09:02 Nalyş | |
NALYŞ
Eziz türkmen ilim! Men bu gün saňa nalyş bilen ýüz tutmaga mejbur bolýan. Men Türkmenistanda önüp-ösdüm, altmyş ýyla golaý ömrümi şu toprakda geçirdim, onuň ajysyndan, süýjüsinden datdym, ýöne ykbalymdan nalamok. Ylym-bilim aldym, birnäçe kitap ýazdym. Ogullarymyň üçüsem aň-duşünjeli, ylmyň dünýä ýollaryny seljerip bilýän, agyzlary arassa adamlar bolup ýetşidiler, halal çörege sarpa goýýarlar. Töhmet belasyna duçar ediläýmeseler, ile ýaman görunjek etmişe ýüz urmajaklaryna ynamym bar. Tä ýokary okuw jaýyny gutarýançalar olar ýeke günem ene-atanyň gözegçiliginden sypan däldirler. Bu ýagdapy tekrarlaýanymyň sebäbi bar. Meni nalyş bilen ýüz tutmaga mejbur eden ahwalatyň bir ýany maşgala terbiýesi bilen bagly. Ahwalat diýýänim nägehan neşe belasy. Bu bela häzir bütin adamzadyň aýylganç derdine öwrüldi. Onuň wehimi ekologiýa heläkçiliginiň howpundanam beter diýse boljak. Indiki asyrda adamzadyň sagdynlygy neşe belasynyň garşysyna neneňsi çäre tapyp bilinşine bagly bolar. Men ýetmişinji ýyllarda terbie, ahlak päkligi, aýal-gyzlara gatnaşyk barada telewideniýede çykyşlar ederdim. Bir gezek Mäti Kösäýew: "Tirkiş, senem-ä çyglyp-çyglyp aýdýaň welin, hernä gulak gabardanam bolar-da" diýdi. Gulak gabardýanlaryň bardygyny bilýärdim, ony redaksiýalara, öz adyma gelýän hatlar subut edýärdi. Onsoňam seniň sözüň ýüzden, müňden bir adamy oýlandyrsa-da peýda ahyry! Men, ine, şu tamadan ugur alyp, halkym, ilim, saňa nalyş bilen ýüz tutmagy makul bildim. Nalyş diňe pajygaly pursatda döreýär. Häzir neşäniň döreden pajygasy aňrujy özüni adam saýýan kişiniň aňyna ýetse gerek, ýöne aňa ýetirmek bir zat, ondan sapak alyp, oňaýly netije çykarmak bir zat. "Kyrk ýyl gyrgynçylyk gelse-de, ajally öler, biajal ölmez" diýen söz bar. Bu söze ten berip, arkaýynçylyga ýüz urmak bolmaz, bolmaz! Men 19 ýyl Sibiriň aýylganç sürgüninden syna sagat dolanyp gelen ýazyjy Hydyr Derýaýewden: "Nydip munça ýyl janyňyzy saklap bildiňiz?" diýip soradym. Hydyr aganyň jogaby meni haýran edipdi. "Men başda özume: Hydyr, sen bigüna halyňa agyr jeza duçar edildim diýip ejizleme, ejizligiň soňy ölüm bilen gutarýandyr! Sen ýaşamalysyň! Sen hökman diri galmaly! diýdim. Hiç pille şu maksady unutmadym, öz-özümden güýç-kuwwat tapdym, açlykdan, sowukdan, keselden meni şol güýç halas edendir" diýdi. Şu sözlerden soň adamyň mümkinçiligini göz öňune getiriň, "Adam başy daşdan gaty" diýen sözi ýada salyň! Adamyň bedeninde ägirt güýjüň ätiýaçlyklary busup ýatyr, ony ýüze çykaryp, zerur ugra gönükdirmegi başarýanlar agyr dertleri ýeňip bilýärler, bimöçber sütemlere döz gelip bilýärler, şeýdip ruhy sagdynlyga ýetýärler. Hakyky dermany adam birinji nobatda öz kalbyndan gözlemelidir. Halkyň ruhy sagdynlygy aýry-aýry adamyň ruhy sagdynlygynyň jeminden döreýär, şonuň üçinem "Ýekäniň çaňy çykmaz" diýen pähime gulak gabardyp, göwnüçökgünlik edäýiji bolmaň! Her birimiziň jogapkärli ornumyz bardyr. Neşe belasy aýry-aýry adamyň başyndan inýär diýsek juda ýalňyşarys. Neşe bu gun Iblisiň aýylganç hilesi bolup, adamzadyň başyndan indi. Ata-babalarymyz neşeden bihabar adamy "agzy arassa" diýip häsiýetlendiripdirler. Neşe bilen agzyny hapalan adam eýýäm hakyň ýolundan dänmek bilen bolýandyr, ondan islendik namartlyga, jenaýata garaşsa bolar. Ol diňe özüne däl, töweregine, halkyna ysnat getirýär. Neşä erkini aldyran adamyň söýgüli aýalynyň başyna inderen hesretini görkezýän ýapon filmine seredenime 25 ýyl geçipdir. Erkegiň gözüne näzenin gelni hiç kim bolup görünýär, onuň ornuny, turkmenler aýtmyşlaýyn “mele gelin” eýeläpdir. Aýal görgüli azarlap ýatan äriniň derdini ýeňletmegiň aladasy bilen urnup ýör. Ahyr pellede halys bialaç galan naçar tenini satyp, ärine tirýek getirip berýär. Bu ahwalat şol mahal tomaşaçy hökmünde maňa täsirini ýetirenem bolsa, men oňa kesekiniň pajygasy hökmünde garapdym. Beýle aýylganç ahwalatyň öz halkyma ýatdygyna, hiç mahal onuň başyndan inmejegine ynanýardym. Neşekeşlere biraz gülki bilen garamak bize çagalykdan galan endikdi. Uly obamyzda ady belli tirýekileriň sany dört-bäşden geçmezdi, olara "pes käre baş uranlar" diýlerdi. Olar odun satyp, günlükçilik edip neşe puluny gazanardylar. Olara törden ýer berilmezdi, orunlarynyň kül üstündedigine olaryň özlerem kaýyldylar, toý-tomga-da märeke gaýdyşan pillesi barardylar. Pylan tirýekiniň ogly-gyzy diýip, adamlar olaryň çagalarynyňam mertebesini peselderdiler. Çagalara bu kemsitmäniň juda agyr degendigini bir ýagdaýdan bilýän, şol çagalaryň köpüsi agzy arassa adamlar bolup ýetişipdiler. Ellinji ýyllaryň aýagynda neşekeşlere zabun darapdylar, bejeriş öýlerini açyp, meýletin barmadyklary zorlap äkidýärdiler. Ýöne şol ýyllardan başlap, turkmen arak belasyna imrigipdi, ol zyýanly neşedir hem öýdülmeýärdi. Soňky ýyllarda tirýekä pes kärdäki adam hökmünde garaýyşyň kütelmegine arak sebäp boldy diýjek. Arak içişligiň soňy tirýek çekişlige ýazýardy, ony edýänler öňki odun satyp gün görýänler däldi, barly, wezipeli adamlardy. Olar meslige çydaman edýärdiler, haram gazanç olaryň diňe kiselerini däl, kükreklerinem ýaryp barýardy. Neşäniň iň bärkisi çilim. Ony "bir-ä naharda, birem gaharda" çekmeli diýýärler. Belanyň körügi şunuň ýaly bahanadan başlanýar. Sowetler döwründe türkmen gün-güzerany agyr bolup, ýa-da milli mertebesiniň kemsidilendigi üçin gaharyny ýüregine sygdyryp bilmän araga, tirýege ýüz urupdy diýsek nädogry bolar. Okajaga okuw, iýjege çörek bardy, milletleriň arasyndaky parh ýitip gitmeli diýýärdik. Hatda ýetmişinji ýyllarda il arasynda ýüz beren nogsanlyklary bolçulykdan görüp ugrapdyk, elbetde, bu döwri hertaraplaýyn seljerip, çyndan baha bermek ideologiýanyň täsirinden saplanjak nesliň paýyna düşer. Megerem milli bähbitden ýokary goýlan ideologiýanyň terbiýesinde ösen sowet adamy örküni ýitiren şar kimin gaýyp ýörşüne hiç bir ýananjy kalbyna mäkäm ornaşdyryp bilmän, “bir günüm-hoş günüm” diýen düşünjä gol ýapandyr? Ýöne ynsan ömrüniň manysy diňe bokurdak bilen ölçelenok ahyry! Segseninji ýyllaryň aýagynda Yrakda bolanymda Kerkuk şäherinde bir goja türkmene: "Men Türkmenistandan geldim" diýenimde, ol bende beýle bir ýurduň bardygyndan bihabar ekeni. Şondan üç ýyl soň Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny jar etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Indi sähel üşügi, bilimi bolan adam Türkmenistan diýen ýurtdan habarlydyr. Öz ýurduny doly edara etmek türkmene miýesser etdi, onuň ykbaly üçin indi özümiz jogap bermeli bolarys. Bu örän buýsançly, şol bir mahalyň özünde-de diýseň hupbatly işdir. Men neşe belasyny häzir ýurduň ykbaly bilen gabatlaşdyryp, ony halkyň başyndan inen iň agyr synag diýip bilýän. Bu synag döwletiň prezidentinden başlap, hemmämize degişli synagdyr. Neşäniň neneňsi ýokanç keseldigini siziň paýhasyňyza ýetirmekden ötri, käbir faktlara ýüzlenesim gelýär. Dünýäniň degişli guramalarynyň berýän maglumatlaryna görä, satuwa çykarylýan neşe maddalarynyň diňe 6-10 prosente golaýyny ele salmak başardýar. Eger Türkmenistanda ýylyň başky iki aýynda ele salnan neşe maddalarynyň mukdary 20 tonna golaýlaşan bolsa, onda akym bilen geçýän neşäniň umumy möçberini göz öňüne getirjek bolup görüň! Moskwa getirlen 16 tonna neşäniň diňe bir tonnasyny ele salmak başardypdyr. Öňki Sowet Soýuzyna giren ýurtlaryň günorta böleginde her ýylky öndürilýän neşäniň mukdary 30 tonna ýetýär. Serhetden aňyrdaky ýurtlarda ýagdaý hasam aýylganç. 1996-njy ýylda diňe Owganystanda 2 müň tonna neşe maddasy taýýarlanypdyr. Indi dünýä möçberinde öndürilýänini göz öňüne getirjek bolup görüň! Ol zährimaryň her gramyny aljak bolsaň näçe pul çykarmaly! Neşe söwdasynyň getirýän girdejisi hakda söz açylanda şeýle fakta ýüzlenýärler: harç edilen bir manadyň müň manat bolup dolanýar, ýagny, netijelilik müň prosente ýetýär! 1991-nji ýylda SSSR-de bir million bäş ýüz müň yzygiderli neşe çekýän adam bar ekeni, ýarym ýylyň içinde şol san dört esse artypdyr! Soňky başly-baratlykda geçen bäş ýylyň dowamynda gör-bak näçä ýetendir! Eger Gunbataryň ösen ýurdy bolan Angliýada ýaşlaryň her onusyndan biri neşäniň tagamyny bilýän bolsa, Gündogaryň ykdysady taýdan galak ýurtlary hakynda näme diýersiň sen!? Gulagyma ilen maglumatlara görä, biziň ýurdumyzda ýaşlaryň 30 prosenti neşeden habarlymyş. Eger bir neşekeş ýylyň dowamynda ortaça sekiz adama neşäni dadyrmagy başarýan bolsa, dadanlaryňam azyndan üçüsi hakyky neşekeşe öwrülýän bolsa, bu merginiň ýaýraýyş gerimi size belli bolar. Neşekeşi bejermek iňňän kyn, hupbatly. Gunbataryň ösen ýurtlarynda neşebentleriň diňe ondan birini bejermek başardýar. Bir amerikaly wraçyň geroin çekýänler hakynda aýdany ýadymda: olary bejermegiň ýeke ýoly bar, ol hem beýnilerini çalyşmaly diýýär. Bu gudrat welin, entek medisina başardanok. Iň aýylganjy-da neşe edýänleriň arasynda aýallaryň sanynyň artyp barýanlygydyr. Indi sanlary bes edäýeýiň, düşünerçe bolandyr. Neşä baş uran adamyň häsiýeti üýtgeýär, içimtap bolýar, gylygy ajaýar, indiki çekjek neşesiniň aladasy bilen ýaşaýar, ýaşlar soňky düşjek pajygaly ýagdaýlaryny göz öňüne getirip bilenoklar, ahyry gysaja düşüp, kiseleriniň boşlugy beýnileriniň boşlugy bilen utgaşanda umytsyzlyk, çykgynsyzlyk olary gol boýy ýüpe ýa-da ýaraga ýapyşmaga mejbur edýär, Allanyň beren ömrüni özleri kesýärler. Neşe kem-kemden adamy mankurta öwrüp taşlaýar. Neşe belasyny ýuwaş ölüm diýip atlandyrsa bolar. Eger belanyň gerimi häzirki ýagdaýynda ýaýramagyny dowam etse, geljek asyrda gündogaryň az sanly halklarynyň üstüne tutuş ýok bolup gitmek howpy abandy. Men bu howpuň döreden nalasyny bir türkmen gyzynyň “Аzаtlуk” radiosyndan okalan hatynda duýdum. "Bize durmuş gurmaga agzy arassa, syna sagat ýigit bir tapylarmyka?" diýýär. Bu nala ertirki nesliň ykbal nalasy. Iş işden geçmänkä oýlanyň, ajaly serpikdiriň diýip, naçar maşgala nalyş edýär? Dogry, neşäniň ýaýramagynda, orun almagynda sosial meseleleriň täsiri uly. Emma biz günäkär tutunmak endigimize maýyl bolup, döwletiň, jemgyýetiň gowuşgynsyzlygyna gahar edip, ýa-da "ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa, habarym ýok" diýip, jähennemçilige ursak, geçirimsiz günä ederis. Men başda ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolan Hydyr aganyň özüne eden pendini ýöne ýere agzamadym. Neşe belasynyň öňünde her birimiziň özümize pent etmegimiz gerek, her kim özüne sak bolsa, her kim öz maşgalasynyň arassalygyny gazansa, ýuwaş ölüme garşy ýerlikli çärämizdir şol! Seniň çagalaryňa zorluk bilen neşe öwretjek bolup duran ýog-a! Ähli bela biziň başky bigamlygymyzdan döreýär. Çagaň nirede entäp ýörenini bilmeseň, habar tutmasaň, sähel etmişine-de: äý, çagadyr, düzeler gider diýseň, ertirki ökünjiň tükeniksiz bolar. Perzendi dünýä inderip, sen Allanyň öňünde-de, jemgyýetiň öňünde-de borç alýandygyňy unutma! “Äý, hudaý garaşyk eder” ýa-da “hudaý rysgaly bilen berýändir” diýip, agzynda aş gatyklaýan adamlar hiç mahalam çagalarynyň ykbaly bilen gyzyklanýan adamlar däldir. Perzendi neşäniň gysajyna düşüp, ýa jenaýata baş goşsa, ýa-da öz janyna kast etse, şol adamlaryň diýýän sözi belli: “äý, ozalynda maňlaýyna ýazylanydyr-da, nätjek!” diýer, özünde ýazyk bardyr öýtmez. Neşäniň garşysyna alnyp barylýan göreşi diňe türmä syrykdyrmagyň garaşylýan netijäni bermeýändigini dünýä tejribesi görkezýär. Mergi ýaýran ýerde galyň diwaryň aňyrsynda gizlenip, beladan başyňy gutararyn öýtmegin. Neşe belasy sosial dert, ony halkyň, ýurduň syna sagatlygy, ruhy sagdynlygy bilen ýeňip bolar. Ruhy sagdynlyk biziň her birimiziň tagallamyza bagly. Bu meselede halkyň asyrlar boýy toplan tejribesi bar, şol tejribäni haçan döwlet ýaýradar diýip garaşyp oturman, özümize bagly zatlary bir edeliň-ä! Maşgala terbiýesini döwletiň boýnuna atmakdan aýylganç zat ýok! Halkyň süňňündäki ägirt güýji ýüze çykarmaly, ahlak meselesinde barlyşyksyz gatnaşyklary kada öwürmeli. Öňi bilen neşä ýüz uran adamlar bir mahalky ýaly, pes käre ýuz uran adamlar hökmünde jemgyýetde orunlarynyň pesdigini duýup, utanyp gezsinler, orunlarynyň kül üstünde boljagyny bilsinler. Zehini daş ýarýanam bolsa, neşeden habarly adamyň radio, telewideniýä, metbugata, terbie bilen bagly edaralara ýoluny baglamak gerek. Döwlet edaralaryndan neşekeşe wezipeli orun bermegiň özi ahlaksyzlyga ylalaşmak meýlini aňladar. Aýylganç günä neşe ýaýradýanlaryň boýnuna düşýär. Olar biziň aramyzda ýaşap ýören adamlar, olaram biz ýaly dogan-garyndaşy, ildeşleri bilen gatnaşykda, toý-tomga, sadaka, ýasa baryp ýörler. Gepletseň, halkym gyrylsyn, ýok bolsun diýmezler. Metjide baryp namaz okap, ýa-da köpçülik ýerde beýemçilik edip ýörenlerem bar. Olara akmak diýip bolmaz, köpimizden akylly, ugurtapyjy, töwekgel. Heý, şol adamlar wagtal-wagtal içinde ýaşap ýören halkynyň tohumynyň tükenmegine ýardam edýändikleri barada oýlanmaýarlarmyka? Köşk ýaly kaşaň jaýlarda ýag iýip, ýüpek geýip ýaşaýan çagalarynyň ertir syrkaw halk bilen galjakdygyny birdem göz öňlerine getirmeýärlermikä? Men öz halkym bilen adam-a diýmeýärlermikä? Wah, ony diýsek, adam beýle gabahat gazanja ýüz urmaz-a diýersiňiz. Ýöne şu sözi özüňize aýtmak bilen oňaýýarsyňyz-da. Ganhor öz pidasynyň patasyna baryp bilmez, baraýsa: sen bu adamyň ganyna galdyň, sen ganhor! diýip, köpüň içinde onuň ýüzüne aýtjaklar tapylar. Emma neşäniň pidasy bolan ýaş ýigidiň patasyna barýan neşe söwdagärine ganhor diýmäge ulymyzyň-kiçimiziň dilimiz baranok, barmaýandygy, näletlenmeýändigi üçinem ol arkaýyn, özünde çigit ýaly-da ýazyk bardyr öýdenok. Biziň geçirimliligimiz onuň pidasyny artdyrýar, biziň özümiz doganymyzy, oglumyzy öldürmäge oňa ygtyýar berýäris, olaryň ajalyna şärikli bolup galýarys! SSSR-iň dargamagy bilen ýigriminji asyryň aýagynda dünýäniň galagoplugy ýuda artdy. Döwlet emlägini, tebigi baýlyklary gaýtadan bölüşmek mümkinçiligi döredi. Täze dörän garaşsyz ýurtlara täsiriňi ýetirmek, olaryň baýlygyndan uly paý almak höwesi dünýäniň uly ýurtlaryny heýjana saldy. Aýratynam Türkmenistan ýaly tebigy känleri baý ülkä eserdeň ýapyşýarlar. Şeýle ýaglaý bolanda öňler göni goşun çekip gelinýän ekeni, muny biz öz başymyzdan geçirdik. Zerurdyr öýdülen ýerde islendik gabahatlykdan gaýdylmanlyr, hatda neşe interwensiýasyna-da ýüz urlupdyr. Degerli mysal hökmünde 1840-42-nji ýyllarda Angliýa bilen Hytaýyň arasynda bolan urşy alsa bolar, taryhda oňa neşe urşy diýip at berilýär. Angliýa Hytaýy bakna etmegiň ýoluna çykýar, ol ýurtda neşe maddalaryny ägirt köp mukdarda ýaýradyp başlaýar, adamlary güýçden gaçyrýar, olary neşe söwdagärlerine bakna edip goýýar. Haçan Hytaý häkimleri bu hilä düşünip, neşe maddalarynyň atiýaçlyklaryny ýok etmekçi bolanlarynda Angliýa çaknyşygy bahanalap, Hytaýa uruş yglan edipdi, ýeňiş gazanypdy. Elbetde, bu gün beýle gönümel zorluga ýüz urjak tapylar öýdemok, indi has inçe ýollary saýlap tutýarlar, ykdysady, syýasy gysyşlar görkezýärler, seniň gowşak ýeriňi gözleýärlär. Biz neşe belasyna ulaşyp güýç-gurbatdan gaçsak, biziň baýlygymyzyň, erkimiziň kesekiniň ygtyýaryya doly geçjekdigini birjiik-de unutmalyň. Eziz ilim, seni bisowatlykda aýyplap biljek däl, türkmeniň arasynda dünýä meselelerini anjaýyn seljerip bilýän alym adamlar az däl. Meniň nalyşyma milli bahbidiň giň möçberine laýyk düşüniler diýen tamam bar. Taryha ser salyň. Türkmen nähili agyr günlere duçar bolupdyr, duçar edilipdir. Keseden gelenleriň ýazgylarynda türkmenleriň mertligi, dogruçyllygy, uruşganlygy, göwnaçyklygy hakynda-da, gyzmaçlygy, agzalalygy hakynda-da aýdylýar, oňa galtamanam diýip görärler, emma ony neşekeşlikde aýyplap bilmändirler. Sebäbi, erkin ýaşamaga, ösňemäge bolan isleg ony hemişe çapyljak at kimin ykjam bolmaga mejbur edipdir. Bu zerurlyk ony neşeden daşlaşdyrypdyr diýse bolar. Häzir şol zerurlyk ýene seniň başyňdan indi, eziz ilim! Eger ata-babalarymyzyň tutanýerliligini görkezip bilsek, biz ýuwaş ölümden halas bolup bileris, bolmasa-da... Bolmadyk ýagdaýyndakyny, goý, her kimiň özi göz öňüne getirjek bolsun. Neşäniň zulumy ykdysady zulumdanam aýylganç. Ýitiren maddy baýlygyňy dikläp bolýar, emma neşä ýanan ömri dikeltmek juda kyndyr, belki, mümkinem däldir. Meniň nalyşymdaky ýowuz äheň üçin gatyrganma, ildeşim. Men keseden gelen adam däl. Seniň gaýgy-hesretiňe, rowaç günüňe menem şärik. Neşä erkini aldyran adamyň janserek bolup ýörşüni görenimde onuň kitap okamajagyna, şol sanda meniňem kitaplarymy okamajagyna, ýene bir okyjmy ýitirendigime gynanýaryn. Akyldaryň aýdyşyça, okamaýan adamlar pikirlenmeden galýarlar. Adam pikirlenmek endigini ýitirende ony haýwandan parhlandyrmak kyn. Neşe adamy ynsanlyk keşbinden aýyrýar, ol Iblisiň sürüsine goşulýar. Adamy hakyň ýolundan azaşdyrmakda neşe Iblisiň iň degerli serişdesine öwrüldi. Şol serişdäni ýaýradýan, ondan emläk, häkimlik üçin peýdalanýan adamlar Iblisiň hemaýatkärleridir. Olar hakyň ýoluna hyýanat edişleri ýaly, öz halkyna, öz Watanyna-da hyýanat edýärler, olar diňe nälete mynasypdyrlar! Aprel, 1997 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |