22:38 Menderes pajygasy | |
MENDERES PAJYGASY!
Publisistika
Geçen hepde 27-nji maý güni häkimiýet we onuñ kinniwanja ýarany "Demokratiýa adasynyñ" dabaraly açylyş çäresini geçirdi... 1961-nji ýylda ölüm jezasy berlen premýer-ministr Adnan Menderes we onuñ egindeşleriniñ sud edilen ýeri bolan Ýassyadanyñ ady üýtgedilip “Demokratiýa adasyna” öwrüldi. Emma… Adanyñ içinde demokratiýa ýok! Açylyşda diñe AKP we MHP bar. RHP ýok, İYİ partiýa ýok, beýleki partiýalar ýok… Mbähh, nähili demokratiýa bolýaka bu? Bölünşikçi düşünjäniñ bolan ýerinde demokratiýa bolup bilmez! Adnan Menderesiñ ýolbaşçylyk eden Demokrat partiýasynyñ wekilleri-de açylyşda ýokdy. Ýagny, adada demokratiýanyñ ady bar-da, özi ýok! Ýeri bolýa-la, biz esasy gürrüñimize geçeliñ… • JEZASY ÖLÜM BOLMALY DÄLDI 1950-1960-njy ýyllarda Türkiýäni dolandyran premýer-ministr Adnan Menderes häzir ady “Demokratiýa adasy” diýip üýtgedilen Ýassyadada sud edildi, Imraly adasynda ölüm jezasyna höküm edildi. Ölüm jezasy şugünki gün hiç bir medeniýetli adamyñ ylalaşyp bilmejek jeza görnüşidi! Wezipeden çetleşdirlen premýer-ministr Adnan Menderes ölüm jezasyna höküm edilen wagty we kärime ýañy başlan žurnalistdim. Şol wagtky düşünjäm bilenem ölüm jezasynyñ berilmegine garşydym. Menderesiñ diýdimzor syýasaty bardy, kanunlary dagy bardyram öýdenokdy, demokratik ýollar bilen häkimiýete gelipdi, emma demokratiýany äwmezlige çalyşýardy. "Men odun bölegini talaşgär görkezsem, şolam deputat bolaýmalydyr" diýýärdi… Ankaranyñ ýapyk türmesi žurnalistlerden doludy! Onuñ eden ýalñyşlygy sanardan kändi, ýöne jezasy ölüm bolmaly däldi… • GARA TEGMIL Premýer-ministr Menderes bilen Daşary işler ministri Fatin Rüştü Zorlu we Maliýe ministri Hasan Polatkanyñ ölüm jezalary taryhymyzyñ gara tegmilidir! Emma, şu soragy bermek mantykly çemeleşme bolsa gerek. Ölüm jezasy berlen Menderesiñ özi ölüm jezasyna garşymydy? Onuñ premýer-ministrlik eden döwründe ölüm jezalaryny ýatyrmak ýaly synanşygy bolupmudy? Ýok! Menderes on ýyllyk häkimiýet süren döwründe (1950-1960) kyrk üç adamyñ ölüm jezasyna gol çekipdi we şolaruñ hemmesi-de ölüm jezasyna höküm edilipdi. Menderesiñ we onuñ partiýasynyñ Mejlisde oñlan ölüm jezalarynyñ bir bölegi “halka göz bolsun” diýen maksat bilen şäher ploşadlarynda amala aşyrylypdy. • YKBALDAN ÖLÜME... 1899-njy ýylda doglan we ýaş aklawjyka syýasata aralaşan Menderes ilkibaşda RHP-lidi. 1945-nji ýylda ýer reformasyna garşy çykandygy üçin partiýanyñ hataryndan çykarlansoñ, kyrk alty ýaşly Jelal Baýar bilen bile Demokrat partiýany esaslandyrdy, 1950-nji ýylyñ saýlawlarynda ýeñiş gazanyp, premýer-ministr boldy. 1960-njy ýyldaky harby agdarlyşyk bilen wezipesinden çetleşdirilen Menderes, 1961-nji ýylda altmyş iki ýaşynda ölüm jezasyna höküm edildi. Bu boýdan-başa iññän tragiki wakady. • ÝYLDYRYM SÖÝGÜSI Menderes 1929-njy ýylda Berin hanym bilen goş birikdirdi. Özi otuz ýaşly görmegeý ýigit, aýaly Berin hanym bolsa ýigrimi dört ýaşly owadan perizatdy. Üç ogly dünýä inderdiler. Menderes 1950-nji ýylyñ güýzünde bir medeni çärede opera oýunçysy Aýhan Aýdan bilen tanyşdy, oña misli ýyldyrym deýin aşyk boldy. Owadan zenan bolan Aýhan Aýdan ertesi güni gapysynyñ agzynda iñ sonky model amerikan awtoulagyny görüp, agzy uçuklady. Bu awtoulag premýer-ministr Menderesiñ oña ugradan sowgadydy. Şol wagtlar Ankarada awtoulagy barlar barmak büküp sanaýmaly derejede azdy. Aýhan Aýdanam Menderese aşyk boldy, emma ol ärli aýaldy. Sazanda äri bardy. Adamsy Hasan Ferit beý bir bahana bilen öýden uzaklaşdyryldy, onuñ on dört ýaşly oglu-da Angliýa ugradyldy. Görgüli oglanjyk Londonda bir awtoulag heläkçiliginde aradan çykdy... Leýli-Mejnuna dönüp "gezen" Aýhan Aýdan hanymyñ Menderesden bir çagasy boldy, emma ol dünýä inenine 7-8 sagat geçenden soñ ýerlemän aradan çykdy. • BÄBEK DAWASY Ölen çagajyk soñra Ýassyada sud prosesinde “Bäbek dawasy” hökmünde derñew işine goşuldy. Aýhan Aýdan hanym sud zalynda sudýalaryñ garşysynda başyny dik tutup, Menderesi janyndan eý görüp söýendigini, ondan çaga edinmek isländigini, ýaraly-da bolsa buýsançly zenana ýaraşýan şekilde mertlerçe aýtmagy başardy. Menderes bu dawadan günäsiz hasap edildi edilmesine, emma has soñra derñew işiniñ beýleki dawalarynda Konstitusiýany gödek bozmakdan we watana hyýanat etmekden aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edildi. Aýhan Aýdan Menderesiñ ýeke-täk gizlin söýgüsi däldi. Ol her aýry gülden bal toplamagy gowy görýärdi. Ol baryp 1946-njy ýylda-da Mukaddes atly ýaş gyz bilen gizlin söýgi gatnaşygyny saklapdy. • ÝENE-DE BIR TELBELIK Menderesiñ iñ geñ galdyryjy söýgi başdan geçirmesi 1953-nji ýylda Stambulda bolup geçdi. Stambulyñ Içeri işler müdiriniñ kömekçisi Ferit Awni Sözeniñ başga bir wezipä buýrugy çykypdy. Onuñ ýazyjy aýaly Suzan Sözen muny goýbolsun etdirmek üçin premýer-ministr Menderesiñ kabulhanasyna ýazyldy, ondan adamsynyñ öñki wezipesinde galdyrylmagy üçin towakga etdi. Menderes owadan zenan bolan ýazyjy Suzan Sözene gören badyna aşyk boldy. Ýaş geliniñ adamsynyñ öñki buýrugyny goýbolsun etdirdi, munuñ bilenem çäklenmän onuñ harby çinini ulaldyp, Stambulyñ Içeri işler müdiri wezipesine belletdirdi. Suzan Sözen söýgi romanlaryny ýazýan, güýçli we erk-ygtyýarly erkekleri halaýan, duýguçyl we islegi güýçli zenandy. Az wagtyñ içinde premýer-ministr Menderes bilen Suzan hanymyñ arasynda ýakyp-ýandyryjy söýgi gatnaşygy başlady. "Taksim" ploşadynyñ ýanyndaky meşhur "Park Otel" myhmanhanasynyñ patyşa otagy Menderesiñ söýgi külbesidi. Ol ýerde Suzan Sözen hanym bilen raki owurtlap, Stambuly abadanlaşdyrmak meselelerini söhbet edýärkä, Suzan hanymyñ adamsy polisiýa müdiri Ferit Awni Sözen bolup ýören zatlardan bihabar aşakky gatda göwnühoş halda aýalyna garaşýardy. • “AÝALYÑY SÖÝÝÄN!” Menderes has soñra ärli we çagaly aýala aşyk boldy, onuñ nikaly adamsyny gorkuzyp öýünden daşlaşdyrdy. Gözi ýer görmeýän heleýbaz premýer-ministr soñ-soñlar ýene bir ärli aýala aşyk bolup, onuñ adamsyna “Men señ aýalyny söýýän, sen gowsy aramyzdan çekil!” diýdi. Menderesiñ söýgi başdan geçirmeleri melodramalar ýalydyr, hatda gyzyklydyr. Ýassyadada sud edilende onuñ şahsy durmuşy we gezen aýallary-da gepbaşa öwrüldi, ondan şol aýallara halkyñ pulundan näçeräk harç edendigi soraldy! • GYNANÇLY SOÑLAMA! Emma Menderes söýgi gatnaşyklaryndan daşgaryn, beýleki aýyplamalar bilen Konstitusiýany gödek bozmakdan we watana hyýanat etmekden ölüm jezasyna höküm edildi. Menderes özünden gelip çykan demokratiýanyñ çygryna we akla sygmajak syýasy ýalñyşlyklar netijesinde öz soñuny getiren, güýçli, emma şowsuz we betbagt syýasatçydyr. Ony “demokratiýanyñ şehidi” däl-de, taryhymyzda çuññur yzlary galdyran premýer-ministr hökmünde ýatlamak we bolup geçen hasratly wakalardan sapak almak has göwnemakul bolar. • GÜNÜÑ SÖZI Adamlar öz dälişge islegleriniñ netijesini takdyryñ üstüne ýükleýärler! Rahmi TURAN. 05.06.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||