12:57 Mif we edebiýat | |
MIF WE EDEBIÝAT
Edebiýaty öwreniş
Türkmen prozasynyň ösüşinde baryp altmyşynjy ýyllardan bäri täsir edip gelýän gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow miflere özüçe jan berýär. Ol sowet edebiýatynda eserde mifleriň ähmiýetiniň uludygyna ilkinji düşünip, ony eserlerinde ezberlik bilen peýdalanyp ugran ýazyjy. Gyrgyz hem türkmen halklarynyň milli psihologiýasynyň, durmuş ukladynyň, ruhy ýörelgeleriniň umumylygy manysynda Aýtmatow biziň öz ýazyjymyz – türkmen ýazyjysy. Şonuň üçinem onuň eserleriniň çeper konteksti-de, ýazyjynyň beýan edýän mifleri-de bize gaty tanyş. Şu ýerde iki sany pursady billäp geçmek isleýärin. Birinjiden: mifiň dünýäni çeper aňlaýşyň hem aňladyşyň formasy hökmünde rowaýatdyr ertekiden düýpli tapawudyny belläp geçmeli. Soňkulardan tapawutlylykda mif uniwersal çeper sistema. Ol edebiýatyň ýa sungatyň žanry däl-de, dünýä baradaky düýpli garaýyşlaryň umumylaşdyrylan jemi. Erteki ýa rowaýat ýaly edebi žanr bilen deňeşdireniňde, mifiň mümkinçilikleri uly. Mif uniwersal hakykatlaryň real durmuşda töwerekleýin şuglalanmasy. Şonuň üçinem ol awtoryň dünýägaraýşynyň esaslary bilen baglanyşykly, awtoryň dünýäni görşüniň ählumumy prinsipi. Ç.Aýtmatowyň eserleri realizmiň, hususanam, sosialistik realizmiň prinsiplerinde döredilen eserler. Onsoň mifler bu ýerde temanyň haýsydyr bir anyk tarapyny açmagyň lokal serişdesi bolup durýar. Şeýle ýagdaý bilen baglanyşyklylykda mif rowaýat ýa hekaýat derejesine geçip gidýär. Ikinjiden: mifologiýa eseriň dünýäni görkeziş usuly däl-de, gahrymanlaryň içki dünýäsini açmagyň ýoluny alamatlandyrýar. Mif eseriň, degişlilikde, onda suratlandyrylýan dünýä modeliniň süňňüni gurnaýjy alamat däl. Ç.Aýtmatowyň «Ak gämi», «Deňiz kenaryndaky ala köpek» powestlerinde, «Asyrdan uzaga çeken gün» romanynda mifiň ýa-da rowaýatlaryň ýokarkylar ýaly çeperçilik funksiýalary bar. Olar Mömin aga, goja Organ, Ýedigeý ýaly gahrymanlaryň subýektiw dünýäsini daşyna çöwürmegiň bahanasy bolup durýar. Awtoryň dünýäsiniň bolsa bütinleý başga ýerlerde bolmagy mümkin. Şonuň üçinem sap edebi meseläniň gürrüňini edeniňde, «Ç.Aýtmatowyň döredijilik usulynyň mifologiki realizme nähili gatnaşygy bar» diýlende, entek jedelli zatlar hem az dälmikä diýýärin. Ýazyjynyň «Ahyrzaman» romany eýýäm başgaçarak röwüş alýar. Bu roman öňki eserlerinden düýpli tapawutlanýar. «Ahyrzaman» romany awtoryň dünýägaraýşynyň prinsipleriniň, şoňa baglylykda-da dünýäni görşüniň hem görkezişiniň prinsipleriniň üýtgeýänliginiň, mifologiýanyň haýsydyr bir gahrymanyň däl-de, tutuş eseriň süňňüni emele getirýändiginiň şaýady. Bizde – türkmenlerde şu günki günüň ýazyjysy üçin näçe diýseň material bolup biljek miflerem, rowaýatlardyr hekaýatlaram, ertekilerem bar. Bu babatda, biz tüýs bagty çüwen ýazyjylar. Üýtgeşik tema, material, mif ýok diýip aýdar ýaly däl. Üýtgeşik, aňk ediji geçmişimiz, miflerimiz bar. Diňe stol başyna geçip ýazaýmak galýar. Ýazmaga sabyr-takat, zehin, ussatlyk gerek. Şu ýerde ýazyjylyk ussatlygyna, talantyň beýikligine degişli bir fakty ýatlasym gelýär. Ç. Aýtmatowyň beýik ýazyjydygyny dünýä bilýär. Onuň dünýä derejesinde çeper pikirlenip bilýändigi-de ykrar edilen fakt. Ol durmuşyň öňe okgunly hereketini, biziň gündelik ýaşaýşymyzyň logikasyny açyp, birgiden jemgyýetçilik-ruhy problemalary ör-boýuna galdyrdy. Ç.Aýtmatow dünýä edebiýatynda mankurtizmi açdy. Ýazyjynyň mankurtizmi soňky ýüz ýyllykda bize sataşan ruhy kesel. Ýazyjy şol pikiri mifiň, has dogrusy, rowaýatyň üsti bilen beýan etdi. Men bir faktyň üstünden bardym: adamlardan mankurt ýasalyşy baradaky fakt bir türkmen ýazyjysy tarapyndan Ç.Aýtmatowdan has öň agzalyp geçilen eken. Ol hakda Ç.Aýtmatowdan öň gyrgyz ýazyjysy hem eser döredipdir. Gyrgyz ýazyjylary maňa bu hakda Moskwada gürrüň beripdiler. Emma türkmen ýazyjysy-da, gyrgyz ýazyjysy-da şol durmuş faktyny düýpli ruhy problemanyň üstüni açmagyň serişdesi hökmünde ulanyp bilmändir. Asyl, bu olaryň ýadyna-da düşmändir. Ýöne bir geçmişdäki şu gün üçin geň-taň bir zat hökmünde ýatlanyp geçiläýipdir. Aslynda mankurta meňzeş bir ýagdaýa W.Gýugonyň XIX asyryň ikinji ýarymynyň başragynda ýazan «Gülýän adam» diýen romanynda-da duşýarys. Bu ýerde baý miras eýesi bolmak maksady bilen hakyky mirasdüşeriň keşbini üýtgedýärler, hakydasyny alýarlar. Ýörite maksat bilen edilýän bu betnyşanlygy W.Gýugo baýlyga eýe bolmak üçin gurulýan zabun hile hökmünde görkezýär. Özem bu ýokary gatlagyň baý mirasdüşerleriniň zadyna eýe bolmak üçin, ikinji, üçünji derejeli mirasdüşerleriň gurýan hilesi hökmünde beýan edilýär. Görnüşi ýaly, bu ýagdaý mankurtlyk ýaly bütin bir jemgyýeti sandan çykarmak usuly däldi. Şuny gürrüňe sapmak bilen, aýtjak bolýan zadym: gep mifiň ýa rowaýatyň özünde däl-de, ony ulanýan awtoryň ýazyjy hem ruhuň meseleleri bilen iş salyşýan şahsyýet hökmündäki beýikliginde bolsa gerek. Mifi okyja nähili derejede ýetirip, düşündirip bilýänliginde bolsa gerek. Bir zat hakda müň ýazyjy müň kitap döredip biler. Ýöne okyjy müň kitabyň içinden iň gowusyny tapar. Şu hakda oýlanýan weli, şeýle pikirler hakydama gelýär: durmuşda ýa edebi geçmişde mankurtizm problemsy ýaly düýpli gürrüňlere delil bolup biljek, gör, näçe faktorlar bar? Olary duýmakda, okyjy köpçüliginiň üns merkezine geçirmekde, şeýdip hem adamlaryň ruhy-estetiki ýaşaýşynyň gözýetimlerini kesgitläp bilmekde iş bar. Gündogaryň geçmişinde örän baý mifologiýa bar. Meni esasanam gadymy otparazlaryň edebi mirasy gyzyklandyrýar. «Awestanyň« beýik kitapdygyny dünýä bilýär. Onda sözüň hakyky manysyndaky örän original mifleriň giden dünýäsi bar. Şeýle miflere hiç bir ýerde, hiç bir halkda duşmaýarsyň. Olary ilki okaýan okyjyda jadylaýjy duýgular döredip bilýän şol mifleriň biz gönüden-göni mirasdarlarydyrys. Nähili ýakymly mirasdarlyk! Şonuň üçinem olary şu günki reallygyň okgunlylygyna sapyp goýberip bolsa, onda, meniň pikirimçe, örän original tapyndylaryň, hatda, uly gürlemäýin weli, açyşlaryňam üstünden barsa bolar. Munuň şeýledigini baryp X asyrda duýan adam bolupdyr. Oňa Abylkasym Ferdöwsi diýýärler. «Şanama» durşuna Gündogar mifologiýasy. Hut şonuň üçinem ol hem gyzykly, hem düýpli ruhy problemalary gozgap bilýän eser. Meniň pikirimçe, «Awestany» häzirki türkmen dilinde çap etmäge bireýýäm wagt boldy. «Awestada» gadymy turanlylaryň – biziň ata-babalarymyzyň ruhy ýatyr. Olaryň yrymlary, ynançlary, şatlyk-hasratlary bar. Türkmenleriň etniki geçmişiniň gadymy türkiler bilen baglanyşyklydygy hakda köp gürrüň edýäris. Şeýle hem bolsa men özümizi turanlylaryň gönüden-göni nesilleri hasaplaýaryn. Antropologik keşp, haly sungaty, milli eşigimiz, türkmen bedewi, dürli ynançlar hem yrymlar – bularyň bary bize gadymy otparaz turanlylardan geçen miras. Ýöne diliň gutarnykly türkileşmegi, üstesine, edil şol wagt diniň üýtgäp, musulmançylygyň kabul edilmegi diliň we diniň üsti bilen ýaşaýan ruhy gymmatlyklaryň gaýyba gitmegine sebäp bolupdyr. «Awesta» biziň özümizi, ruhumyzy özümize düşündi-rip biljek hadysa bolar. Onda dünýäniň, adamyň, ýaşaýşyň ýaradylyşy, ömrüň hem ölümiň düýp manysy hakda hiç bir halkda bolmadyk täsin mifler bar. Irde-giçde olara ýüzlenmeli boljakdygy şübhesiz diýip hasap edýärin. Men gadymy otparazlaryň – beýik ata-babalarymyzyň ýaşan, döwran süren sähralarynyň, ýaýlalarynyň, daglarynyň ýyly mährini duýýaryn, ol ýerde baky ýurt tutunan atalarymyzyň fiziologiki ýylylygynyň meni özüne çekýändigini, damarlara, süýeklere hem gana gurp-gujur berýändigini, bu zatlaryň barynyň ruhy ylham-gujura öwrülip, kagyza geçmelidigini, onsoň şolaryň ruhy ömrüniň ýene geljege sary gitmelidigini onki süňňüm bilen syzýaryn. Biziň soňky – musulman döwründäki edebiýatymyzda hem ulanyp oňarana täsin mifler bar. Okyja oňat tanyş bolany üçin beýik Azadyny agzasym gelýär. D.Azadynyň «Wagzy-Azat» poemasynda şeýle bir epizod bar: adam ýogalyp o dünýä baranda, ony ilki Duman atly perişde garşylamaly. Duman perişde adama: «Hany, adamzat, eliňe galam, syýa al-da, eden işleriňi birin-birin ýazyp ber» diýýär. Adam pahyr: «Mende galamam, syýa-da, kagyz-da ýok ahyryn» diýip, jogap berýär. Perişde bolsa: «Barmagyň – galam, ganyň – syýa, kepeniň-de – kagyzyň, ýaz» diýip höküm edýär. Onsoň adam öz gany bilen, barmagy bilen kepenine diňe öz haýyr işlerini ýazýar-da, boýnuny burýar. «Näme durduň?» diýen ses gelýär. Adam: «Ýazýan, utanýan» diýip jogap berýär. Şondan soň ony Müňkür-Nekiriň ýanyna, özi hakda ýazanlaryny – hasabat berdirmek üçin iberýärler... Nähili täsin zat?! Adamyň ýaşaýşa juda geleňsiz çemeleşmesiniň ahyrky netijesiniň tragediýasyny beýan edesiň gelýän bolsa, ine, saňa täsirli bir usul. Özem iň gyzykly ýeri, şu epizody häzirki dünýä mifologizmine juda ýakyn edýän zat – mundaky wakanyň juda realistik bolup görünýänligi. Ine, şu hili tarp ýerlere-de geljekde aralaşmaly bolarmyka diýýärin. Şeýle-de bolsa, bu meselede jemgyýetçilik durmuşy bile bagly birgiden sowal, iňkis ýüze çykýar. Ýigriminji asyr edebiýaty, mifologiýa hakda gürrüň gozgalanda, meniň ýadyma bir mif düşýär. Ol ýatlama mübtela bolasy gelip duran suw meýilli duýgulary oýaryp goýberýär. Men Hydyr hakyndaky musulman mifiniň gürrüňini edýärin. Hydyra Alla tarapyn baky ömür berlipdir. Ol köplenç çöllerde gezip, köňli-synasy arassa adamlaryň gözüne görünýär, suwsuzlykdan heläk boljak adamlary ýaşaýşa gaýtaryp getirýär. Hydyryň mifiki şahsyýeti birnäçe sýužetlere, rowaýatlara material bolupdyr. Ine, şolaryň biri: bir garry kişi suwdan-iýmitden ýüklenip: «Ömrüniň ahyrynda Hydyra suw berip, sogap gazanaýyn» diýip, çöl-beýewana tutduryp ugraýar. Hydyr ata bu garrynyň islegi aýan bolany üçin hem: «Ýaşy gaýdan görgüli kösenip ýörmesin» diýip, ýaňky garry bir-iki depe aşandan soň, bir teşne kişi bolup onuň öňünden çykýar-da: – Garry, maňa bir suw ber – diýýär. Onda garry: – Men Hydyra suw bermäge barýan. Saňa berip biljek däl. Oba golaý, ýetersiň – diýip, öz ugruna gidiberýär. Çünki suw onuň özüne has zerur gerek: ol entek-entekler ýöremeli, öz isleg-arzuwyny amal etjek Hydyry tapmaly. Şonda Hydyr: – Suwsana suw bermeseň, çölde Hydyr neýlesin? – diýip, garrynyň gözünden gaýyp bolupdyr. Bu rowaýatda aýdyljak bolýan zat düşnükli. Isa pygamberiň: «Öz ýakynyňy özüň kimin söý», soňra: «Ýakyn kimdir?» diýlen sowala: «Kim senden kömege mätäç bolsa, ýakynyň şoldur!» diýen sözlerini ýatlasaň, «Suwsana suw bermeseň, çölde Hydyr neýlesin?» diýen sözler örän düşnükli bolýar duruberýär. Biziň çagalykdan aç adam görseň eliňdäki çöregiňi bermelidigi, suwsan adamyň teşneligini gandyrmalydygy aňymyza guýuldy ahyryn, ýöne bu gün: «Özüme-de gerek, onsoň men suwumy näme üçin suwsana bereýin?» diýen düşünje agalyk sürmek isleýär. Hydyr ata bizden, biz Hydyr atadan daşlaşyp ýörüs. Tutuş adamzat ruhunyň belli bir halaty, adamzat aňynyň belli bir formasy bolan mifologiýany meniň Hydyr atanyň keşbinde şahsyýetleşdiresim gelýär. Hydyr ata – baky dirilik, mifologiýa hem ruhy hadysa hökmünde – çeperçilik diriligiň çeşmesi, ol edebiýat üçin dirilik suwunyň çeşmesi. Haçan-da edebiýat özüniň çeperçilik potensiýallaryny sarp edip, mazmun-forma mümkinçiliklerini harç edip, egbar düşende, jöwzada suwsuz galan teşne kimin ejir çekip ugraýar. Şu ýerde-de oňa Hydyr ata ýetişýär... Eger ol ýokarky rowaýatdaky ýaly mana düşmez bolmasa. Esasy mesele biziň mifologiýa bolan yşgymyzy ölçerýän, meýlimizi jana getirýän zat dünýäniň atly ýazyjylarynyň hataryna goşulmak höwesjigimizmi ýa-da mifleri estetiki dertlerimize em hökmünde ulanmaga ymtylmamy? Meni meseläniň, has dogrusy, sowalyň ikinji aspekti gyzyklandyrýar. Biziň mife gatnaşygymyz şol aspekte laýyk, şoňa degişli edilmeli hadysa diýip pikir edýärin. «Menem adam, adamçylyga mahsus zadyň hiçisem maňa-da ýat däl» diýen pikir bar. Biz hem millet, özge edebiýatlara mahsus gözleglerden, ymtylmalardan biziňem ýüzýyllyk ýa menzillik daşda gezesimiz gelenok. Ýöne mifi ulanmagyň hatyrasyna ulanmaly dälmikä diýýärin. XX asyr dünýä edebiýaty sap mifologiýa däl. Adamzat çeperçilik pikiriniň ösüşine goşant goşdy hasap edilýän ýazyjylaryň döredijiligi mifologizm bilen realizmiň nikasyndan kemala gelen estetiki hadysa. Çünki, şol awtorlar real durmuşyň ruhy täsirini ata-baba mifleriň emosional täsiri bilen utgaşdyrýarlar, durmuşyň gündelik, täklikdäki, bir günlük hadysalaryny mifleriň total, baky kanunalaýyklyklaryna görä ýugurýarlar. Onsaň hakyky beýik eserler döreýär: beýikligiň bolsa, Günbatarda häzirki moda, düşünje bilen aýdanyňda, strukturasy şeýle: ol gündelik reallygyň terligini, gaýtalanmazlygyny, baky reallygyň ählumumylygyny, düýplüligini özünde jemleýär. Birinjiniň çeşmesi – ýazyjynyň şahsy durmuşynyň originallygy, ikinjiniň çeşmesi bolsa adamzadyň (milletiň) çeperçilik genofondudyr. Çeper eseriň döreýiş prosesi bolsa ýazyjynyň zehin ýazgysynda bolup geçýär. Şonuň üçinem diňe ýazyjynyň ýüreginde, kalbyny zer-zaw edip, onuň içinde eýlenen mifler okyjyny bendilejek jadyly güýje öwrülip bilerler. Munuň üçin bolsa, adamzadyň ruhy durmuşynyň düýnünden galan, belli bir manyda sudur bolup galan mifleri awtoryň öz ömrüniň ýazgysy hökmünde duýmagy, şol derejede olaryň janlylygyny, reallygyny jany-teni bilen syzmagy gerek. Onsoň adamzadyň ruhy ösüşiniň, çeper aňynyň ilerleýşiniň içki düýpli kanunalaýyklyklaryndan alamat berýän degişli mifler hut şu günki durmuşyň çeper suratyna öwrülýär duruberýär, özem şol bir wagtda-da öňki elýetmez bakylygyň formasy bolmagynda galýar. Bakylyk – adamzadyň asyrlarboýy üýtgemeýän ahlak kanunlary, ruhy-emosional ýörelgeleri. Miflere ýüzlenmek – munuň özi adamzadyň asyrlarboýy döreden çeperçilik dilinde gürlemekdir. Öz diliňde gürläbilseň hatda haýwanam saňa düşünýär. Ýaşaýşyň problemalary, syrlary hakynda mifleriň dilinde gürlemek üçin bolsa öz döwrüň diline düşünmek – onuň kesgitleýji sypatlaryny, alamatlaryny saýgarmagy başarmak gerek. Hawa, ýazyjy taryhy prosesiň janlylygyny öz endamynda syzmagy başarmaly. «Injil», «Gurhan» ýaly kitaplaryň mazmunynda ýönekeýligiň, durmuşy we durmuşy däl detallaryň aňyrsyndaky hakykatlaryň içki logikasyndan baş çykarmagyň hötdesinden gelmeli. Jennet hem dowzah, Hudaý hem Adam ýaly paýhas birlikleriniň adamzadyň ruhy ýaýbaňlanyşynda birgiden etaplary aňladýandygyna göz ýetirjek bolmaly. Olaryň jikme-jikliklerini «tebigatyň kanunlaryna ters gelýän» zatlar hökmünde ret etmäge howlukmaly däl (ret etmäge bolsa, biz soňky döwürde gaty ökdeledik), çünki ikisi baglanyşykly zatlar hem bolsa tebigat bir başga, ruh bir başga, onsoň olaryň ösüş kanunlary-da başga-başgadyr diýen pikir mümkinçiligine ýer goýmaly. Sungat, şol sanda edebiýat üçin hem tebigatyň kanunlary köp zat berip bilmez. Adam ruhunyň ýaşaýşynyň uniwersal kanunalaýyklyklarynyň çeper şöhlelenmesi bolan mifologiýa bolsa tymsaly pikirlenme usuly arkaly söz sungatynyň düýp manysyna we funksiýasyna ýakyn durýar. Edebiýat üçin mifiň anyk gymmaty nämeden ybarat? Meniň pikirimçe, mife sungatda edil kategoriýalaryň filosofiýada, kesgitlemeleriň takyk ylymda tutýan orny ýaly orun degişlidir. Kategoriýa – adamyň logiki akyl ýetiriş işinde zatlaryň arasyndaky ählumumy baglanyşygy özüne sygdyryp bilýän abstraksiýa. Diýmek, şonsuz ylmy akyl ýetiriş asla mümkin däl. Munuň özi edil oraksyz bugdaý ormaga baran ýaly bir zat. Hut şonuň ýaly adamyň emosional duýuş, göz ýetiriş işinde uniwersal serişde – eger isleseňiz, adamyň duýgularyny kanunalaýyklaşdyryjy gural bolup mif orta çykýar. Bir mysal getireýin. Ine, Adam atanyň jennetden kowulyşy hakyndaky mif. Şeýtanyň azdyrmagy bilen Akyl ýetiriş daragtyndan dadan Adam hem Howenäniň ilkinji reaksiýasy – munuň özi olaryň bada-bat özleriniň ýalaňaç ekendiklerine akyl ýetirmegidir. Örän kiçijik, emma nähili çuňňur manyly, uniwersal mazmunly faktor. Eýsem-de bolsa, adamyň akyl ösüşiniň nukdaýnazaryndan seredilende, bu onuň tebigatyndan saýlanyp, öz hususyýetine tarap gitmegini, onuň aýrybaşgalaşmagyny, Ýer diýilýän planetada täze bir hadysanyň – aňyň, pikirlenmäniň döräp ugranlygyny aňladýan zat ahyryn. Munuň, hatda materialistik nukdaýnazardan garanyňda-da, ret edip bolmajak içki logikasy bar. Şol logikanyň yzyna düşseň, ýaşaýşyň içki hakykatlaryna dahylly beýanlar açylyp gidip otyr. Diýmek, jennet – aň-paýhas barlygyndan öňki tebigat sazlaşygy. Diýmek, Şeýtan – munuň özi Ýer ýüzünde adamzat siwilizasiýasyna, taryh diýilýän prosese, gumanosfera diýilýän täze hilli giňişligiň ýaýbaňlanmagyna itergi beren akt! Paýhas – Adamyň üýtgeşik erke, azatlyga eýe bolmagy. Nähili gülkünç?! Adam bary-ýogy alma dadyp gördi, emma ol nähililik bile gutardy?!: BIOSFERADAKY ÖSÜŞ TEBIGATYŇ GUJAGYNDAN ADAMYŇ IÇINE GEÇDI. Duşman indi içinde otyr, özem şondan bäri çykman otyr. Ol seniň gara başyňy iýmänem hiç ýerik çykyp gitmez. Sebäbi indi oňa-da Ýaradanyň näleti siňdi, onuňam barara gaýry gapysy ýok. Her bir zadyň iki ujy – başlanýan hem gutarýan ýeri bolmaly diýýäris. Diýmek, paýhasyň, aňyň başy, sakasy şol şeýtanly alma. Munuň gutarýan ýeri nire, näme bolmaly? Aşgabadyň bazarlaryndaky täjik, özbek söwdagärleriniň gözüň ýagyny iýip oturan owadan, ullakan, gyzyl almalaryny görenimde men Adam atanyň dadan almasy, şol almadan başlanan adamzat ýaşaýşy hakda oýlanýaryn. Bu ýerde pikir edere zat kän. Gapma-garşylyk ösüşiň esasy bolýan bolsa, onda ýokarky bütindünýä-taryhy aktdan adamzadyň içki ösüşi başlanýar. Fiziologiki islegiň kanagatlandyrylmagy akyl islegleriniň döremegine getirdi. Şondan şeýläk, has dogrusy, şondan bärik, ruh bilen teniň, aşgazan bilen beýniniň arasynda iki taraplaýyn itergili gapa-garşylyk başlandy. Adam bendäniň taryhyň islendik döwründe öz ähmiýetini ýitirmeýän, dürli formalara hem röwüşlere girýän problemasy – gara başynyň hem gara garnynyň ikuçly gaýgysy start aldy. Adamyň içki barlygy ikileýin struktura geçdi: ol öz paýhasynyň erkine görä, haýyra ynanýar, haýryň ähli zatdan ileriligini, ony irde-giçde ýalkajak, nura alyp barjak haýyrdygyny tekrarlaýar hem-de öz teniniň erkine görä beýle tekrarlamadan asla habary-da ýok ýaly hereket edýär. Ol haram iýip, halala ynanýar. Dil, göwün eliň edýänini örtmäge çalyşýar, el bolsa diliň, göwnüň mundan beýlägem işlemegini üpjün edýär. ADAM YNANANDA HUDAÝA YNANÝAR, EDENDE BOLSA ŞEÝTANYŇ DIÝENINI EDÝÄR. Hemmesine diýjek däl (çünki, bu ýa o tarapdan belli bir kadadan çykmalar bar), ýöne adamzadyň aglaba köpüsine jemgyýetiň islendik ösüş derejesinde-de şo hili ýaşaýyş obrazy mahsusdyr. Näme üçin beýle? Bu nireden başlanýar, heý, bir üýtgeşiklik bolmazmy, munuň soňy nirä barýar? Bu meseleler dini mifologiýanyň çäklerinde adamzat ýaşaýşynyň baş problemalary hökmünde goýulýar we çözülýär. Induizm dini gapma-garşylygy çözmegiň iň «aňsat» ýoluny salgy berýär: dünýäniň, ýaşaýşyň maddy eşretlerinden ýüz öwrüp, kanagatly, şükürli bolmaly. Bu sufizm akymynda-da bar. Hristiançylyk şeýle ýagdaýy Adam atanyň nädogry hereketiniň netijesi hasaplaýar hem-de Isanyň şeýle ýaşaýşyň ähli netijelerini öz boýnuna alandygyny tekrarlaýar. Hristiançylykdan ösüp barýan häzirki Günbatar demokratiýasy adamyň bähbitlerini, hukuklaryny, şo hili ýaşaýşa hukugyny ykrar edýär. Yslam, hristian we beýleki dini ideologiýalar bilen deňeşdireniňde ömri jyzlanyňka meňzän kommunistik ideologiýa degişli gapma-garşylygy jemgyýetçilik gurluşyny üýtgetmek arkaly çözjek boldy, çözülmek beýlede dursun, eýsem onuň öňküdenem ýitileşdirilenliginden habarymyz bar. Mifologiýanyň dili – simwollaryň dili. Mifiň edebiýat üçin gymmaty-da, ilki bilen, onuň haýsydyr bir paýhas problemalaryny goýmaga ýa çözmäge ýardam edýänliginde däl-de, eýsem hakykaty suratlandyrmagyň iň täsirli hem tükeniksiz çeperçilik usullaryny berip bilýänliginde bolsa gerek. Adam aňynyň formasy hökmünde mifologiýa anyk wagt-giňişlik serhetlerini fantastiki şekilde berýär. Munuň özi durmuşy dogruçyl suratlandyrmagyň çäklerinde asla mümkin däl hakykatlary şekillendirmäge ýol açýar. Çünki mif aslynda, ozalbaşky ýasalyşy boýunça anyk – göze görnüp duran formalaryň çöwre tarapydyr. Onsoň mif, aýdaly, ölüm diýilýän zady bilmeýär. Ölmek – munuň özi bary-ýogy ikinji bir reallyga geçmek, aýdaly, iň irki mifologiki aňyň kanunlaryna görä, ata-babalaryň mekanyna göçüp gitmek. Umuman, bir Hudaýlylyk mifologiýasy bilen deňeşdireniňde, butparazlyk mifologiýasy özünde has hyýaly elementleri, ýörelgeleri saklaýar, şonuň üçinem bu ýerde dünýäniň anyk ölçeglerini çepbe çöwürmäge – has çuňňur çeperçilik täsirlerini jemlemäge ýol açjak formalar bar. Men muňa öz ýazyjylyk durmuşym bilen baglanyşykly bir tejribede oňat göz ýetirdim. XX asyryň başynda döredip geçen hem dünýä edebiýatynyň çeperçilik mümkinçiliklerini giňelden awstriýa ýazyjysy F.Kafkanyň «Öwrülmek» («Prewraşşeniýe») diýen hekaýasy bar. Hekaýada Gregor Zamze diýen biriniň agşam ýatyp, irden bir jandarjyga öwrülip turşy, magiki täsirlilikde suratlandyrylýar. Edebi eserler hem adamlar ýaly bolýar: bir tarapdan-a ony birinji göreniňden ol hakdaky informasiýany bada-bat alan, şobada-da ony aňa iberen, şeýdibem, habary gutarnykly amal edip, ahyrky bahany kesgitlän ýüregiň anyk bahasy şol adama seniň öňli-soňly garaýşyň bolup durýar, beýleki tarapdanam, ilkinji däl, birnäçe gezekki duşuşykdan, ysnyşykdan oňa seniň gatnaşygyň kemala gelýär. Hekaýa bada-bat maňa güýçli täsir etdi, men oňa düşündim, ýöne bu deslapky düşünişdi, içki intuisiýanyň, syzgylaryň, aňsat-aňsat aldamajak göwnüň düşünişidi. Ýöne şol hekaýany öwran-öwran okasym, oýa batasym geldi. Gahrymanyň düşen güni hakda oýlanýaryn. «Öwrülmek» däl-de, «Baglanmak» bolaýmasyn? Çünki gahrymanyň düşen güni, onuň nalaçlygy şu pikire getirýärdi. Baglanmak – jadylanmak, erkiň gitmegi. Ýöne çeper hekaýanyň bir planynda – gahrymanyň düşen güni – tragediýasy babatdaky hakykaty oňat aňlatsa-da, beýleki planlardaky, aýdaly, anyk hadysanyň daşky reallygyny ol tema öz içine alyp bilmeýän eken. Türkmende «Adamdan azan» diýen aňlatma – obraz bar. Degişli söz düzümi durnukly düşünje hökmünde türkmen psihologiýasynda öňräkden bäri ýaşap gelýär. Mysal üçin, bizde ýolbars adamdan azan haýwan hasaplanýar. Ahlak däl-de, mifiki düşünje hökmünde azmak, başga bir jandara öwrülmegi, «azan» diýmek bolsa rus mifologiki aňyndaky «oboroten» sözüni aňladýar. Onsoň «adamdan azan» diýen düşünje bilen baglanyşyklylykda türkmen aňynda – mifologiýasynda haýwanlaryň adama, adamyň haýwanlara öwrülmek temasy ýazyjy üçin köp döredijilik materialyny berip bilerdi. «Azmak» seni bütinleý başga sfera hem problemalara alyp gidýär, ýöne, barybir, munuň mifologiki duýgy-düşünjeden arasy gatybir daş bolmaly däl. Sebäp diýeniňde, köneleriň ahlagy tutuşlygyna mifiki esaslara daýanýar: pişigi öldürmeli däl, ýogsa, o dünýäde onuň derisini dolduryp gyzyl bermeli borsuň. Degişli meselede, meniň düşünişimçe, mifiň çeper usul hökmündäki artykmaçlygy – munuň özi häzirki dünýä üçin geň galarlykly ýagdaýda onuň etikasynyň, estetikasynyň hem ewristikasynyň bitewüligi – içki sazlaşygy. Aňmak – azmakdyr. Adam ata alma iýip azýar, şol alma sebäpli dünýä sazlaşygy haosa öwrülýär. Akyl – adamyň kosmiki jandar hökmündäki ýaşaýşynyň baş formasydyr. Ol forma owalbaşda berlen zat däl-de, soňra, özem günä bilen alnan, gazanylan ukypdyr. Ol aýralyk tebigatdan – jennetden aýralykdyr. «Prewraşşeniýe» düşünje-temasyny «Aýralyk» aňlatmasy bilenem berip bolarmyka diýýärin. Çünki Gregor Zamze öz adamçylyk hamyrmaýasyndan, özge adamlardan aýra düşýär. Onuň düşen güni – Adam atanyň düşen ýagdaýynyň tersi. Şundan logiki ugur alsaň, dogulmak hem ölmek – şol bir zat bolup çykýar, olar bitewi bir prosesiň – azmak – öwrülmek biri-birine geçip duran iki sany aspektidir. Men bu zatlary näme üçin ýatlaýaryn? Men näme üçin F.Kafkanyň bu hekaýasynyň temasy hakda şeýle uzyn gürrüň edýärin? Dogulmagyň, ölmegiň başga bir zada öwrülmekdigine ünsi çekmek isledim. Ölmek hem dogulmakdyr, çünki adam ölenden soň başga bir görnüşdäki ýaşaýşyna başlaýar. Iudizmde şu mesele örän ynandyryjy tekrarlanýar. Ölmek, dogulmak – şertli düşünje. Dünýäde dogulmak, ölmek ýok, başga bir zada öwrülmek bar. Biz dünýä mifologiki realizminiň gazananlaryny öz süňňümize, ganymyza siňdirmelidigimizi aýratyn nygtamak isleýärin. Ýetilen beýik derejäni – eseri köre-kör kopirlemek, ýagny, ony mehaniki özleşdirmek, onuň diňe daşky alamatlaryny alaga-da, milli «wariantyny» döretmek – bu çeperçilik ösüşe getirip bilmez. Milli edebiýat – öýkünjeňlik däl ahyryn, ol milletiň örän güzaply hem örän intensiw ruhy ýaşaýşy. Şunda ol ulalasy, dünýä çykasy gelýän bolsa özünden ökdäniň nusgalaryndan höweslenip hem badalga alyp biler. Kafkanyň ýokarky hekaýasy bilen baglanyşykly dörän bir pikiri aýdasym gelýär. Çagakak aýy adamdan azypdyr diýip ynandyrypdylar. Şol ynanjy ýatlamak bilen aýy – jyn, aýu, eýe ýaly mifiki personažlara ünsi çekmek isleýärin. Aýylganç – aýy-lyg-anç, eýmenç – eýim-ýenç, elhenç – elih-ýenç, has dogrusy, el-ih-ýenç. Soňky sözi hasap etmäniňde (onuňam hasaba girjek ýeri daşda däl) sözleriň hemmesiniň merkezinde aýy aňlatmasy durýar. Diýmek, aýy – munuň özi, megerem, indi geçmişe giden gadymy düşünje däl-de, ondanam aňyrky – türkmen aňyndaky bir arhaik personaž bolmaly. Megerem, ol ölen ata-babalarymyz bilen baglanyşykly ynanjyň dura-bara şahsyýetleşmegidir?! Ol has soňraklar, hatda häzirem «aýu», «eýe» formasynda ulanylýar. Başga-da bir söz bar: al, al-bassy, al-arwah. Ýaňky hasaba girmeli diýýän sözümiz şu: – el-ih-ýenç. «Al» ýa-da «el» ýokarky aýynyň ikinji ady bolmaly. «Aýynyň» ýa-da «alyň» näme manysy bar? Häzirki düşünjä «terjime» edeniňde, «aýy» ýa-da «al» köne adamlaryň – mifiki adamlaryň düşünjesinde ölen hem direlen kişilerdir. Aýy özüniň etimologiýasy boýunça uýy-uýu-ki, oýa-oýa-n-mak, ýa-t-mak, ýa-ş-mak, ýa-ş-a-mak, ba-t-mak, eý-ik-mek ýaly örän çylşyrymly düşünjeleri aňladýan sözler bilen baglanyşykly. Adamzat aňynyň mifologik derejesine çenli aşak düşeninde (munuň özi adamzat ýüreginiň mifologik derejesine çenli ýokary galmakdyr) her söz-düşünje häzirki anyk masştablaryndaky birgiden filosofiki konsepsiýany aňladyp biler. Şol sözlere esaslanyp, gadymy adamlaryň mifologiki aňynyň formirlenişiniň mehanizmini birnäçe sözde berjek bolaly: Gün dogýar, Aý-ýyldyzlar dogýar, soňra bolsa ýaşýarlar ýa-da batýarlar. Ertesi olar ýene dogup, ýene ýaşýar. Diýmek, olara «ölüp-direlmek» mahsus. Adam hem dogýar – oýanýar, soňra-da uka gidýär, ýatýar – ýaşaýar. Näme üçin, onsoň, ol beýleki janly zatlar – Aý-Gün-ýyldyz ýaly gaýtadan dogmaly däl, «ölüp-direlmeli däl», (Gyzykly zat – «Gorkut atada» ukuda ýatmaga «kiçijik ölüm» diýilýär). Diýmek, ölen adamlaram direlýän bolmaly. Ýöne olar yzda galanlaryň gözüne görünmän, başga bir ýerlerde – suwda, harabada (adam aňynda bular geçmişi aňladýar) dirilip ýaşaýarlar. Olar indi adam däl-de, Aýy ýa-da Al bolup gezýärler. Ýa-da elih (k) bolup. Munuň özi olaryň ýabany durmuş obrazynda ýaşaýandygyny aňladýar. Elkin ýa-da elki – munuň özi ýabany diýmek. Meniň pikirimçe, «el» sözüniň bir warianty «öl» formasyna-da geçipdir. Wagtyň geçmegi, aňyň ösmegi bilen eýe, aýu ýaly mifiki personažlara garaýyş üýtgäpdir, adamyň dirilmeýänligine akyl ýetirmek, ýokarky şahsyýetleriňem ýok bolup gitmegine däl-de, olaryň indi özge bir zatlary aňlatmagyna getiripdir. Olar indi mifleri döredýän medeni adamlardan tapawutlylykda ýabany, elki, ýa-da elkin ýaşaýan adamlaryň keşbine öwrülipdir. Adamyň olara garaýşy öňki gapma-garşy häsiýete geçipdir: indi ölümi alamatlandyrýan «eýeler» (uzyn dyrnakly, uzyn saçly, arkasyndan seretseň iç-goşy görnüp duran – munuň özi jaýlanmadyk jesetleri ýada salmaýarmy?!) adamda çuňňur ýigrenç döredipdir. Ýöne, biziň üçin bu gyzykly däl, biziň ünsümizi çekýän zat – ýokarky düşünjelerde ölüm bilen diriligiň, ýaşaýşyň hakyt bir zatlygydyr! Ölümem ýok, diriligem! Nähili absurd! Munuň özi Kamýunyň, Sartryň, Bekketiň absurdçylyk edebiýatyny ýatlatman hem duranok. Biz absurdçylyk edebiýatyna örän sada düşünýäris. Ýöne ol edebiýat öz gözbaşyny ýokarky gürrüňini eden pikirlerimizden alyp gaýdýan bolaýmasyn?! Elbetde, munuň üçin absurdçylyk edebiýatyny düýpli öwrenmeli. Bu aýratyn tema, aýratyn gürrüň. Ýöne, absurda XX asyr edebiýaty aňly-düşünjeli, ruhy işiň gyzgalaňly tükeniksizligi bilen gelen bolsa, halkyň aňyndaky mifologiki hakykatlaryň absurdy «öz-özünden» döräpdir. Ýazyjy, obrazly pikirlenmä ýykgyn edýän adam hökmünde meni adam psihikasyna tas magiki täsir edýän, duýgularyny gyjyndyrýan zat – mifiki Aýynyň keşbi, ylaýta-da, onuň yzyndan seredeniňde, iç-goşunyň görnüp duranlygy – munuň özi obrazlylygyň iň ýokary derejesi bolsun gerek, çünki ol hatda mädäňe degmek ýaly güýçli täsire eýe fakt. Näçe beýik ýazyjy bolsaňam, ýüz ýyllap gözläniňde-de şeýle täsirli originallygy tapyp bolmazmyka diýýän, sebäbi ol müňlerçe ýyllyk ruhy ösüşiň netijesi. Ünsi şuňa çekmek bilen meniň mifologiýanyň çeper-emosional kuwwaty baradaky meseläni gozgasym gelýär. Dünýä belli ýazyjy, Nobel baýragynyň laureaty G.G.Markesiň «Ýüz ýyl ýalňyzlykda» atly romanynyň gahrymanlary ýokarkylar ýaly täsinlige eýe. Mysal üçin, romanyň gahrymanlarynyň biri Aurelianonyň jojugyňky ýaly guýrujagy bar. Iň täsin ýeri-de, awtor şeýle geň-taňlygy hakyt realistik eserinde suratlandyrýar, olar hakda hakyt bolaýmaly, tüýs real hadysa ýaly gürrüň edýär. Ýokarky edebi faktyň täsinligi adamda jojugyňky ýaly guýrugyň barlygynda däl, çünki okyjy beýle çeper reallygy şu gün görmeli däl. Täsinlik – gahrymanyň guýrugynyň edil kellesi ýa eli ýaly bolaýmaly zat hökmünde görünmeýänligidir, awtoryň juda sowukganlylyk bile fantastikany ynandyryjylygy jähetden reallyk derejesine ýetirip bilýänligidir. Munuň özi ýöne bir mifologiki däl, eýsem magiki realizmdir – jadylaýjy realizmdir. Gwatemalaly ýazyjy Migel Anhel Asturias öz indeý halkynyň miflerini eserlerinde ikinji liniýa-gatlak hökmünde köp peýdalanýar. Onuň «Jaýlananlaryň gözi» atly galyň romanyndaky mifiň gysgaça manysy şeýle: ähli ýogalan adamlaryň gözleri açyk, adalat sudy gelen güni, adalat dabaralanan güni jaýlanan merhumlar gözlerini ýumarlar. Eserlerinde şeýle mifleri peýdalanmagy başaran bu ussat ýazyjy Halkara Lenin baýragynyň, şeýle hem Nobel baýragynyň eýesi. Onuň bu atlara eýe bolmagynda mifleriň rolunyň uludygyna berk ynanýaryn. Jadylaýjy edebi faktlar M.Bulgakowyň «Ussat hem Margarita» romanynda başdanaýak duş gelýär. Edebi magiýanyň özboluşlylygy, şol özboluşlylygy bilenem täsirliligi – bütinleý fantastikligine garamazdan, onuň haýsydyr bir ikinji zady, aýdaly, aňyrsynda ýatan pikiri ýa ideýany aňlatmak üçin döredilmän, okyjynyň emosional işdäsine täsir etmek üçin ýaradylýanlygydyr. Munuň özi edebiýatyň gözellik funksiýasynyň iň ýokary hetdine ýetirilmegi bolsa gerek. Adam gözelligi, owadanlygy – tapawudy ýok ýa-da onuň gapma-garşylygy – betnyşanlygy olaryň aňyrsynda haýsydyr bir manynyň ýatýanlygy üçin endamyňy syzladyp kabul edilenok, olar ýöne şo hili emosional gymmatlyk diýlip bilinýär. Şeýle ýagdaý edil gadymy miflerde-de bar. Olardaky reallyga sygmaýan täsin wakalar şol reallygyň serhetlerini ýykyjy, üýtgediji elementler bolup göz öňüne gelýär. Onuňam sebäbi adamyň gözüne görünýän reallygyň emosional manysy, gymmaty onuň göwnüni dokundyrmaýar. Durmuşda bolup duran adaty zatlary kitapdan okap bilmegiň näme zerurlygy bar? Durmuşy real beýan etmeli diýmek – okyja onuň görüp, bilip, duýup ýören zatlaryndan üýtgeşik zat hödürlemek, onuň baslygyp ýatan mifiki fantaziýasyny oýarmak, okyjyny täze pikirlere iteklemek diýmek. Durmuşyň fantaziýasy ýazyjynyň fantaziýasyndan örän geň, giň. Dogry, ýazyjy durmuşyň öz formalarynyň çäklerinde-de çeperçilik, lezzet berýän gymmatlygy döredip biler. Ýöne soňky iki ýüz ýylda dünýä edebiýaty şeýle forma bilen okyjynyň mädesine degdi. Muňa rasionalistik edebiýat hem diýilýär. Sebäbi ol logiki pikirlenmäniň, umuman, pikiriň dünýäni emosional syzyşdan ileriligine gol ýapýar. Ol adamyň hyýaly duýgularyny kepderini penjesine gysan bürgüt kimin, rasional pikiriň girdabyna taşlaýar, adamyň dünýäni her hili röwüşde duýmaga mähetdel fantaziýasy ganaty gyryk guşa dönýär. Soňky üç ýüz ýylda adamzat rasional pikire halys gümra boldy. Tehniki ylymlaryň ösmegi, paýhasyň iň esasy görüş, akyl ýetiriş organy diýip yglan edilmegi emosional meýilleriň çäklendirilmegine getirdi, netijede ADAMZAT GARRADY. Ine, şu ýerde-de mifologiýa yzyna gaýdyp geldi. Degişli taryhy – edebi hadysany onuň mifiň mysalynda-da düşündiresi geldi. Ine, diňe şu hakda gaty uzak gürrüň edip boljak. Bu giden bir umman, tarplyk. «Tarplyk» diýip men bu ugruň – pikiriň entek çuň öwrenilmändigini göz öňünde tutýaryn. Kafkanyň «Öwrülmek» hekaýasynyň esasy pikirini hem şu zatlar bilen baglylykda göz öňüne getirmeli. ...Tosif Kartafil hakyndaky hristian mifi bar. Bu kişi baky ýaşaýşa höküm edilen biçäre. Ol ömürlik şu dünýäde ýaşamaly, özem her 100 ýyldan şol öňki ýaşyna – 30 ýaşyna gaýdyp gelmeli. Ruhuň bedenden täsin tapawudy – ol garramaýar. Garramaýandygy üçin hem ol ölüm diýlen zady bilmeýär. Kartafiliň her ýüz ýyldan juwanlyga gaýdyp gelşi ýaly, adam ruhy garrylygyň alamatlary görnup ugranda birhililik bilen juwan ýaşa dolanýar. Men «birhililik» bilen diýýärin, çünki biz munuň heniz mehanizminiň änigine-şänigine ýetip bilemzok, ony şu nazarýetden iş edinip öwrenen alym ýok. Ýöne oňa derek başga bir zat bar: soňky wagtlarda garrap ugran adamzat (garrylygyň esasy alamatlarynyň biri bolsa emosional-hyýaly dünýäni duýuşdan daşlaşyp, rasionalizme gol ýapmakdyr) edebi ruhy mifologiýanyň özboluşly dünýäsi bilen juwanlygyny dikeltmäge çalyşýar. Mifologiýa – ýaşlyk, sungat bolsa – oýundyr. Çünki dünýäni mifologiki duýuşa baý fantaziýanyň durmuşynyň adamyň daşyna çekýän rasional – ýürekden mahrum serhetleriniň depesinden garatmak, optimizm hem nähilem bolsa özüne ynam döretmek häsiýeti bar. Adamzadyň ýaşaýşynyň iň ilkinji ruhy etapynda maddy dünýäniň haosy içre ýörjen-ýörjen adamzada ruhy giňişligi mifologiýa döredip berdi. Hut şol mifologiýa ölüm, wagtyň, giňişligiň serhedi diýilýän zady bilmeýärdi. Mifologiki aň üçin paýhassyz, öli materiýa asla real däl zatdyr, gaýtam, bar zat aňa, jana eýedir, olaryň arasyndaky gatnaşyklar mahal-mahal gapma-garşylykly hem bolsa, sazlaşygyň çäklerindäkidi, ýagny biri-birini ýok etmäge çenli eltýän gapma-garşylyklar däldi. Soň ol has ýokary derejedäki – birHudaýlylyk derejesindäki dini mifologiýa sapyp gitdi. Adamyň öz amaty üçin döredilen şol hyýaly sazlaşyk XVII asyrdan başlap, rasionalizmiň birtaraplaýyn şowakör ýörelgeleri tarapyndan weýran edildi. Şeýle hem adamyň bar energiýasy kapitalizmiň getiren sosial şertlerine, problemalaryna sarp edildi. Öň ýyldyzlaryň deňine ýetip duran boýy öz kellesine çenli kiçeldi, öň dünýäniň ähli sferalaryna aýlanyp bilýän ruhy indi öz synpynyň sosial-syýasy bähbitlerine baglanyp galdy, onuň fantaziýasy bolsa şol bähbitlerden özge zadyň logikasyny beýan ederden ejiz geldi. Bu ýerde Kurany Kerimde aýdylýan bir jümläni – «Adam hasap öwrenip ýalňyşdy» diýen jümläni ýatlamak haýran galdyryjydyr. Biz şu ruhy krizise hasabyň, ýagny rasionalizmiň netijesinde geldik. Bu gaty geň galdyryjy ýagdaýdyr. Şeýle ýagdaýda sungata mifologiýa gaýdyp geldi. Ol diňe optimizm bermän, eýse adamzada ähli pesligini – kemçiliklerini, asgyn taraplaryny-da görkezdi. Mifologiýanyň XX asyr Günbatar edebiýatynda uly üstünlikleri gazanmagynyň sebäbini dürlüçe düşündirse bolar. Onuň realizm bilen şeýle tebigy suratda utgaşmagyny men – hristian şekillendiriş sungatynyň baý çeperçilik däpleri bilen baglanyşdyryp, göz öňüme getirýärin. Beýik hudožnikleriň, heýkeltaraşlaryň talantly eserleri arkaly mifler Günbatar siwilizasiýasynyň aýrylmaz bir formasyna öwrülipdir. Olaryň anyk şekil formasynda göz öňüne getirilmegi, edebiýatyň hem mifi söz arkaly beýan edip bilmegine ýardam edipdir. Muňa, ýagny, edebiýat we sungatyň beýle arabaglanyşygyna – mifologiki gözleglere ýugrulan eserlere, ylaýta-da, M.Bulgakowyň «Ussat hem Margarita» eserine ser salsaň göz ýetirmek kyn däl. «Ussat hem Margarita» romany reallygyň çäklerini mifologiýanyň hasabyna giňeltmegiň, ýazyjynyň şaýat bolan durmuşyny mifler arkaly bakylaşdyrmagyň ajaýyp nusgasy. Asyl nädip eser ýazmalydygynyň hem nusgasy. Ilki gözüňe ilýän zat – romanyň iki sýužetli liniýasy: olardaky wagt-giňişlik biri-birinden düýpli tapawutlanýar – biri XX asyrda bolup geçýär, beýlekisi bolsa I asyrdaky wakalary beýan edýär. Täsin ýeri, ýazyjy Isa bilen baglanyşykly miflerden alnan wakalary hem göze dürtülip duran reallyk, ýagny, XX asyrda Moskwada bolup geçýän wakalary hem birkemsiz mif hökmünde suratlandyrýar. Dogrudanam, XX asyrda totalitar imperiýanyň aň ýaşaýşynyň mif kemi ýok. Ýer aýak aşagyndan gidipdir. Munda adamlaryň ruhy-aň hususyýetini öz eýeçiligine öwren totallyk Iblisiň obrazynda gezýär. Özüni ýeke-täk reallyk, özüne garşy gelýän zatlary howaýylyk, mif hasaplan imperiýanyň durmuşyndaky wakalar sagdyn akylyň logikasyna syganok. M. Bulgakowyň bu romany dünýä edebiýatynda uly bir mekdep. Özem deňsiz-taýsyz uly mekdep. Ýöne, şeýle uly mekdebi görüp, şol mekdepden sapak almandyrys. Ähli ýazyjy sosialistik realizm metody bilen eser döredenini kem görmändi. Sebäp bu metod bilen eser döretseň, saňa azar berjek, ýamandan adyňy tutjak adam ýokdy. Eger ýalňyşmaýan bolsam, M.Bulgakow şu romany bilen täze edebi akymy döretdi. Onuň döreden täze akymynda Ç.Aýtmatow «Ahyrzaman» romanyny ýazdy. Şol hem täze edebiýatyň çelgisi boldy. Gizlemäýin, men şu «Ussat hem Margarita» romanyna aýratyn sarpa goýýaryn, boş wagtlarym şu romany türkmen diline terjime edýärin, ony kitap edip çykarmak üçin däl-de, ussat ýazyjynyň edebi tilsimatlaryny öwrenmek hem özleşdirmek üçin. Mende aýratyn täsir galdyran zat Berliozyň Bolandyň öňünde onuň erki bilen gürleýän betbagt kellesi boldy. Soň görüp otursam, şeýle obraz Isanyň haça çüýlenmesi bilen baglanyşykly miflerden gözbaş alyp gaýdýan eken. Isa haça çüýlengi dur. Haçyň astynda – ýerde bolsa kelleçanak ýatyr, Isanyň ellerinden syrygýan gan ýerde ýatan kelleçanagy ýuwýar. Täsin obraz, şol kelleçanak Adam atanyňky bolmaly diýip hristianlar düşündirýärler. Aslynda, mifologiýa ýaly sungat üçin şeýle bol formalary hem tärleri berýän şeýle bereketli, fantaziýaly çeşme hiç bir zatda ýok bolsa gerek. Mifleriň çeperçilik-emosional mümkinçilikleri tükeniksiz. Men türkmen ýazyjylaryny bereketli mif ýaýlasyna çagyrýaryn. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||