19:18 Maýmyn bilen äýnek | |
MAÝMYN BILEN ÄÝNEK
Goşgular
Maýmyn garrap, çöňňelensoň gözleri, ("Munuň özi şeýle uly aýyp däl. Äýnek edin, beren puluň haýp däl") Adamlardan eşdip şeýle sözleri, Alty sany äýnek alyp özüne, Her hili edip dakyp gördi gözüne: Kä gulagna, käte guýrugna dakdy, käte ysgap, käte ýalaplar çykdy. Ondan peýda bolmady, Hiç zat edip bilmedi. "Artyp galmyş! Tüf olaryň ýüzüne, Kim ynansa adamlaryň sözüşüne! Äýnek hakda aýdanlary al eken, Onuň gyl ýalysam dogry däl eken. Aldapdyrlar olar meni" Diýip, Maýmyn zöwwe turup, Äýneklerin daşa urup, Owram-owram etdi ony. Iwan KRYLOW. Terjime eden Durdy HALDURDY. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |