Käte rugsatsyz bir ýana gitsem,
Ýa elujy etsem buýrulan işi,
Biliner-bilinmez gaşyňy çytsaň,
Dymsaň,
döwülere getirip dişi,
Meýlisde meý içsem dost-ýarlar bile,
Saçagyň başynda görünse bulgur,
„Ýaş başyň bar“ diýip, igenseň çala,
Kaka, senden bolar ýörerdim dilgir.
Gijeler dolanyp bilmesem çakgan,
Odun taýýarlanman galaýsa peje,
„Adam bol, eňegňe çykypdyr sakgal!“
Diýip, çendan-çendan zeýrenseň, eje,
Ýazgarardym sizi ownukçyllykda.
Hem diýerdim „başlapdyrlar gojalyp“.
Bu gün oýlanýaryn şo zatlar hakda,
Başa düşenden soň uly hojalyk.
Öz aladaň üçin orun ýok başda,
Hojalygyň hossasy kän, derdi kän.
Adamlygyň – geýim geýmekden başga
Aýdylmadyk, ýazylmadyk şerti kän.
Indi hakykata düşünýän kem-kem,
Gaýta-gaýta paltam degensoň daşa.
...Kakam pahyr gaharjaňam däl eken,
Ejemem zeýrenjeň däl eken aşa!
Tirkiş SADYKOW.
Goşgular