17:37 Mikromyrat / satiriki hekaýa | |
MIKROMYRAT
Satiriki hekaýalar
Arada bir üýşmeleňde, toýuň öň ýanyndaky çörek dogralyşykda bir şlýapaly, arryk ýigit ylmy-populýar temadan şüweleňli gürrüň etdi. Ol: ― Bary-ýogy dokuzja sagat ömür süýrän jandar bar, olam mikrobyň bir görnüşi ― diýdi. ― Beh, gaty gysga möhlet dälmaýt otüki, dokuz sagatda men-ä öý uprawleniýesinden sprawka-da alyp bolar öýdemok ― diýip, ýüzi jozzuk ýaly ýaşuly titrewük barmaklary bilen petiriň gatyny açyp otyrka aýtdy. ― dogrudanam, ol diýýän jandaryň ojagaz pursatda näme edip biler?! ― diýip, ýap-ýasy käsesindäki çaýyny owurtlady. ― Otüki, ýaňky mikrob janawarlaryň awtobuslary beri biziňkiden çaltrak gatnaw edýändir-dä hernä. Ýogsam olar tutuş ömründe ýekeje gezek işine gidip gelmäge ýetişer-dä ― diýip, gysga boýly, arryk adam degişdi. Bu hadysa oturan adamlary geň galdyrdy. Mikrobyň «aladasyny» edýän, oňa nebsi agyrýan köpeldi. Öz gezeginde şlýapaly, arryk ýigit ýene gürrüňe başlady. ― Ol mikrob şol dokuz sagadyň dowamynda agtyk, çowluk, ýuwluk, kowluk, gowulyk, hatda jüwlük hem görüp bilýär ― diýip, şlýapaly ýigit çyny bilen düşündirdi. ― Gowulyk görüp bilermikä?! ― diýip, ýüzi jozzuk ýaly ýaşuly ýylgyrdy. ― Gowulyk görmese jüwlüg-ä görer-dä ― diýip, ýap-ýasy ýaşuly daýaw göwresini titredip güldi. Şlýapaly ýigit bularyň jedelini çözmeli boldy. ― Adamlar, mikrobyň gowulyk ýa ýamanlyk görmegi öz häsiýetlerine bagly. Eger wirus bolsa ony biz gyrýarys. Uzak ýaşadamzok. Çünki wirus kesel döredýär. Bakteriýa bolsa bize peýda berýär. Wasillanyň gowusam bar, hordasam ― diýip, şlýapaly ýigit öz düşünişi boýunça aýtdy. Dogrudanam, gyzykly we çylşyrymly durmuş. Eger mikroskop alyp, ýaňky jandarlara syn etseň, akylyň haýran ediji hereket joşýar. Ana, seret, Bakteriýajemalyň çagasy boldy. görsene ony, bir minut geçmänkä eýýäm murty garaldy. Gör ony, ýaý atyp iliň aýnasyny döwüp ýör. ― Aýu, Mikromyrat jan, bezzatlyk etme, oglum ― diýip, ejesi eli hasaly Bakteriýajemal eje içerden gygyrdy. ― Aý, mahan, goýsana gykylygyňy ― diýip, stilýaga Mikromyrat ýaýyny jigisine sowgat berip, özi gitara çalyp duran ýerinden ejesine azgyryldy. Garran, ysgyndan gaçan Bakteriýajemal eje emedekläp diýen ýaly daşary çykdy. Görse Mikromyrat eýýäm öýlenipdir, gelnini tirkäp geldi. ― Mikraşka, bu kim? ― diýip, täze gelen gelin Birusbibi garryny aýagy bilen depip goýberdi-de jogaba-da garaşman, çarlston tansyna aýagyny goşup, «Aý lýuli, aý lýuli», «Ça-ça-ça» diýip hiňlendi. ― Aý, bi, ýaňky, neme-le ― diýip, Mikromyrat düzzüm oýnajak ýaly ýer çyzyp başlady. ― Göniňden gel, bu seň myrtar garryňmy?! Näme üçin meň bilen ZAGS-dan geçmänkäň garrym bar diýip aýtmadyň. Häziriň özünde «Žiguliňe» at-da bu nekgediňi garrylar öýüne tabşyryp gaýt. Ýogsam, saňa aýal bolman. Saňa Mikromyrat diýmezler, mekirmyrat diýerler ― diýip, Wirusbibi sesine bat berdi-de jogaba garaşman boýnundaky radiosyndan bir ýakymsyz stansiýany tutup, sesini batly goýberdi. ― Wirusbibi, beýdiýme, garrymy öýümden kowsam, iller-günler näme diýer ― diýip, Mikrimyrat gelniniň seçekli torbasyna ýapyşan gyl-gypyry aýyrmaga başlady. ― Çek eliňi, maňa ýaramsaklyk eden bolma. Ol häsiýetiň belki käbir naçalnige ýarar. Ýok et garryňy ― diýip, eýýäm aznawur çykan Wirusbibi heňkirdi. ― Söýgülim, Wirusbibi jan, ejemiň ýene 3-4 minut ömri galdy. Gaýrat et-de çyda ― diýip, Mikromyrat dyza çöküp, çalaran saçyny ýüzüne dökdi. ― Bo-haw, 3-4 minutyň gürrüňini edýämiň, ýekeje sekundy aýt. Eger beýleki jandarlar ýaly 70-80 ýyl ömrümiz bolsady, onda garryňy 3-4 sagadam saklardym ― diýip, Wirusbibi soňky aýgytly sözüni aýtdy. ― Ýeri, bolýa-da, Wirusbibi, seň sözüň meň üçin kanun ― diýip, Mikromyrat enesi Bakteriýajemal ejäni «Žigulisine» mündürip, radiosynda «Garrylar gerek» diýen aýdyma zowladyp ugrady. Garry ýolda wepat boldy. ― Wah, ejem jan, geç günämi, menden razy bol. Agtygyň Wasiltäje hökman seň adyňy dakaryn ― diýip, eýýäm garrap ugran Mikromyrat «Žigulisiniň» aýnasyndan özüniň çalaran saçyny gördi. Ol enesini jaýlap bolup maşynyna ýag guýduryp wokzaldyr aeroporta kireý üçin birki gezek gatnaw etdi-de, öýüne geldi. Görse şol öňki demi daş ýarýan Wirusbibi iňläp daşarda ýatyrdy. Onýança daýaw bir mikrob gelip, Mikromyradyň gulak tozuna ýelmedi-de, ony ýere ýazdy. Bu ýumrugyň awtoryna Zeň pälwan diýerdiler. Onuň kakasy bolsa demir kertýän Posguly agady. Zeň pälwan Mikromyrat bilen Birusbibiniň körekenidi. Ol Wasiltäje öýlenipdi, onda-da bir şert bilen «söýşüpdi». ― Mäzine ýelmäp, kakaňyň «Žigulisini» alaryn, soň hem özüňi alaryn ― diýip, Zeň pälwan köne kastrýulyň içinde Wasiltäç bilen plan biçipdi. Mikromyrat birhaýukdan soň çalaja özüne geldi. «Ýelesini beriň! «Ýelesini beriň!» diýlen ses eşidildi. Gözüni açsa süýembarmagynda açar-da ýokdy, gapdalynda «Žiguli-de» görnenokdy. Gyzy bilen körekeni eýýäm Gurtly kölüne waz ýasapdyrlar. ― Wah, indi bizi garrylar öýüne kim elter-kä?! ― diýip, garrap mugyra gelen Wirusbibi walidol içip ýatan ýerinden aglady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||