaty uly bolupdyr. Elbetde, bu pikir bilen biziň ýolbeledimiz Abbas Halef ylalaşanok. Onuň aýtmagyna görä, yslamy berkleşdirenem, onuň geografiýasyny giňeldenem araplaryň özi. Bu çapraz pikirleriň ýüze çykmagy arassa din meselesinden daşary syýasy hem ykdysady ýagdaýlar bilen hem bagly. Ýurduň syýasy gurluşyny yslama baglap, ony yslam respublikasy hökmünde jar edip, kanuny şerigata tabyn etmek tendensiýasy soňky döwürde ýüze çykyp ugranam bolsa, biz-ä Yrakda şu meýle tabyn adamlara duşup bilmedik. Belki, beýle adamlaram bardyr, ýöne BAAS partiýasynyň programmasy ortodoksal yslamyň dogmalaryny goldanok. Şol bir mahalyň özünde-de ol yslamyň hyzmatyny inkär edenok, araplaryn milli birliginde onuň rolunyň uludygyna bil baglaýar. Biziň bilen gürrüňdeş bolan adamlar Eýranyň ýolbaşçysy aýatolla Homeýniniň öňe süren prinsiplerine garşydyklaryny aýtdylar. Muhammet pygamberiň görkezmesine eýerýän adam özüne sežde edilmegine ýol berip bilmez. Homeýni şuňa ýol berdi, ýalňyşdy diýdiler. Homeýni ölümi birinji orunda goýýar, emma adam bu dünýä ýaşamaga gelýär, durmuşyň süýjüsini datmaga onuň haky bar. Eýran — Yrak urşunda Homeýniniň doktrinasy has gözilginç ýagdaýda ýüze çykdy diýip nygtadylar. Fronta iberilen adamlara: eger çalt ölseňiz, şonça-da hudaýyň keramatyna basym duçar bolarsyňyz, jennetdäki taýýar jaýyňyza gowşarsyňyz diýip wagyz edilipdir. Şeýle ynanja gözi baglanan adamlaryň set müňusi mina düşelen meýdanda partlama zerarly diwara degen kesek ýaly pytrap gitdiler. Eýran – Yrak urşuny döreden gatnaşyklarda din bilen syýasatyň birleşen kelebini çöşläp, olary aýyl-saýyl, biri-birine dahylsyz edip goýmak juda çetin. Olara aýry-aýrylykda garap ýagdaýa baha berip bolmaz. Yrakda yslamyň şaýy mezhebine uýýan ilatyň sany sünni mezhebine uýýanlardan agdyklyk edýär, on prosente golaý tapawut bar. Şeýle mezhebiň baş ymamy Hezret Alynyň mawzoleýi, onuň Kerbelada öldürilen ogly ymam Hüseýniň mawzoleýi Yrakda. Yslam dünýäsi üçin mukaddes, keramatly hasap edilýän bu guburlaryň ýanynda şaýylaryň dini akademiýasy, in belent ulamalary ýerleşýär. Olaryň täsiriniň iňňän uludygy hemmä belli zat. Eýranda-da ilatyn aglabasy şaýylar. Homeýni dini hadymlaryň tagallasy bilen iki ýurduň şaýylarynyň aýaga galmagy Yrakda sünnüleriň, şol sanda prezident Saddam Hüseýniň häkimlik başyndan çalt zyňylmagyna getirer diýen ynanja bil baglapdyr. Bu ynanjyň başa barmandygyny sekiz ýyl dowam eden gandöküşikli uruş aýan etdi. Yragyň şaýylary Watan diýen düşünjä has artykmaç sarpa goýupdyrlar. Dini merkezleriň ulamalaram Yragyň döwletine garşy aç-açan göreşe gitmekden saklanypdyrlar. Elbetde, bu ýerde Yrak hökümetiniň, prezident Saddam Hüseýniň alyp baran çeýe syýasatynam gürrüňsiz hasaba almaly bolar. Hökümet ilatyň şaýy toparynda nägileliklerin ýüze çykmagyny dürli syýasat, reformalar arkaly aradan aýryp bilipdir. Urşuň başlanan uçurlarynda prezident bassyr üç gün, birinji gün şaýylaryň, ikinji gün sünnüleriň üçünji gün kürtleriň din wekillerini çagyryp, olaryň arz-halyny dinläpdir, degerli kömekler beripdir. Bolan gürrüň üç günem telewideniýe arkaly ýurda görkezilipdir. Yrakda din meseleleri bilen iş salyşýan ýörite ministrlik bar. Ol hüşür-zekatdan ýygnanýan serişdä-de kontrollyk edýär diýdiler, ýogsa garamaýagyň berýän zekatyna el uran din wekilleri azlyk etmändir. Keramatly ýerleriň, mawzoleýleriň, metjitleriň gurluşygy, rejeleýiş işleri hem şol ministrligiň paýyna düşýär. Yraga yslam dünýäsiniň ähli künjeginden gyşyn-ýazyn zyýarata gelinýär, olaryň sany ýylsaýyn artmasa kemelenok. Munuň daşyndan dini merkezleri görmäge gelýän turistleriň sany-da artýar. Biz Hezret Alynyň Nejefdäki, ymam Hüseýniň Kerbeladaky, ymam Kademiň, ymam Agzamyň, şeýh Abdel Kader Geýlananyň Bagdatdaky mawzoleý-metjitlerine baryp gördük. Zyýaratçylaryň keramat, gudrat agtaryp sejde edýän guburlarynyň üstünde bina edilen mawzoleýler biziň gözümize Gündogaryň ymaratçylarynyň zehininden dörän sungatyň beýik ýadygärlikleri bolup görünýärdi. Şol ýadygärlikleriň saklanylyşy bizin ünsümizi çekdi. Olaryň altyn gümmezlerine, bosagasyna, törüne, üçegine serişde gysganylmandyr. Şaýylaryň ýedinji ymamy Musa al-Kademiň mawzoleýi dört minaraly, iki sany altyn gümmezli. Ymam Agzamyň mawzoleýi tutuş kwartaly tutup dur. Sport zallaryndan dar bolmadyk üç sany sütünli zala düşek ýazylyp goýlupdyr. Şunça giňişligi doldurmak üçin näçe adamyň namaza durýandygyny göz öňüne getirmegem kyn. Ymamyň gubrunyň töweregine diňe türkmen halylary düşelipdir, beýleki zallarda kileň maşyn halylar. Biz şu ýagdaýdan türkmen halylaryna aýratyn sarpa goýulýandygyny aňdyk. Ymam Agzam köplenç sünnüleriň zyýarata gelýän ýeri. Bu ýerde zyýaratçylaryň hümerini, galagoplugyny görmedik. Şaýylar Agzamy alym saýýarlar, onuň ymamlygyny inkär edýärler. Hezret Alynyn mawzoleýinden başlap, biziň görenlerimiziň ählisinde guburlaryň ýerleşişi bir meňzeş. Belent daş mazarlaryň töweregine ýogyn kümüş gözenekden otaga çalym edýän pena dikeldilipdir. Penanyň üçegi çadyr şekilli, tutuş altyn bilen örtülen. Zyýarata baranlar kümüş gözenegiň daşynda aýlanýarlar, onuň sypalanmakdan halys ýalpyldap giden gözeneklerini ogşap, ellerini maňlaýlaryna goýup bolmajysy bolýarlar. Aglap duran haýsy, aýat okap duran haýsy, näsaglaryň goltugyndan galdyryp ýören haýsy... Şol barmana-da egnine tabyt göterýän adamlar gygyryp, bat bilen gubruň daşyna aradan çykany aýlap ugraýarlar. Allanyň adyny gygyryp, üç öwrum edýärler, soňam gelişleri ýaly bat bilenem çykyp, golaýdaky öwlüýä ýönelýärler. Hezret Alynyň gubrunyň başynda duran birnäçe minudymyzyň dowamynda üç tabydy aýlap gitdiler. Zyýarata gelýän aýallaryň arasynda ýewropa lybasyndaky musulmanlaram köp, ýöne olar egnine gara şal dolanýarlar, kellelerine şalyň bir ujuny ataýýarlar. Erkekler welin durmuşda nähili geýim geýýän bolsalar şonuň bilenem gelýärler. Başa zat geýmek hökman däl. Mawzoleýiň içinde namaza duranlaryň arasynda başy açyklary näçe diýseň bar. Ýaşlaram kelleýalaňaç. Aýagy jinsili namaz okap duranam gördük. Ymam Hüseýniň mawzoleýinde rejeleýiş işleri alnyp barylýan ekeni, ýöne bu iş zyýarata päsgel berenok. Mawzoleýiň howlusyny giňeldipdirler, şonuň üçinem töwerekdäki jaýlanan mazarlaryň birnäçesini aýyrmaly bolupdyr. Biziň çak edişimize görä, şolaryň arasynda türki kowumlaryň baýat taýpasyndan (türkmenleriň hem baýat taýpasy bar) bolan gündogaryň beýik şahyry, «Leýli we Mejnun» rowaýatynyň esasynda in kämil eseri döreden, on altynjy asyrda Yrakda ýaşap geçen Muhammet Fizulam bolmaly. Bize, ine, şü Fizulynyn gubry diýip görkezip bilen zatlary bolmady. Mawzoleýiň uly derwezesiniň iç ýüzündäki gapydan jaýa giren ýeriňde ýüzi hatly daş plita bar ekeni. Şonda Fizulynyň şu ýerde jaýlanandygy habar berilýär. Aýdylyşyna görä, Fizulynyn ýatan ýeri ymam Hüseýniň aýagujy bolmaly, biz yma-myn aýagujunda-da mazar görmedik. Mawzoleýiň şyhlarynyň biri, Seýit Aly atly adam türkmençe gepläp, bizi açyk ýüz bilen garşylady. Daş plitanyn goýlan ýerinden başlanýan basgançak bilen ikinji gata çykardy. Ol ýerde okalga şekilli uly zal bar ekeni. Diwaryň ýüzündäkn şkaplar köne. Jiltli kitaplardan doly. Şolaryň arasynda Fizulynyň gadymy neşirleri hem saklanýar. Biz bu kitaphanada Magtymgulynyň diwanynyň ýokdugyna gynandyk, beýik klassygymyzyň arap elipbiýindäki kitabyny ibermegi wadalaşdyk. 4. ÝAZYJYLAR. NEŞIRÝATLAR SSSR Ýazyjylar soýuzynyň Yraga baran bu saparky delegasiýasy üç adamdan ybaratdy. Türkmenistan SSR Ýazyjylar soýuzynyň başlygy Annaberdi Agabaýew, Özbegistanyň Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň sekretary şahyr Muhammetsalyh Mädeminow hem-de şu ýazgynyň awtory. Biziň saparymyz iki ýurduň Ýazyjylar soýuzynyň arasyndaky baryp-gelşiň dowamydy. Geçen ýylky giden delegasiýa Moskwa hem Gruziýa ýazyjylarynyň wekilinden düzülipdi, bize gelen yraklylaryň biri arap, biri-de türkmen ýazyjysy Adyl Fuatdy. Adyl türkmen dilinde çykýan «Birlik sesi» žurnalynyň redaktory. Olar Aşgabatda hem bolupdylar. Biziň wezipämiz Yrak respublikasynyň durmuşy bilen tanyşmakdan, ýazyjylary bilen duşuşykdan, köpmilletli sowet edebiýatynyň häzirki ýagdaýy, üýtgedip gurmak syýasatynyn medeniýete ýetirýän täsiri hakda pikir alýşmakdan, hyzmatdaşlygy giňeltmekden, şahsy döredijilik planymyz bilen bagly material toplamakdan ybaratdy. Yragyň ýazyjylar soýuzy-da dürli mýlletden bolan edebiýatçylaryň birligi. Olar araplar, kürtler, türkmenler, assiriýalylar, jemi bir müň iki ýüz adama golaý. Şu halklaryň dilinde dört sany žurnal neşir edilýär. Birligiň edarasynda aýlyk alyp işleýän jemi bäş adam. Başlyk, orunbasar aýlyksyz işleýär ekeni. Galam hakyna ýaşaýan ýazyjynyň juda azdygyny, aglabasynyň güzeran üçin edaralarda, redaksiýalarda işleýändiklerini aýtdylar. Birligiň ýerlerde alty bölümi bar. Ýazyjylar edarasyny, neşirlerini saklamak üçin gerek serişdäniň bir ýanyny döwlet öz boýnuna alypdyr. Biziň delegasiýamyz Yrak ýazyjylar birliginiň hem-de sowet-yrak dostluk jemgyýetiniň başlygy, jemgyýetçilik işleri boýunça prezident sowetiniň çleni, şahyr Abdel Amir, ýazyjylar birliginiň baş sekretary, «Afah-al-Arabiýa» žurnalynyň baş redaktory, tankytçy Muhsin al-Musadi, Umumyarap ýazyjylar assosiasiýasynyň baş sekretary, BAAS partiýasynyň organy «As-Saura» gazetiniň baş redaktory, şahyr Hamid Said, syýasy hem çeper terjime edebiýatyny neşir edýän “Dar-al-Mömin” döwlet neşirýatynyň direktory, “Bagdat obserwer” atly iňlis dilinde çykýan gazetiň, “Gilgameş” hem “Bagdat” žurnallarynyň baş redaktory, terjimeçi Naji al-Habisi, “Al-Alkam” edebi žurnalynyň baş redaktory, şahyr Japar al-Allah, Yrak türkmenleriniň medeniýet merkeziniň hem-de türkmençe çykýan “Ýurt” gazetiniň ýolbaşçysy, şahyr Abdyllatyf Bender ogly, türkmençe çykýan “Birlik sesi” žurnalynyň redaktory, ýazyjy Adyl Fuat bilen duşuşdy. Bolup geçen söhbetlerden soň edebiýat işleri barada näme aýtsa bolar? Yrak ýazyjylarynyň soňky on ýyllykdaky döreden eserleriniň aglabasy diýen ýaly uruş temasy bilen bagly. Ýurduň özbaşdaklygyny goramak üçin alnyp barlan söweşlere žurnalistleriň, ýazyjylaryň gatnaşandyklaryny, telimsiniň janyny gurban edendigini aýtdylar. Yrak poeziýasynyň, prozasynyň däpleri bar. Men yrak prozaçylarynyň birnäçesiniň eserini rus dilinde okadym. Bu ýerde-de tutuş arap edebiýatyna mahsus bolan nowellaçylyk däbe eýermek islegi göze görnüp dur. Ata Aminiň, Fuat at-Keýsiniň, Mahmut Ahmet as-Seýidiň, Abdylla Niýazynyň hem başgalaryň hekaýalarynda zähmetkeş adamyň durmuşyna ýüzlenmek, ahlak päkliginiň belent mazmunyny halkyň asyrlardan gelýän gowy däplerine baglamak, agyr durmuşyň aladalaryna garamazdaň, umydy, arzuwy elden bermezlik ýaly äheňler öňe sürülýär. Elbetde, Yrak ýazyjylarynyň uruş döwründe döreden eserlerinden entek biz bihabar. Umuman, sowet ýazyjylarynyň eserleriniň terjime edilişi öwerlik däl. Muny urşuň derdeseri bilen düşündirmekçi boldular. Muňa garamazdan, biziň atly ýazyjylarymyzyň eserlerine islegiň artýandygyny aýtdylar. Ýazyjylar birliginiň ýanynda döredijilik işgärleriň kluby işleýän eken. Klubuň nobatdaky duşuşygyny synlamak bize-de miýeeser etdi. Şol gün Bagdat uniwersitetinden çagyrylan professor Çingiz Aýtmatowyň döredijiligi hakynda leksiýa okady. Gazet-žurnallaryň poligrafik işleri göwnejaý, tiražlary az. Meselem, «Al-Alkam» edebi žurnalynyň uruşdan öňki tiražy ýigrimi müň ekzemplýar ekeni, häzir azalypdyr. Ýene bir göze ilýän ýagdaý gazetleriň, žurnallaryň her günki, her gezekki sanynda prezident Saddam Hüseýniň bir ýa-da birnäçe portreti berilýär. Köçeleriň her künjünde, dükanlarda, garbanyşhanalarda, ýollaryň ugrunda, metjitlerde, kabinetlerde onuň portreti asylgy. «Al-Alkam» žurnalynyň redaktory häzirki yrak edebiýatyndaky iki akym hakda söz açdy. Birinji akym dünýä edebiýatynyň oňat däplerini öwrenmäge, ony yrak edebiýatynyň ösmeginde oňaýly ulanmaga çalyşýar. Ikinji akym moda kowalaşýar, awangard edebiýaty milli edebiýatyň garşysyna goýýar, öz klassyk edebiýatyny inkär etmek derejesine ýetýär. Bu topara esasan ýaşlar girýär. Olar esli ýaşdan soň durmuş tejribesini alyp, ýene öz milli edebiýatlaryna dolanyp gelýärler. Umumyarap ýazyjylar assosiasiýasynyň merkezi guramasy Bagdat şäherinde ýerleşýär. Oňa arap ýurtlarynyň on dördüsi girýär. Her iki ýyldan onuň gurultaýy çagyrylyp durulýar. Gurultaýyň aralygynda dört simpozium geçirilýär. 1988-nji ýylda bolup geçen gurultaýdan soňky birinji simpoziumy maý aýynda Bagdatda geçirmek bellenilipdir. Ol tutuşlygyna Palestina bagyşlanjak. Şu meseläniň goýulmagy arap dünýäsine derwaýys syýasy durmuşyň ýazyjylary gyzyklandyrýandygyna güwä geçýär. Assosiasiýa «Arap ýazyjysy» atly žurnal çykarýar. Neşirýat işi oňmaýan ýurtlaryň ýazyjylarynyň eserlerini neşir etmäge ýardam berýär. Bizin ýurdumyzda amala aşyrylýan üýtgedip gurmak syýasaty bilen bütin dünýäde gyzyklanylýandygy barada her gün ýazylýar. Urşuň dowam edýändigine, habar beriş serişdeleriniň materialynyň çäklidigine garamazdan, Yragyň döredijilik intelligensiýasy Sowet Soýuzynda bolup geçýän hadysalardan habarly ekeni. Munuň şeýledigini Bagdatda hem Mosulda ýazyjylar bilen bolan duşuşyklar aýan etdi. Mosulyň ýazyjylarynyň ýerli guramasynyň klubuna ýygnananlar bize örän ýerlikli sowallar berdiler. Olary aýratynam milli mesele, dine gatnaşyklar gyzyklandyrýar. Bizdaki problemalaryň birnäçesiniň çözgüdi yrak jemgyýetçiliginiň hem öňünde dur. Bu ýurt hem köpmilletli. Biziň delegasiýamyzyň düzülişi hem milli syýasatda dörän ynamyň şaýadydy. Iki türkmen, bir özbek. Hökman merkezlen adam goşulmanda-da boljak ekeni. Durgunlyk ýyllarynda bu ýagdaý juda-juda seýrekdi. Dine ynanmak meselesinde-de partiýamyzyň, hökümetimiziň syýasatyndaky üýtgeşmeleriň halkyň geçmiş medeniýetine sarpa goýmak bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny düşündirdik. Her bir halkyň diline, geçmiş taryhyna deň derejede garalan halatynda dürli milletleriň meýletin birligi emele gelip biler. Biziň bu ugurdaky başlan çärelerimiz, ertirki gazanjak netijelerimiz yrak jemgyýetçiligine sapak alarlykly nusga bolar diýen tamamyz bar. Sowet ýazyjylarynyň beren jogaplaryndan yrakly kärdeşlerimiz kanagatlanan bolsalar gerek. Olar bize, biziň halklarymyza beýik işleri ahyryna çenli berjaý etmekde tutanýerlilik, sabyrlylyk, wepalylyk arzuw etdiler. 5. TÜRKMENLER. «ÝURT» GAZETI. HYZMATDAŞLYK Annaberdi Agabaýew ikimiz Kerkuk şäherine aýlanyp geldik. Biziň soran adamlarymyz bu şäheriň bir milliona golaý ilaty bar diýdiler, gezümiz bilen görenimizden soň, bu maglumatyň dogrudygyna şübhämiz artdy, birneme artdyrylan bolmagam ähtimal. Kerkuk türkmenleriň köpräk ýaşaýan raýony. Türkmen edebiýatçysy, alymy, magaryfçysy Abdyllatyf Bender oglunyň doglan obasyna «Duz hormaty» diýýärler, ol Kerkukdan ýigrimi bäş kilometr çemesi daşlykda, Bagdat ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Bizi öňi bilen bu şäheriň ady gyzyklandyrdy. Bender oglunyň aýtmagyna görä, gadym wawilon patyşalygy zamanasynda bu ýerde Kerhina şäheri bolupdyr, şondan Kerkuk diýen at galypdyr. Yrak türkmenleriniň sany barada dürli maglumatlar berilýär. Biz ilçimizden soranymyzda ýüz müň adam bolsa gerek diýdi, şol bada ony düzetdiler, alty ýüz müňe ýetirdiler. Bender ogly dagynyň dilinden eşiden sanymyz bir million bäş ýüz mün adam. Kerkugyň köçelerinde, dükanlarynda ýerli türkmenler bilen duşuşdyk, söhbetdeş bolduk. Olaryň geýimleri araplaryňkydan tapawut edenok, diňe ýaşulularynyň sellesinde tapawut bar. Şol şäherde türkmenleriňki ýaly başy selleli araba duş gelmedik. Türkmenleriň garamaýaklary Türkmenistany, Sowet Soýuzyndaky türkmenleri bilenoklar. Olaryň Magtymgulynyň döredijiliginden bihabardyklaryny hem geňläp oturmaly däl. Orta Aziýadaky türkmenler bilen asyrlaryň dowamynda idili gatnaşyk bolmasa nireden bilsinler! Eger ozalynda bärde ýa-da aňyrda türkmenleriň döwleti bolan bolsady, gatnaşyk ýola goýlardy. Taryha ser salaňda, döwleti bolmadyk iliň gününe it aglasyn diýäýmeli. Çaýhanada domino oýnap oturan türkmenleriň ýanyna baryp, olar bilen surata düşdük. Ugrap barýarkak daş bosagada duran gyrçuw sakgally ýaşulynyň bolşy meni gynandyrdy. Men oňa nireden gelendigimi aýdýan, ol meniň ýurdumdan bihabar. Men oňa aragatnaşygyň ýola goýulýandygyny aýdýan, onuň kalbynda umyt uçgunlaryny döretjek bolýan. Ol biziň ýolbeledimiziň ýanymyzdan gidendigini görüp, hesret bilen uludan demini aldy, türkmenleriň gününiň ýeňil däldigini başyny ýaýkap, öz gününe özi ýanýan adamyň şekilinde aýtdy. Men gaýdyş ýolda «Duz hormaty» obasynda saklanyp, türkmenler bilen içgin tanyşmagy, eger mümkin bolsa olaryň öýüni görmegi ýolbeledimizden haýyş etdim. Ol bu teklibi göwnemedi, onuň gabanjaň hereketleri maňa aýdyň bolup duruberdi. Çaýhananyň daş bosagasynda galan ýaşulynyň keşbini gaýtadan göz öňüme getiremde gynançdan ýaňa ýüregim jigläp gitdi. Soňra bize Bagdatda türkmen ýazyjysy Adel Fuatyň öýünde myhmançylykda bolmak miýesser etdň. Onuň howlusy, giň jaýy rejelidi, ýewropalylaryň otaglaryndan parh edýän ýeri ýok. Biz Bagdadyň döredijilik intelligensiýasynyň dürli milletden bolan wekilleri bilen oturyp, Adelin ojagynda taýýarlanan tagamly nygmatlardan datdyk. Türkmenleriň sanynyň eslidigine garamazdan, olaryň dilinde mekdep ýok. 1973-nji ýylda mekdep açmaga rugsat berlen ökeni. Birbada 185 mekdep açylypdyr, ýöne olaryň işi uzak dowam etmändir, ýapylypdyr. Mosulda bolanymyzda bizi şäher häkimi kabul edip, birnäçe adamyň gatnaşmagynda agşam naharyny berdi. Saçagyň başyndaky mesaýy gürrüňiň dowamynda biz näme sebäbe türkmen dilinde mekdepleriniň ýokdugyny soradyk. Şäher häkimi bu ýagdaýy, hamala, türkmenleriň çagalaryny öz dillerinde okatmaga göwünjeň däldikleri bilen düşündirdi. Elbetde, beýle deliliň bizi kanagatlandyrmajagy aýdyň, ýöne myhman ýeriniň hormatyny saklamakdan, olara beýle bir ýakymly bolmadyk gürrüňi uzaltmagyň gelşiksizdigini aňyp oturybermekden başga alaç ýokdy. Mekdepleriň bolmazlygy türkmen dilinde ýazýan ýazyjylaryň, metbugat organlarynyň üstüne ençeme wezipe ýükleýär. Türkmenlerden segsen iki adam ýazyjylar birliginiň çleni. Olaryň köpüsi hem ene dilinde, hem arap dilinde çeper eserler döredýär, kitaplary çykyp dur. Türkmen ýazyjylarynyň birnäçesiniň proza hem poeziýa eserlerini, atalar sözleriniň ýygyndysyny, “Gurgur baba” atly dessany alyp gaýtdyk. Mümkinçilik boldugyndan olar bilen okyjylary tanyşdyryp durmakçy. Mundan başga-da Bender ogly bize yrak türkmenleriniň aýdymlarynyň bir kasseta ýazgysyny berdi, ony radio tabşyrmakçy. Şeýle ýazgylary medeniýet ministri Aşyr Mämiliýew hem getirip biziň radiomyza beripdir. Yrakly ildeşlerimiziň aýdym-sazlarynyň ýörite düzülen konsertlerini yzygiderli berip durulsa gowy bolardy. Daşary ýurt türkmenleri üçin edebiýatymyzy arap elipbiýinde çykarmagy ýola goýmasak, ildeşlerimiz bilen medeni aragatnaşygy öňjeýli alyp gidip bilmeris. Bu ideologiýa işiniň möhüm tarapy, biz şu çaka çenli dürli sebäplere, galyberse-de, öz äwmezligimiz zerarly juda köp zat ýitirdik. Möhüm işiň ýola goýulmagynda neşirýatçylaryň, alymlaryň, daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetiniň birleşen tagallasy, hemem partiýa, döwlet ýolbaşçylarynyň degerli üns bermekleri gerek. Meniň pikirimçe, türkmenleriň durmuşynda «Ýurt» atly hepdeligiň hyzmaty uly. Indi ýigrimi ýyla golaý Abdyllatyf Bender ogly onuň redaktory. Bu gujurly adam hakynda biziň gazetimiz öň hem ýazypdy. Ol 1937-nji ýylda demirçiniň maşgalasynda dünýä inýär. Şahyr, magaryfçy, taryhçy, dilçi. Dürli dillerde çykan goşgular ýygyndylarynyň, okuw kitaplarynyň, sözlükleriň awtory. Telim gezek Sowet Soýuzynda bolupdyr. Arap hem türkmen dilinde suwara gepleýär, iňlis dilini bilýär. Bender ogly bizi «Ýurt» gazetiniň redaksiýasyna alyp bardy, çaphanasyny görkezdi, işgärler bilen tanyşdyrdy. Gazet kiçi ölçegde, on alty sahypa bolup çykýar. («Edebiýat we suňgatyň» öňki ölçeginde). Redaksiýanyň döredijilik kollektiwi üç adamdan ybarat, esasan ştatdan daşary awtorlaryň hyzmatyna daýanylýar. Umuman, Yrakdaky gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda aýlykly işleýänleriň sany az. Gazetler ofset usulynda, neşirýat nazarýetinden ýokary hilli çykarylýar, gynançly ýeri, tiražlary az. «Ýurt» gazetiniň tiražy bary-ýogy iki müň. Biz bu gazet barada üç-dört ýyldan bäri eşidip ugradyk, respublikamyzda ol üç ýere yzygiderli gelýär. Bender ogly bizden biraz nägile bolandygyny hem aýtdy. «Men on ýedi ýyldan bäri size-de, azerbaýjanlara-da gazet gönderip gelýän — diýdi. — Soňky iki-üç ýyl bolaýmasa, öň siz tarapdan eger-eger ses çykmady, habar gelmedi. Azerbaýjandan derrew jogap berdiler. Gazetlerimizi alşyp ugradyk, baryş-geliş başlandy». «Biz hemişe gijräk gopýarys-da, Abdyllatyf, göwün etme, aragatnaşyk ýola goýuldy, indi hyzmatdaşýlgyň döwri geldi» diýdik. Dogrudanam, iki ýyl ozal Bagdat halkara ýarmarkasyna Türkmenistanyň gatnaşmagy aragatnaşygyň başlanmagyna badalga bolupdyr. Soňra medeniýet ministrimiz Aşyr Mämiliýewiň baştutanlygynda medeniýet işgärleriniň delegasiýasynyň barmagyny hasam oňuna bolan çäre hasaplaýarlar. Olar TSSR Ylymlar akademiýasyndan baran gündogarşynas Nazar Halymowy ýatlaýarlar, onuň arap dilini göwnejaý bilýändigini nygtaýarlar, özara ylmy, medeni hyzmatdaşlykda onuň tutumly işler edip biljegini aýdýarlar. Häzir biziň öňümizde duran esasy wezipe beýik Magtymgulynyň eserlerini türkmen hem arap dillerinde çykardyp, yrakly kowumdaşlarymyza milli guwanjymyzyň bardygyny aýan etmekden ybarat. Şahyryň eserleri meşhurlyk gazanyberse, onuň poeziýa günlerini geçirmegem ýerlikli bolar. Bu mesele bilen bagly bolan duşuşyklarda ýerlikli maslahatlar edildi. Yrak tarapy biziň islegimizi makullady, ýöne işiň guramaçylyk tarapy çynlakaý tagallany talap edýär. Eger biz köne keselimize eýerip, gowuşgynsyzlyk etsek, jähenneme ursak, gyzan tamdyra çörek ýapyp bilmän galmagymyz ähtimaldyr. Çynlakaý ýapyşylsa, hyzmatdaşlygyň ýoly az däl. Biz Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygyna yrak şahyrlaryny çagyrdyk, çakylygy höwes bilen kabul etdiler. “Edebiýat we sungat” bilen «Ýurt» gazetiniň aragatnaşygyny yzygiderli ýola goýsa boljak. Belki, alyş-çalyş sanlaryny çykarmalydyr? Bender oglunyň golaýda Aşgabada gelmegi ähtimal, şonda biz bu meseläni has anyk oýlanyşarys. Sowet ilçihanasynda medeni meseleleri alyp barýan Leonid Petrowiç Permýakow ýene birnäçe çärä biziň ünsümizi çekdi. Wawilonda geçirilýän aýdym-saz festiwalyna biziň «Sumbar» halk döredijilik ansamblymyz gidip bilerdi. Orta Aziýa respublikalarynyň milli saz gurallarynyň sergisi geçirilse, şol gurallarda oýnaýan artistleriň, bagşylaryň konsertleri berilse, ony yraklylaryň höwes bilen garşylajakdyklarynyň ujy iki däl. Halklaryň asyl sungatynyň gözbaşynda hemişe ýakynlyk bar. Yraga bahar gelip, Kerbela çölüniň sährasy gök öwüsdi. Bu bahar sekiz ýyl dowam eden uruşdan soňky asudalyk bahary. Ýurt weýran bolan şäherlerini galdyrmagyň aladasy bilen ýaşaýar. Prezident Saddam Hüseýin aňyrsy üç aýda Basra şäherini weýrançylykdan arassalamaga perman beripdir. Tehnika, adam güýji ululygy boýunça ýurtda ikinji şähere çozdy diýdiler. Köçelerden öter ýaly däl, tutuş şäher herekete geldi diýip, Basradan gelenler gürrüň berdiler. Her gün telewideniýe arkaly görkezilýän sýužetler olaryň aýdanlaryny tassyklaýardy. Şu zerarly bizem bu şähere planlaşdyran saparymyzy goýbolsun etmeli bolduk. Goý, indiki geleňizde urşuň ýarasyndan saplanan Basrany görmek size miýesser etsin diýdiler. Her gün agşam Mansuryň adyny göterýän haýbatly myhmanhananyň öňündäki meýdany täze çatynjalaryň töweregini şowhun bilen gallap gelýän märekäniň aýdym-sazy gurşap alýar. Olar bir däl, birnäçe. Öýlenenlere myhmanhanada bir hepde ýaşamak üçin döwlet tarapyndan mugt otag berilýän eken. Dogan-garyndaşlary gelin bilen ýigidi tans edip myhmanhananyň gapysyndan salýarlar. Myhmanhananyň golaýynda duran top häzir hiç kimiň ýadyna düşýän däldir, belki, bu adamlar uzaga çeken urşy eýýäm unutmaga ýetişendirler? Toý sowlar, töwerege ümsümlik aralaşar. Ýurtda dowam edýän häzirki ümsümlikde ýakymsyz dartgynlylyk duýulýar. Entek urşuň gaýtalanmajakdygyna kepil geçýän şertnama ýok. Şertnamanyň bolmagyny dünýä isleýär. Goý, asuda başlanan bahar toý sazyna ulaşsyn, hijran ýylyndan ätiýaç edýän mahymlaryň aýralyk gözýaşy mundan bu ýana gadymy topraga dökülmesin. 1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |