03:00 Merjen awçylarynyñ owazy | |
MERJEN AWÇYLARYNYÑ OWAZY
Publisistika
Waýolet Dikson "Kuweýtde kyrk ýyl" atly kitabynda, hususanam 1933-nji ýylda nebitiñ tapylmagyndan soñ bu kiçijik Pars aýlagy ýurdunda şaýat bolan ajaýyp üýtgeşmeleriniñ gürrüñini edýär. Suratda: Är-aýal Harold Riçard Patrik Dikson bilen Waýolet Dikson Waýolet Dikson (1896-1991) Ýakyn Gündogara ilkinji gezek 1920-nji ýylda ýaş gelinkä geldi. Ol we adamsy Kuweýte ýerleşmezden öñ Bahreýnde, Eýranda, Yrakda ýaşady we bu ýerde käbir mustaraplar (araplaşan hristianlar) bilen tanyşyp işleşdi. 1929-njy ýylda polkownik Dikson syýasy wekil edilip bellenilende, är-aýal Kuweýte göçdi we deñiziñ kenarynda ýaşady. Dikson "Kuweýtde kyrk ýyl" ("Forty years in Kuwait") atly kitabynda, hususanam 1933-nji ýylda nebitiñ tapylmagyndan soñ bu kiçijik Pars aýlagy ýurdunda şaýat bolan ajaýyp üýtgeşmeleriniñ gürrüñini edýär: - Hanym Dikson, äriñiz syýasy wekil edilip bellenende, 1929-njy ýylda Kuweýte ýaşamaga geleniñizde, şäherde ilkinji gözüñize ilen zatlar nämeler boldy? - Şäher deñizden seredende, juda kiçi görünýärdi. Emma örän arassa şäherdi. Jaýlaryñ barsy ak hek bilen heklenendi. - A ýakyndan nähili görünýärdi? - Örän owadandy. Meniñ üçinem gyzyklydy. Töweregimizdäki ähli ýaşaýjylaryñ bir-iki geçisiniñ bardygy ýadyma düşýär. Bedewiler däl-de, şolar geçi bakýardylar. Geçileri örä çykarmak üçin çöle alyp çykan we ikindinara getiren bir çopan bardy. Çagalary şol çopandan geçileri alyp öýe getirmek üçin ugradardylar. Ol ýerde esasanam at köp bolardy. Şeýhiñ dagy çölde gezip ýören ellä golaý aty bardy. Hemmesi-de biri-birinden owadandy. Günortanlyk çagy gala diwarlarynyñ añyrsyndaky çöle giderdiler we hemmesiniñem suw içmek ýa-da iýmlenmek üçin dürli taraplardan dabyrdaşyp gelýänini görerdik. Awtoulag çykandan soñ atlar ulanyşdan galdy. Entek 1929-njy ýylda bary-ýogy üç-dört awtoulag bardy "T-Ford" iñ gowusydy. Port Hindistandan, Zanzibardan gwozdika (karanfil), tüwi, çaý getirýän uly ýelkenli gämilerden doludy. Bedewiler gerek-ýarak zatlaryny we kofe almak üçin şähere gelerdiler. Bazar, açyk meýdan çölden gelýän gumlylardan dolardy. Şol döwürde kerwenler şindizem Kuweýtiñ üstünden geçip giderdiler. Hajylar şol wagtam düýeleriñ ýanyna asylan sebetleriñ içindäki kiçijik torbalarda oturardylar. Her iki tarapda bir sany sebediñ içinde aýbogdaşlaryny gurup oturardylar. Ýolbeletler ýolda aýal-gyzlaryñ münen düýeleriniñ ýüpüni çekip ýörärdiler. Waýolet Diksonyñ ýaşlyk ýyllary - Çöldäki bedewiler kofe we beýleki gerek-ýarak zatlaryny satyn almak üçin nähili pul gazanýardylar? Goýun ýüñüni we satmak üçin bakylan düýeleri getirýärdiler. Şol günlerde örän uly "el-astrahan" söwdasy bardy. Astrahan diýip, ýañy bäş günlükkä soýulýan guzujyklaryñ derileriniñ adydyr. Gara ýüñli we buýra-buýra "astrahan" Ýewropa satylardy. Kuweýt goýunlarynyñ hemmesi gara bolýar. Şeýle-de ol ýerde ýakmaga odun ýok. Hemmeler nahar bişirmek üçin palma ýapraklaryny ulanmaly bolýar, şonuñ üçinem Basradan gämiler bilen getirilýän taýyn palma ýapraklary-da başga bir söwda önümidi. Yzygiderli gelip-gidýän birnäçe gämi bardy. Hurma, gök iým, ir-iýmiş, gök önüm daşalardy. Waýolet Dikson - Kuweýtiñ hakykatdanam biri çöle, beýlekisi deñize bakyp duran iki ýüzi barmy? - Aslynda şol wagtlar şäheriñ ýeke-täk baýlygy deñizden gelýärdi, olam merjen awçylygydy. Deñize açylyp, hakyky merjen gaýyklaryndan merjen satyn almakçy bolýan adamlary daşaýan "hawwaşa" ady berilen ýörite gaýyklar bardy. Bahreýnden söwdagärler gelerdi, fransuz merjen söwdagärleri-de Bombeýden Bahreýne gelip, şol ýerden merjen alardylar. Galan merjenler Kuweýte getirilerdi we kenar ýakasynda satylardy. Deñiziñ gyrasy bilen ýörelende, hökman merjen satýan adamlara ýa-da bazarda aýlanylanda "merjen gerekmi?" diýip, agzyndan merjen çykarýan adamlara gabat gelinerdi. Elmydama keýpihonlyk beren we özüni küýsetdiren ýene bir zat bolsa, ýaz günleriniñ agşamy merjen awyna çykan gaýyklar porta dolanyp gelende, gaýykdakylaryñ aýdýan aýdymlaryny diñlemekdi. Öýümiziñ öñünr labyryny atan gaýyklarda oturanlar gije biz uklamak üçin üçege çykýança awçylyk hakda aýdym aýdardylar. - Kuweýtlilerem söwda bilen meşgullanýardmy? - Hawa, Hindistana, Gündogar Afrika, Zanzibara uzak ýolagçylyga çykylardy. Ýalñyşmasam, Kuweýte gelen birinji ýylymyz 400-e golaý gämi portdan ýola düşüpdi. Ýolagçylyklaryna sentýabr aýynda başlap, Basrada säginip hurma alardylar, soñra Hindistana giderdiler. Ol ýerde hurmalaryny satyşdyryp, başga haryt bilen mas ýüklenenden soñ Demirgazyk Afrika tarap ýola düşülerdi. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Penşenbe 21.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |