08:01 Möjek kanuny / powest | |
MÖJEK KANUNY
Powestler
Diňe gyşyň güni däl, ýazyň güni-de «kyrk tüýsli». Bir görseň, ýalbyrap Gün çykyp durandyr. Sähel salym geçmänkä-de bulut gelip, zemini suw-sil eder. Seresap bolmasaň, ýazyň agyp-dönüp duran bu «oýnunda» buýaýmagyňam gaty ähtimaldyr. Bu gün hem asmany bulut büräpdir. Topbak-topbak bulutlar jahany ýaňy ýagtyldyp ugran şapagyň nuruny garaltmaga çalyşýana çalym edýär. Asman oňa çydaman hopugýan ýaly, gögüni gürledip, bulutlary çat açdyryp, ýyldyrym çakdyrýar. Ýaşy elliden geçenem bolsa, özüne «aga» diýilmegini halamaýan Gylyç aýaly Şemşat bilen gögüň gürleýşine diň salyp, ertirlik edinip oturşyna, daşardan ýagşyň şabyrdysynyň eşidilerine garaşýardy. Ýagşyň şabyrdysy, göwnüne bolmasa, oňa zenanyň imrindiriji pyşyrdysyny ýatladýardy. Şol pyşyrdy bolsa ony hemişe melul edýärdi. Ol ýürege mylaýymlyk bolup ornaýardy. Gapy kakyldy. Gylyç muňa başda känbir üns bermedi. Ikinji gezek kakylanda, ol içip oturan çaýly käsesini saçagyň gyrasynda goýup, ýerinden turdy. Baryp gapyny açdy. Şemşat gaýta-gaýta gapa seretdi. Erbet habaryň bolmagyndan howatyrlanyp, iki-baka zowzuldady. Ýüregi karar tapman, iç işige baryp diňşirgendi. Emma daşarda edilýän gürrüňi eşidip bilmän, yzyna döndi, penjireden seredip, geleniň kolhoz başlygydygyny bildi. Adamsynyň içeri girerine, näme bolandygyny aýdaryna garaşdy. Ýöne adamsyndan garaşan tamasy çykmady. Gylyç ýagşydan-ýamandan hiç zat aýtman, howlukmaç geýnip daş çykdy. ...Çetki penjiräniň öňünde duran bäş-alty adam yza çekilip, peşeneli, saçy duw-ak, garagaýçak ýüzündäki möjegiň dyrnagynyň yzy mesaňa bolup duran Gylyja ýol berdiler-de her bir hereketine üns bilen seretdiler. Gylyç emgenmän, lellim basylan aýak yzyny görenden tanady. Bu ony ör-gökden getirdi. Ol ýalňyşýan bolaýmaýyn diýen howatyr bilen yza ýene siňe syn etdi. Gylyjyň endamy gowşady. Geçen ýylky waka onuň göz öňünde janlandy. Ol gaharyny saklamaga çalyşýan ýaly, dişlerini berk gysdy. Ýöne bu oňa uzak eýgertmedi. Ol paýyş sögündi-de, yzyna öwrüldi. Saklajak bolup edilen töwellalara-da gulak gabartman, üýşmeleňden saýlandy. Ol ätmer-sätmer ädip barşyna, näme-de bolsa bir zatdan gaharyny çykarmakçy bolýan ýaly, töweregine garanjaklady. «Sen adam däl-de, haýwan ýetişdiriň...» diýip, ol öz ýanyndan agasy Mämmede käýindi. Agasynyň gapysyna gelen Gylyç daş işikdäki köwüşleri howul-hara gözden geçirdi. Şol yz galdyryp gaýdan köwşi tanady-da, ony eline alyp, aşagyna göz gezdirdi. Ýaňky yzlaryň şu köwşüňkidigini anyklap gapa gönükdi. Içerde onuň nazarynyň ilki kaklyşany kakasynyň ýanynda tirsekläp çaý içip ýatan Umyt boldy. Öz köwşüni göterip içeri giren Gylyjy gören Umydyň haýýady göçdi. Ol rejäniň geň däldigini aňyp, laňňa ýerinden turdy. Ähli aýby açylyp barýan ýaly elewredi: – O-how, Gylyç kakam geldi! Salawmaleýkim, Gylyç kaka! Geliň, kakamyň ýanynda oturyň! Men derrew çaý getireýin. Eje, Gylyç kakama düşekçeleriň haýsyny ýazaýyn? Ýa şo möjegiň eýlenen derisini getiräýinmi? Ony Gylyç kakamyň özi beripdi ahyryn. Häzir... Gylyç ýöwselläp gürleýän ýigdekçäniň ýanyna keremara ýöräp bardy. Onuň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, berk silterledi: – Ýeri, doňuz... – diýip, ol şolbir ram eden sögünjini gaýtalady. – Näme mätäçligiň bar seniň? Ýa mesligiňi göterip bileňokmy? – Men hiç zadam edemog-a, Gylyç kaka... – Edeniň edeniň, üstesine, meni gotinogry edýäňmi? – Ene süýdünden ant içýän, men hiç zadam ogurlamok, Gylyç kaka. – Ene süýdüni orta goýma, doňuz – diýip, Gylyç Umydy ýene silterledi. – Nädýäň oglumy? Öldürdiň-le sen ony! – diýip, allaniçigsi bolan Gülle eje kelte, dolmuş göwresine muwapyk bolmadyk çalasynlyk bilen Gylyja topuldy. – Goýber oglumy. Beýderiň ýaly, sen, näme, ony ekläp-sakladyňmy? Özüňden önen bolsa bilýän... Bu söze Gylyç gowşady. Depesinden basylýan ýaly ýegşerildi. Öňem agyryly ýüregi erbet jyzlady. Gelnejesine alarylyp seretdi. Oňa ajysyny pürkesi geldi. Gahar örboýuna galdy-da, onuň diline badak boldy. Ähli zady ümsüm synlap oturan Mämmet aga inisiniň halyny duýdy-da, tarsa ýerinden turup, aýalyna azgyryldy: – Gülle, bu nä boluş? Ä? «Bu nä boluş?» diýýän! Samraýan zadyňy gulagyň bir eşidýämi? Ä? Bar, geç, törki tama. – Çagany, heý, beýdäýmek bormy?! – Bir ýazygy bardyr bu pedernälediň. – Bolanda näme ýazygy? – «Törki tama geç» diýip ýene aýtmalymy saňa? Ä? Gülle eje gitse-de gitdi welin, çiş alan gaharyna bäs gelip bilmän, üznüksiz hüňürdedi, gidip barşyna-da ogluny köşeşdirmäge çalyşdy. Mämmet aga ara düşen oňaýsyzlygy bozmagyň ebeteýini tapman kösendi. Ol inisine seredip, esli salym durdy. Gylyjyň garaýagyz ýüzünden, deşli göwresiniň saňňyldaýşyndan onuň biçak gaharlanandygyny duýdy. Ol Gylyjy öň beýle halda görmändi. Mämmet aga oglunyň nämedir bir bolgusyzlyk edenini duýup, inisiniň ýene gaharlanmagyndan howatyrlanyp seresaply gürledi: – Haý, jan inim, şu gagallygyň galjak däl seniň! Hiç galjak däl. Ýaşyň elliden geçdi. Gahara kökerilip ýörmän, paýhaslyrak bol indi, paýhaslyrak! Ýaşyňa gelşenok beýle gagallyk. Çagajygyň al-petinden alman, onuň bilen akylly-başly düşünişse-de bordy ahyryn. Onsoňam Gülläniň ýaňky samsyk sözüne üns berme. Eşitmedik bolaý. Bu al kakmyş aýallar diline näme gelse aýdyp goýberýärler. Şonuň üçinem olar aýal-da... – Akylyň köp seniň. Ony maňa däl-de, ogluňa öwret! Mämmet aga uludan demini aldy. Näme etjegini bilmeýän ýaly, elini hereketlendirdi. Inisiniň ýanyna baryp, bir paýyz durdy-da, sesini arçamak isleýän ýaly, birki ýola üsgürindi: – Ähem-ühem, hany, beýdişip durmaly-la, Gylyç. Ikimizem indi çaga däl. Gönüläpjik aýt, Umyt näme iş edipdir? Ä? – Şu äwmezekligiň bilen boluber... – Inim, jan inim, ýene aýdýan, özüňi dürse. Beýle dargursaklyk etseň dawleniýeli borsuň. Şonsuzam obamyzyň adamlarynyň... Gylyç elini gahar bilen salgady-da, daşary çykdy. Gaty-gaty ýöräp öýüne gaýtdy. Köne derdiň gorjalmagy Gylyjyň gaharyny birneme ýöwselletdi. Ol özüne käýindi: «Bolşuň şeýle bolsa, aýbyňy ýüzüňe basjak köpeler entek». Gylyç öýüne girip, gaharlanandygyny aýaly Şemşada duýdurmazlyga çalyşdy. – Tiz dolandyň-la, babaý? Näme, eýýäm işiňiz bitäýdimi? – Bitdi, bitdi. – Gylyç özüni hernäçe arkaýyn görkezjek bolsa-da, başarmady. Sesi gaharly çykdy. Ol uludan demini aldy. Eýlenen möjek derisinden düşekçesini ýazdy-da süýndi. Hälki yz, Umydyň ýalan sözleýşi, gelnejesiniň sözleri onuň aňyndan aýrylman pelesaň urdy. Gylyç Umydyň geçen ýylky delmirip durşuny, kakasyna gysmyljyraýşyny ýatlady. «Ol doňuz geçen ýyl hem ene süýdünden ant içipdi. Ýene şeýdýär. Ene süýdünden ant içse, ol özüne ynanyljakdygyny bilýär. Gör, ene süýdi nämelere perde edinilýär?!.» diýip, ol Umyda sögündi. – Ilki çaý getireýinmi ýa nahar? – diýip öz ýaşyndan ýaş görünýän, etli-ganly, maňyzly-maýaly Şemşat eýýäm çaý getirenem bolsa, adamsyna habar gatdy. – Maňa hiç zadam gerek däl, Şemşat – diýip, Gylyç birhili aljyraňňy gürledi, endigine eýerip, çekgesindäki möjegiň dyrnagynyň yzyny ýuwaşlyk bilen sypady. – O nähili hiç zat gerek däl? – diýip, Şemşat geňirgendi. – Sen ýaňy nahar-şor hem edinmän gitdiň ahyryn. Öten agşamky bişiren pitimizi gyzdyrdym. – Şumat, meniň-ä hiç zat meýlim ýok. Dogrusy, häzir çöle gitsem gowy boljak. – Ismeniň gutarmagyna ýene alty gün bar ahyryn. Onuň hasabyny menden soraý. Şu ismeniňde bir öýde bol, Gylyç. Onsoňam howanyň öwzaýy-da bozuk... Öňküligiň-ä ýok seniň. Näme boldy saňa, babaý? Gylyjyň gaşlary çytyldy: – Şu ýigrenji «babaý» sözüňi goýsana, Şemşat! Adamsynyň ýüzüne siňe sereden Şemşadyň öňki göwnaçyklygy galdy. Ol kaýyllyk bilen baş atdy-da, keýpsizligiň sebäbi näme diýýän manyda adamsyna seretdi. – Ynanaý, Şemşat, meniň-ä ugrum ýok. Çöle çyksam, göwnüme, bar aladam galaýjak ýaly... Kyn görme-de, ýolgoşlarymy taýýarla. Aýlaň-çaýlaň edip gaýdaýyn. Şemşat adamsyna naýynjar bakyp, nämedir bir zat diýjek boldy. Başarmady, gözleri nemlendi. Muny Gylyja duýdurmajak bolup, ýerinden howlukmaç turdy-da, ýolgoşlaryny taýýarlamagyň ugruna çykdy. Gylyç aýalyny synlap müýnürgedi. Ony köşeşdirmek üçin näme diýjegini bilmän kösendi. Aýdara söz tapmansoň, ýuwaşlyk bilen ýerinden turup, motosikletiniň ýanyna ugrady. Onuň ýagyny barlaşdyrdy. Bedresini alyp, derwezäniň sag gapdalynda goýlan uly çelekden benzin alyp, motosikletine guýdy. Oňa çenli Şemşat adamsynyň goşlaryny taýýarlap getirdi. Ol kineli gürledi: – Haçan gelersiň? Ýa indi şu ismeniňe gidişiňmi? Maňa anygyňy bir aýdyp git hiç bolmanda. – Tiz geljek bolaryn. – Gylyç motosikletini otlady-da, howlyny alatüsse edip çykdy gitdi. Ýöne ol uzak wagt geçmänkä, yzyna dolanyp geldi: – Şemşat, bir zat bolandyr öýdüp, öňküleriň ýaly gorkup ýörme. Hiç hili bolan zat ýok. Çöle çykasym geldi. Ine, bar bolany şo. Erte, saglyk bolsa, garaňky düşmänkä gelerin. Sen arkaýyn bol. Özüňem men gelýänçäm ýeke oturma. Goňşulary çagyr. Oturyň sakyrdaşyp. Gelemde ýüzüň salyk bolsa, menden gaty görme! Bolýamy? – diýip, Gylyç ýylgyrmaga çalyşdy. – Agaşam telewizorda gyzykly kino bolmaly. Şony hökman görgün. Gelemde gürrüň berersiň. Şemşat adamsyna seredip, gözüne ýaş aýlady. – Hä, näme boldy? – diýip, Gylyç howsalaly seslendi. – Şu haňlap ýatan jaýda men hemişe ýeke – diýip, Şemşat agy arasyndan gürledi. – Maňa hi-iç nebsiň agyranok. Ismeniňden gelseňem çöl diýip dyzap dursuň. Ýa yzyňdan adam gelip äkidýär. Üç-dört günsüz dolanaňok. Şeýdip öýde bolmaly wagtyňy-da geçirýäň. Meniňem iller ýaly ýaşasym gelýär. Bu ärli boldugym däl, ýaşadygymam. Gylyç näme diýjegini bilmän elewredi, ýene çekgesindäki ýara yzyny sypady: – Men, näme, bilgeşle gidýänmi? – Bilemok. Ýöne men ýekelikden irdim... Indi çydap bilemok. – Ertir geljek ahyryn. Şemşat sojap yzyna öwrüldi. Gylyjyň hem öňküligi bolmady. Ol motosikletini itekläp, öňki duran ýerinde goýdy-da, goşlaryny düşürdi. – Sen närazy bolsaň, men hiç ýere gitjegem däl. Ýatyberjek güberilip. Gylyç el-ýüzüni ýuwup, hälki oturan ýerinde ornaşdy. Ýöne onuň oturyp ýene ynjalygy bolmady. Göz öňünde hyr-hyr edip duran möjek peýda boldy. Onuň bilen garpyşasy geldi. Şeýdäýse, ertirden bäri kalbyny persala eden gahary köşeşäýjek ýalydy. Şemşat köp salym geçmänkä gyzdyran bir çanak pitisini getirip adamsynyň öňünde goýdy. Özi hem onuň gapdalynda eda bilen oturdy. Gabak astyndan adamsyna seredip, onuň nahara başlaryna garaşdy. Gylyjyň gödeňsiz eli bilen çemçe tutuşy, piti gyzgyn bolsa-da, ondan arkaýyn hopurdadyp içişi Şemşadyň hoşuna geldi. Erkege gödeňsizligiň gelişýändigi barada aýallaryň ho günki gürrüňlerini çala gyzaryp ýatlady. Belki, perzentsizlikdendir, är-aýalyň arasynda hemişe nähilidir bir ara saklandy. Olar biri-biriniň göwnüne degmezlige, gynanar ýaly habar bolsa, ony ýaşyrmaga, göwnüni götermäge çalyşdylar. Gylyç özleriniň bu boluşlaryna «pişik myrlaşygymyz» diýerdi. Şemşat muny hakydasynda aýlap oturşyna, nahardaky dogramçalary çemçesi bilen Gylyjyň öňüne süýşürdi, onuň köpräk iýmegini, açylyşmagyny, degdim-gaçdym gürläp oturmagyny, eger mümkin bolsa, başlygyň näme habar bilen gelendigini aýtmagyny isledi. – Meniň öňüme süýşürip oturman, özüňem iýibersene, Şemşat. – Iýip otyryn. Ýöne seniň nahar bilen mazaň ýok. Ýa başga bir zat bişireýinmi? – Ýok, ýok, hiç zat gerek däl. Bolýar şu. Hernäçe islemese-de, ýaňky waka Gylyjyň aňyndan aýrylanokdy. Şonuň üçin bolsun gerek, öý oňa darlyk edýän ýalydy. Onuň hiç oturasy gelenokdy. «Wah, çöle gidilse, gowy boljak welin, Şemşada nädip dözjek? Onuň bu öýde başga garaşjagy, yhlas siňdirjegi barmy näme? Aýalam erkege hyzmat etmese, ony söýmese, ýaşaýşyndan, geçiren wagtyndan eger-eger hözir tapmaz eken». Nahar iýlip bolnansoň, Şemşat çanagy göterip ýerinden galdy. Aşhana gidip barşyna, hoşnut ýylgyryp adamsyna habar gatdy: – Sen ýaňy gitdiňem weli, Aman geldi... – Haýsy Aman? – Ho çopan Aman. Senden gaty görübem-ä ýörüpdir. Ýüň ogurlanyny aýdyp, masgara edipmiň-nämemiň. – Hä, näme diýýär? – Begenipdir oglan. Ýyrş-ýyrş edýär. «Roddomdan çykyp, göni size buşlamaga gaýtdym» diýýär. Seniň ýokdugyňa-da juda gynandy. Daňdanlar ogly bolupdyr onuň. «Oglumyň adyna Gylyç agamyň adyny dakjak. Goý, meniň oglum hem Gylyç agam ýaly gowy adam bolsun» diýýär. – Goýsana, Şemşat. Men saňa düşünemok. Biri meni öwse, baý, geçiň daga ýaýraýar-a! – Ol dogrusyny aýdýar... – Beýle bolsa, onda senem oňa goşulyşyp, meni taryplabermeli ekeniň. – Näme, ümsüm oturandyr öýdýäňmi?! * * * Aýyň dogaryna ýene esli wagt bolansoň, hiç zat saýgarar ýaly däldi. Gijäniň şelayn şemaly çar ýandan gülleriň, otlaryň buzgunç ysyny getirýärdi. Şeýle wagtda aw etmek gurda oňaýly bolmasa-da, ol köplenç çolpusyna nämedir bir zat düşürmegi başarardy. Ýöne bu gije, näme üçindir, süreninden çykyp şu ýere gelýänçä, oňa ýekeje-de jandar duşmady. Ýogsam onuň geçen ýoly otuz kilometrden az däldi. Şonça aralygy sökse-de, gurda, öňki saparlarky ýaly, şamlygyň duşmazlygy onuň birneme badyny gowşatdy. Awy nireden gözlejegini bilmän sary-sadylla bolan açyk çal, mymyk tüýli, arryklaç, türkmen itleriniňki ýaly guýrugy jotda gurt öňňin agşamky oljasynyň oňan ýerine geldi. Ol beýik aklanyň üstüne çykdy-da, üçburç gulagyny keýerdip, demirgazykdan ösýän şemal köwsaryndan ys aldy. Ýöne özüne aw bolup biljek hiç bir jandaryň ysyny duýmady. Şeýle bolansoň, oňa tä burnuna ys gelýänçä garaşmakdan başga çykalga galmady. Ol öň aýaklaryny direg edindi-de, aşak çökdi. Uzak garaşmaga karary ýetmän, kejebesi daralyp, töweregine garanjaklady. Birmahal möjegiň kowumyna gün bermedik, ýolbarslar, şirler, Garaguma şalyk eden turan gaplaňlary, ýene kän-kän güýçli ýyrtyjylar geçmişiň alyslygyna siňip, ymgyr çöle eýelik etmek gezegini möjege galdyryp gitdiler. Indi, gör, nijeme ýyllaryň içidir, gurt çöle şalyk edip ýör. Häzir tilki ýa ondan ejiz başga bir jandara aw tapylmasa geň däl – sebäp olar çölüň şasy däl. Güýçli, çalasyn gurda welin, öz şalyk edýän ýerinde aw tapylmasa geň. Ýöne häzir bu beýle däl. Tilkiler awuny nädibem bolsa tapýarlar... Awuň tapylmazlygy, mümkin, ene möjegiň ýekeligindendir? Ol öň bile ýaşaýan köpegi bilen awa çykardy. Ýöne ol bir gün ýaralandy. Şondan soň ol dört güjüginden başga köpegi-de ýallamaly boldy. Ol muňa uzak çydap bilmedi. Möjek garrap ýa keselläp ölüm karkarasynyň ýakynlandygyny aňanda sürenini, höwürini terk edip gidip, ýalňyzlykda gözüni hemişelik ýummaly. Garamatyňy başganyň üstüne atyp, mürtüni iýjek bolmaly däl. Bu möjek kanuny. Şony oňarmaýan bilen möjegiň hasaby nagt. Şo gezek hem şeýle boldy. Ene möjek hem öz başyny çarap bilmeýän ýoldaşynyň bokurdagyny çeýnedi. Indi bir aý bäri bolsa ol ýeke. Gurt aw tapman gyrtyçdyr ýelmik iýmäge başlady. Ol öňler oty garnyny etden doýrup iýerdi. Şeýdende bogazyna ýetip duran etler ylgadygy agzyndan çykjak bolup durmazdy. Ol göwünli-göwünsiz ot iýip durşuna, ýakyn bir ýerden towşanyň ysyny aldy. Gurduň bolşy birden üýtgedi. Ol ys gelen tarapa ýapyrylyp süýşmäge başlady. Ýuwaşlyk bilen ys gelen ýere ýakynlady. Üç towşanyň otlap ýörenini görüp, birden olaryň üstüne towusdy, ýüzüniň ugruna iki towşany girisine saldy. Gurt sabyrsyzlygy bilen olary iýmäge başlady. Ähli hars urma yzda galdy. Indi sürene gaýdyberse-de boljakdy. Gurt awunyň oňan ýerinde bir paýyz dynç aldy. Gurduň gulagyna alys bir ýerden şo tanyş motosikletiniň sesi eşidilen ýaly boldy. Ol hasyr-husur ýerinden galyp, diňşirgenmäge durdy. Sesiň başga zadyň sesidigini aňşyryp, arkaýynlyk bilen tumşugyny göge tutdy. Onuň nämäniň sesidigini anyklamak üçin esli diň saldy. Burnunda dowarlaryň ysy kükäp urdy. Ol sesiň hem jaňyň sesidigini bildi. Süri gapdalrakdan geçip barýan bolara çemeli, ol ýakynlaşýan sese meňzänokdy. Dowarlaryň sesine diň saldygyça möjegiň ýaňky rahatlygy gaçdy. Birmahalky sürä daraýşy, şol günleriň hezilligi onuň böwrüni byjyklady. Ol melullyk bilen aşak çökdi, ýene şo öňki horramlygy küýsedi. Ýöne ol indi iki ýyl bäri dowar sürüsine daranokdy. Onuň hem sebäbi bardy. ...Şol gün hem häzirki ýaly hoştap howaly gijedi. Möjek erte-birigün güjüklejek bolup ýördi, mazasyzdy. Ylgap alaka ýa towşan kowalara-da ragbaty ýokdy. Ragbatsyzlygy üçinem ol köpege eýerip bilenokdy, awa ýeke özi çykmaly bolýardy. Gurt şol gezek hem bir hepdede üç gezek aw edinen çopan goşunyň ýakynyna barypdy. Çaly-çerkezlere duwlanyp goşy synlapdy. Süriniň itlеri ýаýaldy, gоrkakdy. Мuny möjеk itlеriň üýrüşindеn bilýärdi. Gоrkak itlеriň üýrüşi-dе pöwhе, müýnli bоlýardy. Süriniň çopanlаry-da edenli däldi. Muny-da möjegiň öz aňyşy bar. Edеnli çoрanyň iti ýаýal bоlmaly däl, çоpanyň bоlşy itе ýörеlge bоlmaly. Мöjek bu çaklamаsy bilеn köрlenç mаmla çуkýar. Gurduň ýаkynlandygyny itlеrden öň ýеne gоýunlar bildi. Оlar möjеgiň ýаkynlandygyny aňаnlaryndan gürrе bir ýеre ýуgnandylar, sähеl bir çуgşyldа güsürdеşip gitdilеr. Dоwarlaryň bu bоlşuna itlеr ýаbşynyşyp üýrüр, özlеriniň nirеdedigini duýdurdylаr. Şеmalyň уk tаeapynda ýаtan gurt dоwarlaryň gorkusуnyň ýаtyşaryna, özüniň ysуna olаryň öwrеnişerine gаraşdy. Ýönе gаraşan tаmasy çykmаdyk gurt köр sаlym gеçirmän sürä kürsäр girdi-dе, çеm gеlen gоýna аgyz sаldy, hоwul-hаra gаn sоrup gönеndi. Dоwarlaryň gоrkup gаçyşy оnuň göhüni götеrdi. Gуzgyn gаn оnuň dеramatsyzlygyna tеkge bоldy. Оl оýnuň uzаga çеkmeginden hоwatyrlanyp, bir gоýny arkаsyna аldy-da, gаçmak bilеn bоldy. Itlеr «hаw-hаwlaşyp» оnuň yzуndan kоwdular. Gurt yzyndan kowup gelýän iki itiň gorkakdygyny aňdy-da, göterip barýan maslygyny ýere düşürdi. Yzyna öwrülip itleri garşylady. Itler gorky-ürküsiz öňlerinde duran möjegi görüp, sakga saklandylar. Olar duran ýerlerinden öňe edip bilmän, ahmyrly çyňsaşdylar. Gurt howlukman goýny arkasyna alyp, merdemsilik bilen ýoluny dowam etdirdi. Itler uly ýagyny yzyna gaýtaran ýaly, haw-hawlaşyp yzlaryna gaýtdylar. Gurt ýolda garnyny doýrup, sürenine ugrady. Içindäki çagalarynyň janlanyp, hereket etmegi onuň çalt ýöremegine garalla bolýardy. Şonuň üçinem ol howlukman, ada ýöräp barýardy. Haýal ýörse-de, ol halys ýadapdy. Sürenine ýetdigi ýatmakçydy. Ol şol gidip barşyna goýunlary ýatlaýardy. Birgiden goýun. Olaryň birem möjekden kiçi däl. Olar köplük bolsa-da gorkak. Köplük bolup ýaşamak – gorkak, nalajedeýin bolup aşamak. Ýekelik – öz göbegiňi özüň kesmeklik, gaýduwsyz bolmak. Ynha, möjegiň ýeke özi uly sürüde tarhanlyk etdi gaýtdy. Hany, şeýle tarhanlygy möjek ordasynyň içine barybam etjek bol! Möjegiň dowarlaryň ýaradylyşyna nebsi agyrýan ýalydy. Gün mähnet göwresini kem-kem ýerden göterip, töwerek-daşy şöhlesi bilen ýagtyldyp, möjegiň eden ogurlygyny jahana aýan etmekçi bolýana meňzeýärdi. Möjek ýöräp barşyna ýeňseden eşidilen üýtgeşik tarryldyly sese üşerilip, diň salmaga durdy. Ol ýaňky itleri gorkuzyşy ýaly etmek üçin, tumşugyny ýokary tutup, ses edip gelýän zady garşylady, hyňranyp haýbat atdy. Ýöne hiç hili gorky-ürküsiz gelýän gara zat gurdy haýykdyrdy, onuň haýbat atmasy hem tiz galdy. Ol ok ýaly bolup ýetip gelýän gara zat has ýakynlanda yzyna öwrülip, zut gaçdy. Gaçdy. Ajaldan gutulmak, ýaşamak üçin bar güýjüni jemläp gaçdy. Garnynyň dykyzlygy, agyraýaklygy onuň gaty ylgamagyna päsgel berdi. Ol daljygyp, ysgyn-deramatdan gaçdy. Gurt köpden bäri beýle gaçybam görmändi. Asyl, ony kowalan hem bolmandy. Häzir welin, ýagdaý başgaçady, agyrdy. O «tar-tar» edip gelýän zat gurt bilen arany kem-kem ýygyrýardy. Onuň üstünde bolsa, egni tüpeňli gara adam otyrdy. Gurt öňündäki depä ýetip sägindi. Onuň üsti bilen gönüläp gaçmak oňa garaňky göründi. Ol depäniň haýsy tarapyndan aýlanyp geçjegini bilmän kösendi. Birdenem sag tarap bilen – peslik bilen ylgady. Her möjek başyna agyr, çykgynsyz iş düşende peslik bilen gidip dynýar, sypýar. Peslikden gidilip, köp azaplardan, kynçylyklardan gutulynýar... Ol sojamasy bilen yzyndan kowup gelýän gara zadyň sesiniň kesilenini-de wagtynda duýmady. Hiç hili sesiň ýoklugy aňyna oňly ornap-ornamanka, ol öňe seredip, birden ylgamasyny kesdi. Badyny saklap bilmän, tumşugy baryp çägä süsdürildi. Ol bada-bat turmaga synanyşdy. Başarmady. Gorkup, ysgyndan gaçan göwresi aşak çökdi. Gorkusyna, çöken ýerini hapalady. Möjegiň öňünde hälki kowup gelýän motosikletli, garaýagyz, deşli adam ondan eden ogurlygy üçin hasabat soraýan ýaly garaýyş bilen bakyp durdy. Adam depäniň çep tarapy bilen aýlanyp gelen bolarly. Ol atjak bolanokdy. Arkaýyndy. Erkini ýitiren möjegiň özüni tutaryna, turup gaçaryna garaşýan ýaly, motosikletini «tar-tarladyp» otyrdy. Ol nämedir bir zat diýip gygyrdy. Gurt täzeden bar güýjüni jemläp ýerinden galdy. Yzyna howlukmaç öwrülip, gaçmaga başlady. Ol şol daran sürüsine – goşa tarap barýandygyny, awçynyň kowgynyň ugruny bilgeşleýinden üýtgedendigini aňdy. Gurt ylgap barşyna kän wagt geçmänkä tüwdürilip gitdi. Awçy ýene şol äwmezligini etdi. Möjegiň turup gaçaryna garaşdy. Sebäbi goşa çenli ýene birki egin bardy. Möjek hazzar ýerinden turup, ylgawyny dowam etdirdi. Onuň demi gysyp, halys golawrady. Sojap-sojap ylgady. Yzyndan ala-zenzele bolup gelýän awçynyň özüni mugyra getirjegine ynanasy gelmedi. Tarryldy birden kesildi. Möjek yzyna gaňrylyp seretmekçi boldy. Ýöne, boýny kelte bolansoň, yzyna seredip bilmedi. Seretmek üçin yzyna öwrülmelidi. Yza seredere bolsa onda ýürek galmandy. Şonuň üçinem gurt gaçyp barşyna diňşirgendi. Öz hasyrdysyndan başga sesiň ýokdugyny bilip, lampa aşak çökdi. Eýýäm ajal bolup aňa ornan ýaňky tanyş tarryldy oýy ýaňlandyryp, gurdy ýatara goýmady. Ses kem-kemden ýakynlaşdy. Kowgy görmän geçip gider diýen inçe tama bilen, ýyrtyjy uly çerkeze bukulyp ýapyryldy. Ýöne awçy möjegiň ýatan ýerine göni gelýärdi. Bukulyp ýatmagyň peýdasyzdygyny aňan gurt öňe okduryldy. Ýadawlykdan ýaňa onuň aýaklary sandyrady, ýüregi bulanyp, başy aýlandy. Barha ýakynlaýan tarryldy düýt-müýt edip gitjek zat ýaly bolup, ony hopukdyrdy. Ogurlyk eden sürüsine tarap ylgap barşyna, möjegiň suw içesi geldi. Ol birdenem öňüni durşuna suw ummany ýaly duýdy. Şol suw ummanynyň içinde ol ylgap däl-de, ýüzüp barýana meňzeýärdi. Laky-tak lüti çykan gurt aýaklarynyň nähili hereket edýändigini bilenokdy. Ol diňe endik boýunça ylgap barýardy. Ýöne bu-da uzaga çekmedi. Onuň yzky aýaklary ysgynsyzlykdan epildi-de, ýykyldy. Möjek daran sürüsine ýakyn gelendigini, kowgynyň ýetjekdigini, kowgudan gutulma ýokdugyny aňdy. Ol ýene turup gaçmaga synanyşdy. Aýaklary diýenini etmedi. Bu bolşa onuň gaçyp gutulmak rişdesi doly üzüldi. Ol zordan ýerinden turup, yzyna öwrüldi. Çäge tümmejiginiň üstünde çommalyp oturdy-da, iki öň aýagyny galdyrdy. Bu möjegiň toba geldigidi. Möjek taýakýetim ýanyna gelip saklanan motosikletdäki gara ýeňijä gazap bilen seredip, hyňrandy. Özüne jeza berlerine garaşdy. Awçy howlukman motosikletinden düşdi-de, birsalym ýyrtyja seredip durdy. Egnindäki tüpeňini aýryp, motosikletine söýedi. Uzyn gaňragyny eline aldy. Ony saldarlap görýän ýaly, elinde birki gezek bökdürdi-de keremara möjege bakan ýöräp ugrady. Üstüne bökmäge hyýallanan ýyrtyjynyň temegine gaňragynyň ujy bilen şeýlebir jaýdar ýelmedi. Gurt özüne gelip, diriligine ynanman, esli ýatdy. Kellesinde, guýrugynda erbet agyry duýdy. Guýrugynyň ýokdugyny görüp, uzyn-uzyn uwlady. Guýruk onuň namysydy ahyryn! Buýsanjy bolan guýrugynyň aýrylmagyna namys edip, esli günläp çyňsap gezdi. Hiç bir janly-jandara görünmezlige çalyşdy. Özüniň diri galdyrylmagy awçynyň ýagşylygymy ýa ýamanlygy? Eger ýagşylyk bolsa, onda buýsanjyny aýryp edilen ýagşylyk nämä gerek? Guýrugynyň aýrylmagy möjege ölümdenem agyr degdi. Awça gahar-gazap döredi. Onuň bilen başa-baş söweşesi geldi. Ýöne her zat bilen öwrenişiljek eken. Gurt hem, itler ýaly, guýruksyzlyga öwrenişdi gitdi. Möjek şol wakadan soň awçyny birnäçe gezek gördi. Ony ilkinji gezek görende gorkan bolsa, goýun sürüsine daramanlygy üçin soňky gezekler judabir gorkmandy. Gurt awçyny hut öz süreniniň ýanynda-da görüpdi. Ony görenden zut gaçypdy. Mekanyny täzelemegiň ugruna çykypdy. Ol özüne süren köwübem ugrapdy. Ýöne höwründen hiç hili kömek bolmansoň, bu oňa başartmandy. Sebäp – ol şonda hem ragbatsyzdy, hem çagalajak bolup ýördi. Ol köneje süreni bilen biygtyýar mydar etmeli bolupdy. Iň erbedi ýoldaşyny parçalamazyndan birki gün öň ol süreniniň ýakynda şo awça gabat gelipdi... Gurt iki towşany iýen ýerinde ýatyşyna, dowarlaryň sesini açyk eşidýärdi. Olaryň mäleşýän seslerine onuň agzy suwardy. Ol guýrukman toklulary ýatlap, tamakinçilik bilen ada uwlady. Dokluk ony aýaga galdyrdy. Gurt alasarmyk halda biraz durdy-da, «selk-selk» edip, sürä bakan ugrady. Sürä ýakyn barman, ýaňy dogup ugran Aýyň ýagtysyna agym otlap barýan mallary synlady. Gurt çopany, onuň gapdalyndaky iti çala saýgardy. Sürä daramak üçin möjegiň amatly hasaplaýan wagtlary bar. Süriniň alysdan aryp gelen Aý aýdyň gijesi gurduň işiniň bitmesi o diýen kyn däl. Goşa myhman gelen gijesi-de onuň işiniň bitmesi aňsat. Myhman gelen gijesi goşda çopanlaryň myhmanlara zyýapaty başlanýar. Şowhun, aýdym-saz... Olar daňdana golaý kiparlaýar. Şol wagt adamlar möjek kowalamaga, tüpeň götermäge ýaramaz. Itlerem adamlar arkasynda durandygyny duýduryp: «Haýt-haýtlary!» bilen gylawlandyrmasalar, judabir batyrlyk edibermezler. Onuň üstesine-de, myhmanlaryň hormatyna soýlan malyň etiniň ol-bu ýerinden iýen itleriň garny gerk-gäbedir. Dokluk bolsa ýaltalygyň ýarany. Olar möjegi kowalamaga-da ýaltanarlar. Gurt eşegi halamaýar. Ol, hon-ha, dowarlaryň arasy bilen barýar. Üstüne çopanyň oduk-buduk zady atylypdyr. Ony synladygyça möjegiň myrryhy atlandy. Sebäbi eşek, gorkaklygy üçin bolsa gerek, möjegiň ýa başga bir ýyrtyjynyň ýakyndadygyny itdenem, goýunlardanam öňürti duýýar. Eşek bu gezek hem şol duýgurlygyny etdi. Möjegiň ýakyndadygyny aňdy-da gulaklaryny keýerdip hynçgyrdy, bu bolşa düşüş itler kellelerini ýokary tutup, haw-hawlaşmaga başladylar, iki-baka ylgadylar. Möjegiň haýsy ýerdedigini anyk bilmän, hiç tarapa-da gidip bilmediler. Itleriň beýle pöwheligi möjegi gylawlandyrdy. Ol öz üstüne hüjüme garaşypdy. Itleriň çopandan uzaga gitmän köwejeklemeleri, gopgun turuzmaklary onuň gorkusyny basmarlady. Ol çalaja hyňrandy-da, ýerinden galdy. Onuň häzir juda ýaýnasy, goýun parçalasy, gan içesi, guýruk iýesi gelipdi. Gowy ýeri, günbatardan gara bulutlar ýuwaşlyk bilen süýşüp gelýärdi. Buşlukçysy bolarly, töwerege eýýäm ýagşyň ysy ýaýrapdy. Ýagyş ýagsa, awçynyň yzarlajak yzy ýiter... Açlygyň, doklugyň labyry deň bolarly. Ol saly gowşagy gysymyna salyp, islän işini etdirýär. Möjek aç bolup, mundan iki ýyl ozal sürä daranda-da, hut häzirkisi ýaly, özüne erk edip bilmändi. Öň onuň erkinden açlyk rüstem çykan bolsa, indi ony dokluk gününe goýanokdy. Mädesi doýan möjegiň meslik etmek höwesi kem-kem onuň erkine jylaw saldy. Yzyndan kowan, toba getiren gara awçy öňler sürä ýakynlaşanda oňa gazaply görnen bolsa, ol häzir küýseg ummanynyň aňyrsynda çala sudur bolup göründi. Möjek ýapyrylyp, sürä bakan süýşmäge başlady. Ol sürä kürsäp girdi. Agym edip barýan goýunlar birden güsürdeşip ürkdi. Çopan haýt-haýtlap gygyrdy. Möjek sürä daraýşyna guýrukman goýunlaryň üç-dördüsiniň bokurdagyny çeýnäp, olaryň oňurgalaryny ýazdyrdy. Bir toklyny hem arkasyna alyp, itler ýakynlaşýança alaňdan aşdy. Agyr maslygy göterip uzaga gidesi gelmedi. Ol awuny ýere düşürip, onuň daşyndan aýlandy. Niresinden başlajagyny bilmän öň aýaklaryny toklynyň üstünde goýup, daş-töweregine göz aýlap birsellem ýatdy. Ýatdygyça onuň işdäsi tutuldy. Asmanyň ýüzüni bulut örtüp duransoň, Gün görünmese-de, daňyň atandygyny sürenine ýakynlanda ene möjek duýdy, şol bir endigi bilen aýak yzyny bulaşdyrmaga başlady. Depederiň daşyndan birki gezek aýlanyp, allowarra towsup, çöp-çalamlaryň üstünden ýöremäge çalyşdy. Kä ýerde ýygjam, kä ýerde bolsa uly-uly ädimler ätdi. Ol näçe imisalalyk bolsa-da janyny barlamak – kowgynyň bar-ýoklugyny anyklamak üçin aklaňyň üstüne assyrynlyk bilen çykyp, gözýetimi synlamaga durdy. Töweregiň asudalygyny görüp, sürenine bardy. Daşarda bir çugdam bolup ýatan güjüklerine seretdi. Özüniň gelendigini duýdurmak üçin, köne endigine eýerip, birki gezek süýükdirip çasly uwlady. Biri-birine gysmyljyraşyp ýatan güjükleriň üstünde orun edinen ekabyr möjejik aşakylardan öň aýaga galdy. Bökjekläp, inçeden haýbatly uwlap, ene möjege bakan ylgady. Beýleki üç güjük hem onuň yzyndan öňe okduryldy. Möjek «has-has» edip, güjüklerini howlukmaç ysgap çykdy. Olarda hiç hili üýtgeşikligiň bolmandygyny anyklap, şol her saparky çagalaryna ýal berýän, süreniň çetindäki tekiz, ýaýbaň meýdançajykda çökdi. Ýal iýmäge howlugýan çagalaryna demimi dürsäýin diýýän görnüşde hyňranyp, haýbat atdy. Ol güjüklerini uzak garaşdyrmak islemedi. Iýen zatlaryny ögeý-ögeý gaýtarmaga synanyşdy. Birden paglap gelen gusuga güjükler nebsewür topulyp, biri-birinden köp iýmäge çalyşdylar. Möjek gyra çekildi-de, çagalarynyň taýýar ýaly iýişlerine syn etdi. Onuň nazary ekabyr çagasynda saklandy. Ulalsa, onuň beýleki möjejiklerden gününi gowy görjegine ynandy. Sebäbi ol ýörjeň-ýörjeňlikden bile dünýä inen güjükleriniň üstünde ýatyp-turmagy çykardy. Her jandar başarnygyna görä ýaşaýar. Güýçlä goýulýan hormat hemişe uly. Ene möjegiň özem ulalsa güýçli boljagy görnüp duran şol ekabyr güjügine artyk mähir goýanyny kem görenok. Güýçliniň özüne çekiji bolýandygyny ene möjek öňki ýetişdiren çagalaryndan hem bilýär. Möjek çagalary getirilen ýaldan sähel salymda hiç zat galdyrman iýip, indi hiç zadyň berilmejegini aňsalar-da, tamakinçilik bilen hossaryna seretdiler. Ene möjek çagalarynyň arasyna baryp, olary basalaşdyrdy. Şeýdibem olaryň güýjüni barlap gördi. Ol üç-dört günlükde dalap çalajan eden tilkisini güjüklerine getirip beripdi. Güjükler ony düýt-müýt etdiler. Tilkini «ýeňip» gylawlanan dört güjük onuň ysgyn-deramatyny alyp, çem gelen ýerinden dişläp barýardy. Olaryň öňkülerine görä güýçlenendigi ene möjegi tiz ýadatdy, ol muňa birneme howpurgady. Ol oýnuň gutarandygyny aňladýan äheňde haýbatly ses etdi-de, ýerinden turdy. Onuň ýatasy, dynç alasy geldi. Ol ýakynyndaky kaka baryp, tumşugyny suwa howlukmaç urdy. Ençe günüň suwsuzy ýaly, galt-galt etdirip, suw içdi. Soňam çerkezli depä çykyp, assyrynlyk bilen düňle çöli synlady. Esli wagtlap ysyrgandy. Burnuna ýagşyň ysyndan başga ys gelmedi. Bulut, howanyň mylaýymlygy oňa juda ýarady. Ol ogurlyk eden tarapyna gaýta-gaýta mukym bolup seretdi. Hiç zadyň görünmezligi, del ysyň gelmezligi gurda birneme teselli boldy. * * * Jeýhuny alkymlap oturan Saganaly obasynyň dal-daragtlarynyň galabasy miwesiz agaçlar. Olar allowarralardan hellewleşip görünýär. Bu, näme üçindir, Gylyja perzentsizligini ýatladýar. Hasylsyz daragtlar uzyn, owadan. Miweli daragtlar bolsa hasylyny topraga seçeläp, maýrylyp otyr. Gylyç çölden oba dolananda, käte aklaňa çykyp obasyny synlaýar. Ol miweli daragtlaryň ilki görünmegini isleýär. Ýöne beýle däl. Miwesiz daragtlar ilki göze-de ilýär, özüne-de çekýär. Olara seredende, günleriň adamyň ömür tokgasyny kiçeldip barşy Gylyjyň anyna gozgalaň salýar. Ol ömrüň şeýle tiz geçişine howpurgaýar. Göwnüne bolmasa, ol entegem ýaş. Sebäbi Şemşat bilen halaşan, olaryň öýlerine sawçy iberilen, Gylyçlary ýarlykly garyp görüp, gidenleriň boş gaýtarylan, başga çykalga tapman Şemşady alyp gaçan günleri, Mämmediň obanyň üç-dört sany ýaşulusy bilen inisiniň «telek» eden işi üçin ýene sawçylyga gidişi, salnan galyňy köp görüp başyny aşak salyp gelşi onuň şuş-şu pilleki waka ýaly ýadynda. Şol günleriň ýatlamalary ony hemişe özüne melul edýär. Onsoň ýaşyň beýle tiz geçişine ynanar ýaly bolanok. Geçilen menzil judabir üýtgeşigem däl. Ol diňe öý bilen çölüň arasynda gatnaw etdi. Gum-guklugy üçin bolsun gerek, Gylyjyň öýde uzak durasy gelenok. Içi gysyp, daşary çykýar. Daşarda goňşularyň çagalary ala-wagyrdy bolşup oýnaşyp ýörler. Ol derwezäniň gapdalynda oturdan oturgyjyna baryp çökýär. Gyzygyp, çagalaryň oýnuna seredýär. Goňşularynyň haýsydyr biri çagasyny öýüne çagyrýar. Bu Gylyja kimdir biriniň teselli bermesi deýin täsir edýär. Ol käte goňşularynyň çagalaryny çagyryp, öýi doldurýar. Şol gün Şemşadyňam göwni açylýar. Hezzet-hormat edýärler. Ýöne çagalaryň öýi doldurmalary öýlänçiniň gelşi ýaly – az salymdan öý ýene gugaryp galýar. Gylyç özüniň şu hereketi üçin illerden ejap edýär. Ogullyk edinesi gelýär. Ýöne muny dünýäsine sygdyryp bilmän, nämedir bir zada güýmenen bolýar. Iň gowus-a çöle çykyp, möjekler bilen ýüzbe-ýüz bolmak. Ýaşaýan ýeriniň tebigaty adamyň häsiýetine-de siňýän bolarly. Gylyç öz bolşunda çöle meňzeşlik görýär. Şonuň üçin obada bolanda içi gysýar. Hakyky keşbine – çöle gidesi gelýär. Möjek kowalaýşyny çölüň harasadyna meňzedip, öz ýanyndan pelsepe otarýar. Kolhoz prawleniýesi awlanan möjek üçin ýörite karar çykaryp, Gylyja baýrak – bir goýun bererdi. Gylyç muňa ilki-ilkiler begenerdi. Alan baýragyny agyla goýbererdi-de, ýylgyrjaklap Şemşada ýüzlenerdi: – Oglumyz bolanda, toý ederis. Bular şonda gerek bolar. Oňatja bakgyn, tiz semresinler. Adamlar toýuň nahary ýaglyja bolsa gowy görýärler. Men adamlaryň: «Pylanynyň toýunyň nahary ýagsyz bolupdy, pylanyňky welin, gowy bolupdy, ýaglyjady» diýşip eden gürrüňlerini telim ýola eşitdim. Toý etsek, Şemşat, eçiljekdirin. Senem gysylyp durmarsyň-la?! Şemşat çala gyzarardy. Onuň özem şol güne sabyrsyz garaşardy. Garaşyldygysaýy, garaşylýan şatlyk kem-kem uzaklaşýan ýalydy. Şemşat iki aý töweregi keselhanada ýatdy. Ondan çykanyna köp wagt geçmänkä Şemşadyň delje zada küýsegi artdy. Gylyç onuň gerek diýen zatlaryny tapyp getirmäge ýaltanmady. Şemşat ony-muny kän küýsese-de, iýip ugry bolmandy. Ol muny adamsyndan gizlemäge çalşardy. Ýüň jorabyny tomsuň tüp yssysynda-da uzynly gün aýagyndan çykarmazdy. Köp garaşdyran şatlyk gelip öýi doldurdy. Gylyç begençden ýaňa bir ýerde durup bilmedi. Göwnüne bolmasa, burny sümüklije, özüne meňzäp duran çagajyk eýýäm howlusynda ylgaşlap ýören ýalydy. Ol ýagşydan-ýamandan habar soralsa, ýöne ýylgyrar goýbererdi. Ýürekdeş dostlarynyň hemmesine bu habary buşlap çykypdy. Kä gijeler öýüne lüt serhoş bolup dolanardy. Özüniň bu habaryna başdansowma begenen bolýanlary ýürekden ýigrenerdi. Ol bir gün öýüne dolup-daşyp gelipdi: – Şemşat, gör hany bulary – diýip, ol dükandan satyn alan zatlaryny gelniniň öňünde goýdy. – Çagamyzyň aladasyny öňünden edäýin diýdim. Ynha, çaga eşiklerini satyn aldym, hemmesi-de birenaýy. Men-ä, Şemşat, gyşky eşigem aldym. Öňümiz gyş. Gyşda bolsa, beýle geýimler hiç ýerden tapylanokmyş. Ine, sütüklije. Bu-da oýnawaçlar. Öňüne üýşürip goýarys. Dogry diý. Goý, ýadaýança hezil edip oýnasyn. – Goýsana, Gylyç! Çaga ýaly boluberýäň... – diýip, Şemşat ýerinden turdy-da, aşhana gönükdi. – Nirä? – Hamyr ýugurjak, gutap bişiräýsem diýýän. – Ýok, ýok – diýip, Gylyç ör-gökden geldi. – Sen hiç işem etme-de, otur şu ýerde. Hamyry özüm ýugraryn, gutabam bişirerin. Köýnejik tiken bol, tahýa gaýa. Sen agyr iş etmeli däl. Hojalykda nähili işem bolsa, çekinmän maňa aýt. Bir iş edip oturanam bolsam, şony taşlap, seniň ýumşuňy bitirerin. Naharam bişirerin, kirem ýuwaryn, başymy ýaglyk bilen daňyp, sygram sagaryn, çöregem ýaparyn. Men bu işleri namys bilmen. Eger başarmasam, aýal doganymy çagyraryn. Ýa Gülle gelnejeme aýdyp gaýdaryn. Garaz, nähili iş bolsa-da ederin. – Goýsana, Gylyç! – Näme, hamyr ýugrup bilmez öýdýäňmi? Bize çölde hiç kim hamyr ýugrup, çörek bişirip berenok ahyryn. Iýmek-içmek üçin etmeli ähli işi özümiz edýäs. Meniň hamyr ýugurmaga ökdedigimi sen bilýänem dälsiň. Çölde käte oglanlara gömme, işlekli bişirip berýän. Oglanlar gowy görýärler meniň bişiren zatlarymy. – Gylyç gelniniň göwnüni götermek üçin öwünmäge çalyşdy. – Sen bir gezek ejeňleriňkä gideniňde öýde deň-duş oglanlaryň üç-dördüsi bilen börek bişirdik. Birimiz hamyryny ýugurdyk, beýlekimiz etini dogradyk, ýene birimiz hamyr ýaýyp, börek bükdük. Ynanaý, biçak tagamly boldy böregimiz. Başyna düşse, şu erkeklerem ökde hojalygyň biş-düşüne. Şo garader bolup hamyr ýugran, elek elän oglanlaryň atlaryny aýtsam, eger-eger ynanmarsyň. Men bolsa, ynan, olardanam ökde. Meniň bişiren naharlarymy oglanlar hemişe agyz suwardyşyp ýatlaýarlar. Görseň, ýene şeýle bolar. Şeýlebir tagamly gutap bişirerin welin, iýip doýup bilmersiň. «Goralan göze çöp gaçar» diýleni boldy. Aýy-güni dolmadyk çaganyň düşmegi bilen öýe dolanan şatlyk ýene ýasa öwrüldi. Olar özlerinden çaga önmejegini, bolaýanda-da onuň uzak durmajagyny näbilsinler? Şemşat adamsynyň getiren çaga eşiklerini, oýnawaçlaryny gizläp goýdy. Gylyç hem getiren zatlaryny goýan ýerinde görmese-de, ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Onuň içini hümledip gezip ýörşüne, oglunyň boljagyny buşlan adamlaryny, deňi-duşlaryny görende gaçyşyna Şemşadyň nebsi agyrdy. Ol çola ýerde ajy gözýaş dökdi. Şemşat şondan soň hem birnäçe gezek keselhanada ýatdy. Mämmet aga soňky gezek gelip, lukman bilen gürleşdi. Tanyş lukmanynyň Şemşada seredýändigine begendi. Ol öýüne baryp, iki sany goýny maşyna basdy-da, ýene yzyna gaýtdy. Olary şol tanyş lukmanynyňkyda düşürdi. Mämmet aga bu hakda Gylyja aýtmakdan saklandy. «Hemme kişi halaldyr öýdýäň. Kimdir biri ogurlyk etse, oňa gaharlanan bolýaň, eden günäsini boýnuna goýjak bolup ýörsüň. Günüňe kaýyl bolup gezibereňok. Düşün, jan inim, ýamanlyk edýänleň eli gaty... Iň gowusy, hiç zada baş galdyrman ýaşamak, güzeranyňy aýlamak. Hemme kişiden gowulyga garaşmak samsyklyk. Döwletiň ynanan wezipesini hazynahana hökmünde peýdalanyp ýören alymsaklaram bar ahyryn. Şonuň üçin meniň şeýle işlerimem gerek ýerinde oňarmaly. Ýogsam betbagt bolarsyň...» diýip, içini gepletdi. Şemşada edilýän gözegçiligiň gowulanandygyny eşidip ol ýene hüňürdedi. «Şo iki kel toklyny bermeseň, seniň ykbalyň o eşekleň perwaýyna-da däl. Haý, zattaňryly mahluk...» Ýöne iki kel toklynyňam, aýdylan janlynyňam peýdasy bolmady. Lukmanlar ikisinden perzent önmejegini aýtdylar. Muňa olaryň ikisiniňem ynanasy gelmedi. Tebiplere em etdirdiler, kurortlara gitdiler. Umydy gyrlan Şemşat ahyry ýüregini bire baglady. Ol pikirini Gylyja howlukman düşündirmekçidi, şonda özüni parahat alyp barmakçydy. Ýöne Gyljyň möjegiň dyrnagynyň yzyny sypalap, soragly, naýynjar bakyşyny görende ýüregi elenip, damagy hykga doldy. Ol erksiz gözýaş döküp durşuna agy gatyşykly seslendi: – Men indi gaýdaýyn, Gylyç... Gylyç gelnine näçe töwella etse-de bolmady. Şonda ýagşydan-ýamandan sesini çykarmadyk Şemşat ertir öýde ýokdy. Gylyç ol daşardadyr öýdüp, düşeginden turman esli ýatdy, garaşdy. Şemşat wagty bilen dolanmansoň, Gylyç daşary çykyp, howlynyň içine göz gezdirdi. Birki gezek ýuwaşjadan: «Şemşat, Şemşat!» diýip gygyrdy. Jogap bolmady. Geçen agşamky gürrüňi ýatlap, Gylyç nämäniň-nämedigine düşündi. Ol lapykeç ýagdaýda yzyna öwrüldi. Ýatan düşekçesiniň üstüne ýene özüni goýberdi. Gelniniň ýarym-ýaş jibrinişi göz atuwynda janlandy. «Ýaşyň kyrka ýetip barýar. Kyrkdan soň-a giç bolar. Belki, bagtyňy synap görersiň, Gylyç?» diýip, ol özüne sala saldy. Ýöne başga bilen ýaşaşmagy dünýäsine sygdyryp bilmän, kösendi. Onsoňam Şemşat ata-enesinden gaçypdy ahyryn. Indi onuň yzyna barara ýüzi barmy näme?! Hemmäniň gurply adam bilen garyndaşlyk açasy gelýär. Garyp bolsaň, adamçylygyňy ýassyk edin-de geziber. Ol köp adamyň piňine-de däl. Ine-de, onuň soňy! «Şemşadyň güni o ýerde nähili geçer? Goý, çagasy bolmasa bolmasyn. Oňa şo dert hem ýeterlik ahyryn» diýip, Gylyç içini gepletdi. Ol şu pikir bilenem gelniniň yzyndan gitdi, giçlik hem Şemşat bilen dolanyp geldi. – Näme üçin ruhdan düşüp ýöreniňe men-ä haýran. Turup gidiberipsiň. Men sensiz nädip ýaşaýyn? Gideniňde, heý, maňa nebsiň agyrmadymy? Onsoňam, näme, çagasyz adamlar ýaşamaly dälmi? Şemşadyň: «Sen açsyň» diýip, biş-düşüň ugruna çykanyny görüp, Gylyç birneme rahatlandy. Ol köşeşer ýaly, ýeke goýmak üçin daşary çykdy. Gylyç çagasynyň ýokdugyny ýatlamazlyga çalyşýar. Ýöne durmuşyň her bir ädimi diýen ýaly oňa muny ýatladyp dur. O gün Şemşat: «Ölsem kim maňa: «Eje!» diýip aglar? Kim ogul bolup tabydymy göterer? Kim is-adagymy berer?» diýip aglaýar. Bu uly dert ýakaňdaka mal-engam hem, dünýe hem gözüňe görünmez eken. Gylyç Şemşat aglanda hernäçe töwella etse-de, şol pursat onuň öz haly hem öwerlik bolanok. Gylyç nirede bolsa-da, käte şol bigam çagalygyny ýatlardy. Şonda ol goňşularynyň gyzy bilen «öý-öý» oýnardy. Gyzjagaz gelin, Gylyç hem ýigit bolardy. «Gelin» çaý gaýnadardy, nahar bişirerdi, içerini süpürerdi. Gylyç «işden» aryp gelerdi-de, törde gyşarardy. «Hany, çaý getir, nahar getir!» diýip gygyrardy. «Gelin»: «Wiý, kakasy, çagalary oýararsyňyz, ýuwaş!» diýerdi. Olaryň çagalary juda kändi. Gamyşyň daşyna bölek-büçek matadan gundag edip hataran ýatyrardylar. «Gelin» olaryň birini eline alardy-da: «Goý, janym, aglama! Kakaň işden ýadap geldi. Men oňa häzir nahar bereýin. Sen oňa çenli aglamanjyk ýat. Bolýamy, janym!» diýerdi. Ulular garabaşyna gaý bolup dünýäni unudan çagalaryň bu oýnuna seredip ýylgyryşardylar, şeýle oýny oýnamazlygy buýrardylar. Ýöne bu oýun hezildi, oýnasyň gelýärdi. Ulular bu dünýäniňem şolar ýaly oýundygyny näbilsinler? Ulaldylar. O «gelin» başga biriniň gelni boldy. Şol höwes eden çagalary indi onuň öýüniň bezegi. Gylyja welin, şol çagalygyndaky «çagalaryny» ýatlamak galdy. Kaka bolmak oňa diňe özi çagaka nesip edipdir. Ol şunuň bilen oňup ömrüni ötürmeli boljakdy. Ýyl geçdigisaýy çagalygyny ýatlamak oňa iň ejirli lezzete öwrüldi. Çölde şeýle ýatlamalar, alada bilen wagtyň geçmesi kyn däldi. Ýöne Gün ýaşdygy Gylyja wagtyň geçmesi hyllallady. Onuň işsizlikden içi gysardy. Gije ýalňyzlyk, ýatlamalar ony sowuk gujagyna alardy. Ol ýyldyzlara seredip, özüni hem ýyldyzlar ýaly ýalňyz saýardy. Köpem bolsa, biri-birinden alysda duran ýyldyzlaryň biri garaşylman durka süýnýär. Ol gyzyl ot bolup aşak gaýdýar. Köp salym geçmänkä-de, ol sönüp gutarýar. Gylyç özüni käte şeýle göz öňüne getirýär. Ol ýyldyzyň ýaňky duran ýerine, süýnüp gaýdan ýoluna ýiti syn edýär. Hiç hili yz ýok. Ýyldyzly arassa asman... Gylyç asmana seredip uka gidýär. Ertir bolsa ýene iş. Dowarlary otara çykarmaly. Ol bu zatlara ram edip gidipdir. Gylyç ýarym aý çölde mal bakyp, ýarym aý hem obada dynç alýar. Ýöne obada dynç almaly günleriniň çölde geçýän wagtlary az bolanok. Dowamy bar >> | |
|
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |