15:07 Mis ussasy küýzä düşdi... | |
MIS USSASY KÜÝZÄ DÜŞDI
Filosofiýa
Şäheriň gyrasynda gabrystana barylýan ýolda bir mis ussasynyň dükany bolupdyr. Onuň bilen ýanaşyk sertaraşhana-da ýerleşipdir. Şäher kiçi hem däl eken. Her gün diýen ýaly gölegçiler kimdir birini öwlüýä alyp geçýärmiş. Her adam öleninde mis ussasy hem ullakan küýzä bir daşjagaz atýarmyş. – Ýene bir adam öldi! – Küýze gitdigiçe agralyp barýarmyş. Günleriň bir güni mis ussasynyň daşkynrak garyndaşy ussanyň ýanyna görme-görşe gelýär. Görse, dükan ýapyk. Ol dellekden mis ussasy nirede diýip soraýar. – Mis ussasy küýzä düşdi – diýip, dellek jogap beripdir. Biziň hemmämiz bir daşjagaz bolup ussanyň küýzesine düşmeli! Ondan gutulan, gutuljak ýok! Küýze – wagt! Küýze – möwrit! Her kim öz möwritini geçireninden soň küýzä düşmeli! Agaýunus peri Görogla: «Sen bu dünýä gelen günüň ölüp sen!» diýip, şol beýik hakykaty ýeke setirde ýüze çykarýar. «Gorkut atanyň kitabynda» bu juda obrazly beýan edilýär. «Gorkudyň gabry gazylgy» atly boýuny ýadyňyza salyň. Gorkut atamyz bir şäheriň gyrasyndan barýar. Iki-üç sany adam gabyr gazyp dur. Gorkut ata olardan: «Kimiň gabryny gazyp dursuňyz?» diýip soraýar. Gabyrçylar: – Gorkudyň gabryny gazýarys – diýip arkaýyn jogap berýärler! Gorkut ata ol şäherden gaçyp başga şähere barýar, baran ýerinde ýene gabyr gazýanlara duşýar. Ýene gaçýar, ýene duşýar! Ahyry ol kysmata kaýyl bolmaly bolýar! Adamzat ölmezlige çäre agtaryp onlarça ertekileri, rowaýatlary döredýär. Kim ýerasty şalygyna gidip ölümiň dermanyny tapyp gelse, kim döwlere atlanyp dirilik çeşmesini tapýar. Emma bular erteki! Ynsan onuň ertekidigini bilýär! Oňa erteki gerek däl, oňa hakykat gerek! Şeýdip hem o dünýä pikiri tapylýar! Türkmen halkynyň bir ajaýyp sözi bar: – il bilen gelen toý-da-baýram!.. Ikinjiden, dünýä saňa ýaşamaga ýetmiş-segsen ýyl puryja berýär!.. Sen şol döwürde bol-erkin ýaşaryň ýaly alapa-baýlyk toplaýarsyň, nesil daragtyny edinýärsiň! Ynha, şeýle bir ters soragy goýalyň: «Sen bu dünýäde baky gal, emma nesil öndürme» diýilse, kim şoňa razy bolar?! Ýa, aýdaly, «Seniň ogluň janyny aljak, seni bolsa ölmez-ýitmez etjek» diýse, kim şoňa razy bolar? Hiç kim! Biz öz neslimizi – oglumyzy-gyzymyzy öz janymyzdan eziz görýäris, biz ölemzok, biz durmuşdaky ornumyzy öz neslimize goýup gidýäris! Bizden Watan galýar, bizden şu abadan ýurt galýar! Ine, biziň bakylygymyz şondan ybarat! Biz ölmeris, biz küýzäniň içine düşmeris, biz täze Garaşsyz, baky Bitarap ýurdy berkarar edenler hökmünde taryha, halkyň hakydasyna düşýäris!.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |