17:17 Manty gazany / satiriki hekaýa | |
MANTY GAZANY
Satiriki hekaýalar
Martyň mymyjak şemalyna akja köýnejigimi galgadyp, «Duşurmazmy» diýen aýdyma hiňlenip, öýe geldim. Görsem, aýalymyň ýüzünden gar ýagýar, uzyn kirpiklerinden buz sallanýar. Ol meniň sowalyma garaşyp durman gürrüňe başlady. ― Bu artyp galan tünekde iliňkä meňzeş zat bolar ýaly, idili eýe barmy diýsene ― diýip, ol taňňyr doly kiriň suwuny işigiň agzyna sepip goýberdi. ― Näm boldy, Oguljeren, hany düşündirsene?! ― Saňa zat düşündirip bolýamy?! Onýança gyzjagazym: ― Kaka, goňşymyz manty gazan satyn alypdyr ― diýip, maňa ejesiniň «hasratyna» sebäp bolan zady aýdaýdy. ― Oguljeren, şolaň manty gazany näçe etažly, şony maňa bilip beribilseň armany ýok. Edil häziriň özünde taparyn ― diýip urdum güpi. ― Dört etažly ― diýip, aýalym ýylgyranyny duýman galdy. Taksi tutdum-da ― 43-nji mekdebiň ýanynda ýaşaýan prowodnik tanşymyňka eňdim. Olam Duşanbeden ýaňyja gelip, gök çaýyň başynda pullaryny rejeläp oturan ekeni. Menem onuň bereketli harmanyna bir ýigrimi bäşligi oklap, bäş etažly manty gazany gujakladym-da, ýene taksä mündüm. ― Gyzym, bar goňşularyň çagalary bilen oýna, onsoňam ýadyňdan çykarma, kakaň bäş etažly manty gazan getirdi ― diýip, aýalym çaý demlemäge başlady. Şol günden bäri tutuş bir ýyl geçdi, biziň şol arzyly manty gazanymyzyň gulagy on iki aýlap gyzmady. Günlerde bir gün men aýalyma: ― Oguljeren, hany bir manty bişirsene ― diýdim. Ol ör-gökden gelip, al-petimden aldy: ― Wa-ýeý, kakasy, akylyňdamy beri, men şu ýekelli halyma saňa manty bişirip berer öýdýärmiň. Onsoňam manty diýilýän zada kän et gerek bolýar ahyry ― diýip, aýalym ykdysady meseläni keserdip orta oklady. ― Ýeri bolýar-da, seniň eliň degmese özüm bişiräýerin ― diýip, gazany gözläp tamdan çykyp, saraýa girdim. Görsem, şol manty gazanym dur. Gözüme ot ýaly basyldy. Gapysy ýokdy. Içinde entek gözleri açylmadyk çaga pişijekleriň alty sanyjagy kellejiklerini saňňyldadyşyp ýatyrdy. ― Hany, munuň etažlary? ― diýip, aýalymdan soradym. ― Şu çagalar öýde abat zat goýar öýdýäňmi? Arada tigir edinip oýnap ýördüler öz-ä. Düýbünem eleme-deşik edipdirler ― diýip, aýalym ap-arkaýyn jogap berdi. Onýança goňşym Durdy: ― Gurban, hany, gel, manty iýeli ― diýdi. Men gijäniň ýarymyna çenli goňşym bilen dünýe gürrüňini edip oturdym. Öýe gelen badyma bolsa, aýalym daş işikde habarymy aldy: ― Marallaryň mantysy gowy boldumy? ― Ýok, biz-ä manty görmedik. ― O näme üçin? ― Näme üçini şol, her tegelegi bir ýerde eplem-büklem bolup galypdyr. Manty gazandan derek tapylmady. Onsoň börek iýip, hezil edindik. Şu jogaby eşiden aýalym lampa aşak oturyberdi. ― Wiý, men guraýyn, ýaňy sen goňşulara giden badyňa ogluňy, hol hozmagyň müdiri Muhammetleriň öýüne ylgatdym, eline-de otuz manat pul berdim, täzeje manty gazan aldyrdym ― diýip, aýalym ökünmäge başlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |