06:25 Men dürre! / satiriki hekaýa | |
MEN DÜRRE!
Satiriki hekaýalar
Pikir beriñ! Gepleýär jon rezin dürre! Meniñ watanym - Amerika! Amerikadan ilki size demokratiýa geldi, soñam jipler, iñ soñundanam men geldim. Biz, ýagny jip bilen jon ikimiz demokratiýanam ýanymyza alyp, bir gapdajyk siziñ ýurduñyza geldik. Dürräñ şarpyldysyna gulak asyñ! Şeýlelikde Amerikanyñ kömegi bilen, Amerikanuñ plany esasynda size geldim. Gaty kynçylygam çekip durmadym. Gelen dessime diñe bir watandaşyñyz bolman, eýsem hökümdaryñyzam boldum. Siz köp zada mätäçlik çekýärsiñiz. Iñ bärkisi sizde awtomobiliñ tigirleri bilen zapas şaýlary näme, şolaram gyt. Men bolsam elmydama siziñ gullugyñyza taýyn, özem gorkusyz-ürküsiz işleýärin. - Men ~ dürre! Ir döwürde diş ýuwulýan şýotkalaryñyzam bolmandy. Olaryn ýerinw çylgym-cylgym agaçdan ýasalan diş arassalaýan zady ulanýardyñyz. Rezin dürräñizem ýokdy. Meniñ ýerime piliñ hamyndan işilen dürre ulanýardyñyz, üstesine ol hem gadagandy. Indi şo tasma derek meni ulanýarsyñyz, özem hut kanuna laýyk getirip ulanýarsyñyz. Peýdalanyñ! Hemmäñiz dürrä gulak asyñ! Göwnüñize men mymyjak hem ýalydyryn, ýöne netije çykarardan entejik irdir, dostlarym. Dub bolsun, çygar agaçdan ýasalan taýak bolsun, tapawudy ýok, olaryñ birem meniñ edýän işimi başaryp bilmez, çym-pytrak bolaýarlar, maña welin, hiç zat bolmaz. Ýüzüm edil köne syýasatçynyñ ýüzi ýaly ýumşakdyr, gap-garadyr. Dogry, meni epläp bilersiñiz, işilen bogulyk ýaly bogubam bilersiñiz, ýöne döwüp bilmersiñiz. Men ~ dürre! Kimde-kim huşuny ýitirse, derrew huşuna getirýändirin. Kimde-kim öñ tanamaýan bolsa, tanadýan. Işleýän wagtymy görjek bolsañyz, meni poliseýskiniñ bilinde ýa-da elinde görersiñiz. Iş wagty gutaranda welin, guýrugyndan asylan gara semiz ýylan ýaly, gapynyñ ýeñsesindäki çüýde asylgy durandyryn. - Men ~ dürre, ýigriminji asyryñ uly açyşy! Atom bombasy-da, wodorod bombasy-da öñümde bir köpük. Häzirki zamanyñ gylyjy özümdirin. Üstündejik gaýmalap durkam azatlyk arkaýyn ýatyp biler. Hemmäñiz diñläñ! Şeýle bir şarpyldadyp ýençýändirin welin, edil aýdym aýdýan ýaly bolýar, bir sazy kemlik edýär. Islesem - laly gepledýän, gara gargany enaýy totyguşa öwürýän, geplemezegi bilbil ýaly saýradýan. Edil suduñ öñ ýanyndajyk adamlardan sorag edýänem men. Hemmäñiz öñümde maýmyn bolýarsyñyz, "Geple!" diýsem, geplärsiñiz. "Sem bol!" diýsem, sem bolarsyñyz. Ýöne rehim et diýip ýalbarsañyz, ahy-nalañyzy eşitmen. Sebäbi göwräm bolsa-da, mende ne gulak, ne göz, ne-de ýürek bar ahyryn. Eý halaýyk, ähliñ dürrä gulak asyñ! Mitingleri derbi-dagyn edýän, žurnalistleriñ beýnisini çogdurýan. Daşary ýurt demokratiýasy hem öñümde tagzym edýär. Onuñ dokuzynyñ düz bolmagyna-da özüm gözegçilik edýän. Adamlar, gulak asyñ, bek belläñ: ýeñse çukuryna ýa kellesine urýan adamlarymyñ ykbalyna bu gün sowuk-sala garasañyz, ertir gezek siziñkidir. Bu gün begenýänem bolsañ, ertir özüñ dürre dadarsyñ. Ýaradylyşym şeýle ~ hiç kime rehim-şepagat etmeli däl. Arman-ýadaman, kelle diýmän, türre diýmän - ýenjibermeli! Eý halaýyk, dürräniñ sesine pugtaja gulak asyñ! Terjime eden: Kemal YKLYMOW. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |