11:15 Maksuda başga planetalylar bilen duşuşdymy ýa-da... | |
MAKSUDANY NIRÄ ÇAGYRÝARLAR?
Geň-taňsy wakalar
Gazetimiziň 7-nji sentýabrdaky sanynda Daşhowuz şäherindäki 19-njy mekdebiň 9-njy klas okuwçysy Maksuda Çowdurowanyň başga planetalylar bilen gatnaşygy barada informasiýa berlipdi. Şondan soň bu wakanyň nähili bolup geçendigi bilen ýakyndan tanyşmak üçin şol mekdebe baryp. M.Çowdurowanyň özi hem-de onuň ejesi Ş.Eşmyradowa, mekdep direktory Ş.Allamow dagy bilen gürrüňdeş boldum. Öňi bilen gazetde berlen informasiýadaky käbir nätakyklyklar barada aýdaýyn. Informasiýada başga planetalylar bilen bolan duşuşukdan soň M.Çowdurowanyň üç günläp özüni bilmän ýatandygy hem-de şol wagtda onuň moskwaly bir alymyň išini ýatdan gaýtalandygy habar berilýärdi. Hakykatdan Maksuda bary-ýogy birnäçe sagatlap ýatypdyr. Özi-de şol wagt ol haýsydyr bir alymyň işini ýatdan gaýtalamandyr-da, eýsem ol käbir akademikleriň adyny tutupdyr, birnäçe düşnüksiz sözleri samrapdyr. Informasiýadaky Maksuda mekdepde başga planetalylar bilen duşuşanda, olaryň sesini ''mugallymlaram eşidipdirler'' diýlen habaram nädogry. Mekdep direktory Şamil Allamowyň aýtmagyna görä, olar hiç-hili başga planetalylaryň sesini hem-de onuň ''Men ýanýan, ýanyp barýaryn'', ''Wrango, meni äkitme, ejem gorkýar'' diýen sözlerini eşidipdirler. Eýsem hakykatdan waka nähili bolup geçipdir? Haçanda men bu waka bilen gyzyklanyp, Maksuda bilen gürrüňdeşlige başlajak wagtym ol özüniň bu barada eýýäm oblast ''Kommunizm ýoly'' hem-de ''Taşauzskaýa prawda'' gazetletiniň habarçylaryna gürrüň berendigini aýtdy. Şeýle-de bolsa ol maňa-da ýaltanman ähli zady başdan-aýak gürrüň berdi. Men Maksudanyň başdan geçiren wakalary barada ''Kommunizm ýoly'' gazetinde berlen materiýaly käbir gysgaltmalar bilen durşuna okyjylara hödürleýärin. ''WRANGO MENI ÄKITME'' Maksudanyň ejesi Şükürjan Eşmyradowanyň gürrüňinden: '' ㅡMen indi 20 ýyldan bäri şu mekdepde mugallyma bolup işleýärin. Maşgalamyzda iki gyzymyz, üç oglumyz bar. Gyzym Maksuda çagalygyndan okuwa höwesli, Ähli predmetler boýunça diňe gowy bahalar bilen okaýardy. Mekdep okuwçylarynyň respublikan olimpiadasyna gatnaşyp baýrakly orunlaryň birini eýeläp geldi. Birki ýyllykda ''Böwregim agyrýar'' diýip başlady. Dürli keselhanalara eltip seretdirdik, emma peýda bermedi. Iň soňunda ylmy merkezde barlatdyk. Şonda böwreginde we bagrynda daş bar diýdiler. Ýene-de ''zyýan'' tutup başlady. Soň ony Daşhowuz raýonunyň Lenin adyndaky kolhozynda Şelipe apa diýen ekstrasense görkezdik. Ol Maksudanyň ''zyýany'' tutup ýatyrka bejeriş çäresini geçdi. Gyzym böküp turdy. ㅡ Men gutuldym. Şondan soň ol bir ýyl gezdi. Şu ýyl ýaňy-ýakynda ýene-de ''Böwregim sançýar'' diýip, ýatyp galdy. Şol ýatyşyna hem samrap başlady. Sözleri düşnüksiz. Kä ýerinde Moskwa diýýär. Käbir professorlaryň adyny tutýar. ''Woronežde şu gün awariýadan iki adam heläk bolýar'' Men haýran galdym. Birdenem gazetlerde okanym ýadyma düşdi. Hasyr-husur kagyz, galam alyp onuň samraýan zatlaryny ýazyp ugradym. Käbir ýerde sözleri tersine, meselem ''Serdar'', ''Radres'' diýlen ýaly görnüşde aýdýar ekeni. ''Tiz kömegi'' çagyrdyk. Feldşer Jeren Amanowa geldi. Şol mahal Maksuda maňa: ''Goňşymyzyň kuhnýasynda stoluň üstünde pagta ýagy dur. Şondan bir käse getirip ber'' diýdi. Men öýdäki bar ýag üçin goňşulardan diläp ýörmegi bir hili gördüm. Şonuň üçin öýdäki ýagdan bir käsä salyp alyp geldim. Emma, heniz gapydan girip-girmänkäm ''Ýok ol ýag däl, sen başgasyny getirdiň, maňa diňe şol ýagdan getirip ber'' diýýär. Şeýle ýagdaýy birküç gezek gaýtalap gördüm. Gözlerini bir nokada dikip ýatyşyna baryny bilip ýatyr. Soň bialaç goňşulardan aýdylan ýagy diläp alyp geldim. Barsam Maksudanyň aýdyşy ýaly ýag aşhanada stoluň üstünde duran eken. Ol indi şol ýatyşyna ''Erik getiriň'' diýdi. Özem diňe bir däne bolsun'' diýdi. Men dädesine jaň etdim. Ol bir topar erik getirip gitdi. Maksuda heniz dädesi gelmänkä, onuň bir topar erik getirjekdigini aýdyp: ''Täzeden jaň et. Diňe ýekeje erik getirsin, onuň üçinem 3 manat pul töläp gaýtsyn'' diýdi. Soň ýene täzeden doganyma jaň etdim. Aýdylyşy ýaly erik geldi. Bazarda erik satýanam geň galypdyr. Edil şol mahal hem öýe myhman geldi. Şol başagaýlykda käsedäki ýag dökülipdir. Erigi hem çagalar ýok edipdir. Ýogsam bir topar erik duram welin ala-böle şony ýok edipdirler. Şol wagt Maksuda ýene dillendi: ㅡ''1-njy Maý'' köçesinde ýykylyp kesellän bir keselli bar. Özem orta ýaşly erkek adam bolmaly. Şol ýaňky erigi iýip, käsedäki ýagy ýedi gün baş ujunda, ýedi gün aýak ujunda goýup ýatsa keselinden gutular ㅡdiýdi.ㅡMeni şol keselliniň ýanyna alyp gidiň. Biz ýene haýran galdyk. Ony bu ýagdaýda keselliniň ýanyna alyp gidip boljak däldi. Ol günortandan soňra gowulaşdy. Soňra ony aýdylan ýere alyp gitdik. Özi dogry tapyp bardy. Aýdylyşy ýaly şeýle keselli bar ekeni. Maksuda ikinji etaža çykyp keselliniň ýatýan otagyna girdi. Onuň öýündäkiler hem geň galdylar. Biz ýagdaýy düşündirdik. Şol mahal Maksuda bize 3 minut jaýdan çykmagy teklip etdi. Biz onuň ähli aýdanyny berjaý edýäris. Emma gapyny çalaja yşgalaň görner ýaly edip goýduk. Şol ýerden synlamaga başladyk. Asyl Maksuda elini ýatan adamyň üstüne golaýladanda ol ýatan ýerinden çydap bilmän böküberdi. Maksuda derrew yzyna çykdy. ㅡ Men ýene-de ertir gelerin ㅡ diýdi. Öýündäker begendi. Aýaly aklyk berjek boldy. Maksuda çirkin gygyrdy: ''Ýok gerek däl. Onda men gelmeýän''. Biz öýe gaýtdyk. Men gaty gorkdum. Ertesi Maksudany beýleki çagalarymy alyp doganyma maşyn sürdürip, şol öňki tebiplere gitdik. Mašynda men öňde otyryn. Maksuda çagalar bilen yzda otyr. Şäherden çykylýan demir ýoldan geçenimizde Maksuda: ㅡ Eje, maňa bir gyzyl zat görünýär. Özem hol-ha asmanda ㅡ diýdi. Biz onuň sözüne kän üns bermedik. Ol gazet okap otyrdy. Ýoldan sowlup maşyna ýag guýduk. Şol barşymyza özümizem bilemzok, tebipleriň deňinden geçip gidipdiris. Birden Maksuda çirkin seslendi: ㅡ Eje tebiplerden 100 metr geçdik. Waý men ýanyp barýan. Biz derrew maşyny sakladyk. Maksudany ýere düşürenimizde ol: ''Men başga ýerde durun-a'' diýdi. Şol aralykda eýýäm maşynyň çeholy Maksudanyň hem geýiminiň bir bölegi ýanýan eken. Biz gaty aljyradyk. Ony ýene-de maşyna mündürip, Şelipe apalara alyp bardyk. Maksuda hiç zat diýip geplänok. Haçan-da Şelipe daýza onuň ýanyna barjak bolanda ''Siz meniň ýanyma gelmäň, men erbet bolýan. Häzir men başga ýerliler bilen gepleşdim'' diýdi. Bir salymdan soň Maksuda özüne geldi. Soň ol edil häzirki bolýan zatlardan özüniň ýatdan bilýänlerini gürrüň berdi. Biz hem-ä haýran galdyk, hem-de gorkýardyk. Soň ilkinji gezek hem daşardan gelýärkä şeýle ýagdaý bolupdyr. Ol ylgap gelşine: ㅡEje meni ýene alyp gitdiler. Men ýanyp barýan-eýㅡdiýdi, özüni bosagadan içere oklady. Ynha, indi bolsa üçünji gezek şeýle ýagdaý gaýtalanýar. Bu gezek klasda okuw gidip durka bolupdyr. Ol birden ''Ýandym'' diýip gygyrypdyr. Soňra bu hakda maňa aýtmaga mugallymlar hem birhili çekinip, has dogrusy, oňaýlyk tapmandyrlar. Olar meni gorkarmyka diýip pikir edipdirler. Ynha indi galanyny özi gürrüň berer. Olar her gezek geleninde indiki gezek näçe wagtdan geljekdigini aýdyp gidýän ekeni. Ýöne şondan soňra Maksuda ''Häzir indi maňa hemme zat aňsat'' diýýär. Maksuda goşgy ýazyp bilýär, tans oýnamaga ökde, sahnada rollary gowy ýerine ýetirýär, surat çekmegi başarýar. Mekdebiň direktory Ş.Allaşowyň gürrüňinden: ㅡMen ikinji etaža çykyp, okuw klaslaryna aýlanyp ýördüm. Birdenem ''ýandym'' diýlen çirkin ses eşdildi. Men haýran galdym. Göwnümedir öýdüp pikir etdim. Emma ol ses ýene gaýtalandy. Ylgap çykdym, görsem edebiýat kabinetinde çirkin gygyrýan Maksuda ekeni. Ol eşiklerini çykarjak bolup synanyşýar. Ony derrew beýleki kabinete geçirdik. Ol şol ýatan ýerinden ''Wrango meni äkitme, meniň ejem gorkýar'' diýip, aýylganç gygyrýar. Özem yzly-yzyna gygyrýar. Soňra-da başga-da dillerde bir zatlary samraýar. Biz ''Tiz kömegini'' çagyrdyk. Soň ol rahatlandy. Ejesini çagyryp geldik. Şonda onuň içki köýneginiň ýedi ýerinden tegelek tegmil bolup ýanypdyr. Soň ony '' Tiz kömek '' bilen öýüne ugratdyk. ''Tiz kömegiň'' feldşeri Jeren Amanowanyň gürrüňinden: ㅡ Men Maksudalara ''Tiz kömek'' bilen bardym. Men baran mahalym gyz hiç zat geplänokdy. Ýöne ol ''ikis, igrik, zet'' diýip samraýardy. Pulsuny, gan basyşyny barlasam ýerbe-ýer. ''Niräň agyrýar'' diýip sorasam ''Hiç ýerim'' diýýär. Birdenem ''Waý'' diýip aglap başlaýar. Kä mahalam gözüni ýumup uka gidýär. Ýagdaýlar gowylyga tarap özgerensoň men gaýtjak boldum. Emma Maksuda meni goýbermedi. ㅡ Siz meniň ýanymda oturyň. Barybir size sagat ikä çenli iş ýoga. Ýanyňyzdaky doktor bolsa gidibersin. ㅡ diýdi. Men haýran galdym. Sebäbi meniň işleýän brigadama degişli maşyn şol gün ýokdy. Şonuň üçin hem biziň işimiz sagat 2-den soň başlamalydy. Men bolsa gyssagly çakylyk bolansoň başga brigadanyň maşynynda gaýdypdym. Eýsem ol bu zatlary nädip bilýärkä?! Ýöne şol ýag getirilen mahaly ol doganyna: ㅡ Stoluň aýagynyň ýanynda gazetden ýyrtylyp alnan ''Mukaddes'' atly gošgy bolmaly, şony getir - diýdi. Dogrudanam stoluň aýagynyň ýanynda şeýle goşgy bar ekeni. Ol şo goşgyny käsäniň üstüne ýapyp, üstünden elini goýup, ýene-de samrap başlady. Ýöne bu gezek welin sesi çykanokdy. Soňra men telefon arkaly Dörtgülden gelen ekstrasens Adambaý bilen duşuşdurdym. Olar duşuşanda Maksuda onuň ýanynda oturmandyr. Çünki birhili meni tok uran ýaly bolýar - diýip, gapdala çekilipdir. Ýöne soňra olar onuň bilen duşuşmandyrlar. Maksudanyň öz gürrüňinden: ㅡ 14-nji iýul güni men bir hili özümi agyr duýdum. Gulagyma her hili sesler eşidilýär. Soňra men ýatyp galdym. ''Tiz kömegi'' çagyrdylar. Galany hem ejemiň gürrüň berşi ýaly. Ýöne bir zat ýadyma düşýär. Men ýatyrkam ejem sagat sorady, şonda men oňa dogry jogap berdim. Ýanymda sagat ýokdy. Ýöne şeýle bolsa-da, men şol mahal näme sorasalar bilýärdim. Emma, onuň nähili beýle bolýandygyna düşünemok. Men keselliniň ýanyndan gelenimden soň, ertesi tebiplere gitdik. Şonda maşynyň yzynda gazet okapdym. Demir ýoldan geçen ýerimizde ýene-de meniň gulagyma dürli sesler eşidilip başlady. Birdenem gapdalyma seretdim. Edil meniň gapdalymda ýere ýakyn ýerde bir tegelek şar şekilli zat ýanyp durdy. Men: ㅡ Eje maňa ot görünýär - diýip, gygyrdym. Emma olar maňa üns bermedi. Men elimdäki gazete seretdim. Gazetiň ýüzi bulanyp barýar. Birdenem ondan iki sany adam düşdi. Men hiç zat gepläp bilemok. Olar gaty gorkunçdy. Biriniň boýy üç metr, biriniňki bolsa 1,5 metr çemesi bardy. Olar edil meniň ýanyma geldiler. Men keltejigi bilen salamlaşdym. Onuň elleri bir hili gurbaga gysymlan ýalydy. Göz öňüme getirip bilemok. Ýalňyşmasam olaryň gözleri üç ýa dört ýalydy. Kellelerinde saç ýok. Egninde reňki nämälim žilet bardy. Olaryň biri aýal ekeni, men onuň sesinden aňdym. Birdenem men obýektiň içinde otyryn. Hersi bir gapdalymda otyr. Gyz sag tarapymda otyr. Erkek adam bolsa çep tarapymda. Men olaryň ýüzüne seredemok. Bu ýeri garaňkylyk. Diňe öňümizde dürli yşyklar ýanyp dur. Olar menden birentek zat soraýarlar. Ýöne häzir ýadyma düşenok. Birdenem tüm garañky bolup gitdi. Yz ýanyndan şeýle bir güýçli ýagtylyk peýda boldy. Men gözümi ýumup, iki elimi hem ýüzüme tutdum. Şonda-da bar ýer ýagtydy. Birdenem seretsem giň, tekiz meýdanda durus. Ýerde tekiz gyrkylan otlar göm-gökdi. Göwnüme bolmasa ol edil plastmassada ýörite bejerilen ýalydy. Adatça şemal öwüsýär. Ol maňa bildirenok. Diňe otlar galgap dur. Olar bolsa meniň garşymda. Özlerem edil doňan ýaly bolup durlar. Geplände agyzlary gymyldanok. Ýöne sesleri eşidilýär. Adaty adamlar bilen gepleşýän ýaly. Bular sorag berýärler: ㅡ Sen haýsy predmeti gowy görýäň? ㅡ Men türkmen dili predmetini gowy görýärin. ㅡ Ýok sen fizikany gowy bilýän ekeniň. Ýene kän zat soradylar, hemmesi ýadyma düşenok. Birden meniň gazetlerde okan zatlarym ýadyma düşdi. ㅡ Menem size sorag bersem bolýarmy? ㅡ Beriber ㅡ Magtymguly, Gagarin, Wysoskiý dirimišin: sizde diýýärler çynmyka şol? ㅡ Hawa, seniňem galasyň gelýärmi? ㅡ Ýok Birden ýene önki ýaly ýagtylyk, soňam garaňkylym gaplap aldy.Men gütläp düşdüm. Görsem maşynyň içinde oturan ekenim. Endam-janym gyzyp gitdi. Ýanyp barýan diýip, gygyrýaryn. Tebip meni bejerjek bolýar, ol ýanyma gelse edil tok uran ýaly bolýaryn. Olar şol giden ýerinde ''Biz ýene 7 günden geleris'' diýipdiler. Soň ýadyma düşýär, şondan soň men tikin tikmäge ökdeledim. Özüme täze modada köýnek hem tikdim. Täze-täze reseptler boýunça nahar bişirip başladym. Bir hili gowy goşgular hem düzüp bilýän, ýöne ýazjak bolsam ýadymdan çykýar. Olar bilen ikinji gezek duşuşmazymdan bir gün öňünçä bir hili ýüregim gysdy. Ýeke özümiň ýatasym geldi. Ertesi 23-nji iýul güni daşardan öýe gelýärkäm birden ýene gulagyma şol öňki dürli sesler eşidilip başlady. Men elim bilen gulaklarymy kakýaryn. Olaryň öňki gören mahalymdaky tanyş sesi eşidildi. Birdenem garşymda gyzyl nokat ýanyp dur. Emma, olaryň özleri görnenok. Diňe erkek adamyň sesi eşidilýär. ㅡ Maksuda nähili ýagdaýlaryň? Biz seniň bilen tanyşmaga geldik. Soňra näme diýenleri ýadyma düşenok. Ýöne olaryň Puasti planetasyndan, adynyň hem Wrango diýendigi ýadymda galypdyr. Bu gezek erkek adamyň bir özidi.Ýene-de ㅡ Sen, meniň bilen gitjekmi? ㅡ diýdi.ㅡ Ýok, gitjek däl, ejem gorkýar. Men ylgap öýe gaýtdym. Gelsem ejem ''Näme üçin köp eglendikä'' diýip gapyny açjak bolup duran eken. Ejem 45 minut dagy eglendiň diýýär. Emma meniň göwnüme bolsa bary - ýogy 5 minut ýaly bolup dur. Bilemok, şondan soňra meniň ýene mekdepde okasym geldi. Ýogsa, Aşgabatda ýöriteleşdirilen mekdebe gideýin diýip otyrdym. Okuwlar başlandy. 3-nji sentýabr güni ýene ýüregim gysyp başlady. 4-nji sentýabrda bolsa, (okuwda) birinji sagatda gulagyma signallar gelip ugrady. Ikinji edebiýat sagadynda ýene şol tanyş signal. Aýna tarapdan tarelka göründi. Ondan Wrango düşüp gelýär. Ol indi bir hili, öňküler ýaly gorkunç däl. Ýylgyryp gelýär. Ol agzyndan bildirmese-de ýöne, ýüzünden bildirip dur. Ýene şol sorag: ㅡ Nähili ýagdaýlaryň? Birdenem garaňky, soň ýene ýagty, men ýene bašga meýdanda durun we öňküden sähelçe üýtgeşigiräk. Göm-göklük birhili sarymtyl-gyzyl öwüsýän otlar bar. Howa oňat, ýüregiň joşýar. Ol menden soraýar. ㅡ Sen şu ýerde galjakmy? ㅡÝok men galjak däl. Ejem gorkýar. Birdenem ýene garaňkylyk bir hili daş-töwerek gorkuly, ýangyn ysy bar, agaçlar ýanyp galypdyrlar. Diňe olar sudur bolup görünýärler. Ýene sorag: ㅡ Eýsem sen şu ýerde galjakmy? ㅡ Ýok men bu ýerde galjak däl. Birdenem men gütläp düşýärin. Ýöne ol heniz gidenok. ㅡ Seni üç aýdan soň getirip gideris gorkma. ㅡ Wrango, meni äkitme, ejem gorkýar. Bu sözleri men ýuwaş aýdýan ýalydym. Ýöne gaty gygyrypdyryn. Şondan soňra maňa suw berenlerini çala bilýärin. Bir hili endam-janym ýanyp barýar. Öýe getirdiler, bir hili ajykdym. Hiç doýup bilemok. Hemmesi geçip gitdi. Ol dymdy. Biz oňa ýüzlendik. ㅡ Maksuda, sen olardan näme üçin özüň bilen gyzyklanýandyklaryny soramadyňmy? ㅡ Soradym. Şonda olar maňa ''Sen hemme taraplaýyn ýaşyňdan öňe giden'' diýdiler. Men olara ''Gowy tarapdanmy?''diýdim. Olar ''Hawa, ýöne seniň jögüligiňem şeýle ㅡ diýdiler. Biz oňa ýene-de birnäçe sorag bilen ýüzlendik. ㅡ Maksuda sen nämäni halaýaň? ㅡ Gazet, kitap okamagy. Sen başga planetadakylaryň gelmezligini isleýärmiň. ㅡ Parhy ýok, ýöne şeýle islegim-ä ýok.ㅡ Başga planetalylar bilen gepleşýänleriň özbaşdak nomerleri bolýar diýýärler. ㅡ Hawa, çyn šol. Mende-de şeýle nomer bar. Ýöne ony aýdyp biljek däl. ㅡSiz şolar bilen bolýan gürrüňleriňiziň hemmesini aýdýarsyňyzmy? ㅡ Ýok. Diňe olaryň rugsat edenlerini.ㅡ Olar ýene gelerlermi? ㅡ Hawa, geleris diýdiler. ㅡ Şu wakalardan soňra klasdaşlaryňda saňa bolan garaýyş üýtgedimi? ㅡ Men ony duýamok, diňe kiçijik çagalar we beýleki adamlar ''Ana, şol gyz uçýan tarelka bilen geplešýär'' diýip, meni görkezýärler. ㅡ Uçýan tarelkalaryň ählisi birmeňzeşmikä? ㅡ Ýok olaryň biri erbet, beýlekisi rehimli. ㅡ Siz ony çen-çak bilen aýdýarsyňyzmy? ㅡ Ýok anyk bilýärin. Ýöne aýdyp biljek däl. ㅡ Kim bolmagy arzuw edýärsiňiz? ㅡ Žurnalistika. Biz onuň bilen hoşlaşdyk. Dogry beýleki mugallymlar bilen gürleşmesek hem wakanyň bolandygyna ynanmazlyga esas galmady. Ýanan eşik, şaýatlaryň gürrüňleri, çen-çak bilen toslama ýasamaga ýer goýanok. Eýsem bu dogrumyka? Bu hadysany nähili düşündirip bolar?! Elbetde men Maksuda başga-da birnäçe sowallar berdim: ㅡ Maksuda ''olaryň'' pikiriçe biziň ýurdumyzda ýagdaý haýsy tarapa üýtgär, sen bu barada ''olardan'' sorap gördüňmi? ㅡ Hawa, sorap gördüm, ''olaryň aýtmagyna görä, ýurtdaky ýagdaýlar häzirkisinden has erbetleşer, ýöne näçe wagt dowam etjekdigini aýtmadylar, menem soramadym. ㅡ ''Olar'' bize ㅡ ýerdäki adamlara nähili garaýarlar? ㅡ Olar ýerdäki adamlary aň taýdan ösmedik, yzagalak hasaplaýarlar. ㅡ Sen näme üçin ''olaryňka'' üç aýlyk gitmäge ýaýdanýarsyň? Onsoňam olar seni getirip gitmäge wada beripdirler ahyry. Hawa, wada berdiler, ýöne men gitsem ejem dagy gorkar. Olaryň aýtmagyna görä, men üç aý olaryňkyda bolup gelenimden soň, ähli zady bilýän adam bolmalymyşym. ㅡ Maksuda seniň dine garaýşyň nähili? ㅡ Men ozallar dine ynanamokdym, häzir ynanýaryn, käbir süreleri, dogalary bilýärin. ㅡ Okaýan zatlaryň barada aýdaýsaň! ㅡ Türkmen ýazyjy-şahyrlaryndan G. Gurbansähedowyň B. Hudaýnazarowyň, G. Ezizowyň eserlerini okaýaryn. Başga-da gazet-žurnallary, rus hem-de daşary ýurt ýazyjylarynyň eserlerini okaýaryn. ㅡMaksuda, seniň ýanyña gelýänler näme üçin diňe seniň gözüňe görünýärlerkä? Ýa-da olar ähli adama görünsek tutularys öýdýärlermikäler? ㅡ Ýerdäkiler olary hiç wagtam tutup bilmezler ''olaryň'' özleri şeýle diýýärler. ㅡ Sen näme üçin ''olaryň'' indi haçan geljekdiklerini aýdaňok? ㅡ Bu (diňe) syr bolmaly... Toýly Öwezow Şamyrat Halmedow Rejep Pirjanow Ý.K. 1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |