09:56 Millionlarça amerikaly Trampyñ hudaýtarapyn saýlanandygyna ynanýar | |
MILLIONLARÇA AMERIKALY TRAMPYÑ HUDAÝTARAPYN SAÝLANANDYGYNA YNANÝAR
Publisistika
Donald Tramp saýlaw kampaniýasy döwründe Ohio ştatynyñ buthanasynda doga edýär, 21.09.2016 ý. "Eger Donald Tramp Dawosdan Waşingtona gaýdyp gelýärkä uçarda içi gyssa, edip biljek ýeke zady bar - Dawosda delegasiýanyñ özüne sowgat eden kitabyny okamak: "Hudaý we Donald Tramp". Emi Salliwan "Politico" gazetiniñ ýekşenbe günündäki goşmaça sanynda "Millionlarça amerikaly Trampyñ hudaýtarapyn saýlanandygyna ynanýar" atly makalasynda bu kitabyñ nämüçin millionlarça dindar amerikalynyñ Trampyñ prezidentligini "hudaýtarapyn bellenme" hökmünde görýändiginiñ jogabyny-da şu kitapdan tapyp boljakdygyny nygtaýar. Mistiki tanslardyr zikirler bilen ýewangelik edebiýatyñ dürüşdesi hökmünde orta çykan pentekostal hristianlyk akymynyñ "Charisma" žurnalynyñ çap edijisi Stiwen Strangyñ ýazan kitaby hristian apostollaryna degişli namalar, "Fox News" teleýaýlymynyñ habarlary we geljekde bolup biljek wakalary öñünden aýtmalardan garym-gatym edilen pikirler bilen Trampyñ prezidentliginiñ Hudaýyñ isleýän prezidentlikdigini öñe sürýär. Aslynda amerikan prezidentlerine dini many-mazmun ýönkeýän metodly dini kitaplar Jorj Buşuñ prezident bolmagy bilen ýüze çykmaga başlapdy. Şu žanrdan dört sany möhüm kitap bilen Buşuñ prezidentliginiñ din üçin gymmatyna we global many-mazmunlaryna üns çekjek bolnupdy. Ýewangelik we pentekostal ýazyjylara Buş hakynda kitap ýazmak itiñ añsadydy. Çünki Buş arak-şerapdan we hristianlykdan daşda ýaşamakdan "ymykly tobaly" ("born again") her hepde buthana barýan, çykyşlarynda zol-zol Isa Mesihe we Injile salgylanýan adamdy. Emi Salliwan Strangyñ "Hudaý we Donald Tramp" kitabynda Trampyñ şahsyýetiniñ we ynançlarynyñ üstünde örän az durlup geçilmeginiñ sebäbiniñem şudugy ünsüñi çekýär. Tramp bilen saýlaw kampaniýasy üçin birnäçe gezek ikiçäk duşuşan Strang bularyñ birinde-de kitap üçin gürrüñdeşlik geçirmändir. Kitapda diñe Trampyñ ýetişdiren çagalarynyñ onuñ içindäki dini ynançlaryny we gymmatlyklaryny görkezýän iñ gowy subutnamadygyny ýañzydýan bölüm bar. Salliwan "Ýöne Trampyñ üç aýal alyp-kowanlygynyñ, alan aýallaryna birnäçe gezek ikilik edendiginiñ gürrüñini edeniñe degmeýändigini" aýdýar. Trampyñ kandidatlygynyñ başynda uzak wagtlap ony goldap gelen ýeke dini akym pentekostallardy we Paula Uit, Darrell Skott dagy bu toparlaryñ başyny çekýär. Pentekostal toparlaryñ iñ esasy aýratynlygy bolsa, bol-elinlige we baýlyga uly üns berýändigi. Olar "baýmyñ, diýmek hudaý seniñ tarapyñda" diýýär. "Health and Wealth" diýip düşündirýän teologiýa eýe. Mal-mülk edinmegiñ, baýamagyñ, pully bolmagyñ Hudaýyñ gowy adamlara bagyş eden serpaýydygyna ynanýarlar. Baýlygy Hudaýyñ gowy adamlara eden serpaýy hasaplaýan şeýle ynanç gatlagy üçin Tramp puluny ha kezzaplyk bilen gazansyn, ha-da başga ýoldan gazansyn - tapawudy ýok, Donald Trampyñ milliarder bilmagyñ onuñ Hudaýyñ halan adamsydygyny añladýar. Kitabyñ awtory Salliwan beýleki dini toparlaryñ globallaşma gorkusy, "gizlin döwlet", Jorj Soros we ş.m. gorky-ünjiler bilen Trampy goldaýandyklaryny-da aýdýar. "Trampy söýýärler, çünki Tramp olary söýýändigini aýdýar, olara "hemişe ezilip geldiñiz" diýýär. Olara beren resmi beýanatlarynda "Noel günüñiz gutly bolsun" diýmegi dikeldendigini (dünýewiligiñ talabyna eýerip, beýleki amerikan prezidentleriniñ gaça durýan sözüdi) aýtdy. Olary özlerini ynamly duýar ýaly etdi". Strang bularyñ ýeterlik däldigini, Trampyñ baştutanlygynda has möhüm magnawy gymnata eýe bolandygyny-da öñe sürýär. Munuñ üçin käbir dini akymlaryñ "welidigine" ("holy man") ynanýan katoligi Tomas Zimmeri özüne tutalga edinýär. Ömrüniñ köp bölegini Italiýanyñ Loreto şäherinde hristianlar tarapyndan mukaddes saýylýan ybadathananyñ podwalynda geçiren Zimmeriñ segseninji ýyllarda "ABŞ-ny täzeden Hudaýyñ ýoluna atarjak adam Donald Trampdyr" diýendiginiñ gürrüñi katoliklerden has beter protestanlaryñ arasynda gyzgyn seslenme tapýar. Käbir konserwatiwler Trampyñ Hillari Klintony ýeñmegini "hudaýyñ gudraty" hasaplasalar-da, Strang Hudaýyñ aslynda Respublikan partiýanyñ öz arasyndaky prezident kandidaturasy ýaryşyna goşuljak derejede Trampyñ ýeñişini taýýarlandygyny öñe sürýär. Franklin Graham, Robert Jeffress, Kennet Kopeland ýaly dini toparlaryñ baştutanlarynyñ entek saýlawdan öñ "Hudaýyñ respublikan prezidentiñ gelmegini isleýändigini yglan edendigini" ýatladýan Strang "ýagny Hufaý öñdenem Respublikan partiýanyñ öñe saýlanmagyny isleýärdi. Tramp bu partiýanyñ kandidaty bolan bolsa, bu eýýäm Hudaýyñ isleýän adamynyñ Donald Trampdygyny añladýar" diýen pikiri ýöredýär. Ol Trampyñ kandidaturasynyñ başynda äsgermezlik edip, hiç kimiñ goldamandygyna garamazdan prezident saýlanmagynyñ hem Hudaýyñ ejazasy bilen bolandygynyñ subutnamasy hökmünde orta oklaýar. Şeýle-de Strangyñ kitabynda salgylanan dini toparynyñ baştutany Robert Jeffress 2017-nji ýylyñ iýul aýynda Dallasdaky baptist buthanasynda "millionlarça amerikaly Donald Trampyñ prezidentluginiñ Hudaýyñ bize ABŞ-ny täzeden hakyky güýjüne getirmek üçin beren mümkinçiligi, belki-de iñ soñky mümkinçiligidigine ynanýar" diýipdi. "Karizmatiki hristianlyk" hem diýilýän şeýle dini pozisiýa üçin Donald Trampyñ "Hudaýyñ hödürlän prezident kandidatydygyna" iman eden dini toparlar Donald Trampyñ prezidentligi ugrundaky saýlaw kampaniýasyny goldamak üçin billerini guşadylar. Çünki "Donald Trampyñ saýlanmagyna hyzmat - Hudaýa hyzmat" diýmegi añladýardy. "Reformasion doga seti" atly dini toparyñ esaslandyryjysy Kindi Ýakobs on müñ karizmatist hristian bilen birlikde saýlawlaryñ iñ aýgytlaýjy ýedi ştatynda "Doga mitinglerini" geçirip, Hudaýdan bu ştatlarfsky saýlawçylaryñ ýüreginu hakykata açmaga ýardam etmegidini dilediler. "As One" ("Bir ýaly") diýen başga bir toparam kyrk günlük "doga-dileg ýörişlerini" gurady. Kyrk gün "Injilde" öñdengörüjilikli dini many-mazmuny bolan wagt müddeti. Şular ýaly "magnawy tagalla bilen Donald Trampyñ garşysyndaky şeýtany güýçlere garşy imanlaryny güýçlendirdiler". Kaliforniýaly dini ýolbaşçy Lou Engl bolsa tarapdarlaryny saýlawdan öñ üç gün "ester orazasyny" tutmaga çagyrdy. Hiç bir zadyñ iýlip-içilmeýän "ester orazasy" bilen "Hudaýyñ merhemet etmegini we saýlawlarda ýeñişe ýar etmegini" dilediler. Sekulýar elitalar tarapyndan ýaşaýyş-durmuş terzi elmydama diýen ýaly ýazgarlyp gelnen dini akymlaryñ goldawyny Trampyñ durmuşynyñ gysgaça beýany bolan we her gün täzesi üstüne goşulýan dawa-jenjelleriñ muña hiç hili täsir edip bilmeýänligi-de meseläniñ diýseñ täsin başga bir tarapy. Emi Slalliwan bu gatlaklaryñ soñky gezek Donald Trampyñ üçünji aýalyndan bolan çagasy dünýä inenden soñ pornoýyldyzlaryñ biri bilen 11 aýa golaý ýakyn gatnaşyk saklap gelendiginiñ we bu gatnaşygyñ saýlaw kampaniýasynda aýan bolmazlygy üçin şol pornoýyldyza ýüz müñlerçe dollar berendiginiñ ýüze çykmagyny görmezlige salýandygyna ünsi çekýär we şeýle diýýär: "Trampy goldaýan bu ýewangelik we pentekosyal dini toparlaryñ mundan soñ Trampa "besdir indi, munyñ ýalñyş" diýjek ýagdaýlary ýok. Çünki beýle diýseler, özleriniñ başyndan bäri ýalñyş zady goldap gelendiklerini boýun aldyklary bolar. "Trampy Hudaý saýlamandyr, dini ýolbaşçylaryñ "Mukaddes Ruh" bilen aragatnaşyk liniýalary gowşak eken" diýdikleri bolar. Ähli dini göreşleriniñ ýeke-täk sebäbi, ýigrenç duýmalary yaly banal we ownuk sebäpdigini añladar". 28.01.2018 ý. "Amerika býuletteninden" terjime edildi. 18.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |