16:02 “Mini Futurisme” kysymly kyssajyklar - Haryt | |
HARYT
Mistika we fantastika
Kaşaň söwda merkezindäki haşamly android dükanynda, ep-esli arzanlaşyk yglan edilendigi sebäpli, müşderisi ýetikdi. Harytlaň görnüş münberjiginde, emeli paýhasly, soňky modeldäki akylly robotlaň iňňeden çykma täzejeleri bilen birlikde, “iç-goşam”, daş sypatam týuning edilen, ö/u-şnylaram seteran goýlupdyr. Doglan gününe sowgatlyk android wada edilen, on ýaşlyja oglanjyk, ejesi-kakasyny yzyna düşürip, şeýle ö/u-şny robotlaň deňesinde aýak çekdi. Bir ýerde jem duran üç androidiň ikisiniň-ä gabarasy uly adamyňky ýaly. Özem biriniň-ä dizaýny erkek kişiň, beýlekisiniňkem zenan şekilinde ýerine ýetirilendi. Ol ikisiniň arasynda duran üçünji robot bolsa, oglanjyk bilen ýaşytdaş gyzjagaza çalymdaş nusgada ýasalypdyr. -Kaka, şuny!-diýip, öýlerinde eljiredilýändigi mese-mälim bildirýän oglanjyk, robotlaň kiçisine barmagyny çommaltdy. Olaň säginerine mähetdel, gapdallarynda edil howadan emele gelen dek, göz açyp-ýumasy salymda öz-özünden peýda bolmaga ýetişen, ýüz-gözünden ýasama mähribanlyk çogup çykyp duran, ilgezik satyjy dessine dillendi: -Bahasy 250 kredit. Özem bujagaz androidiň bir syryny aýdaýyn. Ol beýleki robotlar ýaly kärhanada öndürilen däl-de, onuň ýanynda duran şu iki robot tarapyndan olaň öňki eýesiniň öýünde ýasalan. Ýöne bu robiotjyk öz bahasyna örän degýär. Çünki oň emeli paýhasy “Metro Intellektis Software Operasion Sistems” kompaniýasynyň öndürýän “Intellekt Humans” nanoprosessorlary nesliniň iň soňky wersiýasy... -Isgidkasy bilen şomy?-diýip, goýy gök boýagdan gaýym doýrulan göm-gök dodagyny nägile çömmelden oglanjygyň ejesi, harydy öwüp, barha möwç alyp ugran satyjyň sözüni böldi. -Hut şeýle, hanym! Ýöne bu robot lokgalygyna el işi bolandygy sebäpli...-diýip satyjy ýigit, sözüniň edepsizlik bilen morta bölünmesine jinnek ýalyjagam myzaýyk etmän, gepini şol bir hörpde dowam etmäge synanyşdy. -Upagowka et, onna,-diýip, bu sapar oň sözüni, begençli bökjekleýän ogluna mähirli nazar oklan maşgalabaşy, hondanbärisilik bilen böldi. -Ýöne, şu taýda bir ýagdaý ba,-diýip, harydyň satyn alynjakdygyna göz ýetiren satyjy, wasp etmesini şarpa kesdi-de, ýaýdanjaň dillendi:-Öňki eýesi bu robotlary özüni algydarlarynyň gyssaýany üçin satmakçydygyny aýdypdy...Hemem, bizden mümkin bolsa, olary biri-birinden aýry-aýrylykda satman, hemmejesini bilelikde ýerlemegi haýyş edipdi... -Goýuňsana,-diýip, gök dodaklaryny hasam beter towukbüzmege dönderen hatyn, satyjyň al-petinden aldy:-sizem, derrew, bir zady satyn aljak boldugyň, gapdaly bilen gerekmejek başga bir zady sokjak bolup başlaýaňyz. Mikser satyn alýaňmy? “Dükanymyzda aksiýa. Hökman ýany bilen üç gujak pampersem alaýmaly”. Bes ediň. Bize diňe şu robotyň ýekeje özi gerek. Satyjy ýigit, oglanjygyň ejesiniň dözümli darabermesine azak-tenek aljyrady. Onýança olaň deňesinden ötüp barýan, garynlak, etlek ýüzünde deriň deşigi deýin dyzzaryp görünýän gözleri, nähilidir birhili mährewsiz doňýüreklik bilen ýyldyraýan pyýada ädimini gowşatdy. Jansyz enjamlar hiç hili gymyldy-hereketsiz doňup dursalar-da, näme üçindir göwnüňe bolmasa gözüň alnynda öz-özlerinden müzzerip barýana çalym edýän androidleri bir dem siňňitli synlady. Soňam dişinden syzdyryp: -Onna bi heleý sypatly, pikirlenip bilýän demir balwankanam men satyn aljak. Öňkim ulanyp ýörenme bir aý geçmänkä jäjem bolly. Inni maňa ýene-de öýdeniçer robut geräm...-diýdi-de, näme üçindir işdämenlik bilen lopby dodagyny ýalady. Satyjy ýigit, ýene-de dynnym ýalyjagam mizemän doňup dursalar-da, näme üçindir göwnüňe bolmasa biri-birine içgin-içgin gysmyljyraýana meňzeýän androidlere ysgynsyzja haýpygelme bilen nazar oklady-da, baş atdy: -Bolýa. Häzir men siziň her haýsyňyza öz saýlan harydyňyzyň tabynlyk kodlaryny aýdaýyn. Onsoň siz şo kodlary audio-tekrarlama dolandyryş usulynda harydyň emeli aňyna girizip, olary öz hereketi bilen yzyňyza düşürip alyp gidip bilersiňiz. Satyjy kodlary aýtdy. Harytlaň täze eýeleri tabynlyk kodlaryny sesli gaýtalap, robotlaň eýesi hökmünde özlerini olaň aňynda berkitdiler. Diňe haçan-da gyzjagaz şekilli oýnawaçlyk androidini oglanjyk yzyna düşürip alyp gidip ugranda, ol birdenkä yzyna – ýekeje özi münberjikde doňňara-daş bolup duran erkek sypatly robota delminip garan ýaly etdi. Soňam, birhili, göwnüňe bolmasa juda zaryndan-zaryn eşidilen, düşnüksiz: “jü-ü-ý-k” edýän ses çykardy. Bu gümürtik ses oglanjygyň kakasyny yzyna gaňrylmaga mejbur etdi. Ol şübhe bilen satyjy ýigde garady-da: -Bi näme döwükmi? Bilip goý jijim, eger-de bu harydyň näsaz çykaýsa ýa-da garantiýnyý srogyna çenli bozulaýsa, men siziň dükanyňyz bilen suwda nemetmelem bolsa, süýtde gatyk boluşmalam bolsa, boluşjakdyryn...-diýip hemleli habar berdi. -Ýo-laý, agam, döwük nämişlesin...-diýip satyjy ýigit, näme üçindir boz-ýaz bolan ýüzüni sapajak-supajak etdi:-şü öňki eýesi pragrammissirän bolup bulaň nanoçiplerine birhili-birhili üýtgeşmeler girizipmi nämemi...Birhili adam-laý, bulaň her haýsyna özüçe at hem dakan bolupdyr... -Nähili at?-diýip, gulagyny üşerden lälik oglanjyk, ululaň gürrüňine goşuldy. -Ine bü seňkiň-ä ady Merýem, hanha onuň alyp barýanynyňky,-diýip satyjy, zenan şekilli roboty yzyna tirkäp gelýän pöwhä garşy ümledi:-Bibi... -A o yzymyzda galanyňky näme?-diýip oglanjygyň ejesem, özi üçin gyzykly bolmasa-da, biparhlyk bilen sorap galdy. -Spartak... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |