18:13 Mekge-Medineden soñky oýlanmalar | |
MEKGE-MEDINEDEN SOŇKY OÝLANMALAR
Ýol ýazgylary
I. Mekgä haja gitmek musulmana parz-da bolsa, bitirilmesi hökmany bolan wajyba girenok, gurbuňa, ýagdaýyňa görä bolmak maslahat berilýär. Arabystanyň daşlygy, ýolunyň agyrlygy barça musulmanyň arzuwyny gursagynda garradypdyr. Şolaryň arasynda Magtymguly-da bar, ýogsa bimöçber jepalara kaýyl ekeni, ýöne bolmandyr. Maýyň aýagynda duýdansyz pille ömrüm boýy garaşmadyk habarym geldi. Haja gitmek meýliň bar bolsa, amatly pursat döredi, Eýranyň hossarlygynda iberiljek topara goşýarys diýdiler. Baba-bat razylyk berenimi özümem duýmandyryn. Ýaýdanmalar, oýlanmalar soň ýetişdi, dogrusy, uzakly, gije pikir etdim. Sowet jemgyýetinde geçen elli ýyldan gowrak ömür ýoluň saňa haja gitmäge rugsat berýärmi? diýen sowal rehimsizlik bilen jogap talap edýärdi. Dürli jogap dilime gelýär, hiç birinden kanagat tapamok. Sen ýazyjy adam, Mekge-Medinäni görmek paýy nesibäňe düşdi, nämä ýaýdanýarsyň diýýärin. Asyrlar boýy dünýäniň meşhur alymlary, musulman bolmadyk syýahatçylar bu täsinligi görmek üçin neneňsi töwekgelliklere baş urupdyrlar, sen-ä musulman, saňa şübhe etjek ýok, nesibäňden ýüz öwürme, arkaýyn git! Ejize ganymlyk etdiňmi, bigünäň ganyna galdyňmy, ýa-da kişiň hakyny iýen ýeriň barmy? Ýok, ýok! Allanyň merhemedi bimöçberdýr. Allanyň öňünde iň agyr günä bigünäň ganyna galmak hem ilin hakyny iýmek. Emma Allanyň emri birle şolaryň-da günäsiniň ötülmegi ähtimaldyr. Hudaýsyzlygy ündeýän jemgyýetiň kalbyňa çökeren nogsanlyklaryny ýekän-ýekän seljerip, böwrüňi sanjydan dolduryp oturma, bi hesretlerden Alla bihabar däldir, şeýtanyň erkine tabynlykda ýaşandygymyza biribaryň özi-de gynanandyr. Hakyň ýoluna bendesiniň wepasy hemişe synaga sezewardyr, şol synag şeýtanyň hilesinde barlanýandyr. Indi keramatly Allanyň näme sebäbe görä tekepbir şeýtany ýok etmänine düşüňjek boluň! Biz ýigrimi sekiz günden dolanyp geldik, şonuň ýigrimi bir güni Saud Arabystanynda, Mekge-Medinede zyýaratda geçdi. Zyýaratyň ähli çykdajysyny Eýran öz üstüne aldy. Biziň toparymyza Orta Aziýadan, Gazagystandan, Demirgazyk Kawkazdan, Powolžeden, Moskwadan gelen musulmanlar girýärdi, aglabasy dini hadymlar bolup, umumy sanymyz ýüz ellä golaýdy. Şolaryň üçden iki bölegi täjiklerdi. Türkmenistandan giden on bäş adamdy. Men öñi bilen Eýranyň hyzmatyndan hoşaldygymyzy bildirmekçi bolýan. Olaryň çynlakaý aladasy agyr ýoldan sag-salamat, başybitin dolanyp gelmegimize ýardam etdi. Bu ýazgymda hajyň düzgünleri, parzlary bilen sizi tanyşdyrmagy niýet edemok. Men haja gatnaşan adam hökmünde özümde dörän oý-pikirleri beýan etmekçi bolýan. Olar meniň öz şahsy pikirlerim bolanym üçin, käbir ýagdaýlarda olar bilen ylalaşmazlygyňyz hem ähtimal, ýöne sizi biperwaý goýmaz diýen niýet bilen ýazmakçy bolýaryn. Öňi bilen hajyň ýeňil syýahat däldigini aýtmakçy, onda-da tomus aýlarynda. Arabystanyň yssysyny görüp gelen adam biziň yssymyzdan zeýrener öýdemok. Ot-ýalyn bolup öwüsýän epgek gijelerem ýatanok. Şonda-da yssynyň gradus ölçegi bilen gyzyklanyp ýören adam bardyr öýtmedim, bizem gyzyklanmandyrys. Umuman, hajyň azabyndan ýaýdanyp oturan ýok, gaýta azap çekildigiçe zyýaratyň gadyr-gymmaty artmaly diýen ynanç bar. Garry adamlar keramatly toprakda jan bermeli bolsa, Allanyň buýrugyny höwes bilen kabul etjekdiklerini abdýarlar. Uly haj gurban baýramy bilen bagly. Mekge bilen utgaşyp gidýän Minada Ybraýym halyl söwer ogly Ysmaýyly hakyň ýoluna gurban bermekçi bolýar. Şonda şeýtan üç gezek Ysmaýyly kakasyndan gaçyrmaga synanyşýar, gaç diýip oňa ýalbarýar. Ysmaýyl üç ýola-da şeýtana daş atýar, ony kowýar. Allanyň buýrugy bilen Ysmaýyl ogluna derek hakyň ýoluna goýun gurban edýär. Şol ýerde häzir haja baranlar goýun kesýärler, üç ýerde-de şeýtana daş atýarlar. Gurbanlyk gününe entek dokuz gün bar. Biz iýun aýynyn ikisi güni Jidda bilen Mekgäniň aralygynda ýuwnup, endamymyzy tämizläp yhrama girdik. Yhram hajyň hökmany parzlarynyň biri. Yhramyň gelip çykyşy bilen bagly berilýän etnografik maglumatlarda onuň juda gadymydygy hakda ýazylýar. Pygamberden ýüzlerçe ýyl öňem Arabystanda bir taýpadan ikinji taýpa myhman baran adam yhram geýip barar ekeni, şeýlelik bilen keseki hem bolsa, baran taýpasynyň hudaýyna sarpa goýýandygyny, boýundygyny duýdurypdyr. Şonuň bilen birlikde kesekiniň ýerinde aw awlamaga, agaç kesmäge, birugsat öýlere girmäge hukugy ýok gelmişegi beýlekilerden tapawutlandyrýan alamat bolup hyzmat edipdir. Din döreýiş hem ösuş ýolunda halkyň gadymy dessurlaryndan köp alamatlary özüne uýgunlaşdyrmagy başarypdyr. Bu taýda hiç hili zyýanlykly zat ýok, gaýta onun halk bilen baglanyşygyny artdyrýar. Yhrama gireninden soňra saçyňy, sakgalyňy, dyrnagyňy almak, bedeniňe sabyn, atyr degirmek gadagan, kelläň ýalaňaç bolmaly, diňe saýawana rugsat edilýär. Iýunyň üçi güni Käbäniň daşyna ýedi gezek aýlandyk. Safa-Merwa daglarynyň arasynda ogly Ysmaýyla suw gözläp ýedi gezek gatnan Hajaryň ýoluny gaýtaladyk. Halys ysgyndan düşüp suw tapman gaýdyp gelen naçar ene däbşenekläp ýatan çaganyň ökjesiniň astyndan çogup çykan çeşmäni görýär. Gudratly zemzem çeşmäniň suwundan içdik. Käbäni gurşap duran täsin Haram metjidinde namaza durduk. Bu metjidiň adynyň size geň eşidilmegi ähtimaldyr, ýöne biziň dilimize geçen haram sözüniň manysy bilen onuň baglanyşygy ýok. Arap diliniň fonetikasynda olaryň aýdylyşynda tapawut bar. Metjidiň ady mukaddes, keramatly diýen manyny aňladýar. Käbä Beýt-Alla hem diýilýär, ýagny Allanyň öýi diýmek, Allanyň emri birle Adam ata bilen How enäniň zemine inen ýeri - Arafat dagy. Adam atanyň bina eden jaýy Nuhuň tupanynyň astynda galypdyr. Ony gaýtadan dikeltmek Ybraýym halyl bilen onuň ogly Ysmaýyla buýrulypdyr. Siziň suratyny görýän üsti gara örtükli jaýyňyz şol jaý bolmaly. Käbäni ilki görenimde, togap edip daşyna aýlanyp ýörkäm başdan geçiren duýgularymy gysgaça beýan etjek bolaýyn. Barybir onuň doly beýany maňa başartmaz, onuň söze per bermeýän pursatlary bar. Käbäni ýeriň göbegi hasap edýärler. Zemin onuň töwereginde aýlanyp dur, onuň hereketi gijede-gündizde togtanok. Akym bilen barýan adamlara garaýaryn, Ene süýdüni emýän çagadan başlap, ysgyn-mydardan jyda düşen garrylara çenli aýlanyp dur. Olary eginlere göterip aýlaýarlar. Käbe güýçli bir daragt, adamlar onuň ýapragydyr öýdýärsiň. Ýapraklar dürli reňkde, agy-da, sarysy-da, garasy-da bar. Gadymy Babilonda adamlar belent bir minara galdyrypdyrlar, depesi göge diräpdýr. Olaryň kuwwatyna, gudratyna hudaý gabanjaň garanmyş diýýärler. Dillerini aýralapdyr, birek-birege duşünmedik adamlar pytranmyşlar, minara ýumurlypdyr. Men töweregimdäki ýüzlere garaýaryn, olaryň reňkleriniň dürli bolşy ýaly, dilleri-de, milletleri-de dürli-dürli. Häzir olary bir söz, bir hudaý — Alla birleşdirýär. Olaryň biri Allanyň öýüne garaýar, ony öz öýi, öz gözbaşy hasap edýär. Dürli dilde gepleýänleriň aslynyň birdigine, dogandyklaryna ynanýarlar. Olar Allanyň emri bilen bir daragtyň astyna ýene jemlenendiklerine şükür edýärler. Gündelik durmuşda şeýtanyň hilesine gidip, Allanyň öňünde eden günäleri üçin toba edýärler, ötünç soraýarlar. Toba, toba!.. Entegem toba azlyk edýär. Ol entek ynsanyň gündelik zerurlygyna öwrülip bilenok. Alla jan, adamlaryň howa, suwa, iýmite zerurlyk duýuşlary ýaly, olaryň kalbyna toba etmäge zerurlygy-da salaweri! Biz toparjyklara bölünip, birek-birekden mäkäm ýapyşyp aýlanyp ýörüs. Öňümizde Türkmensähradan gelen türkmen ahunlary. Biz Gurban ahunyň okaýan dogalaryny sesimiziň ýetdiginden gaýtalaýarys. Ol arap sözlerinden soň birden türkmen diline geçip, Alla nalyş aýdyp başlaýar: «E-eý, keramaty güýçli Alla jan, seniň merhemediň çägi ýokdur. Meniň günälerimi ötjegiňe ynananym üçin men seniň huzuryňa geldim. Alla jan, meniň günälerimi diňe sen bagyşlap bilersiň»... Dogrusy, ägirt bir duýgy bedeniňi sarsdyryp gidýär, öz diliňde gepläp başlaňda Alla nalyş etmäge seniň gezegiň! gelen ýaly bolýarsyň. Häzir Alla diňe saňa gulak asýan ýaly, onuň nazary saňa, seniň iliňe, seniň Watanyňa gönügen ýaly bolýar. Gözýaşa boglanyňy duýman galýarsyň. Gulaklaryň gapylýar, töwerek dym-dyrslyk. Allanyň huzurynda ýeke özüň galan ýaly. Bu pursatyň güýjüni söz bilen beýan etmek juda kyn, başardanok, ony her kimiň özi duýmaly. Seniň nalyşyň ene diliňde has-da güýçli, täsýrli ýaňlanýan ekeni, ol seniň kalbyňy çöwürýär goýaýýar. Hudaýa sežde edýän adamlar haýsy dine eýerýändikerine garamazdan biri-birine meňzeş. Aýratynam öz hudaýlarynyň huzuryna baranlarynda meňzeş. Men Watikanda Sikst kapellasyna, Parižde Bibimerýemiň ybadathanasyna, Moskwada Nowodewiçi monastirine baranymy, ybadat etmege gelenleri synlanymy ýatlaýan. Bahyň belent sazynyň beýhuş ediji owazy olary Hudaýyň huzuryňda ynsaplary bilen ýüzbe-ýüz durmaga amatly pursadyň gapysyny açyp berýän alamat. Olar hudaýyň öňünde ispowed okaýarlar, kalblaryny şerden, ýaman pygyllardan arassalaýarlar. Arassalandygyça olaryň keşbi uýtgeýär, ýüzlerinden galmagally dünýäniň dawa-jeňi, şeri kir kimin sypyrlyp aýrylýar, bäbegiň ýüzündäký päklik dolanyp gelýär. Olara hudaýyň rehimi çaýylýar. Olar bu alamatlary ýüzlerine garap duýanoklar, kalby bilen, oňa aralaşan ýumşaklyk bilen duýýarlar. Käbede saz ýok, sazyň güýji Allanyň belent sütünleriň arasyndan ýaňlanýan sözünde duýulýar. Ol ses asman ýaly belent, Alla ýaly ýakyn. Şol ýakynlygy duýan mähelle oňa has-da golaýlaşmaga ymtylýar. Käbäniň töweregini gurşap duran belent al-Haram metjidiniň içi-daşy depelenip doldurylan ýaly. Ak mermer düşegiň üstünde ýarym million adam otyr. Olar ten, göwre ýakynlygyny, gyslyşygy duýanoklar, olaryň ruhy Alla tarap gönügen. Ten duýgusy manysyz bir zat, bir pursat onuň gysajyndan sypypdyrlar. Ten duýgusy, göwräniň islegi zerarly hudaýyň bendesi her dürli azaplara döz gelmeýan bolýar, günä işlere baş goşýar. Ten duýgusynyň süteminden halas et, biribar! Ynsan kalbyna öz kalbyň, öz döreden älemiň ýaly giňlik ber, biribar! Allanyň öňünde etmişiňi sap ýürekden boýun almak adamyň kalbyna giňlik salýar, arassalaýar, rehimini zyýat edýär. Bu wajyp alamatlary belli bir derejede Käbeden bärde-de, her kimiň ýaşaýan ýerinde-de gazansa bolar, şoňa-da ýykgyn etmeli. Munuň üçin mollalaryň haýyr-sahawat, ynsap ugurdan allanyň bendelerine gündelik hemaýatlary zerur. Olar adamlaryň durmuşyndan üzňe bolman, her bir adamyň göwün-isleginden habardar bolsalar gowy boljak. Emma gynansagam, biziň mollalarymyzyň arasynda adamlaryň kalbyna aralaşmaga, häsiýet, gözýetim, düşünje taýdan bir adamy beýlekiden tapawutlandyrmaga, onuň özboluşly şahs hökmünde göwün-islegine düşünmäge ezberlik görkezýänleri köplük edýändir öýdemok. Olar gündelik dini dessurlary amal etmegiň hysyrdysy bilen aşa gümra. Elbetde, bularam derwaýys zatlar, ýöne adamlaryň durmuşy meselelerine-de üns berilse, göwnüçökgünlere hemaýat edilse, kemsidilenleriň halyndan habar alnyp durulsa, adamçylyk gatnaşyklary bilen bagly maslahata, mätäçleriň ýagdaýlaryna ser salynsa, haýyr işiň peýdasy juda artmazmydy! Muňa döwlet edaralarynyň işine goşulmakdyr öýdäýmäň. Adama ynsanperwerlik babatynda dowlet guramalarynyň berip bilmejek hyzmatynyň öwezini doldurmakda dini hadymlaryň ýyly sözüniň öz mynasyp orny bardyr. Beýik Oktýabr diniň döwletden aýradygyny yglan edenem bolsa, din wekilleri partiýanyň, howpsuzlyk organlarynyň berk kontrollygynda saklanypdy. Olar belli bir derejede, kommunistik ideologiýanyň islegine tabyn edilipdi. Bu öňki Soýuzyň ähli ýerinde, şol sanda Türkmenistanda-da şeýle bolupdy. 2. Şu ýylky uly haja dünýäniň dürli künjünden musulmanlaryň üç milliona golaýy geldi diýdiler. Şonça adamy Mekge kabul etmeli, iýdirmýeli, içirmeli, ýatyp-turmaga ýer bermeli. Düýeli, eşekli geliňýän mahaldan oba göçüpdir, ösen ýurtlaryň atly firmalarynyň çykarýan güýçli hem gelşikli samolýotlary, maşynlary zýýaratçylara hyzmat edýär. Haýsy markany synlaryn diýseň, Mekgä baraý. Giň ýollar, jülgeleriň arasyny kesýän gara daşly gaýalary ýaryp zowwam geçirilen ötükler gadymy Mekgäňiň ýazgylarda galan görnüşini göz öňüne getirmäge hiç hili alamata goýmandyr. Diňe gara daglar öňki sypatyny saklan bolsa gerek. Käbäniň töweregi-de tanalmaz derejede üýtgäpdir. 1809-njy ýylda hajyň ähli parzyny berjaý edip, iňňän, töwekgellige ýüz urmak bilen, özüni tanatman Mekge-Medinä aýlanan nemes alymy, syýahatçysy Ulrih-Zeýetseniň Beýt-Allany gurşap oturan Haram aş-Şerif metjidiň şol mahalky görnüşini çeken suratyna geň galyp seredýärin. Diňe Allanyň öýi öňki görnüşini saklapdyr, galan zat üýtgeşik. Haram metjidiniň häzirki görnüşi özüniň monumentallygy, owadanlygy bilen aklyňy haýran edýär. Umuman, şäheriň arhitekturasy göwnüňden turýar. Jaýlar owadan, olaryň durkundan gapdaldaky gaýalara mahsus berkligi duýsa bolýar. Ýewropanyň täsiri uly. Ol aýratynam kwartallaryň ýerleşişinde, yşyklandyrylyşynda, hyzmat ediş sferasynda ýüze çykýar. Adamyň şeýle köplügine garamazdan, şäheriň arassa suw, iýmit bilen üpjün edilişi ýokary derejede durýar. Mekgäniň töwereginde gök çöp bitmeýän hem bolsa, şäher miweden, gök önümden doly. Banan, apelsin, alma her naharyňa hökmany berilýän nygmatlar. Bu taýda Ýewropa, Amerika sögüp ýören ýok. Ol ýurtlaryň döreden tehnikasynyň eşretini görýärler, dünýäniň iň owadan ýeňil maşynlaryny saudlylar münýärler. Yslam ykdysady hyzmatdaşlyga asla päsgel bermeýän bolmaga çemeli. Käbäniň içinde-de ýol görkezijiler arap hem iňlis dillerinde ýazylypdyr. Şu ýagdaýlary göreniňden soň, biziň köpmilletli toparymyza käbir bildirişleri hemmä düşňükli rus dilinde aýdylan mahaly täjigistanly käbir adamyň kapyryň dili gerek däl diýip gygyran bolmasy gülkünçdi. Biz Mekgede bolan on bäş günümiziň on gününi yhramda gezdik. Dört gijäni şäheriň daşyndaky mukaddes ýerlerde geçirip, hajyň düzgünlerini sypdyrman berjaý etdik. Hemişe münjek ulagyň, iýjek owkadyň gapdalyňda taýýardygyna garamazdan, sag janyň bolaýmasa, hajyň ähli parzyny, sünnetini berjaý etmek ýeňil däl. Howanyň yssysy, adamlaryň köplügi... adamlar diýemde birje mysal getireýin. Arafat dagyndan gaýdan hajylar gijäni Muzdalifada geçirýärler. Iki dagyň arasy, giňligi dört-bäş kilometr bolba gerek. Üç milliona golaý adam transporty bilen şu ýere ýygnanýar, şeýtana zyňylmaly kyrk dokuz sany daşy çöpleýär. Ir säher, namazdan son top atylýar. Üç mýllion adam Mina tarap ugraýar. Olar gün ýaşýança bir ýere, garry şeýtanyň sütünine daş atyp ýetişmeli, eger ýetişmeseň hajyň kabul bolanok. Üç million adam bir sütüne topulýar! Özüňiz göz öňüne getirjek boluň. Tutuş Türkmenistanyň ilatyndan sähel az. Şu hereket üç gün gaýtalanmaly. Şonça adam Käbä-de aýlanmaly. Islän mahalyň däl-de, belli bir wagt aralygynda aýlanmaly! Mekgeden soň Medinä gaýdylýar. Pygamberiň sünnetini berjaý edip, kyrk rekat namaz okamaly. Haja gidýänleriň sany ýyl geldigiçe köpelýär. Türkiýeden, Eýrandan diňe uly haja barýanlar ýüz müňden has geçýän ekeni. Haja gitmek musulmana buýrulan parzlaryň biri, ony berjaý etmek bagty miýesser edäýen halatynda men hajy boldum diýip, Allanyň bendeleriniň öňünde özüňi artykmaç saýmak meýlinden daşda dursaň ýagşy. Bu gun saňa nesip eden bolsa, enşalla, ertir beýlekilere-de nesip eder. Hajynyň sabyr-takaty artykmaç bolmaly. Öňki SSSR-iň düzümine giren respublikalaryň bir näçesinde häzir milletara dawalar hem häkimiýeti ele almak bilen bagly ganly çaknyşyklar dowam edýär. Biziň bilen giden täjikleriň howsalasyny, ätiýajyny äşgär gördük. Tolgunşyklaryň zaňy, betbagtlygyň habary şol ýere-de ýetýärdi. Olaryň käbiri gahar-gazapdan, kineden saplanyp bilmän gaýtdy. 3. Jiddadan Maşada uçmaly samolýota münmäge garaşyp durkak kyrk ýaşlaryndaky başy selleli täjik bilen bolan ýakymsyz gürrüňi ýatlamakçy bolýaryn. Ol din wekili, pylan metjidnň ymamydyryn diýdi, dürli ýerlerden, hatda Türkmenistandanam baryp özünden sapak alyp gaýdýanlaryň bardygyny buýsanç bilen aýtdy. Emma Allanyň öýüne togap edip gaýdan adamyň ýüregindäki gahar-gazabyň, ýigrenjiň gowzamandygy meni gynandyrdy. — Hä diýmän häkimlik yslamyň eline geçýär, biz kommunistleri öldüreris, ýok ederis, kommunistlere satylanlary, olara hyzmat edenlerem gaýgyryp durmarys — diýdi. — Beýle zorluga daýanjak bolsaňyz, siziň häkimligiňiziň kommunistleriňkiden näme tapawudy bolar? — Biz Allanyň aýdanyny, Gurhany kerimde ýazylany berjaý ederis, — Gurhany kerimde adam öldürmeli dýýip ýazylmandyr-a? — Siz Gurhany bileňzok! Näme etmelidigini biz gowy bilýäs, gaýgyrman öldüreris! Eý, Alla, bu adamyň ýüregi daşdan ýasaldymyka! Seniň merhemediň, rehimiň daşlary ýumşadypdyr, bi, yslamyň adyndan gep urýan bendäňe men näme diýeýin. Onuň Gurhany menden zyýat bilýänine ynanýan, ýöne musulmanyň ganyny dökmäge seniň oňa rugsat bermejegiňe-de ynanýan. Onuň ganyny dökmäge howlugýany-da dinibir, ganybir täjigi. Bir dilde gepleýän halkyň ogullary. Gan bilen gazanylan häkimlik uzaga gidermi eýse? Barça bigünäniň ganynyň döküljegi açyk, olary näme bilen aklap bolar? Owganystanyň tragediýasy bize degerli sapak. Ol ýurtdan gaýdan bosgunlaryň bir ujy Saud Arabystanyna-da ýetipdir. Bosgunlaryň arasynda men öz ildeşlerimi-de gördüm. Özbek-de, täjik-de köp. Olar watanlaryna gaýtmagyň arzuwy bilen ýaşaýarlar. Bu ýurt olara graždanlyk bermändir, bermekçi hem däl. Ygtybarly kepilnamalar tapaýmasaň, wagtlaýyn ýaşamaga-da rugsat berlenok. Saud Arabystany tebigatynyň, gazaplydygyna garamazdan, iňňän baý ýurt. Gazanç gözläp gelýäniň, gelmäge isleg bildirýäniň sany juda köp. Musulman bendeleriniň Allanyň öňünde deňligi şu toprakda yglan edilenem bolsa, milli bähbide, syýasata gezek gelende dini taglymat umumy deklorasiýa görnüşine geçýär, anyklygyny ýitirýär duruberýär. Elbetde, ähli isleg bildirýäni bu ýurduň kabul edip bilmejekdigi öz-özünden düşnükli. Şonuň üçinem her bir adam öz azatlygyny, rowaçlygyny öz ýurdundan gözlemeli. Öýe gelenimizde Täjigistanda ýene ganly çaknyşyklaryň bolandygyny, howply ýagdaýyň dowam edýändigini habar berdiler. Bosgunlaryň sany köpelýär diýdiler. Sentýabrda, oktýabrda, onlarça ýyl Täjigistanda rahat ýaşan türkmenleriň bosgunlary bize gelip başlady. Beýleki halklaryň wekillerine güm boluň! diýen sesler ýaňlanýar, olaryň öýlerini talaýarlar, zorluk edýärler. Täjik täjigiň ganyny dökýär. Eýse, bi tragediýa üçin haýsy ideologiýany günäkärläp bolar? Din wekilleri kommunistleri, kommunistler yslam fundamentalistlerini günäkärleýärler, emma iki tarapam gan dökmeden el çekenok. Kommunistleriň synpy ideologiýasy ynanjyň başa barmadyk halatynda gös-göni zorluga daýanýar, ol muny giläp hem duranok, bir synpyň ikinji synpyň üstünden zorlugy onuň esasy doktrinasy. Hany bu ýerde ikinji toparyň sabyry, rehimi? Olar Allanyň ýoluny wagyz edýärler-ä! Gan dökmek, zorluk günä. Häzirlikçe olar zorlukdan gaýry amatly ýol bardyr öýdenoklar, sebäbi olar hem kommunistik ideologiýanyň täsiri bilen ösen adamlar. Şonuň öwreden, wagyz eden synpy ýigrenji bilen ýigrenýärler, şonuň ündeýän zorlugy bilen hem hereket edýärler, iş görýärler. Baýdaklarynyň üýtgändigine garamazdan, bir usula daýanyp, hersi öz maksadyna ýetmek isleýär. Olaryň maksady häkimiýeti ele almak. Ýene hakyň ýoly, häkimligiň ýoly hakynda oýlanyp otyryn. Men olary deňeşdirip görýän. Meniň ynanjyma görä, din häkimlik üçin ýaradylmandyr. Häkimlik aglaba zorluga daýanýar, din zorluga garşy. Din hakyň ýoluny tutýar, bendeleriň haka sygynmaklaryny wagyz edýär. Hakyň ýolundan gyşaran halatynda olary dolanmaga çagyrýar, sabyr-takat görkezýär, ýaman etmişleri üçin hudaý tarapyndan olaryň günäleriniň geçiljekdigini duýdurýar. Häkimligiň ýoly başga, ol özüne garaşly raýatlaryň günäsi üçin anyk jeza çäresini belleýär, olaryň janyny alyp-da bilýär. Onuň aladasy häkimligini berkitmek. Şol häkimligiň islegine görä-de kanun çykarýar, ony adalatly saýýar. Onuň adalaty hemişe raýatyň islegine bap gelip duranok, emma häkim adalatsyz bolmakdan çekinenok, hakyky adalat güýje baglydyr diýen taglymata gulluk edýär. Din welin, hakyky adalaty diňe hakyň ýolundan gözleýär, häkimleri-de hakyň ýoluna mynasyp adyllyga çagyrýar. «Orta Aziýa respublikalarynda-da şerigatyň kanunlaryny girizmeli, ogurlyk-jümrülik edeniň elini kesip başlamaly» dinýänlere duş gelýärin. Olaryň käbiriňiň bolýan adalatsyzlyklara, zorluga, jenaýata, döwlete degişli hem hususy emlägiň goragynyň gowşaklygyna janlarynyň ýanyp durandygy zerarly gahara bäs gelip bilmän aýdýandyklaryna-da düşünýän. Megerem, olar bir ýagdaýy hasaba alman aýdýarlar. Islendik kanunyň ýerlikli hem netijeli işlemegi üçin şol kanunyň döwrebaplygyny kepillendirip bilýän jemgyýetçilik gurluş bolmaly. Yslamyň ýörelgesini syýasy gurluş hökmünde kabul edip alan ýurt üçin, elbetde, şerigatyň kanunlaryna gol ýapmak geň däl. Ündelýän morala görä-de kanun kabul edilýär. Biziň ýagdaýymyza üns berip görüň. Ýetmiş ýyllap «din halk üçin tirýekdir» diýen taglymata gulluk etdik. Söweşjeň ateizm döwletiň ideologiýasyna öwrülip, çagalarymyz mekdebiň bosagasyndan aýak basan gününden «hudaý ýok, hudaýy unudyň» diýen wagzy eşidýärdiler. Ençeme nesil hudaýa ynanman, yslamyň nämediginden bihabar, oňa gargap ösdi. Ýalan söz kada öwrüldi, döwletiň, kişiň emlägini ogurlamak haramdyr öýdülmedi. Diniň däpleri ýitdi, yslam bilen bagly dörän medeniýetiň üstüne atanak çekildi. Şerigatyň kanun-a beýlede dursun, şol sözüň manysyndan bütinleý bihabardyk. Ýeri, şu düzgüni etine-ganyna siňdirip ösen nesillere alagadan: ertirden şerigatyň kanunyna boýun bolup ýaşamaly diýseň nähili bolar? Ýetmiş ýylda biz diňe diniň däplerini däl, halkyň ata-baba gelýän däplerini hem ýitirdik, ýa-da olara býurokratik apparatyň islegine görä başga many berdik. Onlarça mysaldan ikisini alyp göreliň. * * * Birinjisi. Her bir halk özüniň gowy däbi hökmünde myhmansöýerligini nygtaýandyr, aýratynam gündogar halklar, şol sanda türkmenlerem. Bizde «myhman ataňdan uly» diýen nakyl bar. Öňki zamanda uly maşgalasy bilen ýeke gara öýde gyslyşyp ýaşan türkmenleriň gapysyndan taňry myhmany barsa, ýüzüni çytmaz ekeni, ýa-da jaýy giň barly adamyň gapysyny salgy bermez ekeni, güler ýüz bilen kabul edip, töründen ýer beripdir, oňşugynyň kyndygyna garamazdan çagalarynyň agzyndan kesip, duz-tagam hödür edipdir, uly gyzynyň gapdalyndan oňa düşek ýazyp bermäge çeknnmändir. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda Eýrana, günbatar Türkmenistana syýahat eden P. Ogorodnikow türkmen obalaryna myhman bolanda özüniň hezzet-hormat bilen garşylanandygyny, däbe görä atynyň aýagyna söwüş edilen janlynyň çüwdürilýän ganynyň degendigini ýazýar. Umuman, obanyň çetinden giren ýolagçy ilkinji öýi taşlap başga gapa barsa, taşlanan öýüň eýeleri öýkelär ekenler. Myhmanparazlyga bolan garaýyş sowetler döwründe üýtgedi, onuň ýerli guramalar tarapyndan düzgünleşdirilen görnüşe geçmegi türkmençilige mahsus bolan ýönekeýligini ýitirdi, sistemanyň bähbidine tabyn bir ýagdaýa öwrüldi. 1957-nji ýylyn gyşynda aýazly gün Mikoýany garşylamak üçin Marynyň şähernne obalardan ulyny-kiçini sürüp, uzakly gün adamlary aýylganç sowuga daňanlary ýadymda. Ajygyp halys surnugan görgüliler öýlerine dolanyp gelensoňlaram ýarym gün özlerini alyp bilmändiler. Olaryň agzyndan çykýan ajy sözleri «türkmeniň beýik myhmany» eşidäýen bolsady! Soňra Hruşewi, Brežnewi myhmansöýer türkmen halkynyň garşylaýşyny gurnamaga ýolbaşçylyk eden apparatyň işgärleriniň oýlap tapyjylyk ukybyny komediýadan başga žanrda beýan etmek mümkin däl. Çopan goşunda berre toklynyň eti salnan gömmenany gara der bolup iýip oturan Hruşew, bi süýji tagamy nädip taýýarladyňyz diýip sorapdyr. Respublikanyň ýolbaşçysy beýik myhmana hatyranyň biçak uludygyny nygtajak bolup, tutuş bnr toklynyň etiniň zerurdygyny aýdypdyr. Hruşew: bi nahar türkmen maşgalalarynda iýilýärmi? diýip sorapdyr. Hruşewiň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň abadançylykda, bolçulykda ýaşaýandygyny aýtmaga mundan amatly pursat boljakmy diý. Respublikanyň ketdesi: günde-günaşa iýýärler diýipdir. Şondan soň Hruşeňwiň turuzan galmagalyny eşitsediň diýdiler. Her maşgala günde-günaşa bir goýun iýýän bolsa, siziň döwlete et tabşyrmajagyňyzy bilýän diýip gygyrypdyr. Ine, saňa «myhmansöýerlik», ine-de myhmanyň tanryýalkasyny! Durgunlyk diýlip at berlen ýyllarda her kolhozda myhmanhana guruldy. Olar diňe kolhoz başlyklarynyň ýa-da raýkomyň rugsady bilen myhman kabul edýärdiler. Peýwagtyna düşen adamyň ol ýere barjak gümany ýokdur, baranda-da kabul edilmejegi bellidi. Myhmanhana kimiň gelip-gidýändiginden galapyn oba adamlarynyň habary bolmazdy. Şol myhmanhanalarda ýatyp-turmak maňa-da ençe sapar miýesser boldy. Döredijilik komandirowkalaryna barýardym ýa-da beýleki respublikalardan gelen adamlaryň gapdalynda bolýardym. Edilýän hezzet-hormata at dakar ýaly däldir, ýöne bu alada obkomlaryň, raýkomlaryň görkezmesinden soň edilýärdi. Şolardan birugsat bir nätanyş baraýsa, ony göni kolhoz başlygynyň ýanyna ugradarlar, onuň kimdigini, nähili maksat bilen gelendigini anyklarlar, soňra raýon ýolbaşçylaryna duýdurarlar. Eger raýondan biziň-ä beýle adamyň geljeginden habarymyz ýok diýläýse, myhman almaga kolhoz aňsat töwekgellige gitmezdi. Geçmişdäki ýaly islän gapyňy kakyp, taňry myhmanyny alyň diýilýän däp bir mahal ýatdan çykarylypdy. Tanşy-bilşi bolaýmasa, baran adam ýat obada eglenmän, şähere gaýtmak bilen bolar. * * * Ikinjisi. Tejen uýezdiniň naçalnigi Mihaýlow türkmen daýhanlaryndan galla satyn alanda olaryň aýdanyna şübhesiz ynanaýmalydyr diýýär. Eger çuwalda pylança put däne bar diýen bolsa, çekip görseň aýdany dogry çykar ýa-da ýarym put artykdyr, kem geljek gümany ýokdur. Ýanlarynda çekip aljak bolsaň halamaz ekenler, sözlerine ynanmazlyk edilýän ýaly görüpdirler. Iňlis syýahatçysy Aleksandr Borns 1831-nji ýylda Türkmenistanyň içinden geçip barýarka Hoja Abdylla öwlüýäniň ýanynda düşleýär. Türkmen daýhanlary onuň çadyrynyň agzynda bir çuwal gawun getirip goýýarlar. Borns satmaga getirendirler öýdüp, bahasyny soraýar. Zat gerek däl diýýärler. Borns halys ezeläp durandan soň, beýle ynjalmaryn öýdýän bolsaň onda bir çümmük temmäki beräý diýýärler. Türkmenleriň merhemeti, dogry sözi hakynda bu ülkä ýarag göterip, gara ýürek bilen gelenleriň özleri birgiden ýazgy galdyryp gidipdir. Türkmen ýesir düşüp, bäş minutdan asyljagyny bilse-de, ýalan sözlemez diýip, olaryň mertligini boýun almaga mejbur bolanlar az bolmandyr. Uly ýoluň ugurynda ekilen gawun-garpyza sakçy diýlip goýlan ýaşuly adamyň ötegçileri saklap, uçmadan çykan zatdan dadyp geçmeseňiz bolmaz diýip mürähet edişine, oglankak özumizem az gabat gelmändik. Sakçylar bakjany adamdan goramazdylar, şagaldan, meýdan doňuzdan gorardylar. Häzir daşardaky zatlar beýlede dursun, öýmüzde ýedi gulpuň aňyrsyndaky goşumyzy adamlardan gorap bilemzok. Garpyz alaýyn diýip bazara bardym. Sakgally-sarmykly, başy seleň telpekli ýaşuly ýaňy garpyzyny düşürip, satmaga başlapdyr. Ýüzüne seretdim, daýhana meňzemänem duranok, ellerindäki gatan gabarçaklary görüp arkaýynlaşdym. Daýhan adam ynsabyny ýuwdan däldir, bi ýaşula ynansa bolar diýen umyt bilen: «Ýaşuly, bi garpyzlaryň azotdan halasmydyr?» diýdim. «Halasdyr, inim, arkaýyn alyber, azodyň ysynam alan däldir bylar» diýdi. Her garpyza dört-bäş manat töläp, alyp gaýtdym. Içi köz ýaly gyzyl garpyz bölünen dessine reňkini üýtgetdi duruberdi, ogurlykda tutulan adamyň ýüzi ýaly ýakymsyz agardy. Turşy tagamy bar ekeni. Dogrusy, men beren pulumdan beter ýaşuly adamyň ýalan sözüne gynandym. Daýhan diýip hasap eden adamyň aldasa juda ýokuş degýär. Baragadan ýalan sözlemäge utanaňokmy, ýaşuly, diýsem ýüzi üýtgärmikä? 1863-nji ýylda Orta Aziýa syýahat eden Wamberiniň galtaman türkmen bilen eden gürrüňi ýadyma düşdi. Wamberi galtamana ýüzlenip: «Öz dinibir doganlaryňy gul edip satmaga neneň gaýratyň çatýar, pygamber her bir musulman erkindir, azatdyr diýmänmi näme?» diýýär. Türkmen barypýatan perwaýsyzlyk bilen jogap beripdir: «Gurhany kerim kelamulla, elbetde, onuň gymmaty adamdan ýokary, eýsem-de bolsa, şonam gran bilen bahalap, alyp-satyp ýörler-ä. Ýeri, şundan soň siz näme aýdybiljek? Ýakubyň ogly Ýusubam pygamber ekeni, onam satypdyrlar. Satylany bilen onuň mertebesi kemeläýdimi». Ýüz otuz ýyl mundan ozal gul satyp oturan türkmen bilen bu günki garpyz satýan türkmeniň ýaşan döwürleriniň arasynda dag bilen gök ýaly tapawudyň bardygyny bize bada-bat ýatlatjaklar tapylar. Tapawudyň bardygy bize-de aýan. Galtamanyň ýaşan döwründe jemgyýetde aç-açan zorluk höküm sürüpdir. Galtaman şol zorluga mahsus iş görýändigini gizlemän, dogry jogap berýär. Bu günki garpyz satyp oturan türkmen zorluga daýanmaýan, zorlukdan, zulmatdan büs-bütin dynylan jemgyýetde ýaşaýar dýeli. Emma ol etmişini boýun alanok, ýalan sözleýär. Ýaşuly halyna beýle arkaýynlyk bilen ýalan sözleýän adam, belki, ýalan sözde aýyp bardyr öýdýän däldir? Belki, ýalan sözi durmuşyň adaty ýörelgesi hökmünde kabul edýändir? Eýse, biziň jemgyýetimiz, onuň geçen ýoly garpyz satýan adamyň ýalan söze günäsiz bir zat ýaly ten bermegine esas berdimikä? Goý, bu sowala şu günki ýaşap ýören adamlaryň her biri ak ýürekden jogap bersňn! Ýöne dar agajynyň astynda, şirin janyndan jyda duşjek bolup durka ýalan söze ýüz urmadyk türkmen bilen, zäherli garpyzyny satmak üçin ýalan sözlemäge utanmaýan türkmeniň taňrysynyň hem bir däldigini aýdyp biljek. * * * Bu gün halkyň aňyna salnan ýaramaz endikleri hertaraplaýyn seljermäge dalaş edilse ýagşy. Hоwlukmak, alňasamak düşünje taýdan dar adamlara mahsus. Sabyrlylyk ynamlynyň, güýçlüniň paýy. Hakyň ýoly sabyrlylygy ündeýär. «Sabyr rahmandan, äwmek şeýtandan» diýipdirler. Milletara gatnaşyk meselesinde Türkmenistany asuda döwletleriň biri hasap edýärler. Bu ýagdaýa biz guwanmaly hem buýsanmaly. Onuň berýän rahatlygyny bir aýyň dowamynda has önjeýli duýduk. Türkmenler düýnki SSSR-de az sanly halk bolandyklaryndan bu gün öz ýurdunda köp sanly halka öwrüldi, az sanly halklaryň ykbaly belli derejede biziň syýasatymyza bagly. Eger biz duçar bolan düýnki kemsidilmelerimiz üçin ar almagyň, göz görkezmegiň ýoluna düşäýsek, bu ýagdaý halkymyzyň abraýyny, mertebesini galdyrmaz. Halkyň kalbynyň giňdigine men-ä hemişe ynanýan. Ýetmiş ýylyň dowamynda dörän taryhy ýagdaýa ser salyp görüň. Ruslar hem beýleki halklar bilen goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk biziň gündelik durmuşymyza, medeniýetimize, psihologiýamyza ymykly aralaşdy. Bu gün haýsydyr bir syýasy şowhunyň humaryna maýyl bolagadan kada öwrülen peýdaly däplerden el çekmek meýline ýüz uraýsak, bi bizi diňe ruhy peslige elter. Milli ruhuň belentligi internasional hyzmatdaşlyga baglydyr. Taryhyň dowamynda biziň dilimiz, medeniýetimiz, şol hazynadan iňňän oňaýly zatlary süňňüne siňdirip bilipdir. Ýetmiş ýylyň dowamynda-da gazanan ruhy baýlygymyz az däl. Eger onuň ýollaryny ýapman, gaýta hyzmatdaşlygyň hasabyna hasam giňeldip bilsek, neneň ajap bolardy! Içimizdäki halklary saýry saýman, olaryň mertebesini öz mertebämizden pes tutmadyk halatymyzda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde sözümiz geçginli bolar. Beýleki ýurtlarda azlyk bolup ýaşaýan ilibir, ganybir doganlarymyz hukuk kemsitmelerine duçar bolan ýagdaýynda olara hemaýat bermäge, goldamaga moral taýdan haklydygymyzy görkezerdik. Muhammet pygamber Mekgede ýaşan döwründe araplaryň arasynda oturan ýewreýleriň hem beýleki halklaryň obşinalary bilen parahat, asuda gatnaşykda bolupdyr, hyzmatdaşlyk saklapdyr, olardan iňňän köp zat öwrenipdir. Muhammediň göreldesi çaryýarlaryň halypalyk döwründe-de dowam edipdir. Pygamberiň ajaýyp sözüni ýadymyzda saklalyň, ol şeýle diýipdir: «Başga bir ynanja eýerýän adamyň göwnüne degdigiňiz, hut, meniň göwnüme degdigiňizdir». 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |